23:57 Erdoganyñ bolşuna uly gyzyklanma bilen garalýar | |
ERDOGANYÑ POZISIÝASYNA ULY GYZYKLANMA BILEN GARAŞYLÝAR
Publisistika
Staliniñ ölümi bilen SSSR-Hytaý gatnaşyklary bozuldy. ABŞ Wýetnamdaky goşun bölümlerini çykardy welin, Hytaýda geçiriljek dünýä çempionaty üçin Ýaponiýada garaşyp oturan stol tennisi boýunça amerikan ýygyndy toparyny 1971-nji ýylyñ 1-nji aprelinde ýurduna çagyrdy. Premýer-ministr Çžou Enlaý sportsmenleri we günbatarly žurnalistleriñ ýedisini kabul etdi. “Ping Pong diplomatiýasy ” ady berilen bu gatnaşyk bilen iki ýurduñ atasynda gepleşikler geçirilip başlandy. Yzyndan ABŞ söwda embargosyny aýyrdy we Prezident Nikson 1972-nji ýylda Hytaýda resmi saparda boldy. Şeýlelikde: SSSR-e garşy ABŞ-Hytaý ýaranlygy guruldy. Ýaranlyk SSSR dargaýança dowam etdi. 90-njy ýyllar ABŞ-nyñ gegemoniýasy bilen başlady. Yslamçy radikal toparlaryñ özüne hüjüm edendigini bahana edip, ABŞ Yragy we Owganystany basyp aldy. Özbegistanda Hanabat, Gyrgyzystanda Manas-Gansi harby bazalaryny açdy. Aýratynam: ABŞ NATO maskasynda Gündogar Ýewropanyñ üstünden Russiýa bakan süýşmäge başlady. ABŞ-nyñ barha artýan harby hereketleri bilen dünýä agalygyny bir elden dolandyrjak bolmaga çytraşmasyny synlap duran Hytaý onuñ Aziýadaky harby bazalaryndan ynjalyksyzlyk duýmaga başlady. Şeýdibem: Moskwa bilen Pekin howpsuzlyk boýunça ABŞ-na garşy güýç birikdirdi. 1994-nji ýylyñ sentýabrynda "Gurujy bilelikdeligi" gurdular. Yzyndan Gazagystanyñ, Gyrgyzystanyñ, Täjigistanyñ goşulmagy bilen 1996-njy ýylyñ aprel aýynda-da "Strategik bileleşigi" gurdular. Hawa, Şanhaý bäşliginiñ gurulmagyna ABŞ-nyñ doýdumy-doldumy ýok imperialistik işdäsi sebäp boldy. Şol sebäpli ilki "Serhetýaka zolaklarda harby howpsuzlygyñ çuñlaşdyrylmagy ylalaşygyna" gol çekdiler. Yzyndan "Sebitleýin antiterrorizm merkezini" (RATS) gurdular... • ABŞ-ny RET ETDILER Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasy (SCO)… Ýewraziýanyñ syýasy, ykdysady we howpsuzlyk guramasy... Geografik meýdany we ilat sany boýunça Ýewraziýa yklymynyñ 70%-ni, dünýä ilatynyñ 47%-ni tutýar... Ýer ýüzüniñ nebitiniñ 38%-ne, kömüriniñ 45%-ne, uranynyñ 50%-ne eýe.. Global dünýädäki harytlaryñ we hyzmatlaryñ (GSYIH) 30%-inden gowragyny öndürýär. Özem bu görkezijiler barha ösýär. Çünki oña agza ýurtlaryñ sany köpelýär. Yzygiderlilikde Özbegistan, Päkistan, Hindistan, Eýran bu guramanyñ hataryna goşuldy. Üç ýurt - Owganystan, Mongoliýa, Belarus "synçy ýurtlar" bolup gatnaşdy. Arasynda Türkiýäniñ we Azerbaýjanyñ bolan ýurdy "dialog şärikdeşi" hökmünde kabul edildi. ABŞ synçy statusynda gurama ýüz tutdy, emma ret edildi! Galyberse-de, Özbegistan we Gyrgyzystan amerikan harby bazalaryny ýapdy. (Bu kararlar alynanda Özbegistandyr Gyrgyzystanda 2010-njy ýylda "reñkli rewolýusiýa" tolgunşyklarynyñ turzulandygyny we şu ýyl Päkistanda Imran hana "mejlis agdarlyşygy" gurnalandygyny ýadyñyza salmak isleýärin!) Diñe howpsuzlyk däl. Hyzmatdaşlygyñ ikinji ähmiýetdäki ugury ykdysadyýetdi. Meselem: Kapitalyñ akyşyny gözegçilikde saklamak üçin banklar konsorsiumy ýaly maliýe gatnaşyklarynda "dollar-euro" häkimiýetini soñlandyrmak isleýärler. Putin şeýle diýdi: "- Indi dünýä finansyndaky monopoliýanyñ kemçiligini we ykdysady egoistik syýasatyny aýdyñ görüp durus. Global maliýe gurluşynyñ üýtgedilmeginde rol oýnamakçydyrys.” • BIRINJI GEZEK GATNAŞÝAR Gaýtadan soramaga mejbur bolýaryn: ABŞ näme etdi-de, "Sowuk uruşdaky" hyzmatdaşy Hytaýyñ Russiýa bilen ýakynlaşmagyna sebäp boldy? Bu aslynda Ukraina-Russiýa urşunyñam jogabyny berýär. ABŞ-nyñ agressiwligi garşydaşlaryny biri-birine ýakynlaşdyrýar. Birmeñzeş ýagdaý Ýewropa bileleşigi üçinem şeýle. Mysal üçin: Ýewropa parlamenti 2016-njy ýylyñ 21-nji noýabrynda biragyzdan ses alyp, Türkiýe bilen gepleşiklerini eliniñ tersine geçirdi. Ýagny, "15-nji iýul" FETÖ agdarlyşygyndan soñra! Bu karardan soñ Erdoganam öz gezeginde, eger Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasy Türkiýäniniñ doly agzalygyny kabul etse, Ýewrobileleşige agzalyga talaşgärligi gaýtadan gözden geçirjekdigini mälim etdi. Bu çykyşdan iki gün soñ Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasy Türkiýä energetika klubynyna 2017-nji ýyl boýunça başlyklyk etmegi ynandy. Munuñ özi Türkiýäni gurlany bäri doly agzalyk statusy bolmazdan kluba ýolbaşçylyk eden birinji ýurt etdi! Şindizem... Ýurdumyzda kejeñeklik bilen Günbatar, NATO, ÝB ýaranlygyndan söz açýanlar bar. Eýsem dünýäde täze polýuslar emele gelýär. Jemläp aýdar bolsam: Düýn Özbegistanyñ Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasyna girýän ýurtlaryñ döwlet baştutanlarynyñ geñeşiniñ ýygnanşygy başlady. Bu ýygnanşyga birinji gezek gatnaşýan Erdoganyñ ABŞ-nyñ döreden Taýwan, Päkistan konfliktleri babatda neneñ-niçik boljagyna uly gyzyklanma bilen garalýar. Ol ABŞ-nyñ "troýa aty" bolarmy ýa-da Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasynyñ ynamyny gazanar? Göreris... Soñky gezek şuny soramagyma idin beriñ: Türkiýede 2023-nji ýylda bolmagyna garaşylýan saýlawlar Günbatar-Ýewraziýa garpyşygyna-da sahna bolarmyka? Haýsy partiýa haýsy polýusda? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |