13:32 Gürgenç / 1-nji kitap -20 | |
XX BAP
Taryhy proza
Soltan Mahmyt Gaznalynyň Horezmşanyň öňünde goýan esasy talaplarynyň berjaý edilip, alymlaryň Gazna iberilmegi, adynyň hutba goşulmagy Gürgençde biraz närazylyk meýillerini döreden bolsa, Hazaraspda gahar-gazap oýardy. Bu bolsa Horezmşanyň garşysyna pitne guramaga bahana boldy. Adam şunuň ýaly özi üçin hem howply işe ýöne ýere däl, köňlünde köpden bäri besläp gelýän arzuwyny amala aşyrmak maksadynda töwekgellik edip baş goşýar. Baş pitneçi-goşunyň serkerdesi Alp Tegin hem töwekgelçi adamdy. Ol harby hyzmatdan iripdi. Köşkde patyşanyň iň ýakyn adamy bolup, köp zada güýji ýetýän, aýdan sözi geçýän emeldar bolmagy arzuw edýärdi. Emma bu arzuwyna Abul Abbasyň döwründe ýetip bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin ol Abul Harysy ele alyp, ony tagta oturtmaklygyň hyýalyna münüpdi. Abul Harysyň Hazaraspa gelmegi bolsa arzuwynyň amala aşmagyna umyt döredip, ony biçak begendiripdi. Abul Harys bilen ilkinji söhbetdeşliginde-de: -Şazadam, siziň Hazaraspa gelmegiňiz meni biçak begendirdi. Emma sizi bu ýerde däl, Horezminiň tagtynda görsem, begenjimiň çägi bolmazdy-diýip, Abul Harysyň inçe taryna kakyp gördi. Şazadanyň bu gepi erbet kabul etmändiginden onuň hem köňlünde täji-tagt arzuwy ýok däldigini aňan Alp Tegin ony Horezmşanyň garşysyna küşgürmäge girişdi. Ol soňky sapar pikirini açyk aýtdy. -Şazadam, Abul Abbas Horezminiň mukaddes garaşsyzlygyny Gaznalynyň bir ganjygyna çalyşdy. Gürgençdäki hemmämiziň buýsanjymyz bolan «Beýtil hikmäni» ýapyp, alymlarymyzy Gazna iberdi. Soltanyň adyny hutba goşduryp oňa tabynlygyny boýun aldy. Ine, şular üçin onuň Horezminiň tagtynda oturmaga haky ýok. Alp Teginiň bu sözleri şazadanyň kalbynyň iň töründe ýatan gizlin arzuwyna ýol arçaýana meňzäni üçin içinden begense-de, daşyndan syr bildirmedi: -Haky ýok bolsa näme etmeli?-diýip, ol Alp Tegine synçy nazar bilen garady. -Goşun biziň elimizde, ony Gürgenje çekmeli. Şazada oňa seredip oturşyna: «Bu adam gujur-gaýratly bolsa-da, inçelik bilen pikir öwürmäge ukyply däl eken» diýip, içini gepletdi. -Siz «Egri gylyç esgerleriň bilinde bolsa-da sapy şalaryň elindedir» diýen, ýagny ygtyýaryndadyr diýen gepi eşitmediňizmi?! Patyşasyna wepalylyk dogrusynda kasam eden esgerler, siziň bir agyz sözüňiz bilen patyşasynyň üstüne gidermi, gitmez. -Meniň sözüm bilen gitmese, siziň sözüňiz bilen gider. Siz, ata miras tagtyňyzy eýelemäge hakyňyz bar ahryn. Aslynda ol tagt siziň kakaňyz Aly ibn Mämüniňkidi. Şeýle bolansoň ol atadan ogula geçmeli. Abul Abbas onda bikanun otyr. Bu sözler bilen Alp Tegin Abul Harysa has tãsir ýetirmekçidi, emma şazada başgaça dillendi: -Men şu sözler bilen çykyş etsem, esgerlere ters täsir eder. Men olaryň nazarynda tagt dawasyny edip ýören pitneçi bolaryn. Jenap Alp Tegin, munuň ýaly işler bir saparky söz bilen ýola goýulmaýar. Bu işi inçelik bilen assa-ýuwaş taýýarlamaly. Siz dört-bäş özüňize ynamly esgerleri goşunyň içinde Abul Abbasyň etmişleri, ýagny ýurdy satany barada, onuň diňe aýşy-eşret bilen meşgul bolup, halky-da, goşuny-da unudandygy hakynda gep ýaýratmak üçin taýýarlaň. Adamlar wagyzlara garanda myş-myşlara köpräk ynanýarlar. Arasynda goşuny saklamak üçin pul goýberenok diýip, azyk-owkatdan gysyň. Şeýdip goşunda närazylyk döretmeli. Onsoň Gürgenje ýörüşe çagyrsaňyz gepiňiz geçer. -Şazadam, tüweleme, ýaş bolsaňyzam sizde meniň ýaly on adamyň akyly bar. Işimiz şowuna bolup, size ata miras tagtyňyzy alyp berip bilsem, ölsemem armanym ýok-diýip, Alp Tegin ýallaklady. Elbetde, Alp Tegin Abul Harysa tagty alyp berse armansyz öljek däldi. Ol tagtyň eýesiniň ýanynda ikinji hökmürowan adam bolup, aýşy-eşretde ýaşamakçydy. Şu maksat bilen hem goşunyň içinde şazadanyň aýdan işini geçirip başlady. *** Täji-tagty saklamak hökümdarlara-da aňsat düşmeýär. Tagtyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çar tarapda, hatda öz köşgüniň içinde-de jansyzlary bolýar. Olar arkaly nirede näme gep bolsa habarly bolýarlar. Hazaraspda taýýarlanýan pitnäniň habary Gürgenje gelip ýetende weziri agzam Suhaýly şazada Abul Harysy Hazaraspa ibermäge razylyk berip, uly ýalňyşlyga ýol berenini duýdy. Çünki, Alp Teginiň ýeke özi, Abul Haryssyz, pitne guramaga milt edip bilmezdi. Ol Alp Tegini gowy bilýärdi. Bir wagtlar Alp Tegin Gürgençde mahaly Suhaýly bilen gowy gatnaşykdady. Horezmşa bu habara ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän wezirine ýüzlendi: -Jenap Suhaýly, siz şu habara çynyňyz bilen ynanýaňyzmy? -Ynanýan, aly hezret. Dogrymy aýtsam, şazada Abul Harysy Hazaraspa iberip juda uly hata edipdiris. -Näme, Abul Harys Alp Tegine goşulyp bize garşy baş göterer öýdýäňizmi? -Aly hezret, Alp Tegin tagtyňyza dalaş edip bilmeýär. Onuň muňa haky ýok-diýip, Suhaýly "dowamyny aýtmasam hem düşnükli bolsa gerek” diýen manyda Abul Abbasa seretdi. -Hmm... Düşnükli. Diýmek, Abul Harys tagtyň yşkynda ekeni-dä! Gürgençde asudalygy saklamak maksadynda eden işimiz tersine bolup çykdy diýseňiz-le - diýip horezmşa bir salym dymdy, soňra Suhaýla garap: -Indi näme etmeli?-diýdi. -Aly hezret, bardy geldi olar bäri goşun çekäýse gaýtawul berer ýaly bu ýerdäki goşunymyzy güýçlendirmek gerek. Munuň üçin birazyrak wagt gerek. Şonuň üçin men Hazaraspa gideýin. Olary ýörüşden mümkingadar köpräk wagt saklajak bolup göreýin-diýip, Suhaýly bir salym dymdy-da.- Eger ýagdaý agyr bolsa, men size gyssagly habar ýetirerin. Habarym, şu ýüzügim bolar-diýdi. *** Ýagşylyga umyt baglap, oňarsa belanyň öňüni almak üçin on iki atly bilen Suhaýly ýola düşdi. Bäş gün diýende iki atly bilen menzile ýetip geldi. On atlyny bolsa hersiniň arasyny 20 çakyrymdan edip, ýol boýunda goýup gaýtdy. Bu bir howply habar bolsa Gürgenje tiz ýetirmegiň usulydy. Habary birinji atly at salyp ikinjä, ikinji atly üçünjä, şeýdip, onunjy atly soňky menzile ýetirmelidi. Suhaýly ätiýaç edip, göni gala girmedi. Içerdäki ýagdaýy daşardan bilip bolmazmyka diýen pikir bilen galanyň golaýyndaky bir oba sowuldy. Gün ýaşyp garaňky gatlyşyp başlapdy. Aý hasabyndan Horezminiň gazaply gyşy çykyp, bahar başlanan hem bolsa, Nowruzyň akja garynyň sowugy bildirýärdi. Munuň ýaly ýagdaýda ýolagçylar ata-babalardan gelýän däp boýunça ýolunda duşan islendik öýe taňry myhmany bolup düşýärdiler. Suhaýly hem ýanyndaky iki ýoldaşy bilen daşyndan seredende barlyrak adamyň jaýyna meňzeýän bir howla düşdüler. Öý eýesi-orta ýaşlaryndaky sakgaly ýaňy çalaryp ugran daýaw adam olary güler ýüz bilen garşy aldy. Myhmanlaryň atlaryny-da, özlerini-de gowy ýerleşdirdi. Howlynyň derwezesinden giren ýerde jylawhana diýilýän aýratyn otagda ýerleşen myhmanlaryň öňüne saçak ýazyldy. Pelte çyranyň garşysynda oturan öý eýesiniň otda taplanan ýaly gyzyl ýüzüne, zeberdest ellerine garap, Suhaýly «bu adam demirçi bolaýsa gerek» diýip çaklady. Soraşyp-ideşilende onuň çaky dogry bolup çykdy. Özüni Bugra beg diýip tanyşdyran öý eýesi Hazarasp galasynyň içinde demirçilik ussahanasynyň bardygyny, ol ýerde dört şägirdi bilen özi hem işleýändigini, esasy işleriniň arasynda esgerleriň atlaryna nal kakyp, gylyçlaryny çarhlap berýändiklerini gürrüň berdi. Suhaýly öz içinden «Bagtymyza Alla bizi bu adama sataşdyrdy. Indi ondan galadaky gep-gürrüňi, ýagdaýy bilip alarys, inşalla» diýip begendi. Öz nobatynda öý eýesi myhmanlardan habar soranynda Suhaýly özleriniň Amula söwda işi bilen barýandyklaryny, Gürgençden çykanlaryna bäş gün bolandygyny aýdanynda, Bugra beg: -Gürgençli bolýan bolsaňyz patyşamyz hakynda bu ýerde ýaýran geplerden habaryňyz bardyr. Çynmy şu gepler?-diýip, sorady. -Näme gep özi? Näme gepdigini aýtsaňyz, bizem ýalanmy, çynmy, bilenimizi aýdarys-diýip Suhaýly öý eýesine ýüzlendi. -Bir aý bäri esgerleriň arasynda Horezmşa hakynda dürli ýaramaz gepler gezýär. Dek düýnem şazada Abul Harys goşuny sapa duruzyp, ol ýere kazy-kelany, ymamy hem çagyryp, olaryň öňünde çykyş edipdir. Ol öz nutkynda Horezmşanyň ýurdy Soltan Mahmyt Gaznala satandygyny, häzir Gürgençde Horezmşa däl-de, Mahmyt Gaznalynyň oňa aýallyga beren dogany höküm sürýändigini, ol aýalam Gürgençdäki atlary dünýä belli alymlarymyzy Gazna iberenligini hem-de agasy soltan Mahmyt Gaznalynyň adyny hutba goşdurandygyny aýdyp, «Watanymyzyň garaşsyzlygyny ýitirip, onuň aýakasty edilmegine ýol bermelimi?! Biziň Watandan mukaddes zadymyz barmy?!» diýip, soňunda «Ýa Watan, ýa ölüm!» diýip gygyrypdyr. Bugra begiň bu gürrüňi Suhaýlyny sowuk dere batyrdy. Emma syr bildirmän: -Biz söwda-satyk bilen meşgullanyp ýören adam bolansoň syýasata kän bir gyzyklanmaýarys. Ýöne Soltan Mahmydyň adyny hutba goşdurypdyr diýip eşitdik-diýdi. Suhaýlynyň kellesinde dürli hyýallar at salýardy. «Nätmeli? Abul Harysy niýetinden gaýtaryp bolmajagy belli boldy. Ony "mugallymy" Alp Tegin gowuja okadypdyr ýa-da onuň özi täji-tagta höwesiniň güýji bilen goşunyň öňünde hakyky watançy bolan bolup çykyş edipdir. Eger şeýle bolsa ol maksadyna ýetmek üçin öňden bir bahana tapylmagyna garaşyp ýören eken. Indi ol bu tapan bahanasyndan peýdalanman goýmaz.» Suhaýlynyň dymyp oturanyny öý eýesi ýadawlykdandyr öýdüp, «Indi dem-dynjyňyzy alaýyň» diýip, öz jaýyna çykyp gitdi. -Ýagdaý düşnükli boldy gerek, ýigitler-diýip, Suhaýly ýoldaşlaryna garady.-Indi nätmeli? Hany, siziň pikiriňizi hem diňläýin. Ýigitleriň biri bir üýtgeşik pikir aýtjak ýaly ykjamlanyp: -Abul Harys ertir bizi kabul etse, siz onuň gije ýatýan ýerini bilip berseňiz, biz ikimiz ony dynçlarys-diýdi. Suhaýly kellesini ýaýkady.-Ikiňiz däl, on bolsaňyzam ol işi edip bilmersiňiz. Gör, onuň ýatýan jaýynyň daşynda näçe sakçysy bardyr. Gowsy bu habary Gürgenje tiz ýetirmeli. Şonuň üçin sen häziriň özünde yzyňa dolanmaly bolarsyň-diýip, Suhaýly bir barmagyndaky ýakut gaşly tylla ýüzügini çykaryp berdi. Şuny berk saklap, birinji atla ýetir. Menzilleriň arasynda atlary gaýgyrman çapsynlar. Ýüzük ertir şu wagta çenli patyşanyň eline düşsün! Biz ikimiz ertir öýläne golaý gala bararys. Alajy bolsa Abul Harysy derhal goşun çekmekden birki hepde saklajak bolaryn. Şu pursatdan peýdalanyp, goşuny güýçlendirerler. Ýigit elini gursagyna goýup, çykyp gitdi. Ol öý eýelerini oýarmazlyk üçin atyny ýuwaşlyk bilen howludan idip çykardy-da birinji menzile tarap at saldy. Ertesi irden öý eýesi myhmanlaryndan habar almaga geldi. Üç adamyň ýerine iki adam oturanyny görüp, üçünjini soranynda Suhaýly onuň Pitnekde bir görmeli adamynyň bardygyny, şonuň üçin irräk gidenini aýtdy. Ertirlik çaý-çörek getirildi. Öý eýesi işine ir barmalydygyny, myhmanlaryň maharlanyp, dem-dynjyny alyp, islän wagty gidip biljekdiklerini aýdyp mähirli hoşlaşdy. Öý eýesi gidenden soň Suhaýly bir salym oýa çümdi: «Eger gala häzir, ir bilen barsak, ýagdaýy anyklamak üçin şu töwerekde düşlänimizi bilerler. Şonuň üçin öýläne golaý hiç ýere sowulman göni gelen kişi bolup baranymyz gowy». Ol bu pikirini ýoldaşyna aýdanynda, öýläne çenli garaşmaga ýaş ýigidiň sabyr etmegi kyn bolsa-da, weziriň ygtyýaryndaky nöker bolany üçin onuň pikirini makullamaly boldy. Şeýdip, olar her näçe ýürekleri gyssa-da, aýdylan wagta çenli çydamaly boldular. *** Abul Harysa Suhaýlynyň gelenini aýdanlarynda ol oňa garaşyp oturan ýaly bir hili ykjamlandy. Suhaýly ýoldaşy bilen onuň huzuryna gireninde, ol tagta meňzeş kürsüde oturan ýerinden turmadam, bir hili kynaýaly ýylgyryp: -Geldiňizmi, weziri agzam?! Aly hezretden bize näme habar getirdiňiz?!-diýdi. Suhaýly rejäniň düzüw däldigini aňsa-da, sowukganlygyny ýitirmän jogap berdi: -Men siziň huzuryňyza Aly hezret diýÿäniňiziň adyndan däl, Din Horezmin diýip atlandyrylýan Watanymyzyň adyndan geldim. -A-ha, onuň ýaly bolsa habaryňyzy berip oturyň. -Onda oturmaga ejaza ediň. Salam-alek, saglyk amanlyk soraşanymyzdan soň, habarymy aýdaryn. -O-ho, biz biedeplik edipdiris, uzur-diýip, Abul Harys ajy ýylgyrsa-da, saglyk-amanlyk soraşan boldy. Suhaýly şazadanyň özüni alyp barşyndan ony özüniň sözlerine ynandyryp boljagyna ynamy gaçdy. Şonda-da «Ýatyp galandan atyp gal» diýen nakyla eýerip, bir synanyşyp görmegi müwessa bildi: -Şazadam, siz maňa nähak ynanmajak bolýaňyz. Ynansaňyz, ynanmasaňyz hem men ýüregimdäkini aýdaýyn. -Men entek size ynanamok diýmedim-ä. -Söz bilen aýtmasaňyzam, bu zat mesaňa duýlup dur. -Siz gaty duýgur adam, jenap Suhaýly. Hany ýüregiňizdäkini aýdyň bakaly, belki menem ondan bir zatlar duýaryn. -Aýtsam, Gürgençde ýagdaý üýtgedi. Soltan Mahmydyň ady hutba goşuldy. Alymlarymyz Gazna iberildi. Hökümdaryň öz ygtyýary bilen ýurduny beýle namysa goýmagy halkymyza-da ýaranok. Şonuň üçin Abul Abbasyň indi Horezminiñ tagtynda oturmaga haky ýok. Ony siziň eýelemegiňiz gerek. Ozaldanam mirasdüşer siz ahyryn. -Munyňyz dogry. Mirasdüşer mendim. Indi pursady elden bermän, ertiriň özünde goşuny Gürgenje çekeris-diýip, Abul Harys Suhaýlynyň ýüzüne synçy nazaryny dikdi. -Şazadam, men gandöküşlige garşy. Onuň hem goşuny az däl. Siz bärden goşun çekip barsaňyz, uly gan döküşlik bolar Iki tarapyň esgerleri hem öz ýurdumyzyň adamlary ahyryn. Şonuň üçin munuň başga ýoly bar. -Nähili ýoly bar? -Häzir Abul Abbas Jende ýörüş etmek üçin taýýarlanyp ýör. Ol Jende gitdigi Siz Gürgenje girersiňiz. Siziň tagty eýeläniňizi eşiden esgerlerem, halkam siziň tarapyňyza geçer. Onsoň onuň gelip, siziň öňüňizde dyza çökmekden başga alajy galmaz. Şonuň üçin siz häzir gyssanmaň. Ol aňry barsa bir aýa ýola düşer. -Bir aý? Bir aý garaşmaly diýseňiz-le. Onsoň gidenini özüňiz habar etjekmisiňiz. Suhaýly ykjamlandy. Bu sowal oňa taşlanan çeňňekdi. «Hawa» diýdigi-çeňňege ildigidi. Ol kellesine gelen bu pikirden ätiýaç edip, çynlakaý äheň bilen jogap berdi. -Men indi Gürgenje gaýdyp baryp bilmen ahyryn. Ol ýerde habar berjek ynamly adamlarym bar. Bir aýa galyp-galman habar geler. -Bir aý? Düşnükli - diýip, Abul Harys mekirlik bilen Suhaýla gözüniň gytagyny aýlady.- Goşunyny güýçlendirmek üçin oňa bir aý gerek ekeni-dä. Şeýle dälmi? Bu gepi onuň haýsy manyda aýdanyny Suhaýly duýsa-da, özüçe düşünen bolup jopgap berdi: -Hawa. Jendi almak üçin güýçli goşun gerek. -Ýok, jenap Suhaýly. Güýçli goşun Jendi almak üçin däl, bize garşy durmak üçin gerek. Suhaýly utulanyny bildi. Şonda-da, onuň pikirini üýtgedip bolmazmyka diýen umyt bilen dillendi: -Diýýäniňiz näme, ol hiç haçan sizi duşman saýanok. Ol Alp Tegine ynanmasa ynanmaz, ýöne size aga-ini hökmünde berk ynanýar, onsoňam...-Suhaýly sözüni gutarmanka, gapynyň aňyrsynda bularyň gürrüňini diňläp duran Alp Tegin: -Onuň ýaly patyşanyň bize ynamy-da, özü-de gerek däl-diýip, girip geldi. Suhaýly oňa ýalta seretdi. Gözler biri-birine kaklyşdy. Alp Teginiň gözlerinde köne tanyşlygyň nyşany hem ýokdy, bütünleý ýat nazar bilen seredýärdi. Ol Salam aleýgiň ýerine: -Jenap Suhaýly, şazadanyň kellesini aýlajak bolup oturmaň, gönüňizden geliberiň-diýdi.- Bu ýere gelmegiňiziň maksadyny barybir biz bilýäs. -Bilseňizem, bilmeseňizem meniň maksadym gan döküşlige, öz watandaşlarymyzyň gyrlyşygyna ýol bermezlik, jenap Alp Tegin! Alp Tegin bir zatlar diýmäge çemlenende Abul Harys bir elini galdyryp, «saklan» diýen yşaraty etdi-de, özi dillendi: -Jenap Suhaýly, niýetiňiz gowy niýet. Onsoň bu niýetiňizi amala aşyrmak üçin näçe adam bolup geldiňiz? Umytsyzlygy artyp barýany üçin Suhaýlynyň kellesi biraz dumanlanypdy. Ýogsa ol bu sowalyň näme üçin berlendigini aňardy we jogabyny tapyp aýdardy. -Görüp durşuňyz ýaly, ýanymdaky ýoldaşym bilen. Bu jogapdan soň Abul Harys Suhaýlynyň gepleriniň bary ýalandygyna göz ýetirip, soragy gutarmagy makul bildi. Ol: -Demirçini getiriň!-diýip gapyda duranlara buýruk berdi. Salym geçmän Suhaýly dagynyň myhman bolan öýüniň eýesini getirdiler. Onuň bir gözüniň aşagy gök dalakdy. -Hany aýt, Bugrabeg, düýn agşam seniň öýüňe myhman bolanlar şularmy?-diýip, Abul Harys eli bilen Suhaýlyny we onuň ýanyndakyny görkezdi. Demirçi biçäre gorkanyndan sandyrap: -Hawa, jenap, şular-diýdi. -Bular näçe adamdy? - Üç adamdy. -Bu ýere ikisi geldi, biri seniň öýüňde galdymy-ka? -Ýok, tagsyr. Ir bilen bularyň ýanyna baranymda-da ikisi oturan eken. Ol birini sorasam Pitnekde girip çykmaly ýeri bar eken, şoňa ir gitdi, diýip aýtdylar. -Sen agşam bulara näme gürrüň berdiň, şuny aýt! -Men bularyň nä jüre adamdygyny näbileýin. Maňa söwda işimiz bilen Amula barýas diýdiler. Onsoň gepden gep çykyp, men siziň goşunuň öňünde eden çykyşyňyzy aýdaýdym. -Düşnükli. Sen işe gaýdanyňdan soň bularyň näme üçin öýüňde galanlarynyň sebäbini bilýäňmi? -Bilemok, jenap. -Bilmeseň, bular agşam seniňkide myhman bolandyklaryny ýaşyrmak üçin, öýläne çenli seň öýüňden çykman oturypdyrlar. Üçünjisini bolsa saňa aýdyşlary ýaly Pitnege däl, senden eşiden habaryny Gürgenje ýetirmek üçin yzyna ugratdylar. Ine, häzirem üç adam bolup gelendiklerini gizläp otyr. Abul Harys bu sözleri Bugrabege aýdan bolup, Suhaýla «Syryňy bildim gerek» diýen manyda seretdi-de: -Siz utuldyňyz, jenap Suhaýly-diýdi.-Men siziň goýberen hatalaryňyzy aýdyp bereýin. Bu günäkäriň günäsini boýnyna goýup, soň jeza berlişi ýaly bolar. Birinjiden siz düýn agşam demirçiniň öýüne düşüp ýalňyşdyňyz. Hiç ýere sowulman, göni biziň huzurymyza gelen bolsaňyz, belki, men siziň gepleriňize ynanardym. Ikinjiden, gije şu ýerde bolanyñyzy ýaşyryp, özüňizi dogry gelen adam edip görkezjek bolup, öýlän gelip otyrsyñyz. Üçünji hataňyz bolsa üç adam bolup geleniňizi ýaşyrdyňyz. Sebäbi üçünjiňiziň Gürgenje habar ýetirmäge yzyna gidenini bildirmejek bolduňyz. Ine, şulardan siziň bar gepiňiziň ýalandygy belli boldy. Siziň esasy maksadyňyz bizi bu ýerde bir aý saklap, şu wagtyñ içinde Abul Abbasyň goşunyny güýçlendirip almagyny üpjün etmekdigine göz ýetirdim. Abul Harys sözüne dyngy berip, sözleriniň Suhaýla nähili täsir edendigini bilmek üçin onuň ýüzüne siňe seretdi. Ýüzünde hiç hilli özgerişlik görmäninden soň sözüni dowam etdirdi: -Jenap weziri agzam, men sizi dana adam diýip eşidýärdim. Ýöne şu danalygyňyz bilenem özüňizi ölüme sezewar etjek hatalara ýol berdiňiz. -Men ölümden gorkamok! -Alyp çykyň!-diýip, Abul Harys gapyda duranlara buýurdy. Suhaýly çykyp barýarka yzyna öwrülip, Abul Harysa ýüzlendi: -Şazada, siz Gürgenji alansoň adyl hökümdar bolmagy isleýän bolsaňyz gerek. -Men adyl hökümdar bolaryn. -Onda meniň ýanymda gelen bu esker ýigidiň hiç hili günäsi ýok. Oňa-da jeza bermek adalatdan bolmaz. -Men bilýän günäsi ýokdugyny. Oňa hiç kim el degirmez. Islese biziň goşunymyzyň hataryna geçsin. Häliden bäri esgeriň ak esgä dönen ýüzüne gan ýöredi. Gapydaky sakçylar Suhaýly bilen demirçini alyp çykanlaryndan soň, Alp Tegin: -Şazadam, hökümiňizi gijä goýman häziriň özünde ýerine ýetirmek gerek-diýip, gapa tarap ýöneldi. Abul Harys: -Duruň! O näme höküm? Nämäni ýerine ýetirjek bolýaňyz? -Suhaýlyny ölüme höküm etdiňiz-ä, Şazadam. -Men oňa özüňizi ölüme sezewar etjek hatalara ýol berdiňiz-diýip aýtdym. Bu ölüme höküm edildigi däl. Ölüme diňe başy täçli hökümdar höküm edip bilýär. Başganyň muňa haky ýok, jenap Alp Tegin. -Eýsem ony nätmeli? -Entek ony tussaglykda saklaly. Nesip edip, Gürgenji alsak, başyma täç geýmek miýesser etse, onsoň Suhaýlyny nämä höküm etmelidigini göreris. Demirçini goýberiň, onda günä ýok. Alp Tegin şazadanyň sözlerini içinden makullamasa-da, geljekki täçdar bolany üçin geplemän çykyp gitdi. Abul Harys soňky günlerdäki dartgynlylyk zerarly biraz ýadapdy. Aýratynam Suhaýly bilen bolan bu duşuşyk oňa erbet täsir edipdi. Ol biraz dynç almak üçin öz otagyna däl, Rugsar hanymyň aram otagyna bardy. Rugsar: -Geliň şazadam. Iki gün bäri maňa görünmediňiz, eýgilikmi?-diýip, hemişekisi ýaly güler ýüz bilen garşy aldy. -Işler köp, melikäm. -Haýyrly işlermi? -Öz önüp-ösen şäheriňe gaýdyp barmak haýyrly bolsa, haýyrly iş. -Gürgenje gidýäsmi, patyşa rugsat berdimi? -Ýok, onuň rugsady gerek däl. -Düşünmedim, şazadam. Näme üçin onuň rugsady gerek däl? -Men gaty ýadow, Rugsar. Bir salym başymy seniň dyzyňa goýup, dynç alasym gelýär. Başymy sypap, meni azajyk irkildirseň, soň näme üçindigini aýdaryn. -Geliň, başyňyz meniň dyzlarymda aram alsa, baş üstüne-diýip Rugsar aýaklaryny uzadyp oturdy. Abul Harys onuň öňüne başyny goýup, uzaldy. Rugsar onuň ösgün saçly kellesini sypap oturşyna «Munuň bir uly aladasy bara meňzeýär. Gürgenje patyşadan birugsat gitmegi ýöne ýere däldir» diýip, içini gepletdi. Abul Harysa başyny sypaýan Rugsaryň mylaýym elleri rahatlyk bagyşlasa-da, irkilip bilmedi. Ol gözlerini ýumup ýatyşyna uludan bir dem alyp, ýuwaş dillendi: -Melikäm, bu dünýäniň işleriniň haýyryndan şeri köp. Näme üçin şeýle. Çünki, bu zamanyň adamlary haýra garanda şer işlere köpräk gyzyklanýarlar. Biziň etjek işimizem haýrmy, şermi Alla bilýär. Rugsar bu gepleriň anygyna ýetmän durup bilmedi: -Şazadam, maňa düşnükliräk edip aýdyň. Näme iş ol, sizi beýle biynjalyk edýän? -Erte, birigün Gürgenje goşun çekýäs. Men Abul Abbasdan ata miras tagtymy almaly. Enşalla alarynam. Sen hem diňe meniň däl, bütin Horezminiň melikesi bolarsyň. Rugsaryň üstünden sowuk suw guýlan ýaly ini tikenekläp gitdi. «Goşun çekmek-uruş, gan döküşlik» diýen aýylganç pikir beýnisine kürsäp girdi. Özüne unudylmaz ýagşylyk eden, agasy ornunda görýäni-Muhammet ibn Salam göz öňüne geldi. Şazadanyň ony «Patyşanyň ýakyn adamlarynyň biri» diýeni ýadyna düşüp, bu uruşda onuň hem heläk bolmagy mümkin diýen pikirden ýüregi gyýlyp gitdi. Şazada şeýle maksat bilen Gürgenje ýörüş etjek bolsa, onuň bilen gitmezlige äht etdi. -Nämä dymýaň, janym, ýa bu iş saňa ýaranokmy? -Ýaranok, şazadam. Siz Gürgenje gan döküşlik edip, şa bolmak üçin ugraýan bolsaňyz, meni talak edip gidiň. Abul Harys dabanyna ot basylan ýaly laňňa ýerinden galyp, gözlerini Rugsaryň göreçlerine dikip oturdy. -Şu sözi çynyň bilen aýdýaňmy, Rugsar? -Çynym bilen aýdýan. -Talak etsem, onsoň näme iş etjek? -At-ulag berseňiz ýurdyma giderin. -Sen öňem patyşalara aýal bolmak howpludyr diýip aýdypdyň. Eger gitmejegiň çynyň bolsa, men seni zorlap alyp gitmen. Ejize zorluk etmek meniň zandymda ýok-diýip, Abul Harys çykyp gitdi. Rugsaryň birden agysy tutup möňňürip goýberdi. Ol Horezmin topragyna geleli bäri hiç haçan beýle sesli aglamandy. Abul Harys daşarda iki ýana gezmeläp, Rugsaryň beýle aýgytly karara gelmeginiň sebäbini oýlanýardy. «Onuň çynymyka ýa-da meni niýetimden gaýtarmak üçin aýtdymyka? Eger şeýle bolsa ol samsyk. Bir aýalyň göwni üçin kim täji-tagtdan geçer?» Hawa-da, öňki arzyly Rugsar indi onuň üçin bir aýal. Iň lezzetli zatlaram hemişe el ýeterli bolsa, wagtyň geçmegi bilen öňki lezzetini ýitirýär. Abul Harysyň arzuwy öň Rugsar bolan bolsa, indi tagt. Ol bu arzuwyna ýetmek üçin başga ähli zatlardan geçmäge taýyn. Şol günüň ertesi öýle wagty Rugsaryň otagyna Alp Tegin gelip girdi. Onuň rugsatsyz girenine gahary gelen Rugsar: -Size näme gerek?!-diýip, ýüzüni kesä sowdy. -Meni siziň ýanyňyza şazada iberdi. -Şazadanyň özi gelip bilmeýärmi? -Ýok. Gitjegiňiz çyn bolsa, siziň bilen hoşlaşmaga ýüregi dözmeýärmiş. -Gürgenje goşun çekip, gan döküşlige dözjek ýürek, meniň bilen hoşlaşmaga dözmeýärmişmi? -Bilmedim. Men bir harby adam, onuň ýaly inçe duýgulardan başym çykmaýar. -Siziň köp zatdan başyňyz çykýar. Şazada ýaş, ony islendik zada yrmak siziň ýaly tejribeli adama kyn däl bolsa gerek. -Melike, ikimiz uruşmaly. Gitjegiňiz çynyňyz bolsa, ýagşylyk bilen hoşlaşaly. -Gitjegim çynym, baryp şazada aýdaýyň. -Şazada gitjegi çyny bolsa, ýeke özi bolsa, ýeke özüne, kenizleri bilen bolsa, olara-da at-ulag, erkek lybas taýýarlamagymy hem-de şu puly size bermegimi tabşyrdy-diýip, Alp Tegin pökgerip duran gaýyş gapjygy Rugsaryň öňünde goýdy.- Bu tylla teňňeler size köp wagta ýeter. Eger söwdada aýlap bilseňiz, ömrüňiz ötýänçä hor bolmarsyňyz. -Her kimiň rysgalyny Alla berýär. Maňa munça pul geregem däl. -Şazadanyň eli bilen Allanyň bereni şu, alyň. Siziň bagtyňyza ertir irden Gürgençden Yspyhana tarap kerwen geçýär. Kerwen bilen gitseňiz, ýoluňyz hatarsyz bolar. Ertesi irden ýaş ýigitleriň sypatyna giren üç atly zenan Hazarasp galasyndan çykyp, geçip barýan kerwene goşuldy. Ine, şeýdip, Rugsar kenizleri bilen gündogara, şazada Abul Harys bolsa goşuny bilen günbatara ýola düşdüler. Bu iki aşyk-magşugy asy bendeleri özüne çekýän täji- tagt diýen jadyly bela aýra saldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |