19:52 Graždanlyk urşy dowam edýär | |
GRAŽDANLYK URŞY DOWAM EDÝÄR
Publisistika
ABŞ-nyñ Graždanlyk urşy barada iñ bolmanda Golliwudyñ kinofilmlerinden tomaşa etmek arkaly azda-kände habarlysyñyz. Bu boýunça şu güne çenli jemi kyrk bir sany kinofilm surata düşürildi. Hakykatda näme bolupdy? Uruş 1861-nji ýylyñ 12-nji aprelinde başlady. Elli aýlap dowam etdi. Bir million adam wepat boldy. Aslynda hemme zat 1860-njy ýylyñ 6-njy noýabryndaky saýlawda başlapdy: Uly ýer eýeleriniñ elindäki pagta, temmäki, şekerçiñrik ýaly ekerançylyga esaslanýan feodal ykdysadyýete eýe Günorta garşy ekerançylyk önümlerini gaýtadan işleýän maşynlary öndürýän - senagatlaşan we erkin işçi güýjüne esaslanýan kapitalistik Demirgazyk saýlawda üstün çykdy. Munuñ özi şuny añladýardy: Demirgazyk gulçulyk ýaly feodalizmi aradan aýyrmakçydy. Günorta muny ykdysadyýetine uly zarba hasaplady. Hem: Saýlawlaryñ netijesinde on bir ştat ABŞ-dan bölünip, Amerikanyñ Konfederasiýa ştatlaryny döretmegi makul bildi. Graždanlyk urşy turdy... Ekerançylyga esaslanýan Günorta ýeñildi. Uruş pudagynyñ güýçli bolan Demirgazyk industriýasy ýeñiş gazandy. Graždanlyk urşuny içgin synlap makalalar ýazan Karl Marks şeýle kesgitlemeleri berdi: "- Häzire çenli ähli jemgyýetleriñ taryhy - synpy uruşlaryñ taryhydyr... Graždanlyk urşy aslynda iki jemgyýetçilik sistemasynyñ arasyndaky, ýagny gul eýeçilik sistemasy bilen azat zähmet sistemasynyñ arasyndaky göreşden başga zat däl..." * * * Saýlawda we uruşda üstün çykan Awraam Linkoln azatlyga çykan gullaryñ peýdasyna ýer reformasyny geçirip, saýlawlarda ses berme hukugy ýaly "täzeden üýtgedip gurma maksatnamasyny" durmuşa geçirdi. Emma: Prezident Linkoln 1865-nji ýylyñ 14-nji aprelinde Waşingtonda "Amerikaly çykanymyz" atly üç perdeli komediýa tomaşa edip durka, günortaly tarapdar meşhur teatr aktýory Jon But tarapyndan sapança bilen atylyp öldürildi... Awraam Linkoln geçensoñ, ýerine onuñ orunbasary Andrew Jonson geçdi. Emma Jonson rewolýusioner däl-de, status-kwonyñ goragçysy bolan konserwatiwdi. Meselem, ol garaýagyzlar bilen akýagyzlaryñ deñ däldigine ynanyardy! Bu aslynda onuñ bilenem çäklenmedi: Amerikan Graždanlyk urşy hiç mahalam gutarmady - diñe ýaraglar dymdy! ABŞ-dä häzirem Tehas, Missisipi ýaly Günorta ştatlar täzeçilkige garşy konserwatiw häsiýetli we Nýu-Ýork, Pensilwaniýa ýaly Demirgazyk ştatlar progressiw häsiýetlidir. Wagtyñ geçmegi bilen Linkolnyñ guran partiýasy rewolýusioner Respublikan partiýanyñ syýasy ugry üýtgedi, sagçylaşdy... Wagtyñ geçmegi bilen konserwatiw Demokratik partiýa-da syýasy ugruny üýtgetdi, pozitiw, çepçi, liberal boldy... Emma ABŞ-daky diskriminasiýa hiç gutarmady. Özem bu diñe ahlak-moral mesele däldi: Zähmetiñ paýlanşyk ugrundaky göreşidi... Ýagny, Donald Tramp bilen Jo Baýdeniñ özara dawasyny şu tarapdan görüñ. Mediatik populist komediýa däl-de, ykdysadyýetden daşary syýasy düýpli tapawutlylyllara üns beriñ... * * * Amerikan konserwatiwleri nämüçin Trampa goldaw berip geldi we berýär?.. Amerikan liberallary nämüçin Baýdene ses berdi, berýär?.. Muña sa:p karikaturalaşdyrylan obrazlaryñ üstünden jogap tapyp bilmersiñiz. Amerikan saýlawynda ara gan girerlik derejede nämäniñ dawasy turýar? Munuñ içinde söwdadan howpsuzlyga (meselem daşary syýasat babatda), NATO-dan Russiýa, ÝB-den Hytaýa serediş tapawutlylyklary bar... ABŞ ymykly ýolaýyrda gelip diredi. Diñe daşary syýasat däl, ulu gatlaklar garyplaşýar we muña jogapkär "şeýtan" gözlenýär. Iñ ýaman ýerem sistemanyñ indi bulara çykalga tapyp bilmeýänligi. 2008-nji ýyldan bäri amerikan syýasaty bolup geçen neoliberalizm krizisine alaç tapyp bilmedi... Şekspiriñ aýdyşy ýaly, "bu gözedürtme garañky howa partlamazdan açylmasa gerek!" Ýetmişinji ýyllaryñ soñy... Stanislaw Gomuka, Paul Kuk ýaly ähli amerikan sowetologlary Sowet Soýuzynyñ dargajagyny çaklap bilmedi. Olaryñ pikiriçe amerikan ykdysadyýeti problemalydy. Netijede Sowet Soýuzy dargady. ABŞ neoliberalizm ideologiýasy bilen dünýäde han özi-soltan özi boldy. Aradan kyrk bäş ýyl geçdi, indi syýasy şemalyñ ugry terslin öwüsýär: çünki neoliberalizm dünýäni weýran etdi... Trampyñ gulagyny sypjyrdyp geçen oka şular ýaly baha berýärin! ABŞ-na we şol sanda dünýä ýurtlaryna kyn günler garaşýar... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |