13:28 Gürgenç / 1-nji kitap -18 | |
ХVIII BAP
Taryhy proza
Köşkdäki gijäniň ýaryna golaý gutaran ýygnakdan soň Muhammet ibn Salam medresedäki hüjresine gelip, gapysyny açyp ýetişmänkä, ýeňsesinde biriniň: -Salawmaleýkum, jenap Muhammet ibn Salam-diýen sesine arkasyna öwrüldi. Salam beren adam elini uzadyp görüşdi-de, saglyk-amanlyk hem soraşman: -Şazada Abyl Harys sizi alyp gelmegi buýurdy-diýdi. Ibn Salam bir hili howatyrlandy: -Gijäniň bimahal wagty şazadanyň menlik name işi çykdy-ka? -Ony men bilmedim, tagsyr. Maňa «alyp gel» diýdi, başga hiç zat diýmedi. Ibn Salam nätjegini bilmän, bir salym ýaýdanyp durdy. «Barjak däl» diýip bilmedi. Has dogrusy şazadanyñ sözüni syndyrmaga milt edip bilmedi. Medresäniň howlusyndan çykyp, köçäniň burçynda duran paýtun araba münduler. Ibn Salam «paýtuny name üçin girelgäniň öňünde goýman, bir çetde goýup gelipdir. Meni gizlin alyp gidip, näme etjeklerkä?» diýip, içini gepledip, howatyr edýärdi. Abul Harysyň köşgüne barýança-da şu pikir kellesinden çykmady. Abul Harys ony ýüzlerçe şemler ýagtyldyp duran uly eýwanda kabul etdi. -Eziz agam, Muhammet ibn Salam, siziň bilen aga-ini hökmünde gatnaşmak niýetim bardy. Ýöne siz ýekeje gezegem meni idäp, huzuryma gelmediňiz. Ine, indi sizi özüm adam iberip aldyrmaly boldum-diýip, şazada salam-älikdenem öň öýkesini aýdan boldy. Şundan soň salamlaşyp soraşdylar. Ibn Salam şazadanyň ýüzündäki ünji alamatyndan özüni ýöne ýere çagyrmandygyny «aga-ini» gatnaşygy diýeni bolsa, ýöne bir sypaýyçylyk bilen aýdylan gepdigini aňdy. Ýazylyp goýlan saçagyň başyna geçenlerinden soň, Abul Harys: - Bu gün köşkde gyzykly gürrüňler bolupdyr-a. Ol ýerde sizem barmydyňyz? - diÿip, bir hili äwmezlik bilen sorady. -Bardym. -Indi patyşamyz Gaznalynyň doganyny alyp, onuň giýewisi bolsa, soňy nähili bolarka, Gaznaly doganyny ýöne ýere berýän däldir. Siz nähili pikir edýäňiz? Ibn Salam: "ýygnagyň gutarany ýaňydy, eýýam muňa ähli gürrüňleri, hatda ol ýerde meniňem bardygymy ýetiripdirler-ow" diýip, içini gepledip, daşyndan başga zat aýtdy: -Şazadam, meniň syýasatdan kän bir başym çykmaýar. Allanyň halany bolar. -Dogry aýdýaňyz, Allanyň halany bolar. Men sizi bu meseläni gepleşmek üçin däl, özüme dahylly bir mesele boýunça çagyrdym- diýip, Ibn Salama mylakatly nazary bilen garady- Agam, men sizden Rugsar hanym üçin örän minnetdardyryn. Ol meniň tümlük gaplan göwnümiň ýeke-täk şamçyragyna öwrüldi. Onuň sazyny diňlesem, jemalyna seretsem köňlüme ynjalyk bermeýän zatlary unudýan-diýdi. Ibn Salamyň serine «Köňlüne ynjalyk bermeýän zat name-kä, täji-tagt bolaýmasa» diýen pikir gelip geçdi. Ol şazadany köşkde hiç duşurmanyny ýatlap, «Ony, name üçin çagyrmayarlarka? Ýa-da çagyrylsa-da barmaýarmyka» diýip oýlandy. Abul Harys sözüni dowam edip: -«Bendäm bendäme sebäp» diýleni ýaly, eger men size duş gelmedik bolsam, dünýäde şunuň ýaly mugjyza bardygyny bilmezdim. Siz sebäpli men kalbymyň tümlügini ýagtyldýan göwheri-şamçyraga eýe boldum. Ine, şonuň üçinem size minnetdarlygymyň çägi ýok, agam-diýdi. -Şazadam, Rugsary alyp gaýtmaga baranyňyzda başga deliller tapyp, meni aýtmanyñyz üçin menem sizden juda minnetdar boldum. -Ýadyňyzda bolsa, men size, özüm ugruny taparyn, sizi ara goşmaryn diýip, söz beripdim ahyryn. -Sag boluň, şazadam-diýip, Ibn Salam bir zat soramakçy, ýöne soramaga çekinýän kimin Abul Harysa seretdi. Abul Harys onuň bu garaýşynyň manysyna düşünip güldi: -Näme soramakçy bolsaňyz, çekinmän soraberiň-diýdi-de, Ibn Salama maý bermän, berilmedik sowala özi jogap berdi. - Rugsar köşgüňizde kim hökmünde ýaşaýar diýip soramakçy bolduňyz, şeýle dälmi? - Ibn Salam «bildiňiz» diýen manyda ýylgyransoň, sözüni dowam etdirdi. - Ilki niýetim Rugsary nikama almakçydym. Meni bu pikirimden Rugsaryň özi gaýtardy. Rugsara geleninden gowy bezelen aýratyn otag, hyzmatyna iki keniz berdim. Köşgümiziň durmuşy bilen öwrenişsin diýip, bir hepde onuň bilen duşuşmadym. Ol meniň bu bolşuma haýranam galandyr. Bir hepdeden soň çagyrdym. Ol huzuryma girip tagzym etdi, elindäki dutary diwara söýäp goýdy-da, gol gowşuryp durdy. Dogrymy aýtsam, ony görenimden bir bada özümi ýitirip, sözi nämeden başlajagymy bilmän ýaýdandym. -Oturyň, hanym-diýdim. Oturdy. -Bu ýeriň şertleri bilen öwrenişýäňizmi? Kenizleriňiz içiňizi gysdyranokmy? -Hemmesi gowy - diýip, ol aşak bakdy. Soňra birden ekabyrsyrap, ýüzüme seretdi-de: -Şazadam, meni bu ýere name maksatda getirdiňiz, sazym, sungatym üçin bolsa gelenime bir hepde boldy, ýeke gezegem habarymy tutmadyňyz-diýdi. -Hanym, men sizi geleniňizden biynjalyk etmegi islemedim, täze ýer bilen biraz öwrenişsin diýdim. Indi siziň elleriňiz hem dutary küýsändir. Saz çalyp berseňiz, bütin dünýäni unudyp diňlärin-diýdim. Şundan soň, agam men size aýtsam, Rugsar şeýle bir saz çaldy, öň siziň öýüňizde çalan sazynyň deňi-taýy däl. On iki süňňüm gowşap, mum kimin eredim. Şundan soň üç gün yzly-yzyna oňa saz çaldyryp, jemalyna bakyp, dünýäni unudyp ýaşadym. Dördünji güni geleninde bolsa - Rugsar jan, bu gün dutaryňyza dynç beräýeli. Bu gün men sizi başga, bir zat üçin çagyrdym-diýdim. -Başga zat üçin?-diýip ol howatyrly dillendi. -Howatyr etmäň, hanym. Men siziň islegiňiziň garşysyna hiç zat etmen. Ýöne men öz köňül islegimi aýtmasam artyk takat edip bilemok. Men siziň diňe sazyňyza däl, özüňize-de aşyk. Aşygyň ýeke-täk maksady magşugyna gowuşmak. Eger razylyk berseňiz men sizi nikama alsam... Rugsar ýüzüme bakyp, düşnüksiz bir manyda ýylgyrdy: -Şazadam, men siziň nikaňyza geçip, aýalyňyzyň biri bolsam, siziň üçin meniň öňki gyzygym galmaz. Aşagyňyza düşen yşk arzuwdaky el ýetmez yşk kimin tolgundyryjy bolmaýar, ten lezzetinden ruhy lezzet has beýikdir, şazadam. Şonuň üçin özüňizi ajaýyp ruhy lezzetden mahrum etmäň-diýdi. Görüp otursam, bu gyz diňe sazanda däl, adam ruhyýetiniň bilermeni, pelsepeçi hem ekeni. Ýöne men onuň bilen razylaşmadym. -Siziň bu deliliňiz maňa durmuşa çykmagy islemeýänligiňiz üçin dokan pelsepäňiz, hanym. Aýdyň, size meniň nämäm ýaramaýar? -Şazadam, men siziň kimin sazyma, sungatyma, husny-jemalyma sarpa goýan adam bilen ömür sürsem, özümi dünýäde iň bagtly aýal saýardym. Ýöne şazadanyň aýaly bolup, ömrüñiň ahyryna çenli bagtly bolup bolmaýar. Çünki ortada täji-tagt diýen bela barka adamyñyň hem, perzentleriñiň hem, özüñiň hem ömrüň hemişe howp astynda bolýar. Eger siz şazada bolman, çopan bolan bolsadyňyz, men size jan diýip, durmuşa çykardym – diýdi. - Ine, agam, onuň aýdanlary. Men onuň bu delilleriniň garşysyna söz tapyp bilmedim. Emma men ony almasam bolmaýar. Näme üçin diýseňiz, men erte-indin Hazaraspa gidip barýan. Ýakynda Abul Abbas meni çagyryp: «Hazaraspdaky goşunyň serkerdesi bidüzgünçilik edýärmiş, goşunda tertip-düzgün gowşapdyr. Siz ol ýere baryp, jylawy öz eliňize alyň» diýdi. Bu gep bir bahana bolsa gerek, maksat-meni paýtagtdan uzaklaşdyrmak. «Nätjek, patyşanyň emri-wajyp», gitmesem bolmaýar. Ol ýerde Rugsarsyz meniň ýüregim gysyp, heläk bolaryn. Şonuň üçin ony alyp gitjek. Sizden haýyşym, häzir bize nika gyýyp beriň. Ýöne muny hiç kim bilmesin. Bir ynanýan adamym siz bolanyňyz üçin sizi çagyrdym. -Şazadam, eger Rugsar razy bolsa nika gyýmak kyn däl. Abul Harys elini iki gezek çarpdy, gapdaldaky iki ganatly belent gapy açylyp, boýdan-başa ýaşyl geýnen, ýaşy birneme ötüşen bolsa-da, ýüzünde ýaşlygyndaky gözelliginiň yzy saklanyp galan aýal girip, şazada tagzym etdi. Abul Harys: -Eneke, Rugsar hanymy çagyryň, özi gelsin-diýdi. Ibn Salam şazadanyň «özi gelsin» diýenine ilki düşünmedi, «näme ol hemişe ýeke özi gelmän, biri bilen gelýärmikä» diýip pikirlendi, soň «dutarsyz gelsin» diýenidigine düşündi. Bir salymdan şol gapydan zerrin lybaslar geýnen Rugsar girip geldi, nazary Ibn Salama düşenden şazada adatdaky tagzymy hem unudyp: -Waý, agam Muhammet!-diýip, haýran galyp seslendi, baryp, Ibn Salamyň boýnundan gujaklamak isledi, emma şazadadan ejap edeni üçin diňe golaýyna baryp: -Salamalek, agam-diýmek bilen çäklendi. -Agaňyzyň ýanynda, şu ýerde oturyň, hanym-diýip. şazada eli bilen ýer görkezdi.- Bu kişi indi patyşanyň ýakyn adamlarynyň biri boldy. -Rugsar jan, gurgunmyň, doganym-diýip, Ibn Salam saglyk-amanlyk soraşdy. Rugsar hem öýdäkileri ýekän-ýekän sorap, hemmesine salam aýtdy. Ol Ibn Salamyň bu ýere nädip, näme üçin gelenini bilesi gelse-de, şazadadan çekinip, sorap bilmedi. Abul Harys onuň içindäkini bilen ýaly: -Agam bu ýere nädip geldikä diýip, haýran bolmaň. Agaňyzy men çagyrdym, hanym-diýdi, soňra uludan demini alyp, sözüni dowam etdirdi. -Rugsar, öñräk siz maňa «Eger siz şazada bolman, çopan bolan bolsaňyz, size jan diýip durmuşa çykardym» diýipdiñiz, dogrumy? -Hawa, şeýle diýipdim. -Ine, indi men siziň aýdanyňyzy edip, çopan bolmakçy. Ýöne mallaryň däl, adamlaryň çopany. Indi meniň nikama geçmeklige razylyk berseňiz, ine agaňyz ikimize nika gyýmak üçin gelip otyr. -Düşünmedim, şazadam. «Adamlaryň çopany» diýmäňiz näme? -Men Hazaraspdaky goşunymyza gözegçi bolup barýan. Ol ýerde tertip-düzgün biraz gowşapdyr. Patyşa meni, şonuň üçin, ol ýere goýberýär. Rugsar, men ol ýerde sizsiz karar tapman ölerin. Şonuň üçin sizi bile alyp gitmekçi. Şazadanyň bu sözünden soň Rugsar bir salym dymyp oturdy. Soňra Ibn Salama «Siz näme diýýäňiz» diýen manyda garady. -Rugsar jan, şazadanyň seni çyn ýürekden söýýänligi görnüp dur. Ine, häzire çenli seni hormatlap «sen» diýmän «siz» diýip ýüzlenýär. Indi oňa «sizden» «sene» geçmeklige razylyk beräý-diýip, Ibn Salam nesihat äheňinde aýtdy. Şundan soň Rugsar Abul Harysa garap ýylgyrdy-da: -Şazadam, eger siz gitseňiz, menem munda sizsiz ölerin-diýdi. Abul Harysyň ýüzi açylyp, gözlerinde şatlyk şöhlelendi. Ibn Salam nikany gyýyp, olara egsilmez bagt diläp, ak pata berdi. Şazada Ibn Salama halat-serpaý ýapyp, öýüne paýtunda ugradyp goýberdi. Şu wakadan bir gün öň şazadany Horezmşa köşgündäki özüniň aram alýan otagyna çagyrdy. Saçagyň başynda bir salym umumy gürrüňden soň ýaş jähetden özünden kiçi bolany üçin nesihat äheňinde söze başlady: -Doganym Abul Harys, Biziň eşitmegimize görä köşgüňize bir sazandar gyzy getirip, onuň sazynamy, özünemi muşdak halda wagtyňyzy biderek geçirýän ekeniňiz. Bikärçilik ýigit kişiniň erkini, eradasyny gowşadyp, ýaltalyga eltýär. Şonuň üçin men sizi Hazaraspa, ol ýerdäki goşunymyza gözegçi edip ibermek kararyna geldim. Munuň esasy sebäbi goşunyň serkerdesi Alp Teginiň özi käbir bidüzgünçilik edip, goşunda tertip-düzgüni gowşadypdyr diýen habarlar bar. Şonuň üçin ol ýere baryp, jylawy eliňize alyň. Biziň bu teklibimize garşylygyňyz ýokmy? -«Patyşanyň emri wajyp» diýilýär, garşylyk görkezip bolmaz, Aly hezret. -Onda erte-birigün taýýarlygyňyzy görüp, ýola çykyberiň. Ýoluňyz ak bolsun! Şeýdip, şa bilen şazadanyň arasyndaky gürrüň tamamlandy. Abul Harys köşgüne gaýdyşyn: «Bar aýdany ýalan. Meni paýtagtdan daşlaşdyrjak bolup, oýlap tapan bahanasy bolsa gerek. Näme üçin menden dynjak bolýarka, ýa biri meni ýamanladymyka?» diýip, ýolboýy içini gepledip geldi. Horezmşa bolsa Abul Harysy Hazaraspa ibermek bilen Gaznadan gelin gelensoň toýda soltanyň adyna aýdyljak hamdu-senalar, öwgüler Gaznala tabynlygyň nyşany hökmünde görlup, närazylyk köpelse, onuň başçylygynda döremegi mümkin bolan pitnäniň öňüni almakçydy. Bu iş hem hemişekisi ýaly baş wezir Suhaýlydan bimaslahat bolmandy. Emma «Danalar hem hatadan haly däldir» diýleni dogry çykdy, soň Suhaýlynyň puşmany içine sygmady. *** 8Horezmşa bilen bolan gürrüňden soň bir hepde geçip-geçmän Abul Harys ýola çykdy. Rugsar hanym iki kenizi bilen iki at goşulan üsti ýapyk arabada, on iki nökeri bilen şazadanyň özi atly niredesiň Hazarasp galasy diýip, ýoluň tanapyny çekip ugradylar. Gyşyň soňky günleri bolsa-da, entek gowşamadyk aýazdan atlylary eginlerindäki galyň içmekleri goraýardy. Arabadaky aýallary bolsa öňlerindäki demir maňňaldaky köreýän kömrüň közi ýylydýardy. Şu ýagdaýda ýol söküp, rabatlarda düşläp bäş gün diýende Hazaraspa ýetip geldiler.Şazada Hazaraspda uly dabara bilen garşy alyndy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |