12:06 Gürgenç / 1-nji kitap -14 | |
XIV BAP
Taryhy proza
Dogduk mekany, ýaşlygynyň ajaýyp döwri geçen Kätden baş alyp çykyp gaýdanyndan soň Biruny ilki Reý şäherine bardy. Bu gözel, asuda şäheriň emiri Fath ad Döwlä ýogalanyndan soň ogullary Seýit we Şems ad Döwleler ýaş çaga bolandyklary üçin hökümdarlyk aýaly Saýida hanymyň paýyna düşen ekeni. Şähere çetden gelen-gideni köşke habar bermek düzgüni boýunça musapyrhana Kätden Abu Reýhan al Biruny atly bir adamyň gelip düşenini Saýida hanyma habar berdiler. Saýida hanymyň diňe Horezminde bolan uruşdan we özgerişlikden däl, Afrigler nesilşalygynyň paýtagty bolan Kätde ýaşlygyna garamazdan ylym äleminde eýýam özüni tanadan Biruny atly alymyň ýaşaýandygyndan hem habary bardy. Saýida hanym musapyrhanadan habar gelen badyna ol ýere adam iberip, Birunyny köşgüne çagyrtdy. Biruny köşgüň haşamly eýwanynyň töründäki tagtyrowanda oturan otuz ýaşlar çemesindäki görmegeý zenana gözi düşende öz içinden «Patyşalyga mynasyp aýal eken» diýip goýdy. Däbe görä oňa tagzym etdi. Saýida hanym hem sakgal-murty ýaňy taban, gözlerinde danalyk alamatlary balkyp duran ýaş ýigide synçy nazaryny dikip, mylaýym ýylgyrdy: -Aburaýhan al Biruny diýenleri siz bolsaňyz, hoş gördük, şäherimize hoş geldiňiz-diýip, oturmaga ýer görkezdi. Biruny ýene bir gezek baş egip, tagzym etdi-de görkezilen ýere geçdi. Ol tagtyň iki tarapynda oturan adamlara bir ýola göz aýlap, olar bilen kelle kakyp salamlaşdy. -Biziñ Horezminde bolan ýagdaýdan habarymyz bar, jenap Biruny-diýip, Saýida hanym söhbetdeşlige söz açdy. -Ýöne siziň ýurdüňyzy taşlap gaýtmagyňyza nämeler sebäp bolanyny bilmedik. Biruny bu aýalyň söhbetdeşini soraga tutan ýaly «Näme sebäp boldy?» diýmän «Nämeler sebäp bolanyny bilmedik» diýeninden inçe tebigatly, edep kadalaryny doly saklaýan ynsandygyny aňdy. -Melikäm, meniň ýurtdan çykyp gaýtmagymyň birinji sebäbi zalyma gulluk etmezlik. - Onda bize gulluk etmegiňize umyt baglasam bolarmy? Meni entek hiç kim zalymlykda aýyplamady. -Men kimem bolsa şahsyýete däl, onuň Aly hezreti Ylma gulluk edýärin. Birunynyň jogaby Saýida hanyma biraz ýokuş degse-de bildirmedi, kellesini ýaýkap gülümjiredi-de: -Beýle jogaby menden başga, käbir hökümdarlaryň ýanynda aýtsaňyz sizi jezalandyrmaklary mümkin - diýdi. -Men siziň şol käbirleriň hatarynda däldigiňizi, kalbyňyzyň hem keşbiňiz ýaly biçak gözeldigini ýüregim duýany üçin gönümi aýtdym-diýip, Biruny oturan ýerinde başyny egip, tagzym etdi. Öwgi ýaramaýan zenan barmy, Saýida hanym mylaýym ýylgyryp: -Men hakdaky gowy pikiriňiz üçin sag boluň, jenap Biruny-diýdi. -Melikäm, rugsat etseňiz, Biruny jenaplaryndan soramaly zatlarymyz bar-diýip, oturanlardan biri dillendi. -Men gidýän, sizler hem meýlisler eýwanyna geçiň. Saçak ýazylandyr, şamlyk wagty boldy, arkaýyn oturyp iýip-içiň. Şol ýerde jenap Biruny bilen hem sowal-jogap edişiberiñ - diýip, Saýida hanym tagtyndan turdy. Patyşanyň hormatyna hemmeler onuñ bilen deň aýaga galdylar. Saýida hanym çykyp gidenden soň Biruny galan adamlar-wezirler, wekiller, geňeşdarlar, serkerdeler, münejümler we başga-da jemi ýigirmä golaý adam bilen görşüp çykdy. Soňunda görüşen mele gytyk sakgally, ak ýüzli, mawy gözli orta ýaşlaryndaky adam onuň elini goýbermän ýüzüne mähir bilen seredip şeýle diýdi: -Siz, Abu Sahyl Masyhy diýen bir biçäre ylym fidaýysy* barmyş diýip eşitmediňizmi? Biruny bu kişiniň keşbinden we aýdýan sözlerinden onuň nasrany* dinindäki tanymal alym, meşhur hekim Masyhydygyny aňdy. Ol mylaýym ýylgyryp: -Alym hökmünde dabarasy dag aşan, hekim hökmünde şöhraty äleme ýaýran adamyň mübärek adyny bu dünýäde eşitmedik barmyka?-diýdi. Masyhy Birunyny gujaklap, bagryna basdy. Biruny geljekde özüniň hakyky dostuna öwrülen Abu Sahyl Masyhyny ilki şu ýerde-nesibesi çekip gelen Reý şäherinde duşurdy. Masyhy Birunyny gujagyndan boşadyp, oňa mylakatly garaýyş bilen ýüzlendi. -Ezizim, men bir jahankeşde adam. Baran ýerlerimde siz hakda köp zatlar eşidipdim. «Ýaşlygyndan ylma berlen, geljekde beýik alym bolup ýetişjek, juda istedatly ýigit» diýen gürrüňler watanyňyzdan daşarlarda-da aýdylýar. Eger Kätde ol ýagdaýlar bolmadyk bolsa şäheriňize barmak, siziň bilen, halypaňyz Abu Nasyr ibn Yrak bilen tanyşmak, niýetim bardy. Halypaňyz Ibn Yragy uly alym, felekiýet we beýleki ylymlaryň çuňňur danyşmendi diýip eşidýän. Ýogsa-da, ol kişiniň ykbaly niçik boldy? -Halypam Horezmşa Abu Abdullah hezretleriniň ýegeni bolany üçin Mämün ony-da aman goýmajagyny bilip özüni bir pena çekdi-diýip, Biruny uludan demini aldy. -Nirede bolsa-da başy aman bolsun!-diýen Masyhy üç barmagyny jüp tutup, maňlaýyna we iki egnine degrip goýdy. Biruny onuň bu hereketiniň nasranyça çokunyşdygyny bilse-de, ony Masyhynyň hem edýänini geň görüp, ýylgyranyny duýman galdy. Masyhynyň mawy gözleri Biruna närazylyk bilen garady: -Näme ýylgyrdyňyz, ezizim, biz bu hereket bilen Hudaýy ýatlaýarys, ondan dileg edýäris. Ine, häzir siziň halypaňyzyň başynyň aman bolmagyny aýdyp, yzyndan çokunmak bilen dileg etdim-diýip, Masyhy öz sözüni tassyklan manyda başyny atdy. -Bagyşlaň, möwlana. Men siziň çokunmagyňyzy ýaňsa alyp ýylgyrmadym. Özüm şeýle ýylgyraýdym-diýip Biruny özüni aklajak boldy. Masyhy geçirimlilik bilen gülümjiräp: -Bolýa, zyýany ýok. Ýörüň, adamlar eýýäm meýlisler eýwanyna geçdi. Bizem baryp, nesibämize dahyl bolaly-diýdi. Ikisi tirkeşip meýlisler eýwanyna girenlerinde elini gursagyna goýup duran hyzmatkärleriň biri olara oturmaga ýer görkezdi. Başga biri mejimäniň üstüni dolduryp nahar getirip goýdy. Masyhy nahara elini urmazdan öň ýene çokundy, Biruny «Bisimilla» diýip, el uzatdy. Masyhy Biruna garap: -«Bisimilla» arapça bi-onuñ, ismi-ady, Alla diýen sözleriñ gysgaldylyp aýdylanydyr. Meniň nahara başlamazdan öň çokunmagym bolsa bizi şeýle nesibä ýetireni üçin Hudaýa şükürler etdigimdir. Şunda haýsymyzyňky dogry bolýar?-diýdi. Biruny onuň sowalyna ýylgyryp jogap berdi: -Möwlana, men diňe ylmy jedeli gowy görýän. -Entek siziň bilen ylmy jedel hem ederis. Häzir nahary jedelsiz iýeli-diýip Masyhy soragyna Birunynyň göni jogap bermekden gaçanyna ähmiýet bermedik ýaly etdi. Nahardan soň Şeýhulyslam töwir galdyryp, soňunda ýurduň hökümdary Saýida hanymyň adyna uzyndan-uzak hamdu senalar aýtdy. Şundan soňam adamlar dargaşmadylar. Her kim öz ülpeti bilen mesawy gürrüň edip, çaý içişip oturdylar. Şunda Biruny bilen Mashy hem gürrüňe mowzug tapdylar: -Möwlana Masyhy, men bir bilesigeliji adam. Gaty görmeseňiz, şu çokunmak hereketiňiziň nirden gelip çykanyny, ýagny nämeden alnanyny aýdyp beräýseňiz-diýip, Biruny çekinibräk dillendi. -Çokunmak hereketiniň gelip çykyşy barada dürli rowaýatlar bar-diýip, Masyhy pikirini jemleýän ýaly bir salym dymdy. Soňra Biruna garap ýylgyrdy.-Juda bilesiňiz gelýän bolsa olardan birini aýdyp beräýeýin-diýdi-de, gürrüň bermäge durdy. -Bir rowaýatda zikr edilişine görä hezreti Ysa özüni kowup gelýän kapyrlardan gaçyp gelşine ýol ugrundaky boş ýatan jaýa girip, gapyny mäkäm temmeleýär. Müşrükler ýetip gelip, gapyny döwmäge başlaýarlar. Şol wagt Jebraýyl perişdä Hudaýdan «Ysany halas et!» diýen perman bolýar. Jebraýyl jaýyň depesindäki tüýnükde peýda bolup, Ysa pygambere «Gel, şu ýerden çyk» diýen yşaraty edýär. Ysa oňa «Tüýnükden kelläm geçer, iki egnim geçmez» diýen manyda maňlaýyna, iki egnine elini degirip görkezýär, şol bada-da tüýnük giňelip, ol zym-zyýat bolýar. Bu keramaty gapynyň jaýrygyndan görüp duran müşrükler hem Ysanyň eden hereketini gaýtalap, onuň dinine girýärler. Bu bir rowaýat, aslyýetinde bolsa nasranylaryň çokunmagy iki eli serlip, agaja haç görnüşinde çüýlenen Isa pygamberi ýatlamak bolmaly. Masyhynyň soňky sözlerinden Biruny belent sütüne haç görnüşinde çüýlenen Isany göz öňüne getirip, tisginip gitdu. Ol: -Möwlana, dogrusyny aýdanda öten pygamberleriň içinde Ysa äleýhissalamdan köp jebir çekeni ýok bolsa gerek-diýdi. -Dogry aýdýaň, ezizim. Ondan köp jebirleneni ýok. Biruny içinden «Toba, Injilde Bibi Merýem Hudaýyň nurundan göwreli bolup, Isany dogurdy, ol Hudaýyň ogly diýilýär. Şeýle bolýan bolsa, Hudaý oz ogluna munça jebri-jepany nähili rowa gördükä?» diýip pikirlendi. Ýöne içindäki bu pikri Masyhynyň ygtykadyny hormat edip, daşyna çykarmakdan saklandy. Biruny bilen Masyhynyñ birek-birege hormaty, mylakatly gatnaşygy dostlyga öwrülip başlady. Emma Biruny üçin bu ýerde ylmy iş bilen meşgullanmaga mümkinçilik hem, isleg hem bolmady. Çünki, Reýde asudalyk bozulyp başlady. Saýida hanymyň garşysyna guralýan pitneler parahatçylyga howp salyp ugrady. Şonuň üçin Biruny bu ýerden gitmekligi ýüregine düwdi. Bu niýetini Masyhyga aýdanynda onuň özüniň hem şeýle pikiri bardygy mälim boldy. Masyhy jahankeşde adam bolany üçin köp ýurtlaryň hökümdarlaryny tanaýardy. Hazar deňziniň günorta kenarynda ýerleşen Gürgeniň emiri Keý Kowus Wüşmegir bilen arasy has gowudy. Şonuň üçin Gürgene gitmekligi makul gördüler. «Bir gün duz iýen ýeriňe kyrk ýyl salam» diýenlerini edip, Saýida hanymyň huzuryna bardylar. Myhmandarçylygy üçin taňryýalkasyn aýdyp hoşlaşdylar. Reý bilen Gürgeniň arasy juda bir daş bolmasa-da, aýazly howada şonuň ýaly ýola çykmagam ýyly öýde ojagyň başynda oturan ýaly hezil däldi. Kynçylyk bilenem bolsa «Ýoly ýörän ýeňer» diýenleri hak bolup, ahyry Gürgene gelip ýetdiler. Keý Kowusyň girizen düzgünine görä daşardan Gürgene gelen tanymal adamlar ilki bilen emire salama barmalydylar. Masyhy bilen Biruny eger bu düzgün ýok bolaýanda-da, özlerine baş pena sorap, emiriň huzuryna girmelidiler. Bardylar. -Kyblaýy älem, köne tanşyňyz Abu Sahyl Masyhy ýanynda bir ýaş ýigit bilen geldi. Huzuryňyza girmäge rugsat soraýar-diýip, köşk sahyby Keý Kowusa habar berdi. Masyhynyň adyny eşiden emiriň ýüzi ýagtylyp gitdi. Keý Kowus sowatly, bilimli, edebiýaty, sungaty söýýän, özü-de döredijilik bilen meşgullanýan adamdy. Onuň galamynyň aşagyndan çykan «Kowusnama» atly eser meşhur kitaplaryň hataryndan ýer alypdy. Emma hökümdar hökmünde juda gazaplydy. Kiçijik bir günäni hem bagyşlamazdy. Onuň bu häsiýeti günä işlerden daşda ýöräýän Biruny bilen Masyhy üçin howply däldi. Şonuň üçin hem Masyhy Birunyny bu ýere alyp gelipdi. Bu ýerde oňa ylmy işler bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolar diýip ynanýardy. Çünki, Keý Kowusyň ylma, ylymly adamlara sarpa goýandygyny öň özüne görkezilen hormat zerarly bilýärdi. -Aýdyň, girsinler-diýip emir tagtyndan turdy. Masyhy bilen Biruny giren ýerinde saklanyp, emire tagzym etdiler. -Merhaba! Möwlana Abu Sahyl, niçe bahar gülleri soldy sizi görmelim bäri. Nä munça gaçdyňyz bizden?-diýip Keý Kowus olaryň garşysyna ýöredi. Olar hem ýöräp gelip emir bilen görüşdiler. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, Keý Kowus Biruna synçy nazaryny dikip: -Möwlana Abu Sahyl, bu ýigit şägirdiňizmi?-diýip sorady. -Aly hezret, bu ýigit şägirt däl, ýaş bolsa-da halypalyk derejesine ýeten alym Abureýhan Muhammet ben Ahmet al Biruny. -O-ho! Biruny diýseňiz-e! Biz bu kişiniň at-owazasyny eşidip, uly ýaşdaky adamdyr öýdýärdik. Tüweleme, şu ýaşda öz ylmyňyz bilen şeýle at çykaran bolsaňyz, Siziň geljegiňiz örän uly bolmaly-diýip, Keý Kowus Biruna bilesigelijilik bilen bir salym dikilip durdy. -Aly Hezret, alymyň hem, adamyň hem geljegi hökümdarlaryň hümmetine bagly-diýip, Biruna derek Masyhy dillendi. -Düşnükli, möwlana Masyhy. Ylym sizlerden, hümmet bizden-diýip, Keý Kowus ýylgyrdy.-Hany, men bilen ýörüň, söhbeti başga jaýda dowam etdireris. Keý Kowus Biruny bilen Masyhyny yzyna tirkäp, dürli naz-nygmatly saçak ýazylan çaklanjarak otaga alyp girdi. Saçagyň başynda iki alym bir hökümdar günortandan peýşin namazyna çenli dürli mowuzklarda söhbet gurdylar. Ine, şonda Keý Kowus Birunynyň ýaş bolmagyna garamazdan biçak sowatly, çuňňur bilimli, ötgür zehinli öz boluşly şahsyýetdigine göz ýetirdi. Aryp adam özüne özi ýaly aryp söhbetdeş gözleýär. Keý Kowus hem aryp adam bolansoň Biruny ýaly ylymly aryp adamyň söhbetini isleýärdi. Ol Birunynyň Gürgene ýaşamak, işlemek niýeti bilen gelendigini bilensoň gökdäki islegi ýere düşdi duryberdi. Masyhy jahankeşde adam dälmi, Gürgende-de uzak saklanman Birunyny Keý Kowusyň howandarlygyna goýup, Horezme, Gürgenje gitdi. Keý Kowus Biruna hakyky howandar çykdy. Ol Biruna ýaşamak, işlemek üçin ähli şertleri döredip berdi. Aradan bir aý geçip geçmän ol Biruna garaşylmadyk bir teklip bilen ýüzlendi. -Ezizim, Aburaýhan, bu döwleti dolandyrmak aňsat iş däl. Menem garrap barýan. Şonuň üçin siz maňa şu kyn işimde kömekçi bolsaňyz, men size döwletimizde uly ygtyýarly wezipe bereýin. -Aly Hezret-diýdi Biruny bir salym dymyp otyranyndan soň-Men aklymyň ýetdiginden näme maslahat diýseňiz bereýin. Ýöne siziň aýdan uly ygtyýarly wezipäni boýun alyp biljek däl. Sebäbi, men siziň penaňyzda ýaşap, ylmy işlerim bilen meşgullanmaga mümkinçilik taparyn diýen tama bilen gelipdim. Birunynyň bu sözlerinden soň Keý Kowus onuň ylmy işlerine päsgel bermäge milt etmedi. Biruny ylmy işler bilen erkin meşgullanmaga mümkinçilik aldy. Şu ýerde-de ol adyny äleme ýaýan ilkinji iri göwrümli kitaby «Al-asar al-Bakyýany» ýazmaga girişdi. Arasynda başga ylmy işler bilen meşgullandy, rysalalar ýazdy. Keý Kowusyň döwlet işleri barasynda tiz-tiz maslahat salmagy, onuň bilen mesawy söhbetdeşlikler hem az wagtyny almaýardy. Şeýlelikde, wagtyň geçip barýanyny hem duýmaýardy. Şu arada Keý Kowusyň ýaňy boýy ýeten gyzy-gözel Zaringiz Biruny bilen gyzyklanyp başlady. Emma onuň gyzyklanmagy aýalyň erkege bolan gyzyklanmasy däl-de, ylyma-bilime teşne gyzyň alyma bolan gyzyklanmasydy. Bir sapar Keý Kowus Birunyny söhbetdeşlige çagyryp, gürrüň edip oturanlarynda garaşylmadyk ýerde Zaryngiz peýda boldy. -Gel, gyzym! Bizem Aburaýhan bilen dünýäniň o çetinden girip, bu çetinden çykyp otyrys. Bilýäňmi, dana bilen bir sagatlyk söhbetiň lezzetini we nadan bilen bir pursatlyk gürrüňiň azaryny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar-diýip, Keý Kowus gyzyna garap ýylgyrdy. -Şahyrlar muňa deňeşdirme tapýan eken, pederi büzrükwarym-diýip Zäryngiz bir beýt aýtdy: Sözleşseñ bir dana bilen çekseñ geler bir gyl bilen, Sözleşseñ bir nadan bilen gelmez çekseñ zynjyr bilen. -Oho! Şahyr nadan bilen söhbetdeşligiň azaryny suratlandyrmak üçin üýtgeşik deňeşdirmeler tapyp aýdypdyr-ow. -Dana bilen söhbetdeşligiň lezzeti barada ýazmanmy şahyrlar? -Ýazandyrlar. Men ol hakda beýt bilemok. Ýöne möwlana Biruny bilen menem bir pursat söhbetdeş bolup, dana bilen söhbetdeşligiň nähili bolýanyny bildim. -Şeýlemi, haçan söhbetdeş bolduň?-diýip, Keý Kowus sowaly gyzyna berse-de, nazaryny Biruna dikdi. -Geçen hepde-de, pederi büzrükwarym. Jenap Biruny Siziň Gürgeniň tutýan ornyny anyklap bermek baradaky tabşyrygyňyzy berjaý etmek üçin şäheriň gündogaryndaky depede özüniň üstürlýap diýen esbaby bilen bir zatlary ölçäp, ýazyp oturan eken. Menem şol töwerekde kenizlerim bilen seýil edip ýördüm. Şonda sataşdyk. -Ho-oş, onsoň, nämeler hakynda söhbetleşdiňiz? -Asman hakynda, älem hakynda, ýyldyzlar hakynda, ýyldyzlaryň ýerdäki durmuşa, ynsan ykbalyna täsiri hakynda. Jenap Biruny «asman ýok» diýýär. Bu üstümize gapgarlyp duran zat älem giňişligine gözümiziň ýeten ýerimiş. -Şeý diýýämi?-diýip Keý Kowus ýylgyrdy.-Onsoň başga zat hakynda gürrüň etmediňizmi? -Ýok, etmedik, Pederi büzrükwarym, birinji saparda başga zat hakynda gürrüň edip bolýamy-diýip, Zaryngiz ýeserlik bilen güldi. Biruny degişmedenem bolsa, kakasyna şeýle söz aýtmaga milt eden gyzyň juda lälik ösdürlenini aňdy. -Ha seni bir keçjal, bar çyk! Kakasynyň gaharynyň çyn däldigini duýan Zaryngiz girendäkisi ýaly tagzym etdi-de ýylgyryp, çykalga tarap ýöneldi. *** Biruny bilen Zaryngiziň ýaňy özi aýdan duşuşygy şeýle bolupdy: Dürli güller bilen basyrlan uly çemenligiň ortasyndaky depede öz işine berlip oturan Biruny «Essalam, möwlana!» diýen ýakymly gyz owazyna başyny galdyrdy. Görse garşysynda biri birinden owadan üç gyz durdy. Olaryň biri Zaryňgizdi. Biruny Gürgene geleninde Zaryngiz onbäş ýaşlaryndaky çepiksije gyzdy. Biruny oňa käte köşkde duş gelse «Essalam!» diýip, edep bilen salam berip geçerdi. Ine, indi ol boýy ýeten görmegeý gözel bolup ýetişipdir. -Waleýkim, melikäm. Bu çet ýerde, özüňizem pyýada näme işläp ýörsiňiz? -Pyýada däl, paýtunda geldik. Ol hol aňyrda dur-diýip, elini uzadyp görkezdi. Mälikäniň elini uzadan tarapyna sereden Biruny daşyrakda duran paýtuny we onuň ýanynda ýören paýtunçyny gördi. -Hä, ýagşy. Bu lälezar çemenlige seýle çykypsyňyz-da. Ýöne pederi büzrükwaryňyzdan rugsatlymy? -Elbetde. Pederimizden birugsat ýekeje ädimem köşkden daşary ätmeýäs. Ýöne bir zadyň rugsadyny almadym. Olam, şu ýerde size duşmagymyň... -Şu ýerde maňa duşjagyňyzy öňünden bilen bolsaňyz, elbetde munyňam rugsadyny alardyňyz. Bilmäniňizden soň zyýany ýok-diýdi Biruny. -Bilmedim däl, bildim, möwlana. Siziň şu ýere gaýdanyňyzy bilenim üçin çemenlige seýle çykasym geldi. Zaryngizin bu sözi Birunyny biraz aljyratdy. Ol näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Bu oňaýsyz ýagdaýdan ony Zaryngiziň özi çykardy: -Siz meniň bu sözümi başgaça düşünmäň, möwlana. Men bu lälezarlyk bilen bile siziň ylym älemiňiziň gülzaryna hem, bir salym bolsa-da, seýil etmek isledim. -Ylym älemi gülzarlyk däl, melikäm. Ol juda muşsakatly, çarkandakly älemdir. -Şeý diýmek bilen meni gorkyzyp, ol äleme girizmejek bolýaňyzmy, möwlana? -Ýok, melikäm. Eger siz ylym bilen meşgullanmakçy bolsaňyz, men elimden gelen kömegi edeýin. Zaryngiz kellesini ýaýkap ýylgyrdy: -Ylym küje, men küje. Ýöne men özümi gyzyklandyrýan dünýäniň käbir zatlaryna, hadysalaryna ylmyň garaýşyny bilmek isleýärin. Sorajak zatlarym barada maňa az-owlak düşünje berermisiňiz? -Eger bilýän zatlarym bolsa, bererin. -Siziňem bilmeýän zadyňyz barmy? -Bir beýik alym: «Bilýän zatlarymy aýagymyň aşagyna goýsam elim tamyň depesine ýeter. Eger bilmeýän zatlarymy aýagymyň aşagyna goýsam elim asmana ýeter» diýipdir. Beýikler şeý diýensoň men kim. -Siz näme, beýik dälmi?-diýip, Zaryngiz garamyk ýaly owadan gözlerini tegeläp sorady. Biruny güldi. -Ýok, melikäm. Niýetläp ýören eserlerimi ýazsam. Muňa-da Alla ýeter ýaly ömür berse, ölenimden soň beýik bolaýmagym mümkin. -Diýäniňiz näme, Siz asla ölmäň, möwlana. -Ölmejek adam bolmaýar, melikäm. -Howa-da, şu ölüm diýeni ýaman zat-da. Ol asla bolmasady -Ölüm ýaman zat däl, melikäm. Ol hem Allanyň peşgeşi. -Diýýäniňiz näme, möwlana! Ol niçik ýaman zat däl?! Ölümdenem bir peşgeş bolarmy?! -Özüňiz pikirlenip görüň, melikäm. Siziň isleýşiňiz ýaly ölüm asla bolmasa adamzadyň ýagdaýy, ýaşaýşy nähili bolardy? Ýer ýüzüne adam sygarmydy. Adamlar azyk tapman biri-birini iýip başlardylar. Ine, muny ýaman zat diýse bolar, ölümi däl. Şonuň üçin dogulyşyň bar ýerinde ölüm hem gerek. Ölüm zerarly jemgyýet täzelenip durýar. Birunynyň sözlerine Zaringiz bir hili boldy. Tebigatyň bu ýönekeý kanunyny çuňňurak oýlansa, oňa özi hem düşünerdi. Emma ýaşlykda munyň ýaly ajy hakykatlar hakynda däl-de, durmuş lezzetleri barada köpräk oýlanylýar. -Melikäm, tukatlanmaň. Hakykata göni seretmegi öwreniň. Çünki hakykat biziň isleglerimize bagly däl-diýip, Biruny Zaryngize oturmagy teklip etdi. Melikäniň kenizleri goltuklarynda göterip gelen halyçalaryny maýsanyň üstüne ýazdylar. Şeýdip, gyzlar Birunynyň garşysynda ýerleşdiler. Ine, şu ýerde-de Biruny bilen Zaryngiziň kakasyna aýdan ilkinji söhbetdeşligi boldy. *** Zaryngiz çykyp gideninden soň Keý Kowus Biruna ýüzlenip: -Bu gyz meniň özüni aşa gowy görýänligimden peýdalanyp, käte şunuň ýaly diline erk beräýýär-diýdi.-Men onuň siziň bilen söhbetdeş bolmagyňa garşy däl. Şunuň bilen ol töwerek-daşyndaky zatlar, tebigat hadysalary barada ylmy düşünjä eýe bolsa ýaman däl. Ýöne, ezizm Aburaýhan, söhbetdeşligiňizde ol serhetden geçiberjek bolsa, muňa ýol bermäň. Özüňiz bilýäňiz, adatda patyşalar bu näsaz zamanda gyzy bolsa ony arka durjak ýurduň şazadasyna berip, garyndaşlyk açýarlar. Keý Kowusyň bu sözünden “Sen gyzdan tamakin bolup ýörme, ol seniň deňiň däl” diýen manyny aňan Biruny: -Men düşünýän, Aly hezret-diýdi. Şundan soň Zaryngiziň Biruny bilen söhbetdeşligi seýregräk bolsa-da dowam etdi. Söhbetdeşlik çagynda Birunynyň öz pikirini düşnükli, täsirli beýan edişi melikäniň aňyna guýlup barsa, sözleriniň bir hili jadyly äheňi kalbyna ornaşýardy. Zaryngiz bu lezzetli demleri her gün küýsese-de, pederinden çekinýänligi üçin seýregräk duşuşmaly bolýardy. Biruny hem entek kyrk ýaşa-da ýetmedik ýaş ýigit dälmi, Zaryngiziň näzli bakyşlary, mylakatly süýji dili ony-da biparh goýanokdy. Emma ol hem, Zaryngiz hem ýüreklerinde oýanan duýgularyny pynhan tutmaly bolýardylar. Çünki patyşanyň gazaby güýçlüdi. Şu ýerine gelende Ibn Salam ýazgym Biruna nähili täsir etdikä diýip, kellesini galdyryp seretse, ol uklap otyrdy. Ibn Salam bokurdagyna agram berip ardyndy. -Möwlana, meni diňlemediňizmi? Biruny gözüni açyp ýylgyrdy: -Diňledim, diňledim-diýip, goly galyň depderli Ibn Salama hoşamaý nazar saldy.- Özüm gözlerimi ýumup, şol günleri göz öňüme getirip otyrdym. -Diňlän bolsaňyz nähili gördüňiz? -Biraz gabardypsyñyzam, umuman ýaman däl. -Onda jemleýjisini hem diňläň. -Besdir, molla Muhammet. Diňlemesemem nädip jemläniňizi bilýän. Biruny Gürgende ony etdi, adyny äleme ýaýan «Al-asar al-bakyýa» kitabyny ýazdy we şuňa meňzeşlerdir. Men gitdim-diýip Biruny ýene-de Köşke-Horezmşanyň hyzuryna ugrady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |