12:27 Gürgenç / 1-nji kitap -15 | |
XV BAP
Taryhy proza
Gürgençdäki gyzgalaňly durmuş, iş Muhammet ibn Salamy öýünden, obasyndan çetleşdiren ýalydy. Arada ol oýlanyp görse, öýünden çykyp gaýdanyna iki aýa golaýlapdyr. Öň şonça ýyllap aýralygyň jebrini çeken atasy, enesi, maşgalasy ýene-de onuň ýoluna intizar gözlerini dikip, garaşýandyklary ýadyna düşüp, allaniçigsi boldy,özüni perwaýsyzlykda günäledi. Iküç güne jogap alyp, öýlerine baryp gaýtmagy ýüregine düwdi. Emma Birunynyň köşkden haçan geljegi belli däldi. Ol gelýänçe garaşmaga karary ýetmän, Birunynyň halypasy Ibn Yragyň hüjresine girip, ýagdaýyny düşündirdi-de, ýola çykdy. Gün öylä golaýlapdy. Bazarçy daýhanlaryň gök-sögüni, gawun-garpyzyny satyp, obalaryna gaýdýan wagty bolupdy. Ibn Salama şeýle daýhanlardan obadaş biri sataşyp, şonuň arabasyna mündi. Güýz aýynyň -güni tomusdaky ýaly uzyn bolmansoň, obalaryna ýetip- ýetmän garanky gatlyşdy. Ibn Salam öýlerine golaýlaşdygy saýyn öýündäki ýakynlary bilen bir hatarda özi guldardan alyp gaçan gyzy - Rugsaryň hem pikirini edýärdi. «Abul Harys ony alyp gitdimikä, gitmedimikä?» diýen pikir ony biynjalyk edýärdi. Öýlerine gelip ýetende golaýdaky metjitden huptan namazyna çagyrýan muazziniň azan sesi ýaňlanyp ugrady. Ibn Salamyň gelmegi Dost Salamyň öýüni şatlyga doldurdy. Şonuň bilen bile «aýda bir, iki gezek gelip duraryn» diýen oglunyň iki aýa golaý gara bermäni üçin ejesi öýke-kine hem etdi. -Meniň üçin Gürgenç Bagdatdan hem daş ýaly boldy. Näme beýle uzak gitdiň?-diýip, ejesi oňa delmünip garap doýmaýardy. -Aý kempir, öýke-kinäňi goýsana, nirede bolsa-da başy aman bolsa bolýa-diýip Dost Salam özüni giňlige saldy. Aýaly Mahynur, ogly Arslan dagylaryň hem begenji çäksizdi. Emma ol gideninde mähirli hoşlaşyp galan Rugsar görnenokdy. Şundan ony Abul Harysyň alyp gidenini aňdy. Serhoşlykda ol hakda dilinden sypdyrany üçin özüni onuň ykbalyna jogapkär duýup oturan Muhammet ony soramaga milt edenokdy. Sorasa kakasy «Ony özüň satyp, ýene bilmediksirän bolup soramagyň näme» diýäýjek ýalydy. -Oglum, Rugsar gyzymyza-da hyrydar çykdy - diýip, onuň pikirini bilen ýaly kakasynyň özi gürrüň gozgady. -Alyp gitdilermi?-diýip, Muhammet uludan demini aldy. -Alyp gitdiler. Ony saňa gürrüň bersem, mundan bir ýarym aý çemesi öňräk öýümize üç atly gelip düşdi. Görnüşlerinden patşalygyň adamlaryna meňzetdim. Çakym dogry çykdy. Olaryň biri şazada Abul Harys, beýleki ikisi onuň nökerleri ekeni. Şazada edepli ýigit ekeni. Juda mylakatly salamlaşyp soraşdy. Soňunda: -Ýaşuly, bir ýumuş bilen, dogruragy bir haýyş bilen geldik-diýip söze başlady-Öňräk patyşalygyň diwanyna ýurdumyza Bagdatdan kerwen bilen gelen bir guldardan arza düşdi. Arzada guldaryň Gürgenje satmak üçin alyp gelen gyrnaklarynyň içinde Rugsar atly bir sazanda pars gyrnagyň alyp gaçylandygyny, ony-da Bagdatda bir näçe ýyl okap, ýurduna kerwen bilen gelen Muhammet ibn Salam diýen ýigitden güman edýändigini ýazypdyr. Ol gyrnagynyň dutar çalanda diňleýjiniň aklyny haýran edýän derejede ussatdygyny hem ýazypdyr. Onsoň biz güman edilýän Muhammet ibn Salam diýeniň kimdigini yzarlap, ahyr soňunda onuň siziň ogluňyzdygyny anykladyk. Siz biynjalyk bolmaň, ýaşuly, meniň ogluňyza hiç bir ýamanlygym ýok. Gaýtam, ol şu işi eden bolsa, «Berekella, oňarypsyň» diýjek. Siziň bu işden habaryňyz bolmazlygam mümkin. Şonuň üçin Muhammediň özi bilen gürleşäýsem, ol hakykatdan hem şu işi edipmi, eden bolsa gyzy nirä eltipdir. Muhammet öýde ýokmy, nirede?-diýdi. -Muhammet Gürgençde, alymlar öýünde. Ol ylym bilen meşgullanýar-diýip, men oňa synçy nazarymy dikdim. Onuň ýüzünden aýdýan sözleriniň hilemi, hakykatmy biljek boldum. Hilegär adama meňzänok. Onsoň men: -Şazadam, Alladan ýaşyrmadyk zadymyzy sizden ýaşyrmarys. Biziň bu işden habarymyz bar. Rugsar janam bizde, öýümizde-diýdim. -A-ha! Şeý diýseňiz-e, atam! Meni biçak begendirdiňiz. Men sazyň, sungatyň şeýdasy. Onda Rugsaryň sazyny bir diňlesek, eger mümkin bolsa. -Bolman näme, bolar şazadam-diýip, men Rugsaryň oturan otagyna bardym. Oňa kimiň gelendigini aýtdym. Rugsar bir hili boldy. Men: "gorkma gyzym, ol ýaman adama meñzemeýär.Diñe saz diñlemäge gelipdir" diýdim. Bir salymdan meniň yzymdan elinde uzyn saply dutar bilen Rugsar çykdy. Ol myhmanlara tagzym edip, aşak oturdy. Gyzyň kamatynyň zybalygy, keşbiniň biçak gözelligi şazadanyň kalbynda üýtgeşik bir duýgy döreden bolmaga çemeli, ol Rugsara seredýärkä aşakky dodagyny dişledi. -Rugsar hanym, biz sizi biynjalyk etmedikmi?-diýip, Abul Harys gyza parsy dilinde ýüzlendi. Rugsar şazadanyň öz ene dilinde mylakatly ýüzlenenine jogap edip, özi-de mylakatly dillendi: -Ýok, şazadam, biynjalyk etmediňiz. Abul Harys Rugsaryň «Şazadam» diýeninden meniň oňa myhmanyň kimdigini aýdanymy aňdy we gyzyň mylakatly jogap berenine ýüzi ýagtylyp gitdi. -Rugsar hanym, biz siziň sazyňyzyň, sungatyňyzyň tarypyny eşidip, ony diňlemek bagtyna miýesser bolmazmykak diýen tama bilen geldik. -Tamaňyz diňe saz bolsa näçe diýseňiz çalyp bereýin, şazadam. Abul Harysyň ýüzi üýtgäp gitdi. Çakym boýunça oňa Rugsaryň «diňe» diýen sözi ýokmady. Mundan men onuň diňe saz diňlemek üçin gelmändigini aňdym. Rugsar bolsa muny zenan duýgurlygy bilen syzan bolmaga çemeli. -Sazyňyzy diňlänimizden soň köňlümizde başga umyt, arzuwlar hem döräýmegi ahmal-diýip, Abul Harys Rugsara ýylgyryp garady. Rugsar geplemän dutaryny eline aldy. Ol başda assa-ýuwaş, ýaltanýan ýaly çalyp, soňra birden belent perdelere göçeninde şeýle bir ajaýyp heň ýaňlanyp ugrady welin onuň täsirine düşen Abul Harys gözlerini ýumup, kellesini iki ýana ýaýkaýardy. Mukam tamamlandy Rugsar «ýene çalaýynmy» diýen manyda myhmanlara garady. -Şunuň ýaly ajaýyp sungaty, nepis gözelligi bazara çykaryp satmaklyk külli günä dälmidir, Taňrym!-diýip, Abul Harys Hudaýa nalyş edýän ýaly äheňde dillendi. Şazadanyň agzyndan sypan bu sözler bir bada mende-de, Rugsarda-da onuň ýuka ýürek, adalatly adamdygyna ynam döretdi. -Bu iş külli günä bolýan bolsa dinimiz ony näme üçin gadagan etmändir-diýip, men şazada sowally nazar taşladym. -Bu iş meniň nazarymda şeýle. Dinimiz oňa başga nukdaýy nazardan garasa gerek, ýogsa pygamberimiz Muhammet eleýhissalam ony gadagan ederdi. Gadagan etmese-de, ol ony halamandyr. Onuň ýanyna bir günä iş edip, ony nädip ýuwmalydygyny sorap baran adama «Günäñiň ýarysyny ýuwjak bolsaň gullaryňyñ ýarysyny azat et. Eger gullaryň barysyny azat etseň, günäñiň barysy ýuwular. Guly azat etmek sogaplaryň iň ýagşysydyr» diýer ekeni. Ogluňyz Muhammet Rugsary gullukdan azat edip, sogaplaryň iň ýagşysyny gazanypdyr. -Agam Muhammediň maňa peşgeş beren azatlygy uzaga barmasa gerek. Ýene-de gulçulyga düşäýmegimiň ähtimaly bardygyny ýüregim syzyp dur-diýip, Rugsar şazadanyň özüne nebsewürlik bilen seredýän gözlerinden okan ýaly aýtdy. Abul Harys Rugsaryň bu diýeniniň düýp manysyna düşünse-de, düşünmediksirän bolup, arkaýyn gürledi. -Eger-de siz meniň köşgümde ýaşasaňyz, hiç kim sizi gaýtadan gulçulyga salyp bilmez. -Meniň ýüregimiň duýýan zady-da şu-da. Köşgüňizde men siziň guluňyz bolup ýaşamaly, şeýlemi? -Ýok. siz ýalňyşýaňyz, Rugsar. Tersine şu sungatyňyz, şu gözelligiňiz bilen siz meni özüňize gul etmegiňiz mümkin. Häziriň özünde men siziň sungatyňyzyň guluna öwrüldim. Eger özüňize-de gul bolup bilsem, özümi örän bagtyýar hasaplardym. Rugsar ajy ýylgyrdy: -Şazadam, beýle owadan sözler nämä gerek? «Hany, düş öňüme gyrnak!» diýseňizem meniň etjek alajym ýok. Siz hökmürowan adam ahyryn. -Rugsar, siz ýene-de ýalňyşdyňyz. Men sizi hiç haçan zorlap alyp gitmerin. Ýaşaberiň şu dört diwaryň içinde. Ýöne meniň köşgümde durmuşyňyz has gyzykly bolar. Sungatyňyz hem has kämilleşer. Oýlanyp görüň. Men ýene bir hepdeden üsti ýapyk paýtun bilen adam ibererin. Paýtunyň içinde özüňize hyzmat etjek iki keniz hem bolar. Isleseňiz münüp baryň, islemeseňiz paýtuny boş gaýtaraýyň-diýip, Abul Harys ýerinden turdy. Soňra maňa ýüzlenip: -Ýaşuly, ygtyýar Rugsaryň özündedigini bilenim üçin size sala salmadym. Göwnüňize almadyňyzmy?-diýdi. -Ýok, şazadam. Dogry aýtdyňyz, ygtyýar onuň özünde-diýdim. -Onda bize rugsat,ýaşuly-diýdi. Men: -Rugsat Alladan-diýip, ony ugradyp goýberdim. Aýdylan bir hepdäniň günleri geçdigi saýyn Rugsar biynjalyk bolýardy, nähili karara geljegini bilenokdy. Bizem öz ykbalyny özi çözsün diýip, maslahat bermedik. Bir hepde geçdi. Aýdylan üsti ýapyk paýtun araba-da geldi. Özüm çykyp, garşy aldym. Arabanyň ýany bilen üç nöker, paýtunçy, içinde-de elleri bukjaly iki gyz bardy. Gelenleriň hemmesi öýe girdiler Gyzlar içerki otaga-Rugsaryň ýanyna geçdiler. Saçak ýazyp, çaý-çörek goýduk. Nöker başy tiz gaýtmakçydyklaryny aýdyp, nahara garatmady. Men Rugsaryň ýanyna girsem, onuñ gözüniň ýaşy ýüzüni ýuwup otyr. Ol ýaşly gözleri bilen bir maňa, bir ejeňe, bir Mahynura «nädeýin?» diýen manyda seredýärdi. Men: -Gyzym, ygtyýaryň, islemeseň gitme-diýdim. Ol: -Şazadanyň paýtunyny boş gaýtarsak, soňunda näme boljakdygyny kim bilýär-diýdi. -Onuň ýaly pikiriň bolsa, ýoluň ak bolsun, baran ýeriňde bagtyň açyk bolsun, gyzym-diýdim. Şundan soň kenizler ony geýindirmäge şaýlandylar. Men erkekleriň ýanyna çykdym. -Nätdi, gidýän boldumy?-diýip, nöker başy sorady. Men damagym dolup durany üçin gepläp bilmän başymy atdym. Ol: -Şazada, gyz islemese geplemän gaýdyberiň diýipdi-diýdi. -Şazada zor adam ekeni-diýdim. Ol ýanyndan bir goşawuç teňňe salynan haltajygy meniň öňümde goýdy-da: -Şazada şu gyzyl pullary «bakan-ýakany üçin» diýip berip goýberdi-diýdi. Men: -Bu gyzyň biziňkä gelenine üç aýam bolanok. Näme diýip men munça puly alaýyn. Ýok, maňa gerek däl. Ony Rugsaryň özüne «Mähr»* hökmünde beräýmeli-diýdim. Gyzlar köp garaşdyrman çykdylar. Rugsary şeýle bir geýindiripdirler welin edil ertekilerdäki perizadyñ bar-da. Men ýaňky puly Rugsara uzadyp: -Gyzym, şu pullary şazada bize berip goýberipdir. Muny «Mähr» hökümnde özüň alyp goýaý-diýdim. Rugsar: -Meniň barjak ýerimde pul ýokdur öýdýäňizmi. Ony agama berýäýiň-diýip almady. Indi ol pullar seniň Rugsary azat edeniňiñ haky bolup galdy. Dost Salam gürrüňiniň soňunda «Ine şeýdip, Rugsar jandan hem aýrylyp galdyk» diýdi. Muhammet kakasynyň beren gürrüňini diňläp oturyp, bir tarapdan Rugsaryň gidenine gynansa, ikinji tarapdan Abul Harysyň ony satmanyna begendi. Eger-de ol Rugsar hakynda serhoşlykda Muhammediň özüniň dilinden sypdyranyny aýdanynda kakasynyň ýüzüne nähili garardy. Diňe kakasynyň däl, öýdäkileriň hemmesiniň hem ýanynda ýüzi bolmazdy. Şonuň üçin ol Abul Harysdan juda minnetdar boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |