15:43 Gudrat / hekaýa | |
GUDRAT
Hekaýalar
Gülşirin Hanowa bagyşlanýar Beýle waka düýşüne girenem bolsa, Nurana gelin, ýüregi çat atany sebäpli oýanyp bilmän, baky uka giderdi. Ýöne, adam başy daşdan gaty, belki-de, heniz hiç ýerde, hiç wagt bolmadyk, megerem, birmahal, bir ýerde bolandygynyň gürrüňi hem edilmedik, men diýen erkek adamyňam inini tikenekledip, depe saçyny üýşürjek aýylganç wakadan Nurana gelin asyl gorkýana-da meňzemedi. Ýa-da asmandan inen ýaly birden peýda bolan howp gorkmaga-ürkmäge-de maý bermedi. Ýogsam, edil taýagatym öňünde äpet ýolbars peýda bolar-da, heý-de, akly-huşy ýerbe-ýer adam düýrükmezmi?! Wagşynyň howlukman ädim urup gelşiniňem manysyna düşünmek kyn däldi; nesibesinden çykan rysgalynyň iki tarapy hem uçut gaýa bolansoň, gaçyp gutulara hiç hili ýol ýokdy. Nurana gelin aljyrasa-da, başy aýlansa-da özüniňem, perzendiniňem ajal penjesinden sypmaga umydynyň ýokdugyna akyl ýetirdi. Şoňa akyl ýetiren gelniň aňynda köpügören kempiriň hyýalyna geläýjek başga bir hile peýda boldy. Ol çagasyny bagryna basyp, göni gelýän ajalyň gözüne seredip durka, perzendiniň gulagyna pyşyrdady: «Sen häzir oba tarap ylga, çagam. Ylgap barýakaňam käte «Ata-a!» diýip gygyrgyn! Hoşmy?» Alty ýaşyndaky ýeňilaýak çaga ejesiniň aýdanyna söz bilen däl-de, atylyp gitmek bilen jogap berdi. «Ata-a-a!» Ol mähriban ses iň soňky gezek eşidilýärmikä? Dörän sowala «Ýogsam näme!» diýen anyk sözden gaýry jogap gaýtarmak buýagdaýda galatlyk boljakdy. Diri galmaga maý bermejek ujy demir çeňňekli agyr penjeler, ýiti diş, açlykdan ýaňa agzynda dörän sülekeýi erninden akyp duran, aýylganç iki gözli hyýrsyz ajal ýetip gelýärdi. «Ata-a-a!» Sen ylga bala, ylga! Ýöne büdräýmegin! Sen ejeňdenem ýaman görme. Ejeň seni ýaşatmak üçin ejesiz goýmaly boldy. Sen ejesiz ösersiň, ýöne ýaşarsyň, özüňem iki adamlyk-ejeňe deregem ýaşamaly bolarsyň. Ylga, çaga, Öz ömrüň üçin, ejeň göwni üçin ylga. Sen ýaşamaly. Sen, ýigit çykmaly... Ýene sanlyja pursatdan ajal penjesine girmeli gelniň ogly birden ýigit çykýar. Oňa hem aşaky obadan Gadyryň görk-görmegine laýyk owadan gelinlik tapylýar. Begenji dünýä sygmaýan Nurana jülgeden çykyp gelýän kaşaň kejebeli ak maýa tarap ädim urýar. Ýöne onuň bir ädim urup golaýlany Gadyra gelin getiren kejebeli ak maýa däldi-de, özüne ajal bolup gelen aç ýolbarsdy... Gündogardan günbatara, bolaýsa iki müň ädim töweregi uzynlykdaky darajyk dag jülgesiniň her tarapynda bir oba bardy.Olaryň birine Ýokarky, beýlekisine Aşaky oba diýilýärdi.Ýaňy ýigrimi iki ýaşyny dolduran Nurana gelin, iki tarapdanam mydama gyz alşylyp-berşilýän, «Eýlekem biziň oba, beýlekem biziň oba» diýlip söýgülenýän iki obanyň aşakysynyň gyzydy, ýokarkysynyň gelnidi. Oňa Nurana ady nurana boljagy öňünden duýlup dakylan ýaly, gaýry taryp goşmazdan diňe nurana diýseň ýeterlikdi. Ol döwürler gyz maşgala on dört-on bäş ýaşasa, derrew arkasy ýapylýandygy sebäpli, Nurana gelin eýýäm alty ýaşly garagözelejik oglanjygyňam ejesidi. Atasy, Nowruz aga öz awçylygyna ýanap Mergen diýmek islese-de, agtygy gadyr gijesi dünýä inendigi sebäpli adyna Gadyr dakyldy. Gadyr adyndan Gadyrjany ýörgünli bolan çaga atasynyňam, dag obajygynyňam gadyrly çagasyna öwrüldi. Nurana gelniň düşen ýerindenem, ýanýoldaşyndanam, iliň hormatlaýan gaýyn atasyndanam, ýalňyz gelnine diňe «janym» diýip ýüzlenýän ak gyňaçly gaýyn enesin-denem göwni bitindi. Hemme zat gülala-güllükdi, şeýle bolmazlyga tutaryk hem ýokdy. Emma gamgyn ýagdaýyň döremegine şatlyk sebäp boldy. Nurananyň jigisi öýlenýärdi. Ejesini, doganlaryny görmek üçin ýüregi atygsap duran gelin birigün başlanýan toýa şu gün gidermen boldy.Toýa esasy dabara güni barmaly eden ýaşulularam oňa garşy çykmadylar. Gadyryň elinden tutan Nurana gelin Gün guşluk ýerine ýetende, jülgä eltýän ýodajyga düşdi... Ýaz pasly ter ýapraklary gözüňi deşip gelýän reňke boýalan agaçlar kesesinden garasaň, jülgä ýaşyl suwly derýa akyp ýatan ýaly görnüş berýärdiler. Depesinden dabanyna çenli kümüş şaý-sepe bezenensoň, Nurana gelin hem şol ýaşyl suwly derýada howlukman ýüzüp barýan tylla teňňeli balyga meňze-ýärdi. Ejesiniň kä sagyndan, kä çepinden bökjekläp barýan Gadyrjan hem şol owadan balygyň şadyýan çagajygydy... «Ata-a-a!» Nurana gelin awçy gaýynatasyndan wagşy haýwanlar barada kän gürrüň eşidipdi. Onuň aýtmagyna görä, ýolbars diýilýän ýyrtyjy, şeýtmekden aýratyn lezzet alýarmy ýa-da öz artykmaçlygyny görkezjek bolýarmy-nämemi, gymyldaman ýatan awuna kän imrinmän, gaçanyny kowalap tutmaga höwesek bolýar eken. Häzir Nurana şol barada oýlandy, Gadyry gaçyranyndan howpurgady. Wagşy gaçany kowýan bolsa...Çaga gaçdy ahyryn. Birden ol...Ýok, Nurana oňa ýol bermez. Her zat eder welin ýol bermez. Sähelçe puryja döredilse, ýeňil aýakly ýaş oglan derrew jülgeden saýlanar. Ýolbars bilen aralyk on-on iki ädime diredi. Nurananyň göwnüne bolmasa, ýolbars oňa ullakan üns hem bermeýän ýalydy. Näme sebäbe beýlekä? Onuň açdygy hem görnüp dur ahyryn. Wagşynyň hyýrsyz ýüzünden, özüni parçalamaly ýiti dyrnakly penjelerinden öňürti Nurananyň gözüne görnen onuň emjekleri boldy. Olar süýdi çekilip garna ýelmeşen emjekler däldi-de, çaga emdirýän süýtli emjeklere meňzeýärdiler. Belki-de ol şu mahal janyna ölüm howpy abanmaýan bagtyýar çagasyny ýa-da çagalaryny emdirmäge barýandyr. Belki şonuň üçinem arkaýyn ädimläp öz aýagy bilen öňünden çykan awunyň üstüne howlukman gelýändir. Açlyk gyssaýmasa awy elinden gider howp üçin howlukmaga esas ýokdy. Sebäbi iki tarapyny dag gerişleri gurşan dar jülgede gaçmaga diňe bir ýol bardy. Ol hem yza gaýtmakdy. Ýolbarsyň awy bolsa, yza gaçman, gaýtam öz aýagy bilen öňe, wagşynyň agzyna tarap ýöremelidi. Onuň düýp maksady şoldy. Emjekler doly ýaly görünse-de, wagşynyň garny welin «hepbik ýaly»diýilýänlerdendi, düýnde-şu günde doýa-gana zat iýmändiginden habar berýärdi. Nurana ýolbarsyň açdygyna begendi. Ýöne üst-başynyň gün şöhlesi düşüp lowurdaýan şaý-sepleri hakynda oýlandy. Şaý-sepden ýaňa onuň endamynda ýolbarsa arkaýyn agyz urar ýaly ýer ýokdy. Şeýle howply pikir kellesine uran gelin çabydynyň ýakasyny bezeýän gulply apbasylaryň, olaryň aşagyna düşelýän çaňňalaryň wagşynyň dişine mazaly garşylyk görkezjekdigini, belki-de onuň işdäsini tutjakdygyny ýatlady. Beýle ýagdaýyň awy kowalap ele salmagy gowy görýän wagşa gaçyp giden rysgalyny ýatlatmagy-da ahmaldy. Şol hakda oýlanan gelin çabydyny çykardy-da, egniniň üstaşyry zyňyp goýberdi. Bezeg şaýlarynyň toýda eşidilse owaz bolup gulaga degýän sesi bu gezek howply mukam bolup eşidildi Nurana şol pursadam gaýynatasynyň wagşylaryň öz awunyň öňürti bokurdagyndan ýapyşýandyklary hakynda beren gürrüňini ýatlady. Gelniň bokurdagynda gaýyn enesiniň inji beren bukawy bardy, özi-de gaýyndan geline geçip nesil yzarlap gelýän, köneden galan guýma bukawdy. Ol gaty güýç göräýmese, döwüljek şaý däldi. Eger wagşy haýwan öňürti öz awunyň bokurdagyndan agyz salýan bolsa... Palta bilen ursaňam yz goýjagy gümana bukaw ýolbarsyň dişlerine ýan berermi? Dişi ýumşak ete däl-de daş ýaly bukawa degensoň ol yza tesmäge mejbur bolmazmy? Nuranany gorkuzýan zat ýolbarsyň taýýar awundan ýüz öwräýmek meýlidi. Onuň kellesine gelen pikiri derrew eliniň ujuna öz täsirini ýetirip, inçe barmaklary herekete gelmäge mejbur etdi. Toýa ýetmän boýundan sypyrylan bukaw ýodajygyň gyrasyna atylyp düşdi. Gün nuruna lowurdap ýatan kaşaň bukawyň ýanyna iki sany kümüş bilezik hem atylyp bardy. «Ata-a-a!» Bu gezek Gadyryň sesi guýynyň düýbünden çykýan ýaly bolup çala eşidildi. Şeýle-de bolsa ses entek gelýär. Diýmek, çaga heniz jülgeden saýlanan däldir. Has golaýa gelen ýolbars indi iki gezek bökse-de awyny garbap biljekdi. Emma ol öňki haýal hereketi bilen süýşüp gel-ýärdi. Wagşynyň howlukman hereket edişi Nurananyň kalbynda ýene bir aýylganç pikir döretdi. Onuň hyýalynda ýetip gelýän ajalyň öňünde duran özi däl-de, Gadyrjan bolup duýuldy. Oglanyň soňky gezek «Ata-a!» diýip çala eşidilen sesi-de endamyna wagşynyň dyrnagynyň salan yzasyna çydaman çykan çirkin ses bolup ýaňlandy. Gelin aljyrady. Wagşy haýwan indi üstüne bökäýmelisi galsa-da, ýaşamak üçin ömürboýy eden hereketini gaýtalamaýardy. Ölümden gorkmaýan enäni wagşy haýwanyň edilmeli herekedini etmezligi gorkuzdy. Nurana her zat etmelidi welin çaklaýan howply hereketi hakykata öwrüläýmez ýaly ýolbarsy özüne imrindirmelidi. Beýtmek üçin onuň elinden gelýän zat barmy!.. Birdenem Nurananyň döşi gyjyklanýan ýaly boldy. Soň ol ýakymly duýga öwrüldi. Ol duýgy geline tanyş bolup çykdy hem şeýle aldym-berdimli pursatda-da ony başga zat barada oýlanmaga mejbur etdi. Ýok, ol ýalňyşmandy, bu hakyky duýgy mundan alty ýyl ozal, Gadyr dünýä inen güni bolup geçdi. Gelniň göwsüne süýt indi. Ol döşüne elini ýetirdi. Juda aljyraňňy ýagdaýdaky Nurana gelin bu wagt tebigatyň enäni çagasyna gezek gelende şeýlebir mähriban, şeýlebir duýgur edip ýaradandygy, hatda balasynyň janyna howp abananda, ýaşynyň näçedigine garamazdan süýt mäzleriniň juda duýgurlyk görkezýändigi barada pikirlenmekden daşdady. Göwüsleriniň lorsuldap-lorsuldap titremegi gelni özüne getirdi. Geň bolup duýlan ýagdaý ony başga bir, çykalga bolup görnen çaklama eltdi. Töwerekde yns-jyns ýokka-da göwüslerini on dördi gije Aýynyň mylaýym yşkynyň sypaýmagyndanam uýalan gelin, olaryň daň ýyldyzynyň ýiti nazaryna iläýmegindenem ejap eden gelin edil ot alan ýaly bolup, ebşitläp tutan ýakasyny ähli güýjüni jemläp iki ýana çekdi. Ýüpek sapak bilen keşdelenen ýerinden kyn ýyrtylan ýaka tä gelniň biline çenli uzyn çäk bolup gitdi. Taradan ýaňy çykan, syk dokalan, bozgunç ysly täze keteniniň görküne kybapdaş däl gödek jarryldysy Nurananyň özüne-de geň bolup eşidildi welin, ýetip gelýän ýolbars hem üýtgeşik sese tisginen ýaly boldy. Nurana gelin oňa begendi. Gyzyl keteniniň çäklenen ýakasyndan ter hem dolmuşdan ak goşa göwüs çogup çykdy. (Zenan gözelliginiň her hili pajygaly ýagdaýda-da öz artykmaçlygyny ýitirmeýändigini tekrarlap, bu mahal hakykaty açyk beýan etmek «Ilaty mergi paýhynlaýarka heşelle kakmak» diýen nakyla meňzese-de, Nurana gelniň ajaýyp göwüsleriniň birpursatlygam bolsa, gözellik älemine gözellik goşandygyny aýdyp geçmeli). Indi ýolbars başga zada ünsüni bölmez. Gelin oňa ynandy. Çagany ak süýt berip ulaldan keramatly ene göwsi ony ölümdenem halas eder.Gelin oňa ynandy. «Ata-a-a!» Ol Gadyrjanyň sesi däldi, enäniň hyýalynda ýaňlanan sesdi. Ene dünýädäki iň ýakymly sesi, iň mähriban sesi, ýeke-täk sesi ýene bir gezek, ölüminiň öň ýanynda soňky sapar eşitmek isläpdi. Häzirki ýagdaýda onuň bu dünýäde ýalňyz islegi diňe şoldy. Ahyry Nurananyň maksady amala aşdy. Indi ol, megerem eýýäm jülgeden saýlanan, atasyna-da ýagdaýy mälim eden perzendiniň ölümden gutulandygyna ynandy. Gözüni ýumup duran gelniň ýüzüne ajalyň gyzgyn hem howply demi çaýyldy. Ýolbarsyň ýüzüniň gataňsy hem ýakymsyz ysly çöpürleri Nurananyň näzik ýaňagynda, giň maňlaýynda, owadan boýnunda oýnady. Wagşy haýwanyň agzy ak göwüsleriň üstünde köpräk eglendi. Onuň gyzgyn demi ozalam sandyrap duran göwüsleri öňküsindemem beter titretdi. Ýolbarsyň burnundan çykýan gyzgyn dem ak döşüň üstünde birki öwrüm edende, dodaklaryna ene süýdüniň ýokundysy degdi. Wagşy ony ysgady, çalarak ýalady, şonda ol bir pursatlygam bolsa başga haýwana öwrülen ýaly boldy. Ene süýdüniň täsiri bilen birden jülgä dolan aýylganç arryldydan soň gelniň çepiksi göwresi siltenip-siltenip çeýnelmäge başlandy. Ýüzüni ak göwüslerden ýokaryk galdyran wagşy öz köne endigine geçdi, posly çüý ýaly büdür-südür dişler näzik bokurdaga ýapyşdy. Birdenem jülgäniň howasy gutardy. Gelniň demi tutuldy. Şeýle ýagdaýda-da ol wagşynyň hereketlerine, bolýan işlere aňry ýany bilen düşünýärdi, ýöne arassa ak gar bilen reňkdeş näzik alkymy, nepis boýny çeýnelende-de eger-eger agyry-ynjy duýmady. Ölüm agyrysyz-yzasyz bolýarmyka? Ölmekde diňe gorky bolýarmyka, agyry bolmaýarmyka? Ölmek beýle aňsatmyka? Bokurdakdan, göwüsden dökülýän gyrmyzy ganyny görmese-de, Nurana onuň bedeninden syrygyp topugyna ýetenini duýdy. Ol indi uzaga çekmän, ähli duýgudan mahrum boljakdygyna göz ýetirdi, gaýdyp ejesini, joralaryny, obadaşlaryny görmejekdigine gynandy. Ýöne ömür bilen hoşlaşmaga galan ýeke pursatda, ölüm bilen baglanyşykly hem bolsa, begenere-de bir zat bardy. Ol çäksiz begençdi, enäni ölüme kaýyl eden, enäniň ölüminiň döreden begenjidi, ömür berip ömür alýan begençdi. Şol begenç Nurana gelniň bu jahanda galdyryp gidýän ýeke-täk döwletli guwanjydy. Şol guwanç hem onuň parçalanan bedenini agyry duýulmaz ýaly derejä ýetiripdi. Ene ýüreginiň emri şeýledi. Ysgyndan düşüp, aýak üstünde durmaga gurbaty galmadyk gelin ýodanyň gyrasyndaky maýda daşlaryň üstüne ýykyldy. Gaty daşlaryň ony mahmal düşek bolup garşylamandyklary bellidi. Ýöne Nurananyň bedeni ýene agyry-ynjy duýmady. Onuň teni sowan ýalydy. Ol adam teniniň sowamagynyň manysyna düşünýänem bolsa, uzak ýatmady. Gelin entek hereket etmelidi, bedeninde dişe ilişer ýaly sähelçe et galanam bolsa ony ýolbarsa bagyşlamalydy. Şol maksat, şol isleg hem oňa gözlerini açdyrdy, turmaga güýç berdi, Ol özüne gelen ýaly bolup oýananda, ýene bir mümkin bolmajak geň ahwalata göz ýetirdi. Wagşy haýwan Nurananyň geçirmek islemedik ýodasyndan geçjegem bolman, näzik tene agyz hem urman, dag tarapa sowlup, gaýanyň düýbündäki gyrymsy agaçlara siňip barýardy. Nurananyň ilki gözüne ilen hem haýwanyň emjekleri boldy. Ýöne ol perzendiniň ölümden halas bolandygyna, özüniň aman galandygyna akyl ýetirse-de, bir-ä wagşy haýwanyň eden herekediniň manysyna düşünmeýärdi, bir-de ýap-ýaňy-da gap-gara saçynyň çalarandygyny bilmeýärdi. 2013. Atajan TAGAN. | |
|
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |