GOŞGYMDAN HAÝYŞ
Gijäň tümlügini böwsüp iki ýana,
Edil däri ýaly ýarylsaň diýýän!
Gamly ýürekleriň teşne dodagna
Şatlyk gatra bolup syzylsaň diýýän.
Uly ile hemra bolgun togtaman,
Batly gadamlaryň akymna tolkun.
Ile giýa bakan gözleri tanap
Şolaň penjesinden aljak bol erkiň.
Sähelçe tarypa gülme, gomparma.
Şöhrat diýilýän zat tapar danasyn.
Onuň basan yzyn bassaň bigümän,
Seň döşüňden göçer uly namysyň.
Agyr heňňamlaram duş geler saňa,
Kötel ýollara-da düşersiň hökman,
Ýöne açyk meýdan gujagyn açsa
Bialaç durmagyn ile birikmän.
Çökgün ýürekleriň şypasy bolgun,
Olaň her alkyşy ýasar durkiňi.
Iliň meýllerini seljer, ýol açgyn,
Arzan satma her setiriň nyrhyny.
Galp adamlary aç-açan paş et.
Nejis ýüreklere salgyn ýüz ýara.
Duşman garşysyna öň hatara gir,
Garaz öz iliňi etme ýüz gara.
Halal zähmet bilen rahnatyň agtar.
Taýýar aşa asla gurmagyn duzak.
Nebis penjesinden ýeke-je çümmük
Duz datmak ynsapdan uzakdyr-uzak!
Gapur HOJA.
Goşgular