13:26 Gürgenç / 1-nji kitap -17 | |
XVII BAP
Taryhy proza
Birunynyň Ýer togalagynyň şeklini ýasap, horezmşanyň köşgüne eltip berenligi hakyndaky habar dünýäniň çar tarapyna ýaýrady. Bu habar bilen Birunynyň şan-şöhraty ýene-de artdy. Emma käbir döwletleriň hökümdarlary Horezmşanyň Ýer togalagynyň şeklini köşgüne salmagyny dünýäni Horezmine tabyn etmek niýetiniň alamaty hökmünde gördüler. Beýle pikiriň döremegine Al Mämüniň özüniň aýdan gepi hem sebäp bolan bolsa gerek. Onuň agzyndan çykan her bir sözi, eden hereketi ýurduň daşyna öz-özünden çykmajagy bellidi. Aýratyn-da, döwrüň iň güýçli hökümdary hasaplanýan soltan Mahmyt Gaznalynyň jansyzlary bu ýerdäki ähli zatlar barada oňa habar ýetirip durýardylar. Hörezmiň paýtagtynyň medeniýetiň, ylmyň merkezine öwrülip barýandygy, Gürgençdäki «Beýtül hikme» atly ylmy dergahda Abureýhan Biruny, Ibn Sina, Abu Sahyl Masyhy, Abu Nasyr Yrak, Abu Haýyr Hammar, Abu Mansur Salabi, Ibn Miskäweýh ýaly beýik alymlaryň jemlenendigi baradaky habarlar soltanyň gözüni gyzdyrýardy. Ol bu alymlaryň Gürgençde däl-de, öz paýtagty Gaznada bolmagyny we paýtagtynyň ylym ojagy hökmünde dünýä tanalmagyny isleýärdi. Ol bu islegini kanagatlandyrmak üçin uzak oýlanyp, bir inçe ýol tapdy. Ol horezmşa Al Mämüne öwgüli sözlerden doly bir nama ýazdy. Onda özüniň Al Mämün bilen garyndaşlyk açmak dogrusyndaky teklibini we esasy maksadyny beýan etdi. Bu namany Al Mämüne ýetirmek üçin özüniň iň ynamly weziri Hoja Huseýin Mykaýlyny Horezme ýollady. Hoja Mykaýly okumyşly, parasatly, ugurtapyjy adamdy. Ol uzak ýoly söküp, Gürgenje ýetip geleninde Horezmşa şikarda bolany üçin ony weziri agzam Suhaýlynyň özi garşy aldy. Ýanyndaky ýoldaşlaryny aýry ýerde, onuň özüni köşkdäki iň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen otaglaryň birinde ýerleşdirdi. Iki weziriň saçak başyndaky ylym, bilim, goňşy ýurtlardaky ýagdaýlar, syýasat, ykdysadyýet baradaky gürrüňleri gyzyşsa-da arada çala duýulýan sowuklyk bardy. Munuň sebäbi myhman uzak ýoly söküp, näme maksatda gelenini aýtmakdan saklanyp otyrdy. Ahyryn Suhaýlynyň sabyr käsesi doldy: -Jenap Mykaýly, şu söhbetimiziň dowamynda men siziň çuňňur bilimli, dana adamdygyňyza göz ýetirdim. Ýöne näçe garaşsam-da Horezmine näme mesele bilen gelendigiňizi aýtmadyňyz. Ýa-da ony diňe patyşanyň özi bilen çözüşmelimi? -Ýok, jenap Suhaýly, patyşaňyz entek gaty ýaş. Onuň sizsiz hiç zady özbaşdak çözmejegini bilýän. Indi size aýtsam, soltanymyz Äl Mämüniň özüne gowşurmagymy tabşyryp, bir nama gönderdi. Men şony alyp geldim-diýip, Mykaýly dymdy. Ol hatyň mazmunyny aýtmakçy hem boldy. Emma beýtse Suhaýlynyň keýpini wagtyndan öň gaçyryp, özüni ýigrendirmegiñ mümkindigini oýlanyp, aýtmakdan saklandy. Suhaýly hem sypaýylyk edip, hatyň mazmunyny soramady-da: -Maňa aýtjak zadyňyzyň bolanymy şu, başga aýtjak zadyňyz ýokmy?-diýdi. -Bar, jenap Suhaýly. Bir gowy teklibimiz bar. Ony patyşaňyzdan öňürti size aýtmakçy bolýanymyň sebäbi, ony bu teklibimize boýun edersiňiz diýip ynanýan. -Hany, aýdyň bakaly. Eger hakykatdan-da gowy teklip bolsa men ynamyňyzy ödemäge çalşaryn. -Gowy teklip, jenap Suhaýly. Biziň soltanymyzyň bagynda bir ajaýyp gül ösüp, kemala gelipdir. Şol güle siziň bilbiliňizi gondyraýsak nähili görýäňiz? Suhaýly bu gepiň manysyna şol bada düşündi. «Diýmek, Soltan Mahmyt Al Mämüni giýew edinip, Horezmini jeňsiz, jedelsiz özüne tabyn etmekçi ekeni-dä». Kellesine gelen bu pikiri ýüregine pyçak bolup sanjylsa-da, syr bildirmän degişmä salyp: -Jenap Mykaýly, bizde birki saýrak bedene bar. Ýöne bilbil ýok-diýdi. Mykaýly: -Bar, bilbiliňiz erte-indin şikärden geler-diýip güldi. Suhaýly hem nalaç oňa goşulyp gülümjiredi. Horezmşa şikärden gelýänçe Mykaýlyny hormatly myhman hökmünde hezzet-hormat edip sakladylar. Şa şikardan ikindinara geldi. Üç günlük aw-şikaryň ýadawlygyndan soň ol ertire çenli dem-dynjyny almakçydy. Emma Suhaýlynyň Gaznadan gelen ilçi hakyndaky habar ýadawlygyny ýadyndan çykartdy. Ikiçäk gürrüňiñ dowamynda Suhaýly Mykaýlynyň «Gül we Bilbil» hakyndaky gepini aýdanynda Al Mämün, ýaş ýigit dälmi, ýüzi açylyp: -Owadan gyzmyşmy dogany soltanyň?-diýip sorady. -Bilmedim. Ýöne Mykaýly «Bir ajaýyp gül» diýip taryplady. -Maňa gowşurmaly nama-da şol hakdamyka? -Bilmedim, diñe şol hakda däldir diýip gorkýaryn. -Näme üçin gorkýaňyz? Başga näme-kä? -Aly hezret, soltan size doganyny ýöne ýere berýän däldir. Onuň iberen namasy bilen tanyşanymyzda belli bolar. -Onuň ýaly bolsa kabul edişlik guraň. Kabul etmegimize garaşýan başga-da adamlar bolsa, olar biraz tagapyl etsinler. Ilki bilen Mykaýlyny kabul edeli. Suhaýly patyşanyň aýdyşy ýaly ähli döwlet işgärlerini we «Beýtil hikmäniň» alymlaryny ýygnap köşgüň tagt eýwanynda dabaraly kabul edişlik gurady. Köşk sahyby ilki bilen Mykaýlynyň adyny yglan etdi: -Beýik Gazna döwletiniň beýik hökümdary soltan Mahmyt Gaznalynyň ynançly wekili Hoja Hüseýin Mykaýly jenaplary kabul edilmegini soraýar! Patyşanyň başyny atyp, «Gelsin» diýen yşaratyndan soň Mykaýly gelip girdi. Onuň nazary tagtda oturan görmegeý ýaş ýigide düşende ýüzünde geň galmak alamaty peýda boldy. Ol Hörezmşanyň ýaşdygyny eşidipdi. Emma näme üçindir oňa şeýle ýaş ýigidiň hökümdaryň tagtynda oturany birhiliräk duýuldy. Şeýle-de bolsa, ol aşak egilip tagzym etdi-de, söze başlady: -Beýik Horezmin döwletiniň adalatly hökümdary Abul Abbas al Mämün aly hezrete beýik soltanymyz Mahmyt Gaznaly hezretleri köp dogaýy salam bilen şu namamy gönderdi- diýip, elindäki soltanyň möhri basylan haty uzatdy. Horezmşa ony alyp: -Beýik soltanyň ömürleri uzak, döwleti zyýada bolsun, salam getiren sag bolsun-diýdi. Soňra haty açyp, içinden okaýarka soňky setirlere ýetende ýüzi üýtgäp gitdi. Haty Suhaýla uzatdy. Ony okan Suhaýlynyň ýüzi hem gaharyna ýaman gamaşdy. “Indi näme etmeli?” diýen manyda Al Mämünä garady. Al Mämün ýaş bolsa-da, patyşalara mahsus sowukganlyk bilen Mykaýla garap: -Jenap Mykaýly, getiren hatyňyzyň mazmuny bilen bu oturan adamlarymyzy hem tanyşdyraly. Soňra maslahatlaşyp, size jogabymyzy aýdarys. Häzir siz ýeriňize gidip dynjyňyzy alyberiň-diýdi. Mykaýly çykyp gideninden soň, kätibine haty sesli okap bermegi buýurdy. Onuň mazmuny şeýledi: «Beýik Horezmin döwletiniň hökümdary emir Abul Abbas Al Mämün hezretleri, biz kim Soltan Mahmyt Gaznaly, siziň adalatly hökümdar, özünden ululara sarpa goýýan belent adamkärçilikli ynsandygyňyzy eşidip hem-de siziň arzuw-islegiňizi nazara alyp, biz eziz uýamyz Kaljy hanymy siziň şäri nikaňyza bermäge razylyk bildirdik. Şu mynasybetli siz öz döwletiňizi biziň döwletimiz bilen dogan hasaplap, biziň adymyzy hutba goşarsyňyz hem-de ylym merkeziňizdäki ady dünýä belli alymlaryňyzy Gazna iberersiňiz diýip umyt edýäris. Size köp dogaýy salam bilen, soltan Mahmyt Gaznaly» Hat okalyp tamamlanandan adamlaryň arasynda gowur başlandy. Biri «Soltan Mahmydyň doganynyň galyňy ýaman agyr eken-ä» diýse ýene biri: «Bir gyz berip, tutuş ýurdy aljak-da!» diýdi. Suhaýly hem saklanyp bilmän: «Alymlarymyza göz dikmegi ynsapdan däl-ä! Soltan gaty öte geçýär!» diýdi. Ýöne hiç kim «Patyşamyz onuň doganyna haçan sawçy iberipdir?» diýip soramady. Sawçy iberilmedigi bellidi. Hatda aýdylyşy bolsa düşnüklidi. Adamlar patyşanyň özi näme diýerkä diýip, oňa seredişip dymdylar. Al Mämün hem oýa çümüp otyrdy. Bir salymdan ol kellesini galdyryp, adamlara göz aýlady. Hemmäniň ünsi ondady. -Muhterem begler, soltanyň eli uzyn, goşuny güýçli. Eger biz onuň aýdanlaryny etmesek, soňy nähili bolar? Sizler näme pikirde-diýip, Horezmşa adamlaryna maslahat saldy. Ilki bilen alymlar «Biz Gazna gitmeris» diýip garşy çykdylar. Soltanyň adyny hutba goşmak meselesine hem köpçülik garşy çykdy. Serkerdeleriň biri goşuny güýçlendirip, Gaznalynyň garşysyna söweşe çykmaklygy teklip etdi. Onuň ýanynda oturan beýleki bir serkerde patyşa ýüzlenip: -Aly hezret, hakykatdanam goşunymyzyň üstüni dolduryp, has güýçlendirsek, uzakdan aryp-ýadap gelen goşun nähili güýçli bolsa-da, biz ýeňilmeris-diýdi. Soňunda Biruny döwlet geňeşçisi hökmünde çykyş edip, şeýle maslahat berdi. -Aly hezret, begler, Gaznaly bilen urşa girmek öz ygtyýaryň bilen özüňi heläk etmekdir. Bu serkerdämiziň «Uzakdan ýadap gelen goşundan ýeňilmeris» diýmegi-de dogry pikir däl. Gaznalynyň pilleri ýadawlygy bilmeýär. Onuň gör nåçe söweşjeň pili bar. Biziň goşunymyz onuň pilleriniň aýagynyň aşagynda galar. Şonuň üçin onuň bilen uruş etmek pikirinden el çekmeli. Ýagşysy, häzir gelip oturan ilçisine goşup, gyzyň galyňy, soltanyň serpaýy bilen gelnalyjylary ibereli. Gelni getirsinler. Uly dabaraly toý edeli. Toýda soltanyň ady arşa çykarlyp, hamdu-senalar aýdylsyn, bagşylar aýdyma adyny goşup taryplasynlar. Bu zatlar hökman onuň gulagyna baryp ýeter, wagty hoş bolar. Onsoňam siz onuň kanuny giýewi bolsaňyz, üstümize goşun çekip gelmez. Birunynyň bu maslahaty hemmelere makul boldy. Horezmşa Al Mämün şeýle dana geňeşdarynyň bardygyna içinden şükür edip goýdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |