04:57 Türkmenbaşy döwri -11: Hupbatyñ dowamy | |
11. HUPBATYÑ DOWAMY
Publisistika
1994-nji ýylyň 14-nji oktýabr güni, men entek obada jaý salyp ýörkäm, MHK-nyň işgärleri oglum Maksady gözläp iş ýerine barypdyrlar we ony şol ýerden göni öz edaralaryna alyp gidipdirler. Uzynly gün aç saklap sorag edipdirler. Muny maňa obadan gelen pursatym öýdäkiler aýtdylar. «Beh, MHK-nyň bizden başga işleri ýokmuka», diýip, oýlanyp oturşyma «pyçakly» mesele hem tötänlik däl bolaýmasyn» diýen pikir gör, indi näçenji gezekdir kellämde peýda boldy. Işden gelşi ýaly Maksatdan bolan wakanyň anygyny soradym. Ol şeýle diýdi. – Sen oppozisionerler tarapyndan Moskwada çykarylýan žurnaly okapsyň, oňa-muňa okamaga beripsiň, diýdiler. Emma meniň hiç-hili žurnaldan habarym ýok. Olara-da şeý diýdim. Kime okamaga beren bolsam getiriň, ýüzleşdiriň, diýdim... – Näme diýdiler? – Etmediler. «Sen ýaman taýýarlykly görünýäň», diýip, gaýtam beter gyssadylar. Uzynly gün aç sakladylar. Ýaňy-ýakynda bagrymy operasiýa etdirdim, öýkenime pyçak girdi, açlyga, suwsuzlyga çydap bilemok, ýarym sagatjyk goýberseňizem bolýa, garbanyp geleýin, juda bolmasa özüňiz bir bulkajyk getirip beräýiň, diýsemem etmediler. Men ganym gyzyp galpyldap ugradym. – Urdularammy? – Ýok. – Sökdülermi? – Ýok. Maňa Maksada göwünlik beräýmekden, öz-özümi köşeşdirmekden başga alaç galmady. – Ýeri bolýa-da, onça-munça bilen başyňdan sowlan bolsalar bolýa. Beterinden saklasyn. Onsoňam näme, olaryňam işidir-dä, haku-nähak bir signal düşdügi barlamaly-da olaram. Anygyna ýermeli-dä... Arada meniň bilenem şeýle bold-a... Birnäçe gün geçenden soň MHK-dan Oraz atly uzynak ýüzi üç burç bir ýigit öýe geldi. Ilk-ä jaň etdi. «Men «pressadan» siziň bilen gürrüňim bar» diýdi. Soňam geldi. – Ýaşuly bagyşlaň Maksady, saklan biz. Siziň ogluňyzdygyny bilmändiris. Ýöne, gaýrat ediň-de, sargaň, ogluňyz bolgusyz ýerlerde görünmesin, oňa-muňa goşulmasyn, sebäp diýseň daşary ýurtlardan her hili bulagaý adamlar gelýäler, azdyrar ýaly adam gözleýäler. – Saklanyňyzyň zyýany ýok. Ýöne, aç saklamaly däl ekeniňiz... – Şeý diýenimden, ýigit aşak bakdy. Men sözümi dowam etdirdim. – Galan zatdan arkaýyn boluň. Meň oglum bolgusyz ýerde-de görünmez, hiç kimiň gepine-de gitmez. Onuň öz kellesi bar. Emma meni başga bir zat geň galdyrýä... Ýigit başyny galdyrdy. – Howwa... – Başymyza iş düşende-hä siziň biriňiz töweregimizde görneňizok. Üstüňize barybam gepimizi düşündirip bilemizok. Özüňize gerek bolsa welin ataly-ogul ikimizem günübirin tapýaňyz. Elbetde ol ýigit gürrüňiň näme hakda barýandygyny bilmeýärdi. Şonuň üçinem men oňa başymyzdan geçen ähli ahwalatlary birin-birin beýan etmeli boldum. Ol meni dykgat bilen diňledi-de, MHK-nyň başlygy general Seýidowyň adyna arza ýazmaklygy maslahat berdi. Men bu işiň MHK-a dahylly däldigini aýtdym. – Dogry, degişli däl, ýöne siz ne içeri işler guramalaryndan, ne şäher prokuroturasyndan, hiç gaýsyndan ýüz tapmansyňyz. Sizi «jadyly halkaň» içine düşüripdirler. Şonuň üçinem, Seýidow iň bolmanda siziň arzy-halyňyzy Prezidente ýetirb-ä biler. Onuň aýdýanlarynyň jany bardy. Çünki, şol wagtlar howpsuzlyk komitetine berlen ygtyýar uludy. Bar zady şolar çözýärdi, şolar barlaýardy. Bu ýagdaý Seýidowdan soňam, tä, onuň ýerine gelen Muhammetnazarow iş başyndan aýrylýança dowam etdi. Soň, ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly olaryň özlerini paýhynladylar. MHK-niň roly üýtgedi. Ýöne, Orazyň: “Seýidowa ýüz tut» diýen wagty men basgançaklar boýunça barýardym we entek MHk çenlem geçmeli ýollarym kändi. Ol ýollaram şowsuz bolup çykaýsa, onda Seýidowa-da Prezidente-de ýüz tutmaga hakym bardy. Şonuň üçinem, beren maslahaty üçin ol ýigide minnetdarlyk bildirdim-de hoşlaşdym. Ugratdym. Şondan soň ýene-de işiň ters yzyny çalyp ugradym. Ýene-de şäher prokuroturasyna bardym. Sökülip, täzeden işlenmegi üçin Türkmenistanyň baş prokuraturasyndan Aşgabat şäher derňew uprawleniýesine ugradylan iş şol gezek Aşgabat şäher ptokurory A. Meňliýewiň tahylyndan çykdy. «Ýüz otdan yssy» diýleni, işiň hiç haçan ugrukmajakdygyny meniň beýdip gapy-gapy aýlanyp işi gorjalap ýörmegimiň biderekdigini ol meniň ýüzüme gönümel aýdyp bilmedi. Şonuň üçinem, ýaşyna görä garry, ejirli görünýän aksowult, ýygyrt-ýygyrt ýüzüni sag egnindäki penjirä tarap sowdy-da, uzaklara seredip oturşyna bu meseläniň ýene-de şäher derňew uprawleniýesi bilen bilelikde çözülmelidigini aýtdy. Soňam burnuna salyp hümürdedi. – Aý... Siziň ogluňyzyňkam birhili... Öň-ä «tanamok» diýip... soňam «ine, şü» diýip... Mahlasy şol iş şol ýerde sessiz-üýnsiz ýene-de dört aý ýatdy. Işi gozgamag-a däl, hatda ne maňa, ne işi söküp yzyna gaýtaran Baş prokuraturanyň adyna hiç hili habar gönderilmedi. Megerem, meniň özümiň ýadap, özümiň goýaryma bil baglan bolsalar gerek. 1994-nji ýylyň 23-nji noýabrynda işiň ykbaly bilen gyzyklanyp Meňliýewiň ýanyna ikinji gezek baranymda, işiň ýapylan görnüşinde, şäher prokuraturasynyň arhiwinde ýatandygyny mälim boldy. Ýagdaý şeýle bolansoň, 1994-nji ýylyň 28-nji noýabrynda men Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň derňew uprawleniýesiniň başlygy Aman Ataýewe ýüz tutdum. A. Ataýew «işi» şäher prokuraturasynyň arhiwinden çykaryp aldy. Iş ýene-de täzeden açyldy, öwrenildi. Onuň bikanun ýatyrylandygy barada ýene-de görkezme ýazyldy we söküp, täzeden derňemek üçin ýene-de yzyna iberildi. Bu indi «işiň» dördünji gezek açylyşydy. Emma şäher prokuraturasam, Içeri işler ministliginiň Aşgabat şäher derňew uprawleniýesem Baş Prokuraturanyň görkezmesine bu gezegem pitiwa etmedi. A. Meňliýew ol işi iňňän eý görýändigini, ony elinden çykarasynyň gelmeýändigini, sülçi O. Ataýewiňem öz gysymynyň içindedigini ýene bir gezek subut etdi we özünde bar bolan mümkinçilikleriň, kümsüjek usullaryň ählisini ulandy. Dürli bahanalar bilen işi süýrenjeňlige salmaklygyň, wagt utmaklygyň, ejir çeken tarapy ýadadyp ýykmaklygyň jenaýarkäri goramakda iň bir ähtibarly tärdigini islendik adama görä gowy bilýändigini görkezdi. Men bu işiň bäri-bärde bitmejekdigine göz ýetirdim. Çünki, bärylmadyk gapy galmady. Hersine azyndan iki, hatda üç gezek baryp çykdym. Indi diňe ugruny tapyp daşary ýurt metbugat serişdelerinde çykyş etmek, adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryna ýüz tutmak galypdy. Men elbetde, o zatlaryňam oňyn çözülmejekdigini, meseläni çylşyrymlaşdyraýmasa çözgüdine nepiniň degmejekdigini bilýärdim. Ýöne, maňa her niçigem bolsa halkara jemgyýetçiligine sesimi eşitdirmek, iň soňkuja mümkinçiliklerimden peýdalanyp galmak gerekdi. Gözüň öňünde çagaňy «suhlap» gitseler, senem oňa hiç hili alaç edibilmän iki ýana boş urnup otursaň şondan beter ejir bolmaz ekeni. Şolar ýalyda adamyň gözüne dünýe dar görnüp, islendik hereketleri etmeklige kaýyl bolýan ekeniň. Dünýä jemgyýetçiligine sesiňi eşitdirmekligiň göz-görtele Nyýazowyň göwnüne degmek, howpsuzlyk işgärlerini artykmaç alada goýmak boljakdygyna-da aklym çatýardy. Şonuň üçinem, şo-ol, Maksadyň meselesi boýunça öýe gelen Oraz atly ýigidiň beren maslahatyna eýerip, 1995-nji ýylyň 12-nji maýynda MHK-nyň şol wagtky başlygy S. Seýidowyň adyna sekiz sahypadan ybarat arza ýazdym. Bolan işi, geçen ýollarymy birin-birin beýan etdim. Ähli gapylaryň ýapykdygynam aýtdym-da, şu derdi-halymy Prezidente ýetirip bermegini haýyş etdim. «Elbetde, bu iş siziň ministrligiňize degişli däl, ýöne, birinjiden-ä men degişli ministrlikleriň, edaralaryň barysyny iki-üç mertebe geçdim, ikinjidenem hiç kimden goldaw tapmadyk ýagdaýymda men özümi oda-suwa urmaly bolaryn, ine şonda siz meni ýene-de arakyňyz ýaly gözlärsiňiz, gürrüňçilige çagyrarsyňyz, «näme üçin öňürti bize duýdurmadyň, näme üçin bizden kömek soramadyň», diýersiňiz. «Myhman» alaýmagyňyzam ahmal, ana şol wagt siziň öňüňizde müýnürgemez ýaly şu basgançagy hem geçmekligi makul bildim», diýibem aşagyna gol çekdim. Eltip, şol edaranyň kätiphanasyna tabşyrdym. Hut şol günüň özünde-de, gurluşygy dowam etdirmek üçin, awtobusa mündüm-de, oba gitdim. «Ekranly» jaý bilen hoşlaşyp, mellek ýerimden salnan külbejigime göçüp geldim. Agyz suw saklar ýaly howuz gazyp ýörkämem yzymdan Baş prokuratura çagyrylýandygym barada telegramma görnüşinde habar bardy. Özem maňa däl-de, etrap prokuraturasyna bardy. Mazmuny şeýle: «Şol ýerde pylany bolmaly, şol hepdäniň pylan güni Baş Prokuratura gelsin». Muny eşidip, meniň hakykatdan-da «sürgündigime» ynanýanlaryň sany hasam köpeldi. Olar meniň öz üstümden iş gozgalandyr öýtdüler. Meniň esli wagtlap, «ekranly» jaýda oturanymy gysganyp, çykarmak üçin her hili bahanalar arap göz-görüm bolan, ýüzi gyzyl tilkä meňzeş, mekirligi ondanam beter şäher arçyny Annadurdyny o habar hemmelerdenem beter gyzyklandyrdy. Aşgabada ugramankam, bir günüň içinde üç gezek dagy ýanyma gelip gitdi. Osmakladyp ony-muny soraşdyrdy. Baş Prokuratura günäkärdigim üçin däl-de, günäkäriň garşysyna göreşip ýörendigim üçin çagyrylýandygymy eşidensoň welin garaçyny bilen gynandy. Bolşundanam beter gyzaran ýüzüni iki-baka sypajakladyp durşuna bir zatlar diýip «hümmürdedi». Içki howsalasyny ýüze çykarmajak bolup juda kösendi. Görüp otursam meniň hatymy Prezidente ýetirmäge bogny ysmanmy ýa dogumy çatmanmy arzam ilk-ä MHK-niň üsti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine geçipdir, ol ýerdenem ýene-de Baş Prokuratura ugradylypdyr. Ine, hut şonuň üçinem meni şol ýere çagyran ekenler. Gitdim. Bardym. Meni Baş Prokuraturanyň derňew uprawleniýesiniň başlygy, bu iş bilen öňdenem tanyş Aman Ataýew we şol uprawlwniýäniň sülçisi Saparmyrat Ýagşyýew kabul etdi. Olar menden düşündiriş aldylar. Işi ilki alyp baran sülçi Oraz Ataýew tarapyndan jenaýatkäriň we şaýatlaryň başky görkezmelerinden haýsy-haýsylarynyň üýtgedilendigini soradylar. Men öz düşündirişimde hemmesini jikme-jik beýan etdim, galanynam sülçiniň dokumentlerini barlasaňyz bilersiňiz, çünki, ol maňa öz ýazan-bozan zatlaryny görkezenogam, aýdanogam diýdim. Iş ýene-de söküldi we derňew işleriniň gaýtadan geçirilmelidigi barada görkezme ýazylyp yzyna gaýtaryldy. Ýöne, bu gezek öňküleri ýaly şäher uprawleniýesine däl-de, Içeri işler ministrliginiň derňew uprawleniýesine iberildi. ... Üç günden soň sag-salamat oba dolanyp barmagym köpleri geň galdyrdy. Ýene-de «hyşy-wyşy» köpeldi. «Aý, işi prokuratura düşen bolsa sypdyrmazlar indi muny, dil haty bilen dagy goýberen bolaýmasalar», diýen ýaly gürrüňlerem gulagyma degip başlady. Şol gürrüňleriň hemmesiniňem arçyndan çykýandygyny men bilýärdim, ýöne, o zatlara ünsem bermän, gurluşygymy dowam etdiriberdim. Howzumy tamamladym. Agşamlaryna asmana seredip ýatar ýaly, daşyna kerpiç örüp, içinem gumdan dolduryp seki ýasadym. Üstüni sement bilen suwadym. Gijelerine radio diňledim. «Gara çarşenbe» adyny alan meşhur, 12-nji iýul wakalary barada hem men şol ýerdekäm, «Azatlyk» radiosy arkaly eşitdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |