23:49 Goşgy okap bereýin | |
SYNLA DÜNÝÄNI
Goşgular
Synla görkün bu ajaýyp Watanyň, Gujagynda has owadan gijeler. Arzuw bilen ak daňyny ataran, Synla ýüregiňden, gansyn diýdiler. Bu ümmülmez umman ýaly dünýäniň, Synla çar tarapyn, iler-gaýrasyn, Synlanyňda gözleň görüp bilýänin, Gursagyňda mukam bolup gaýnasyn. Synla, synla bu owadan dünýäni, Synla şamaralar günüň batyşyn. Gujagynda şu ajaýyp dünýäniň Baky dursun, meniň eziz Watanym. ■ GOŞGY OKAP BEREÝIN Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Arzuw edip, gujagynda gijeleň. Ömürboýy diňe sendiň idelen, Mähir bilen bakyp dursun dideleň, Menem saňa goşgy okap bereýin. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Aýly gije ýyldyzlaryň astynda, Şu pursadyň özi goşgy aslynda. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Yşka düşen bir diwana öwrülip, Gider ýaly bir-birege höwrügip. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Göwnümizi arzuwlara gark edip, Şol pursatda ähli zada terk edip. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Otur sen-ä bakyşyňy güjeňläp, Men bolsa joşaýyn duýgymy jemlap. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Garamyk gözleňden ganaýyn garap, Ýellerem galgasyn saçlarym darap. Gel, men saňa goşgy okap bereýin, Bizi baky terk edende aýralyk, Yşk ummanyň kenaryna aýlanyp, Ýörkäk bileje bagta şaýlanyp, Ähli bagtly aşyklardan saýlanyp, Gel, men saňa goşgy okap bereýin. Aýbölek JUMAÝEWA. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |