GADYMY KERWENSARAÝ
Daşarbat kerwensaraýy Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň 12 kilometr demirgazygynda ýerleşýär. Balkan dagynyň günbatar jülgesindäki bu mekanyň daş-töweregi daglyk, käbir bir ýeri ýapgytlyk bolup gidýär. Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk-günorta şahasynyň ýolaýrytyndaky bu kerwensaraýyň haýsy döwüre degişlidigini, onuň kim tarapyndan bina edilendigini tassyklaýan maglumatlar az. Kerwensaraýyň diwarlarynyň daş tarapynda aňlatmaly dürli nyşanlaryň we jandarlaryň şekilleri oýulyp ýasalypdyr. Ussalaryň gönüburç daşlardan bina eden kerwensaraýynyň özgelere mahsus bolmadyk täsin binagärlik aýratynlygy, özboluşly gurluş äheňi bar. Bu bolsa kerwensaraý Türkmenistanyň çädindäki iň gadymy taryhy ýadygärlikleriň biri bolsa gerek diýen çaklamany öňe sürmäge mümkinçilik berýär. Yslam dini ýaýramazdan öň Hazar deňziniň gündogarynda tebigatdan daşary güýçleriň we jandarlaryň bardygyna ynanan halklaryň ýaşapdyrlar.
Beýik Ýüpek ýolunyň geçmiş taryhda onuň Köneürgenç-Deňistan şahasy iň howp-hatarly ýollaryň biri hasaplanypdyr. Kerwenler bu ýol arkaly ýewropalylara ýüpek matasyny, ýakymly ys berýän serişdeleri, reňkleýjileri, adaty däl täsin harytlary, altyn, kümüş we beýleki gymmatly zatlary alyp gidipdirler. Ol ýerden bolsa zerur harytlary alypdyrlar.
Jokrama yssyda, aňzakda ürgün çägeli, çor we çarkandakly ýoldan geçmek kyn bolupdyr. Ýoluň ugrunda küren obalar, kerwensaraýlar, dynç alar ýaly ýerler, süýji suwly guýular seýrek eken. Kerwenler häli-şindi talaňçylaryň hüjümlerine sezewar bolupdyrlar. Şeýle ýagdaý kerwenleriň kadaly gatnawyny kynlaşdyrypdyr, goşmaça harajaty talap edipdir. Şonuň üçin at-ýaragly, serenjamy düzüw goragçylar hakyna tutulypdyr. Köneürgenç-Deňistan şahasynyň artykmaç tarapy kerwenler bu ýol bilen gidenlerinde barmaly menzil 500 kilometre çenli gysgalypdyr. Şonuň üçin hem arap ýurtlaryna ýük aşyrmaly bolanda töwekgellige ýüz urulypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary köp. Olaryň ugrunda sebitiň hökümdarlary öz kerwensaraýlaryny gurupdyrlar we olaryň oňaýly bolmagy ugrunda tagalla edipdirler. Şol kerwensaraýlaryň her biriniň aradaşlygy takmynan 30-40 kilometre barabardyr. Şonça aralyk kerwenleriň gündelik geçýän ýoludyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky kerwensaraýlaryň aglabasy daşlardan gurulany üçin “daşrabat” diýlip atlandyrylypdyr.
Gadymy kerwensaraýlaryň biziň günlerimize çenli saklanyp galany we harabalyklary Gazagystanda, Gyrgyzstanda, Özbegistanda we arap ýurtlarynda duş gelýär. Olaryň daşdan gurulan haýatlary, gorag diwarlary bolupdyr.
Daşarbat kerwensaraýy bilen adybir çeşme bar. Süýji suwly çeşmäniň akabasynyň ugrunda ir döwürlerde ýüz sany garagaç daragty ekilipdir. Olar boý 2 alanlarynda bu ýer tokaý jülgesini ýada salypdyr we “100 agaç” ady bilen tanalypdyr. Garagaç daragtlarynyň dürli görnüşleri bolýar. Olaryň käbiriniň 300-400 ýyldan hem köp ýaşaýandygyny ylmy maglumatlar tassyklaýarlar. Garagaçlardan iş gurallary, sowuk ýaraglaryň tutawaçlary çemçeler, jamlar we gap-gaçlar, arslaw-mallary suwa ýakmak üçin nowa ýasalýar. Suwda saklananda çüýremeýänligi, ilkibaşdaky görnüşini saklaýandygy üçin Aziýa we Ewropa ýurtlaryň käbirinde ondan suw geçirijiler, howalar taýýarlanýar. Soňky döwürlerde Daşarbat çeşmesiniň akabasynda üzümleriň, miweli baglaryň dürli görnüşleri, gök-bakja ekinleri ekilipdir.
1221-1230-njy ýyllarda kerwensaraý mongol basybalyjylarynyň çapawullygyna uçrapdyr. Soňky asyrlarda bolsa sebitde ýerasty sarsgynlar, tebigy hadysalar ýygy-ýygydan ýüze çykmagy bilen Daşarbat kerwensaraýynyň çagşap harabalyga öwrülmegine getiren bolmagy mümkin. 1871-1872-nji ýyllaryň ýyl ýazgylary XIX asyryň ahyrynda Daşarbat kerwensaraýynyň daş töwereginde ýaşaýyşyň bolandygyny tassyklaýar. Şol döwürde bu ýerde rus goşunlarynyň floty ýerleşipdir. Garagaç daragtlar demir ýol gurluşygynda, çeşmesiniň suwy bolsa otlular üçin peýdalanypdyr.
Birwagtky çapylan garagaçlaryň deregine tut agaçlary ekilipdir. Soňky ýyllarda baglyk ýer demirýolçylaryň dynç alýan mekanyna, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş merkezine öwrülipdir.
Daşarbat kerwensaraýynyň golaýynda oňaýlyja dynç alyş meýdançasy gurlupdyr. Oňa çeşmeden suw geçirijisi çekilipdir. Jebel şäherçesinden Oglanly, Käriz obalaryna barýanlar, tebigaty söýüjiler, açyk howa gezelenje çykanlar bu ýerde dem-dynç alyp, tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerine syn edip bilýärler .
Daşarbat çeşmesiniň suwunyň bir bölegi günorta- ýapgyrlyga tarapa akyp gidýär. Suwuň ýakasynda dermanlyk otlarynyň birnäçe görnüşi, ýabany alma, injir, behi, nar, ülje, igde baglary, ak, gara üzüm agaçlary ösüp otyr.
Golaýda biz bu ýere maşgala gezelenjini m guradyk. Şonda Daşarbat kerwensaraýyna goraghananyň gözegçisi Baýram aga bizi gadyr bilen garşy aldy. Onuň bilen kerwensaraýyň çäklerine, çeşmäniň gözbaşyna gezelenç etdik. Şonda ol bize 250 ýyl çemesi ýaşan tut agaçlarynyň birnäçesini görkezdi. Basym sekiz onlugy arka atmaly Baýram aganyň aýtmagyna görä, bu daragtlary Daşarbat kerwensaraýynyň öňki goragçysy togsan ýaşap, dünýesini täzelän onuň kakasy tarapyndan ekipdir.
Daşarbat ilkibada kilise, ybadathana ýa-da gaýry maksatlar üçin gurulan bolmagy mümkin. Onuň adybilen baglanyşykly çekişmeler dowam edýär. Belki-de “ rabat” sözi sesleriň çalşygy we türkmen diliniň ýazuw kadalarynyň bozulmagy netijesinde ”arbat’ sözüne öwrülendir?
“Daşarbat” söziniň “daş” we “rabat” ýa-da “ribat” diýen sözden gelip çykan bolmagy hakykata golaýdyr. Bu söz arap dilinden terjime edilende “daşdan bina edilen harby gala” diýen manyny berýär. Sebäbi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky 3 kerwensaraýlaryň ählisi “Daşrabat” diýlip atlandyrylýar. Bu barada hor matly Prezidentimiz “ Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň ikinji jiltinde belläp geçýär.
Şöhratly geçmişine belent sarpa goýýan türkmen halky her bir taryhy waka we ýadygärlik bilen baglanyşykly rowaýatlary döredipdir. Olar köpüsi nesilden nesile, dilden dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Daşarbat kerwensaraýy bilen baglanyşykly rowaýatlaryň birinde waka şeýle beýan edilýär.
...Ýedi ýoluň çatrygynda bina edilen Daşarbat kerwensaraýy amatly ýerde ýerleşýär. Onuň degre daşy gyşyna maýyl, tomsuna salkyn bolýar. Otluk ýaýlasy öçüp -gonup ýören çarwa taýpalarynyň ünsüni özüne çekipdir. Olar mallaryny bu ýaýlalara sürenlerinde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyşdyr. Olaryň pajygaly ýagdaýlar bilen gutarýan pursaty az bolmandyr. Sebitde “Galmyk kesen”, “Howply burun” , “Çatak” atly ýerleriň bolmagy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Rowaýatlaryň birinde beýan edilişine görä, günleriň birinde kerwensaraýa golaý obalaryň birinde barjamly adam uly toý tutupdyr. Göreş tutulypdyr, ýüwrük atlar ýaryşa goşulypdyr. Bagşylar aýdym aýdypdyrlar, sazandalar saz çalypdyrlar. Toýa keseki çarwa taýpalardan bolan baý adam gelipdir. Ol toýda görmegeý türkmen gyzyny görüp, oňa aşyk bolupdyr. Gyzyň hossarlary sawçylaryň sözini alynmandyrlar. Olara bu meseläniň anyk sebäbi düşündirilipdir.
Türkmenleriň ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlaryna laýyklykda gyz adagly bolanda sawçylaryň sözi alynmaýar. Onsoňam ol gyzyň tizara obaly ýigit bilen bagt toýy tutulmaly eken. Sözi alynmadyk şol adam gahar-gazap donuny geýipdir. Ýaranlaryny jemläp obanyň daşyny gabapdyr.
Gyz bu wakanyň pajyga bilen tamamlanjakdygyna, köp gan döküljekdigine göz ýetiripdir. Ol uçut gaýanyň üstüne çykyp:
- Biçäre naçara özüň ýardam bermeseň, meniň dady-perýadyma kim ýetişer. Başymdan inen towky-bela saňa aýandyr, Rebbim. Saýrynyň kemsitmesine kaýyl bolup ýaşanymdan ak guwa öwrülenim, gök asmanda ganat ýaýanym, suwda ýüzenim köp ýagşy dälmidir eýse! — diýip, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp Allatagala nalyş edipdir.
Şonda ol gyzyň elleri ganata öwrülip, ak guw şekline girip, Hazar deňzine tarap uçup gidipdir. “Bu ýerde bir keramat bar” diýşip täsin hadysanyň şaýady bolan gelmişekler gorkup ,dargaşyp gidipdirler.
Türkmenler guwa keramatly guşlaryň biri hökmünde garaýarlar. Olar barasynda köp sanly rowaýatlar döredipdirler. Awçylar guwy awlamagy agyr günä hasaplaýarlar. “Guw etini iýen nesilsiz, uçran derdi dermansyz bolar” diýen aýtgy belki ,şol pajygadan soň dörändir?!
Hawa, köp ýyl mundan ozal bolup geçen wakalaryň her biriniň taryhy bar. Ýöne olara anyk we kesgitli jogap tapmak kyn. Rowaýatlar halk döredijiligidir, olar türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen berk baglanyşyklydyr.
Şahymerdan SARYOGLY.
Taryhy ýerler