23:40 Gowusy mertlerçe | |
GOWUSY MERTLERÇE
Goşgular
Nämeler bolmaýar... Meniň gämimiň Hesret derýasynda çaýkanan güni Duýmankam dadyma ýetişdiň-de sen, Asuda kenara çykardyň meni. Bilýärsiň Undamok bu ýagşylygňy, Emma düşünemok başga bir zada. Aýt hany, nämüçin pursat tapsaň sen, Halasgärimdigňi salýarsyň ýada. Ýaýdana-ýaýda Seniň ýalňyşlaň Birjesine «dogan, munyň däl» diýsem, Meni gadyrbilmez nadana deňäp, Hyrçyňy dişlemäň gowlukmy, eýsem? Soňra-da, Dodagmy çeýnänmi synlap, Ynjalýaň, Ýüzüňem gidýär ýagtylyp. Ynan, towky bolup indi başyma, Ýamanlykdan kyn düşdi bu ýagşylyk. Bu nämüçin beýle? Belkem, hakyky Keşbiň gizläp, halasgäre öwrülip, Bir ýagşylyk bilen meniň agzyma: Gulp urmakçy bolansyň sen ömürlik. Şeýle bolsa, Dogan şol ýagşylygňa Baha kes, gizleme göwnüňde baryn. Bir gezekde, näçe gymmat düşse-de, Gaş çytman, seň bilen hasaplaşaryn. Seň welin telegňe telek diýemde Ýene kimdigiňi ýatladyp, aýdyp, Hüňürdäp başlasaň, «Galgyn» diýerin Hem saňa bergidar bolmaryn gaýdyp. Ýok, uly pällämok. Düýpsüz deňizde Güýçden gaçyp, sanasam-da demimi, Walla, seniň kimin halasgärlerden Dalda gözläp uzatmaryn elimi. Çünki, hile bilen özün goraýan Ejizleň toruna düşmänkäň häli, Deňizde mertlerçe gark bolan ýagşy, Soň her günde «ölüp-dirilmez» ýaly. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |