13:47 Gudaçylyk / hekaýa | |
GUDAÇYLYK
Hekaýalar
Olaryň üçüsem bir döwürde uniwersiteti gutaryp, Aşgabatda redaksiýalarda işe galdy. Padar ýaşyna görä uly diýäýmeseň, maslahat bermäge gezek gelende Öwez ezberdi. Ol jaý salmak meselesinde Jelili erkine goýmady. - Ybaly tünegiň bolmasa, dünýäň gyzygy ýokdur, amanat ýalysyň — diýdi. — Padar eýýäm bäş otagly jaýyň binýadyny betondan galdyrdy, hak edýär. Bir işe topulaňda, ed-dil dunýä baky gelen ýaly topulgyn. Ellinji ýyllarda Aşgabatda jaý salynmaga meýilli adamlara ýer berilýärdi. Öwez alan ýerinden ur-tut iki otagly wagtlaýyn jaý tutdy. Uly tamyň ýerini belläp, agajyň-kerpijiň ugrunda ylgap ýördi. Jelil ýerem almady, jaý tutmagyň aladasynam etmedi, kireý jaýda ýaşap, häli-şindi komandirowka gidýärdi. Bäş ýyl geçdi. Öwez bilen Padar bişen kerpiçden saldyran jaýlarynda ýaşaýardylar. Eýýäm ikilän-üçlän çagalary bardy. Emma student ýoldaşynyň biagyrlygyna bigam garamadylar, igenip ahyry Jelili kireýli howludan çykardylar. Amatly ýer tapyp berdiler. Ol ýerde bir otagly öňi dälizli wagtlaýyn jaý bardy, üç otagly tamyňam düýbi tutulyp taşlanandy. Eýesi arakdan gäbi azan adam ekeni. Abyrsyz bir zat hantama bolup durman, satyp goýberdi. Öwez: — Arakhorlygyna şükür et — diýdi. — Işi gaýtmasa, ol saňa arzan berjekmi diý. Meň diýenimi et, hor bolmarsyň. Jelil Öweziň diýenini etmedi. Öweziň çakyna görä, ýer alan, ýurt tutan adamda hojalyga gyzyk döremelidi. Gaýra goýman sementiň, kerpijiň ugruna çykar öýdüpdi. Jelil gyssanmady. Ýeke otagly sümelgä öwrenişdigiçe jaýyň gurluşygy oňa bimöçber alada bolup göründi. Öweziň irginsizligi ony halys ýadatdy. Çydamady, iki ýyldan soň: — Özüň saldyraýmasaň, şu jaýy menden-ä saldyran ýok — diýdi. — Sen saldyr, men daş ýany bilen puluny töläýin. Öwez gaty gördi, sesini çykarman gitdi. Jelil özuni aklamaga delil agtardy. Öwez hemme adamy öz biçüwine saljak bolýar diýdi. Adam hil-hil. Biri telekeçi, beýlekisi bigam. Adamlaryň meňzeş däldigine şükür etmeli. Hemmesi bir hörpde bolsa, dünýäniň gyzygy boljakmy. Hernä, Öwez Jelil bilen deň bolmady, ýüz öwrüp ýörmän dolandy, ýöne başga hyýal bilen dolandy. Padar ikisi Jelili öýlendirmeli diýen karara gelipdiler. Öýlense, hojalyga seretmäge, tijenmäge mejbur bolar diýdiler. Padar Jelilden nägileligini duýdurdy. Iň ýaman ýeri, sandan çykyp barýa, tergip-düzgüni äsgerenok — diýdi. Bir ýyl bäri Jelil Padaryň müdirlik edýän bölüminde işleýärdi. Gyş geldi. Öwez bilen Padar «Wolga» maşyna münüp, «Jygyllyk» bazarynyň ýeňse ýüzünde bir ýere gudaçylyga gitdiler. Söz aýdylmaly maşgala ýaş gelindi. Jelil ony tananokdy, Öwezden onuň tarypyny eşitdi. — 0 gelniň görmegem ýüz gyza degýä. Oň ýaly asylly maşgala demir ýoldan gaýrada ýokdur. Jelil: — Sen nä ony gördüňmi? — diýdi. — Meň görmegim hökman däl, ony Oraz ýegeniň aýaly Gülje görüpdir, salgy berenem şol. Hut ynansaňyz bar-a, üzümiň suwy ýaly diýýä. — Üzümiň suwy diýilse, meň-ä şerap göz öňüme gelýä: Padar: — Jelil, oýun gerek däl, biziň çynymyz — diýdi. Ol aladaçyl görünjek bolanda ýuwdunyp gepleýärdi. — Güljäň salgy berenine menem şaýat. «Gurşunly kenek ýaly ykjam gelin weli, bagtsyz ekeni» diýdi. Gadyr bilmez nadana sataşypdyr. Öwez boýnuny burup janykdy: — Sen aýdylana ynan, ýüküsaman bolma. Şo gelniň içen suwy bokurdagyndan görnüp geçýä. Başga merk gerekmi saňa?! — Aýdyşyňyz ýaly artykmaç bolsa, o maňa gelmez-ä. Öwez bilen Padaryň jogaby jüp düşdi! — Geler! Padar ýuwdunyp dowam etdi: — Sen ýaly boý ýigit tapsa gelmän, bökerem! Jelil tersine tutdy. - Maňa gyz tapyň. Öweziň bady gaçdy, gahary geldi. — Gyz gerek bolsa, ýüküsaman, bäş ýyl, on ýyl mundan öň näme işlediň? Otuz ýaşadyň, sakgalyň agardy, gyz gelermi saňa? Ýaş gyz geläýende-de oýnuna çydamarsyň. Bergiden çykyp bilmän ýören adamy göz öňüne getir, hemişe ýüzi salykdyr. Şoň ýaly ýüzüňi sallar ýörersiň. Şu zatlary bilmän, sen nädip feleton ýazýaň? Padar ara goşuldy. , — Soňky mahalda feleton bilenem seri ýok, zybrym hekaýa ýatdy. Öweziň äheňi üýtgedi. — Dogry edýä — diýdi.—Feleton kime gerek? Feleton ýazyp, duşman gazanandan, hekaýa ýazyp pul gazananyň müň esse amatly. On sany hekaýa ýazsaň, bir kitap bolýa. Hak edýäň, Jelil, bi meselede men saňa hä diýýän. Saňa ýekeje ýetmeýän zat bar: sen şo gelne öýlenmeli. Ýüküsaman bolma, gelin alsaň saňa amaty bar: boý ýigide geldim diýip, hemişe borçly bor, çagasy ýaly görer. Gapdalynda çaga pişik bol-da, myrlapjyk ýat. Öwez kikirdäp, keýp bilen güldi. Jelil: — O gelni menem-ä göräýmeli ekenim — dýýdi. Padar hemle atdy. — Samsyk bolma, biziň görenimiz bor. Öwez serenjam berdi. — Gazany doldur-da, börtme edip goý, biz tilki däl-de, gurt bolup dolanýas. Onuň boýy kelte-de bolsa, gujury bilen daýaw adamyň deňine göterilýärdi. Olaryň gara çynydy. Ikisiniň-de geýnişi guratdy. Emeli sütükden tikilen mele gulakjyny Padaryň şahyndady. Geçen ýyl bölüm müdirlige bellenen güni ýeke gezek geýlen telpegiň şu gün ýene peýda bolmagy gudaçylyga juda möhüm çäre hökmünde garalýandygyny äşgär etdi. Öweziň başynda etegi eplenen zömmek telpegi bardy. Ol hemişe kelte boýuny daýanykly görkezmegiň aladasynda bolsa-da, sähel ýerde säwlik goýberýäninden bihabardy. Bihabar bolmasa, etegi dyzyndan geçip duran çal makentoşyň göwresini basýandygyny bnläýmelidi. Jelil et dograp otyrka, iki dostunyň bolşuna haýran galdy. Olar Jelili öýlendýrjek bolup, öz bähbitleriniň tersine gýdýändiklerini bilenoklarmyka? Iň bärkisi, onuň sallahhanasyna islän mahaly gelip, islän mahaly gidýärler. Gapdalyndaky iki düýp erigiň miwesini ýere gaçyrman iýýänem şolar. Jeliliň öz-ä dadanogam, halamaýny süýji zat. Jelil galapyn öýünde et gowurnyp iýerdi, sogany, burçy köp atardy. Garaja gazany galaýy peçden düşürjek bolup otyrka, Padar ýa-da Öwez gapyny açaýardy. Hemişe jaýyň yk tarapynda ys alyp duran ýalydylar. Padar gowurlan eti çeýnemän ýuwdup otyrka: — Erkegiň naharyny erkek bişirse, aňryňa il gonaýýar — diýerdi. Öwez ony duzlardy: — Kişiň öýünden iýeniň üçindir ol. Padar ýüzüne almazdy. - Kişi diýip, kesekä aýdylýandyr, Jelil keseki saýylar öýtme. Olar gudaçylykdan tilki bolup dolandylar, gurduň işdäsi bilen gowurlan eti iýdiler. Soňra Öwez zeýrendi. — Jelil, seň ýükün samandygy çyn boldy. Aýala gezek gelende, sen kemrysgal adam ekeniň. O gelni eýýäm aparypdyrlar, köşüli bir zawmaga barypdyr. Jelil: — Zawmaga barýan heleý maňa derkar däl — diýdi. —Siz meň üçin beýdip, azara galyp ýörmäň. Öwez ylalaşmady. — Zehiniňe haýpym gelýä. Sallahyň öýüniň kerwensaraýdan tapawutly ýeri barmy? Seň wagtyňy alýalar, ho-ow. Wagt puldan gymmatdyr. Bu gün pul ýitirseň, ertir gazanyp bolýa, ýitiren wagtyňy dolap getirmersiň. Men adamyň medeniýetini bir ýagdaý bilen kesgitleýän: wagtyň gymmatyny bilýän adam medeniýetli adamdyr. Sen eýýäm üç-dört kitaby ýitirdiň. Şuňa düşünmeseň, ömürylla ýüküň saman bolar. Seň ýaramaz endigiň bar: gapyňdan gelýän bihepbelere: «Gidiň, güm boluň!» diýip bileňok. Öýlen, sen diýmeseň, aýalyň diýer. Padar Öwezi goldady: — Saňa aýal geregi çyn diýdi. — Aýalyň bolsa, tijenersiň, işe-de gijä galmarsyň. Eliň işleýäni tapylgysyz zat, ýöne edaraňam düzgüni bar, äsgermeseň bolanok. Düýn ýene redaktor igendi, idelen mahaly edaraňda sen ýok. Her gün bahana tapmak maňa-da aňsatdyr öýtme, ýüňsakgal edýäň. Jelil olaryň çynydygyna ynandy. Iýul aýynda ýene gudaçylyga gitmekçi boldular. Öwez: — Bazarda Oraz ýegeniň aýaly Güljäni gördum. — diýdi. — Jelile mynasyp gelin bar, sypdyrmaň, äri ölüp, dul galan pahyr diýýä, Ä-äý, ýüzi aý ýaly, ak mapraç, görmegeý gelin welin, tarypyna söz ýetenok. Basan ýerinden ot çykýa. Owuz süýdi ýaly halal maşgala ýetjegiňe begen sen. Öweziň ol gelni görmän taryp edýänine Jelil düşündi, gatyrganmady, diňe göwnündäki islegnni aýtdy: — Menem siz bilen gidäýsem, gow-a bordy. — Seň boýuň kelte, at dakarlar, gowusy, sen görünme. Olar gudaçylyga gidýän ýerleriniň adresini-de aýtman, dynç alyş güni irden tirkeşip gitdiler. Padaryň kellesinde täzeje sypal şlýapa, egninde ýakasy bejerilen ukrain köýnegi bardy. Ol apaň-apaň basyp, gep-gürrüňden bizardy, juda aladalydy. Köçä ýetip, yzyna gaňryldy, sargyt etdi: — Gazany ýatdan çykarma. Jelil olardan ýekeligini gabandy. Aýal-gyza gezek gelende çaksyz ýygradygyndanmy ýa-da janköýer hossarynyň ýoklugyndanmy, garaz, jahyllyk ýyllaryny gelinsiz geçirensoň, otuza golaýlanda ýalňyzlygyň derdi bilen öwrenişipdi. Mahal-mahal maşgalanyň aladasy ony çyndan gorkuzýardy. Häli-şindi gabat gelnip durlan galmagally, juda çatak pursatlary görende ýa-da eşidende özüniň erkinligine, gulagynyň dynçlygyna şükür ederdi. Iki ýoldaşynyň alada galyp ýörmesi oňa oýun ýaly görnerdi. Şol zerarly çynlakaý üns berilmeli ýagdaýa-da baş galdyrmazdy. Ýogsa boý ýigide başy boş aýal gözlenip ýörülmegi kada gelýän zatmy?! Bir gezek Padar öýlenmegiň zerurlygyny subut edip: — Saňa perzendem gereg-ä — diýdi. — Perzendiň bolmasa, adyň ýiter gider. Öwez alyp göterdi: — Maşgalanyň alalasy adamy adama meňzedýär, maşgalaň aladasy bolmadyk bolsady, adam haýwana öwrüler giderdi. Jelil, sen feletonjyk, hekaýajyk ýazyp at galdyraryn öýtme. Biziň näme galdyryp biljegimizi aýdaýynmy? — Ol süýem barmagyny çommaldyp, aýtjak pikiriniň wajypdygyny önünden duýdurdy. — Bizden diňe perzent galar! Jelil üçin olaryň pikiri dawalydy, emma özleriniň mamladyklaryna bolan şübhesiz ynam olaryň ikinji bir pikiri kabul etmejekdiklerini duýdurýardy. Jelil diňe ajy ýylgyrmak bilen oňdy. Günortanyň yssysynda gara dere batyp, Öweziň ýeke özi dolandy. — Padar hany? — Padar masgara boldy. Öwez gözüni ýaşardyp güldi, diwana özüni taşlap, bolan ahwalaty gürrüň bermäge oturdy. — Padaryň ýüki saman ekeni. Howla girip baraýarkak, ol işigaýdanyň näme diýenni eşit sen. «Gudaçylyk gürrüňini özüň alyp bar-da, giýew boljak ýigit hany diýseler, meni görkezäý» diýdi. Ä-äý, Padar ähli zadyň çamalagyny çaşyrdy. Ol işigaýdan özüni bizden görmegeýdir öýdüp ýören bolsa nätjek. «Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar». Men gürrüň beremde, sen göz öňune getir. Oň işini gaýtaran zadyň nämedigini eşideňde, sen haýran galarsyň. — Öwez çyglyp, çabalanyp güldi. Her çyglanda tokgaja bedeni sykylýan ýaly, gözünden paýrap ýaş akýardy. — Oň işini gaýtaran kiçijik tüweleý boldy. Ýeri, äpişgäň öňünde oturmak nämäňe gerek. Şemalam ýokdy-laý. Saňa derek, «giýew boljak ýigid-ä şü» diýip, o ýüküsamany görkezdim. Olam birhili hekgerilip, öýlenjegine ynanyp barýa. Şo mahalam açyk gapydan bir tüweleýjik haplap urdy, äpişge-de şa-a-ark! — açyldy. Padaryň kellesindäki şlýapany ga-aýdyryp a-aldy gitdi. Gelin görgüliň kakasy Padaryň kel kellesine seredip, näm etjegini bilmän, haýran ga-lyp dur. Menem seredip dursam nätjek. Äý, men ony beýle keldir öýtmeýädim, bedroý ekeni. Men öňler şor çaýyr ýaly saçy barmyka diýýädim, ýok ekeni, gyzyl kündük. Şo pursat saçy dökülen bolmagam ähtimal. Ýaman utandy, tas ýere giripdi. Maňa-da hemle atdy: «Nämä seredýäň, aý gördüňmi?» diýdi. Şondan soň, ýüküsamanyň şlýapasy ýada düşdi. Seretsek, ho-ol, daşardan togalanyp barýa. Gelniň kakasy yzyndan eňdi. Oňa çenli bir gara güjük şlýapaň başyna oýun baryny getirdi. Gabyrdap, şlýapany çeýnäp ýatyr, hi-iç berenok. Görgüli şlýapaň önki terzinden zat galmandyr, kellä geýer ýaly däl, ýapbaşan galaýy bolmazmy, şoň ýaly. Ä-äý, Padar masgarasyny aşyryp, kelle ýalaňaç çykyp gaýtdy. O gelin gören bolsa-ha, Jeliliň bagtyny ýatyransyň diýdim. Gaýta hor-hor edýä: «Jelil, şlýapany tölemeli bor» diýýä. Men oňa bir zat diýdim: ojagaz tüweleý ýöne ýere gelmedi, eden aldawyň üçin seni masgara etdi diýdim. Oturmaga ýüzi bolsady, meni ýeke taşlap, zu-ut gaýtdy. Gelniň kakasam: «Şlýapaň zaýalanany hiç-le, gep kellede bar» diýdi. Wah, kellesi abat bolsa, şlýapa geýjekmi... — Öwez gülmesini goýdy, gülmän oturan Jelile garap, çynlakaý äheňe geçdi. — Sen bagtsyz ekeniň, Jelil! - Men size bagtymy düzediň diýemog-a. — Indi gudaçylyga gitsek, seni alyp gideris. Ýene ýarym ýyl geçdi. Öweziň indiki tapany: Ýigrimi alty ýaşlaryndaky gyzdy. Ony Oraz ýegeniň aýaly Gülje salgy bermedi, özi tapdy: Pioner gazetine material ýazmak üçin şäheriň etegindäki mekdepleriň birine baranda duşdy. Ökde mugallyma hökmünde üçünji klasy okadýan Miwäni görkezdiler. «Entek durmuşa çykmadyk gyz welnn, çagalar ony ejesinden ileri tutýarlar» diýip öwdüler. Öwez: «Bize gerek adam ekeni» diýdi. Ol gazetiň bähbidinden başga-da, Jelili göz öňünde tutupdy. Soňra Miwäniň suraty bilen ol hakda Öweziň ýazan öwgüli makalasy gazetde berildi. Öwez gazeti Jeliliň öňünde goýup: — Gyz gerek diýýädiň, ine saňa allanäme gyz! Seret! — diýdi. — Gowuja seret, ýüküsaman bolma, gözüň nämäni görýä, seret! Jelil onuň gyssagyna düşünmedi. Gözleri uly, gaşlary gür, maňlaýy dar gyzyň ýylgyryp oturan suratyna höwessiz garady. Öwez gyssady. — Bu gyza näme diýersiň? — Ýüz keşb-ä dargursak maşgala meňzeýär. — Saňa ýüküsaman diýerler. — Öwez gazeti kakyp aldy.— Bular ýaly gyza ýetip bilseň, heşelle kakarsyň sen. Şu günüň özünde gazetde çykan feletonlaryňy, hekaýalaryňy tapyp ber. — Men nä olary ýygnap ýörünmi. — Sen hiç mahal özüňi oňarmarsyň. Sen galam ujundan çörek iýjek adama meňzäňok. Bi çaka sen olary toplap, neşirýata hödürlemeli ahyry. Her zat et weli, tap, men o gyza söz berdim. Jelil ýene gudaçylyga gidiljegine şübhe etmedi. Gudaçylykdan öňinçä olar üç bolup kino gitdiler. Kino gutaran dessine Öwez olary ikiçäk goýup gaýtdy. Ertesi Jelili tapdy. — Neneň? — diýdi. — Aý, erbet däl. — Geljek bazar güni gidýäs. Ýazan zatlaryňy halapdyr. — Maň-a hiç zat diýmedi. — Ýüzüňe öwmedik bolsa, şoňa begen. Ýüküsaman, ahyry bagtyň geljek. Gudaçylyga Padar gaýtmady, men oýundan çykýan diýdi. Öwez ökde žurnalist hasap edilip ýörlen, ellinji ýyllaryň başynda respublikanyň gazetleriniň birini redaktirlän ýaşuly adamy tapdy. Uly-kiçi oňa Sähet Nazarowiç diýip ýüzlenýärdi. Öwez haýyş bilen ýüz tutanda Sähet Nazarowiç: — Oglan, ala-böle meni saýlap tutmaň näme? - diýdi. — Sähet Nazarowiç, siz adamy öwmäge ökde. Siz çynyňyzy edip öwseňiz, adamlaryň gözüne haramzada-da ýagşyzada bolup gorünýä. Ýaşulynyň höwesi artdy. — Umuman, ýadyňyzda bolsun, adam ýagşy söze mätäçdir. Ýagşy sözüň haýwana edýän täsirem üýtgeşikdir. Sen öwdürjek ýigidiň adyny bir aýt maňa. — Siz ony tanamaly. Öwez Jeliliň familiýasyny, işleýän ýerini aýtdy. — O feleton ýazýan oglanmyka? — Ed-dil özi! Feletonyňy bes et diýgin oňa, aç galar, maşgalasyny hor eder. Haramzadalary ýepbekläp, okyjyny geň galdyryp bolmaz, ajaýyp adamlaryň ajaýyp işlerini wasp edip, okyjyny gen galdyrsa bolar. Oglan, o seň Jeliliň salam-heligem bilenok-la, dommarylyp ýör, sähn-ä däldir-dä. — Otuz ýaşap öýlenmese, sähne bolar-da, Sähet Nazarowiç. Sähet Nazarowiç uludan güldi. Bu gülki onuň razylygydy. Olar Öweziň täzeje «Moskwiç» maşynynda gitdiler. Ugralmazyndan öňinçä Öwez Jelile sargyt etdi: — Sen gepdemän oturgyn Gyzyň öýleri şäher bilen goşulyşyp oturan obadady. Kakasy kyrk ýyl mugallymçylyk edipdir, häzir pensiýada ekeni. Ol agras adamam bolsa, baranlary güler ýüz bilen garşy aldy, arzyly otaga geçirdi, çaý-naharyň kemini goýmady. Sähet Nazarowiç: — Biz-ä siziň abraýly gapyňyzdan habarly gelendiris — diýdi. — Aýdyp oturyň. — Siz menden aýyp-syn etmäň, eger rugsat etseňiz, men şujagaz tirsekläp ýatan ýerimden aýdyberjek. — Amatlysyny ediň. Sähet Nazarowiç bäş-alty sany kişmişi agzyna atyp, howlukmaç çeýnedi, soňra kişmişli okara barmagyny uzadyp: — Gowy kişmiş ekeni — diýdi. — Eýranyň kişmiş-ä däldir-dä? — Öý eýesi başyny ýaýkady. — Bir mahallar teke bazarda Eýranyň kişmişini satardylar, soňky mahalda duşup bilemok şona. Äý, ýok, biýem Eýranyňkydan pes däl. Oglanlar, sizem dadyp görüň-ä. — Ol ýene iki kişmişi agzyna atyp, çaý owurtlady. — Eger işimiz oňuna bolsa, ýaşuly, biziň-ä siz bilen garyndaşlyk açaýmak hyýalymyzam ýok däldir. Siziň gyzyňyz hakda, asyl hemişe eşidýänimiz ýagşy söz. Işine pälwan, salyhatly maşgala diýýärler. Gazetde ajaýyp oçerk çykan ekeni, men-ä okap, dogrusy, ajaýyp gyzlarymyzyň bardygyna begendim. Birtüýsli, öz ýanymdan Öweziň eden işine gözüm gitmänem durmady. Ýaşuly, meň Öwez diýýänim, ine, şu oturan ýigit, ajaýyp oçerki ýazanam şu ýigit bolmaly. Etjek işinn seljerip bilýän akylly ýigitlerimizden biri. — Sähet Nazarowiç Öwezi görkezdi, Öwez biraz hekgerildi. Gyzyň kakasy oňa dikanlap garady, giýew boljak ýigitdir öýdüp seredýän bolmagy-da ähtimaldy. Sähet Nazarowiç dowam etdi. — Öweziň öz ýanýoldaşam mugallyma, umuman, Öwez mugallymalary gowy görýär. Men size ýene bir zat aýdaýyn, adamzadyň ertirki güni köp derejede mugallymlaryň başarnygyna bagly. Meselem, Amerikanyň prezidentiniň ertir näme pikir etjegini ed-dil şu mahal aýdyp bilýän adamlar ýetişdirmesek, dünýäň dawasyna gatyşmak örä-än çetin. Men bi zady mysal üçin aýdýan. Eýsem-de bolsa, mugallymlaryň bileklerini çyzgap, berk durmaklary gerek! Öwez, meň aýdýanlarymy nähili görýäň? — Gaty dogry, Sähet Nazarowiç. Sähet Nazarowiç göwnühoş güldi. — Bular gowy ýigitler-dä... — Ol ýene kişmişe el ýetirdi. — Äý, ýok, biziňkilerem kişmişi oňarjak-lar. — Sähet Nazarowiç agzyna atan kişmişini yhlas bilen çeýnedi. — Ýaşuly, ýigidimize göwnümiz ýetmeýän bolsa, siziň gapyňyzdan gelmäge het edip bilmezdik. Gyzyňyzyň eli sowuk suwa batmaz, şon-a men size öňünden aýdyp goýaýyn. Umuman, hojalygyň keşigi ýeňil däldir, hazzyk adamyň bilini omurýandyr. Herki işiň öňünden taýýarlygy gerek, aladasyny etmeli. Bi ýigitler aladadan gaçýan adamlar däl. Haçan hökümet jaý bererkä diýip, garaşyp ýörmediler, ur-tut ýer alyp, dört-bäş otagly, köşge berimsiz jaý salyndylar. Öwez çekinjeňlik bilen: — Indi saljak bolup ýörenlerimizem bar – diýdi. Sähet Nazarowiç onuň duýduryşyna düşünmedi. — Sen sypaýylygyňy goý, Öwez. Siz öňi bilen jaýyň aladasyny etdiňiz, örän dogry! Oglan, idili sümelgäň bolmasa, bir bendäň gül ýaly çagasyny horlap nätjek. Biagyrdan hudaý bizar. Özüm-ä siziň başarnygyňyza begenýän, dogrusy, gözüm gidýä! — Sähet Nazarowiç gyssanman çaý owurtlady, iki owurtlanda doly käsäni boşatdy. — Ýigitler, çekinmeseňiz-le, kişmişden dadyp oturyň-a. Kişmiş edilende üzüm aşgara ýatyrylýar, bizde köplenç şony oňaranoklar. Ine, şu kişmişi eden adam, walla, ökde ekeni. Öwez, ýaşuludan sorarsyň-da, bi kişmişiň satylýan ýer-ä bolmalydyr. Gyzyň kakasy: — Muň satylýan ýeri bolmaz — diýdi. — Özümiz edýäs. Sähet Nazarowiç geň galdy. — Gördüňizmi? Biziň dünýäden habarymyz ýok, oňat kişmiş hökman başga ýerden gelmelidir öýdüp ýorüs. Äý, ýok, bizi haýran etdiňiz bolsa-da! Ökdeläpsiňiz. — Ol ýene kişmişden agzyna atyp, käsesine çaý guýdý! – Ýaşuly, bi meň bilen gelen ýigitler eýýäm ylymlaryň doktory bolup ýörmeli adamlar. Men-ä bulara bir zady öwüt berýän. Jaý-paý edinip, içine şakyr-şukur alan bolsaňyz, ylma uruň diýýän. Doktor bormý, kandidat bormy, at alsynlar, onsoň hökümet bulary hor edenok. Neneňsi ýagdaý ýüze çykaýanda-da, çagalaryň iýjek çöregi üpjün. Ýogsam, feleton ýazyp, günüňi dolandyrmak aňsat düşmez. oglan. Özüm-ä, dogrusyny dogry aýdaýyn, ýigimiziň batyrlygyna kesesinden howpurgamanam duramok. Arada, zawmagdyryn dýýip, döşüne kakyp ýören haramzadany kül-talhan edipdir. Öwez: — Wah, Sähet Nazarowiç, zawmag diýeniň bärden gaýdýa — diýdi. — Ministriň orunbasarynyň masgarasyny çykardy. - Dogry. – Sähet Nazarowiç buýsanç bilen öý eýesiniň ýüzüne garap dowam etdi. – Ýaşuly, biz düýä münüp, hataba bukjak namart üçin siziň gapyňyzdan gelemzok diýjek bolýan. Biziň ýigidimiz ölerem — alaram diýýän ýigitlerden! — Sähet Nazarowiç ýumrugyny howada galgatdy. — Nähak işiň garşysyna janyny orta goýjak ýigitlerden! Bu çaka çenli oňa gyz tapylmany, ýa-da bolmasa, gyz berilmäni üçin sallah gezmedi, ýok, islendik adamyň gapysyndan baran bolsak, höwes bilen garyndaş boljakdy. Ýigidimiz gyssanmady. Howlukmaň diýdi, durmuşyň gazanynda gaýnajak, ýaşaýşyň ýowuz mekdebini geçjek diýdi. Geç diýdik, Öwez, meň aýdýanym dogry gerek? — Gaty dogry! — Gaty dogr-a däl. Bu sözi aýdan Jelildi. Onuň dodaklary münküldäp duranam bolsa, başga zat diýmedi, sen-men ýok, turup gapa ýöneldi. Öwez ýalbardy: — Jelil, nirä?.. Otur-a sen... Jelil säginmän çykyp gitdi. Içerik ýakymsyz ümsümlik aralaşdy. Öwez delalat isläp, aşaklyk bilen Sähet Nazarowiçe garady. Sähet Nazarowiçiň bolşy, okarasy öňünden alnyp gidilen aç adamyňky ýaly naýynjardy. Her näme-de bolsa, ol uzak oturman, ajy ýylgyryp, öý eýesine ýüzlendi: — Ýaşuly, görýäňizmi — diýdi. — Biziň ýigitleriň bolşuny ýüzüne aýdyberseňem gaty bir halaýan däldirler. Wah, çyn ýigidi öwüp oturmak gerekmi diýsene. — Sähet Nazarowiç göwünsiz güldi. — He-he-eý, men bulara belet-dä! Şularyň arasynda saçymyz agardy. Küýli ýaly bolsa-da, akyl-huşy ýerindedir, mertdir. — Zawmagy kül-talhan etdi diýýäniňiz ýaňky ýigitmi? — Weý, Öwez, ýigidimiz bilen ýaşulyny bi çaka tanyşdyrman oturan bolsak nätjek. Öý eýesi gyssandy, Sähet Nazarowiçi gepletmedi. — Azara galmaň, eşitdik — diýdi. — Habarymyzy ýetireris. Öwez umydyny üzdi. Jelil maşynda oturan ekeni. Gaýdyşyn hiç kimden ses çykmady. Diňe Sähet Nazarowiç kellesine gelýän pikiri özi tassyklaýan ýaly, mahal-mahal hawa-da diýip seslenýärdi. Öwez ýoldan Padara til etdi. — O ýüküsaman Jelil Sähet Nazarowiçiň masgarasyny çykardy. Bolşy şo bolsa, aýala ýüzi düşmez, müjerret öter. Gudaçylyk meselesi gutardy, menem bes edýän. Dogrudanam, şondan soň Jelil üçin gudaçylyga gitmeli bolmady. Gyzly ýeriň habaryny Miwäniň özi Jelile ýetirdi, “Kakamyň ýanyna ýeke özüň baryp gaýt” diýdi. Soňra toýuň güni bellendi, Jelili öýlendirýän adamlar hökmünde Öwez bilen Padar ähli aladany öz boýnuna aldy. Toýy alyp barmaklyk Sähet Nazarowiçe tabşyryldy. 1986 ý. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |