GELMIŞEK
"Darawa" obasy Köpetdaga golaý jülgäniň agzynda ýerleşýärdi. Bu obada 70-80 öýli, ýa-da şonçarak hojalyk ýaşaýardy. Adamlar biri-birine, şu obadakylaryň kowum-garyndaşlaryna gaty ir wagtlardan bäri beletdiler. Bu obadan ýaşlar şähere sary göçüp, göçüp gitselerem, garrylar galýardylar. Munuň üstesine, indi ep-esli wagtdan bäri bu ýerlere göçüp gelýänler ýokdy. Ýöne...
Baharyň başynda obamyza gara gözleri lowurdap, ýanyp duran, gytygrak sakalyna çal sepen, uzyn boýly bir kişi göçüp geldi.
Ol adamyň başynda güne ýanan, ýaşyl keşdeli täjik tahýasy bardy. Köneliginden, kirden ýaňa tahýanyň keşdeleriköýük görünýädi-de, bu adamyň ýüzüni has betgelişik görkezýärdi. Şonda-da ol adam öz tahýasyny hiç mahal başyndan aýranokdy.
Bu adamyň egnindäki uyn pagtaly donynyň matasy hem gap-garady. Köýnegi welin zolak-zolak mawy matadan tikilendi.
- Gelmişegiň gözleri owadan! - diýip, obanyň aýallary gürrüň edýärdiler.
Bu adama oba dükany bilen kitaphananyň arasyndaky darajyk otagy boşadyp berdiler. Ýöne bu adamyň jaý dawasy ýokdy.
Onuň iş dawasam ýokdy. Şonuň üçin bu adamy garažyň arkasyndaky alma bagyna sakçy edip bellediler.
Täzelikde alma agaçlarynyň hatarlarynyň arasyna boýaboý joýalar çekip, gämikläp, gawun, garpyz ekipdiler. Indi bu adam şol ekine-de garawul bolmalydy. Ýöne alma baglarynyň içi, gawun-garpyz joýalayna çenli selme, syrkyn, ýandak basyp gidipdi. Aslynda bu bag hiç haçanam üns berlip, ideg-yssywat edilen ýer däldi. Bu adama-da, "aý, hälki birgüýmenjedir-dä, munuň näçe gün durjagyny kim bilýär" diýilip berlendi.
Emma gelmişek bu baga gaty gyzgyn ýapyşdy.
Ol on-on bäş günüň içinde gije diýmän, gündiz diýmä, der saçyp, almalygyň ýandagyny, beýleki ot-çöplerini çaýyp, Gapdaldaky belentje tekizje meýdana ullakan öý ýaly edip, basyp goýdy. Ýerleri kätmenledi. Ownujak ot-çöpleri iş edinip otady. Indi ol almalykda ýandak, selmäň-ä beýlede dursun, ülpüldäp duran suwotam görnenokdy.
Ol adam her alma agajy üçin, onuň düýbünden tegelek çanak etdi. Çanaklaryň içine ilki depdi, ýumşatdy, sowam garažyň aňyrsyndaky birwagat getirilip taşlanan ders üýşmeginden her düýbe bir halta ders dökdi. Soňam gijelerine almalary suwaryp çykdy. Ýaňy öserine duran gawun-garpyz pazyllarynam otady, yekeledi. Olara dökün, suw berdi.
Garažyň gapdalyndak uly ýol bilen gagyň arasyna pytrap ýatan agaçlardan dikip, sim çekdi-de, berk germew etdi. Indi bu baga, ekine ygam-sagam bolup ýören oba mallary girip biljek gümany ýokdy.
Ömründe beýle hyzmaty görmedik alma baglary öýe ýaňy düşen owadan gelin ýaly, lowurdap, parlap ösüp başlady. Gün-günden güle basyrylyp, görenleri aňk edip goýdy.
Gawun-garpyz biýarasyndanam gözüňi aýrasyň gelenokdy.
Şol günden soň gelmişek özüne berlen jaýa-da barmady. Ol gijesi-gündizi bagyň içindedi.
Ol bir-ä aýlyk berlende gidip, hakyny alary. Birem, dükandan un bilen duz almaga oba barardy.
Bu adamyň näme iýýändigini, nähili ýaşaýandygyny, näme maksat-niýetiniň bardygyny kiç kim bilenokdy.
...Urşuň yz ýanlary bolansoň, adamlaryň eli juda ýuwkady. Şäher golaý bolany üçin, adamlar elinde baryny bazara äkidip, güzeran üçin zerur haryda çalyşyp gaýdýardylar. Kimiňdir biriniň almaga gurby ýetmese, indiki sapar berersiň-dä, diýişip, harytlaryny goýubam gaýdýardylar.
Almanyň irki görnüşleriniň suwy süýjäp başlady. Bu ýyl bolsady ekilen ýaly, basyrnyp ýatan alma göz dikýänem ýok däldi. Sähel gözüň sypynsa, şahalary omur-jomur edip, heniz bişmedik hasyly syryp şähere eňýänem gyt däldi.
Aslynda bu obada düzgün, tertip, iliň zady, hojalygyňky diýen düşünje hem ýokdy. Barmy, kimiňki bolanynyň tapawudy ýok, alybermeli, äkidibermeli. Iň esasy zat, seni görmeseler bolany. "Ak düýäni gördüňmi—göremok!" Şonuň üçin gelmişek gündizi-gijesi ýok, bagynda juda sak durýary.
Bu adam bu obada alma ogurlygynan has elhenç, elhenç wejeralygyň hem şaýady bolup başlady. Gün batyp başladygy obanyň käbir gelinleri, ulugyzlary gorkman, çekinmän, erkek kişiler bilen tirkeşip, garaňky baglyga siňip gidýärdiler. Olaryň bu halal saçak ýaly bagyň içinde nähili wejeralyk edýändiklerini ol görüp, duýup durdy.
Beýle bihaýaçylyklara bu obanyň adamlary öwrenişip giden bolara çemeli. Ertesi hiç zat bolmadyk ýaly, gülüşip, degişip ýörler. Emma gelmişek welin beýle-beýle ýagdaýy oýuna getirende-de, depesinden asman eňterilen ýaly bolýardy.
Bir gije ol aýlanyp ýörşüne, kimiňdir biriniň aýal maşgalany gygyrdyp-bagyrdyp, zorlaýandygyny eşitdi-de, göze dürtme garaňkynyň içinde şol tarapa okduryldy. Ol ullakan alma agajynyň düýbünde bagyryp ýatan gara göwräniň üstüne dyzap duran adamy ýeňsesinden tutup, galdyrdy. Onuň şu obanyň iň başbozarlarynyň bir goşundygyny tanady.
- Edýäniň näme“ Hudaýdan gork!
Goşun titredi-de, jalbaryny çekişdirip durşuna:
- Bar, ýok bolsanaý, seniňki näme—diýip, mydyrdap sögündi.
Aşakda ýatan titreýän howsalaly sesini sandyratdy.
- Waý, bagtym ýatdy. —Ol turdy-da agyly ses bilen ýoldaşyna ýapyşdy.—Goşun, Ýör gideli— diýdi.
Goşun gelmişege jikjerildi.
- Eý, akmak, demiň içiňde bolsun ýogsa damagyňy çalaryn...
- Ýok boluň! Bagdan baryňyz ýok boluň, ýekäňem göräýmäýin, ugraň diýýän—diýiup, gelmişek ulili bilen bagyryp başlady. Soň şol gazaply sesi bilen:
- Toba ediň! Hudaýdan gorkuň!—diýip, gygyrdy-da, gözüne urlan ýaly bolup, garaňkylykda eräp gitdi.
Bir gün Garşy obasynda Aba aga sadaka berdi.
Bu obalarda toýa, sadaka uludan-kiçä, ýerden ýörän barmak indi däbe öwrülipdi.
Aba aga birwgtlar dünýäden gaýdan ejesine, kakasyna aş berýärdi.
Günorta boluberende teläriň, baglaryň, jaýlaryň kölegesine grasar ýaly bolup üýşen adamlara ýaňy palowçekilipdi. Her kimiň eli tabakdady. Bu obalaryň adatyna görä, toý-sadakasy diýenlerinde, gelenlere özleriniň elde ýasanşeraplaryndan hem gaýgyrman bermek adat bolup galypdy. Şol däbe eýerilip, gelenlere naharyň ýany bilen bedre-bedre çakyram çekýärdiler.
- Eziz doganlar!...
Adamlaryň palowlymy, şerap guýlan bulgurlymy, elleri howada doňup galdy.
Bu etrapda henize çenli eşidilmedik del owaz, adamlaryň tas zähresini ýarypdy. Oturanlaryň bary gözlerini petredişip, töweregine garanjakladylar:
- Eziz doganlar! Siz bu dünýä synag üçin iberilensiňiz! Bu dünýäde hasapsyz närse ýokdur. Alla bizi görüp durandyr! Emma adamlar azdy. Şeýtan olaryň umydyny harama, nebse, ýalan güzerana örkläp goýdy.
Eziz doganlar, sabyr ediň, kanagat ediň! O dünýäniň azabyny, sakar dowzahyň lowlap durdn oduny ýadyňyzdan çykarmaň. Öňüňüizden gelýän jebri-jepalardan gorkuň! Allanyň tarapynda boluň, şeýtanyň tarapynda bolmaň!Kim haram iýse, kim nebsiniň eşegi bolsa, kim kişiniň hakyny iýse, waý onuň gününe!..
Allany ýatlaň, Alla şükür ediň. Alla bilen boluň! Omyn!...
Gelmişek tamdyryň belent tekdirinden düşdi-de, gaty-gaty ýöräp, öz ugruna gitdi. Oňa:--Gitme, otur, nahar iý!—diýenem tapylmady. Diýenlerinde-de, ol saklanjak adama meňzemeýärdi.
Ol şol barşyna öleňdäki gür hyşşalyga siňdi. Ol ýerde pagtaly donuny çykaryp, oturjak ýerine ýazdy-da, egnindenasan kiçijik gaýyş torbasyny eline aldy. Tahýasyny çykaryp egildi-de, akar suwa ilki ellerini, soňra ýüzüni, boýnuny, gulaklarynyň arkasyny ýuwdy.
Soň eliniň ugruna suwuň içinde göderip oturan ýaş ýekenlerden birküç sanysyny çekip aldy-da, olaryň köküni akar suwa çaýkady. Soň ýekenleri ardyp, olaryň terje, akja baldagyny döwüp aldy-da, köwşüni çykaryp, donunuň üstüne geçip oturdy. Torbasyndan küle gaçana meňzeýän gaty çöregi alyp, ony howlukman üfleşdirdi, aýasy bilen gaýta-gaýta süpüdibem, ýene akar suwa batyryp, çaýkady. Ilki bir owuç suw alyp içenden soň, çörekden dişläp alyp, ýekeniň akja baldagyny hurş edinip, lezzet bilen çeýnäp başlady. Soň ýene çeşmeden suw alyp, owurtlady.
Ol akar suwa siňe seredip oturşyna çöregini howlukman iýdi-de, galan-gaçan nan ownutyklaryny çöpläp, "Bismilla" diýip, ýüwaşja pyşyrdady-da, eliniň tersi bilen buwa taşlady. Soňra çöküne düşüp, aýat-doga okady. Omyn edibem, turmak bile boldy.
Gelmişegiň bu günki boluşy, "Darawa", "Garşy" obalarynyň adamlaryny juda geň galgyrdy. Oba adamlary bu adamyň şu günki gygyrmasynyň näme manysynyň bardygyna düşünmedilerem.
Ýöne, käbirleri:
- Döwlet-ä, "Din adamzat üçin tirýekdir!" diýip, dine garşy bolup ýör. Bu peläket bolsa, "Alla bilen boluň!" diýip, agyr märekede gygyryp ýör" – diýip goýdular.—Başymyza bir bela getirmese-de ýagşydyr!
Bu wakadan soň, obanyň uly-kiçi adamlarynda gelmişege bolan uly gyzyklanma döredi.
- Ol gündiz adam, gije-de haýwan bolýarmyş!—diýip, oba çagalary ony ertekä meňzeş ýagdy bilen baglanyşdyrýardylar.
- Ýolda-yzda şony görseňiz, gaçyň. Kim bilýär, onuň näme maksadynyň bardygyny?!—diýip, ene-atalar çagalaryna edep öwredýärdiler.
Sebäbi, bu adam obanyň içindäki öýünde ýaşanokdy. Hiç kimiňkä baryp-gelenokdy. Almalykda ullakan erik agajy bardy. Şol erigiň saýasynda beýlekide-de, ýatyp-turanyny gören-bilen ýokdy.
"Darawada" Gurban agalar ogluny öýerip, toý tutdy.
Bu obanyň däbi boýunça, gelni kejebeläp getirip, soň adamlara duz-tagam çekýärdiler.
Naharýaňy çekilipdi.Birdenem:
- Eziz doganlar! Siz bu dünýä synag üçin iberilensiňiz! Bu dünýäde hsapsyz närse ýokdur. Alla bizi görüp durandyr! Emma adamlar azdy. Şeýtan olaryň umydyny harama, nebse, ýalan güzerana örkläp goýdy.
Eziz doganlar, sabyr ediň, kanagat ediň! O dünýäniň azabyny, sakar dowzahyň lowlap durdn oduny ýadyňyzdan çykarmaň. Öňüňüizden ýetip gelýän jebri-jepalardan gorkuň! Toba ediň, haklaşyk pursady ýeti gelýär. Toba ediň! Allanyň tarapynda boluň, şeýtanyň tarapynda bolmaň! Kim haram iýse, kim nebsiniň eşegi bolsa, kim kişiniň hakyny iýse, waý onuň gününe!..
Allany ýatlaň, Alla şükür ediň. Alla bilen boluň! Omyn!...
Oturanlaryň bary gelmişegiň güne gaýzygyp, syrça dönen derli ýüzüni, howsala bilen jowurdaýan ullakan, ala gözlerini gördüler.
Ol gşzler juda howatyrlydy. Howsalalydy. Özem, olar ýöne-möne zat üçin howsalalanokdy.
Gelmişek edilen mürehede-de ten bermän, gaty-gaty ýöräp, öz ugruna gitdi.
Ol öňki endigine görä, akar ýabyň boýuna baryp donuny, tahýasyny çykaryp, ýuwundy. Soňra ýapdan bir gysym ýaşajyk narpyz alyp, çöregini suwa batyryp, narpyz bilen hurş edip iýdi. Soň doga-dilegler edip, turup gitdi.
Howa gyzyp başlapdy. Alma bişmese-de, ullakan erigiň şahalaryndaky miweler, misli, tylla teňňeler asylan ýaly, lowurdaşyp, özüni güjeňläp başlapdy.
- Erik bişdi, ony ýygnamak gerek!—diýip, ol hojalygyň ýolbaşüylaryna habar ýetirdi. Ol bir mahaldan bäri, ýere dökülen erikleri ýygnap, arassaja ýere serişdirip gelýärdi.
Aýallaryň bäş-alty sanysy erik ýygnamaga geldi. Şonda olar gelmişegiň bu eden işine haýran galdylar. Giden meýdan serilen erik-kişde bolup ýatyrdy.
- Bular näme?—diýip, brigadir sorady.
- Nowçalygyndan şu güneçenli düýbüne gaçanlardyr. Yrýa ýa isrip bolan zat ýokdur. Baryny ýükläbermeli, maşyna.
Ýaşuly brigadir haýran galdy. Ol bu hojalykda ömri boýy işläp gelse-de, munuň ýaly hallallygy görmändi.
Erikleri kakyp, çöpleşdirip, ýaşiklere ýerleşdirip, alyp gitdiler. Soň ol gawun bişdi diýip habar ýollady. Bir maşyny agyr ýükläp, bişen gawun alyp gitdiler. Şonda gelmişegiň özem olaryň yzyndan bardy.
- Näme, bize ynanmazçylyk etjek bolýaňmy - diýip, hojalygyň ýolbaşçysy onuň bilen degişen boldy.
- Ýok, ýok, başlyk aga, maňa-da çekipjik, öz bahajygyndan üç-dört sanjak gawun berip bilmersiňizmi?! - diýip, salamlaşandan soň haýyş etdi.
- Il-ä senden sorajak bolýar, gawuny, seniňki näme diýsene - diýip, sklad müdiri içi güjüklije gülen boldy. Emma gelmişegiň ýadyna gülki düşenokdy. Onuň gara çynydy.
- Sen maňa çekip birki gawun berip bilermisiň!
- Haýsylaryny?
- Isläniňizi çekiň!
Ol bahasyny töläp, iki gawuny bakjasyna alyp gitdi.
Şonda adamlar gelmişegiň özüniň arassa adamdygyna ynandylar. Bu baradaky gürrüň, şol bada tutuş jülgä ýaýrady. Emma käbiri:
- Aý, bu haramzada iliň gözüne çöp atjak bolýandyr. Onuň oýny käne meňzeýär! - diýibem gördi.
Güýz düşen badyna alma bişip başlady. Ol "alma bişdi" diýip, habar ýollady. Alma, bu ýyl, edil bir bolsady ekilen ýalydy. Ony ýygyp, tükederýaly däldi. Her iki düýp alma agajyndan bir maşyn miwe çykýardy.
Tutuş hojalyk bolup, sähelçejik ýeriň bagynyň miwesini tutuş aýlap iş edindiler. Gelmişek jokrama yssyda alma ýygyp ýörenlere gündogarky akar suwly ýapdan bedre-bedre suw çekýärdi.
- Içiň, doganlar! Alyň, suw içiň!
Adamlar gelmişegiň uadan suwly kürüşgesini ellerine alyp, bu adamy synlamak üçin suw içýän ýalydylar. Gelmişegiň kirden ýaňa keşdesi bilinmez bolan mahmal tahýasy, syrça ýaly gara ýüzi, balkyldap duran owadan goýun gözleri, uzyn gap-gara pagtaly dony, zolak-zolak mawy köýnegi, hemem sary giden çokaýy olara hiç hili keramaty habar bermeýärdi.
Aýallar alma agajynyň kölegesinde dynç alyp oturyşlaryna:
- Gelmişek, dogan, geliň, birsalym dynç alyň! - diýip, oňa degişen bolup, gygyryp, yzyndan toparlary bilen gülüşýärdiler. Ol bolsa eşitmeýän ýaly, köneje bedresini eline alyp, suwly ýaba bakan düňderilip barýandyr. Bedre doly suwy aýallaryň ýanynda goýup, boş ýaşiklere ýere gaçan almalary salmag a başlaýardy. Bu adamyň bir salym dynç alanynam gören ýokdy.
- Alma ýygymy saýpallaşandan soň, ol bedresini suwdan dolduryp, uly ýola çykyp başlady.
- Al, doganym, teşneligiňi gandyr.
- Eý, gelmişek daýy, suwuňy satýaňmy?—diýip, okuwdan süllerişip gelýän okuwçylar, onuňdaşyna üýşüp, soraýardylar.
- Eý, suwuňy satýaňmy?
- Alla saklasyn. Heý, suwam bir satylarmy?!
Gelmişegiň ýüzi gamaşdy. Ol ullakan gözlerini petredip, şol sözi aýdan adama seretdi. Soň boşan bedresini alyp, yzyna düňderilip gaýtdy.
Indi "Garşy", "Darawa" obalarynyň adamlary toýda, sadakada öňe ýaňy nahar çekilen wagty bir ýerlerden zömpe çykýan gelmişegiň aýdýan sözlerine öwrenişip gidipdiler. Käbirleri ol sözleri ýatdan hem bilkýärdi.
- Elbetde, Alla ýüregine guýýandyrda, bendäniň. Özümiz-ä onuň edenini başarjak däl.—diýip, adamlaryň başy çatylsa ony ýatlaýardylar.
Gelmişegiň gürrüňi bar ýerinde“—Ony obadan güm etmeli! - diýip, Goşun dişlerini gyjap, ara düşýärdi.
- Goýsaňyz-laý, kime ýamanlygy bar, görgüliň?
- Ol daşary ýurduň içalysy bolsa bildiňmi!—diýýänem bardy.
- Onuň "Alla diýiň, Hudaý diýiň, toba ediň!“ diýmesi biziň döwletimiziň syýasatyna garşy gidýär. Biziň döwletimiz bolsa “Alla dioýmäň, Hudaý diýmäň. Lenin, Stalin diýiň. Partiýa, Meskewa diýiň “ diýýär-ä. Biziň ýolbaşçýlarymyzda derek ýok. Ýogsa, bir wagt obadan çykaryp kowardylar, bular ýaly kirli diwanany. Ol halky zaýalaýar.
Goşunyň bu sözi şol gün obalara ýaýrady.
Maşat aga gullukdan ýaňy gelen Meredini öýerip, uly toý tutdy. Gelnalyjy getirilip, ýaňy adamlara palaw bilen arak-şerap çekilipdi.
Edil, şol wagtam nireden çykany belli däl, gewlmişek, ýykylan haýatyň biline çykyp, gygyryp başlady:
- Eziz doganlar! Siz bu dünýä synag üçin iberilensiňiz! Bu dünýäde hasapsyz närse ýokdur. Alla bizi görüp durandyr! ..
Märekäniň içinden iki adam çykdy-da, gaty-gaty gygyryşyp, gelmişege topuldylar.
- Goý, nejis! Ýok bol şu ýerden.
Emma gelmişek olara gulagam asanokdy.
- Emma adamlar azdy. Şeýtan olaryň umydyny harama, nebse, ýalan güzerana örkläp goýdy.
Eziz doganlar, sabyr ediň, kanagat ediň! O dünýäniň azabyny, sakar dowzahyň lowlap durdn oduny ýadyňyzdan çykarmaň. Öňüňüizden gelýän jebri-jepalardan gorkuň!..
Goşun ol duranlardanam geçip, gelmişegi itip, depip howludan çykaryp goýberdi.Gelmişek özüne her näçe jebir, zulum etseler-de, sözüni ahyryna çenli aýtdy.
- Allanyň tarapynda boluň, şeýtanyň tarapynda bolmaň! Kim haram iýse, kim nebsiniň eşegi bolsa, kim kişiniň hakyny iýse, waý onuň gününe!..
Allany ýatlaň, Alla şükür ediň. Alla bilen boluň! Ämin!..
Gelmişek urlup, kowulandan soň, bu toýuň gyzygy gaçan ýaly boldy. Emma gelmişek bu ýagdaýa kän bir pitiwa berip duran adam däldi. Toýda-da, sadakadyr ýasda-da, garaz märeke üýşen ýerde bir ýerlerden çykýardy-da, şol aýdýanja sözlerini aýdyp, gürüm-jürüm bolýardy. Ol gepini uzaldybam, gysgaldybam, gep owadanlajak, akyl satjak bolup duranokdy.
Bir sapar bu hojalyk, ýyly jemläp, klubda uly ýygnak etdi. Şol ýygnagyň ahyrynda-da gelmişek orta çykyp,şol aýdýan sözlerini aýdyp, çykyp gitdi.
- Aý, bu adamy öldüräýmeseň, oňa tär boljak däl öýdýän—diýip, Goşun jibrindi.
- Goý, aýtsyn, näme, ol ogry bol, haram iý, erbet iş et diýýämi!—diýişip, adamlar Goşuny dalarly göründi.
- Partiýa saňa erbet bol diýýärmi? Hudaýdan ne peýda. Halkyňy ekläp, saklap, ak ýol bilen geljege alyp barýan-a Kommunistik partiýa. Şoň halk bolup, toýda, sadakada şol däliniň gygyrşy ýaly janygyp, „sag bol“ aýdaýaňyzok. Beýtmesi bolanok onuň, görýäňizmi, eýýäm köpiňiz onuň gepine zäherlenipsiňiz. Ony degişli ýereine aýtmasaň, uçgündan ot syçyramagy mümkin... - diýip, Goşun ýangynly jabjyndy.
Bu wakadan soň, geçse bir hepde geçendir.
Ýylahyrda halka beriljek bolup ýaňy getirilen aýlyk haky gürüm-jürüm boldy. Ogry uzakdan bolmaly däldi. Adamlar ýüz-ýüze, göz-gözedi. Özem, beýle ýagdaý öňde-soňda bu obalarda görlüp, eşidilen ýagdý däldi.
Ahyry, başga ýol-çykalga tapylman, etrap içeri işler bölümine gyssaglky habar edildi.
- Gyssagly ýeteweriň, ähli baýlygymyzy ogurlatdyk...
Bir maýor türkmen ýigidi bilen, iki sany ýaş milisioner haý diýmän geldi. Olaryň ýanynda ysgaw itlerem bardy.
Ite seýfi, pul goýulýan ýeri, puluň daşynyň kagyzlaryny ysgatdylar.
Ysgaw iti pul saklanýan jaýyň içini birlaý aýlandy. Soň tutuş jaýyň daşyndan aýlandy. Çyňsap-çyňsabam uly ýola düşdi-de, garaža bakan seňkildäp başladyol seňkildäp ýörşüne, garažyň töwereginde öwrüm edenden soň, almalygyň içindäki belent ýandak küdesiniň töwereginden aýlanyp, onuň içine sümüldi.
Milisionerler ýandak küdesine söýelen uly petdäni süýşýrip, beýlä aýyrdylar. Soň, içene girdiler. Asyl, görseler, ýandak küdesiniň içi ýaşalýan öý bolsa nädersiň.
Pully halta bolsa ortada, saman-süplüge bulaşyp, köne çäkmene dolangy ýatyrdy. Haltany maşyna bakan alyp gitdiler. Şol pursatda eli ep-esli ýandak kökli gelmişek göründi. Ol akar suwly ýap tarapdan gelýärdi. Ol bu küdäniň töweregine üýşen märekä geň galyp seretdi.
- Essalowmaleýkim!
Maýor eşikli türkmen ýigidi oňa gaharly habar gatdy.
- Bu kepbede sen ýaşaýaňmy?
- Biz ýaşaýas!
Ol don seniňkimi?
- Biziňki!
- Hany pul! Puly ber.
Gelmişek düşünmedi öýdýän. Ol: "Pul! Pul!" diýip mydyrdady-da, içeri girip, çäkmeniniň jübüsinden pul çykaryp, maýora uzatdy.
- Ine, bary.
- Bu näme?
- Bar pulum. Zähmet gazanjym!
Maýor onuň elinden tutdy-da, özüne tarap dartdy.
- At oýnatma.
Gelmişegi tutaklap, daşyna halka bolup aýlandylar-da alyp gitdiler. Soň ony mrekäniň öňünde üsti demirörtükli gara maşyna mündirip, alyp gitdiler.
- Ol haramzada geregem şoldy.—diýip, Goşun dabaraly aýtdy. Soň märekä igesini sürtdi. — Biriňizde-de utanç-haýa ýok. Siziň ähliňizi şol maşyna basyp, alyp gitmeli. Kim näme diýse, agzyňyzy öwweldip diňläp ýörsüňiz!
- Aý, kim näme diýse-de, pul ogurlajak adama-ha meňzänok, bende—diýip, ýaşulularyň biri aýtdy.
Maşyn ugrady. Adamlar seslerini çykarnan, dargadylar.
* * *
1948-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda "Darawa", "Garşy" obalarynyň adamlaryny "Garşy" obasyndaky kluba ýygnap, gelmişege göreldeli sud etdiler.
"...Belli halk duşmany Azal ahunyň çowlugy, 1915-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda doglan Jemaletdin Çagyl igly öň Aşgabatda "halk üçin tirýek" bolan ýigrenji din-urp-adatlary ilat arasynda wagyz edendigi üçin, ýazgarylyp, şäherden çykarylyp kowuldy.
Ol şondan soň şäheriň golaýyndaky "Darawa" obasynyň durmyşuşyna sümülip girip, sada adamlaryň ynamyna girip, halk arasynda Allany, din-şerigaty wagyz edip gelipdir. Ahyrsoňy, edýän pygylynyň ýol alýandygyny duýup, zähmetkeş adamlaryň haky bolan elli alty müň bäş ýüz on iki manat puly ogurlap, daşary ýurtlara gaçmakçy bolanda, günäsiniň üstünde ele salyndy.
1915-nj ýylda doglan, häzirki wagtda hiç ýerde işlemeýän, belli ýaşaýan ýeri bolmadyk Jemaletdin Çagyl oglunyň eden jenaýatçylykly günä işleri doly boýnuna goýuldy.
Gelmişege respublikanyň Jenaýat kodeksiniň üç maddasy boýunça:
1. Halkyň arasynda dini, hudaýy wagz edip, döwlete garşy ýykgynçylyjkly işleri alyp barandygy üçin;
2. Halkyň hakyny köp mukdarda ogurlandygy üçin;
3.Daşary ýurtlaryň tabşyrygy boýunça biziň döwletimizde ýykgynçylykly işleri alyp baryp, netijede, döwlet serhedinden gaçyp geçip, daşary ýurtlara gitmekçi bolany üçin...
Suduň karary bilen gelmişek ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Adamlar ýerli-ýerden söz soradylar. Ilkinji bolup, Goşun söz aldy.
- Biz juda ýiti gözli bolmaly, jan obadaşlar. Beýik Serdarymyz Iýosif Staliniň saýasynda, mähriban Kommunistik partiýamyzyň atalyk aladasy bilen beýik bagta ýetdik. Aýdyň, Alla nämäniň pohy! Eger Alla bar bolýan bolsa häzir şu gelmişegi azat etsin! Asyl, edäýmez! Sebäbi, ýoldaş Staliniň öwredişi ýaly, gözel tebigat bar! Şonuň üçin, häzir öňüňide kellesini ýalaňaçlap, pisini aşyryp oturan diwersantlardan ägä bolmaly. Men, dogrusy, sudýalar bilen dawalaşyp biljek däl, ýöne, özüm bolsam-a, oňa atuw bererdim!
- Atuw bermeli!
- Atmaly!
Görelde sudunyň ahyrynda Gelmişegiň özüne soňky sözüni berdiler.
- Aýt, soňky sözüňi. Eden etmişleriňe ökünýäňmi?!
- Eziz doganlar! Siz bu dünýä synag üçin iberilensiňiz! Bu dünýäde hasapsyz närse ýokdur. Alla bizi görüp durandyr! Emma adamlar azdy. Şeýtan olaryň umydyny harama, nebse, ýalan güzerana örkläp goýdy.
Eziz doganlar, sabyr ediň, kanagat ediň! O dünýäniň azabyny, sakar dowzahyň lowlap duran oduny ýadyňyzdan çykarmaň. Öňüňizden ýetip gelýän jebri-jepalardan gorkuň! Toba ediň, haklaşyk pursady ýetip gelýär. Toba ediň! Allanyň tarapynda boluň, şeýtanyň tarapynda bolmaň! Kim haram iýse, kim nebsiniň eşegi bolsa, kim kişiniň hakyny iýse, waý onuň gününe!..
Allany ýatlaň, Alla şükür ediň. Alla bilen boluň! Ämin! Allahy äkber.
Adamlar doňup galdylar. Diňe togsan ýaşly Patma gül garry:
- Alla diýen diliňe döneýin! - diýip, hümürdedi.
Gelmişegi üsti ýapyk maşyna salyp gitdiler. Tutuş obanyň egni boşap, arkasyndan agyr ýüki aýrylan ýaly bolgy.
Şondan alty gün geçenden soň, obada agyr ýer titredi. Dag tarapdan görülip, eşidilmedik apat sil geldi. Indi bu obalaryň ýerinde öň hiç wagt durmuş bolmadyk ýaly, läbik suw çaýkanyp ýatyrdy.
1-2 –oktýabr, 2004 ý.
Öwezdurdy NEPESOW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
Hekaýalar