01:39 Gargalaryñ gargyşy / hekaýa | |
Gargalaryň gargyşy
Hekaýalar
Alagarga irdenjik belendräk agaja gonýar-da, daş-töweregini ünsli synlap başlaýar. Töwerekdäki bolup geçýän zatlaryň hiç birisi-de onuň ýiti gözünden sypmaýar. Ol ähli goňşy-golam janly-jandarlarynyň durmuşy bilen içgin gyzyklanmagy gowy görýär. Olaryň «öýleriniň» nirededigini, näme pişe bilen meşgullanýandyklaryny gowy bilýär. Ine, haýsydyr bir guş garnyny otarmak ýa-da jüýjelerine bermäge bir zatlar getirmek üçin uçar. Alagarga pursatdan peýdalanyp, dessine onuň höwürtgesini barlaýar. Gyzyletene jüýjesi bolsa-da, ýumurtgasy bolsa-da, derrew ogurlaýar. «Naharhanasyna» alyp gidýär. «Naharhanasy» diýýänim ogurlan awyny gypynçsyz iýýän bukuja ýerjagazy. Onuň şeýle «naharhanasy» birnäçe bolguç. Awyny beýleki köp guşlar ýaly göni höwürtgesine alyp gitmeýşi, çagasy ýa-da ýumurtgasy ogurlanan guş yzarlap gelip, onuň öz çagalaryny heläk etmezligi üçin. Şeýdip, aşgazanyny mazaly dolduransoň, höwürtgesine dolanýar-da, çagalaryny agzyndan iýmitlendirip başlaýar. Eger öz çagasyny ýa-da ýumurtgasyny alsalar welin, oňa ýakmaýar. Ar almagyň kül-külüne düşýär. Bir awçy dostum alagarganyň bürgütden ar alşyny gürrüň beripdi. Mahlasy, alagarganyň çagalan wagty, golaýynda höwürtgelän bir bürgüt onuň uçar-uçar bolan çagasyny alypdyr. Ýüzbe-ýüz garpyşsa, ejiz geljegine akyly ýetik alagarga ahmyrly gagyldap, bürgüdiň daşynda pelesaň urupdyr. Bürgüt bolsa biparhlyk bilen onuň çagasyny äkidägede, ýeke-täk dogmasyna eltip beripdir. Bürgütden içi kitüwli alagarga onuň höwürtgesiniň gözegçisiz galan pursadyny peýläp, çagasyna okgunly hüjüm edip, çokap, ýere gaçyrypdyr. Ýere gaçan çaga guşuň bolsa nämäniňkidigine seretmezden ýagysy ýetik. Alagarga töweregi bilen juda oňşuksyz guş. Ol haýsy janly-jandar ýakynynda ýaşaýan bolsa, wagtal-wagtal oňa hüjüm edip, peteň-bizaryny çykarýar. «Depegenden daşrak» diýlen pähime eýerip, göçäýmese goýmaýar. Bir gezek iki sany alagarganyň goňşulykda ketek tutunan towşana hüjüm edişleriniň şaýady boldum. Olar towşanyň keteginiň ýanyndaky agaja gonup, gaty ses bilen galmagallap, onuň daş çykmagyna garaşdylar. Towşan daş çykdam welin, gezekli-gezegine uly goh bilen okgunly hüjüm edip, onuň kellesinden çokap başladylar. Aljyran towşan her gezek hüjüm edilende arkan ýatyp, ýiti dyrnakly penjelerini galgadyp goranýardy. Gargalar hüjümini gaýtalamak üçin göge galanlarynda bolsa, ýerinden turup, ep-esli aralyga çenli gaçýardy. Şeýdip, ol tä sazakly oýda gizlenýänçä, gargalar oňa görgi ýamanyny görkezdiler. «Bu oňşuksyzlyk ýyrtyjy guşlar towşana imrinip gelip, çagasyny ýa-da ýumurtgasyny alar gorkusy üçin dörändir» diýen pikre geldim. Alagarganyň serlip goýlan gurdy, towuk ketege aralaşyp towuk ýumurtgasyny ýa-da ýaşajyk jüýjäni ogurlap gaçýan halatlary-da bolýar. Ol çaga oýnawaçlaryny, goşar sagadyny, ýüzükdir gulagysyrga ýaly gözüne ýakymly şaý-sepleri ogurlamagy-da gowy görýär. Eger ketegine çykyp görseň, daş-töwerekden ogurlan dürli-dümen zatlaryna haýran galýarsyň. Şonuň üçinem oňa il arasynda «ogry hekek» ýa-da «ogry garga-da» diýýärler. Gargany eldekileşdirip hem bolýar. Ýöne ol özüni öýde edil pişik kibi erkin duýmagy gowy görýär. Dürli halklaryň yrym-rowaýatlarynda gargalaryň syrly guşlardygy barasynda aýdylýar. Olaryň adamlaryň başyna düşjek haýsydyr bir külpeti öňünden duýýandyklaryny, gelip, çakyr sesleri bilen gygyryp duýdurýandyklaryny tekrarlaýarlar. Eger ketegini bozup ýa-da urup gargyşlaryna galsaň welin, onda olar erbet bela-beterliklere hem uçradyp bilýärmişler. Birnäçe ýyl mundan ozal, gazetde işleýärkäm, uzak ýaşlylyk babatda makala ýazmakçy bolup maglumat ýygnanymda, janly-jandarlardan iň uzak ýaşaýanlarynyň gargadyr pyşbagadygy, olaryň azyndan iki ýüz elli — üç ýüz ýyl, hatda ondan-da köpräk ýaşaýandyklary baradaky delillere gabat gelipdim. Şonda gargalar bilen bagly okan zatlarymdan Angliýada bolup geçen bir ahwalat meni has geň galdyrypdy. Mahlasy, mundan iki asyr ozal, ençeme ýyl hiç kim ýaşamadyk şäher etegindäki haýbatly gala-köşgi özüne göwni ýetýän bir barly adam satyn alynýar. (Günbatar ýurtlarda kaşaň gurlan, geň hem syrly şeýle gala-köşkler köp). Köşgüň howlusynda peýwagtyna biten äpet agaçlaryň depelerinde bolsa ýüzlerçe garga höwürtgelänmişin. Ýaňky adam gargalaryň gohundan hem hapa-hupasyndan bizar bolup, hyzmatkärlerine agaçlary çapmagy buýrupdyr. Agaçlara palta urup başlanlaryndan bir gara geýimli garry aýal derwezäni kakyp, köşgüň eýesini çagyryp bermeklerini sorapdyr. Ol aýal garry bolsa-da, saçydyr gaşlary garganyň ýelekleriniň reňki ýaly hüýt garamyşyn. Gözleri bolsa garganyň gözleri kibi ýiti hem şuglalymyş. Hut durşy bilen gargapisint kempirmiş. Ol köşgüň eýesine: «Sen geljek ýaza çenli agaçlary çapma. Gargalaryň höwürtgelerini bozma. Olar ýazda göçüp gidip, gaýdyp bärik dolanmazlar» diýipdir. Özüne göwni ýetýän köşk eýesi kempiriň diýenini diňlemän, agaçlary çapdyryp, höwürtgeleri ýakdyrypdyr. Ertesi şol garry kempir ýene-de gelipdir. Bu gezek ol köşk eýesine: «Sen gargalaryň gargyşyna galdyň. Mundan beýläk her ýyl agaçlary çapdyran günüň gelende, seniň neberäňden bir adam ýogalar» diýipdir. Ine, şondan bäri hem her ýyl agaçlaryň çapylan güni gargalaryň uly sürüsi köşgüň üstünden aýlaw edip gidýärmişler. Yz ýanyndan bolsa ýaňky köşk eýesiniň ýakyn adamlaryndan biri bir sebäp tapylyp ýogalýarmyşyn. Bu ýowuz gargyş iki asyr töweregi dowam edip gelýändigi üçin ol köp adamly uly nebere indi halys azalyp, gutaryp barýarmyşyn. Elbetde, dünýä metbugatynda berilýän maglumatlaryň ýapa degmeýänleri-de bolýar. Ýokarky ahwalata-da köre-körlük bilen ynanyp bolmaz. Ýöne, diňe bir gargalar-a däl, islendik janly-jandara-da azar bermeli däldigi welin hak. Sebäbi şu ýer togalagy olaryň hem ýurdy-watany, ýaşap, önüp-ösmeli ýeri. Gargalaryň bähbitli guşlardygyny, bag-bakjalary ýaramaz mör-möjeklerden gaýratlylyk bilen saplaýandyklaryny, olary tebigatyň ýönelige döretmändigini hem tekrarlamagymyz gerek. Onsoň hem özüne göwnüýetijilik bilen hut gapdaljygymyza gonup, birgeňsi bilesigeliji, şol wagtyň özünde hem garagollaç nazar bilen synlaýan sagdyn, özboluşly görkana guşlary göreniňde gözüň dokunýar. Gargalar käbir guşlar ýaly howp-hatardan gypynç edip durman, şäher ýerinde hem arkaýyn höwürtgeleýärler. Edil biziň ýaşaýan köpgatly jaýymyza ýanaşyk jaýyň öňünde biten ýaşamyl sosna agaçlarynyň birinde hem iki sany garganyň ketegi bar. Adat bolşy ýaly, olar gyş howa sowap ugranda gelip, ýazda bolsa göçüp gidýärler. Ýöne soňky ýyl bir görsem, tomsuna hem loňkuldaşyp bärde. Kimiňkidigi näbelli juda ýoknasyz pişik bilen häli-şindi galmagallaşyp, töweregiň ünsüni özlerine çekýärler. Gargalaryň höwürtgesi äpişgesine golaý ýerleşen goňşyma mesawy gürrüňçiligiň arasynda: — «Tebigat üýtgeýär» diýýänleriniň jany bar-ow, bu gargalar indi ýaz gelende göçenoklaram –diýsem: — Olaryň birisini hol ýaramaz pişik tutup, tas iýen ekeni. Hälem Oguljennet daýza dadyna ýetişäýipdir. Şonda ganatyna zeper ýeten borly. Henizem gowy uçup bilenok. Ýazda göçmeýişleri şonuň üçin bolaýmasa. Ýoldaşy bolsa oňa wepalylyk edip gitmän galandyr –diýdi. Ine, gargalar şeýle guşlar. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |