13:53 Düşekçe / hekaýa | |
DÜŞEKÇE
Çagalar edebiýaty
Merdan düşekçesini ähli oýnawaçlaryndan eý görýär. Sebäbi düşekçesi ony uzak gije ondan-oňa gezdirýär. Köp-köp şäherlere aýlaýar. Täze dost tapyp berýär. Güýjüne güýç goşýar. Kim bilen söweşse-de, ýeňmäge kömek edýär. Her hili ir-iýmişler, naharlar bilen hezzetleýär. Oňa şunça ýagşylygy kim edip biljek? Hiç kim. Şonuň üçinem Merdan düşekçesini hiç kime ynanmaýar: agşam ýatmaly bolanda özi ýazýar, ertirem özi ýygnaýar. Ýöne şol eziz görlen düşekçe Merdan üçin indi gorkunç. Heý, beýdäýmek bolarmy?!. Düşekçe ony uçut gaýanyň üstünden ýere oklap goýberdi. Ine, ýagşy görseň. Merdan ýüregi ýarylan ýaly gygyryp ýerinden turdy. Ejesiniň: «Näme boldy?» diýip, allaniçigsi bolmagyny hem jogapsyz galdyrdy. Ertesi ol düşekçesini ýazynman ýatdy. — Merdan, düşekçäňi ýazyn ahyryn. — Aý, ýok, eje. Maňa şeýle ýatmak gowy — diýip, Merdan gyzardy. Aňyrsyna öwrüldi. Onuň şol düşekçede gaýdyp ýatmajakdygy gara çynydy. Kim bilýär, belki ol ýene gaýanyň üstünden oklap goýberer. Osman ÖDÄÝEW. «Pioner» žurnaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |