12:01 Gürgenç / 1-nji kitap -12 | |
XII BAP
Taryhy proza
Kätiň bazarlarynda, kerwensaraýlarda, medrese we metjitlerde Gürgenjiň emiri Käti basyp almak üçin goşun toplaýarmyş diýen myş-myş habarlar ýaýrady. Bu habar ýalanmy, çynmy anyk bilýän bolmasa-da, şäher ilatynyň ynjalygyny gaçyrdy. Kerwen çekip gelen söwdegärler harytlaryny arzan-u-gymmat satyp, tiziräk bu ýurtdan gitmegiň aladasyna düşdüler. Emma bu habaryň köşge-de ýetip barmagyna garamazdan Horezmşa Abu Abdullah arkaýyn görünýärdi. Bu howpuň garşysyna hiç hili çäre görlenokdy. Gaýtam ýakynlaşyp gelýän Nowruz baýramçylygyna uly taýýarlyk gidýärdi. Şäheriň meýdançalarynda uly gazanlar üçin demir ojaklar goýlup, merkezi meýdanynda darbazlaryň darlary, hiňildikler gurulýardy. Hijri 385-nji ýylyň Nowruz baýramynyň öň ýanynda agşam köşkde kabul edişlik boldy. Horezmşa Abu Abdullah ylymperwer adam bolany üçin kabul edişlige ilki bilen alymlary, müderrisleri, şahyrlary çagyrdy. Biruny hem halypasy Ibn Yrak bilen bardy. Zerbap donly köşk emeldarlary, begler, begzadalar, goşun serkerdeleri meýlisler eýwanynyň çep tarapyndan, alymlar, müderrisler, şahyrlar sag tarapyndan ýer aldylar. Olara sag tarapdan ýer berilmegi ylym we edebiýat adamlaryna görkezilýän hormatyň nyşanydy. Hyzmatda duranlar Biruny bilen Ibn Yraga aýratyn hormat goýup salamlaşdylar. Birunynyň kellesinden “bu aýratyn hormat biziň ylmymyza goýlan sarpamy ýa-da halypamyň patyşanyň ýegeni bolany üçinmi?”-diýen pikir geçdi. Ibn Yrak şägirdiniň kellesindäki pikiri okan ýaly, oňa manyly seredip ýylgyryp goýdy. Köşk sahybynyñ patyşanyň gelýänini habar berýän ýiti sesi ýaňlandy: -Jemagat! Afryglar nesilşalygynyň beýik wekili, Abu Abdullah ibn Mansur Horezmşa hezretleri meýlisler eýwanyna teşrif* eýleýär! Meýlisler eýwanynyň töründäki belent nagyşbent iki ganatly gapy açylyp, salyhatly ädimläp, Horezmşa girip geldi. Hemmeler ýerlerinden turup, baş egip tagzym etdiler. -Essalamu aleýkum, ýagşyzadar!-diýip, patyşa jemagata salam berdi. -Penakärimiziň ömürleri uzak bolsun!-diýen sesler meýlisler eýwanyny ýaňlandyryp goýberdi. Patyşa öz ýerine geçip oturanyndan soň adamlar hem oturdylar. Adamlaryň ünsi, nazary horezmşadady. Biruny ony öňem bir näçe gezek görüpdi, iküç sapar huzurynda hem bolupdy. Ilkinji duşuşygy üç ýyl öň halypasy bilen bile köşge çagyrylanynda bolupdy. Sakgal-murty ýaňy çalaran, nurana ýüzli patyşanyň mylakatly seredýän gözlerine gözi düşende, Birunynyň köşgüň bosagasyndan ätläninde başlanan tolgunmasy zym-zyýat boldy. -Halypaňyz sizi ötgür zehinli, geljekde uly, diňe uly däl, beýik alym bolmagy mümkin diýip öwdi-diýdi patyşa Biruna synçy nazaryny dikip.-Zehin diýilýän zat Allanyň ynaýeti , oglum. Ol her kim, her kime berilmeýär. Ony halkymyzyň bähbidi üçin, ýurdumyzyň ylmyny, ylmy bilen bile şan-şöhratyny ýokary götermek üçin peýdalanmak gerek. Şuny edip bilseňiz, adyňyz taryhda öçmez bolup galar. Horezmşanyň bu sözleri şol wagt Biruna üýtgeşik täsir edipdi. Şonuň üçn bu sözler onuň hakydasynda möhürlenip galypdy. Käte ol bir ylmy meseläniň üstünde kelle döwüp oturanynda şu sözleri ýatlaýardy, ondan güýç alan ýaly bolýardy. Biruny patyşany soňky sapar bir aý çemesi öň bazarda nedimleri bilen bile nyrh-nowany seljerip ýöreninde gabat gelipdi. Patyşa onuň salamyny alyp, saglyk-amanlyk soraşdy, işlerine rowaçlyk diledi. Ol sakgal-murty öňküsine garanda has agaranyndanmy birazyrak garran ýaly görünýärdi. Emma ýiti nazarly ýanyp duran gözleri entek göwresinde güýjüň, gujuryň egsilmändigi bildirýärdi. Afrig patyşalarynyň neslinden bolan kanuny şa bolsa-da, keşbinde men-menlik, ulumsylyk nyşany ýokdy. Şonuň üçin oňa meýlisler eýwanyny dolduryp oturan adamlaryň hatarynda Biruny hem mähir gözi bilen seredýärdi. -Eziz ýagşyzadalar!-diýip Horezmşa oturanlara ýüzlendi.-Ülkämize Nowruzy älem geldi. Nowruzy indi halkymyz iki ýüz ýyldan bäri baýram edip gelýär. Yslamdan öň hem ata-babalarymyz baharyň başlanyşyny uly otlar ýakyp, olaryň daşynda aýdym-saz bilen baýram edipdirler. Emma biziň şu baýramymyzy şady-horramlyk bilen geçirmäge päsgel berjek bir bolgusyz «myş-myş» gepler ýaýrapdyr. Hamala Gürgenjiň emiri Al Mämün bize garşy ýörüş etmek üçin goşun toplaýarmyş. Biz Gürgençdäki wekilimiziň ýanyna adam iberip, soradanymyzda bu gepiň düýbinden ýalandygy mälim boldy. Al Mämün garluklaryň Gürgenje hüjüm etmek ähtimalynyň bardygyny nazara alyp, goşunynyň sanyny birneme artdyrypdyr. Onsoňam Al Mämün bilen ezeli dostlugymyz bar. Ol bize hiç haçan ýamanlygy rowa görmez. Şonuň üçin meýlisimizi şady-horramlyk bilen geçireliň. Biz şähere-de adam iberip, baýramçylygy gowy geçirmekligi, hiç hili howpuň ýokdugyny habar etdik. Hany indi, aýdym-saza başlaberiñ. Horezmşa sözüni tamamlanyndan aýdym-sazlar ýaňlanyp, meýlis gyzyp başlady. Biruny bilen halypasynyň ýanynda oturan bir moýsepit-muderris Ibn Yraga ýüzlenip: -Möwlana, patyşamyz juda ak göwün, ynanjaň. Özüniň aýdyşy ýaly Al Mämüniň bize dostlugy çynmyka? Ol araplaryň dikmesi ahyryn. Araplaryň bolsa iki Horezmini birleşdirip, bir uly döwleti halyfatyň gol astynda saklamak meýilleri ýokmuka? Siz meýlisden soň galyp, daýyňyz bilen gürleşiň. Herhalda ätiýajy elden bermezlik gerek. Gapyl galyp üstümizi basdyraýmagymyz mümkin - diýdi. Ibn Yragyň özi hem şeýle pikire gelipdi. Şonuň üçin ol müdderisiň gepini makullap, başyny atdy. *** Abu Abdullahyň aýdyşy ýaly Gürgenjiň emiriniň Käte ýörüş etmek niýeti ýokdy. Emma hökümdarlaryň niýetiniň, pikiriniň üýtgemegine sebäp gyt däl. Emir Al Mämunyň niýetiniň üýtgemegine Bagdatdan gelen halyfatyň wekiliniň küşgürmegi sebäp bolan bolsa, Gürgenje gelýän buharaly belli serkerde Simjuryny kätlileriň ýolda tutup, tussag etmegi Käte ýörüş etmek üçin bahana boldy. Uly hormat bilen kabul edilen wekil halyfa Kadyryň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin amatly pursata garaşýardy. Özüniň hormatyna guralan meýlisde şeýle pursat hem geldi. Meýden keýpi göterilen emir Al Mämün wekile hoşamat edip başlady: -Hormatly jenap, siziň Gürgenje gelmegiňiz, halyfa hezretleriniň sowgat-salamlaryny getirmegiňiz biziň üçin juda şatlykly waka boldy. Siz gelmezden öň bir waka sebäpli dörän gahar-gazabym hem köşeşdi. -Emir hezretleriniñ gazabyny gozgan nämekä?-diýip, wekil emire synçy nazaryny dikdi. -Biziň gazabymyzy gozgan näme däl, kim diýseňiz-le. Ol kim Horezmşa Abu Abdullah. Ol musulmançylyga sygmaýan iş etdi. Buhara emiriniň gazabyna uçran serkerde Simjury bizi penäkär saýyp, Gürgenje gelýärkä ony Hazarasyp galasynyň golaýynda tutup, tussag etdiripdir-diýip, serhoşlygy aşan emir sesini gataldyp başlady.-Ol kimmiş? Horezmşamyş! Biziň soraýan ülkämiz hem Horezm dälmi! Şeýle bolsa ol biziň hem şamyzmy?! Emiriň gyzyşyp aýdan bu sözleri wekile esasy maksada geçmäge maý berdi: -Aly hezret, hakykatyna seredende bir Horezm, bir Horezmşa bolmaly. Bu diňe meniň pikirim däl, halyfa hezretleriniň hem pikiri. Şonuň üçin Jeýhunyň iki tarapy birleşdirilse uly taryhy waka bolar. Birleşen bir uly Horezmin döwletiniň ýene-de gülläp ösmegi üçin has amatly şertler dörär. Muny Horezmşa Abdullahyň özü-de islemän duran däldir. -Nämäni islemän duran däldir? Näme diýmekçi bolýaňyz? -Külli Horezminiň şasy bolmagy. -Siz külli Horezmine onuň şa bolmagyny isleýäňizmi? -Bu zat meniň islegime bagly däl. Iki Horezmini birleşdirmegi kim başarsa, şol hem onuň şasy, hakyky Horezmşa bolar. Bu sözlere emir Al Mämüniň içinde tupan turan ýaly boldy. Ol öňündäki boş käsäni uzadyp “meý!” diýip gygyrdy. Saky ylgap gelip, käsäni meýdan doldurdy. Emir käsäni başyna çekip, aşakda goýdy-da wekile sowuk nazar bilen garap, garyljak ses bilen: -Bu işi men başararyn! Ýogsa-da, Simjury üçin onuň bilen hasaplaşmaly men! -Diňe Simjury üçin gylyç ýalaňaçlamagyň geregi ýok. Watan üçin, Horezminiň geljegi üçin etmeli bu işi, eger başarsaňyz-diýip, wekil soňky sözi onuň degnasyna degip, has küşgürmek üçin aýtdy. -Başararyn! Men başarmasam kim başarar?!-diýip, serhoş emir kükredi. Gürgenje sapardan göz öňüne tutulan maksadyň amala aşjagyna içinden begenen wekil: -Menem size halyfa hezretlerinden ak pata alyp, petiwa göndererin-diýdi. Meýlisde ajaýyp saz bilen näzenin gyzlaryň raksyna maýyl bolup oturan serhoş adamlar törde aýratyn oturan emir bilen wekiliň gürrüňine ünsem berenokdylar. Üns berjekleri bolanda-da ara açyk bolany üçin gürrüňiň näme hakdadygyny aňşyrmaklary mümkin däldi. Şonuň üçin emir bilen halyfatyň wekiliniň arasynda bolan bu gürrüň meýlisler eýwanyndan daşary çykmady. Gürgençdäki bu meýlis Kätdäki meýlisden bäş aý öň bolupdy. *** Kätdäki meýlis dowam edýärdi. Horezmşa Abu Abdullah ud bilen gyjakda çalynýan bir gadymy mukamyň täsirinden kellesini iki ýana çalaja çaýkap hezil edip otyrdy. Bir mahal daşardan howlugyp giren bir serkerdäniň patyşanyň ýanyna baryp, oňa bir zatlar diýmegi hemmäniň ünsüni çekdi. Horezmşa birden ýerinden turdy. Onuň yşaraty bilen saz kesildi. Patyşa ýerinden turanyndan soň bir üýtgeşik waka ýüze çykanyny aňan jemagat aýaga galdy. Hemmäniň ünsi özüni ýitiren ýaly bolup duran patyşadady. -Jemagat! Men ýalňyşypdyryn-diýdi özüni dürsän şa batly ses bilen-emir Mämün bize hyýanat edip, üstümize goşun çekip gelýärmişin. Häziriň özünde bar güýjümizi toplap duşmanyň öňünden çykmagymyz gerek. Serkerdeler! Ygtyýaryňyzdaky esgerleri jeňe taýýarlaň! Meýlis tamam! Bir salymda meýlisler eýwany boşap, agyr oýa çümüp duran Horezmşa, ýegeni Ibn Yrak, Biruny we birnäçe döwlet işgärleri galdylar. Olar hem patyşadan dürli tabşyryklar alyp, çykyp gidenlerinden soň Ibn Yrak daýysyna ýüzlendi: -Aly hezret, biziň güýjümiz Mämüniň güýji bilen deň gelmez, şonuň üçin siz özüňizi ätiýaç ediň. -Diýýäniňiz näme! Men gaçyp gizlenmelimi?! Ýok! Goşuny özüm söweşe alyp girerin. Ätiýaç meselesine gelsek siz özüňizi, geljekde adamzada peýdasy degjek uly açyşlar edip biljek ynha bu şägirdiňizi ätiýaç ediň. Egerde biz ýeňiläýsek, bize derek adamlary-da aman goýmazlar. Şonuň üçin ätiýajy elden bermäň. Indi baryň size-de rugsat-diýip, patyşa ýegenine başga geplemäge maý bermän hoşlaşdy. Ibn Yrak bilen Biruny köşkden çykanlarynda gijäniň ýaryna golaýlanyna garamazdan köçeler şum habary eşiden adamlardan doludy, wagyr-gowur asmana galýardy. Olar adamlaryň arasyndan geçip öýlerine ýetip gelende günde bäş wagt azan sesi ýaňlanýan minaradan muazziniň adamlary duşman bilen göreşe çagyrýan sesi azan sesinden hem batly ýaňlanyp başlady: «Watandaşlar! Eziz diýarymyzy basyp almaga goşun çekip gelýän duşmanyň garşysyna göreşe atlanyň! Şäherimiziň edermen gerçek ýigitleri eliňize ýarag alyň! Ýaragy ýok adamlar eliňize pil, palta, ýabak alyp duşmanyň garşysyna çykyň! Jana-jan şäherimizi duşmana basdyrmalyň!» Muazzin çagyryşyny yzly-yzyna gaýtalaýardy. -Ustaz, öýde nähili ýarag bar-diýip, Biruny muazziniň sesine gulak asyp duran halypasyna ýüzlendi. Ibn Yrak hiç zat diýmän gapyny kakdy. Gapy açylyp içeri girenlerinden soň: -Bizde ýarag näme işlesin. Biziň ýaragymyz galam dälmi?-diýip Ibn Yrak gaharlyrak dillendi. Biruny halypasynyň näme üçin gatyrganyp jogap berenine düşünmedimi nämemi, oňa gaharyny beter getirýän söz aýtdy: -Onda men odun ýarýan paltamyzy alyp çykaryn. -Sen o palta bilen odunam idilli owradyp bileňok, onsoň şonuň bilen duşmanyň öňünden çykjakmy?! Seniň eliňde palta däl-de kesgir gylyç bolanda-da jeň meýdanynda bitirjek işiň ýok. Sen ömrüňde eliňe ýarag tutup görmedik bolsaň, söweş tälimini bilmeseň, sendenem bir söweşiji bolarmy?! Garşyňdan çykan birinji duşman esgeri kelläňi pyzlawuk kädi ýaly togalap goýberer. Ol kelle eýesiniň egninde dursa geljekki nesillere ölmez-ýitmez ylmy eserler, açyşlar goýup gitmegi, mümkin dälmi?! Şonuň üçin sen ol kelläni duşmanyň gylyjyna bermän saklamalysyň. Ibn Yrak uludan dem alyp, sözüni dowam etdirdi: -Dogrusyny aýdanda, biziň bu uruşda duşmandan üstün çykmajagymyz görnüp dur. Al Mämun eýle- beýle güýç bilen bäri ýörüş etmez. Biziň näme, onuň goşunyna deň geljek goşunymyz barmy! Onsoňam ol minaradan gygyryp duran muazzine kim buýruk berdi-kä? Bu ilaty gyrgyna bermeg-a! At-ýaragly, eli galkan gylyçly jeňçiler öňünden çykan eli pil, paltaly adamlary bir çetden gyrar. Senem şolaryň biri bolmazyňdan öň, häziriň özünde ýol şaýyňy tut-da, bu ýerden garaňy saýla. Indi sen bu ýerde ylym bilen meşgullanyp bilmersiň. Basybalyjylar gör, nähili işler eder. Emir al Mämun diýen adam ylymperwer adam däl bolsa gerek. Birunyny halypasynyň sözleri çuňňur oýa batyrdy. Bu sözleri ol akyl terezisine goýup gördi. Halypasynyň hakdygyna ten berdi. Onsuzam özüniň ylma bolan biçak uly yhlasy hem söweş pikirinden gaýtardy. Eger söweş meýdanyna girse ölümiň gutulgysyzdygyna göz ýetirdi. Biraz dymyşlykdan soň, halypasyna ýüzlendi: -Ustaz, özüňiz näme etmekçi!? Siziň Horezmşanyň garyndaşy ekeniňizi bilseler, aman goýmazlar. -Bilýän, menem bir alajyny ederin. Sen öz başyňy gutarjak bol. Meniň şägirdimdigiňi bilseler seni-de sylap oturmazlar-diýip, Ibn Yrak hoşlaşykdan öň şägirdine ýüreginden syzdyryp, soňky nesihatyny etdi, ak ýol diläp, pata berdi. Halypasynyň öňki öwüt-ündewlerine garanda bu saparkysy has täsir etdi, onuň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy. Adamyň ömründäki agyr pursatlaryň biri-de aýralygyň öň ýanyndaky pursat bolsa gerek, halypa şägirt biri-birine delmirip bir salym duranlaryndan soň gujaklaşyp hoşlaşdylar. Biruny şol güni daňdana golaý ýola çykan Ispyhanly söwdagäriň kerwenine goşulyp, ata Watanyny terk etdi. *** Uzak ýoluň dowamynda Birunynyň kellesine dürli oýlar, hyýallar gelip geçýärdi. Halypasy Ibn Yragyň bolsa hoşlaşyk wagtynda: «Aburaýhan, sen ylym üçin ýaradylan ynsansyň. Allatagala saňa egsilmez zehin beripdir. Nirede bolsaňam ünsüňi ylymdan başga zada sowma. Ine, şonda sen örän uly açyşlar edersiň, ölmez ýitmez eserler döredersiň, Adyň dünýäde ebedi galar» diýen sözleri gulagynda ýaňlandy durdy. Ol halypasynyň aýdan ylmy eserlerini eger şu uruş bolmadyk bolsa özüniň mähriban şäherinde döretmekçidi, ylmy açyşlar etmekçidi. Ol şu 22 ýaşynyň içinde-de ençeme işler edipdi. Olardan iň yhlas bilen ýapyşan işi ýer togalagynyň gujak ýetmez şeklidi. Ol onuň ýarsyny ýasapdy. Hemmesinden hem şu başlan işiniň bitmän çala galanyna gynanýardy, urşy näletleýärdi: «Eý Allahym, bu gan döküşüklik, gyrgynçylyklar adamzadyň adyna gelişýärmi?! Seniň ýaradan mahluklaryňyñ içinde adamdan wagşysy, adamdan ganhory barmy? Ýok. Iň wagşy haýwanlar hem adamlar ýaly topar topara bölünip, biri-birini gyrmaýarlar ahryn! Sen adama akyl berdiň, paýhas berdiň, şunuň bilen bile gahar, gazap diýilýän zady hem berdiň. Şu soňkysyny bermäniňde älem gülüstan bolardy. Häzir meniň göz öňüme gelýän gyrgynçylyk hem bolmazdy.» Kätdäki gyrgynçylyk Birunynyň göz öňüne getirişinden hem aýylganç boldy. Mämüniň goşuny öňünden garşysyna cykan az sanly goşuny derbi-dagyn edip, şähere basdyryp girýär. Mähriban şäherini goramaga milt eden eli paltaly, pilli, ýabakly adamlary bir çetden gyrýarlar. Söweşde Horezmşa Abu Abdullah hem şehit bolýar. Şunuň bilen näçe asyrlardan bäri Horezminde höküm sürüp gelen Afrigler nesilşalygy tamam bolýar. Uly gyrgynçylygyň hasabyna iki Horezmini birleşdiren Gürgenjiň emiri özüni Horezmşa diýip yglan edýär. *** 995-nji (hijri 385) ýylyň baharynda taryha giren bu waka zerarly weýran bolan Kätde ýas, ýeňiş gazanan Gürgençde toý tutulýardy. Toýa Bagdatdan Halyfanyň gutlagnamasy bilen gymmat bahaly sowgatlaryny alyp, ýörite wekiliň gelmegi indi Horezmşa adyny alan Muhammet al Mämüniň ruhyny belentlere göterdi. Ol indi Halyfa tarapyndan hem ykrar edilen birleşen Horezmin döwletiniň ýeke-täk hökümdary hökmünde özüni asmanda saýýardy, özüne ynamy güýçlüdi. Şu ynam bilen ýurdy abadanlaşdyrmak boýunça ençeme ýagşy işleri hem etdi. Emma üstünlikden azyp, zalymlygyny hetden aşyryp goýberenligi üçin taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä esgerleri tarapyndan tikeläp öldürilýär. Belki bu Kätde eden gyrgynçylygynyň Hudaý tarapyn gaýtargysydyr."Al-Kasasul min äl- hak!" Onuň ýerine derhal uly ogly Aly ibn Muhammet al Mämüni tagta çykarýarlar. Aly al Mämün tebigaty ýumşak, keselbendiräk adamdy. Ol özüni bejertmek üçinmi ýa-da ylymperwerlikdenmi Buharadan baş alyp çykan Aby Aly ibn Sinany Gürgenje çagyrýar. Ibn Sina Gürgenje gelip, Horezmşa Alynyň howandarlygynda amaly we ylmy işlerini dowam etdirýär. Emma ol her näçe jan etse-de, Alyny ajalyň penjesinden alyp galyp bilmeýär. Ajala beýikleriň hem etjek alajy ýok eken. Pederinden soň uzak höküm sürmek miýesser etmedik Alydan soňra onuň inisi Abul Abbas bilen ogly Abul Harysyň arasynda tagt üçin teýden göreş başlanýar. Has anygy, göreş şazadalaryň tarapdarlarynyň arasynda gidýär. Bu göreşde öňden baş wezir wezipesinde işläp gelýän Suhaýly atly parasatly, dana adamyň ýolbaşçylygyndaky topar üstün çykyp, tagta Abul Abbasy oturdýarlar. 1009-njy ýylda tagta çykan Mämün II ady bilen taryha giren 19 ýaşly Horezmşa baş wezir Suhaýlynyň kömegi bilen ýurtda tertip, düzgün, adalat ornadýar. Ylyma, edebiýata, sungata giň ýol açylýar. "Beýtül hikme"- Ylymlar öýi döredilip, oňa öz döwrüniň görnükli alymlary-Abu Aly ibn Sina, Abu Sahyl Masyhy, Abul Haýyr Hammar, Abu Nasr Yrak, Al Hojandi, Abu Mansur Salaby, Ibn Miskawaýh dagylar bilen bir hatarda ýaş alymlar hem işe çekilýär. Bu alymlaryň arasynda gaýry dinli, gaýry ýurtlylar hem bardy. Emma Horezminde doglup, önüp-ösen, şu ýeriň özünde alymlyk derejesine ýeten beýik Biruny ýokdy. *** Birunynyň bolsa Kätdäki uruş zerarly ýurtdan başyny alyp çykyp gideli bäri on bäş ýyla golaýlap barýardy. Onuň dürli şäherlerde bolup, soňunda Gürgeniň hökümdary Keý Kowusyň köşgünde mekan tutany barada Gürgenje habar düşüpdi. Weziri agzam Suhaýly ony Gürgenje aldyryp, "Beýtil hikmä" ýolbaşçy edip goýmaklygyň ugryna çykypdy. Biruny hem Gürgençde «Beýtil hikme» atly ylmy merkeziň döredilenligini, onda ustazy Abu Nasyr ibn Yragyň, dosty Masyhynyň biri birine namalar gönderip gaýybana dostlaşan Ibn Synanyň we beýleki özüne tanyş alymlaryň iş alyp barýandyklaryny eşidip, bihet begenipdi, özü-de şol alymlaryň hatarynda, ata Watanynda bolmagy isleýärdi. Emma ýaşamaga, işlemäge şahana şertler döredip beren Keý Kabusyň şeýle goýbermejegine gözi ýeteni üçin bu islegi arzuwa öwrülipdi we şu arzuw bilen hem ýaşaýardy. Adamyň arzuwynyň wysal bolmagy beýik bagtdyr. Şeýle bagta ýetmek Birunynyň hem ykbalynda bar eken. Ine, bir gün Gürgençden gelen çapar iki nama getirýär. Olaryň birini Biruna, beýlekisini Keý Kowusa gowşurýar. Horezmşa Abul Abbas Al Mämüniň adyndan Suhaýlynyň eli bilen ýazylan bu namalar Birunyny näçeler begendiren bolsa, Keý Kowusy şonçalar gynandyrdy. Biruna ýazylan namada ata Watana gaýdyp gelip, «Beýtil hikmä» ýolbaşçylyk etmek teklip edilýärdi. Keý Kowusa gowşurylan namada bolsa Birunyny ýoldaky howp-hatardan gorap, Gürgenje ýetirmek haýyş edilýärdi. Nama haýyş äheňinde ýazylan bolsa-da, özüňden güýçlüniň haýyşyny bitirmezligiñ gowulyga eltmejegine gözi ýeten Keý Kowus gaty öwrenişen, dana söhbetdeşinden jyda boljagyna näçe ýüregi gyýylsa-da, Biruny bilen hoşlaşmaly boldy. Hoşlaşyk çagynda Keý Kowusdan başga-da biriniň bu aýralyga ýüreginiň gyýylýany gözlerinden görnüp durdy. Hiç haçan ejizlemedik bu merdemsi ýürek eýesiniň özüne delminip bakan gözlerini Biruny hiç haçan unutmasa gerek. Ilki duşanynda bu gözleriň mylakatly bakyşyny, soňlar mylakatyň ýerini näz bilen mähriň eýelänini we aralarynda dörän ilki düşnüksiz, soň düşnükli duýgularyň ýüreginde goýan dagyny ol ýüreginde bir ömür saklap bilmez, ahyr bir ýakyn adamyna gürrüň berer. Şonda bizem ondan habarly bolarys. Mähirli hem gynançly hoşlaşykdan soňra Gürgene hat getiren çaparyň düzümindäki üç kişi, Keý Kowusyň hem beren bäş nökeri, Birunynyň özi bilen dokuz atly bolup, Horezme tarap ýola düşdüler. Entek Horezmiň gazaply sowugy başlanmadyk bolsa-da, güýz günleri bolany üçin howa çigreklidi. Çölleri, sähralary söküp, käýarym ýolda duşan rabatlarda düşläp, ýigrimi gün diýende Gürgenje ýetip geldiler. Olar Gürgenjiň Hazarasp derwezesinden girenlerinde gün ýaşyp, garaňky gatlyşyp ugrapdy. Gürgenjiň köçelerinde panus çyralar ýakylypdy. Birunynyň geler wagtyny çemeläp, derwezebanyň ýanynda ony garşy almak üçin adam goýlan eken. Ol adam Birunyny özi üçin taýýarlap goýlan jaýa alyp bardy. Ol: -Şu jaýy weziri agzam Suhaýly jenaplary Siziň üçin patşalygyň hasabyna satyn alyp goýdy. Munda ýaşamak üçin ähli şertler bar. Bir kemi-bir melike-diýip degişdi. Biruny onuň soňky sözüne çalarak ýylgyryp, eden hyzmatyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra onuň bilen hoşlaşdy. Biruny öýüň içini aýlanyp görüp, işlemek, ýaşamak üçin özüni getiren adamyň aýdyşy ýaly diňe ähli şertleriň bardygyna däl-de, ata Watanyň howasyndan dem alýandygy üçin Hudaýa şükürler etdi. Ertesi irden Biruny azan namazyny okap bolup, çaýa oturanynda bir adam girip, ony görmäge Horezmşanyň gelenini aýtdy Biruny daş çykyp, atda oturan patyşa salam berip, tagzym edip ýetişmänkä Horezmşa atdan düşüp, onuň bilen iki elläp görüşdi. Biruny: -Aly hezret, bizi idäp, hökümdar gelmeli däl-de, tagzyma biz barmaly- diýeninde, -Ylym iň ýokary hökümdardyr. Hemme kişiler oňa egilmeli, ol olara däl-diýip, Horezmşa ýylgyrdy.Ýaş bolsa-da, dana sözli Horezmşa Abul Abbasa göwni ýeten Biruny: - Horezmşa hezretleri ylmy hakyky hökümdardan hem ýokardaky hökümdar saýýan bolsa, Horezmin diýarynyñ ylymda şan-şöhraty äleme dolar - diýdi - Munyñ üçin möwlana Aburaýhan al Birunynyñ dahasyndan dörejek şah eserler bilen onuñ rahnamalyk etjek "Beýtil hikme" alymlarynyñ gujur-gaýraty derkar. Horezşanyñ bu sözüne Biruni "biz hyzmata taýýar" diýen manyda bir elini gursagyna goýup, boşyny egdi. -Teşekkür, möwlana! Biz size köşkde garaşýas. - diýip, Horezmşa hoşlaşdy. Şeýlelikde, Abureýhan al Biruny 1010-njy ýylyñ güýzünde «Beýtil hikmede» işe başlaýar. Şol bir wagtyň özünde Horezmşa ony özüne geňeşdar tutunýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |