06:48 Gelnaljy / hekaýa | |
GELNALJY
Hekaýalar
«Goňşy oba gelnaljy baranda, daşlap heläk edýärmişler» diýen gürrüň köpden bäri bardy. Ýöne öz başymyza düşmänsoň, muňa ynanmaýardyk. Ine, «5-njide» bile okaýan dostum Gurbanyň agasy şol obadan öýlenermen boldy. Onuň gelnaljysyna gidenimizde, ol obanyň oglanlary daşlap, kakamyň maşynynyň öň aýnasyny döwdüler. Beýleki maşynlaryň bolsa reňkini zaýaladylar. Muňa kakamyň juda gahary geldi. Maşyndan düşüp, daş oklanlaryň ökjesine mündi. Ýetip bilmänsoň, oglanlara: «Haý, bes ediň!» diýmegiň deregine, bolan işe gülüp duran, obalarynda toý bolsa, ekabyrlyk edýän, lagyrdap, hemleli gürlemegi gowy görýän Beki däli diýilýän adamyň ýanyna bardy: —A-how, agam, bu nätdigiňiz boldy? Oglanlaryňyzy tertibe çagy-raweriň! —Aý, inim, gelnaljy daşlamak owaldan gelýän däpdir-dä –diýip, ol, başdansowma jogap berdi. —Däp bolýan bolsa, duruberiň bakaly, siz hem biz obadan gyz alman oňmarsyňyz –diýip, kakam yzyna öwrüldi. Maşyny zaýalanan adamlaryň keýpi bozuldy: —Mundan beýläk ol obadan gyz alsak, gelnaljysyna tankly ýa-da bronemaşynly gidäýmesek bolmaz –diýşip zeýrendiler. Aýratyn-da, kakam gynandy. Sebäbi, onuň maşynynyň aýnasy juda seýrek tapdyrýardy, özem gymmatdy. Ol aýlygynyň ujundan birazajykdan pul süýşürip ýygnap, daş degen aýnasyny ahyrsoňy çalyşdy. Aradan wagt geçip, onuň goňşy obanyň oglanlaryna bolan gahary hem ýatyşdy. Bu waka Gurban ikimiziň welin, ýadymyzdan çykmandy. Şol barmana-da, biziň obamyzdan bir gyzyň goňşy oba göçýändigi baradaky habar ýaýrady. Gurban bilen dessine obamyzyň oglanlaryny ýygnadyk. Hasaplaşmaly pursadyň gelendigini ýatlatdyk. Garagolluk diýilse, hezil edinýän oglanlar biziň bilen pikirdeş gopdular. Gelnaljy geljek güne öňünden taýýarlyk görüp başladyk. Herimiz bäş-on sany palak ýumurtga taýynladyk. Onuň üçin, towuk ýumurtgasyny tüp yssynyň astynda üç-dört gün saklamak ýeterlikdi. Eger uzakdan daşlamaly bolsak, geregi çykar diýip, tigriň köne kamerasyndan gyrkyp, herimiz özümize keman hem ýasandyk. Her ýer-her ýerräkde köçäniň gumuna gömüp goýmak üçin, üç-dört sany ýasy tagtany hem çüý kakyp häzirledik. Gelnaljynyň geçjek esasy ýolunyň ugrunda kimiň nirede durmalydy-gyny, çüýli tagtalary, birden öz obamyzyň ulagly adamlarynyň tigirlerini deşmez ýaly, kirşene haçan gömmelidigimizi belleşdik. Gowaçaly atyzyň gyrasyndaky goşmaça ýoldan gaçyp ötägitmezler ýaly, «Erte gelnaljy gelmeli» diýlen gijesi oňa hem suw kowup, batgalyga öwürmegi niýetimize düwdük. Biziň taýynlygymyzyň hiç neneň däldigine gelnaljy gelende göz ýetirdik. Gelni öýden alyp çykyp, uly ýola düşenlerinde, gelinli maşyny geçirip goýberip, ýoluň egrem-bugram ýerlerindäki küpürsäp ýatan kirşene gömüp ýetişen çüýli tagtalarymyz iş bitirdi. Maşynlarynyň tigri deşilensoň, gelnalja gelenler ondan bialaç düşdüler. Şol pursat hem olaryň üstüne palak ýumurtga ýagdyryp başladyk. Toý eşikleri ýumurtganyň porsap duran şepbeşigine bulaşyp, olar bolmajysyny boldular. Onýança-da, gelnalja ekabyrlyk edýän Beki däli ýumrugyny düwüp, biziň üstümize eňdi. Şeýle ýagdaýyň ýüze çykmagynyň mümkindigini göz öňünde tutandygymyz üçin, tutluga gaçyp girip, ol ýerde ýörite daňyp goýan ýarak itimiz Alabaýy boşadyp, «Bas!» diýip küşgürdik. Beki däli elhenç iti görüp, goranmaga bir zat gözläp, töweregine bakjaklady. Emma hiç bir derekli zat tapmansoň yzyna gaçdy. Alabaý ony iki bökende ýetip, ýumry ýerinden agyz saldy. Ol şeýle bir jynssyz ses bilen gygyrdy welin, obamyzyň aňry başynda hem eşidilen bolsa gerek. Juda öte geçäýmesin diýip, Alabaýy yzyna çagyryp aldyk. Tigri deşilmedikler gelinli maşynyň yzyndan ýetmäge howlugyşyp, gowaçalygyň gyrasyndaky ýola sowuldylar. Biz gije ol ýoluň aňrybaşyna suw kowup ýetişipdik. Bir salymdan batga batan maşynlaryň hyňňyldysy eşidilip başlady. —Beh, jany ýananyň biri-hä ol obanyň gelnaljysyny, öz garşylaýyşlary ýaly garşylamagy gurapdyr-ow –diýip, kakam başyny gynançly ýaýkady. —Toýy bulaýan beýle däpden däp bolmaz. Ine, şu wakadan soň, goňşy obada gelnaljy daşlamak endigi ýatdy. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |