23:25 Gudrat diýip hasap edýäs wagty biz | |
GUDRAT DIÝIP HASAP EDÝÄS WAGTY BIZ
Goşgular
Ýene geçip gitdi bir gözel bahar, Ýene tomus alyp gitdi yssysyn. Dökdi ýapraklary ýene-de bir güýz, Dyş döretdi turbalaryň tüssesin. Günlere ýugrulan gözellik bilen, Ýene geçip gitdi bir ajaýyp ýyl. ...Çynmy ýa ýalanmy gadym eýýamda, Her gezek gün ýaşsa ýaýrarmyş dowul: Geçdi, diýşip, ömrümiziň bir güni, Aglar eken gara günli bendeler. Şeýdip, her gününi garyp ömüniň, Geçiripdir bagry ganly bendeler. Gün üçin däl, Ýyl üçinem aglamzok! Gudrat diýip hasap edýäs wagty biz. Her günüň ýeterlik aladasy bar, Ýok, ýok biziň aglamaga wagtymyz. Geçer gözel günler – gudratly günler, Geçer gözel gözel ýyllar – gudratly ýyllar. Ýyllar nesilleri täzelär durar, Nesiller ýyllary täzelär durar... “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.01.1966 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |