13:11 Formallyk / satiriki hekaýa | |
FORMALLYK
Satiriki hekaýalar
Ol öý Saryýeriň* edil orta gürpündedi. Şol öýe özümi atynçam meniň lütüm çykdy. Ol çar baga bürenip oturan, ýörite salnan jaýlaryň biridi. Ýalçyn menň çagalyk dostumdy. Men: - Siziň bu ýeriňiz örän ajaýyp! – diýdim. - Bu meniň Göwher daýzamyň elinje saldyran jaýy. Men Ýalçynyň kitaphanasy bilen tanşaýyn diýip gelipdim. Ol meni giň jaýa alyp bardy, oňa ştüýs kitaplar hazynasy diýseňem boljak. Men haýsy tekjeden başlajagymy bilmän, aňkarylyp galypdyryn. - Biz çaýy hem şu ýerde içeris! – diýip, Ýalçyn aýtdy. Men küti kitaplary agdaryşdyrmaga başladym. Birden, niredendir ýokarymyzdan: - Ugrumyz arçaly tokaýlyga tarap! Ýöre! Bir-iki, saga, çepe!.. – diýen çasly ses çykdy. Ol gyryljyk, boguk sesdi. Men nämeleriň bolup ýörendiginden habarsyz göz aýyp-ýumasy salym doňup galdym-da, ýamaşgandan kitaba dümtünip başladym. Bir sellemden soň, jaýyň ikinji gatyndan çykan gyryljyk ses ýaňadandan inimi dyglatdy. - Sag-a dolan! Göni ýöre! Öň-e ýöre!.. Men näme bolýandygyna düşünjek bolup, tas Ýalçyna ýüz tutupdym, ýöne ýygryldym-da oňaýdym. Bardy-geldi şol ses çaganyňky bolaýan bolsady, onda bir çagajyg-a uruş-uruş oýanaýar-ow diýseň, hiç bir gümürtikligem boljak däl-le. Biz ýumşak kresloda gaýşarylyşyp çaý içýärdik. Edil diwaryň aňyrsynda ýene-de kimdir biri gykylyklady: - Ugrumyz derýaň hanasyna tarap! Ädimiňi gatalt! Onsoň ala-güpürdi gopdy. Gapy jarka açylan badyna, jaýa bir täsin egin-başly mahluk (aýal diýseň aýal däl, erkek diýseň erkek) kürsäp urdy. Bilinde – egri gylyç. Başynda - nuh eýýamynyň esgerleriniň geýýänine çalymdaş telpek. Telpeginiň eteginden çal, hüwjerip duran saçy seçelenip ýatyr. Döşi ordenlerden hem medallardan doly. Aýagynda keltejik jalbar bar, sary giden ýüpek aýal jorabynam ýokarlygyna girtdiripdir. Saçy bilen ýüz keşbinden çen tutsaň-a aýal ýaly, egin-başyndanam erkege çalym edýär. Men ýerimden zöwwe turdum. Ýalçyn meniň elimden ýapyşdy. - Tanyş bol, meniň daýym Göwher. “Hä-ä, asyl bu erkek kişi bolarla-ow” diýip, men pikir etdim. - Taplar neneň, ýaş ýigi? – diýip, ýaňky geň mahluk maňa habar gatdy. - Sizden köp minnetdardyryn, ependi – diýip jogap berdim. - Ýefreýtora “Sizden köp minnetdardyryn” diýilmeýär. “Saglygyňyzy arzuw edýärin!” diýip jogap bermeli – diýdi-de, ýaňky mahluk Ýalçyna: - Top süýreýän ýabylar üçin bede gerek – diýip tabşyrdy. Ol ýene: “Göni ýöre!” – diýip, kimedir ýüzlendi-de, jaýdan sumat boldy. Men aljyraňňylykdan gözlerimi elek-çelek etdim. - Men saňa Göwher daýzam barada hiç zat gürrüň bermänmidim? – diýip, Ýalçyn menden sorady. - Ýok-la. Sen ilki aýt: ýaňky seň daýzaňmy ýa-da daýyň? - Ikisinem diýseň öte düşmersiň. Ine, gulak goý, häzir aýdyp bereýin. Göwher daýzam şu jaýda iki gyzlygy bilen ýaşaýardy. Daýzamyň elinde hemişe iki sany ýetimek gezekli-gezegine terbiýelenýär. Ol gyzlary kemala getirýär, soň ulusyny durmuşa çykarýar we oňa derek täzesini terbiýelemäge alýar. Kakamy Stambula geçirenlerinde biz esli wagtlap myhmanhanada ýaşamaly bolduk, hiç özümize laýyk jaý tapyp bilmedik. Göwher daýzam bize: “Meniň ýanyma göçüp geläýiň, bile ýaşabereris. Jaýymam uly. Ýeke bolsaňam ýüregiň gysýar” diýip mürähet etdi. Meniň ejem öz aýal doganyndan ep-esli ýaşdy we hemme zatda şoňa gulak asýardy. Biz göçüp geldik-de, bir jaýda ömür sürmäge başladyk. Şol wagtlar Göwher daýzamyň uly ogly Amerikadady, kiçisi Izmirde, ejem bilen ýaşytdaşrak gyzy bolsa adamsy bilen Maçkada ýaşaýardy. Şeýlelikde birnäçe ýyl geçdi. Bir gün ir bilen (kakam ikimiz şindi işe-de ugramandyk) men daşky tamda aýakgabymy geýýärdim. Daşardan gapyny kakdylar. Gapyny açyp görsem, daş işikde eli portfelli poliseý dur. Ol: “Göwher şu ýerde ýaşaýarmy?” diýip soraýar. Poliseýiň ýuwnuksyzlygy maňa ýaramady. Daýzamyň 72 ýaşy ýap-ýaňy dolupdy. Ol hemmeleriň hormatlaýan Stambully ependi hanymlardandy. Onuň Saryýerde “Göwher ependi hanym”, “hormatly ependi hanymdan” başga adyny tutmazdylar. Ony tanamaýan ýok diýen ýalydy. Onuň adyny-soruny bilmeýänler hem barybir hormat-dessuryna görä “Mertebeli ependi hanymyň bagy”, “Biziň ependi hanymymyzyň öýi” diýýärdiler. Gürrüňiň Göwher hanym barada gidýänligini bolsa her ýeten aňşyrýardy. Men poliseýe: - Hawa, edil üstünden düşüpsiň. Ol size nämä derkar? - diýip jogap berdim. - Çagyryň, ol gerek... Şu eýýämlerde daýzam kreslosyndan düýpden gobsunanok diýen ýalydy. Ol gulagy dynçlygy we ümsümligi halaýardy. Ýaşy we dolmaçlygy sebäpli onuň gymyldamasy kynlaşdy. Men oňa: - Siziň bu diýýäniňiz mümkin däl, siziň göwnüňiz näme isleýär? Aýtmagy maňa tabşyraýyň... – diýdim. Hümürdä kakam daş çykdy. Ol: - Hawa, onuň aşak düşmäge mejaly ýok - diýip, meni goldady. - Ol nähili mejalsyzmyş? – diýip, poliseý allaniçiksi boldy. – Biz adamlary daş çykarmaga-ha ökdedirisem welin... - Çykaraweriň, görüberýäs-dä... - diýip, kakam egnini gysdy. - Eýsem siz kanuny äsgermezlik etmek hyýalyndamy? - Ýo-ýok... Ýöne, siziň diýýän adamyňyz çakdan aşa dolmaçlygyndan birinji etaža düşüp bilmeýär. Poliseý gözlerini jikgertdi: - Ýaş ýigit – özem şeýle semizmi? Basgançakdan aşak düşüp bilenokmy?.. Bu gara-ýapa degenok-la! - Ýaş ýigit? Ol nireden ýaş ýigit bolýarmyş, Ol ýetmişden-ä aňyrrak ätländir... Poliseý öňküsindenem beter gözlerini elek-çelek etdi-de, elinde tutup duran kagyzyna tiňkesini dikdi. - Şu ýerde-hä 22 ýaşynda diýlipdir. Ýagşy... Onsoňam, ol näme üçin 72 ýaşyna çenli harby borjuny berjaý etmändir? - Kim? - Göwher. - Siz näme samprap dursuňyz? Göwher hanym aýal ahyryn. - Eý Hudaý, Allajan-eý! Harby bölüm gaçgagy aňtap ýör. Belki, ol başga bir Göwherdir? Meniň ejem Saryýerde dünýä inipdi we önüp-ösüpdi. Ol: - Bu ýerde Göwher atly başga adam bolup bilmez – diýdi. Poliseý ýene bir gezek adresi anyklady – hiç hili galdyr-bassyrlyk ýok, onuň keşbinde müňkürlik döredi. - Ýok, Göwher aşak düşsün, men sizden haýyş edýärin. Gepiň tümmek ýeri, bu watan öňündäki borjumyz ahyryn. Biziň barymyzam gulluk edipdik. Şeýle-de bolmaly-da... Goşunçylykdan buýtar-suýtar etmek bolmaz. Döwlet her ýerde bolsaňam tapar. Her deşige girseňem sypdyrmazlar... Poliseý ýene takalyny okajakdy welin, ýöne: - Ol aşak düşüp bilmeýär. Ýokaryk özüňiz çykaýyň. Gözüňiz bilen görüň... - diýip, kakam ara düşäýdi. - Ötünç soraýan, mylakatyňyz egsilmesin, botinkaňyzy duranja ýeriňizde çykaraýyň. Göwher hanymyň kejebesi daryganrakdyr. Ala-galmagal gopduraýsa-da ahmal - diýip, ejem hem gürrüňe goşuldy. Poliseý botinkasydyr getrini bir haýukdan soň sypyryp taşlady. Ahyrsoňy biz ýokaryk çykdyk. Göwher daýzam kresloda çäşerip ýatyrdy, onuň dyzyna ýyljak ýüň ýaglyk oralgydy. Poliseý duran ýerinde doňňara daşa öwrüldi. Daýzam özüniň gaçgak hökmünde gözlenýändigini bilse, gahary gelermikä öýdüpdik. Emma, ol jakgyldadyp güldi-de, bolýan işleriň baryny bälçireşmä öwürdi oturyberdi. Poliseý ýene-de özüniň kagyzlaryna äňetdi. - Siziň adyňyz kim? - Göwher. - Gaty dogry. Familiýaňyz? - Ýegenogly. - Bu-da jüpüne düşýär. Kakaňyz kim bolar? - Gorhanaň naçalnigi-ministr Halim paşa... - Dogry. Şunda-da Halim... Siziň ejeňize kim diýerler? - Wesamed... Poliseý: - Eý, Alla, Alla! Hemmesi jüp gelip dur. Ýöne, ýaşyňyz bilen erkek kişi däldigiňiz bar zadyň işini görýär-dä. Kada-kanun boýunça, hanym ependi, siz metrikaňyzyň nusgasyny bize eltmäge borçlusyňyz, şondan soň biz harby bölüme resmi hat ýazarys - diýdi. Biz poliseýiň aýdyşy ýaly “kada-kanun boýunça” daýzamyň metrikasynyň nusgasyny göçürtdik-de, polisiýa uçastogyna gönderdik. Öňli-soňly iki hepde geçip-geçmänkä, ýene-de şol poliseý ýanynyň komissary bilen peýda boldy. Görüp otursak, ol komissar Saryýerde uzak wagtlap ýaşap, Göwher daýzamy oňat tanaýan eken. Ol: - Biz protokol düzmeli bolarys, ependi-hanym! – diýdi. - Goýaweri, janym, siz meni tanaýan bolsaňyz, protokolyň nämä derwaýyslygy bar! – diýip, daýzam ýüzlendi. - Bu häki bir bulam-delemlikdir-le - diýip, komissar düşündirdi. Göwher daýzamyň erkek kişi däl-de, aýaldygy hakda protokol düzüldi. Poliseý hem komissar bilen bilelikde protokolyň aşagyna bizem golumyzy goýduk. Aradan ýene on gün dagy geçipdi. Sende ýok-mende ýok. Jaýymyza iki esger bilen bir poliseý gelip girdi. “Kada-kanun boýunça, Göwher ependi hanym harby bölüme gelip gitsin” diýip habardar etmäge olary komissar iberipdir. - Bu nähili gep bolýar? - diýşip, bizem kejeňege tutduk, poliseýiň ýüzi boz-ýaz boldy: - Bu bir formallyk üçin ahyryn, jenaplar... Hemmelerden gulagymyza ilýän bu sözüň manysy şeýleräk bolsun gerek: “Bolgusyz bir ajysy-süýjüsi ýok zat, ähmiýet beresi zat däl, çigit ýalyjak garamaty-da ýok... Emma onda-da öňi-soňy etmeli bolýar-da”. Göwher daýzam uludan demini aldy-da: - Ýeri, bolýar eken-dä, eger şeýle formallyk bolýan bolsa, alajymyzü näme, baryp gaýdybermeli bolar-da!.. - diýdi. Baryp, gaýdybermeli diýäýmek dilde aňsat! Biz ony kreslosyndan turuzman, elimizde göterip aşak düşürdik we ulaga mündürdik-de, harby bölüme eltdik. Bölümiň naçalnigi podpolkownik daýzamdan oduk-buduk soraşdyrdy. Daýzam: - Meniň adamym generaldy. Onuň ölenine baryp-ha ýigrimi ýyl boldy... Bu nähili beýle bolýar?.. Siz indi 72 ýaşly kempiri esgerlige almak hyýalyndamy? Men Memduh paşaň aýalydyryn. Ol äriniň adyny tutup-tutmanka podpolkownik: - Wiý, sen asyl meniň mähriban ependi hanym ekeniň-ow! - diýdi-de, ýerinden laňňa galyp, daýzamyň elinden şap-şap ogşamaga başlady. Asyl, ol ýaşajyk leýtenantka Memduh paşanyň huzurynda gulluk edip, Göwher daýzamy hem şindi ýaşy durguşmadyk aýalka tanaýan adam bolup çykaýdy. - Ah, ependi hanym!.. Eýsem, siz meni tanamaýaňyzmy? Memduh paşa meni sahawatçymdyr ahyryn. Biz begenişdik: Harby bölümiň naçalnigi biziň ýakyn tanşymyz bolup çykdy. Diýmek, Göwher daýzam gaçgaklygyň elhenç günäkärçiliginden sag-aman dyndy diýip hasaplaýsagam boljak. - Gaýgylanmaň, ependi hanym! Bular ýaly ýalňyşlyklara häli-şindi duçar gelinýändir, ýöne... meniň sizden ýekeje towakgam bar: kada-kanuna bap geler ýaly özüňiziň metrika ýazgyňyzy düzedäýseňiz kem bolmazdy. Wessalam, iş tamam - diýip, podpolkownik daýzamy köşeşdirdi. Daýzam: - Meniň gadyrdanym, bu nä akmaklyk bolýar. Meni aýaldygym polisiýa uçastogynda-da aýan ahyryn, onda-da siziň ýanyňyza iberýärler. Üstesine özüňizem meni ýaş wagtymdan bäri tanaýaňyz, emma muňa garamazdan graždanlyk ýagdaýynyň regustrasiýa bölümini salgy berýäňizmi? - diýip gatyrgandy. - - Formallyk, ependi hanym, formallyk-da! - diýip, podpolkownik ýylgyrdy. Her kimiň “formallyk” sözüni agzanda ýüzüniň boz-ýaz bolýandygyny men dykgat bilen synladym. Biz harby bölümden çykdyk. Ine, gün yrman diýen ýaly bize esgerler, stražnikler, poliseýler ibirtde-zibirt gatnaşyp başladylar. “Graždanklyk ýagdaýynyň registrasiýa bölümi doglan ýylyňyzyň dogrudygyna güwä geçmeýär. Eger-de ýalňyşlygy düzetmeseler, sizi esgerlige almakdan başga çykalga tapmaýarys” diýip habar etdiler. Bize galagoplyk aralaşdy. 72 ýaşly, ganar ýaly ýogyn, Göwher hanymy çypbakaý çynlary bilen goşunçylyga çagyrmagy olar niýetlerine sokan bolara çemeli! Bize delalat etmäge ilki bilen daýzamyň Maçkadaky gyzy äri bilen düwdenekleşip geldiler. Biz graždanlyk ýagdaýynyň registrasiýa bölümine toparlanyşyp ugradyk. Biziň bagtymyza, uprawleniýäniň naçalnigi daýzamyň körekeniniň mekdep ýoldaşy bolup çykdy. Mundanam başga, ol birküç gaýta biziň öýümizde bolupdy hem Göwher hanymyň elini togap edipdi. Ol: “Elbetde, men sizi öňden bäri tanaýaryn ahyryn!” diýip, makullaýjy äheňde gürleşdi. Biz ýeňillik bilen dem aldyk. Naçalnik biziň işimizi çinowniklere tabşyrmady-da, bu işe hut özi gümra boldy. Gidip registrasiýa papkasyny kabinetine getirdi, biziň hemmämize çaý getirilmegini buýurdy, özi hem depderi agtaryşdyrmaga başlady. Esli wagt geçensoň: - Haw-wa... ýalňyşlyk gidipdir. Doglan ýylyny nädogry görkezipdirler. Ýazylmalysy 1301-nji ýyl, bu ýerde bolsa 1351-nji** ýyl. Ine görnüşine görä, häzir Göwher ependi hanym 72 ýaşynda bolman, eýsem diňe 22 ýaşynda bolup çykýar. “Göwher” adynam ýalňyşlyk bilen erkek adamyň adydyr öýdüpdirler - diýdi. Biz gülüşdik. Ahyrsoňy ýalňyş tapylaýdy! Bizi ugradyp barşyna naçalnik: - Indi, hanym ependi, bu bolgusyzlygy düzetmek üçin siziň suda ýüz tutmagyňyz gerek - diýdi. - Indiki suduňyz näme boldugy, eý Taňrym?! - Formallykdyr-da, ependi hanym. Sud bir biderek formallykdyr. Ýöne, suduň karary bolmasa biziň hiç zady düzetmäge hakymyz ýok. - Ezizim, bu ýerde meniň näme dahylym bar? Goý, bu işde kim günäkär bolsa, suda şol ýüz tutsun. - Ependi hanym, sud bir bolgusyz zat – ýöne formallyk üçin ahyryn... Biz öýümize gaýtdyk. Poliseýler, soldatlar bizi aman getirjek bolup, hysyrdanyp ýördüler. Daýzam goşunçylyga häli gider, şindi gider bolup durdy. Öz tagallalarymyzyň puç bolanyna gözümizi ýetirip, biz onuň Izmirdäki ogluna: “Eglenmän gel, ejeňi esgerlige alýarlar” diýip telegramma iberdik. Ol aýagy bişen ýaly bolup geldi. Aýalydyr çagalaryny hem ýany bilen alyp gelipdir. Biz bolsak Göwher daýzamy esgerlige alaýarlar öýdüp ala basgydadyk, ony tanyşlarymyzyň öýünde pynhan sakladyk, eger kempiri tapaýsalar, çagyryş punktuna südenekledip äkiderler öýdýärin. Daýzam biziň hemmämizi daşyna üýşürip şeýle diýdi: - Iş oýun eder ýaly däl! “Formallyk-la, formallyk-la” diýen bolýarlar, eýsem birden güpbassy edip, saçymy syryp oturyberseler... haýal etmän bir tärini tapaweriň! Göwher daýzamyň izmirden gelen kiçi ogly bir meşhur aklawjyny hakyna tutdy. Garaşylmadyk ýerden biziňki çüwäýdi. Daýzamyň işini barlamaly bolan sudýa biziň tanşymyz bolup çykdy. Ol Saryýerde eneden bolupdy hem Göwher daýzamyň hut öz elinde kemala gelipdi. Ol çagalykda daýzamyň öýünden çykanokdam diýen ýalydy. Sud boljak gün geldi. Iki tarapyndan goltugyna girilip getirilen Göwher daýzam günäkäriň kürsüsini eýeledi. Aklawjy öz sözüne başlady: - Belent mertebeli jenap sudýa, meniň aklaýan adamymyň röwşen alnyna bir göz aýlaň... Ol Göwher daýzamyň gaçgak däldigini, onuň aýal maşgaladygyny, 72 ýaşyndadygyny kerpillendirmäge elinde baryny etdi. Iki gezek geçirilen mejlisden soň sud şaýatlary diňläp görmegi karar etdi. Iş gaýra tesdirildi. Biz haýal etmän sudýaň öýüne tarap eňdik. Sudýa Göwher hanymyň elini öpdi. Daýzam däri kimin çabyrap ugrady. - Bihaýa! Sen eýsem meni tanaýan dälsiň-ow? Saňa ýene nähili şaýat gerek bolýarmyş!.. - Rehim et, daýza jan, bu bir formallyk ahyryn. Biz şaýatlary geldi-geçer hald bolsa-da diňlemeli ahyryn. Iki sanyjak şaýat tapyň, onsoň iş tamam... Biderejik formallyk... – diýip, sudýa garşylyk görkezdi. Garyndaşlarynyň, oglunyň, körekeniniň, ýegeniniň uýasynyň, gelniniň eden tagallalary puç bolandan soň, biz Amerika awiapoçta bilen daýzamyň uly ogluna “Eglenmän gel. Ejeňi esgerlige alýarlar” diýip hat iberdik. Heniz hepde hem geçmänkä: “Siziň baryňyzyň aňkaňyz aşypdyr” diýen jogap aldyk. “Ähli işiňi taşla. Ejeňi goşunçylyga alýarlar” diýip ikinji sapar ýazdyk. Amerikadan uly ogly aýalydyr çagalaryny hem ýany bilen alyp geldi. Işiň magadyna ýetip, ol gazaba mündi. Bize hem “nalajedeýinler” diýip azgyryldy. Indi şaýat gözlegine çykdyk. Göwher hanymyň ýaşyna güwä geçer ýaly pesinden 90 çemesi ýaşan adam talap edilýärdi. Ýanyna barmadygymyz galmady, hiç kim razylyk berenokdy. Birisi “Men şaýat bolup bilmen. 72 ýyl mundan öň özüm-ä däl, hatda meniň kakamam dünýä inmändi” diýýär. “Gadyrdan, bu bir formallük üçin-ä... 72 diýmeseň, 70 diý, 60 diý, asla 50 diý... Agzyňa gelenini diý! Bu bir formallyk üçin-ä...” diýýäris. Beýlekiisi: “Ýokarymyzda Hudaý bar. Heý bilmeýän zadyňa-da bir şaýat bolup bolarmy?” diýýär. Ýene biri: “Biläýseler donuň biçildigidir. Ýalançy şaýatlary bijaý jezalandyrýarlar” diýip, owalkylaň äheňini gaýtalaýar. Ölümiň öýünde biri 65, beýlekisi 60 ýaşly iki sany şaýat tapdyk. Olaryň görkezmeleri diňlendi, ondan soň sudýa Göwher daýzamyň özüniň hakykatdan-da aýaldygyny tassyklaýan medisina şahadatnamasyny alypň gelmäge gitmelidigi hakynda karar kabul etdi. Ol karar okalan mahaly daýzamyň gyzy, iki ogly, 8 sany agtygy hem zalda otyrdylar. Ýene-de sudýanyň öýüne gitmeli bolduk. Ýöne, ýalbaryp-ýakaranlarymyzyň ýekejesi hem derdimizi dep etmedi. - Garyndaşlar, başyňyza döneýin, Göwher hanymyň aýaldygyna meniň özümiňem gözüm ýetýär. Men hut onuň elinde dünýä inip, önüp-ösdüm ahyryn. Emma formallyga gezek gelende, meniň edip biljek alajym ýok. Diňe medisinanyň makullamasy gerek. Formal zat... – diýip, sudýa jogap berdi. - Biz bu formallyklary berjaý etmäge razy-la, ýöne, çar-töweregimizden: “Daýzaňyzy esgerlige alarys” diýip dyzaşyp durlar. Bizem: “Sähelçe sabyr ediň” diýýäris. - Sabryňam çeni ýagşy-how? Eýýäm näçe aý geçdi? Göwher daýzam bolsa hötjetligine tutýardy. - Indi şu ýaşymdan soňmy?! Özümi barlatmaga het edip bilmen!... Biz ony höre-köşelemäge başlaýarys: - Daýza jan, ezizim, bu barlag ýöne bir formallyk ahyryn! Bu bir el ýüzünden edilýän barlag ahyryn. Çyndyr öýtmesene... Formallyk-la... Barlag resmi ýagdaýda döwlet keselhanasynda geçirilmelidi. Hernä, biziň bagtymyza, kempiri barlamaly bolan ginekolog daýzamyň uly oglunyň ýakyn dosty bolup çykaýdy. Ol bizde ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýardy. Keselhananyň baş wraçynyň hem, soň görüp otursak, daýzamyň äri Memduh paşadan gören ýagşylygy sähel-mähel däl bolmaga çemeli, hatda öz wagtynda hem harby-medisina mekdebine ýerleşdiren hem şolmuşyn. Biz Göwher daýzamy keselhana eltdik. Wraç-ginekolog onuň elini ogşady-da: - Bu gün bolmaz - diýdi. - Näme üçin? – diýip biz geňirgendik. - Bu gün, gadyrdanlarym, komissiýa güni däl. Diňe meniň görenim ýeterlik bolmaýar. Komissiýanyň çözmegi gerek... - A-how, gardaş, oňa komissiýaň näme zerurlygy bar? – diýip, daýzamyň uly ogly gatyrgandy. – Eýsem, inim, sen meniň ejemiň aýaldygyny bilýän dälsiň-ow? - O nähili bilmän, gardaş jan? Aňyrsyna-da geçýän. Emma, bu formal barlag ahyryn. Men komissiýa çözmeli diýip aýdan hem bolsam, bu bir çyn derňew däl ahyryn... Bolgusyzja formallyk... Göwher daýzamyň erkek däl-de aýaldygy, onuň 22-sinde däl-de, 72 ýaşyndalygy hemmeler üçin mese-mälimdi, emma her ýeten bu işi başyndan sowmaga jan edýärdi. 8 agtykly, üç çagaly, 72 ýaşly kempiriň aýaldygyny subut etmek bize itiň gününi görkezdi. Ahyrsoňy Göwher daýzam medisina komissiýasynyň gaşyna baryp durdy. Wraçýlaryň hiç biri oňa barmagynam gyltamady, damarynyň urşuny hem syzmak islemedi. Komissiýanyň ýedi sany wekiliniň gol goýmagy bilen, daýzamyň zenanlar jynsyna degişlidigini kepillendirýän şahadatnama alyndy. Suda ýene ýekeje ýola ýüz tutaýmak galypdyr. Emma, esgerler bilen poliseýler şol owalkylary ýaly öýümizi gabap ýatyrdylar. Gwöher daýzamy esgerlige almakçydylar. Sud boljak güni geldi. Jandeger garyndaşlary bolan bizden başga-da mejlis zalynda hemme daşkyrak garyndaşlarymyz, tanyşlarymyz, çalarak tanyşlarymyz, tanyşlarymyzyň tanyşlary, keýpine şärik höwesjeňler we düýpden nätanyş adamlar ýygnanyşypdyrlar. Göwher daýzamyň goşunçylyga çagyrylýanlygy hakynda gazetler bir eýýämden bäri äleme jar edipdiler. Onsoňam formallykdan ýaňa bu iş tegelejik bir ýyla çekdirildi, şonuň üçinem bu wakadan bihabar şäherimizde ýekeje adam hem galan däldir. Sudda medisina komissiýasynyň aktyny okadylar. Ahyrsoňy sudýa hökümini ayglan edip ugrady. Birdenkä, Göwher daýzam: “Men erkekdirin!..” diýip, galmagallap başlady. Ilki bada hemmeler aňk-taňk boldular, emma soň welin, pakyrda beräýdiler. Göwher daýzamyň enter-pelegini öwürdiler. - Hawa, hawa, men formal taýdan erkekdirin! Goşunçylyga giderin. Şaýatlar, medisuina sprawkalary – bularyň hemmejesi galplykdyr! – diýip haýkyrýar. Sud Göwher daýzamy aýal diýip hasaplamak kararyna geldi. Emma şol günden bäri ol özüni ýefreýtor saýýar. Özüne öýdäkileriň hemmesiniň Göwher daýy diýmegini höküm edýär. Merhum adamsy Memduh paşanyň geýimlerini sandykdan çykaryp, olary geýişdirdi, gylyjy dakyndy, indi tä ertirden agşama çenli öz goşun bölümi bilen türgenleşik geçýär. Ýokarymyzda ýene-de garry aýalyň gyryljak wagyrdysy eşidildi: - Ugrumyz ýalňyz gögeren agaç! Göni ýöre!.. Bir-iki!.. Bir-iki!.. Bir-iki!.. Eziz Nesin. ____________________ *Saryýer – Stambuluň eteklerindäki bir ýerjagaz. **Türkiýede Kemal Atatürkden öň ýyl hasaby musulman kalendary boýunça geçirilýärdi. 1301-nji hijri ýyly (musulman erasy bilen) hristina erasynyň 1883-nji ýylyna, 1351-nji ýyl bolsa 1933-nji ýylyna bap gelýär. Terjime eden Baýramdurdy SÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |