16:06 Güljahanyň soňky güni / hekaýa | |
GÜLJAHANYÑ SOÑKY GÜNI
Hekaýalar
Şäher hassahanasynyň ikinji gatyndan bütin howlyny synlamak mümkin. Emma penjirä golaý baryp ýa-da ýeriňden dikelip oturyp bilýän bolsaň. Arman... Güljahanyň diňe agaçlaryň depesini hemem ummasyz asman giňişligini göräýmese başga alajy ýok. Käwagtlar kellesiniň agyrysyna çydap ýatyşyna asmanyň mawy reňkine seredip irkilip galýardy. «Şu ýyl gyş o diýen sowgam bolmady, goşa ýaz diýen ýaly. Ýöne bahar-yaza ýetmek maňa miýesser etmez. Alabaharyň hoştap howaly günlerini gaty küýsedim. Ýaz çykdygy seni oba ugratjak diýip ýoldaşymam birki ýola aýtdy. Gowy bolardy». Kellesiniň ýene agyryp başlamagy, ýene oý-pikirlerini jemlemäge goýmady. Şeýdip agyr halda ýatandygyny, onda-da başga ýerde, il-obasyndan daşda, Güljahana agyr degýär. Häzir geçen geçmişini, uzak bolmadyk ömrüni hem ýatlasy gelenok, diňe şu çydar ýaly däl azar bolmasa, hem diňe ýatsa bolany. Uzak-uzak ýatasy gelýär, mejalsyz, sadyr bolan suw ýaly. Bir gynanýan zady: wah, şu wagt golaýymda ejem janam bolaýsady, başga hiç zat islemezdim. Emma ol bu halymy görüp ýaman üzülerdi. Ýene ýadaw gözleri penjirede, mawy giňişlik, kir-kimirsiz, mawy asman. Ikindi bolup gelýär öýdýän palatanyň içi garaňkyraýar. Asmanyňam bir çeti gyzaryp başlar. Eýýäm Gün öýleden agaýdymy?.. *** Keselhananyň howlusynda seteran ösüp oturan belent sosna, ýel agaçlary bar. Ýerli agaçlardanam tut, maklýura. Tutlar gyşa gahar edip ýumrugyny düwüp oturan ýaly diýseň, maklýuralar edil oklykirpä meňzeýär. Ana, şol oklukirpi agaçlaryň saýasynda goýlan skameýkalar häzir saň-gaty buz baglap galan harsaň ýaly. Emma oňa gelip oturan kyrk ýaşlaryndaky kişiniň doň-buz piňine-de däl. Gapdalyndan geçip-ötýän gaýda-gaýmalaşyk kesehana jemagata hem perwaýsyz. «Wraç hem ýalňyşyp biler ahyr! Doktor näme hudaýmy?! Aý, ýok entek beýdip aýdybermelem däldi ahyr. Düýnem gelniň ýaşajyk eken, hökman bäri bakaýmaly diýip, gaty pugta aýtdylar, ynam berdiler. Indi bu gün bolsa beý diýmekleri nämekä? Ýogsa aýdan zatlaryny agyzlaryndan çykmanka tapyp getirip durun. Bäri-bärde tapylmaýan derman sargasalar-da tapdym». Onuň gahar we öýke gatyşykly nazary keselhananyň ikinji gatyna-Güljahanyň ýatan palatasynyň penjiresine gönükdi, gaýzygan ýüzündäki ýygyrtlar şu wagt maňlaýyny we çöküşen owurtlary mozaika ýalydy. «Ah-h, Jahangülüm, wah Güli Jahanym... Owalda-ahyrda meniň ýüzüm gülmejek eken-dä, beh-h. «Ilki söýgim, soňky görgüm» diýenimikä ýa indi bi?.. *** Güljahan hiç zatdan habarsyz. Öz derdi bilen başagaý. Hassa bolup ýatan adamda bir duýgy bolýar; ol ýagdaýynyň agyrlaşandygyny, soňky günlerini ýaşaýandygyny bilýär. Şondan soň ähli zada biperwaý bolýar. Bütin ömre ynjalyk bermedik pikirlerine, ýetmäge ymtylan maksatlaryna täzeden-başga bir nazar bilen garaýar. Beýle ýagdaý onuň özüne hem geň. Hemme zatdan tamasyny üzen adamyň nebsi özünden öň göz ýumýar. Ölüm pillisinde adamyň özboluşly owadan görünýändigi hem belki şondandyr. Güljahan onsuzam owadandy, şol görk-görmegini hassa ýatyrka hem ýitirmedi ol. Dogrusy dert-kesel hem onuň gül jemalyna zeper ýetirmäge milt etmedi diýen ýaly. Ýöne adam pahyryň maňlaýy şor bolsa bolmajak eken. Bu söz Güljahanyň ejesi görgüliniň köp gaýtalaýan sözi. Güljahan ejem jan şu wagtam ýumruk ýaljak çäýnegini öňüne alyp, öýüň dulunda ses-üýnsüz oturandyr diýip, mähribanyny ýatlap, gözlerini ýumdy. Ol indi nämälim älemiň aýlawly menzillerinden göni ýola düşüp barşyna soňky düýşlerini görýärdi. Indi galan görülmeli zatlar çyn dünýäde. *** Güljahanyň görýän düýşlerinden habarsyz ýoldaşy daşarda, sowuk skameýkanyň üstünde şol oturşy. Onuňam özüniň özüne aýdyp bermeli hekaýasy bar, özem bäri-bärde biterli däl. Adam pahyr ýumruk ýaly ýüreginde bir iner ýüki ýatlamalary, ýatlamalarda hem dertleri götergiläp ýaşaýar. Ol ýatlamalaryň ýarsy öňki durmuşy bilen bagly, galan ýarsy Güljahana degişli ýatlamalar. Güljahany ilki gören günüm nähili gündi? Öz-ä bir baýramdy, ýöne ýadymda galan zat, goh-galmagally köçe bilen barşyma dyknyşyk mähelläniň içinde ony görüp, aýaklarym diýenimi etmän, säginenimi özümem bilmedim. Ilki gözümde galan garaluw gözleri, şol gözleriň adamlara salykatly seredişi, soňam ýöräp barşyndaky owadanlyk. Men onuň yzyna düşüp, näçe ýöränimi bilemok. Şol wagt bütin ömrüme onuň yzyna düşüp ýörsemem, näme edip ýörenimi bilmezdim. Emma ol bazar meýdanyndan çykyp, adamlaryň galmagalyndan çolarak ýerde saklandy. Gelşiklije elbukjasyndn eltelefonuny çykaryp, birine jaň etdi. Maňa üns bermese-de, men biraz gaýra çekildim. Ýoldaşyna jaň edýärmikä, ýa erkek dostuna diýip ala güman edibem ýetişdim. Ýok, ol ejesine aýlaýan eken. Birinji sözünde «Eje jan, salam» diýip howatyrly hem mähir bilen käbesine ýüzlendi. Ýöne ejesi bilen gürrüňiniň arasynda men onuň kyn güne düşüp durandygyny, indem doglan öýüne baryp bilmeýändigini eşitdim. «Men-ä näme etjegimi bilemok, eje, indi öýe baraýmasam, öýe-de nädip barjagymy hem bilemok» diýip, aýdýarka onuň barha başy aşak, ýüzi hem solup barýardy. Ejesi görgüli hem gelmez ýaly bolsaň gelme, gyzym diýýändir-dä, gyz ahyr hiç zat diýmän telefony goýdy. Onuň gaýda-gaýmalaşyk märekäniň ortasynda heýkele dönüp galmasy bir adamyň hem gözüne ilenok. Edil özi alaçsyzlygyň iň tukat we janly heýkeli. Häzir oňa hiç kimden delalat ýok. Hatda mendenem. Ýöne men baryp bilmesemem bu gyzy beýle ýagdaýda goýup gitmejegimem anyk. Şol wagt gyz doganym jaň etdi: Aga, ýoluň bu tarapyna geçiň, men geldim. Gyz jigim ikimiz deňiz ýakasyna işe gidip barýardyk. Men jigime, kyn görmeseň sen bäri geç, senlik bir iş çykdy diýip haýyş etdim. Sebäbi bu gyzy bu halda goýup gidip biljek däldim. *** Sagatsaýyn ýagdaýymyň agyrlaşýanyny duýýan. Owadan gyzlar akylly bolmaýar, akylly gyzlar owadan diýen söz bar. Ýöne owadan gyzlar akylly bolýar-la, wah ýöne olar sada bolýarlar. Üstesine olaryň gözelligine göz gyzdyrýan betpällerem ýöne-möne adamlar däl, misli melgun şeýtanlar ýaly. Sadalyk barada oýlananymda ejem jan göz öňüme gelýär, o görgüliniňem sada kemi ýok. Wah, şol sada bolansoň biz sada doglupdyrys-da... Güljahan keselhana mahsus derman-däri ysly palatada ýeke-ýalňyz. Ýanyndaky ýatan gyzy alyp gitdiler. Indi megerem yzyna getirmezler. Ýagdaýy gowy däldi ol bedibagtyňam. Ýalňyz özi, boş palata. Hem ýene penjireden görünýän baglaryň depesi we mawy asman. Soňam arasynda gelip-gidip ümsümligi bozup duran şepagt uýasy. Onuň-a hiç peýdasy, zyýanam ýok. Zyýan diýende Güljahanyň ýadyna gelnejesi düşýär. Şol gelnejesi dälmi onuň bütin ömrüni zaýa eden, her ädiminde zyýan beren albassy?! Emma akýal gelnejesinden öňürti dymma agasy göz öňüne gelip, kalbyny gynançdan püre-pür edýär. Sadakalp agasynyň her demde başyny-gözüni aýlap bilýän ýylan dilli gelnejesi bolmadyk bolanda, Güljahana başga bir ýagty ykbal nesip etmegem mümkindi ahyr. Ýöne häzir bu zatlaryň hiç birisi, hi-iç birisi derkar däl, ol geçen günler hakda näçe kän oýlansa haly beterleşip barýar. Onsuzam ýagdaýy gowy däl. Soňky demlerini dymyp, rahat uklap bilse uklap geçiresi gelýär. Eger bagty getirse, ukuda wagty bu ýalançydan çykyp gider. Belki hudaý, belki Alla jan soňky gezek bir maňa haýpy geler diýip Güljahan asmana garaýan gözlerini ýumýar. *** Daşarda-keselhana howlusynda oturan kişi kellesini aşak salyp, şol ýatlamalara berilýär. Deňiz tarapdan öwüsýän çygly şemal biraz göwnüni göterjek ýalam weli... ýene ýatlamalaryň ýüki agyr gelýär, agyr. Şol gezek-Güljahana ilki sataşan günüm nähili gündi? Eger şol gün ýanymda gyz jigim bolmadyk bolsa Güjahan bilen ykbal ýollarymyz göz-görtele çapraz düşerdi. Güljahanyň gaty buýsançly gyzdygyny gören badyma duýdum, näçe çykgynsyz ýagdaýa düşüp duranam bolsa, ilkinji sataşan bir nätanyş erkegiň yzyna düşüp gitmjegi köre hasa. Emma düşbije gyz jigim onuň bilen derrew dil tapyşdy, şeýdibem biz indi iki däl-de üç bolup ýola düşdük. Soňra deňziň gyrasyndaky bu asuda şäherde onuň bilen goş birikdirdik. Palaw bişirip, bäşdir-üçdir işdeşlerimizi, tanyş-bilişlerimizi çagyrdyk. Biziň nikalaşandygymyzy adamlara belli edesimiz geldi. Indi bizem bir maşgala, bir ojak. Özüm-ä begenip toýumyzy uluragam etjekdim weli, Güljahan ýorgana görä aýak uzadaly diýdi. Jan-saglyk bolsa toýlaryň ulusy öňde. Men Güljahany ilki görenimde halapdym, indi bolsa hakykatdanam onsuz ýaşap bilmejegimi duýýan. diýmek aşyklyk diýilýän şu zat bolmaly. Bir ýassyga baş goýup, bir ojakdan örläp başlan günümizden men başga bir adama öwrülsem nätjek. Şoňa özümem geň galýan. Bir gezek ertir oýansam Güljahan ýüzüme seredip otyr. Men näme bir zat boldumy, eýgilikmi diýip soradym. Ol owadan ýylgyrdy: ilki görenimde seni geldi-geçer adammykaň diýip oýladym, daş-keşbiňem göwnüme ýakmandy şol wagt diýdi. Şeýdip ýürgindäkini aýdýandygy üçin men ondan gaty göremokdym, tersine etmelisi şol diýýärdim. Ýöne dogrusyny aýtsam, Güljahan ýalňyşmaýardy, men şol wagtam, şondan öňem gaty geldi-geçer, kezzap adamdym. Özem bütin ömrüme. Hemem bütin ömrüme şu bolşum, pis häsiýetim üçin öz-özümi ýigrenip geldim. Ýüregimiň töründe gowy adamdygymy bilýärdim. Ýöne pis-pisi tapar diýleni, maňa bir ömür diňe özüm ýaly, käwagtlar-a özümdenem bäşbeter zyrryjym ýalançylar sataşdylar. Emma men ahyr bir gün düzeljekdigimi bilýärdim. Meni halas etjek, meň ömrüme dirilik berjek halasgäriň geljegine-de ynanýardym. Olam ynha Güljahandy. Şonuň üçin bu gyzy her gezek synlanymda nämüçindir Bibimerýem göz öňüme gelýär. *** Güljahanyň bagtyna boran ýagdyran gelnejesi Hesel. Has anygy gelnejesiniň jigisi Soltan. Hesel Güljahanlara gelin bolup düşeli gününden otursa-tursa şol jigisini aryplap-taryplap ýerde-gökde goýdumy asyl. Şu zatlary ýatlanda ýene gelnejesiniň süýndürip-sozup aýdýan sözleri gulagynda ýaňlandy: Soltan komitet diýseň jigim jany etrapda tanamaýan ýok, basym-a welaýata-da çekiljek. Soň ýene bir öwrümde genejesi zeýrenen boldy: jigim jana beýdip ýörme, gowja bir gyza öýlen, şäherde jaýyň bar, ulagyň bar suw ýaly, indi bir akylly maşgala gerek saňa diýýän. Hiç diýenimi edenok-da, tapýan bahanasy akylly gyzlara entek gabat gelemok, onsaňam biziň işleýän ugrumyzda öýlenýän ýeriňem ýedi arkasyna çen gaty arassa bolmaly diýýä. Bir günem gelnejesi seni jigim bilen tanyşdyrjak diýdi. Bolmasa bir gün segsen si...den galyp, sürüp ýöreniň biri jigimiň başyny-gözüni aýlap taýýar aşyň eýesi bolýar, ynha görersiň. Güljahan näme diýjegini bilmedi. Ol şonda gelnejesiniň aýdyp oturşyny uýat görüp utanypdy. Ýöne Soltany görende welin, ony halady, ýaman oglan däl eken. Salykatly, gepi-sözi ýerinde. Obanyň oglanlary ýaly-ha däl. Gelnejesiniň oglan jigisi bilen gepleşip başlandan soň agasy hem ony öňküden has gowy görüp başlan ýaly. Bir zat bolsa hany Güljahandanam sorap göreli diýip onuň bir zat diýerine garaşýar. *** Özi islemese-de ýatlamalar gelip ony gynajak bolýan ýaly. Ýöne indi Güljhana barybir. Bu ýatlamalar diňe ýüzüni ýelpäp geçýän şemaldan enaýy däl. Ýöne ol Bakyny ýatlanda ýüzüne epgekli howa howur bolup çawlap gidýär. Şol şöhratsyz Şöhrat diýilýän şahyr bilen gatnaşygy düşüniksiz ýagdaýda tamam bolandan soň kän wagt geçmänkä Baky diýen bir telpegi agan sataşdy. Dünýäniň darlygyna seretsene, özünden onki ýaş dagy uly Baky hem Şöhradyň obadaşy bolup çykaýsa nätjek. Ýöne Güljahan oňa başyndan geçen bar zady gyssanman aýdyp berdi. Baky edil müdimilik dymmaga höküm edilen ýaly agzyny açman ony diňledi, emma käte Güljahan gözlerini ýaşlap bir zatlar aýdanda biygtyýar ýylgyrýardy. Ahyr elini galdyryp, Güljahanyň geçmişi bien bagly gürrüňlerin bes etdiren Baky: Bu zatlaryň baryny gorkunç düýş hasaplaly-diýdi.- Geçen zat geçmişde galsyn, biz şu gün bilen ýaşaly, bagtly bolmak üçin şol ýeterlik. Güljahan! Bigünä halyna töhmet lüýgüne ýykylan Güljahan. Ony süýji, emma gorkunjyrak pikirler üýşendirse-de Baky bilen ýola çykdy, ýüzlerini hem garaňka tutdular. Baky bilen gaçmak karary tüýs ýüreginden, özem berdken-berk. Çünki, onuň töhmet batgasyna bulaşan ykbalyny Bakydan başga halas etjek ýok. Baky Güljahany gowy gördi, gowy görmek näme, adyny tutanda aýdýan sözi gelinçek. Bu Güljahana gül-çeçek diýen ýaly bolup eşidilýär. Ol Baky bilen ilkinji gezek alys ýola çykyp gördi. Beh-h, dünýäniň çäksizdigini. Baky elinden dür dökülýän ussa, Aşgabatda gurluşyk firmalarynda elmydama ýeri taýyn. Gazanýanam az-owlak däl. Paýtagta gelip düşüp, Bakynyň bir garyndaşlarynka myhman bardylar. Ol ýerde iki gün dagy eglenmeli boldular. Ýöne üçünji gün agşam gyssanmaç bir ýerlerden gelen Baky garyndaşlary bilen hoşlaşyp, Güljahanam alyp köçä çykdy. Ýolugruna Baky «Men şäheriň eteginde kireýine bir sümelge tapdym- diýip, hoşgylaw ýylgyrdy. - «Myhman bilen balyk üç günden soň yslanyp ugraýar» diýen nakyl bar italýanlarda. Şonuň üçin gadyrymyz gaçybermänkä ýöräli, gelinçek» . Näçe akylly geplese-de, Baky birhili kem-kemden başga adama öwrülip barýardy, edýän işlerem paýhasly adamyň etjek işine meňzemän başlady käte. Dostlaryny yzyna tirkäp gelen wagtlary ol has-da üýtgeýär. Şol wagt başga adama öwrülýän Bakyny görmek Güljahanyň ýüregini agyrdýar. Onuň dostlarynyň özüne haýasyz seredişi depesinden gaýnag suw bolup guýulýar. Bakynyň ýanynda hem çylkasyz gülüşip Güljahana gözlerini çarhlap otyrlar. Näçe halamasaň-da, hatda ýigrenseň-de olara hyzmat etmeli. Aşhanada nahara güýmenip ýören aýalynyň arkasyndan gelip gujaklap, boýnundn ogşaýan Baky: «Gelinçek-diýip, gelişmese-de sesini näzlendirýär.-Sen nahary bal edip bişirýäň. Dostlarymam seňkä barsak garnymyz ýazylaýýar diýýärler. Çammat jan-a gelniň ellerini ýalamaly sen diýýär». Güljahanyň ýüregi bulandy. Nähili nejis adamlar-eý bular? Baky orta geçip wagyz edýän ýaly: «Arak içmeli däl, oglanlar, arak ähli belanyň başydyr -diýýär. Soňra elindäki paketdäki gökje oty güjeňleýär.-Ine bu bolsa bolýa, bunuň tüssesi şypa, bir burugsatsaň jennete özi eltýär. Muňa marihuana diýýäler». Baky dagynyň egrilişip çilim çekenlerinden soň nahara işdämen topulyp, saçakdaky çörek-çaraga çenli ýelem-ýuwlet edip, ýene bir zatlar hantama bolup oturyşlary Güljahan üçin juda geň. Bakynyň dost-ýary hem gutarjak däl, oturyşmasy hem. Güljahanyň halyna, ýagdaýyna garaýanam ýok. Şol günem ol görüm görüp ysgynsyz ýatyrdy. Ilki Baky gapydan girdi, iki sumka iýmit, gök-sök. «Sen nämä ýatyrsyň? Bol-bol, tur, hä diýmän oglanlar gelýär, tur-how. Saçak ýaz, çaý-suw goý. Derrew naharyň ugruna çyk». Güljahan ýaramaýanyny bahanalap bilmedi. Süýrenip saçak ýazyp, naharyň ugruna çykan aýalyna ýüzüni kürşerdip duran Baky: «Sen-ä gözüme ýaman kän düşüp başladyň, blýa suka - diýip, dişinden syzdyryp aýtdy. - Maýanyň gününe düşäýmeseň ýagşydyr-ow”. Oturyşma uzaga çekdi. Aýdym-saz hem etdiler, jaýy agdaraýjak bolup tansam. Güljahan bir zat üçin olaryň otagyna girende gözleri dym-gyzyl Bakynyň dostlaryna bir zat paýlap oturandygyny gördi. Baky kepän dodaklaryny ýalap: «Prezerwatiw bolsa gowy bolýar, goragly bolmaly, Hudaýam saklanany saklarmyş, oglanlar» diýip, zordan bazzyk-buzzuk edýärdi. Onuň garşysynda oturan ýene bir şepesi başyny ýaýkaýar: «Şaban-a, et-ete degmesi lazym diýýä kinoda». Onuň kikirdisi baýguşyň sesinden enaýy däl. Bakynyň, ülpetleriniň samsyk sözlerindenmi, otagyň içini gaplap alan tüssedenmi Güljahanyň başy erbet aýlandy, zordan gapydan çykyp, aşhana geçip gyşardy. Soňra daňa çenli azap çekdi. Ol özüni bilmän ýatyrka aýdym-saz, gülki sesleriniň bir ýakynlap, bir daşlaşýanyny duýýardy. Olaryň sesleri şeýle bir ýakymsyz, kikir-kikir gülüşleri hem janyňdan geçip barýar. Ol ömründe şeýtan diýilýänini görmedigem bolsa, özüni bilmän ýatyrkada olaryň gülküsini edil şeýtan gülküsi ýaly diýip oýlandy. Soňra uzak wagtlap ony galtak arbada bir ýana äkidip barýanlar ýaly duýuldy. Meni nirä äkidip barýarkalar diýip birnäçe gezek başyny galdyrmaga synanyşyp başarmady. Bakynyň özüni gujaklap aşhananyň boş burçuna çenli itiberip äkidýänini, soňam özüniň üşeýändigini, sebäbi bilinden aşagynyň ýalaňaçlygyny aňlaýar. Soňra biraz wagtdan Baky ýene gelýär, ýöne bu gelşi başgaça, bir ýerden ylgap gelen it ýaly. Has-has edip üstünden aýrylanok, alkymynyň aşagyndan sorýar. Ýüzi hem gyrçyw tüýli. Dur-r, dur, Bu asla Baky däl, Baky muň ýaly inçe däl ahyry. Waý, bagtymgara... turmaga synanyşýar, bolanok, başyny galdyrmaga mejal ýok. Ol ertir guşluga ýakyn oýandy ýa-da özüne geldi. Kellesi entegem güwlap dur. Aşhananyň içine doňuz giren ýaly, ýatan ýeri akan-dökän. Eliniň aýasynda çişirilmedik şara meňzeş rezin, ýelim ýaly ýürekbulanç şepbik. Güljahan bilinden aşagynyň ýalaňaçdygyny, duýdy. Iki aýagynyň ortasy artbujagyna çeni azar. Edil depilen ýaly diýip azaryny öz içinden suratlandyrdy. Elindäki ýigrenji rezini bir tarapa pyzyp goýberdi. Güljahan hammamy gaty gyzdyryp suwa düşüp bedenine ýapyşan kirleri ýuwmaga synanyşdy, emma kirler kalbyna çenli syrçalanan ýaly, asyl aýrylarly däl. Gaty bir kän bolmadyk goşlaryny gyssanmaç ýygnaşdyryp, ýoltorbasyna dykdy, tiziräk bu ýerden garamy saýlamaly, ýitmeli. Kellesinde köwsarlaýan pikirlerdenem gaçyp gutulaýjak ýaly. Uly ýola çykyp taksi saklady: - Çoganla gitmelidim, aga! Gyrçuw sakally taksiçi sesini çykarman baş atdy. Çoganla baryp welaýata gidýän taksilere mündi, dogduk mekana gyssandy, göbek ganynyň daman ýerleri derdine derman boljak ýaly. Soňra ýolboýy pikirlendi, ol doglan obasyna hem baryp biljek däl, gaçyp gaýdypdy ahyr. *** Şol gün Güljahan hem tukatdy hem owadandy. Owadanlygy tukatlygyna ýaraşýarmy, ýa tukatlygy owadanlygyny has syrly edýär, belli däl. Keselhana howlusynda oturan kişi - Güljahanyň ýoldaşy şol güni ýatlap ýene sowuk skameýkada başyny aşak sallap otyr. «Şol gezek gyz jigim bolmasa men Güljahan bilen hiç wagt sataşyp biljek däldim» diýip ol oýlanýar. Güljahan hem alaçsyzlykdan olar bilen ýoldaş bolup deňiz gyrasyndaky şähere gaýdypdy. Otlynyň üstünde arkaýyn iýip-içensoňlar olar tanyşdylar. «Gyz jigim akylly, gyz jigim alçak, derrew adamyň göwnüni tapýar-diýip, ýene oýlanan kişiniň gyz doganyndan göwni bitdi. Emma Güljahanyň şol günki ýagdaýyny göz öňüne getirmegem kyn. - Hem tutgun hem tukat, gözelligi gussa bilen garyşan». Ahyr alçak gyz jigisi ony agasy bilen tanyşdyrdy: - Meniň adym-a bilýäň, bu-da meň agam Artyk. Güljahan çalaja ýylgyrdy, lebleri juda ysgynsyz: - Gowudygyny, siz meň agam bilen atdaş ekeniňiz. Täze tanyş bolan bu naçar bilen nähilem bolsa bir baglanyşygynyň bardygyny bilen Artyk öz ýanyndan begendi. Güljahan bolsa agasyny ýatlanda, ýene ýurtýykan gelnejesini göz öňüne getirdi. Gelnejesiniň jigisi ony oýun eden bolup alyp gaçdy. Şäherde bir ýerlere äkidip iki gün ýaly saklady. Ýöne gyza barmagynam batyrmady. Güljahanyň gelnejesi bolsa zatdan habarsyz ýaly lal-jim geziberdi. Ýöne birki günden oba «Güljahan gaçypdyr» diýen gürrüň öýme-öý aýlandy. Ýene iki gündenem Soltan Güljahany öýlerine äkelip gitdi. - Bagyşla, Güljahan! Ikimiz maşgala durmuşyna taýýar däl. Muny wagtynda duýanymyz gowy boldy. Bir bolmasy iş etmedik, şoňa şükür. Güljahan ýüzüni ýerden galdyrman: - Indi men öýdäkilere näme diýmeli? Olaryň ýüzüne nädip garamaly?- diýip, maşynyň rolundan ýapyşyp oturan Soltana seretdi.- Oba-da gep-gürrüňim ýaýrapdyr. - Sen arkaýyn bol, ejekem agaň daga Güljahan bir jorasynka giden eken diýipdir. Olar-a seniň gaçanyňam bilenok, zadam. *** Ýokarky gatda ýatan Güljahanyň ýatlamalary bulam-bujar. Azary güýçlenip başlasa hemmesi beýnisinde aýlanyp başlaýar. Agyryaýryjy sanjymdan soň uky ony gujagyna alýar. Ýa-da ýatlamalar düýşler bilen garyşyp gidýär. Soňky ýatlamalar öňki ýatlamalaryň üstüne urna. ...Şol günem ol agşam naharyndan soň Artyga daşary çykaly diýdi. Deňiz kenaryna aýlanasym gelýär. Şol agşam deňiz kenary köpadamlydy. Şowhun-şagalaňam ýetik. Haýsydyr bir baýramçylyk bellenýärdi. Daşary ýurtdan gelen aýdymçylar hem bardy. Edil bir bela uçrajagy belli bolan ýaly, Güljahan ýoldaşyna: - Artyk, meň ýeke özü ýöräsim gelýär- diýdi. Artyk oňa hiç zat geplemän razy boldy. ädimlerini haýallatdy, Güljahan bolsa öňe ümzük atdy. Dürli yşyklar bilen ýagtylandyrylan deňiz ýakasyny synlap, ýalňyz ýöräp barşyna nämüçindir şol Şöhrat şahyry ýatlady. Häzir birden ýadyna «Deňziň daşly kenarynda meni ýalňyz goýup git» diýen setirler bilen başlanýan goşgusy geldi. Ol näçe gowy ýazýan bolsa-da, hiç kimiň oňa göwni ýetmezdi. Deň-duşlaram «Şöhratsyz Şöhrat» diýip, gülüp adyny tutardylar. Emma Güljahan oňa göwün berdi. Olam ony ýaman görmedi. Hatda sen janymdan ezizsiň diýdi. Gyz oňa oba-ilde adynyň zaýalanandygyny, emma özüniň entegem gyzdygyny janygyp aýtdy. Şöhrat şahyr: - Eger sen gyz bolmaýanyňda hem men seni hiç kime bermeýän – diýip, kesgitli aýdypdy. Gyzyň gözlerine bakyp goşgy hem okapdy. – Pynhan görkli sen deý gözel, diňe düýşde görülýändir, hem kemmagal, ýöne şahyr, ýigitlere berilýändir. Bu sözler üçin Güljahanyň minnetdarly gözýaşlary hünji deýin dökülmänmidi?! Bolýan zatlary görsene; gowy adamdyr diýip göwün bereni, onuň abraýyny ýere çaldy, emma gyzlyk namysyna el garmady, ýa-da başga bir sebäp boldy garaz. Hakykatdanam gowy adam bolaýmaly Şöhrat bolsa arzan sözleri bilen hüwdüläp, onuň gyz kalbyny humar etdi. Soňam gyz dünýäsini talap, ýok bolup gitdi. Güljahan onuň ýazan goşgularyny öňem, häzirem üzlem-saplam ýatlaýar. «Meni şeýdip söýersiň sen, meni şeýdip ýigrenersiň». Nowjuwan ömrüni gussa-gaýga taladan şol näkesleri hiç bir ýagdaýda unudyp bilmeýändigini öz içinden boýun alan wagty Güljahan birden bar zady ýadyndan çykardy. Asyl ol dünýäden gaýyp boldy. *** Keselhananyň howlusynda ýalňyz oturan Artyk hem Güljahandan habarsyz şol gijäni ýatlap otyr. Şol gije Güljahanyň soňky gijesi boldy diýip oýlanyp uludan dem alýar, başyny ýaýkaýar. ...Güljahandan bäş ädim yza galyp, ýuwaşja ädimläp gelýän Artyk näme oýlanjagynam bilenok, diňe sessiz dymýar. Ine, birden onuň öňünden ýöräp barýan Güljahany ýer hopan ýaly boldy. Ol iki ýana alakjap ylgady, emma giç galan eken. Okdurylyp baryp, uzyn süýnüp ýatan Güljahany gujagyna alan Artyk: - Güljahan, Güljahan... - diýip, ony özüne getirmäge synanyşdy. – Güljahan nämboldy saňa, janym? Artyk kenary gurşap alan mähelläniň gohy şowhunyna güýmenip, Güljahanyň ýykylanyny görüp ýetişmän eken. Ol Güljahany gujagyna gysyp oturşyna bu bolan ýagdaýyň günäkäri saýyp, ah çekýärdi, ökünýärdi. Gazanyň gapagyndan uly bolmadyk doňan aýmança basanda aýagy tyýpyp ýykylan Güljahan göýä uklap ýatan ýaly. Ýogyn gara saçlarynyň, örüminiň başlanýan ýerinden emaý bilen tutup galdyrjak bolanda aýasyna gan çyrşalan Artyk allaniçigsi bolup Güljahana seretdi. Güljahan bolsa çalaja özüne gelip, ysgynsyz dillendi: - Bagyşla, Artyk, bolgusyz zatlaryň pikirini edip barşyma aýagymyň aşagyna seretmändirin... *** Gün ýaşyp gelýär. Asmanyň günbatar gyrasy gyzaryp, gyzylymtyl çylgymlar bulutlara hem ýokuşypdyr. Howa aýazly bolanyna asmanam doňan suw ýaly, Günem mährewsiz. Güljahan şu gün Güni görüp bilmejekdigini, başga wagtam puryja berilmejegini duýup ýatyr. Ikindine golaý keselhana howlusynda adam-gara seýrekleşýär. Artyk onsuzam töwereginde adam bamy, ýokmy bilenok. Öz gaýgy aladasyna basyrnyp otyr. «Ýokarda Güljahanyň ýagdaýy nähilikä? Ýatylmanka ýene bir görüp bilsem gowy bolardy. Wraç entek gitmedik bolsa, ondan rugsat alaýyn». Güljahan bolsa eýýäm rugsat alan ýaly, gaýtmaga taýýar. Islese-islemese-de uzak ýola göwnüni bire baglady biçäre. Ol muny Artyga hem aýdyp ýetişmedi ýöne. Asmanyň bir çeti we agaçlaryň diňe depesi görünýän penjireden Güni göräýjek bolup kösenip ýatyşyna ýene geçen günleri howlukmaç ýatlady. Häme diýseňem geçen günler, hupbat-azaby bilenem gowy eken. Ol diňe ejesini küýsedi, hoşlaşasy geldi. Hem agasynyň keşbini göz öňüne getirip ynjady. Gelnejesi, Soltan, Şöhrat, Baky bir-bir göz öňünde kiçelip-kiçelip naýynjar göründiler. Olara ýüregi awadymy nämemi, garaz günäsini geçdi. Bolmasa Alla jan olaryň günäsini geçmejegi anyk. Güljahan iň soňky sözüni «Alla jan hemmämiziň günämizi geçsin hernä» diýip rahat gözlerini ýumdy. Ol iň soňky sekuntlarda özüni edil ýatan krowadynda eräp giden ýaly, barlyga siňip barýan ýaly duýdy, geň duýgy. Keselhana palatasyna aralaşan tümlük indi ony tapyp bilenokdy. Nädip tapsyn, indi ol başga bir ýagty barlyk içre. Edil Gün ýaşan çagy Güljahanyň jan berendigini Artyga habar etdiler. Ýaňy bir durmuşym düzeldi diýip ýören kişi duýdansyz habary eşidip, hiç zat diýmäge mejaly bolman, doňup duruberdi. Ol iki jahan awarasy bolup durşuna «Beýle bolaýmalymy ahyr- diýip, maňlaýyny tutup, hamsykdy. – Ýaňy bir durmuşa umyt döräpdi, ol uçgunjygymam şeýdip öçäýmelimi?!» Ýaňy kyrk ýaşa gadam basan Artyk altmyş ýaşly goja dek birden hökgerdi. Onuň ömür hekaýasy hem Güljhan bilen tamamlanan ýaly edil şu wagt. Aslynda Güljahanyň ömri näme?! Onuň ömri hem okamasy kyn hekaýa ýaly bolup geçmedimi näme?! Sylapberdi MUHAMOW. 29.09.2022 ý. Garagaç obasy. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||
| ||||||