13:30 Gürgenç / 1-nji kitap -19 | |
XIX BAP
Taryhy proza
Gaznadan gelin geldi. Horezminiň gazaply gyşy geçip, bahar bilen bile geldi. Dabarasy dag aşan toý tutuldy. Ertekilerdäki ýaly kyrk gije-gündiz bolmasa-da, üç gün dowam eden toýda soltan Mahmyt Gaznalynyň adyna hamdu-senalar aýdyldy. Bagşylar onuň adyny aýdyma goşup, öwgüsini göge ýetirdiler. Toýda adyna aýdylan öwgüler gulagyna ýeten Soltan Mahmyt Horezmine bolan garaýşyny üýtgetdi. Horezmşa indi öz giýewisi bolansoň ýurduň hem iru-giç öz tabynlygyna geçjekdigine köñlünde ynam hasyl boldy. Horezmşa Abul Abbas bolsa soltanyň dogany Kaljy hanymyň husny-jemalynyň owsunyna düşüp, onuň agasynyň ýurduna göz dikýändigini bütünleý unutdy. Horezmşany jadylan diňe onuň gözelligi däldi, ol süýji dili, dilewarlygy bilenem şany özüne benduwan edipdi. Ol ilki täze düşen gelin hökmünde haýa perdesine dolanyp, “hä, hawa, ýagşy” diýen sözlerden başga sözi aýtmaýardy. Emma aradan iküç hepde geçensoň Kaljy hanym dil açyp, dilewarlygyny görkezdi. Bir sapar Abul Abbas jomartlyk edip, oňa: -Hanym, şu köşkde göwnüňize ýaran zadyňyzy alyň, siziňki şol-diýeninde, Kaljy ýylgyryp: -Hökümdarym,-diýdi.- Gadymda bir patyşa söýgüli aýaly bilen urşup, "şu köşkden gerek zadyňy al-da, güm bol!" diýipdir. Aýaly: -Bolýa, ertire çenli puryja beriň, gidýen-diýipdir. Agşam ol patyşanyň meý içýän bulguryna beýhuş edýän derman salypdyr. Patyşa meý içip, beýhuşlykda uka gidensoň aýaly ony araba salyp, ýola rowana bolupdyr. Daň atanda patyşa beýhuşlykdan açylyp, görse bir arabada ýatyrmyş, baş ujunda-da aýaly otyrmyş. Patyşa: -Eý, bu nähili gep, nirä barýas?-diýse, aýaly: -Siz meni kowduňyz, şu köşkden gerek zadyňy al-da güm bol diýdiňiz. Men-ä gerek zadymy alyp gidip barýan, gerek zadymam siz, sizden başga ol ýerde meniň gerek zadym ýok-diýipdir. Patyşa ýeňilenini bilip, aýalyndan ötünç sorapdyr. Soňra yzyna dolanypdyrlar. -Hekaýatyňyzyň manysyna düşündim, hanym-diýip, Abul Abbas ýylgyrdy. -Düşünen bolsaňyz, meniňem bu ýerde sizden başga göwnüme ýaran zadym ýok. Siz meniňki bolsaňyz bolýa-diýip, Kaljy hanym Abul Abbasyň depesini göge ýetirdi. Kaljynyň özi-de Horezmin ýaly dünýä belli, meşhur ýurduň melikesi bolanyna iç-içinden begenýärdi. Emma täji-tagtyň eýeleri üçin ömürlik asuda ýaşaýşyň bolmaýşy ýaly Abul Abbas bilen Kaljy hanymyň asal aýlary hem uzaga çekmedi Galagoply, teşwüşli günler başlandy. Galagoplugyň başy Bagdatdan gelen bir habar boldy. Halyf Kadyr Abul Abbasy Horezminiň kanuny hökümdary diýip, ykrar edilendigi baradaky şahadatnama bilen gymmat bahaly serpaýlar iberýär. Bu peşgeşi halyf Horezmşa bilen soltany tersleşdirmek maksadynda iberendigini Biruny aňýar. Ol bu hakda Suhaýla aýdanynda wezir Birunynyň pikirini dogry tapýar we ikisi halyfyň peşgeşini düzgüne görä resmi suratda dabaraly däl-de, hiç kime jar etmän gizliniräk kabul etmekligi makul görýärler. Emma Horezmşa bu iki akyldarynyň pikirine goşulmaýar. Ol halyfyň özüne şeýle uly sarpa goýýanyny çar tarapa jar edip, goňşy döwletleriň nazarynda şan-şöhratyny ýene-de artdyrmagy isledi. Ol: -Jenaplar, ikiňizem süýtden gan gözleýän bolupsyňyz. Halyfyň bize bildiren ynamynyň, hormatynyň Soltana näme dahyly bar. Gaýtam ol begenmeli dälmi, ol meniň gaýnagam, ahyryn-diýdi. -Aly hezret - diýdi wezir Suhaýly.- Gaýnagaňyz bolany üçinem halyfyň sizi götergileýäni oňa ýokmaz. Ol sizi özüne wepaly, çyzan çyzygyndan çykmaýan giýew hökmünde saklajak bolýar. Halyf bolsa garyndaşlyk zerarly Gürgenç bilen Gazna birleşip, halyfata howp döretmegi mümkin diýen pikirde araňyza sowuklyk salmakçy. Ýogsa-da, halyf sizi şu çaka çenli bilmeýärmidi? Gel, gel indi Soltan Mahmut siziň bilen garyndaş bolanyndan soň, ýadyna düşdüňizmi? Baş wezir bilen baş geňeşdar her näçe jan etseler-de patyşany ynandyryp bolmady. Belki, ol howpsyzlykdan şan-şöhraty ileri tutandyr. Şonlukda, halyfyň peşgeşi dabaraly suratda kabul edilýän boldy. Köşgüň öňündäki baş meýdanda uly toý tutuldy. Köp adamly bu dabara daşary ýurtly söwdagärler, jahankeşdeler, hatda derwüşler hem gatnaşdy. Gürgenjiň ady belli jarçysy: -Halaýyk! Eşitmedim diýmäň, eşidip şatlanyň! Dini yslamyň diregi halyfatyň paýtagty Bagdatdan hoş habar geldi! Külli musulmanlaryň ymsmy, halyfy zaman Al Kadyr hezretleri biziň kyblaýy älemimiz Abul Abbas al-Mämün Horezmşa aly hezretiň Horezmin diýarynyň kanuny hökümdarydygyny tassyklaýan şahadatnama bilen bahasyna ýetip bolmajak sylag-serpaýlar gönderipdir. Häzir şol mukaddes resminama bilen mübärek serpaýlary kabul edip alyş dabarasy başlanýar!-diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyryp, jar etdi. Şundan soň halyfatyň ilçileri çaklanja sandygy göterip meýdana girdiler. Meýdanyň köşk tarapyna gurulan uzyn sekiniň ortasynda goýlan tagtynda oturan Horezmşa we onuň iki ýan tarapyny tutup oturan emeldarlar ýerlerinden galdylar. Iki ilçi basgançakdan sekiniň üstüne çykyp, sandygy Horezmşanyň öňünde goýdular. Ilçileriň biri sandygy açyp, içinden naý şeklinde dolanan, daşy tylla reňkli şahadatnamany aldy, ony iki elläp, tagzym bilen Horezmşanyň eline berdi. Beýleki ilçi sandykdan bir zerbap don çykaryp, şanyň egnine ýapdy. Patşa bilen bile aýaga galan märekäniň içinde şatlykly gowur turdy. “Mübärek bolsun! Kyblaýy älemiň ömürleri uzak bolsun! Aly hezrete şöhrat!” diýen sesler ýaňlandy. Patyşanyň yşaraty bilen adamlar ýerli-ýerine oturdylar. Sazandalar sazyna, bagşylar aýdyma başladylar. Dürli tagamlar çekilip, dadara agşama çenli dowam etdi. *** Gürgençde bolup geçen bu dabara diňe Soltan Mahmydyň gulagyna däl, çar tarapdaky döwletleriň köşklerine-de baryp ýetdi. Ol dabaranyň tarypyny eşideninde Soltan dişini gysyp: -Bu oglan özüne arka tapynjak bolýarmy-ka! - diýip gyjyndy. Soltan Mahmyt özüniň “Beýtil hikmedäki” alymlary Gazna ibermek, Gürgençde adyny hutbä goşmak baradaky talabynyň şu çaka çenli ýerine ýetirilmedigine-de çydap, sabyr edip gelýärdi. Indi ol şular hakda berkräk gürleşmek üçin Horezmşa bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak maksadynda ony Gazna çagyrdy. Halyfyň hümmetinden gylawlanan Al Mämün Soltanyň teklibini ret etdi. Giýewsiniň sözüni syndranyna beter gahary gelen Gaznalynyň gazabyny hetden aşyran ýene bir waka ýüze çykdy. Buharanyň emiri Arslan ker bilen Kaşgaryň hany Tugan hanyň arasynda dawa turýar. Şu zerarly iki dogan ikisi-de Garahanylardan bolsa-da, dawa ula ýazyp, uruş howpy döreýär. Bu ýagdaýdan peýdalanyp, Horezmiň bähbidine bir iş edip boljakdygyny aňan dana Suhaýly Al Mämüne şeýle maslahat berýär: -Aly hezret, Soltan Mahmydyň talaplary ýerine ýetirilmänligi üçin bize bolan gazaby içine sygmaýan bolsa gerek. Ol ýeterlik goşun topladygy üstümize ýörüş eder. Şonuň üçin ony haýykdyrar ýaly Garahany hanlary bilen dostlyk-hyzmatdaşlyk barasynda şertnama baglaşmaly. Siz Arslan ker bilen Tugan hanyň arasyna düşen towy ýazyp, olary ýaraşdyrsaňyz, ikisi-de şertnama baglaşmaga razylyk berer. -Bu aňsat iş däl, jenap Suhaýly. Olaryň biri Buharada, biri Kaşgarda, biz olaryň haýsy biriniň huzuryna baryp ýetişeris-diýip Horezmşa weziriniň maslahatyny göwnemedi. Suhaýly “Munuň ýaly işler başgaça edilýär” diýen manyda, ýeserlik bilen ýylgyrdy: -Aly hezret, siziň olaryň huzuryna barmagyňyz gerek däl. Biz olary biri-birine bildirmän myhmançylyga çagyrarys. Gürgenje gelenlerinde-de ikisini duşuryp ýaraşdyrarys. -Çakylyga gelmeseler nä? Ýa-da biri gelip, biri gelmese? -Çakylyk bilen çakylygyň tapawudy bar, Aly hezret. Biz çakylyknamany şeýle bir täsirli edip ýazarys, ony okan han gelmezlige bahana tapyp bilmez. -Kelläňiz gowy işleýär, muhterem Suhaýly-diýip şa ýylgyrdy. Şanyň aýdyşy ýaly Suhaýlynyň gowy işleýän kellesinden çykan çakylyknamalaryň biri Buhara, ikinjisi-de Kaşgara gönderildi. “Gylyç bilen alyp bolmaýan galany söz bilen alsa bolýar” diýenleri dogry çykdy. Täsirli sözler bilen ýazylan çakylyknamalar hanlaryň ikisini-de ýaýdandyrman ýola çykardy. Ilki Buharadan Arslan ker geldi. Ony dabaraly garşy alyp, hezzet-hormatynyň kemini goýmadylar. Tugan han gelýänçe, Al Mämün bilen Suhaýly dogan doganyň galasydygyny, öz doganyňa ýamanlyk etmek duşmanyňa ýagşylyk etmekdigini, bu ýagdaýdan duşmanlar peýdalanmazdan burun ýaraşmagyň gerekdigini Arslan keriň ker gulagyna guýdular. Üç günden soň Kaşgardan Tugan han hem ýetip geldi. Ony-da hormat-ehtiram bilen garşylap, aýry jaýda ýerleşdirdiler. Hezzet-hormatyň arasynda onuň bilen hem ýaraşyk dogrusynda täsirli gürrüň geçirip, dogany bilen ýaraşmaga boýun etdiler. Emma hanlaryň ikisi-de nirede ýaraşmalydyklary barada oýlanýardylar. Haçanda olar ikisiniň-de şu ýerde, Gürgençdediklerini bilenlerinden soň, Horezmşa bilen weziriniň bu haýyrly hilesine ten berdiler. Ýaraşygyň şanyna meýlis guraldy, köşgüň meýlisler eýwanyny dolduryp, aýdym-sazlar ýaňlandy, altyn käselerde meýler süzüldi. Hanlaryň keýpini göge göteren meýlisden soňra dostluk, hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalara gol çekilip, möhürler basyldy. Bu wakadan habar tapan Mahmyt Gaznaly: -Mämün garahanylar bilen şertnama baglaşyp, indi bize garşy durjak bolýarmy?! Bu oglan ýa maňa boýun eger, ýa men Horezminiň külüni göge sowraryn! - diýip, gazaba mündi. Köşk emeldarlary soltany köşeşdirmek üçin näme etjeklerini bilmän aljyraňňy ýagdaýa düşdüler. Ahyry Soltanyň gahar-gazaby bilen öwrenişen garry wezir dillendi: -Soltanym, Mämüne ýene bir duýduryş nama ibereli. Şundan soňam ol aklyna aýlanmasa, goşun çekmeli bolar. -Wah, aklyna aýlanar ýaly ol oglanda akylyň özi ýog-a! Ol Suhaýly we beýleki nedimleriniň elinde oýnatgy. Onuň hökümdarlyk güýji ýok, aslynda! -Şeýle-de bolsa, ýene bir gezek duýduraly, Soltanym-diýip, garry wezir tewella etdi. Bu teklibi beýleki wezir-wekiller hem goldadylar. Şundan soň aşakdaky mazmunda hat ýazylyp, çapar bilen Gürgenje iberildi. «Essalamu aleýkum, Abul Abbas al Mämün hezretleri! Biz siziň bilen garyndaşlyk açanymyzdan soň hem biziň talaplarymyzy berjaý etmän gelýänligiňiziň sebäbini bilýäris. Siz öz ygtyýarly hökümdar dälsiňiz. Siziň töweregiňizdäki emeldarlar isleýän işiňizi etmäge ýol bermeýärler. Bu bolsa siziň hökmürowanlygyňyzyň gowşakdygyny görkezýär. Biz indi siziň ygtyýaryňyzy eliňizden alan şol adamlary jezalandyrmak we size döwleti nähili dolandyrmagy görkezmek üçin goşun çekmeli bolýarys, ýa-da siziň özüňiz şol adamlary köşgüňizden kowup, biziň size öň bildiren şu aşakdaky üç talabymyzy ýerine ýetirmelisiňiz: 1.Bize hormatyňyzyň nyşany hökmünde adymyzy ähli metjitlerde okalýan namazlarda hutba goşmalysyňyz. 2.Biziň belent mertebämize mynasyp gymmat bahaly sowgatlar ibermelisiňiz (Bu sowgatlaryňyzy soň gizlin ýagdaýda özüňize gaýtaryp ibereris. Onsuzam biziň altyn-kümüşimiziň agramyny ýer zordan göterýär) 3.Ylym merkeziňizdäki alymlary şu haty alyp baran çapar bilen Gazna ugratmalysyňyz.” Horezmşa haty şu ýerine çenli okap, gaharyny basyp bilmän ony zyňyp goýberdi: -Zalym! Sütemkeş! Görýäňizmi, öňki sypaýçylygyň ýerine indi haýbat atýar. Men bir haty getirmek üçin kyrk adamdan ybarat çapar nämä gerek-kä diýsem, alymlary alyp gitmek üçin iberilen ekeni-dä! Hatyň mazmuny köşk emeldarlarynyň hem gaharyny gozgady: -Garahanylardan ýardam alyp, uruşa taýýarlanmak gerek! Watanymyzyň garaşsyzlygyny gorap bilmesek, biz nädip baş göterip ýöräris-diýenler hem boldy. Suhaýly bu ýagdaýdan çykalga gözläp oýlanýardy. Biruny bolsa bir karara gelipdi: -Aly hezret, uruş, gan döküşlik gowy çykalga däl-diýip patyşa ýüzlendi.-Bu ýagdaýdan çykmagyň başga ugruny tapmaly. Men we maňa goşuljak alymlar bolsa Gazna gideli. «Alymlaryny iberipdir-ä» diýip, birneme köşeşer ol. Horezmşa uludan demini alyp, Suhaýla garady. Suhaýlynyň dymmagyndan peýdalanyp, Ibn Syna pikirini aýtdy: -Möwlana Birunynyň aýdany hem gowy çykalga däl. Galyberse-de, biz Gaznalynyñ köşgüne gitmeris. -Biz diýeniňiz kimler?-diýip, Biruny Ibn Sina kinaýaly garady. -Ine men, Masyhy jenaplary... -Sizi Horezminiň ykbaly gyzykdyrmaýan bolmaga çemeli. Meniň bilen öz ýurduny Gaznalynyň goşunyna depeletmegi islemeýän horezminli alymlar gider. Biz nirede näme döretsek hem aslymyz horezminli bolanymyz üçin Horezminiň adyna geçer. Birunynyň bu sözleri Ibn Syna şarpyk bolup degdi. Häliden bäri oýlanyp, dymyp duran Suhaýly patyşa ýüzlendi: -Aly hezret, möwlana Birunynyň aýdan teklibiniň ýeke özi soltany kanagatlandyrmaz. Şonuň üçin ýene bir zat edeli. -Ýene näme etmeli?-diýip, Al Mämün gaharly sorady. -Aly hezret, ýarak itiň öňüne bir bölek süňk taşlasaňyz degmeýär. Onuň ikinji talabyny hem berjaý edeli. Ony ýene yzyna gaýtaryp berjek bolsa, mundan çekjek zyýanymyz ýok-diýip Suhaýly «meniň pikirimi goldajaklar ýokmy?!» diýen manyda oturan adamlara göz gezdirdi. Horezmşa hem beýlekileriň-de pikirini bilmek üçin bir salym garaşdy. Hiç kimden ses-seda çykmanyndan soň, özi dillendi: -Jenap Suhaýly, soltan Mahmydyň gönderen namasynda «Biziň mertebämize laýyk sowgat» diýenine garanyňda, onuň gözi doýar ýaly bir gatyra ýük boljak altyn-kümüş ýygnamaly. "Yzyna gizlinlikde gaýtaryp ibereris” diýeni ýalan. Ol alan zadyny gaýtaryp berýän adam däl. Basybalyja harby harajatlar üçin köp pul gerek. Ol öz pulumyza goşun toplap, özümizi çapar. Onsoňam şonça puly ýitirmek, döwletimize uly zyýan ýetirmekdir. Şonuň üçin ýene bir iş etmeli bolsa adyny hutba goşaýalyň. Horezmşa sözüni gutarandan adamlaryň arasyna gowur düşdi. -Adyny hutba goşmak, Gaznala tabyn bolmak dälmi!-diýip gygyrdylar. Horezmşa bir elini galdyryp: -Köşeşiň, adamlar! Tabyn bolarysmy, bolmarysmy soň görübereris. Häzirlikçe şundan gowy tedbir-çäre ýok-diýdi. Patyşanyň gelen kararyna gahar edip, alymlardan başga adamlar çykyp gitdiler. Şundan soñ Al Mämün tagtyndan düşüp, aýak üstünde duran alymlaryň garşysyna geldi. -Ezizler,- diýdi, ol birhili damagy dolup - bir gün gelip, siziň bilen hoşlaşaryn diýen pikir hiç bir kelläme gelmändi. Nätjek, zamanamyz zorlaryňky bolup dur. Men siziň hemmäňizden hem juda minnetdardyryn. Ýedi ýyl «Beýtil hikmede» zähmet çekip, köp işler etdiňiz. Ylymda Horezminiň adyny dünýä ýaýdyňyz. «Beýtil hikme» bilen bile siziň adyňyz taryhda galar. Nirede bolsaňyzam sag-salamat boluň. Ylymdan eliňizi sowatmaň... Horezmşanyň bu gysgajyk hoşlaşyk sözi diňe alymlaryň däl, onuň özüniň hem gözüne ýaş aýlady. Soňra gözüniň ýaşyny sylyp, Biruna ýüzlendi. -Möwlana Biruny, Siziň öz ygtyýaryňyz bilen gan döküşligiň öňüni almak üçin Gazna gitmekçi bolýanlygyňyzy watanperwerligiň beýik nusgasy hasap edýärin. Köp sag boluň!- diýip, Biruny bilen Gazna gitmekçi bolýanlara-da minnetdarlyk bildirdi. Gazna gitmekden boýun gaçyranlaryň hem göwnüne degmedi. Kim nirä gitmekçi bolsa, ýol harajatlaryny berip, ugratmagy weziri Suhaýla tabşyrdy. Biruny özi bilen Gazna gitmeklige isleg bildiren Ibn Salama onuň öňem on ýyl maşgalasyndan aýra ýaşanlygyny oýlap, “Siz Aly hezretiñ ýanynda galyň” diýdi. - Ustadyñyz dogry aytdy, jenap ibn Salam. Siz ustadyñyzyñ ýerine meniñ maslahatçym bolarsynyz. Bize alymdan hem maslahatçy gerek - diýip, patyşa ibn Salama "razymysyñyz" diýen manyda garady. Ibn Salam goluny gursagyna goýup, başyny egse-de, içinden: "Men indi alym däl, patyşanyñ nökeri boldym. Arzuw-niýetlerim başgady: "Beýtil hikmede" ylym bilen meşgullanyp, ata Watanym Horezminiñ ylmyna öz goşandymy goşmakçydym. Zalym zaman arzuwlarymy puja çykardy" diýip, ah çekdi. Şeýlelikde, Abureýhan Biruny, Abu Nasyr Yrak, Abul Haýyr Hammar Gazna, Abu Äli ibn Syna, Abu Sahyl Masyhy Gürgene, Abu Mansur Salyby, Al Hojandy Bagdada gitdiler. Şunuň bilen Gürgenjiň «Beýtil hikme» atly dünýä ýaň salan ylym dergähi ýapyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |