00:30 Gülki otagy / hekaýa | |
«Gülki otagy»
Hekaýalar
Ol «Gülki otagyndan» çykanda, sol aýagynyň sag aýagyndan uludygyny görüp geňirgendi. Sol eli hem sag elinden uzyndy. Maýmynlaryňky ýaly dyzyna ýetip durdy. «Burnum bir öňküliginemikä?» diýip, burnuny barlap görende, onuň hem ep-esli uzalyp, bürgüdiňki kibi aşak egrelip durandygyny duýdy. «Bu nähili beýle bolýar?» diýip, ol tolgundy. «Indi şu durkuma galybirmikäm?». Dessine yzyna dolanyp, «Gülki otagyna» gözegçilik edýän garryja aýalyň ýanyna bardy. Garryja aýal onuň arzyny diňläp, göwünlik berdi: —Bu bolýan ýagdaý. Gaýgy etmäň, birazdan öňki kaddyňyza gelersiňiz. —Şeýlemi? –diýip, ol ynjaldy. —Bu durkumyň näçeräjik wagt saklanmagy mümkin? —Ony anyk aýdyp biljek däl. Her kimde bir hili... –diýip, garryja aýal jogap berdi. —Gidip, ýadygärlik üçin surata düşäýsem diýýän. Şoňa çenli üýtgemerin gerek? —Ýok-la, üýtgemersiňiz –diýip, garryja aýal ynamly aýtdy. —Surata düşmäge arkaýyn ýetişersiňiz. Ol garryja aýal bilen hoşlaşyp, «Gündogar» bazarynyň ýanyndaky surata düşürilýän ýere ýöneldi. Barsa, özünden gaýry müşderi ýokdy. —Siz nähili görnüşde düşmek isleýäňiz? –diýip, suratçy ondan sorady. —Uzyn boýuma. Öz adaty däl keşbine suratçynyň ýüzüniň üýtgemeýäni ony geňirgendirdi: —Men gülkünç görnemokmy? —Görünýäňiz. —Onda näme üçin güleňzok? —Bu ýerde näme gülkünç zat bar? –diýip, suratçy agras jogap berdi. —«Gülki otagynda» bolansyňyz, wessalam. Suratçynyň jogaby ony iňkise giderdi: —Size öň hem şeýle müşderiler gelýärmidi? —Elbetde. Günde-günaşa –diýip, suratçy baş atdy. Surata düşüp bolansoň, ol çagalar bagyndan gyzjagazyny almaga sowuldy. «Meni görüp, çagalar-a gyzyl-gyran gülüşseler gerek» diýip, içinden pikir öwürdi. Hossarlarynyň gelip äkitmeklerine garaşyp oturan çagalar ony adatdakylary ýaly kabul etdiler. Hiç kim gülmedi. Hatda gyzjagazy hem. Ýolda gelýärkäler, ol: —Meniň keşbim gülkünç dälmi? –diýip, gyzjagazyna habar gatdy. —Gülkünç –diýip, gyzjagazy jogap berdi. —Onda näme üçin güleňok? –diýip, ol azymly sorady. —Çagalaryň eje-kakalary senden bäş beter gülkünjem bolup gelýärler. Sen dagy olaryň ýanynda wijjik... –diýip, gyzjagazy kineli torsardy. Öýe girende, aýaly hem onuň adaty däl keşbine ähmiýet bermedi. Gyzjagazy bolsa ur-tut ejesine arz etdi: —Kakam ýolda gelýäkäk «Üstümden güleňok» diýip käýedi. Aýalynyň gahary geldi: —Nämüçin çaga azar berýäň? —Azar beremok-la... –diýip, ol janykdy. —Gülkünç görünsem–de, gülenok, şony aýtdym... Ol aýalynyň ýüzüne naýynjar seretdi: —Bu nä boluş, ine, senem meniň keşbime güleňok? Hatda ýylgyraňogam? Aýaly nägilelik bilen başyny ýaýkady: —Adamlar senden müň beter gülkünç bolubam gezýäler. Haýsy birisine güljek olaryň? Ynha, biziň bir işgärimiz welin, dogrudanam, gülkünçdi. «Gülki otagyna» baryp, ol goşa burunly bolup geläýdi. Birbada gülüşdik. Ýöne indi gözümiz öwrenişensoň, şo-da gülkimizi tutduranok. Sen bolsa şujagaz keşbiň bilenem güldirin öýdýäň. Aýalynyň bu sözlerinden soň, onuň keýpi bozuldy. «Görsene, men elmydama iliň soňuna galaýýan» diýip, «Gülki otagyna» mundan birnäçe ýyl ozal, ýaňy açylan uçurlary barmanyna ökündi. Işinde hem onuň bu keşbi hiç kimiň gülküsini tutdurmady. «Meniň şu masgara keşbim hem gülkünç görünmeýän bolsa, onda men öz bigörklügime gynanyp hem ýörmäýin» diýip, ol köşeşdi. Şeýdip, ol öz täze keşbi bilen öwrenişip gitdi. Her näme-de bolsa, bu keşbi oňa ýaranokdy. Öňki durky gowy ýalydy. Şonuň üçinem aradan üç ýyl geçensoň, «Gülki otagyna» gözegçilik edýän garryja aýalyň ýanyna bardy: —Bagyşlaň, men henizem öňki kaddyma gelemok-la? —Gelersiňiz –diýip, garryja aýal oňa başdakysy ýaly göwünlik berdi. —Haçan? —Ony anyk aýdyp biljek däl... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |