23:36 Düýş ýorgudy / henek | |
DÜÝŞ ÝORGUDY
Satiriki hekaýalar
Pala, gurra, düýşe ynanyp duranam däldirin-le. Ýöne şu gijeki gören düýşüm meni biynjalyk etdi. Ony basymrak ýadymdan çykmanka ýordurasym geldi. Düýş diýibem şuňa diýäýseň. Ýedi ýorganyň aşagyndan üşäp, titräp ýatanam bolsam, düýşümde ýaz paslymyş. Özümem bir dagyň güneýinde gök kürte geýen arçaly, şa gyzynyň parçasy ýaly gül-gülälekli meýdanda seýil edip ýörmüşim. Derelerden inýän çeşmeleriň mylaýym sesi, toty gumrulardyr bilbiliň owazy bilen goşulyşyp birenaýy saz ýaňlanýardy. Bu saz meni özüne maýyl edýärdi. Seýil edip ýörşüme halaşýan gyzyma sataşdym. Pynhan-pynhan sözleşip, tirkeşip ýörüşimize, näçe ýol geçenimizi duýmandyrys. Ahyry bir ýerde säginip çemine salyp, gyzyň elini aýama alyp, ýüzüne seredip durkam, haram ölmüş goňşymyzyň gyzyl horazy oýardy. Hamala şol gyzyl kekeç horaz gygyrmasa, daň atmajak ýaly. Nätjek täzeden ýatyp yzyny göräýer ýaly düýş diýeniň diýlenem DWD diske ýazylan serial däl. Herhal, gören düýşümi öz ýanymdan gowulyga ýorup, eňdim ýorgutçynyň ýanyna. Ýortgutçy diýlenem, bir täzeden bäri ýorgut kitabyny edinip, şoňa görä düýş ýorup ýören ýaş ýigit-le. Adatça däbe görä hal-ahwal soraşanymyzdan soň, gören täsin düýşimi oňa beýan etdim. Ýorgutçy kitaba seredip, bir kagyza bellik edip başlady. Meniň weli, salym suw üstünde, sabyr käsäm püre-pürlenip, aýagy köze bişen horaz ýaly bir ýerde durasym gelenokdy. Ýorgutçy kitabyň soňky sahypasyna ýetip menden düýşi aýyň haýsy gününde görendigimi sorady. Men aýtdym. Ýorgutçy sesini çykarman ýylgyryp otyr. Men ýorgut kitabyny elime alyp okadym: “Aýyň 9-y agşam görlen düýş – manysyz, öçügsi we hiç hili ähmiýeti ýok düýşler”. Adamlar, siz bir düýş görjek bolsaňyz, meniň ýaly 9-yna agşam düýş görmäweriň! Amanberdi ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |