14:12 Gül ýaly çagalar / hekaýa | |
GÜL ÝALY ÇAGALAR
Hekaýalar
Howa juda petişdi. Awtobus adamdan dolup geldi. Aman aga itnişibräk özüni awtobusa atdy. Bu günki jöwza, günuzynky argynlyk, gojalan bedenini halys surnukdyrypdy. "Bolsa-da, münüb-ä bildim" - diýip, goja oýlandy-da, adamlaryň akymynyň ugruna, ortaraga süýşdi. Onuň gözi ak ýüzlüje, garaja saçlary enaýyja daralan, akja, arassaja ýeňsiz köýnekleri ýüzlerine ýagty salyp duran iki ýetginjege düşdi. Oglanlar ortaky oturgyçlaryň birinde ýylgyryşyp otyrdylar. Awtobusyň içinde elleri çagaly aýallar, işiň ahyry bilansoň, eli goşly gartşan adamlar, gojalar sabyr-takat edip durdylar. Otugyçlarda kileň aýalar oturansoň, her kim şu ýaş oglanjyklar ýerlerinden turup, duran gojalar ýer berer diýip, olara umyt bilen garaýardy. - Hany, oglanjyklar, ýaşululara ýer beriň-ä - diýip, kimdir biri umumyrak äheňde aýtdy. Oglanlar biri-biriniň ýüzlerine geňirgenip grajaklaşdylar. - Men-ä oturan ýerimi hiç kime berjek däl! - Menem - diýip, oglanjyklar ýüzlerini sallşyp, aňyrlaryna bakan boldular. Aman aga öz ýaşlygy, oglanlary, agtyklary, şu zamanyň çaglalarynyň edep-terbiýesi barada oýlanjak ýaly etdi-e, işige bakan süýşdi. Diňe, işikde duran eli bäbekli, bir elem agyr goşly ýaş gelni görüp, gaňyrylyp, ýylgyryşyp, parhsyz oturan oglanjyklara bakan närazy halda bir seretdi-de, başyny ýaýkap, awtobusdan düşüp, öýüne bakan ýadow gadam urup, gitdi. ...Ýaşuly ertesi gün işiň gyzz-gyzza wagty özüni kärhananyň başlygynyň çagyrmasyna geň galdy. - Ata aga seniň doňdurma sehiňe adam gerekmi?! - Wah, gerek-le. Häzir bir el, bir el-dä. - Menden ýaşulularyň biri juda haýyş edýär, iki sany gül ýaljak oglan. Sen şolary sehiňe al, onda. Goja garşy bolup durmady. - Gelsinler! Başlyk ýylgyrdy. - Olar how, gül ýaljak çagalar-a Görseň özüň höwes edersiň. Men olara öýlän geläýiň – diýipdim. Öýlän ýaşulyny başlyk ýene çagyrdy. Aman aganyň doňrurma sehine adam gerekdi. Ol: “Gelmeli oglanlar çaltyrak geläýsedi“ - diýip, ol çagyrylan ýerine mähetdel etmän bardy. - Ine, gör, bujagaz ezizleri!—diýip, başlyk kreslo çümüp oturan oglanlara elini uzatdy. - Edil bir perişdäň bar-da. Olary görüp, gojanyň ýüregi jigläp gitdi.Ol ýadaw gözlerini „gül ýaljak“ bolup oturan oglanjyklara dikdi. Birdeem aýgytly karara geldi. - Ýok, başlyk. Men olary işe alyp biljek däl. - diýdi-de çürt-kesik aýdyp, hyrra yzyna dolandy. Ýaşulynyň bar keýpi başyndan uçdy. Ol „gül ýalyjak“ diýilýänler düýn awtobusda ýaş, eli bäbekli gelne oturara ýer bermän, bihaýa ýylgyryşyp oturan oglanjyklardy ahyryn. 21-nji aprel 2004 ý. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |