18:46 Gelegurt / hekaýa | |
Gelegurt
Hekaýalar
Gumuň kä takyrlaç, käte-de geçmesi kyn ürgün ýoly bilen gidip barşymyza, gözýetimde inçejik tüsse göründi. —Bu töwerekde çopan goşy-ha ýok. Awçy ýa-da wagtlaýyn düşlän ötegçi bolsa gerek –diýip , Gara aga çaklady. —Geliň, sowlalyň –diýip Öwez teklip etdi. Biz göwünjeň ylalaşdyk. Bärden barsak, oduň başynda başagaý bolup, bir sakgally adam et gowurýar. Hol beýleräjikde bolsa howutlangy erkegi çöküp oturan ýerinde biperwaýlyk bilen gäwişeýär. Erkegiň howudyndan, towşandyr çöl käkiliklerinden başga-da, bir topar ownukly-irili içi zatly haltajyklar asylgydy. Saglyk-amanlykdan soň ýaňky ýaşuly ur-tut: —Awçylyk depderçämi görkezeýinmi. Şu ömrümde aw düzgünini bozan däldirin –diýdi. Gara aga biziň “Haýwanat bagy” üçin zerur haýwanlary tutmak aladasy bilen aýlanyp ýörendigimizi aýdansoň, ol ynjalyp: —Awçylyk barlagynyň işgärlerisiňiz öýtdüm. Maňa Myrat gapançy diýýärler –diýip, özüni tanatdy. Nahar edinmek üçin taýynlan saçagynyň başyna çagyrdy. Ata-baba gapançylar neberesindendigini, hiç haçan tüpeň bilen aw alman, gapanly tutýandygyny, ýanyndan tebipçiligem edýändigini ýaňzydyp: —Hol haltalardaky—dermanlyk otlar –diýip, düýesiniň howudyndan asylgy ýaňky haltajyklary görkezdi. —Ýaşuly, ol towşandyr käkilikler, beýdip asyp goýşuňyza, yslanyp zaýalanmazmy? –diýip, Aşyr sorady. —Ýok, zaýalanmaz. Men olaryň içgoşlaryny aýyrdym. Öýken-bagyrlaryny bolsa, ynha, gowrup otyryn. Içgoşy aýrylan aw uzak saklangyç bolýar –diýip, gapançy düşündirdi. Çaýyň başynda Gara aga ondan: —Garagulakdyr oklukirpä duşmadyňmy? –diyip sorady. —Duşdum, garagulag-a, şundan günbatarlygyna otuz kilometrräk ýöreseňiz, kiçeňräjik, ýylgynly oý bardyr, ine, şol yerde gördüm. Oklukirpi diýýaniňem özi däl-de, tikeni gerek bolsa, işi aňsat. Ýaňky garagulak gördüm diýýan ýerimden yüzüňizi göni demirgazyga tutuň-da, bäş-alty kilometrräk ýöräň. Şol ýerde bir ullakan sazagyň düýbünde oklukirpiniň maslygy ýatyr. Etini-hä dazzarkeldir ýeneki guşlar iýipdir. Diňe tikenli hamy galypdyr. Size-de geregi şol –diydi. —Ýaşuly, suw ýaly tüpeňler barka, gapan bilen aw etmek amatsyz dälmi? –diyip, Aşyr Myrat gapançyny aw gürrüňine tijedi. —Ýok, hanym, gaýtam tersine. Tüpeň bilen aw edeňde, awlaýan jandaryňy sen gözläp tapmaly bolýaň. Gapan bilen awlanyňda welin, onuň özi seniň üstüňe gelýär — guran gapanyna düşýär. Eger derisi üçin awlaýan bolsaň, onda derisi hem abat galýar. Şonuň üçin gapanly awa “Gansyz aw” hem diýýarler. Ýöne, gapan gurmagyňam öz inçe syrlary bar. Awa çykmazyňdan öňürti gapanlaryňy birlaý tämizlemeli. Onda hiç hili del ys, öňki awyň alamaty bolmaly däl. Ýanyňa götereniňde-de, öz ysyň ýa-da münüp barýan düýaň, atyň, eşegiň, maşyn-motoryň yslary çykmaz ýaly, ýörite halta salmaly. Gapan gurup tutmakçy bolýan jandaryň hüý-hasiýetine hem gowy belet bolmagyň gerek. Yz çalmakdanam başyň çykmaly. Haywanlaryň diňe taze et iýýänleri bar, käbiri biraz yslanan eti halaýar. Lukma goýanyňda şony göz öňünde tutmaly. Ýodasyna gapan gurlup awlanylýanlary-da bar, sebäbi haýwanlaryň köpüsi şol bir endik edinen ýodasyndan gatnamagy gowy görýar. Gapan guranyňdan soň, ony wagtal-wagtal barlap durmaly, ýogsam gapanyňa duşen jandary haýsydyr bir messepsiz ötegçiniň “aňsatja aw” diýip alyp ötägitmegi mümkin. Gapanda uzak dursa, urnaşyp-urnaşyp, aýagyny ýolup gidýäni-de bolýar. Barsaň, gapanyňda ganly penje durandyr. Wagtynda barmasaň, gapanyňy süýräp gidýäni-de bar. Onsoň: “Gapanyň arany haýsy ýerde köke ýa-da agaja ilişip durka?” diýip, awyňy yzarlap almaly. Gapanly aw etmek çeňňekli balyk tutan ýaly bir zat. Çeňňekde balygy köp tutup bolmaýşy deý, gapanda-da awy köp awlap bolmaýar. Rysgalyňa çykanyňy alyaň. “Awçy bilen çopana özüň ynsap bereweri, Allahym!” diyilýän gürrüň tüpeňli aw edýan awçylar barada bolmaly. —Gapan bilen islendik haýwany-da awlap bolýamy? –diýip, Sapar gyzyklandy. —Ugruna düşseň, awlap bolýar. —Hatda aýyny-da? —Hawa. —Bizde aýy, turan gaplaňy ýaly jandarlar ýok bolaýmasa... –diýip, Aşyr pikirini ýanzytdy. —Balkan daglarynyň, Köýteniň goňşy ýurtlar bilen araçäkdeş, adam seýrek barýan ýerlerinde aýy-ha barmyş diýjek bolýarlar –diýip, Öwez eşiden çaklamasyny aytdy. —Ol azmangulak bolaýmasa... –diýip, Gara aga düşündiriş berdi. —Hakyky aýy däldir. —Azmangulak diýýäniňiz itaýy dälmi? –diýip, Aşyr bilesigelijilik bilen sorady. —Hawa, itaýy. —Oňa il arasynda baliýiji hem diýýärler –diyip, Myrat gapançy arasy bölünen aw hekaýatyna dolandy. —Aýy, ýolbars, gaplaň ýaly iri ýyrtyjylara gurulýan ýörite gapanlar-da bar. Ol gapanlar bilen öň zamanlarda teý gola düşmeýän, tokaýda — jeňňelde gizlenip, gije-girimde gelip, öý urup, mal talap ýören garakçy jenaýatkärleri hem tutupdyrlar. Oňa bir düşse, adam bolsa-da, täk özüniň aýagyny boşadyp biljek gümany ýok. Agzy diş-diş, polat sallary juda bek. Her tarapyndan güýjüň baryny basyp açaýmasaň, açdyrmaýar. Gapana duşensoň, jandarlaryň hersiniň özüni bir jüre alyp barşy bar. Bärden barsaň, gahar bilen üstüňe zyňýany-da, çyňsap haraý soraýany-da, “Beýtmegiň namartlyk bolýar” diýýan ýaly, göni görejiňe tiňkesini dikip, täleýine kaýyl bolup durýany-da, özüni ýolup-ýyrtyp başlaýany-da, ýa bolmasa, gapana düşenine gorkup, ýüregi ýarylyp, ýa-da urnup-urnup ölüp galýany-da bolýar. Şunça ýуl awy gapanly alyp, tilkiden mekir jandary görmedim. Ol aňsat-aňsat gapana düşmeýär. Bardy-geldi düşäýse-de, seniň gelýäniňi ysyňdan ýa-da aýak sesiňden aňşyryp, öli ýaly bolup ýatýar. “Bu işigaýdan-a urnup-urnup jan beripdir-ow” diýip, aýagyny gapandan boşadarsyňam welin, turup ökje göterer. —Tüýs tilkiniň edäýjegi-da şol –diýip, Gara aga hezil edip güldi. —Ine, gapançynyň aw alşy-ha şeýleräjik –diýip, Myrat gapançy gürrüňini dowam etdirdi. —Gapana düşen jandary meniň özümiň goýberen halatlarym-da boldy. Derisi üçin diýip tutanyň kesel, tüýi düşüp, goturlaşan bolsa, içi çagalydygyny bilseň ýa-da etini iýip, hamyny alyp bolmaýan zemzen, kümsük it, pişik, porsygözen yaly jandarlar düşse, boşadanyň gowy. —Ýаşulу, ata-baba gapanda aw eden bolsaňyz, köp gyzykly aw wakalaryny-da bilýansiňiz. Ynha, Gara aga-ha ýoldaş bolalymyz bäri bize aw durmuşyndan ençeme hekaýatlary aýdyp berip, gulagymyzyň posuny aça-aça gelýär. Dogrymy diýsem, men ozal bu düňle çöli içgysgynç, gyzyksyz görýädim. Ürgün çägeden, hažžykdyr suwulgandan, towşandyr pyşbagadan gaýry zat ýokdur öýdýärdim. Munuň asla beýle däldigine, ynha, şu gezekki saparymyzda Gara aganyň gürrüňlerini diňläp, hut özüm synlap göz ýetirdim. Biziň çölümiz janly, juda gyzykly çöl ekeni. Sizem, ýaşuly, başyňyzdan geçen geňräk aw wakalaryndan gürrüň beräýiň?! –diýip, Aşyr Myrat gapançydan haýyş etdi. Aşyryň haýyşyny ünsli diňlän ýaşuly: —Bolýar, ýöne awçy halky aw wakasyny gürruň berende, has mahabatyny ýetirip, aýaklaryny ýerden üzäýgiçdir. Eger şony duýsaňyz: “Myrat aga, ýerläweri!” diýip duýduraýyň –diýdi-de, söhbedine başlady. —Hawa, men şol wagtlar ýaňy murty taban, on iki-on üç ýaşly ýetginjekdim. Atama Gurban gapançy, kakama Sapar gapançy diýerdiler. Beýik Watançylyk urşunyň üçünji ýylydy. Tüýs zabun gidýän döwrüdi. Kakam uruşdady. Öýümiz bolup ondan gelýän hatlara garaşardyk. Şol hatyň gelen güni biziň üçin toý-baýramçylykdy. Ara wagt düşüp, hat gelmesi kesilse, gorkup başlardyk. Kakama bir zat bolandyr, ynha, kolhozyň kontoryna çagyryp, şum habary aýdarlar öýdüp gara janymyz galmazdy. Atam ýaşy bir çene barandygy, “hyk-çokunyň” ýetikdigi üçin awy goýup, öýde düýä howut, eşege gaňňa tikmek, gapymyzda barja malgaranyň ot-suwuna esewanlyk etmek bilen güýmenerdi. Biz, deň-duş oglanlar, aýal-gyzlar bolup, öküz goşulan künde bilen ýer sürmelem bolsa sürerdik, pagta ekmelem bolsa ekerdik, suw tutmalam bolsa tutardyk, bede basmalam bolsa basardyk, sebäbi söweşe ýaramly erkek kişileriň ählisi frontdady. Olaryň ozalky borçlary, iş-aladalary biziň egnimize düşüpdi. Ine, bir gün giçlik işden öýe gaýdarman bolup durkam, bize ýolbaşçylyk edýän aýal —Bike eje: “Ataňa aýt, başlyk çagyrýar. Ertir irden ýanyna barsyn” diýdi. “Nämüçin çagyrýarka?” diýsem: “Bilemok, barsa eşider” diýdi. Kakama bir zat bolandyr öýdüp ýüregim jigläp gitdi. Öýe nähili aşanymy bilemok. Damagym dolup duransoň, habarymy zordan aýtdym. Enemdir ejem şol bada aglaşyp başladylar, sebäbi kakamdan aý ýarym wagt bäri hat almandyk. Enem, un ýagdaýymyzyň öwerlik däldigine seretmezden, kakamyň baş saglygyna bogursak bişirip, sadaka hem paýlapdy. Onuň bişiren bogursaklary, meniň oglan gözlerime, kakamdan gelýän esger hatlaryna çalym edýärdi. Ol hatlary enem daşyna öýme dolap, myhman otagymyzyň töründäki ýüzi oýma keşdeli gadymy sandykda saklaýardy. Wagtal-wagtal olary maňa başdan-aýak okadyp diňleýärdiler. Men olary okanymda, kakamyň ýazyp ýollan senesiniň yzygiderliligini saklamaga çalyşýardym. Şeýdilende, ol hatlardan kakamyň söweş ýoly, urşa gideli bäri durmuşy göz öňümizde dolulygyna janlanýardy. Kakam her hatynyň soňunda: “Gelegurt” belasyny dep edip, basym bararys. Gowy günler bolar, enşalla” diýip ýazýardy. Atam ertire-de garaşman, başlygyň ýanyna dessine gitdi. Başlyga Gyzylgül diýýärdiler. Tapbiler, zor ayaldy. Atam bärden saňňyldap barsa, sebäbine düşünip: “Sapar sag-gurgun söweşip ýörendir. Men sizi başga iş üçin çagyrdym” diyip köşeşdiripdir. Atam begenjine: “Hudaýa şükür, şum habar bolmasa bolýar, hawa, näme hyzmat?” diýip gyzyklanypdyr. Onda başlyk: “Uruş başlanyp, erkek kişiler fronta gitdi. Üç ýyl bäri awlaýan adam bolmansoň, çölde möjek köpelipdir. Sürülere darap ugradylar. Çopanlar “dat” edýäler. Bir çäresini görmesek boljak däl. Siz awçy adam. Şu mesele üçin çagyrdym. Gaýrat edip, gelegurt belasyny dep edip bereweriň” diýipdir. Ýanyna kömekçi meni, ýene-de uruşdan bir goluny aldyryp dolanan Ödäni berjegini, şondan köpe ýagdaý ýokdugyny aýdypdyr. Ol döwürde ýetginjekleriň ählisine “Osowýähim” diýilýan gurama tüpeň atmagy öwrederdi. Men ol guramanyň “Iň ökde atyjy” diýen nyşanyna hem mynasyp bolupdym. Deň-duşlarymyň gözi gidýän ol nyşany buýsanç bilen dakynyp gezýärdim. Atam öýe hoş habarly dolanyp, awy goýanyna on ýyl çemesi bolsa-da, başlygyň bu töwekgelçilikli ýumşuny boýun alanyny aýtdy. Тüреň, ok, gapan, azyk, ýeneki zerur zatlary, başlygyň görkezmesi bilen, ammardan alyp, suw goşumyzy hem tükelläp, ählisini bir düýä ýükläp, özümizem üç sany daýaw eşege münüp, Akbilek diýen awa werziş garryja itimizem yzymyza tirkäp, guma çykdyk. Bir goluny, onda-da sag goluny ýitiren Ödeden möjek awy meselesinde ibaly haýyr bor öýdemokdym. Atamyň ony ýanymyza almagyny oňlamokdym. Özüm welin beýle tabşyrygy bitirmek mümkinçiligine begenýärdim. Kakam meni ýaşlykdan ýany bilen awa alyp giderdi. Gapan gurmagyň, tüpeň atmagyň tärlerini öwredipdi. Galyberse-de “Iň ökde atyjy” diýlen ada hakykatdan-da mynasypdygymy subut edip biljekdim. Men okamagy gowy görýärdim. Eliboşluk aranda, oba kitaphanasyndan alyp, ýanyma göteren kitaplaryma imrinýärdim. Ine, şeýdip, bir ýylyň dowamynda ýüze golaý, soňky ýyl hem şonçarak möjegi awladyk. —Myrat aga, aýagyňyzy ýerden üzmäweriň? –diýip, Aşyr ýeser ýylgyryp, gapançynyn sözüni böldi. —Ýok, ýok, hanym, çypbakaý çynym. Ol döwürde öldüren möjegimiziň hamyny tabşyrmagymyzy, hasabyň dürs ýöredilmegini talap edýädiler –diýip, ýaşuly janykdy. —Indi bu hekaýatymyň yzyny aýdyp bersem, şonda bize iň agyr düşeni azgyn bolup, urkaçy möjege höwrügip giden goýun itini awlamak bolupdy. Möjek jorasydyr ondan doglan gaýyň çagalary bilen çopanlara azar ýamanyny beren ol mekir köpegi gola salmak üçin bir aý gowrak yzyna düşdük. —Bir köpegi tutmak üçin şonça wagt yzyna düşen bolsaňyz, sizem-a, tüweleme, juda erjel kişiler ekeniňiz –diýip, Öwez Myrat gapançynyň mahabatyny ýetirdi. —Şeytmeseň, awlatjakmy ol. It azsa, möjekden müň beter bolýar. Adamlaryň hüy-häsiýetine oňat belet bolansoň, oba-da arkaýyn aralaşyberýär. “Aý, bir it gezip ýör-da” diýip, hiç kim oňa intipis etmeýar. Öý haýwanlaram ondan kän bir gorkup durmaýar. Özem ol aňsat-aňsat gapana düşmeýär. Soňky hemşerileri—möjekler bilen mallara daranda-da, ilki özi parçalap başlaýar. Ine, şol köpegiň geçäýjek ýerlerine küşt oýnunyň öýjükleri ýaly edip gapan gurup, ahyrsoňy gapana düşürdik. Ol şonda-da, gapanyň aranyny agzyna alyp, kyrk kilometr çemesi gidipdir. Yzarlap barsak, ynha, bir ullakan ala köpek halys tapdan düşüp, süynüp ýatyr. Şol ýerde olaryň—möjek höwri ikisiniň süreni bar eken. Gapdalynda bolsa urkaçy möjegiň getiren goýnunyň ýarpy läşi yatan eken. Tüpeň oky gyt bolany üçin, gapana düşüren möjegimizi, köplenç, tommaýly taýak bilen kellesine urup, seňseledip alýardyk. Atam taýagyny häzirläp ýanyna baranda, ol nägehan köpek bat bilen üstune böküp, sag golundan agyz salyp ýetişdi. Atam maňa: —At, köşek, ýogsam aldyrjak däl! –diýdi. Atamyň köpek parçalan eli azyp, bitmesi hyllalla boldy. Entegem tebipçilikden başy çykýanynyň haýry degdi. Wagtal-wagtal çaý başynda: —Sen-ä goluňy uruşda aldyrypsyň, menem gumda aldyrsam, ikimiz dertdeş bolýas –diýip, atam Öde bilen degişýärdi. Öde meniň başda çaklaýşymdan has peýdaly, has adamkärçilikli bolup çykdy. O1 düýeli gatnap, obadan azyk-suwlugymyzy daşap berýärdi. Paýhynlan möjeklerimiziň hamyny akidip kolhoza tabşyrýardy. Iň gowusy-da, kakamdan gelen hatlary getirýärdi, meniň oňa ýazanlarymy alyp gidip poçta oklaýardy. Boşrak wagtymyz söweş durmuşy, ýanynda bomba ýarylyp, golundan jyda düşüşi barada ahmyr bilen gürrüň berýärdi. “Uly şäherlerde emeli el yasap beryän ökde ussalar barmyş. Nesip bolsa, uruş gutaransoň, gidip özüme el ýasatmakçy” diýip arzuw edýärdi, ýöne görgüliniň derdi has çökderdi, käte-käte ysytmaly ýaly sandyrap başlaýardy. Bu bombanyň sarsgynynyň kellesine ýetiren täsiridi. Atam şonda onuň ýeňse damaryny owkalap, çöl otlaryndan çaý demläp berip, derdini ýeňledýärdi. O1: “Bu bolşuma men öýlenip bilerinmi?” diýip, göwnüçökgünlige düşýärdi. Atam oňa: “Elbetde, öýlenersiň. Sen gowy ýigit. Saňa düşünjek tapylar” diýip göwünlik berýärdi. Biziň üçin iň şatlykly habary-da nobatdaky gezek oba gidende Öde alyp gelipdi. Şol gün ýagyşly gündi. Ir ertirden giç öýlä çenli ýagyş bedreden guýulýan ýaly ýagýardy. Älem-jahanda gury ýer galan däldir diýdirýärdi. “Bu suwly ýagyşda Öde gaytmasa ýagşydyr, ýogsam onuň buýmagy mümkin” diýip, atam gaýgy edýärdi. Wagtlaýyn ýaşamak üçin çalamydar gurup, ýagyş geçmez ýaly üstüne çadyr bölegini atan çatmajygymyzda ot ýakynyp, bir mydar edinip otyrdyk. Men kitaplaryma güýmenýärdim. Howa çygly bolansoň, atamyň “hyk- çoky” artypdy. Köneje possuna girip, birgysym bolup düýrülip ýatyşyna: “Kakaň gelenini görmek nesip etsin-dä” diýip, häli-şindi gaýtalaýardy. Biziň ol düşlän jelegaýymyz möjegiň bol ýeridi. Töwerege guran gapanlarymyzy wagtal-wagtal barlap durýardyk. Ahyrsoňy ýagyş kiparlap, Gün yaldyrap çykypdy. Asmanda älemgoşar peýda bolupdy. O1 ullakan hem owadandy. Atam ikimiz ony synlap durkak, düýäni mümkingadar batly haýdadyp, sesinde baryny gygyryp, abat goluny begençli bulaýlap ýetip gelýän Ödä gözümiz düşdi. O1, ylla, alemgoşaryň içinden çykyp gelýän ýalydy. Süllümbaý ezilendi. Halys ýadap hem üşäp tapdan düşendigine seretmezden: «Buşluk, uruş gutarypdyr! Buşluk, uruş gutarypdyr!» diýip, bu hoş habary ýanymyza gelip aýtmaga-da howlugyp gygyrýardy. Ine, şondan bäri hem, her ýylyň Ýeňiş güni baýramçylyk salýuty atylanda, onuň täsin öwüşgini maňa “Uruş gutardy” habaryny eşiden günüm gören şol üýtgeşik älemgoşarymy ýatladýar –diýip, Myrat gapançy hekaýatyny soňlady. —Kakaňyz uruşdan sag-salamat dolandymy? –diýip, men gyzyklandym. —Hawa, hanym, başy dik, jany sag gaýdyp geldi. Aşyr hem bilesigelijilik bilen gobsundy: —Öde öýlenip bildimi? —Bir mysapyr gyz tapylyp, öýlendi, önup-örňedi. —Bolaýypdyr –diýip, Gara aga dillendi. —Adamyň bu dünýä gelip iň gowy edýän işi önup-örňemegidir. —Rast aýdýaň, sakgaldaş –diýip, Myrat gapançy baş atdy. —Önüp-ösmek, durmuşyň hözirini görüp ýaşamak üçin asuda döwrümiz bar. Şoňa müň-de şükür. Indi gaýdyp hiç haçan uruş bolmawersin. Biz Myrat gapançynyň aýdan arzyly jumlesini ýerli-ýerden gaýtaladyk: —Hawa, indi gaýdyp hiç haçan uruş bolmawersin! Hemra Şirow. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |