20:01 Goja we ýer / hekaýa | |
GOJA WE ÝER
Hekaýalar
Şenbe güni. Ol şäheriň «Demirgazyk derwezesinden» geçen ýeriňde ýerleşýän bagjagazyna gidip barýar. Golunda «Daýhan bazaryndan» alnan hurma nahallary. Awtobusyň ýolagçylary kileň özi ýaly ýaşy durugyşan adamlar. Olaryň hem aglabasynyň ýany nahally. Bag edinip, hözirini görmek umydy bilen, haýsydyr bir agaçlaryň nahallaryny äkidip barýarlar. Esasy gürrüňleri olaryň gögerjegi-gögermejegi barada. —Hurma nahalyny gögertmek juda çetin –diýip, onuň öň ýanyndaky oturgyçda oturan adam gapdalyndaka ýüzlenýär. —Ynjyk agaç. «Diýmek, bularyň hem ekmekçi bolýany hurma nahaly-da. Soňky döwürde köpleriň niýeti hurma ýetişdirmek…». —Men hem geçen ýyl alyp ekdim, emma gögermedi –diýip, gözi äýnekli ýaşuly ýoldaşy bilen ylalaşýar. —Köküni gaýnaga batyryp satýamyşlar. —Aý, ýog-a? —Hawa, şeýle «myş» bar. —Onda-da alypsyň? —Belki, bu ýyl gögär... Öňünde oturanlaryň gürrüňi gojany iňkise giderýär. «Köküni gaýnaga batyryp satýamyşlar». Bäh. Aý, ýok, beýle däldir-le! Belki-de, bu «myşyň» jany bardyr? Eklenjiň nahal ýetişdirip satmak bolsa, satanyňam gögerip dursa, bahym başga eklenjiň gözlegine çykybermeli borsuň. Aý, meniňem edýän pikirimi. Şeýtan kelläme müňkürlik salýar-ow...». Bazardan nahal alanda, nahal satýan bilen bolan gürrüňçiligi ýatlaýar. Ol çalgyrdrak gürleýärdi. Goly bag gaýçylydy. Nahallarynyň bahasyny hasaplaşansoň, gaýçysyny şyrkyldadyp, goja ýüzlendi: —Köküni hem ujuny gyrkyp bereýinmi? —Ýok, ýok… —Başgalar-a gyrkdyryp alýar. —Näme üçin? —Şeýtseň, ýagşy gögerýär. —Aý, ýok, men şeýleligine ekmekçi. «Hiý, köki ýa-da ujy gyrkylan nahalam gögärmi? Şu bagbanlaryňam soňky döwürde tapýan nysaklaryna haýran galaýmaly ýa-da olar mamlamyka?». Nahal satýan: —Köküni diýsem, hemme köküni däl. Öser köküni. Şeýtseň, baldaklary ýerden iýmit alyp, tiz ulalýar. Ujuny gyrkmak hem gerek. Aşaky pyntyklar güýçli bolýar. Oňat gögerýär –diýip düşündirýär. Gojanyň töwerekde pytrap ýatan çybyklaradyr kök böleklerine gözi düşýär. «Munuň diýýäniniň jany-ha bar ekeni. Il gyrkdyryp alýar ekeni. Ýa-da menem gyrkdyraýsammykam? Häý, şu Ata aganyň gerek ýeri-dä –diýip, bagbançylykdan baş çykarýan, özünden ýaşy ep-esli gala tanşyny ýatlaýar. —Ýok, gyrkdyrmaýyn. Nädip dözjek ýaşajyk nahala gaýçy salmaga…». Ynha, mekdepden çykan çagalar awtobusa münýärler. Ol başlary tahýaly, arkasy goçak sumkaly çagalary synlaýar: «Okuwlaryny soňlap, öýlerine barýandyrlar. Hersi bir öýüň läligidir». Ine, bir garagözelek gyzjagaz golundaky kitaby açyp, okap başlaýar. —Sen kitap okamagy gowy görýämiň? –diýip, goja gyzjagaza ýüzlenýär. Dessine-de: «Berýän sowalymy diýsene. Kitap okamagy halamaýan çaga barmy? Şularyň ýaşyndakak bizem okamagy, baý, gowy görerdig-ä» diýen pikir kellesine gelýär. Onýança-da gyzjagaz: —Hawa –diýip baş atýar. Onuň gapdalynda diňläp duran oglan hem: —Menem kitap okamagy gowy görýän –diýip gürrüňe goşulýar. Beýleki çagalar-da: —Daýy, menem kitap okamagy gowy görýän. —Menem –diýşip, ýerli-ýerden seslenýärler. —Men-ä düýe bakmagy gowy görýän –diýip, ýoldaşlarynyň bolşuny kesesinden synlap duran dolmuşrak oglan dillenýär. —Şonuň üçinem sen ikilikçi-dä –diýip, garajürjen, horaşaja gyzjagaz sugşurýar. Onuň sözüne çagalar hezil edip gülüşýärler. Düýe bakmagy gowy görýän oglanyň özi hem olara goşulyşyp gülýär. Çagalar müneli bäri, awtobusyň içi ala-ýaz. Özlerine mahsus gyzykly gürrüňleri bilen olar şeýlebir başagaýdylar welin, her duralganyň deňine ýetenlerinde, eserdeňleri: «Düşmeli ýeriň geldi!» diýşip, biri-birine duýdurýardylar, ýogsam gürrüňe güýmenip, öýleriniň deňinden geçibem gitjekler. «Aý, hawa-da, şeýle-de bolmaly. Bu wagt bular üçin iň bir gyzykly döwür —çagalyk döwri –diýip, goja içinden pikir öwürýär. —Bular hem häzir şu ýaşajyk nahallar ýaly. «Bagbandan» oňsalar, ibaly adam bolup ýetişerler, ýogsa-da göýdük, nalajedeýin kişiler…». Ynha, okamagy gowy görýän gyzjagaz hem düşüp galýar. Ol ýöräp barşyna kitabyna imrinýär. «Büdräp ýykylmasa ýagşy. Öýünde okaýmaly ahyryn. Belki, jigilerine seredişip, ejesine öý işlerini edişip, wagty bolýan däldir. Belki-de, kitap juda gyzyklydyr. Haýsy kitapdygyny-da soramandyryn». Her duralganyň deňinde durup, düşjegi düşürip, münjegi mündürip, awtobus gidip barýar. Ýolagçylar şol öňki bag-bakjaly gürrüňlerine mübtela. Ine-de, onuň düşmeli duralgasy. On birinji kilometr. Ikinji zeýkeşden geçip, saga dolandygy, tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolýan, agaçlar bilen içgin gürleşýän bag ýerine aşar. Awtobusyň gapysy daryşgan. Döwläýmesin gorkusy bilen, golundaky nahallary ätiýaçly göterip, ýere ätleýär. «Adamyň ömri hem şeýle. Düşmeli duralgasy gelende, durmuşyň çarkandakly ýoly bilen, ümdüzine tutduryp barýan wagt diýilýän ulagdan düşüp galyberýär. Onsoň, onuň aýatda dirileriň sanawyndan ady öçýär, ýöne şoňa çenli bag ekmeli, guýy gazmaly, öý gurmaly, kemally perzent ýetişdirmeli. Birgiden oňat işler, ýagşylyklar etmeli…». Ynha, onuň bag ýeri. Ululy-kiçili agaçlar, ylla diýersiň, dürli ýaşly her kybap adamlar ýaly. «Bular maňa garaşdylarmyka? Elbetde, garaşandyrlar. Bularyň takdyry maňa bagly. Ine, men geldim. Suwsansyňyz. Ýazyň başydygyna seretmezden, soňky günler howa-da tomsa döndi. Häzir sizi suwararyn. Ýok, birazajyk tagapyl ediň. Ilki şu nahallary ekeýin. Bular ýaş ahyryn. «Kökümiz haçan ýere ýeterkä?» diýşip, serimsal bolandyrlar». Goja, getiren nahallaryny nirä ekse gowy boljagynyň pikirini edip, bagyň içine aýlanýar: «Bu ýerde-hä bitmez. Ajydäne erigiň kölegesi hezil bermez. «Häý, seni aýraýmaly welin, ýüregiýukalyk edýän-dä». «Men ähli erikden ir bişýän ahyryn» diýip, ajydäne erik tolgunýar. «Hawa, şonuň üçinem seni saklaýan» diýip, goja ony köşeşdirýär. «Hozuň golaýynda hem ekmäýin. Hoz uzagyndan has ulalar. Hurma ýaly kiçeňräjik agajy gysar» diýip, epeý boljagy häzirden duýlup duran hozy synlaýar. «Üzümiň alkymy hem amatsyz bolar. Gözden saldygym, çyrmaşyp heläk eder. Niçezar goraglap ýöreýin. Ynha, şu ýertudananyň gapdaly tüýs bolaýjak». Onýança-da, eýýäm parç bolup gögerip, käbirisi gülläp ýetişen ýertudanalaryň arasynda haýsydyr bir janly närsäniň bardygyna gözi düşýär. «Alakamyka? Alaka bolsa, urup öldüreýin» diýip, eline pilini alyp, şol ýere howlugýar. Onuň, şu bag ýeri edineli bäri, alakalardan gören görgüsi bimöçber. Negözel agaçlaryny guratdylar. Ol arkasyna uly-uly ýyldyz çekilen pyşbagany görüp begenýär: —«General», bu senmi? Pyşbaganyň «general» atlandyrylmagyna goňşy oglanjyk Şöhradyň sebäpkärdigini, heniz hem öçüşmedik bu ýyldyzlaryň şonuň işidigini ýatlaýar. Ol oglanjygyň goja bilen arasy saz. Her pisint gürrüňler tapyp, hiç haçan dili dek durmaýan ol oglanjygy goja gowy görýär. Şonuň ýaly dogumly hem birazajyk garagolja agtygynyň bolmagyny isleýär. «Çaga garagolja bolanda, gyzykly bolýar. Kesesinden hezil edinýäň». Şöhradyň bujagaz hokgasy bilen bagly gürrüňçilik gojanyň hakydasynda: —Şöhrat, bu pyşbaganyň çanagyna çeken ýyldyzlaryň näme? —Generallyk belgisi. —Sen muny näme üçin beýtdiň? —Beýleki pyşbagalardan parhlandyrmak üçin. —Senem ýeser-äý… –diýip, goja onuň bu hokgasyny oňlamaýandygyny ýaňzydýar. Pyşbaga gojanyň bag ýerinde bitýän zatlardan symyşlap, peýwagtyna gezmegi gowy görýär. Aýratyn hem, ýertudanany halaýar. Gowy bişenlerini saýlap iýýär. Terje ýapragyny hem erbet görenok. Käte bolsa, mellekden çykyp, nirädir sapara gidýär. Şonda ol iki-üç günläbem yzyna köwlenmeýär. «Gatnawly ýoly kesip geçende, maşyn basyp heläk bolandyr ýa-da has gowy bag-bakjaly ýer tapandyr» diýip, gojanyň ondan umydyny üzýän halatlary-da bolýar. Şonda birdenem onuň özi tapylyp geläýýär. Käte-de: «Ynha, «generaly» pylan ýerden tapdym» diýip, Şöhrat alyp gelýär. Garaz: «Bu siziň pyşbagaňyz» diýip, Şöhradyň tekrarlaýandygyna seretmezden, goja ony «biziňki» diýip, arkaýyn aýdyp biljek däldi. Haýal-ýagal, ebeteýsiz jandardygyna seretmezden, ol erkinligi söýýärdi. Gidesi gelende gidip, gelesi gelende hem gelýärdi. Bir gün bolsa Şöhrat gojanyň ýanyna galagoply ylgap geldi. Onuň haýsydyr bir möhüm habarlydygy duýulýardy: —Daýy, hol Döwlet: «Pul bermeseňiz, «generaly» iýerin diýýär. Ol ony tutupdyr. Şöhradyň aýtmagyna görä, Döwlet üç-dört mellek mundan aňyrdaky ýere esewançylyk edýän, häsiýetsiz, biweç adamdy. Düşünişmek çetindi. Bir töwrady. Goja onuň bilen hiç haçan iş salşyp görmändi. Ýöne Şöhradyň ol barada aýdýanlaryndan çen tutup, ibaly däldigini bilipdi. —Ol pyşdylam iýýärmi? –diýip, goja geňirgendi. —Ähli zady iýýär. Kirpinem, ýylanam, pyşdylam. Semizje it bolsa-da, tutup öldürip iýýär… –diýip, Şöhrat, gojany bu meselä gyzykdyrmak üçin, anyk bilýän-bilmeýän delillerini sugşuryşdyrdy. —Mädesi iri zaluwat eken-ow –diýip, goja başyny gynançly ýaýkady. —Näçe manat bermeli? —Bäş manat. «Generala» nebsi agyrmakdan, hemem Şöhradyň gözünden düşmezlik üçin, goja oňa bäş manat berdi. Şöhrat ylgap gidip, pyşbagany dessine alyp geldi. «General» çykyp bilmez ýaly, iki bolup mellegiň daşyna aýlanan berkiň yş ýerlerini ýapdylar. Emma munuň haýry degmedi. «General» şol gije berkiň düýbüni gazyp çykyp ötägidipdir. Ertesi Şöhrat ýene-de Döwletiň «generaly» tutandygyny, pul berilmese, ony iýerin diýýändigini goja aýtdy. —Sen kezzapjyk, «generaly» boşatjak diýip, menden pul äkidip, buzgaýmak alyp iýip ýören-ä dälsiň? –diýip, göwnüne gelen münkürlige görä, goja degişme äheňinde Şöhratdan sorady. —Ýok, daýy, duzjan ursun! –diýip, Şöhrat gatyrgandy. —Men beýtmen-ä… —A-how, oglan, ol puly näme edýär-äý? Men oňa düýnjük bäş manat berdim ahyryn? –diýip, goja janyýangynly sorady. —Çakyr alyp içýär… —Beýle bolsa-ha, asla-da berjek däl. —Bermeseňiz, ol «generaly» iýer-dä… –diýip, Şöhrat lapykeç müzzerildi. —Bolýa-da… Adamlaryň her jüresi bar-ow… –diýip, goja, Şöhrada pul berip, «generaly» ýene halas etdi. Şondan soň mellegiň daşyny has ykjam berkitdiler. Barybir «general» ýitirim boldy. «Indi nädip daş çykyp bildikä?» diýip gyzyklansalar, mellege suw gelýän ýogyn turbanyň gapdalynda galan yş ýeri tapyp, şondan ötüpdir. Bu waka geçen ýylyň güýz aýlary bolupdy. «General» yzyna köwlenmändi. Goja ony ilkibaşlarda gussa bilen ýatlan bolsa-da, soňabaka unudypdy. Ynha, ol ýazyň başynda ýene-de tapylyp gelipdir. Aslynda, Gojanyň bu bag ýerinde pyşbagadan başga-da, gözi öwrenişen, iki sany kindiwanja çagaly ene kirpi, diýseň owadan zolakly üç sany hüýpüýpik, bäş-alty sany garajokjoky, bir jübüt çekeýik, birgiden musyjadyr serçe ýaşaýardy. Ata aganyň: «Bu guşlaryň ketegini bozup taşlasana, ýogsam hasylyňa şärikli bolşup, bizar ederler» diýenine seretmezden: «Bulardan haýyr hem bardyr. Iň bärkisi, gözüm düşende, synlap hezil edýänim nämä degmeýär» diýip azar berenokdy. Gyş maýyl gelende, bagyň her ýerräjigine ekilen dürli reňkli, birýyllykdyr köpýyllyk güller ýylboýy açylyşyp, gojanyň gözlerini begendirýärdi. Bahar aýlary agaçlar güllände bolsa, ol günleriň täsirini aýdyp-diýer ýaly däldi. Miweler ýetişende hem şeýledi. Goja şonda oglanlygyny ýatlap, nogul erik diýilýän ullakan erigiň üstüne çykyp, erik ýygýardy. Bagdaky gözel pursatlary ol jübi tilinde surata düşürip, aýagy guragyrylydygy zerarly, bärik juda seýrek gelýän aýalyna hem äkidip görkezýärdi. Eger başa bardyryp bilse, gojanyň niýeti bujagaz bag ýerini agtygyna miras galdyrmak. «Adam çagalykdan ýere ýakyn bolsa gowy. Ol şonda ýer ýaly ýuwaş bolýar». Goja nahallary, nahal satýanyň maslahatyna eýerip, biri-birine golaý ekýär. «Hurma bol miweleýän agaç. Şahalary port bolansoň, miwesini göterip bilmän döwülýär. Eger ýanaşdyryp ekseň, onda birek-birege söýget bolşup, döwülmekden saklanýar» diýdi. Ýeriňiz düşsün, eýjejikler! Dokuz nahal. Az-küç däl. Ýetişseňiz, giden bir hurma bagy bolarsyňyz». Nahallary ekmek işini boldum edýänçä, gün öýlä sanýar. «Hany, indi beýleki agaçlaryňam halyndan habar alaýyn. Suwaraýyn. Be, özümem-ä günortanlyk edinmelidirin. Suwy açaýyn. Onsoň, çaý oturdynaryn. Onýança, Şöhradam okuwdan gelip habar tutar, çaýy bileje içeris…». Ol her agaç bilen öz ýanyndan gürleşmegi edähet edinipdi. Bu gürrüňçilik iki tarap üçin hem bähbitli terzde gidýärdi: «Bo-how, Bekdurdy (ol ep-esli meýdana gabarasyny salyp duran erigi şeýle atlandyrýar. Bekdurdy onuň şäherde ýaşaýan ýerinde duldegşir goňşusy. Iriden gelen epeý adam), bu gurçuklar-a seniň işiňi göräýipdir» diýip, erigiň zaýalanan ýerlerini gynançly synlaýar. «Işimi görer-dä, garaşyk etmeseň». «O nähili garaşyk etmänmişim? Elmydama siz diýip, gydyrdanyb-a ýörün». «Wagtynda heklemediň». «Men bu ýyl beýleki eriklerem heklemedim ahyryn. Olara-ha gurçuk degmändir». «Belki, olaryň tagamy ajydyr. Gurçuklara men ýarandyryn». «Gaýrat et, çydajak bol. Men şu hepde seni hökman heklärin». «Çydajak bolýan-la, ýöne aňsat däl. Şu gurçuklaryň ýekejesi seniň bedeniňi deşip gemrip ugrasa, bilerdiň şonda nähili ejirlidigini». «Düşünýän, Bekdurdy jan, düşünýän. Men aňkasy aşany biagyrlyk edenim üçin bagyşla?!». «Aý, bolýa, bagyşlamanymda alajym näme? Men ýaş erik. Entek-entekler-ä bu zaluwatlara eýgertmen, ýöne her ýyl şeýle boljak bolsa, onda bu ýezitler meni guradar». «Ýok, ýok, oňa ýol bermen. Heklejek diýdimmi, heklärin». «Düýbümi hem dep!». «Bolýar, gürleşdik». Ol soňra ep-eslije gabara edinen tut agajynyň ýanyna barýar: «Seni çapmaly boljak!». «Çapmanyňda bolanokmy?». «Sen gyşda juda ýognapsyň. Häzir çapmasam, soň maňa eýgertmersiňem». «Men bu ýyl, gör, nähili gowy miwelärin. Bişsem, iýip hezil edersiň». «Seni iýmänimde-de, bagymda miwe ýetik. Meniň tudana halamaýanymy bilýäň-ä. Seniň höziriňi guşlar görýär». «Häzirlikçe şeýle. Seniň agtyklaryň ýokdugynyň etdirýäni-dä. Ynha, agtyklaryň bolup, olar baga gelende, bilersiň meniň gadrymyň nähilidigini». «Sen meniň agyryly ýerimden tutýaň-ow» –diýip, goja giç öýlenendigini, şonuň üçinem çagalaryny seçip, öýli-işikli etmek meselesiniň biraz gijigýändigini ýatlaýar. «Muňa kim günäkär? Elbetde, özüm. Pursady goldan bermeli däldim». Deň-duşlarynyň eýýäm çowlugynyň elinden suw içenleri bar. Olara gözi gidýär. «Adamyň durmuşynda bolmaly gowy zatlar öz wagtynda bolsa ýagşy, ýogsam ol uzak garaşmakdan ýadaýar, kejigýär, begenmek duýgusy kütelişýär. Onsoň, begençli ýagdaý bolanda-da, ibaly begenip bilenok. Ýeri, bolýa-da, häzirlikçe seni çapmaýyn». «Sag bol!» diýip, tut agajy ynjalýar. Goja mahal-mahal toprak bilen hem gürleşýär. «Senden döredik, saňa hem gaýdyp bararys. Ahyrynda baky uka berilmeli ýerimiz sen. Şonuň üçin saňa hyzmat etmek parz» diýýär. Toprak agaçlar ýaly, onuň bilen uzak gürleşmeýär. Az gürleýär. Agrasdan siňňitli gürleýär. Käte bolsa gojanyň sözüne asla jogabam bermeýär. Goja onuň beýtmegini gedemlik diýip düşünmeýär. Gaýta salykatlylyk hasaplaýar. «Ol toprak ahyryn. Her kim bilen gürleşip oturmaga onuň wagty hem ýokdur». Ol ýere siňdiren yhlasyň rehnet bolup yzyna gelýändigini bilýär. «Ýer ene kibi. Hiç haçan aldamaýar. Azabyňy köýdürmeýär. Oňa nahal ekseň gögerdýär. Zähmetinden gaçmasaň, negözel bag ýetişdirip berýär. Biagyrlyk etseňem, göýdükje bir närse. Onuň miwesini iýibem agzyň tagam tapmaýar. Keselbent kişi kibi. Göräýmäge, ol bar, ýöne ondan haýyr welin az. Janyny saklap bilse, zor boldugy…». Onuň täzeje gazylan alaka hinine gözi düşýär. «Ýeri, şu alakalaryňky näme diýsene? Bular, misginsokar adamlar ýaly, bilniksiz işiňi görýärler. Ýeriň aşagyndan etjegini edýärler. Aý, hawa-da, durmuşda bularam bolmalydyr-da…». Ol bagy birlaý aýlanyp, agaçlaryň hal-ahwalyny bilensoň, hurma nahallaryny eken ýerine dolanýar. Bitiren işini ýamaşgandan synlaýar. «Gögärlermikä? Gögerseler gerek. Pyntyklary-ha janlyja. Birden gögermeseler… «Köküni gaýnaga batyryp satýalar» diýleni çyn bolsa… Aý, ýok, beýle däldir. Bu bir boş gürrüňdir». Ine, onuň üçin ýene-de bir gün soňlanyp barýar. Adaty bir gün. Ýok, adaty hem däl. Ol bu gün hurma nahallaryny oturtdy ahyryn. Birdenem, bu günüň sähetli gündügi, aýalynyň: «Öýe irräjik dolanjak bol!» diýeni ýadyna düşýär. «Belki, gyzymyza sawçy geler. Belki-de, oglumyz: «Kaka, men öýlenmekçi. Halaşýan gyzym bar» diýer. Dost-ýarlary üýşürip toý tutarys. Agtyjaklarymyz bolar». * * * …Ýekşenbe güni. Ol şäheriň «Demirgazyk derwezesinden» geçip, saga öwrülen ýerdäki bagjagazyna gidip barýar. Awtobusda adam az. Gyş gelip, howa sowaly bäri, aýaly oňa: «Bu wagt gidip näme işlejek?» diýýär. Bagda iş elmydama ýetik. Biraz ýer depýär, ýaprakdyr çöp-çalamlary otlaşdyrýar, agaçlaryň guran şahalaryny kesişdirýär. Öýde oturybam, ol nämä güýmensin? Aýaly bilenem ähli edilmeli gürrüňler birwagt edilip gutaran ýaly, bir-iki agyz söhbetdeşlikden soň, hersi öz pikir-oýy bilen mübtela. Şonda ol, eger-de ýaşan ýaşyny, ynha diýeli, ýigrimi ýa-da ýigrimi bäş ýaşdan ýamaşgan ýaşamak mümkinçiligi berlen bolsa, nähiliräk aýal aljagy, haýsy säwlikleri goýbermejegi barada oýlanýar. Aýalynyň hem içhümletmeleri şu zeýilli bolsa gerek. Kim bilýär, belki-de, başgaçarakdyr. «Men, her näme-de bolsa, ajydäne erigi çapmaly bolaryn. Bu işi häzir —gyş, erik gögermänkä, etsem gowy bolar…». Ine-de, onuň düşmeli duralgasy. Agtyjagy bolup biraz ulalsa, eriklere münüp, kemsiz bişenlerini saýlap iýip hezil eder. «Ol birden erikden ýykylaýmaz-a? Aý, ýok, ýykylmaz». Ol hyýalbentlige berlip, bag ýerine nähili ýetenini-de duýman galýar. Gojanyň göwnüne bolmasa, bag ýerinde eken agaçlary onuň amala aşanu-aşmadyk, amala aşsa-da, käbirisiniň netijesinden göwni suw içmeýän arzuwlaryna çalym edýär. Ajydänesi hem, göýdükjeleri hem, diýseň pajarlap ösen, miwesini ýygyp ýeňip bolmaýanlary-da bar. Hol bäş sany nahal bolsa geçen ýaz oturdan hurma nahallary. «Olar başda dokuzdy». Hemra ŞIROW. | |
|
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |