16:22 Goşgular | |
GOŞGULAR
Goşgular
Waleriý Gordeýew Çärjew şäherinde doguldy. Ulýanow-Lenin adyndaky Kazan döwlet uniwersitetini tamamlandan soň ol Garagalpagystanda respublikan gazetde işledi. Birnäçe goşgular kitabynyñ awtory. * * * Oba göçdi güplenilýän döwürden. Indi işlemeli zamana geldi, Täzeçe oýlanyş kemala geldi, Bilýäs, söz bilen iş ayra çykýardy, Derýalaň gözbaşy laýdan akýardy. Ýerden syzyp çykýan Çeşmäň gözbaşyn Arassalap, Gana-gana içeliň. Hem ondan güýç toplap, Ruhumyz saplap, Howandar bolalyň birek-birege. Gaharlarmyz dyňzap, agram salmasyn, Näzik ýürege. Çünki ýollaň öwrümi kän, Öwrümi, Söz bilen däl, Iş bilen Bezäliň bu döwrümi! * * * Tolkunlar Bat bilen Kenara urýar, Kenarda bir gämi, Bir ýalňyz gämi, Tolkunlara garşy söweşe girýär, Ho-ol uzakda bolsa Ap-ak çelgiler Misli kümüş deý Ýol görkezip başga-başga kenara Ýylpyldaýar, Galpyldaýar, Gamyş deý, Misli süri-süri ördekler ýaly, Güsürdäp, oýanýar bu jümle-jahan, Gämi hem asmana uçaýjak weli, Ony polat zynjyr saklaýar arman. * * * Maňa: “Sen gyzma” diýýäler, “Sen näme közmi?” diýýäler. “Näme beýdip şirin janyňy ýakyp, Et diňe öz aladaňy” diýýäler. Şonda gözüm garaňkyrap, Bolýar meniň halym harap. Ajy derler iýýär gözümiň ýagyn, Çöl-beýewanlyk meň, hem solum, sagym. Agzymdan ak köpürjikler hem gara gan syçraýar. Misli men bir agyr derde uçraýan. Emma men şonda-da göwnümdäkini Aýtmasam bolanok, Maňa dymmak bolanok. * * * Bir-birinden haýbatly Adamlar ötdüler ullakan atly. Edilmeli işler weli Öňümizde keserilip ýatyrdy, Seslerden, harplardan hem-de sözlerden Elipbiý ýasan – Transportlarmyzy aýyrýas bu gün, Düýn dälmidi sesimizi çykarman Oturanymyz? Düýn dälmi, nähak ýerden Basylanmyz, atylanmyz? Dul galan gelinleň, mährem eneleň Düýn dälmi, gözýaşlarnyň kepäni. Öz halkynyň mertebesin Aýak astyna depeläni Süýşürip bir ýana dagy-depäni Bu gün ile peçan edýäs Eli şybykly hem harby eşikli Bir hökümdary. Gan siňen toprakda biten otlaryň Ajysy köküne siňmezmi eýse? Kimde-kim halkyny batgada goýsa, Halkyň hakydasy doňmazmy eýse? Ýok, biz öten günleň hatalaryny Hakymyz ýok bagyşlaly diýmäge. Bagyşlasak, Iýýän çörek-duzumyz Eýse, baglamazmy görer gözümiz?! Tenimizde tyg ýarasy bitse-de, Awap durmanmy nä ýürek awumyz? Şemala aldyrsak gyzyl baýdagy Azdygy dälmidir biziň gäbimiz?! Elden giderdigmiz dälmi däbimiz?! Sönüp barýan şemem sönmejek bolup, Eýse, tümlük bilen göreşmeýärmi? Arly gyş buz bilen örtülen zemin Arzyly ýazyna garaşmaýarmy? Waleriý GORDEÝEW. Terjime eden Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 2.11.1988 ý | |
|
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |