13:24 Gürgenç / 1-nji kitap -16 | |
XVI BAP
Taryhy proza
Muhammet ibn Salam iki gün öýlerinde bolansoñ Gürgenje gaýdyp, "Beýtül hikmäge" geldi. Biruny ýerınde ýokdy, ol köşkde Horezmşanyñ huzuryndady.Ibn Salam "ýer togalagynyñ" duran Birunynyñ iş otagyna girdi. Bir böleginiñ jugrafyÿasy dürli reñkler arkaly görkezilen "ýer togalagyny" höwes bilen synlady.Öz eden işinden kemçilik tapmady.Bu ony has hyjuwlandyrdy.Entek günortanlyga çenli biraz wagt bardy.Ol şu gysga wagtdan hem peýdalanmakçy bolup, ýol geýimini öý geýmine çalşyryp, işe başlady. Ol elindäki moýgalamlar bilen öñündäki dürli reñkdäki boýaglardan alyp, "togalagyñ" ýüzündäki çyzgylaryñ çägine sürtüp, daglary, düzlükleri, deñizdir derýalary, şäherleri mesaña edýärdi. Ol işine şeýle gyzyşyp gideninden günortanlygyñ wagty geçip gidenini hem duýmady. -Molla Muhammet, arma-da! - diýen ýeñsesinden çykan sese tisginip öwrûlen Idn Salam ýylgyryp duran halypasy Birunyny görüp, edep bilen salam berdi. Gysgarak soraşylandan soñ Biruny: - Molla Muhammet, biziñ bu zadymyza Horezmşa hezretleri juda gyzygyp, garaşyp otyr. Tizräk tamam etmegimiz gerek - diýdi. - Nesip bolsa, ýene üç güne doly taýýar ederin - diýip, Ibn Salam ynam bilen aýtdy. Üç gün, elbetde, uly möhlet däl, emma işine yhlas, hyjuw bilen ÿapyşan Ibn Salam üçin şu möhlet hem ÿeterlik boldy. Ene zeminiñ şekli taýýar edildi.Ony Birunynyñ iş otagyndan uly eýwana alyp çykdylar. Alymlardyr şägirtler ene ýeriñ şeklini synlap, "Aperin, aperin!" diÿdiler. Indi ony köşge, Horezmşanyñ huzuryna eltmelidi. Bu hakda öñünden weziri agzam Suhaýly jenaplaryna habar edildi. Bu habar nähilidir bütin şähere ýaýrapdyr. Öň hiç kimiň hyýalyna-da gelmedik bu zady görmek üçin köçelere çykan müňlerçe adamlar bu günki taryhy wakanyň şaýady boldular. "Ýer togalagyny" göterip barýan adamlara ýol berip, köçeleriň iki ýan tarapyny dolduryp, aýak üstünde duran adamlaryň gowry asmana çykýardy. «Biziň ýerimiz şunuň ýaly togalakmyka?! Baý, bu alymlaram dürli hokga çykarýarlar-ow, Ýerimiziň ýassydygy görnüp dur-a!» diýýän adamlaryň arasyndan «Astafurulah! Astafurulah!» diýen sesler hem eşidilýärdi. Köşge golaýlaşdyklary saýyn bilesigelijileriň sany kemelýärdi. Köşgüň öňünde "Ýer togalagy" bilen alymlary bir näçe köşk emeldarlary baş wezir Suhaýly başlyklaýyn garşy aldylar. Garşylanlaryň arasynda Şeýhulyslam hem bardy. Ol ýakasyny tutup, «Astafurulah! Astafurulah!» diýärdi «Togalagy» köşgüň tagt eýwanyna alyp girip, bilek ýaly ýogyn özüniñ stünine ornatdylar. Horezmşa gelýänçe adamlar onuň daşyna aýlanyp, gyzygyp synlaýardylar. Bir mahaldan köşk sahybynyñ: «Kyblaýy älem Abul Abbas ibn Muhammet al Mämun Horezmşa hezretleri gelýär!» diýen belent sesi ýaňlandy. Hemmeler patyşanyň hormatyna gol gowşuryp, tagzyma taýýarlanyp durdular. Garşydaky tylla nagyşly belent gapy açylyp, Horezmşa girdi. Ol adamlaryň tagzymyna jogap edip, başyny atyp, salam berdi we salykatly ädimläp «Togalagyň» ýanyna geldi. -Hany, möwlana Birunynyň keramatly elleri bilen ýasalan ene ýerimizi göreli-diýip, Horezmşa «Togalagyň» daşynda aýlanyp, ony ünsli synlaýarka - möwlana, bu ýerimiziň ýarysynda jugrafy çyzgylar bar, ýarysynda hiç zat ýog-a - diýdi. -Aly hezret, biz ýerimiziň özümiz ýaşaýan gündogar tarapyny bilýäris. Aňry tarapynda nämeleriñ bardygy bize nämälim. Ony bizden soňky nesiller anyklarlar. -Siziň anyklap bilmedik zadyňyzy olar nähili anyklar? -Olar ýerimizi aýlanyp, aňyrsyna geçerler, öz gözleri bilen görüp, jugrafyýasyny hem çyzarlar. -Siz şeýle boljagyna ynanýaňyzmy, möwlana? -Şübhesiz ynanýan, Aly hezret. -Onda olar ýerimiziň aňyrsyna nädip, nähili ýol bilen geçerler? - Patyşanyň bu sowalyna Biruny biraz oýlanyp jogap berdi. -Aly hezret, ýer togalagynyň gündogar tarapy bilen günbatar tarapyny baglaýan gury ýer ýok, barlyk suw bilen gurşalan. Şonuň üçin geljekki nesillerimiz uly-uly gämiler ýasap, suw ýoly bilen bararlar. Horezmşa Birunynyň jogabyna ynansa-da, weziri Suhaýla garap: -Jenap Suhaýly, siz hem alym adam, bu zatlardan başyňyz gowy çykýar. Ýöne möwlana Birunynyň pikirine öz pikiriňizi bildirmediňiz-ä. -Aly hezret, meniň alymlygym möwlana Birunynyň pikirlerine, ylmy garaýyşlaryna pikir bildirerden ejiz gelýär. Ýöne men bu kişiniň geljekki nesillerimiz baradaky pikirine doly goşulýan. Bir wagt meniň kelläme-de Ýer togalagyny aýlanyp çykjak geljekki nesillerimiz barada hyýal gelipdi. Bu hakda möwlana Biruny bilen pikir alyşanymyzda bu kişi ýerimiziň aňry tarapyna geljekki nesillerimiz diňe suw ýoly bilen däl, asmandan uçup hem bararlar diýipdi. Häzir öte geçmäýin diýdimi, bu gepi aýtmakdan saklandy. Horezmşa bilesigelijilik bilen Biruna garady. Biruna maý bermän Şeýhulyslam gepe goşuldy: -Allatagala uçmak üçin diňe guşlara ganat beripdir, adamzada ganat bermändir. Geljekki nesillere-de ganat bitmez. Şonuň üçin uçmak diýen pikir galatdyr. -Tagsyr, Siz galat diýseňizem, Birunynyň bu pikirine menem goşulýan. Çünki adamzadyň akyly, paýhasy barha ösüp barýar. Biziň ata-babalarymyz ilki ýerde ýöreýän tigirli arabany oýlap tapdy, soňra suwda ýüzýän gämini döretdi. Ýer bilen suwdan soň gezek asmana geler. Elbetde, adam ganat bekläp uçmaz, ol özi münüp uçýan zat ýasar-diýip, Suhaýly Birunynyñ özünden eşiden pikirini aýtdy. Biruny Suhaýlynyň gepini tassyklaýan manyda başyny atdy. Şeýhulyslam gepiniň hiç kim tarapyndan makullanmandygy üçin bitakat bolup, geplemän durup bilmedi. -Kyblaýy älem Abul Abbas al Mämün hezretleri sizleriň bu gepiňizi dogry tapmasa gerek. Horezmşa Biruny bilen weziriniň pikirine goşulsa-da, Şeýhulyslamyň ýüzünden ötüp bilmän, gepi başga tarapa sowdy. -Möwlana Biruny, siziň bu togalagyňyzyň bir tarapy boş bolşy ýaly ýerimiziň aňry tarapy hem boş bolaýmasyn. -Kyblaýy älem, dogry pikir aýtdyňyz-diýip, Şeýhulyslam gapdaldan gepe goşuldy. -Allatagala ýaşaýyşy, ýaşaýyş üçin zerur zatlary diňe biz bendelerine peşgeş berendir. -Aly hezret,-diýip, Biruny patyşaga ýüzlendi.-Ýerimiziň aňry tarapynyň boş bolmagy mümkin däl. Ol ýanda-da biziňki ýaly yklymlaryň, deňizdir derýalaryň, daglaryň, çölleriň, tokaýlaryň, haýwanlaryň, adamlaryň bardygy şübhesizdir. Çünki Gün nuruny hemme ýere deň saçyşy ýaly, Alla tagallanyň nazary hem hemme ýere deň düşýändir. Şeýle bolansoň ýerimiziň aňyrsynda-da ýaşaýşyň bolmagy kanunydyr. Biruny sözüni gutaranyndan soň Şeýhulyslam şa näme diýerkä diýip, oňa garady. Abul Abbas «Düşnükli» diýen manyda başyny atyp duran soň ol ýene dillendi: -Möwlana Biruny, siziň munyňyzyň ýogyn taýagyň üstünde durşy ýaly ýerimizi-de şunuň ýaly bir sütün göterip durmy? Şeýle bolsa ol sütüniň aşagy nämä direlen? Biruny Şeýhulyslamyň gatyrganybyrak beren sowalyny sowukganlyk bilen diňläp, jogap berdi: -Tagsyr, ýerimizi hiç zat göterip duranok. Ol kaýynatda, ýagny älem giňişliginde hiç zada direlmän muallak dur, has dogrusy ýüzüp ýör. -O nähili hiç zada direlmän durup bilýär! Hany, bir almany alyp, howada şeýle goýup görüň, durarmy, patlap aşak gaçar. -Dogry, alma durmaz, tagsyr. Çünki, ony ýeriň dartyş güýji özüne çekip alar. Ýerimiz alma ýaly gaçmaz. Sebäbi älem giňişliginde “aşak” “ýokary” diýilýän zat ýok. -Ýok, möwlana Biruny, men siziň bi deliliňize ynanamok. -Meniň delilime ynanmasaňyz, Gurhany Kerime ynanýansyňyz, tagsyr. -Bu näme diýdigiňiz! Elbetde, ynanýan. -Ynansaňyz, Gurhany Kerimde bir aýat bar. «Küllin fi falakun ýasbahun» diýilýär. Manysyny bilseňiz gerek, tagsyr. Şeýhulyslam özüni Gurhany Kerimiň bilimdany hasaplaýardy. Ol aýatyň haýsy süredendigini ýadyna düşürjek bolup, bir salym dymdy. Onýança Biruny ondan öňürtdi: -Tagsyr, onuň manysy: «Ähli zatlar älemde ýüzüp ýörýändir.» Şeýhulyslamyň ýüzi biraz gyzardy. -Hä, dogry. Meniňem ýadyma düşdi. Ýöne ol aýatda aýdylan hikmet ýerimize degişli däldir. Onda asman jisimleri hakynda aýdylýar. -Tagsyr, asman diýänimiz ýokary seredenimizde görünýän gözümiziň ýeten ýeri. Aýatda bolsa «falakun» diýilýär. Bu tutuş älem diýmekdir. Şonda ol ýere-de degişli bolýar dälmi? Ýerimiz hem älemiň daşynda däl, içinde ahyryn. Şeýhulyslam bilen Birunynyň jedelini gyzygyp diňläp duran Horezmşa Birunynyň ýeňenine içinden begenip «nätdi» diýen manyda Suhaýla seretdi. Suhaýly hem patyşanyň garaýşynyň manysyna düşünip, başyny atdy. -Möwlana Biruny, jedeliňiz gutaran bolsa, bu jugrafy çyzgylar bilenem tanyşaly-diýip, Horezmşa «Togalagy» ýuwaş aýlandyrdy. Biruny pursatdan peýdalanyp, Ibn Salamy patyşa bilen tanyşdyrmak maksadynda: -Aly hezret, bu çyzgylary amala aşyran alymymyz Muhammet ibn Salam bilen tanyşdyrmaga rugsat etseňiz, özi size düşündirer-diýdi. Ibn Salam patyşanyň golaýyna gelip, tagzym etdi. Al Mämün oňa synçy nazar bilen garap: -Biz bu kişini tanamaýan ekenimiz-dä - diýdi. -Aly hezret, bu kişi ýakynda Bagdatdan geldi. Ol ýerde on ýyl tälim alyp, ylym öwrenipdir. Suhaýly jenaplarynyň habary bar işe kabul edenimizden-diýip Biruny gepini tassyklatmak üçin Suhaýla garady. Suhaýly: -Aly Hezret, men size «Beýtil hikmä» ýene bir alym gelip goşuldy diýip aýdypdym, ýadyňyzda bolsa-diýdi. Al Mämün: -Hä, hä. Aýdypdyňyz, ýadyma düşdi-diýdi. Ibn Salam: -Aly hezret, ilki bilen bu edilen çyzgylaryñ diňe meniň işim däldigini, bu iş möwlana Birunynyň görkezmesi, kömegi bilen amala aşyrylandygyny aýtmagym gerek-diýdi. -Siz aýtmasaňyz hem biz ony bilýäs. Möwlana Birunynyň biziň töweregimizdäki pitnelerden başga ähli haýyrly işlerde eli bar-diýip, Al Mämün degişme äheňinde aýtsa-da, Biruny bu degişmäniň aňyrsynda bir syryň bardygyny aňdy. Ibn Salam bolsa, şazada Abul Harysyň horezmşa hakynda agzyndan sypdyran kineli sözlerini ýatlady. -Hany onda, jenap Ibn Salam, bu çyzgylaryňyzy düşündirip beriň-diýip, Al Mämün buýruk däl-de, haýyş äheňinde aýtdy. Ibn Salam «Togalagyň» gündogar tarapyndaky ýurtlary, şäherleri, sähralary, deňizdir daglary, derýalary ýekän-ýekän görkezip, olaryň tutýan meýdanyna çenli aýdyp berdi. Bu düşündirişden kanagatlanan Horezmşa: -Hany, onda meýlisler eýwanyna geçeliň. "Ýer togalagyny" getirip köşkümize salanymyzyň şanyna bir meýlis guralyň. Belki, bizden soňky nesillerimiz Ýer togalagynyň baryny bolmasa-da, ýarysyny Beýik Horezmiň döwletine goşarlar. Adamlar patyşanyň soňky sözüni «Enşalla, omyn» diýşip makulladylar. Şundan soň meýlisler eýwanynda saz-söhbetli meýlis başlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |