22:17 Goladüşmezek Romeo / hekaýa | |
GOLADÜŞMEZEK ROMEO
Hekaýalar
Biler bolsaňyz, «Haýwanat bagyna» gelýänler köplenç wagşy haýwanlary: ýolbarsy, gaplaňy, aýydyr peleňi synlamagy gowy görýärler. Eger şol wagt ýolbars arlaýsa-ha, bar onsoň, hezil edinýärler. Beýleki jandarlara tomaşa edip ýörenlerem, haýwanlaryň şasynyň nähili arlaýşyny görmäge eňýärler. Ikinji ýerde maýmynlar durýar. Olaryň gözeneginiň öňüniň hem adamy egsilenok. «Seret, seret, biri-biriniň büresini çöpläp berýärler!» diýşip, maýmynlara däp bolan endige özleriçe düşünip, uzak eglenýärler. Ýylanlar saklanylýan çaklaňja kapasalaryň ýanynda welin, känbir adam görmersiň. «Bu ýerde näme barka?» diýşip, atanlykda seredip, gözleri düýrlenip ýatan ýylana düşäýse-de, «Gaýyş! Gaýyş!» diýşip, gitmek bilen bolýarlar. Hakykatynda welin, ýylanlaryň hem özboluşly gözelligi bar! Olaryň biri-biri bilen söýüşýän pursatlaryny, her dürli oýunlar edip, çolaşyp ýatyşlaryny görseň: «Beýle-de bir ýoldaşyna wepaly, biri-birine mähriban jandar bolar eken-ow!» diýýärsiň. Ine, bir gezek bir ýylançy tanşyma alahöwren tutup bermegini haýyş etdim. —Onuň işi aňsat, çöletekden tutup getirip beräýerin –diýdi. —Mümkin bolsa, höwri bilen bile tutup getirsene –diýdim. —Taýly bolsalar uzak ýaşaýarlar. —Ine, şu welin kyn iş –diýip, ol şobada boýun gaçyryp ugrady. —Ýylany taýy bilen tutmak, bu bir akla sygjak zat däl-how! Onuň üçin olaryň höwrügip, söýüşýän wagtyny peýläp, gola salmaly. Her näme-de bolsa, ony boýun etdim. Üç-dört aý geçensoň: —Ynha, diýşiň ýaly edip tutup getirdim. Bular hak aşyklar. Hut Romeo bilen Žulýetta. Özlerem uly ýylanlar –diýip alyp geläýdi. Olar üçin öňünden ýörite oňaryp goýan kapasamyz bardy. Ine, haltasyndan çykaryp, şoňa goýbermekçi bolanda, bir säwlik bilen ýaňky ýylanlaryň birisi elinden sypyp gaçyp ötägitdi. Ullakan alahöwreniň yzyndan hatjasyny häzirläp hernäçe ylgasa-da, ýylançy ony tutup bilmedi. Alahöwren ok ýaly süýnüp, ýyrtyjy haýwanlaryň kapasalarynyň arka ýüzünde, gyş üçin basyp goýýan bede küdämiziň aşagyna sümlüp, gözden ýitdi. Ýylançy lapykeç bolup: —Indi ol tutdurmaz –diýip, derini syrdy. Kapasa salan ýylanyny barlap görüp: —Bu Žulýetta, diýmek, Romeo gaçypdyr. Häý, şunça getiribem, sypdyraýşymy diýsene –diýip zeýrendi. —Eger görseňiz, dessine maňa til ediň. Gelip, tutup bereýin! –diýibem gitdi. Ol gitse-de, gitdi welin, biziň ynjalykly günümizi ýoga çykardy. Şondan soň işgärlerimizi ýygnap, ullakan zäherli ýylanyň gaçandygyny, «Haýwanat bagynyň» çäginde bolmagynyň mümkindigini aýtdym. Aýratyn-da, arabajyga gury bede basyp, ot iýýän jandarlary iýmleýänlere ätiýaçly bolmagy pugta tabşyrdym. Ot ýüklänlerinde aýaklaryna uzyn gonuçly rezin ädik, ellerine hem ellik geýip işlemekligi hökmany şert diýip, gol çekdirdim. Birbada Romeo iňňe ýiten ýaly ýitdi. Adam diýeniň islendik howply ýagdaýa hem kem-kemden öwrenişýär. Aradan üç-dört aý geçensoň: «Ýylan daşaryk çykyp gidendir» öýdüp, biraz köşeşdik. Güýz gelip, howa sowap başlady. Ine, bir günem guşlary iýmleýän Jemal eje ýüzüni ak tam edip, gykylyklap, sülgün saklaýan giňiş kapasamyzdan ylgap çykdy: —Waý, waý, ýüregim-ä ýardy! Romeony gördüm. Ol hut gözümiň öňünde sülgüniň ýumurtgasyny ýuwudyp, zut gaçyp gitdi. Biz ylgaşyp baryp, Romeonyň gizlenen ýerlerini gözledik. Emma ol ýer hem suw guşlarynyň ýerleşýän howuzjygynyň gyrasyndaky gargygamyşly, hyşaly, ekip emeli bitiren «jeňňeljigimiziň» içidi. Ony doly orup çykaýmasaň, içine özüni bir atan ýylany tapmak mümkin däldi. Romeonyň «Haýwanat bagynyň» çägindedigini bilip, biz ýene-de howpa düşdük. Elbetde, bilmezlikde üstünden baryp bimaza etsek, özümizi çakmagy-da mümkindi. Has beterem onuň seýrek haýwanlarymyzyň kapasasyna bir zat iýmek üçin ýa-da üşäp girip, olary öldürmeginden gorkýardyk. Diýşimiz ýaly-da boldy. Bir gün irden kengrulary idedýän işgärimiz «Bir kengrumyz ölüpdir» diýip geldi. Kengru giňişlik ýeri gowy görýän jandar diýip, olary «Haýwanat bagymyzyň» gündogar ýüzündäki haýatyň bärsinde biten bagly ýeriň daşyna tor tutup, şoňa goýberipdik. Inine on-on iki, uzynlygyna hem elli-altmyş metr aralyk bardy. Ol gyrymsy agaçly, bagly-kölegeli ýer kengrulara diýseň ýarapdy. Hatda köpelipdilerem. Baryp görsek, bagyň aňrybaşynda, belent tut agajynyň aşagynda täze bolan kengrularymyzyň biri ölüp ýatyr. Mal lukmanymyz: —Bu Romeonyň işi. Agzyndan akyp duran hyllygy göreňzokmy. Özem güp ýaly çişipdir –diýdi. Biz Romeonyň ony näme üçin çakandygyna hiç düşünip bilmän durkak, işgärlerimiziň biri ýerde ýatan ýelejigi görkezdi-de, agajyň üstüne ümledi: —Hol, musyjanyň ketegini görýäňizmi? Romeo şonuň çagasyny iýmäge gelende, kengru ony görmän basandyr ýa-da gorkuzandyr. Biz ol kengrumyzy özümiz ýaly «Haýwanat baglarynyň» birine ep-esli pula satarys ýa–da seýrek bir jandar bilen çalşarys diýip umyt edip ýördük. Romeo zerarly umydymyzyň puja çykmagyna janymyz ýanyp, üstesine-de bagyň çägindäki gorkuly ýagdaýy ýok etmek maksady bilen, ýaňky ýylan tutujy tanşyma ilki ýalbaryp gördüm: —Bu getirip goýberen belaňdan gaýrat et-de, başymyzy dyndyr! –diýdim. Ol-da: —Men siziň ullakan bir «Haýwanat bagyňyzyň» içinden ony nädip tutaýyn?! –diýip, bahana tapyp ugrady. —Munuň çäresi näme? –diýsem, —Žulýettany goýberseň, belki, olar siziň bagyňyzdan çykyp giderler –diýip, akyla sygmajak bir zady maslahat berýär. —Sen how, biziň «Haýwanat bagymyzy» ýylan ketegine öwürmekçi bolýarmyň?! Ozal birini özüň getirip goýberdiň. Indi ikinjisinem goýbermegi maslahat berýärsiň. Haýwanlaram hiç, adamlary çakyp öldüräýse nätjek? Eger-de şu başymyza çatan belaňy özüň ýok etmeseň, içeri işler bölümine «Haýwanat bagymyza» getirip, zäherli ýylan goýberdi» diýip, aýagyňdan arz ederin. Özem şaýatlarymam bar –diýip, ony mazaly gorkuzdym. Şondan soň ol ýanyna özi ýaly tejribeli ýylan tutujylaryň iki sanysyny alyp gelip, Romeonyň gözlegine ymykly çykdylar. Olar üç günläp bagyň içindäki ýylan ýaşap biläýjek ýerleri birlaý barlap gördüler. Işgärlerimiz hem olara kömekleşdiler. Emma Romeo ýere giren ýalydy. —Nirdenem saňa ýylan tutup bermegi haýyş etdim –diýip, alahöwren edinmek pikiriniň kelläme geleni üçin özümi, usulsyzlyk edip elinden sypdyryp goýbereni üçinem ýylançy tanşymy näletledim. —Özem gidäýinem diýenog-aý, halys ýüregimize düşdi –diýip, ýylana sögündim. —Eger-de aýalyňy tutup, bir ýerde gabap goýsalar, senem ony taşlap gitmersiň ahyryn. Ýylanam öz taýyny taşlap gitmeýär –diýip, ýylançy tanşymam barha içýakgyjyna tutýar. Şeýdibem, Romeony tapyp bilmän, gözlegini bes etdiler. Alaka, syçanlary gyrýan ýörite edara til edip, maslahatlaşdym. Olar zäherli syçandyr guş baryny getirip, Romeonyň aw agtaryp aýlanjak ýerlerine oklaşdyrdylar. —Şundan-a bir netije çyksa gerek! –diýip garaşyp başladyk. Howa sowandygy üçin kapasadaky ýylanlary, maýmynlary we beýleki käbir üşek jandarlary ýyladylýan gyş otaglaryna geçirdik. Şondan soň Romeo ýitirim boldy. Biz hem arkaýynlaşdyk. Ýylança jaň edip, Romeony zäherläp öldürendigimizi gürrüň bersem, ol: —Ölüp ýatan maslygyny gördüňizmi? –diýip sorady. —Ýok. —Onda arkaýynlaşmaň. Romeonyň ýyly ýere girip, gyş ukusyna giden bolmagy-da mümkin –diýdi. Her näme-de bolsa, gyşy arkaýyn geçirdik. Bahar gelip, howa mazaly gyzyp başlady. Üşek jandarlarymyzy tomusky ýerlerine göçürdik. Şol ýarym ýyl töweregi wagtyň içinde Romeo ýadymyzdan hem çykypdy. Janly–jandarlaryň höwrügýän döwri gelip, olar özlerini biraz biynjalyk alyp barýar diýmeseň, «Haýwanat bagymyzda» adaty durmuş dowam edýärdi. Ine, bir gün ýylanlary iýmleýji Mahmyt aga: —A–how, Romeony gördüm! –diýip, demi-demine ýetmän haşşyldap geldi. —Nirede gördüň? —Žulýettanyň kapasasynyň ýanynda. Ylgaşyp barsak, Romeo eýýäm ýok. Ýöne Žulýetta bir burçuna dagyň daşy goýlup, içine çäge düşelgi darajyk kapasasynda, alahöwrenlere mahsus bolmadyk çalasynlyk bilen pelesaň urýardy. Ýylançynyň çaky dogry bolup çykdy. Romeo gyş aýlary ýyly ýer tapyp, uklan bolmaly. Indem howa mazaly maýlansoň, Žulýettanyň ýanyna görme-görşe gelipdir. Onsoňam, olaryň häzir jübütleşýän döwri hem başlanypdy. Bu erjel ýylany başymyza salan görgüleri üçin ýigrenen-de bolsam, soňabaka oňa bolan gaharym ýatyşdy. Gaýtyp, hormatym artyp başlady. «Şuny öldürmän, tutup, Žulýettanyň ýanyna goýberip bilsek, gör, nähili gowy bolardy» diýen pikir kelläme geldi. Ýöne goladüşmezek Romeony tutmakda iş bardy. Ählimiz Romeonyň täze hokgasyna garaşyp gezýärdik. Guşlaryň, käbir beýleki jandarlaryň kapasalarynyň yş ýerlerini, ýylan girmez ýaly edip, berkidip çykypdyk. Romeoly meseläni başaryp bolsa oňyn çözmek barada oýlanýardym. Köpi gören adamlara geňeşýärdim. Emma gowy bir çykalgany salgy berip bilenokdylar. Men bir gün «Romeony nädip tutup bileris. Hany, oňatja oýlanyşyp görüň. Belki, siz bir çykalga taparsyňyz» –diýip, bizde ýarym aýlyga işleýän, zerurlyk ýüze çyksa, gelip, howlukmanjyk bitirip berýän Töre aga atly garryja agaç ussasyna maslahat saldym. Ol: «Oýlanyşyp göreýin» diýdi. Şol arada Romeo bengal towujagy diýilýän kindiwanja towugyň täze çykaran jüýjesini, seýrek guzlaýan ak guwuň iki sany ýumurtgasyny iýdi. «Haýwanat bagyna» giren bir kiçijik gürjini, iki sany pişigi çakyp öldürdi. Bir gün Töre aga iki gözli kapasany alyp geläýdi: —Eger, şu pirimimize-de düşmese, onda ol belanyň bize asla tutdurmajakdygy –diýip, bu kapasanyň bir mekirliginiň bardygyny, ýokarsyndaky deşikden içine girip bolýandygyny, emma daş çykyp bolmaýandygyny düşündirdi. Biz Žulýettany dessine bu «täze öýe» göçürip, kapasany öňkiniň ýerinde goýduk. «Şu gezek bir işimiz oňsun–da» diýşip garaşyp başladyk. Aradan iki gün geçdi. Bir gün irden ýylan idedijimiz Mahmyt aga hakyt ekiz agtygy bolan ýaly, begenip ylgap gelýär: —Buşluk! Buşluk! Romeony tutduk! Biz işli-işimizi taşlap, ýerli-ýerden ýylanlaryň kapasalary ýerleşýän ýere garşy ylgadyk. Barsak, Žulýettanyň «öýünde» ýene-de bir ýylan bar. Ol bize görgi baryny görkezen, goladüşmezek Romeody. Biz ýerli-ýerden: —Urra! –diýşip begençli gygyryşdyk. Biziň gowrumyza, «Beýle şatlykly näme täzelik barka?» diýip, irden baga gelip başlan iki-ýeke tomaşaçylar hem üýşdüler. Romeodyr Žulýettanyň biri-birine nähili mähir bilen süýkenişlerini, burum-burum towly ýüp ýaly towlanyp, ýene-de çöşlenişlerini, kellelerini deň tutup, boýunlaryny birmeňzeş hereketlendirip, tans edişlerini görmäge göz gerekdi. Bu duşuşyk «hak aşyklaryň» duşuşygydy. Men ýylan tutujy tanşyma til edip: —Romeony gola saldyk. Görmäge gel. Žulýetta ikisiniň «bal aýy» başlandy diýsem, —Siz görüberiň. Ýylanlaryň söýgüsini men az göremok. Ahyrsoňy tutan bolsaňyz bolupdyr. Indi men hem arkaýyn uklaryn. Ýogsam «Romeo birini çakarmy-nädermi» diýip, hiç ynjalyp bilemokdym –diýdi. Romeo bilen Žulýetta çagaladylaram. Olaryň bir topar kindiwanja çagajyklary günsaýyn ulalýardylar. Uzagyndan kapasa olara darlyk etjekdi. Bir çykalga tapmagym gerekdi. Ýene-de ýylan tutujy tanşyma jaň etdim: —Senden bir haýyş bar. Hak aşyklar Romeo bilen Žulýetta çagaladylar. Şolaryň ulalyp barýan çagalaryny äkidip, erkinlige goýbersene. —Ol çagalar bedibagt çagalar. Erkinlikde gününi görüp bilmän, ölüp giderler –diýdi. Men şondan soň goňşy ýurtlaryň «Haýwanat baglaryna» habar edip, Romeo bilen Žulýettanyň çagalaryny şolara berişdirdim. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |