11:58 Gürgenç / 1-nji kitap -11 | |
XI BAP
Taryhy proza
Aburaýhan halypasynyň beren bu gürrüňinden soň Watanynyň geçmişi bilen juda gyzyklanyp ugrady. Horezminiň öz ýazuwy, öz dilindäki kitaplar, ol kitaplarda nämeler ýazylandygy, araplaryň olary nädip ýok edendigi barada oýa çümýärdi. Bir güni ol halypasy Ibn Yrakdan: -Ustaz, araplar biziň öz dilimizde ýazylan kitaplary näme üçin, nädip ýok edipdirler?-diýip sorady. -Nirede kitap bolsa ýygyp alyp, olary küde-küde üýşürip, halkyň gözüniň öňünde ýakypdyrlar. “Ine, Siziň sygynýan oduňyzyň edýän işi! Ol öýüňize düşse onu-da ýakyp kül edýär. Mundan soň ýedi belanyň biri bolan oda sygynmaň, musulman boluň, şunda ahyrýetiňiz abat bolar”-diýip, wagyz edipdirler. "Nirde ol Allaň, bize görkez”-diýip, Allanyň adyna şek getirenleri, boýun egmedikleri oda taşlapdyrlar, gylyçdan geçiripdirler. -Ustaz, bu zulum-a! Adamlara zulum edipdirler-ä!-diýip, Aburaýhan aňyrsyndan dyzap gelen gazabyny saklap bilmän, gygyryp goýberdi. -Aburaýhan, sen entek ýaş bolýaň, käbir zatlara düşünmejek bolýarsyň. Adamzadyň durmuşynda zulumyň hem öz orny bar. Käbir uly işler zulum bolmasa bitmeýär. Ine, biz zulum bilen bolsa-da musulman bolduk. Külli älemi ýaradan, bizi ýokdan bar eden, akyl-idrak, görmäge göz, sözlemäge dil, ýöremäge aýak, tutmaga el beren gudraty güýçli Allany tanadyk. Halypasynyň sözlerini tabynlyk bilen diňläp oturan Aburaýhanyň kellesine berip bolmaýan sowallar gelýärdi. Şonuň üçin berip bolýan sowal bilen ýüzlendi: -Ustaz, şol gadymy öz dilimizdäki kitaplarda nämeler hakynda ýazylanyny bilýän adam ýokmyka? Ibn Yrak şägirdine ýylgyryp seretdi: -Nämeler ýazylanyny bilesiň gelýämi?5 -Juda bilesim gelýär. -Meniňem bilesim gelýär, emma ol döwürden bäri üç ýüz ýyla golaý wagt geçdi. Bäş arka aýlandy. Şonuň üçin ol kitaplaryň mazmunyny doly bilýän adam ýok bolsa gerek. Ýöne babalaryndan atalaryna, atalaryndan ogullaryna, ogullaryndan agtyklaryna ýetip gelen gürrüňlere görä ol kitaplaryň biri biziň öňki ataşperezlik dinimiziň pygamberi Zärdöştiñ taglymatyndan ybarat “Abisto”* diýen kitap bolmaly. Sebäbi Zärdöştiň watany Horezmin bolansoň Zärdöştilik dini hem ilki Horezminde döräp, soň dünýäniň köp ýurtlaryna ýaýran. Eýranyň patyşasy Gustasyp “Abistony” pars diline geçirdip, on iki müň derä altyn syýa bilen ýazdyran eken. Ol Daranyň döwründe-de hikmetler kitaby hökmünde aýawly saklanypdyr. Emma Isgender Zulkarnaý Eýranyň paýtagtyny basyp alanynda ähli ataşhanalary ýykyp-ýumryp, şol altyn syýa bilen "Abisto" ýazylan derileriñ köpüsini oda ýakdyrypdyr. Ol Eýranyň Istahr diýen şäherini alanynda ol ýerde tagta ýazylan “Abistonyň”tebigat, tibbiýet, pelsepe, nüjüm ylymalaryna degişli ýerlerini terjime etdirip, galan böleklerini hem ýakdyrypdyr. -Näme üçin ýakdyrypdyr? Ýa onda ýaman sözler ýazylypmy? -Ýok. Zärdöşt diňe ýagşylygy wagyz edipdir. Häzir onuň saklanyp galan dörtden bir bölegi hem uly kitap. Onda diňe adamlara däl, hatda haýwanlara hem ýagşy gatnaşykda bolmaklyk nesihat edilýär. Onda öňe sürülýän üç zat bar: Ýagşy pikir, ýagşy kelam, ýagşy amal. Görýäňmi nähili. Şu üç unsurda durmuşdaky ähli ýagşylyklar jemlenen. Ýamanlyk edýänlere-de berilmeli jezalar hem kesgitlenen. Eger gyzyklansaň, kitaphanada parsyda ýazylany bolmaly. Alyp okap gör. -Ony hökman okaryn. Ýöne ustaz, beýleki ýok edilen kitaplarda entek bize mälim bolmadyk ylmy açyşlaryň hem bolmagy mümkinmi? -Mümkin-diýip, Ibn Yrak şägirdiniň pikirini tassyklady. Soňra öz pikirini aýtdy: -Biziň eždatlarymyz hem ötgür zehinli, ylyma, bilime yhlasly adamlar bolupdyr. Muňa “Abistony” okan her bir adamyň göz ýetirmegi mümkin. Men özüm “Abistoda” tebigat, adamyň tebigat bilen baglanyşygy, älemiň, dünýäniň ýaradylyşy, Aý, Gün, ýyldyzlar, ähli janly we jansyz möwjudat baradaky pikirleri okanymda mundan iki müň ýyl öň şeýle çuňňur pikir ýöredilenine haýran galdym. Şeýle çuňňur pikirli adamlaryň tebigaty, dünýäni bilmek, öwrenmek islegi, hyjuwy käbir açyşlara alyp baran bolmagy mümkin. Halypasynyň bu çaklamasy Aburaýhanyň gürrüňi edilýän şol gadymy kitaplara bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrdy. Ol: "Horezminiň niresinde bolsa-da bir ýerinde birde-ikide kitap saklanyp galmadymyka? Araplaryň hemme ýere eli ýeten däldir, ahyryn” diýip oýlanýardy. "Şol kitaplaryň hiç bolmanda birini tapyp, gadymy ýazuwymyzy bilýän adamdan öwrensem-de, okap görsem, eždatlarymyzyň nämeler hakynda kelle döwendiklerini bilerdim"diýip arzuw edýärdi. Emma arzuw etdigiçe ol kitaplar onuň üçin syrly äleme öwrülip barýardy. Bu syrly älem oňa ömrüniň ahyryna çenli-de syryny açmady. Oňa derek ol özünden müň ýyllar öň geçen beýik ýunan alymlaryny açdy. Indi ol Eflatun bilenem, Arasty bilenem olaryň öz dillerinde söhbetleşip, bäsleşip bilýärdi. Al Farabynyň eserleri onuň ýakyn maslahatçysydy. Arastunyň çylşyrymly pelsepesini Farabynyň oňa ýazan şerhlerini okap düşünipdi. Ýetginjeklik ýyllaryndan başlap onuň esasy gyzyklanýan ugurlarynyň biri fäläkiýet ylmydy. Ol özüniň beýik Watandaşy "Äl-Jabr wal-mukabala" atly eseri bilen Al Jabr (Algebra) ylmynyň esasyny goýan Muhammet ibn Musa al Horezminiň fäläkiýet ylmyna degişli eserlerini Eflatunyňky bilen deňeşdirip, ara tapawudyny anyklaýardy. Horezminde baryp ýüz ýyl öň şeýle beýik alymyň dörändigine haýran galýardy. Al Horezminiň nirede okap, nädip, beýle çuňňur bilimli, ylymda açyşlar eden beýik alym bolany hakynda oýlananynda hyýaly ýene şol özi üçin syrly älem bolup galan gadymy kitaplara dolanyp gelerdi. “Belki, Al Horezmi şol kitaplaryň saklanyp galanlary bolsa tapyp peýdalanandyr” diýip pikir edýärdi. Ol bu pikirini halypasy Ibn Yraga aýdanynda ol bir salym dymyp oýa çümdi, soňra Aburaýhana synçy nazaryny dikip: -Sen Al Horezmi gadymky kitaplary tapypdyr diýýäňmi? -Tapandyr, okap öwrenendir. Ýogsa takyr ýerde, aşagynda güýç bolmasa, hiç zat gögermeýşi ýaly ylmy binýady bolmadyk adam ylym döredip bilmez ahyryn, ustaz. -Seniň bu pikiriňde-de jan ýok däl. Ýöne Al Horezmi özüniň esasy işlerini Bagdada barandan soň şol ýerde edipdir. Şol döwürde Bagdat iň gülläp ösen, ylym we medeniýetiň rowaç tapan şäheri bolupdyr. Muhammet Al Horezmi halyfa Mämün al Mötäsimiň köşgünde ýaşap, ylmy döredijilik bilen meşgullanypdyr. Meşhur halyf Harun ar Raşidiň ogly Al Mämüniň döwründe Bagdada dünýäniň köp ýurtlaryndan tanymal alymlar, terjimeçiler toplanyp, “Baýtul hikmä" atly ylmy dergäh döredilipdir. Şundan soň Bagdat ylym we ylmy terjimeçilik merkezine öwrülýär. Başga dillerden köp ylmy eserler arap diline terjime edilýär. “Baýtul hikmäniň” garamagynda dürli dillerde ýazylan dört ýüz müň kitaply kitaphana hem-de resedhana bolupdyr. Al Horezmi şu kitaphana-da, “Baýtul hikmäniň” özüne-de ýolbaşçylyk edipdir. Ol resedhanada asman jisimleriniň hereketini öwrenip, biziň häzir peýdalanyp ýören “Zij-fiý-ylym äl-fälak” rysalasyny ýazypdyr. Al Horezminiň esasy ylmy işi bolan “Äl jabr wal-mukabälä” hem Bagdatda halyfa Mämüniň goldamagy bilen döredilipdir. Al Horezmi bu eseriniň söz başynda hem bu hakda: "Ymam Mämüniň ylyma gyzyklanmagy we alymlaryň işlerinde duş gelýän kynçylyklarda kömek berýänligi meni hasabyýat hakynda eser ýazmaga ündedi” diýip ýazýar. Halyfa Al-Mämün alymlara asmanyň we dünýäniň harytasyny döretmegi tabşyrýar. Bu işe ýetmiş alym çekilýär. Olara Al Horezmi ýolbaşçylyk edýär. Bu haryta häzir “Mämüniň dünýä harytasy” diýip atlandyrylýar. Aýdyberseň, Al Horezminiň eden işleri sanardan köp, inim Meniň sen hakdaky arzuwym şu beýik watandaşymyzyň hatarynda adyň tutulyp, beýik alym bolup ýetişmegiňdir. Biruny ussadynyň Al Horezmi hakyndaky bu aýdanlaryny öňem az kem bilse-de ony uly üns berip diňledi we soňunda eden arzuwyna uly minnetdarlyk bildirdi. Aburaýhan ylymlaryň jümmüşine näçe çuň aralaşdygy saýyn onuň özünde-de şonça ylmy çaklamalar döreýärdi. Olary bolsa halypasy Ibn Yrak bilen paýlaşman durup bilmezdi. -Ustaz-diýdi ol bir gün halypasynyň boş wagtyny tapyp-Siz Al Horezmi hezretleriniň eserleriniň çuňňur bilimdany hasaplanýarsyňyz. Şonuň üçin Sizden bir zat sorajak bolýan... -Sorajak zadyňy giriş sözsiz sorap bileňokmy?-diýip, Ibn Yrak kinaýaly gülümjiredi. -Giriş sözi bilen başlanymyň sebäbi bar, ustaz. Ol hezret mundan bir asyr öň ýeriň togalakdygyny we onuň göwrümini hem anyklapdyr. Şeýle bolýan bolsa togalak zadyň bir durşuna durman togalanyp biljekdigi hakynda onuň ylmy işlerinde hiç duş gelmediňizmi? -Å-hä, meni öwüp başlanyň sebäbi bar ekeni-dä. Ýok, men Ál Horezmi hezretleriniň ylym derýasynda näçe gulaçlap ýüzen bolsam-da, seniň aýdan zadyňa duş gelmedim. Indi sen näme diýjek bolýaň, ýer bir duran ýeriňde duranok diýjek bolýaňmy? -Duranok, ustaz. Ol hökman hereketde bolmaly. Ol öz okunyň daşynda aýlanyp, öňe hereket edýär. Eger şeýle bolmadyk bolsa gije bilen gündiz, dört pasyl hem bolmazdy. -Ýeri, ýeri ýene nämeler kelläňe gelip ýör?-diýip Ibn Yrak kinaýaly ýylgyrsa-da, şägirdiniň pikiri ony örän gyzyklandyrypdy. -Düýn men siz köşge patyşa hezretleriniň huzuryna gideniňizde, ikindi namazyna Juma metjidine bardym. Juma namazdan öň ymam günä, sogap hakynda wagyz edip oturşyna gürrüňi Aýyň, Günüň tutulyşyna ýazdyrdy. Ol bu hadysalar adamlara günä işleri üçin duýduryş hökmünde ýüze çykýar, Güni hem perişdeler her gün säherde çekip çykaryp, asmana ýola salyp goýberýärler, ýogsa gün hem Hudaýa “men çykjak däl, Zeminde günä işler köpeldi, şolara ýüzüm düşmesin, diýýärmiş”-diýip, adamlary ynandyryp otyr. Şeýdip, halky düşünjesiz, nadan edip barýarlar. Tebigatdaky hadysalara ylmy garaýyşlar halka ýetirlenok, ustaz. -Hop. Günüň Hudaýa aýdan sözleri, perişdeleriň ony çekip çykarýandyklary ýalan diýeli, emma Günüň säher çykyp, asmany aýlanyp agşam ýaşmagy göze görnüp duran hadysa dälmi, näme? -Biziň gözümize şeýle, ustaz. Günüň çykmagy, ýaşmagy Ýerimiziň aýlanmagynyň netijesi. Biz Ýer bilen aýlanyp Güne çykýarys. Bu gündiz. Ýene aýlanyp Günden gizlenýäris. Bu gije. Onsoňam, ustaz, mundan müň ýyllar öň Eflatun tarapyndan ýer durup gün onuň daşynda aýlanýar diýen düşünje adamlaryň aňyna siňdirlen. Bu nädogry düşünje üýtgewsiz galyp, hakykat ýüze çykmaly dälmi?! -Bäh! Aýdýanyň näme! Sen gatyrak gideňokmy? Onda biz bütin, dünýäde ykrar edilen dünýäniň merkezi Ýer däl-de Gün diýmelimi? Ýok, inim, häzir bu pikiriňi öňe sürüp bolmaz. Muňa ýol bermezler. Çünki seniň bu pikiriň ýeriň, asmanyň Hudaý tarapyn gurulanyna müňkürlik bolar. Şonuň üçin häzir bu pikiri göterip çykmaklyk dinimiziň garşysyna gitmekdir. Aburaýhan dişini gysyp, geplemedi. Emma içinde “bu nähili zaman?! Hakykat haçan ýüze çykar, haçan halka ýeter?! Din öz ýoluna, ylym öz ýoluna bolsa bolmaýamy! Din ylmyň ýoluna böwet bassa ylymda öňe gidişlik bolarmy!”-diýen närazylyk baş göterdi. Ibn Yrak şägirdiniň içinde turan närazylyk tupanyny ýüzünden aňyp, ony birneme köşeşdirjek äheňde gepledi: -Aburaýhan, diniň garşysyna gidilmeýän ugurda-da ylyma iş kän. Biz Allanyň ýaradan zemininde ýaşaýarys. Ine, şu zeminiň özündäki janly, jansyz möwjudatlary öwrenip, olaryň halka peýdaly taraplaryny açyp bermek hem ylymyň işi. Ýogsa-da, sen ýer asty baýlyklary, ýer üsti jisimleri bilen gyzyklanyp ýören ýalydyň-la. Ana, şol ugry hem çuňňur öwrenmeli. -Öwrenerin, ustaz. Geljekde ol ugurdan bir kitap hem ýazaryn. Ibn Yrak şägirdiniň birneme göterlip geplänine içinden "Ýaşlykda göwün asmanda bolýa-da” diýip, ýylgyryp goýdy. Hakykatdanam, ýaňy ýigrimi ýaşa gadam basan Aburaýhanyň göwni asmandady. Özüne ynamy güýçlüdi. Ol indi arap, pars, ýunan dillerini suwara bilýärdi. Ol dillerde ýazylan ylmy eserleriň ençemesini okapdy. Indi ol döredijilik joşguny bilen ýaşaýardy. Ol Arastunyñ, Eflatunyñ eserleriniñ käbirlerine şerhler bilen bir hatarda Aýyñ, Güniñ tutulyşy, Ÿeriñ şekliniñ togalakdygyny subut edýän we onuñ göwrümi barada we başga-da ylmy rysalalar ýazdy. Bu işleri ýaş alyma uly şöhrat getirdi. Ol Al Horezminiň ýeriň şekli we göwrümi baradaky pikiri bilen ilki tanyşanynda ýer togalagynyň şekilini ýasamagy ýüregine düwüpdi. Ol indi şol ýüregine düwen zadyny amala aşyrmaga girişdi. Onuň çakyna görä togalagyň göwrümi bir adamyň gujagy ýeter-ýetmez ululykda bolmalydy. Ýöne ilki ony nämeden nädip ýasamalydygyny oýlanyp, bir hepde gezdi. Adam bir zat barada oýlanyberse garaşmadyk mahaly çözgüdi kellesine gelýär. Bir mahal başga bir zat hakynda oýlanyp oturan Abureýhanyň göz öňüne gara öýüň ýasalyşy gelýär-de, mesele çözülýär duruberýär. Ol gara söwüdiň barmak ýogynlygyndaky çybyklaryny ýaý ýaly egreldip, bir ýogyn taýaga iki ujyny bentläp, gujak ýetmez uly togalak şekil ýasady. Indi onuñ daşyna gowy eýlenen goýun derilerini örtüp, ýüzüne Al Horezminiň aýdan ýedi yklymyny çyzaýmalydy. Emma bu iş soňuna çenli ýerine ýetirilmän galdy. Çünki, ylmy döredijiliginiň ýaňy gülläp barýan döwründe ol ata Watanyndan baş alyp, çykyp gitmeli boldy. Ony 22 ýaşynda Watanyndan jyda düşüren 995-nji ýylyň baharynda ýüze çykan uruşa 994-nji ýylyň güýzünde taýýarlyk görlüp başlanypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |