12:24 Eýesiz it / hekaýa | |
EÝESIZ IT
Hekaýalar
1 Gör nähili güneşli säher! Guşlar saýraşyp, hezil edinýärler. Ýaşamaga ymyklyja öýleri-höwürtgeleri bar. Iýjeklerini hem islendik ýerden tapýarlar. Mör-möjek, däne bol. Janlaryna howp salýan gyrgydyr pişiklerden ahmal bolmasalar bolany. Ynha, meniňki kyn. Men—eýesiz it. Maňa Basar diýýärler. Öýüm-öwzarym, aladamy edýän hojaýynym ýok. Garnymy otarmam görgi. Agşam aç ýatanymamy, birhili başym aýlanyp, gözüm garaňkyrap dur. Şu meni eýesiz edip dogran ejeme nälet bolsun-da! Ýok-ýok, toba etdim. Ene-ata gargynmak günädir. Täleýim şeýledir. Ol hem meniň ýetde-gütdelikde ýaşamagymy islän däldir ahyryn. Nätsin alaçsyz bolsa. Asla, onuň keşbi göz öňüme hem zordan gelýär. Kakam-a ýadyma-da düşenok. Ýöne olaryň ikisiniň hem eýesiz itler bolandygyny aýdýarlar. Entek ýaşkam ýogalyp gitdi görgüliler. Garaz, meniň aňrym öwerlik däl. Garagöz gelýän ýaly-la. Gör, nähili owadan ganjyk! Ýöreýşini dagy—durşy bilen jilwe hem näz. Arman, bu-da eýesiz. Maňa göwni hem ýok däl. Ýöne, pähimli bolmagym gerek. Ikimiziň söýgimizden ýene-de birgiden özümiz ýaly eýesiz itler önjek bolsa, gowusy müjerret ötenim ýagşy. Ýa-da näme bolsa, şol bolsuna urup, halaşaýsammykam? Ýok-ýok, yşk heserine berlip, akmaklyk etmäýin. Eýesiz itleri köpeltmek nämä gerek? Ony diýsemem, diňe eýeli itler tutmalymy dünýäni? Biz, näme, önüp-ösmeli dälmi? Biziň ýa-da olardan ýaradylyşymyzda kem ýerimiz barmy? Aýak aýak, gulak gulak, guýruk guýruk ýerinde. Bir kemimiz ýetde-gütde durmuşymyz. Belki, «bagt—töwekgeliňki» diýip, Garagöz kimin näzenin bilen goş birikdirmelidirin? Häý, menem–äý, birikdirer ýaly goşumyz barmy diýsene. Öýümiz-ä gaýry dursun, hatda ýalagymyzam ýok. Şoňa görä, bu samsyklaç pikri kellämden çykaryp zyňaýyn. Meniň öýlenmänim bilen eýesiz itleriň tohumy tükenýän bolsa, tükenip dynsyn. Bu bir tarapdan kem hem däl. Goý, durmuşyny gaýgy etmän, bol-telki ýaşaýan itler jemagaty döresin. Şonuň üçin Garagözüň näzine özümi aldyrmaýyn: —Hä, Garagöz, senmiň, tas tanamandym. —Wiý, diýýäniň näme? Sen meni ilkinji gezek göreňog–a. —Aý, näme, ganjyk köp, haýsy birisini ýatda saklajak bularyň. —Sen näme, çepiňe ýatyp turduňmy? Söz urşuň dagy nähili? —Men aç ýatyp turdum. Aç. Düşünýäňmi? —Köşeşsene, biz—eýesiz itler, hiç birimizem dok gezemzok. Bu maňlaýymyza ýazylany. —Ýalňyşmaýan bolsam, sen bir ýerik barýadyň öýdýän. Ýoluňdan galma. —Hany gyňralmaňy bes etsene. Men hiç ýerigem baramok. Ýörite seniň ýanyňa gelýädim. Begenersiň öýdüpdim. Sen bolsa meni birhili hyrsyz hem sowuk garşylaýaň. Biler bolsaň, men geçen gije şeýle bir gowy düýş gördüm. Biz ikimiz toý tutup oturanmyşyk. Toý stolunyň üsti bolsa her dürli iýmitlerden ýaňa hyryn-dykynmyşyn. Ähli tanaýanu-tanamaýan eýesiz itlerimiz toýa gelip, gerk-gäbe iýip-içip, soňundan hem ses goşup, «Bagtly günler» atly aýdymy aýdýamyşlar. —Ýigrenenim şol aýdym. Eýesiz itlerde-de bagtly gün bormy? —Dursana, sözümi bölmesene. Onsoň, biz hem hezil edinip iýip–içýämişik. Soňundan, hawa, soňundan ýedi sany güjügimiz bolýamyşyn. —O nämüçin ala-böle ýedi sany? —Bilmedim-dä. Ýedi sany-da. Özlerem, şeýlebir eýjejik. Şeýlebir tämizje, şeýlebir mähribanmyşlar. Hersiniň öz otagy barmyşyn. —Dur, dur, dur! —Hawa, näme? —Beýle dabaraly toýy nädip tutup bilenmişik? Ol ýedi güjügimiziň hersini nädip özbaşdak otagly edip bilenmişik? Biz öýsüz-eýesiz itler ahyryn? —Biz hazyna tapanmyşyk. —Hazyna? —Hawa. —Nirden? —Bir garryja adamyň howlusyndan. —Nädip? —Nädip bolar öýdýäň, gazyp-gazyp. Ol adam hem begenjine bizi itlige alanmyşyn. Ine bolany. —Aňsat edýäň goýaýaň. Bar, git! Bar! Sen meniň başymy aýlaryn öýtme. —Nämä gaharlanýaň. Häzir bileje kaňkap, iýmäge bir zatlar tapynyp, garnymyzy otarsak, bar zat gulala-güllük bolar. Dünýä gözüňe gowy görner. Menem... —Git diýýän, bar! —Bolýar, git diýseň, gidäýerin. Hol Akbaý gyňyr maňa «Bile gidip, gaýraky hapa atylýany eýeläli. Ol ýerdäki garry köpegi kowaly. Onsoň, aç bolmarys» diýip, teklibem etdi. Ol daýaw. —Teklip eden bolsa, daýaw bolsa, şonuň ýanyna git. «Nädip garnymy otararkam?» diýip, kaňkaşyp ýören öýsüz-öwzarsyz itleri köpeldiň. —Köpeltmän näme. Entek şol başarnygymyzy-ha hiç kim gadagan edenok. Ýöne men... —Ýönäň bolmaz. Bar! Bar! —Bolýa-da, gitsem, gidäýerin. Garagöz gitdi. Özüme iň eziz, iň mähriban ganjygy kowup goýberdim. Ýalňyşan bolmaýyn? Ýok, dogry etdim. Meniň bu ýagdaýymda artykmaç alada nämäme gerek. Gowusy, garnymy otarmagyň aladasyny edeýin. 2. Aç bolanymsoň, aýaklarym zordan ädilýär. Şu öý barly öýe meňzeýär. Belki, iti sahawatlydyr. Hany, ýüz tutup göreýin: —Bagyşlaň, galan-gaçan süňk-saňkyňyz ýokmy? —Ýok. —Gör, nähili naşyja ýalagyňyz bar ekeni. Bu daşary ýurtdan getirilen bolsa gerek. Özem, ondan her dürli işdä açyjy yslar burnuma gelýär. Oňa seretmek mümkinmi? Içinde bir zatjagazlar bar ýaly-la? —Ýaňrama-da, bar git! Meni ýatmaga goý. —Biz eýesiz itler hem ýaşamaly ahyryn. Merhemet ediň. —Burnuňy sokma diýýän ýalagyma. —Siz düşünýäňizmi, meniň ajymdan ölmegim mümkin. —Men onçasyny bilemok. Git diýýän. —Siziň boýunbagyňyz hem diýseň owadan. Bu hakyky gaýyşdan bolsa gerek. —Aýryl, ýalagymyň ýanyndan. —Siz muny barybir iýmän galdyrypsyňyz. —Galdyramda näme?! Güm bol! —Siz gowy ýaşaýaňyz diýmekçi bolýan. —Nähili ýaşaýanym bilen seniň işiň bolmasyn. —Ýalagyňyzy ýalap, tämizje edip bereýin. —Senden kesel ýokmagy mümkin. Aýryl ýalagyň ýanyndan! —Ýok–la, men eýesiz bolsam-da, arassa ýaşaýan. Her gün bolmasa-da, hepdede bir gezeg-ä gowuja ýuwnup-ardynýan. —Barybir sen kesellisiň. Aýak üstünde zordan durýaň. Saňa guduza garşy sanjym hem edilen däldir. —Ynanaýyň, men sagat. Ýöne aç. Ine, meniň derdim şol. Isleseňiz, ynjalygyňyzy bozmazlar ýaly, siziň şu töweregiňizi bihepbe pişiklerdenem gorap bereýin. —Ýaňrap ýüregime düşme-de, bar git. Ýatmaga goý. Men režimli ýaşaýan it. Gelip çykyşym hem atly, özüni oňarýan neberelerden. —Elbetde. Elbetde. Siziň aňryňyzyň asylly itlerdendigi duýulýar. Olaryň ýatan ýerleri ýagty bolsun. —Sen nämeler samahullaýaň. Olar entek diri. Saglyklary hem gowy. Olaryň hojaýynlary meniňkiden-de gurply kişiler. Bar, git! Çetimi gyzdyrma, ýogsam çeýnärin. —Sizi bu doňýürekligiňiz üçin ahyrsoňy hudaý tutar. Siz rehimsiz. Siz sahawatsyz. Şu iýmän galdyranyňyzy hem gysganýaňyz. —Git diýýän, git, hamyňy zaýalamankam! —Siziň hojaýnyňyz näsaglap, ýa-da bolmasa, awtomobil heläkçiligine uçrap, eýesiz galarsyňyz. Meniň günüme düşersiňiz. Ine, şonda bilersiňiz, itleriň biri-birine duýgudaşlyk etmeginiň gerek ekendigine. Şeýle boljagyny ýüregim syzýar. —Sen nämeler ýaňraýaň. Meniň hojaýynyma betbagtlyk isleýäňmi. Deýýus diýsänim. —Deýýus siz. Ýok-la, siz diýmäge hem mynasyp däl. Sen, hawa, sen deýýus. Bagty getiren haramzada diýerler saňa. Kyn güne düşene sahawat etmelidir öýdeňok. —Häzir men saňa şeýle bir sahawat ederin. Me saňa sahawat! Me saňa sahawat! «Wagyr-wugur. Gabyr-gubur». —Meniň aç hem ejizdigimden peýdalanýaň. Ýogsam men seniň gözüňe görkezerdim. Aňsat durmuş tapynan doňýürek kezzap. —Bar, bar, bitli tentek! Häý, garpyşmaly däldim. Aç bolsaň, gaharjaň bolýaň-da. Erbet ýaralady. Ýaralarym azmasa ýagşy. Başym aýlanyp barýar. Gowusy, şu agajyň aşagyna girip, biraz ymyzganaýyn. Güýjüme gelmesem, aýak üstünde-de durup biljek däl men. 3. Beh, näçe wagt ýatdymkam? Ýaralarymy siňek basyp gidipdir. Endam-janym agyry. Garnymam aç. Gahardan ýaňa ganym gaýnap dur. «Hyrr!», «Hyrr!» ýa-da guduzlaýdymmykam? Şu eýeli itleri dişläp-dişläp, bir içimi sowatsadym. Olaryň eýelerini hem. «Hyrr!», «Hyrr!» Bu çagalar näme gohlaşyp meni şu ýerdenem kowjak bolýarlar? Indi maňa şu agajyň aşagyny hem köp görýärlermi? «Hyrr!», «Hyrr!» Bularyň nejisdiklerini. Güm boluň! Ýogsam almytyňyzy alarsyňyz. «Hyrr!», «Hyrr!» Bu ulularyňky näme diýsene? Çagalaryň aýdanyna gulak asyp, meni kowmaga gelýärler. Siz meni nirä kowmakçy? Meniň öýüm–öwzarym ýok ahyryn. Olaryň elinde tor bar ýaly-la. Düşnükli. «It ýaşigine» til edipdirler. Işim gaýtdy. Hany, gaçmaga synanyşaýyn. Aýaklarym diýenimi edenok. Häý, tora düşürdiler-ow. Irde-giçde şeýle bolarmyka-da öýdýärdim. Garagöz ýetip gelýän ýaly-la? —Basar! Basyp bolaýdyk öýdýän. Beýdip ýaşandan ölüp dynanym gowudyr. —Basar! Garagöz görgüli meniň halyma gynanyp, çarp urýar: —Bar, git, ýogsam seni hem tutarlar. —Basar, tory ýyrtyp, gaçjak bol! Bularyň taşlaýan tory ýyrtdyraýjakmy saňa. —Basar! —Git diýýän, bar git! —Basar, men seni söýýän! Bu ara söýgini goşmak nämä gerekdi diýsene. Häý, Garagöz, Garagöz, oňat, gülala-güllük durmuş bolanlygynda, biz äbe-de-jüýje ýaşaşardyk. —Basar, tory ýyrtjak bol! —Indi giç. Seniň düýşüň gowy düýşdi. Meni bagyşla... —Ba-sa-a-ar... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||