12:04 Gürgenç / 1-nji kitap -13 | |
XIII BAP
Taryhy proza
Muhammet ibn Salam atdaşy bilen mesawy gürrüňe berlip, wagt öýle bolanyny hem duýman otyrdy. Birden daşardan eşidilen seslere böküp turdular. «Geldiler» diýdi Muhammet Tarhan. Ibn Salam her näçe sowukganly adam bolsa-da, ykbalyny çözjek bu möhüm duşuşyk ýüregini biraz bökdürdi. Ol atdaşyndan öňürtiläp, daşary çykdy. Alymlar "Beýtil hikmä" özlerini getiren paýtun arabalardan düşüp, jaýa tarap ýöräp ugradylar Öňden gelýän gytyk gara sakgally, gara gözlerinde gujur-gaýrat ody ýanyp duran, orta boýly, garaýagyzyrak adama gözi düşen Ibn Salam «Megerem Biruny şu adam bolsa gerek» diýip çaklady. Onuň çakyny atdaşy tassyklady. -Essalawmaleýkim, essalawmaleýkim-diýip, alymlar bilen ýekän-ýekän iki elläp görşüp, elini gursagyna goýup, edep saklap duran ýigidiň kimdigini Muhammet Tarhan aýdýança alymlar oňa gyzyklanyp seredip durdular. -Ä-hä, Bagdady diýsene-diýip Biruny degişme äheňinde oňa ýüzlendi.-Watana gaýdyp, gowy edipsiňiz. Indi biziň bilen bolsaňyz, Bagdadyň «Dar al ylym» dergähi bilen biziň "Beýtil hikmemizi" deňeşdirip görersiňiz. -Möwlana, meniñ "Dar al ylym" dergahy bilen içgin tanyşlygym ýok. Medreseden soñ meniñ ol ýere geçip işlemek mümkinçiligim bardy, emma men öz Watanymdaky ylym dergahynda işlemekligi arzuw edip geldim. Siziň «Biziň bilen bolsaňyz» diýen sözüňiz meniň depämi göge ýetirdi. Meniň düýp maksadym hem siziň bilen bolmak, sizi halypa tutunmak, sizden ylym syrlaryny öwrenmekdir-diýip Ibn Salam elini gursagyna goýup, başyny egdi. Biruny «Nähili görýäňiz bu ýigdi» diýen manyda töwereginde duran alymlara göz aýlady-da: -Belki, bizem sizden öwreneris. Siz Bagdatda on ýyl okap, bizdenem köpräk tälim alansyňyz-diýdi. -Möwlana, meni beýle sözler bilen utandyrmaň. -Men sizi utandyrmak üçin aýtmadym. Biz siziň ylmyňyzyň nä derejededigini bilmänimiz üçin «belki» diýen sözi goşup, pikirimi aýtdym-diýip, Biruny ýylgyrdy. Ibn Salam dünýä belli bu beýik alymyň özüni oýnaýandygyny ýa-da synaýandygyny bilmän bir hili boldy. Ol içinden “Beýikler beýikligine buýsanyp özünden pesiräkleri oýnamagy gowy görýärlermikä? Beýikleriň häsiýetinde-de şeýle nogsanlyk bolýamyka?” diýip, dymdy duruberdi. -Muhterem Ibn Salam, Siz nädogry pikire gitdiňiz-diýip, Biruny onuň kellesindäki pikirini okan ýaly gepledi.-Meniň siziň göwnüňize degmek niýetim ýok. Ýöne men sizi mukaddes ylym dergähine girizmezden öň bir kiçiräk imtiha etdim. Men «Belki sizden öwreneris» diýenimde, «Elbetde, bizem bilenimizi öwrederis» diýermikäňiz öýtdim. Ýok, siz «Meni beýle sözler bilen utandyrmaň» diýdiňiz. Men «Utandyrmak üçin aýtmadym. Biz siziň ylmyňyzyň nä derejededigini bilmänimiz üçin aýtdym» diýenimde «Hä, bilimim ýokary derejede» diýermikäňiz hem öýdüpdim. Ýok, siz beýle-de diýmediňiz, dymdyňyz. Biziň bu synag siziň salyhatly,«Bilenimden bilmedigim köp» diýen alymlardandygyňyzy görkezdi. "Beýtil hikmä" girmek üçin bu kiçijik synagdan geçdiňiz. Hany, indi içerä merhemet! Şunuň bilen "Beýtil hikmeniñ" girelgesiniň öňündäki gürrüň tamamlandy. Içeri girildi. Biruny uly eýwanyň töründe goýlan uzyn dästhat tagtanyň aňyrsyna geçip oturdy. Beýleki alymlar bärsinde tutuş düşelen halylaryň üstünde ýerleşdiler. Alymlar hataryndan ýer alan Muhammet ibn Salam olaryň nämedir bir meseläni ara alyp maslahatlaşmakçy bolýandyklaryny aňdy. Köşkde ylmy söhbetdeşlikden soň medreselerde dini taglymat bilen bir hatarda dünýewi ylymlar boýunça berilýän sapaklary, hassahanalarda bejeriş usullaryny has kämilleşdirmekde müderrislere we hekimlere "Beýtil hikmeniñ" ýardamy barada hem mesele gozgalypdy. Alymlar şu iki mesele boýunça özara pikir alyşmaklygy niýet edip gaýdypdylar. Biruny iki ýan tarapda hatar oturan kärdeşlerine göz aýlap nazary halypasy Ibn Yrakda eglendi. -Ustaz, siz bu ýana, meniň ýanyma geçiň. Ilkinji sözi sizden eşideli. Siziň pikiriňiz niçik? -Teklibiňiz üçin sag boluň! Dergahymyzyň rähnamasy siz, men däl. Şonuň üçin ilkinji söz hem siziňki. Menem pikirimi oturan ýerimde-de aýdaryn. Onsoňam gartaşan adamyň turup-oturyp ýörmegi aňsat däl-diýdi Ibn Yrak. Halypasynyň bu jogaby oňa «Sen meni ýanyňda oturtjak bolsaň, näme üçin özüň bilen bile eltip oturtmadyň, ýeke özüň ulumsylyk edip geçip oturdyň» diýen ýaly eşidildi. Biruny gyzmarak, gaharjaňrak adamdy, emma ulumsylyk häsiýeti ýokdy. Ol şu sapar ulumsylyk däl-de, geleňsizlik edenini duýup, halypasyna ýüzlendi. -Ustaz, bagyşlaň! Siz şu oturan ýeriňizde gürlejek bolsaňyz, menem siziň ýanyňyzda oturyp gürläýeýin-diýdi-de, ýerinden turup alymlaryň hataryna geçdi. Alymlar Birunynyň bu hereketini ýylgyryşyp, baş atyp makulladylar. Indi resmi maslahat döwre söhbetine öwrüldi. Birunydan soň Ibn Yrak we beýleki alymlar maslahatlaşylýan mesele boýunça öz pikirlerini aýtdylar. Soňunda Biruny Ibn Salama ýüzlenip: -Jenap Ibn Salam, siz Bagdat medresesinde okadyş usullaryny görüp, bilip geldiňiz. Eger-de olaryň okadyş usullary biziň medresämizdäkiden kämilräk bolsa, ony müderrisler bilen maslahatlaşyp, okuwda ulanmaklaryna kömek edersiňiz-diýdi. Ibn Salam ilkinji iş gününde özüne şeýle ynam bildirilenine monça boldy. -Baş üstüne, möwlana. Elimden geldigiçe ederin. Eger rugsat etseňiz, hassahanalaryň işinde-de kömegimiň degmegi mümkin-diýen Ibn Salam Birunynyň bir hili ýylgyranyny görüp, içinden “öwünjeňlik etdim öýdýän” diýip gyzardy. -Siziň lukmançylykdan hem başyňyz çykýarmy?-diýip, Birunynyň beren soragyna ters düşünip beter gysyndy. -Ýok, möwlana. Men lukmançylykdan başym çykýar diýen manyda aýdamok. Ýöne Bagdadyň hassahanalarynyň işi bilen tanyşlygym üçin aýtdym. Men birki sapar nähoşlanymda Bagdadyñ «Adut at Dawla» diýip atlandyrylýan hassahanasyna düşdüm. Şonda ol ýerdäki hassalary bejeriş usullaryny öz gözüm bilen gördüm. -Onuñ ýaly bolsa, bu işi-de size tabşyraýaly. Ibn Syna hem erte-birgün eli boşasa geler. Ol patyşanyň bir ýakyn garyndaşyny bejerip ýör-diýip, Biruny Ibn Salama hoşamaý garap goýdy. Döwre söhbetinden soň alymlar özleriniň iş otaglaryna girip gitdiler. Ibn Salamy Biruny öz otagyna alyp girdi. Gapydan giren badyna Ibn Salamyň ünsüni otagyň bir burçynda duran gulaç ýetmez uly togalak zat özüne çekdi. Ol piliň sapyndan ýogynyrak taýaga oturdylan bolup, taýagyň aşagy atanak astynlyga kakylandy. Şu bolşunda belentligi adamyň boýy bilen deňdi. Onuň köp ýeri mawy reňke boýlandy. Ibn Salam ozal munuň ýaly zady görmedik bolsa-da, onuň ýer togalagynyň şeklidigini aňdy. Biruny onuň şekile dykgatly seredip durany üçin. -Bildiňizmi munuň nämedigini?-diýdi. Ibn Salam ýylgyryp: -Meniňem esasy ugurlarymyñ biri fåläkiýet bolany üçin ýerimiziň şunuň ýaly togalakdygyny bilýän, möwlana-diýdi. -Sowalyma jogap bermeziňizden öñ ýylgyranyňyzdan bilýändigiňizi duýupdym-diýip, Biruny hem ýylgyrdy. Adamlar biri-birine ýylgyryşyp seredişse, ýylgyryşyp sözleşse arada mähir muhabbetiň döremegine ýol açylýar. Biruny bilen Muhammet Ibn Salam ýaňy tanyşan bolsalar-da, biri-birine mähir gözi bilen seredýärdiler. Bu ýöne ýere däldi. Mähir diýilýän duýgy-da birden döremeýär. Adamyň duýgylar dünýäsi juda çylşyrymly. Näme üçindir käbir adamy birinji göreniňde sulhuň almaýar. Käbiri bolsa göreniňden gözüňe yssy basylýar. Biruny hem "Beýtil hikmeniñ" öňünde elini gursagyna goýup duran özüniňki ýaly gara gytyk sakgally ýigide nazary düşenden içki bir duýgy bilen ony halady, gözüne şeýle yssy göründi. Şol ýerdäki tanyşlykdan soň edilen söhbetdeşlik çagynda ony kiçijik synagdan geçiren Biruny içki duýgysynyň ýalňyşmandygyna ynanyp, ony özüniň iş otagyna alyp giripdi. Biruny depderdir kagyzlar duran ýazuw tagtasynyň aňyrsyna geçip oturdy, Ibn Salama-da oturmaga ýer görkezdi - İnim Muhammet, - diýip, adyny aýdyp ýüzlenmek bilen Biruny ony özüne has ýakyn tutýandygyny bildirdi - Men şunuň ýaly ýer togalagynyň şeklini Kätde ýaşaýan döwrümde-de ýasamaga synanyşypdym-diýip, Biruny doglup ösen şäherini, ol ýerde geçen ýaşlyk ýyllaryny küýsäni üçinmi geçmişinden söz açdy - Ol şekil muňa garanda-da ulurakdy. Emma uruş başlanyp, men ýurtdan baş alyp çykyp gitmeli boldum. Şol sebäpli-de ol iş çala galyp gitdi. Gaýry ýurtlarda ýaşanymda muny ýasamaga mümkinçiligim bolsa-da, islegim bolmady. Gürgenje gelenime-de bäş ýyla golaýlap barýar. Horezmşa Abul Abbas hezretleriniñ sözüni syndyryp bilmän onuñ döwlet geñeşçisi bolanym üçin düýpli ylmy iş edip bilmedim. Bary-ýogy dört-bäş rysala ýazdym. Ýöne "Beýtil hikmeniñ" ýolbaşçysy hökmünde alymlaryñ işlerine mümkinçiligime görä ýardam edýärin. Bu ýerde hàzire çenli ençeme işler amala aşyryldy. Häzir bolsa, Ibn Sina, Abul Hasan Hammar tarapyndan ýokançly keselleriñ garşysyna üstünlikli iş alyp barylýar. Abu Nasyr Arrak, Ibn Miske Weýh ýerastyndaky hadysalary we gymmat bahaly daşlaryñ emele gelişini, meniñ ustazym Abu Nasyr ibn Yrak, Al Hojandy asman jisimleriniñ hereketlerini hem-de şemalyñ güýjini, tupanlaryñ emele gelişini öwrenýärler. Abu Mansur Saälibi gadym dünýä taryhymyzy öwrenip, kitap ýazyp otyr. Umuman özüñiz alymlarymyz bilen mulakatda bolup, olaryñ işleri bilen tanyşsañyz, gözleg usullaryny öwrenseñiz özüñiziñ geljekde etjek ylmy işleriñizde peýdasy deger. - Maslahatyñyz üçin sag boluñ, ustaz. Men alymlarymyzdan hem öwrenmeli zat bolsa öwrenerin. Siziñ "Al äsar al bakyýä" eseriñizden hem men köp zat öwrendim. Ol kitabyñyzyñ bir nusgasy Bagdatda biziñ medresä düşen ekeni, ol elden ele geçip okaldy. Men birinjileriñ hatarynda okap çykdym. - Men ol eseri Gurgende Keý Kawus hezretleriniñ ylmy iş etmegim üçin döredip beren şertlerinden peýdalanyp ýazdym. - Eşitmişimize görä, Keý Kawus hem size baş wezirlik wezipesini tekllip eden ekeni, siz onuñ teklibini ret edipsiñiz. Eger Horezmşanyñ hem teklibini ret edip, diñe ylmy iş bilen meşgullananyñyzda "Al àsar äl bakyýa" kimin bir näçe eserler dörederdiñiz. - Dogry aýdýañyz. Horezmşanyñ teklibini ret rdip bilmedigimiñ sebäbi: Horezm meniñ watanym. Watanymyñ räwnaky üçin ýaş patyşaga elimden gelen kömegimi bermekligi özümiñ borjum hasapladym. Patyşamyz ylyma, tebigata, dünýäniñ gurluşyna juda gyzyklanýar. Onyñ haýyşy boýunça Kätde edip bilmedik işimi edip, görşüñiz ýaly, ýer togalagynyñ şeklini ýasadym. Diňe göwresini. Indi onuň ýüzüne yklymlaryň, derýalaryň, daglaryň, deňizleriň, sähralaryň, ýurtlaryň, şäherleriň jugrafy ýerleşişini reñkler arkaly geçirmeli. Men ony tiziräk tamamlap, Horezmşa hezretlerine hediýe etmekçi bolýan. Emma patyşanyñ geñeşçisi bolanym üçin köp wagtym köşkde geçýär. Munyñ jugrafyasyny etmäge wagt tapamok, beÿleki alymlary bolsa öz işlerinden aýyryp, bu işi tabşyrmak bolanok. -Ejaza etseňiz, tagsyr, şu işiňizde men ýardam edeýin. Jugrafyýadan biraz başym çykýar-diýip, Ibn Salam elini gursagyna goýdy. Biruny oňa garap ýylgyrdy-da: -Biraz däldir, Bagdatda jugrafyýadan hem çuññur bilim berýändirler. Ýöne siz hem bu ýere üstünde işlemek üçin bir mowzugy ýüregiñize düwüp gelensiñiz ahryn - diýdi. - Meniñ ýüregime düwüp gelen işime gyssag ýok, ustaz. - Haýsy ugurdan, nämeniñ üstünde işlemekçidiñiz? -diýip, Biruny gyzyklanyp sorady. - Men edebi mirasymyzy öwrenip, şu ugurda ylmy iş etmek niýetim bardy. Geçmişde-de biziñ ýurdymyzda ençeme ajaýyp şahyrlaryñ, söz ussatlarynyñ bolanyny bilýärin. Men ol döwürleriñ köşk şahyrlaryndan başga-da, halkyñ içinde dörän, halkyñ durmuşyny, halkyñ arzuw-isleglerini beýan eden söz ussatlarynyñ döredijiligini ýüze çykaryp, halkymyza ýetirsem diýýän. - Niýetiñiz gowy niýet. Bu juda möhüm iş, başlaberiñ! Bizem elimizden gelen ýardamy ederis. - Ÿok ustaz, bu işe gyssag ýok. Öñürti men ýerimiziň şekliniñ jugrafyýasyny edeýin, ondan soñ, nesip bolsa ol işi-de, başga ylmy işleri-de edibereris. - Müñ teşekkür, inim Muhammet, meni juda begendirdiñiz. -Ynamyňyz üçin sag boluň, ustaz. Men onda işe girişiberäýin. -Girişiberiň, ine çyzgy esbaplary, boýaglar. Ýöne arasynda ýaňy aýdylan mesele boýunça medreselere-de, hassahanalara-da aýlanyp, maslahatlaryñyzy berip geliň. Dogrusyny aýtsam, Muhammet, sizi maňa Hudaý ýetirdi, "Togalagyñ" jugrafyýasyny edip, Horezmşa hezretlerine näçe tiz eltip bersek, ony şonça-da köp begendireris. -Düşünýän, maňa tabşyran bu işiňizden arkaýyn bolaýyñ, nesip bolsa, göwnüňizdäki ýaly etjek bolaryn. Oňarmadyk ýerim bolsa, sizden soraryn-diýip, ibn Salam edep bilen elini gursagyna goýdy. Şu arada ýaş alymlaryň biri ejaza sorap otaga girdi: -Ustaz, maňa ýunan dilinden terjime etmäge beren rysaladaky käbir adalgalaryň arapçasy ýok. Olaryň özüni alyberäýinmi?- diýip, Biruna ýüzlendi. -Özüni alyberiň, ýöne kowusda düşündiriş beriň. Onsaňam arap elipbiýindäki biri-birine meňzeş harplar, olaryň astyn we üstün bilen tapawutlanmagy, asyl sözüň üýtgäp durmagy arap ýazuwynyň uly nogsanydyr. Eger-de şol astyn we üstün belgileriniň biri tötänlikden goýulmadyk ýagdaýynda sözüň başga bir manyny bermegi hem mümkindir. Siz ine şuňa has köpüräk üns berjek boluň. Ýaş alym baş egip, çykyp gideninden soň Biruny ýene Ibn Salama ýüzlendi: -Muhammet, siz gyssanmaň, bu iküç günde bitýän iş däl, gerek ýerinde ülkeleriň teswiri ýazylan rysalalardan peýdalanyň-diýip, Biruny beýleki alymlaryň işinden habar almak üçin çykyp gitdi. Ibn Salam birinji iş gününi Birunynyň hut öz ýanynda, onuň iş otagynda başlanyna içinden buýsanýardy. Muhammet ibn Salam ýer togalagynyň şekliniň jugrafiýasynyň üstünde işlemäge höwes bilen girişdi. Biruny hem köşkdäki işlerinden sypynyp bildigi «Beýtil hikmä» gelip, ilki bilen Ibn Salamyň işinden habar tutardy. Käbir ýerlerine düzedişler girizip, maslahatlar bererdi. Yzyndanam berekellasyny ýetirip öwerdi. Birunynyň bu işi Ibn Salama tabşyranyny alymlar ilki bir hili geňräk gördüler. Ýöne işiň gidişini synlanlaryndan soň olar hem öwdüler. Öwgüni her kim her hili kabul edýär. Ibn Salam öwgüni gowy gorýän adam däldi. Şonda-da öwgüler oňa-da azda-kände täsir eden bolmaga çemeli, onuň özüne ynamy has artypdy. Alymlaryň arasynda-da özüni ynamly alyp barýardy. Ol bir hepdäniň dowamynda "Beýtil hikmeniñ" alymlaryndan Birunynyň halypasy Abu Nasyr ibn Yrak, dosty Abu Sahl Masyhy, Abul Haýyr Hammar, Abu Mansur Saalaby, Ibn Miskä Weýh we Al Hojandy dagylaryñ diñe özleri bilen dàl, alyp barýan işleri bilen hem tanyşdy. Ol Bagdatda mahalynda şu alymlaryň hatarynda beýik hekim we alym Abu Aly ibn Sinanyň hem bardygyny eşidipdi. Emma geleli bäri ony bu ýerde görmedi. Işe gelen güni Biruny ony erte-birigün geler diýipdi. Emma ondan bäri iki hepde geçdi. Seredýän hassasy agyrrak bolmaga çemeli. Ony, Birunydan soranynda ol: -Ibn Sina bir aý bäri köşkde. Ol bimary aýaga galdyrdygy geler. Görersiňiz, tanyşarsyňyz-diýdi. Ibn Salam Ibn Sina hakynda köp gürrüň eşidipdi. Onuň bilen tanyşmak arzuwy bardy. -Ol kişi bilen hem tanyşmak miýesser etse özümi ýene-de bagtlyrak saýardym-diýip, soňundan bir hili gülümjiredi. Biruny onuň ýöne ýere gülümjiremänini aňyp: -Näme, bir hili ýylgyrdyňyz? Bir gyzykly zat ýadyňyza düşdi öýdýän-diýdi. -Hawa, tagsyr, Bagdatda Ibn Sina jenaplary hakynda bir gyzykly gürrüň eşidipdim. Şol ýadyma düşdi. -Hany, ony bizem eşideli-diýip, Biruny öňündäki çäýnekden ýarym käse çaý guýup, Ibn Salama uzatdy.-Alyň, bagşylar hem bir dessana başlamazyndan öň damagyny ölläp alýarlar. Ibn Salam degişmeden aýdylan bu gepe başyny atyp ýylgyrdy. Çaýy birki owurtlap, käsäni ýerde goýdy-da, gürrüňe başlady. -Buharada Ibn Sinanyň hekim hökmünde ady çykyp, şöhraty artyp barýanyna görüplik eden kärdeşleri ony Emire ýamanlaýarlar. Ol hakyky hekim däl, aldawçy, gözboýagçy diýýärler. Emir bu gepleri barlap görmek üçin Ibn Sinany köşküne aldyrypdyr. Emir oňa: -Biziň gyzymyz nähoşlapdyr. Sen hekim bolýan bolsaň emini aýt-diýipdir. Ibn Syna: -Kyblaýy älem, men gyzyňyzyň damarynyň urşny göreýin, onsoň emini aýdaryn-diýipdir. Emir gaharlanyp: -Sen gyzymyň eliniň goşaryndan tutjak bolýarmyñ? Sen namährem ahyryn!-diýýär. Ibn Sina: -Onda gyzyňyzyň ýatan otagyna baryp, onuň bilegine bir uzyn sapagy gaýym baglap, beýleki ujuny maňa getirip beriň. Men şol sapak arkaly nähoşyň damar urşuny barlap, emini aýdaryn-diýýär. -Ine, munyň bolýar. Men bu aýdanyňy häzir ederin-diýip, emir içerki otaglara girip gidip, bir salymdan uzyn sapagyň bir ujuny Ibn Sina getirip beripdir. Ibn Syna sapagy iki-üç ýola çekip görüpdir-de: -Emirim, bu nähoşyňyz bir syçan iýse,ö tut ýaly bolýar-diýipdir. Ibn Sinanyň bu gepine şu ýerde oturan wezir-wekiller haýran galyp, emire garapdyrlar. Emir ýylgyryp: -Sözümiz ýok. Siz hakyky hekim ekeniňiz-diýipdir we Ibn Sina sylag-serpaý edip goýberipdir. Şundan soň şu ýerde oturanlar emiriň sapagy gyzynyň goşaryna däl-de, pişigiň aýagyna daňyp getirenini bilipdirler. Biruny bu gürrüňi diňläp hezil edip güldi. -Huseýniň şöhraty Bagdada-da ýetip barypdyr-da-diýdi. Ibn Salam Ibn Sinanyň öz adynyň Huseýindigini Birunynyň şu sözünden soň bildi. -Möwlana, siz ol kişi bilen köpden bäri tanyşmy? -Men onuň bilen Gürgenje şu gelenimde ýüz görüşdik. Ol Gürgenje menden has öň gelen ekeni. Ozal onuň bilen hat alyşýardyk. -Bagdatda ony diňe taýsyz hekim däl, ylmyň köp ugurlaryndan, şol sanda pelsepeden hem başy çykýan ötgür zehinli. alym diýip, taryp edýärler. -Hakykatdan hem şeýle. Ýöne pelsepede ikimiziň pikirlerimiziň çapraz gelýän ýerleri bar-diýip, Biruny birden dymdy, soñra - Bu çaprazlyk ilki ýazyşmalarymyzda ýüze çykdy. Şonuň üçin men häzir onuň bilen ikiçäk oturyp jedelleşmekden gaça durýan-diýdi. Şu söhbetdeşlikden bir hepde geçip-geçmän «Beýtil hikmä» Ibn Sina geldi. Ol ilki bilen Birunynyň iş otagyna girdi. -Oho! Hüseýin! Marhabo!-diýip Biruny ýerinden turup salamlaşyp görüşdi.-Hassaňyz aýaga galdymy? -Hudaýa şükür, gowulaşdy. Basym aýaga galar-diýip,Ýer togalagynyň şekliniň ýanynda duran Ibn Salama seretdi-de: -Möwlana men bu ýigidi tanamadym-la - diýdi. Ibn Salam bolsa, garaýyşlary ötgür, galyň dodagynyň üstündäki gapgara murty, kelte gara sakgaly onuň entek ýaş ýigitdigine güwä geçip duran bu adamy gapydan giren badyna içki bir duýgy bilen tanapdy. -Bu ýigit Muhammet ibn Salam al Bagdady-diýip, Biruny ýylgyrdy. Ibn Salam Ibn Synanyň ýanyna gelip, iki elläp edep bilen görüşip salamlaşdy-da: -Ustaz "Bagdady"diýip degşip aýdýar.Horezminli mem-diýdi. -Möwlana Biruny «Al Bagdady» diýip, ýöne ýere aýdan däldir. Siz şol Bagdatda okap gelen ýigit dälmi? -Hawa, tagsyr, men şol. -Siz hakda bu ýerde gürrüň edilipdi. Geleniňiz gowy bolupdyr. Watana ýetesi ýer barmy. Mümkin bolsady, menem Watanyma Buhara dolanardym-diýip, Ibn Sina uludan demini aldy. Buharany terk edip gaýtmaga mejbur bolan Ibn Sina Watanyny küýseýärdi. Duşmanlary, diňe özüniň däl, ylmyň hem duşmanlary ony dinsizlikde günäläp, janyny howp astynda goýandyklary üçin ol Watanyndan gaçyp çykmaly bolupdy. -Möwlana, bu «Togalagyňyz» haçan taýýar bolar? -Ony garşyňyzda duran Ibn Salamdan soraň. Onuň jugrafyýasyny şu kişä tabşyrdyk-diýip, Biruny Ibn Sina oturmagy teklip etdi. Oturanlaryndan soň Biruny öňünde demli duran çaýdan bir käsä guýup Ibn Sina uzatdy. Çaýdan bir owurtlan Ibn Sina sowally nazary bilen garap: -Jenap Ibn Salam, size juda jogapkärli hem-de juda hormatly iş tabşyrylypdyr. Ony tizräk tamamlap, köşge eltseňiz Horezmşa hezretleriniň nazaryna düşersiňiz-diýdi. -Nesip bolsa, ýene iki-üç hepdeden taýýar bolar-diýip, Ibn Salam Biruna seretdi-de -Siziň kömegiňiz bilen, ustaz -diýdi. Biruny başyny atyp, ýylgyryp goýdy. Ibn Sina: -Meniň muny soraýanym ýöne ýere däl - diýdi.- Horezmşa hezretleriniň siziň bu zadyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyndan habarym bar. Arada ol meni huzuryna çagyrdy. Bardym. Weziri agzam Suhaýly bilen oturan ekenler. Ilki menden hassanyň ýagdaýyny sorady. Olaryň ikisiniň gürrüňiniň siziň «Togalagyňyz» hakdadygyny, menden hem soranyndan soň, aňdym. Men bir aý bäri köşkde hassa seredýänim üçin siziň bu işiňizden habarym bolmansoň belli jogap berip bilmedim. Ýöne siziň, men gaýtmazymdan öň, onuň şeklini ýasanyňyzy, daşyna örtmek üçin gowy eýlenen mal derilerini tapdyryp ýöräniňizi aýtdym. -Ol o zatlary bilýär. Men günde-günaşa onuň ýanynda ahyryn. Ýöne menden «haçan taýýar bolýar?» diýip soramaýar. Meni gyssamajak bolýar öýdýän-diýdi. Ibn Salam : -Ol ylma juda gyzyklanýan eken. Tebigatyň iň inçe syrlaryny-da bilesi gelýär. Meniň bilen pelsepeden gürrüň edip oturyp, soňunda şeýle sowal berdi: -Möwlana, siz hekim, alym kişi. Adamyň ähli agzalaryny olaryň işleýşini gowy bilýärsiňiz. Bu dyngysyz urup, durýan ýüregimiz, ýagty jahany görýän iki gözümiz, aňymyz we beýleki agzalarymyz, «bir katra suwdan» nädip peýda bolýar? Ylymda bu mugjyza düşündiriş barmy? -Aly hezret, şol «katra suwuň düzüminde ähli agzalarymyzyň binýady bar. Tebigatyň «öz özüni dörediş» diýen kanuny esasynda olar ösüp kemala gelýär. -Ol binýat diýeniňiz şol «katra suwuň» düzüminde ýerleşýän bolsa juda kiçijik zat bolmaly. -Onuň kiçiligi saçymyzyň taryndan hem müň esse diýen ýaly kiçidir. Ine, künji dänesini alyp görüň. Ösümlik dünýäsinde künji tohumyndan kiçi tohum seýrekdir. Ýöne şu kiçijik künji dänesi ýere düşende ondan künjüniň baldagy, ýapraklary we müňläp künji däneleri emele gelýär. Çünki şol emele gelen ösümligiň hem-de hasylynyň binýady şol bir kiçijik dänäniň düzüminde bar. -Ol binýat diýeniňiziň özi nireden peýda bolan? -Tebigatdaky ähli zadyň binýadyny Alla tagala goýan. Şol binýatlary ösdürip kemala getirmek tebigatyň işi, aly hezret-diýip, düşündirjek boldum. Ibn Sina sözüne dyngy berenden Bruny öňki ikisiniň jedelleri ýadyna düşüp, gödegiräk äheňde hüjüme geçdi: -Siz Horezmşa hezretlerine-de bar zadyň ýaradyjysy Alla diýmän, maňa diýişiňiz ýaly, ara ýene tebigaty sokupsyňyz-da! Ibn Sina Birunynyň ýaşynyň özünden ulydygyny sylap, edep bilen jogap berdi. -Möwlana, men tebigatyň kanunlaryna ynanýanym üçin patyşamyza-da soran zadyny şol esasda düşündirdim. -Siz tebigatyň kanunlary diýip, dünýäniň, älemiň ýaradylandygyny hem inkär edýäňiz ahryn! -Möwlana, bu älem akyla sygmaýan derejede çäksiz, şeýle çäksiz zadyň ýaradylmagy mümkin däl. Ol ebedül-ebed bar. Onuň iptidasy hem ýok, intihasy hem. -Onda siziňçe älemdäki sansyz ýyldyzlar, seýyaralar, kuýaşymyz, ýerimiz hem ebedi bar zatlarmy? -Ýok. Olar tebigatyñ kanunlary esasynda dürli döwürlerde dörän. -Goý, şeýle bolsun. Olaryň ýerleşişi-kuýaşyň ortada, seýaralaryň onuň daşynda aýlanma hereketi kim tarapyndan guralan? Siz, ahryn, dünýäniň merkezi ýer däl-de, kuýaşdygyna ynanýaňyz-a! Pikir edip görüň. Eliňize bir näçe maýda daşlar bilen bir ulyrak daşy alyp, olary näçe müň gezek ýokary atsaňyzam olar aşak gaçanda iri daşyň orta, maýda daşlaryň onuň töweregine tertip bilen ýerleşip düşmegi mümkinmi? -Daşlaryň şeýle tertipde düşmezligi mümkin. Ýöne Gün bilen seýýaralar ýokary zyňylan daşlar däl... Biruny elini siltäp, ýüzüni kese sowdy. Söhbetdeşiniň gyzmalygyny bilýen Ibn Sina geplemän, çykyp gitdi. Biruny Ibn Salama garap: -Men bu adam bilen teý düşünişip bilmedim - diýdi .- Ozalky söhbetlerimiz hem şeýle çekeleşikli geçdi. Ol ilki ýeriň çekiş güýjüni hem inkär edipdi. Nämemiş, eger ýer ähli zady özüne çekýän bolsa, onda ot ýananda alaw näme üçin aşak däl-de, ýokary örýär-diýýar. Iň beteri onuň dünýäniň ýaradylandygyny inkär etmegi. Onuň bilen öňem şu mowzukda jedelleşenimizde men oňa: «Siz dünýäniň ýaradylandygyny inkär etmek bilen, onuň ýaradyjysy Hudaýy hem inkär edersiňiz» diýenimde ol: «Ýok. Men Hudaýy inkär edemok. Ýöne Hudaý ýaradyjy däl, tebigat öz kanunlary esasynda ösýär, özgerýär» diýdi. Şeýle küpür pikirli adamy dini-yslamyň güýçli merkezlerinden biri bolan Buharada ýaşatmazlar. Ol şonuň üçinem bäri, Gürgenje gaýdan bolmaly. Biruny Ibn Salama bu zatlary gaharyny gaçyrmak üçin aýdan bolsa gerek, şundan soň biraz köşeşdi. *** Muhammet Ibn Salam iküç hepdäniň içinde Biruny bilen has öwrenişdi, ruhy taýdan ýakynlaşdy. Işiň arasynda özüni gyzyklandyrýan zatlar barasynda sowallar berip, jogaplaryny jan gulagy bilen diňlärdi. Biruny hem diňe ylmy söhbetdeşligi däl, göwnüne ýaraýan adam bolsa, onuň bilen mesawy gürrüň etmegi-de halaýardy. Ol Ibn Salama özüniň Kätde ýaşan döwri, eden işleri barasynda gürrüň berip, onuň hem Bagdatda ýaşan ýyllary, ondan öňki durmuşy bilen gyzyklanypdy. Ibn Salam şazada Abul Harys bilen bolan wejeralykdan başga başyndan geçenleri gürrüň beripdi. Birunyny onuň sazanda gyz Rugsary guldaryň elinden alyp gaçany, aýaly Mahynuryň erkek lybasyna girip, ony gözläp tapany has gyzyklandyrdy. Şol arada Ibn Salamyň kellesine bu beýik alymyň terjimehalyny geljekki nesiller üçin ýazyp galdyrmak pikiri geldi. Ol şu pikir bilen işiniň arasynda şol işe-de başlapdy. Bir gün Biruny köşkden keýpi kök halda geldi. Ibn Salamyň işini gözden geçirip, ony öwdi. Ibn Salam pursatdan peýdalanyp, Birunynyň daşary ýurtlarda bolan döwründen gürrüň gozgady: -Möwlana, men siziň Kätde ýaşan döwrüňiz barada beren gürrüňiňiz esasynda ömür beýanyňyzyň başky bölümini ýazyp goýdum. Indi Kätden gideniňizden soň daşary ýurtlarda ýaşan ýyllaryňyzda başdan geçirenleriňiz, eden işleriňiz barada gürrüň beraýseňiz, ony-da kagyza geçirsem... -Ol zatlar size nämä gerek?-diýip, Biruny Ibn Salamyň sözüni kesip sorady. -Ustaz, nesip edip, siziň bilen bir ömür bile bolsam, geljekki nesillere siziň doly terjimehalyňyzy ýazyp galdyrmak niýetim bar. -Heý, molla Muhammet-diýip, Biruny birinji sapar onuň adyny dostlarça degişip tutdy.- Siz patyşalaryň ýanynda ýöräp, olaryň taryhyny ýazýan taryhçylara öýkünmekçi bolýarsyňyzmy? Men patyşa däl, sizem meniň taryhçym boljak bolup, azara galyp ýörmäň. -Dogry, siz patyşa däl, ýöne patyşalardan hem beýik şahsyýet siz. Geljekki nesillere-de beýik işler eden beýik şahsyýetleriň taryhy gerek. ahbetin. Biruny kellesini ýaýkap güldi. -Men özüm-ä beýiklik derejesine ýetendirin diýip pikir edemok. Entek edilmeli işler öňde. Ýöne size gerek bolsa gürrüň bereýin-diýip, Biruny bir salym oýa çümüp oturdy-da-Onda atdaşyňyz Muhammet Tarhana çaý buýruň. Bagşylar hem aýdymy çaý owurtlap aýtmasa sesi gowy çykmaýar-diýip ýylgyrdy. Ibn Salam çykyp, çaý buýrup geldi. Biruny: -Bir oturyşda on bäş ýyllyk wakalary aýdyp tükedip bolmaz. Häzir men size hakydamda öçmez yz galdyranlaryny gürrüň bereýin-diýdi. Muhammet Tarhan mejimede iki çäýnek çaý bilen şaha nabat getirip gitdi. Biruny suwsap gelen bolmaga çemeli yzly-yzyna iki käse çaý içip, ýene-de käsesine çaý guýup, gürrüňe başlady. Ol gürrüňiniň arasynda çaý süzüp, berlip gürüň edip oturşyna gün ýaşyp, agşam namazynyň wagty bolanyny hem duýman galdy. Ibn Salam hem tutuş göwresi gulaga öwrülip wagt diýen zady unudypdy. Ibn Salam üç gün Birunynyň beren gürrüňiniň täsirinde gezdi. Ony ýöne habar görnüşinde däl-de çeperräk görnüşde ýazmaklygy meýilleşdirdi. Şeýlelikde gündizleri Ýer togalagynyň şekliniň jugrafiýasynyň üstünde işlese, gijelerine hüjresinde bir şem ýanyp gutarýança ýazdy. Ol Biruniniñ Reýde, daşary ÿurtdaky soñky menzili Gürgende geçen durmuşynyñ beýanyny soñlap, onuñ özüne okap bermekçi boldy. Biruny-da garşy bolup durmady. Wagt tapyp, ikiçäk oturdylar. İbn Salam okap başlady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |