13:34 Gürgenç / 1-nji kitap -21 | |
XXI BAP
Suhaýlynyň yzyna ugradan atlysyndan iberen habary menzillerden menzillere aşyp, ertesi gijäniň ýaryna golaý Gürgenje ýetip bardy. Çaparyň gelenini aýdanlarynda gijäniň ýarynda gelen habaryň buşlyk däldigini aňan Horezmşa derhal aram otagyndan çykyp, tagt eýwanyna geldi. Uzak ýoldan at çapdyryp gelen çapar demini rastlap, patyşa egilip tagzym etdi-de, Suhaýlynyň berip goýberen ýüzügini uzatdy. Al Mämün eliniň aýasyndaky ýüzüge seredip, oýa çümdi: «Diýmek, ýagdaý gowy däl. Pitneçiler tiz wagtda ýetip gelmegi mümkin. Gyssagly çäre gormeli» Ol elini iki gezek çarpandan häzir bolan köşk sahybyna ähli emeldarlary, goşun serkerdelerini çagyrmagy buýurdy. Munuň ýaly bimahal wagty adam ýygnamak aňsat bolmasa-da, patyşanyň emri bilen aýdylanlaryň hemmesi ýygnandy. Adamlar bimahal çagyrlanlary üçin «Näme gep?», «Eýgilikmi-kä?» diýşip, biri-birinden howatyrly soraýardylar. Hiç kim hiç zat bilenokdy. «Aý, häzir patyşa geler, näme gepdigini özi aýdar» diýşip garaşýardylar. Patyşa-da köp garaşdyrmady. -Jenaplar, sizi bimahal ýygnanymyň sebäbiniň gowulyk däldigini özüňiz hem duýansyňyz. Biziň goýun diýip ýörenimiz gurt bolup çykdy. Şazada Abul Harysy Hazaraspa iberenimizden habaryňyz bar. Ol Hazaraspdaky goşunyň serkerdesi Alp Tegin bilen dildüwşp, biziň üstümize goşun çekip geljekmişin. Pitneçileriň tizara ýola çykmagy mümkin. Duşmana degerli gaýtawul bermek üçin biz bu ýerdäki goşunuň üstüni azyndan bäş müň adam bilen dolduryp, jeňe taýýarlyk görmegimiz gerek-diýip, Abul Abbas degişli adamlara etmeli işlerini ýekän-ýekän aýdyp tabşyrdy. Ýygnak gutaranda daň hem atypdy. Patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin ýeterli wagt gerekdi. Emma pitneçiler wagt bermän golaýlap gelýänligi sebäpli galanyň derwezelerini berk baglap, goranmak çärelerini görmeli boldy. Onýança pitneçileriň goşuny ýetip gelip, Gürgenjiň daşyny gabady. Eger-de Horezmşanyň az sanly goşuny-da çyn ýürekden şäheri goramakçy bolanynda pitneçiler gör näçe wagt galanyň daşynda ýatardy, belki alyp bilmejekdigine göz ýetirip yzyna gaýdyp giderdi. Pitneçileriň köp saklanman şähere girmegini soltan Mahmyt Gaznalynyň adynyň hutba goşulyp, ýurduň oňa tabynlygy boýun alnandygy sebäpli halkyň we goşunyň arasynda dörän närazylyk tizleşdirdi. Abul Harys atyny oýnadyp, galanyň derwezesiniň golaýyna geldi. Ol özüne we ardynda sap tartyp duran goşunyna ok-ýaý çenäp duran galanyň üstündäki esgerlere ýüzlendi: -Eý, watandaşlar! Sizler kime peýkam çenäp duranyňyzy bilýäňizmi? Biz başga ýurtdan ýurduňyzy basyp almaga gelen kesekiler däl-ä! Biz öz adamlaryňyz, öz goganlaryñyz ahyryn! Biz Gürgenje Watanymyzyň namysyny goramak üçin, Horezmin diýarymyzyň hiç kese tabyn bolmadyk öñki beýik döwlet derejesini dikeltmek üçin geldik. Häzir Horezminiň tagtynda oturan Abul Abbas ýurdy Mahmyt Gaznala satyp, onuň adyny hutba goşduryp, Watana dönüklik etdi. Şundan soň onuň Horezmşa diýen belent ady götermäge haky ýok. Meniň pederim Aly ibn Mämün tagtda oturanynda ýurdumyzyň namysyny, garaşsyzlygyny gözüniň göreji ýaly gorady. Eger sizleriň hem ýüregiňizde ata Watanymyza söýgi, adyna buýsanmak duýgusy, namysyny goramaklyga gaýratyňyz bar bolsa ok-ýaýyňyzy aşak düşüriň-de, derwezäni açyň! Gan döküşlik bolmasyn! Abul Harysyň ýüreginden syzdyryp sözlän bu gysga nutugy depedäki esgerleriň öňden bar bolan närazylyk duýgusyny güýçlendirip, Watanyň namysyny goramaga gelen şazada raýdaşlyk meýlini oýardy. Derweze açyldy. Abul Harysyň goşuny hiç bir garşylyksyz içeri girip, göni köşge tarap okduryldy. Köşgüň goragynda duran Horezmşanyň bir topar sadyk serabazlary garşylyk hem görkezip bilmediler. Abul Harys, Alp Tegin dagy elli, altmyş söweşiji bilen köşge girip bardylar. Köşgüň içinde garşylyk görkezjek hiç kim ýokdy. Köşgüň içi haňlap ýatyrdy. Olar tagt duran giň eýwana girenlerinde garşydaky altyn suwy çaýylan islimi nagyşly belent gapydan kellesi ýalaňaç Abul Abbas çykdy. Ol özüni sowukganlylyk bilen tutup: -Hoş geldiňiz, inim!-diýdi Abul Harysa kinaýaly garap. -Geldik welin, elimiz sowgatsyz boş geläýdik-diýip, ol hem kinaýaly gepledi. -Boş däl. Eliňizde ýalaňaç gylyç bar-a. Şuny bilip, menem kellämi ýalaňaçlap çykdym öňüňize. -Eden dönükligiňiz üçin kelläňiz bilen jogap bermeli boljakdygyny bilipsiňiz-dä. -Men dönüklik edemok. -Gaznalynyň bir ganjygyna Watany satyp, onuň adyny hutba goşdurmak, dünýä belli alymlarymyzyñ Gazna iberilmegi dönüklik bolman, eýsem näme?! -Bu Watany Mahmyt Gaznalynyň goşunyna depeletmezlik, ilatyň ganyny dökdürmezlik üçin görlen wagtlaýyn çäre. -Çäremişin. Çäre däl, gorkaklyk. Dönükler gorkaklardan çykýar. Onuň goşunyna ýurdy depeleder ýaly biziň goşunymyz, güýjümiz ýokmy? Gaýratymyz çatanokmy?! -Soltan Mahmydyň ýüz müň adamlyk goşunynyñ, söweşjeñ pilleriniñ garşysynda durup biljek goşun barmy häzir bizde. Şonuň üçin men ol çäräni wagtdan utup, goşunymyzy güýçlendirmek maksadynda etdim. -Suhaýlyny-da meniň ýanyma şol maksatda ibereniňi bilýän-diýip, Abul Harys gylyjyny gynyna sokdy-da gapdalynda duran Alp Tegine «Gutar» diýen manyda ümläp, özi çykyp gitdi. Alp Tegin ýanyndakylar bilen şol bada buýrugy ýerine ýetirdi. Şeýlelikde, ylmyň, edebiýatyň, sungatyň janköýeri hem howandary 27 bahary ýaňy garşylan ýaş ýigit tagt gurbany boldy. Eger-de ol tagtda oturan hökümdar bolman, gumuň depesinde tüýdük çalyp oturan çopan bolanynda segsen, togsan ýaşyna çenli bu dünýäniň hözürini görüp ýaşamaly adamdy. *** Abul Harys tagta çykdy. Özüni Horezmşa diýip yglan etdi. Abul Abbasyň döwründe jany-teni bilen oňa hyzmat eden köşk emeldarlarynyň aglabasy gelip, Abul Harysa tagzym edip, dyza çökdüler, oňa wepaly hyzmat etjekdiklerine kasam etdiler. «Dyza çöküp ýaşandan dik durup ölen ýagşy» diýen mertler bolsa gylyçdan geçirildi. Bu gabahat iş diňe Alp Teginiň işi däldi. Tagt eýesi nähili ýuka ýürekli adam bolsa-da, tagtynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin doň ýürege-de öwrülýän eken. Alp Tegin Abul Harysa ýanbermezleri jezalandyrmak hakynda aýdanynda ol: «Olaryň içinde Muhammet ibn Salam diýen adam ýokmy?» diýip sorady. «Ýok» diýen jogaby eşidensoň: «Bolupdyr onda» diýip, başyny atdy. Abul Harys, şeýdip, özüne duşman saýan adamlarynyň ýoguna ýanansoňam arkaýyn hökümdarlyk edip ýaşap bilmejegini bilýärdi. Çünki, bu eden işi üçin Soltan Mahmyt Gaznalynyň sag bolsun aýtmajagy bellidi. Bu hakda ol Gürgenje goşun çekip gelýärkä-de ýolboýy oýlanypdy. Indi ol Gaznalynyň goşunyna gaýtawul berip biljek goşun toplamalydy ýa-da başga bir çäre görmelidi. Ol ilki «Başga bir çäre» diýenini ulanyp görmekçi boldy. Ol Gürgenje giren gününden aýratyn goragda sakladan heremden soltan Mahmydyň dogany Kaljy hanymy köşgüň bir otagyna çagyrtdy. Gapydan giren ýerinde özüne sowuk nazar bilen dik bakyp duran gözele gözi düşende, Abul Harys bir hili aljyrajak boldy. Ony aljyradan diňe Kaljynyň gözelligi däl-de, onuň arkasynda duran gudratly soltan Mahmydyň at-owazasydy. Abul Harys özüni ele alyp, mylaýym äheň bilen: -Geçip oturyň, hanym, siziň bilen gürrüňim bar-diýdi. -Näme gepiňiz bolsa, aýdyberiň, men duran ýerimde-de diňleýän. Garşysynda duran zenanyň gep urşundan onuň aňsatlyk bilen özüne boýun egmejekdigini aňan Abul Harys: -Beýle gödek dillenmek siziň gözelligiňize gelşenok, hanym. Meniň size hiç hilli ýamanlygym ýok, gaýtam siziň bilen bir döwletli gürrüň etmekçi bolup çagyrtdym-diýdi. -Meniň adamymy öldüribem hiç hilli ýamanlygym ýok diýmäge neneň diliňiz öwrülýär? -Adamyňyzy men öldürmedim. Onuň özi meni öldürjek bolup, topulanynda serkerde Alp Tegin ara düşdi. Onuň bilen garpyşykda heläk boldy. Nätjek, ajaly ýetendir-dä - diýip, ýalan sözlän Abul Harys sözüniñ Kaljy hanyma nähili täsir edenini biljek bolup, oňa synçy nazaryny dikdi. Kaljy onuň bu sözüne ynanjagyny-da, ynanmajagyny-da bilmän dymdy. Abul Harys pursatdan peýdalanyp, ýene-de mylaýym äheň bilen sözüni dowam etdirdi: -Hanym, boljak iş boldy. Öleniň yzyndan ölmek ýok. Indi siz başy boş aýal. Şonuň üçin meniň nikama geçseňiz, öňkiňizden hem zyýada edip saklaryn. Ýurduň esasy melikesi bolarsyňyz. Bu sözleriň aňyrsynda Abul Harysyň näme maksadynyň bardygyny şo bada aňan Kaljy hanym: -Onsoň men näme etmeli?-diýip, kinaýaly sorady. Abul Harys kinaýany syzsa-da, syzmadyk ýaly dillendi: -Siz hiç zat etmeli däl, hanym. Agaňyza ikimiziň nikalaşandygymyz baradaky hoş habary sowgat-salamlar bilen ýetirsek bolany. -Agam bu habary, siziň aýdyşyňyz ýaly, hoş habar hökmünde kabul eder öýdýäňizmi? Tersine, iň ajy habar hökmünde kabul eder. -Şeýle bolmazlygy üçin siz sowgatlaryň ýanyna bir gowy mazmunly salamnama goşarsyňyz. -Men siziň maksadyňyzy bilýän-diýip, Kaljy Abul Harysa dikanlap garady.-Siz agamdan gorkanyňyz üçin meni... -Men agaňyzdan gorkamok!-diýip, Harys Kaljynyň sözüni kesdi.-Men hiç kimdenem gorkmaýan, diňe, Alladan gorkýan. Ýöne men gan döküşlik bolmasyn diýýän. Agaňyz ýüz müň leşger bilen gelse-de, biziň oňa gaýtawul bermäge güýjümiz ýeter. Emma bu jeňde näçe müňläp adam gyrlar. Agaňyzam, menem şonça adamyň ganyna galarys. O dünýäde munuň jogabyny bermeli bolar. Kaljy hanym Abul Harysa ajy ýylgyrmak bilen seredip: -O dünýäde jogap bermeli bolsa öz agasynyň tagtyny basyp alyp, özüni öldürüp, aýalyna göz dikmegiň hem jogabyny bermeli bolmazmy? Abul Harys öz sözünde tutulyp, derhal jogap berip bilmän, biraz sägindi. Soňra Kaljy hanyma naýynjar garaýyş bilen bakyp: -Hanym, bu işler takdyry-ezeliň işi. Takdyrdan gaçyp gutulma ýok. Sizem takdyryňyza ten berip, meniň teklibime razy bolaýyň. Belki, Allatagala ikimiziň ýyldyzymyzy goşup goýandyr. Kaljy hanym oýa çümüp, bir salym dymdy. Kaljynyň dymmagyndan razylyk tamasyny eden Abul Harys onuň jogabyna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Kaljy hanym bir uludan dem alyp, Abul Harysa seretdi-de: -Men siziň teklibiňizi kabul etsem, ikimize-de ýaman bolar-diýdi.-Sebäbi agam dönükligi hiç haçan bagyşlamaýar. Ol diňe siziň üçin däl, meniň ärimiň ruhuna salym geçmän dönüklik edenim üçin gazap atyna münüp, bäri goşun çeker. Ilki bilen tutup, meni öldürer. Şonuň üçin size maslahatym: meni ýurduma-Gazna agama sowgat-serpaýyňyz bilen iberiň. Men sag-aman barsam, siziň bu eden işiňizi bir deliller bilen aklajak bolaryn. Men muny diňe siziň üçin däl, uly gan döküşlik bolmazlygy üçin ederin. Şunuň ýaly ýagdaýda ýalan sözleseňem Allatagala geçirermiş. Onsoň parahatçylyk berkarar bolsa, agama giýew bolmagy çynyñyz bilen isleseñiz, sawçy iberäýiň. Bu sözlerden soň Abul Harys hem oýa çümdi. «Bu aýal mekirligimi ýa çynymy?» diýip, her näçe oýlansa-da, muny bilip bilmejegine göz ýetirdi. Nähili bolsa-da, ol bu aýalyň akylly, öňden görüjidigini ykrar etdi. Ony ýene bir gezek synamak üçin: -Hanym, bu sözleri menden gutulmak üçin aýdýan dälsiňiz-dä-diýdi. -Sizden gutulmak üçin däl, öz başymy gutarmak üçin aýdýan. Ynansaňyzam, ynanmasaňyzam özüňiz biliň. Abul Harysyñ Kaljynyň teklibine boýun bolmakdan özge çäresi ýokdy. Eger-de Kaljyny zor bilen alyp galsa urşa taýýarlanybermelidi. Ol uruşda ýeňilerin diýip gorkubam duranokdy. Soltan Mahmyt Horezmine ýetip gelýänçä näçe leşger gerek bolsa toplamaga wagt ýeterlikdi. Ýöne ol örän uly jeň boljagyny, gaty köp adam gyryljagyny göz öňüne getirip, parahatçylyk ýoly bilen ýöränini makul görýärdi. Kaljyny aýallyga almakdan maksady hem şoldy. Ýogsa oňa aşyk bolubam duranokdy. Uzak dymyşlykdan soň ol şeýle diýdi. -Bolýa hanym, men siziň wyždanyňyza ynanýan. Ertiriň özünde agaňyza sowgat-serpaýlary taýýarlap, sizi ynamly gorag bilen ýola salýan. Häzir gidip, dem-dynjyňyzy alyberiň. Kaljy arkasyndan agyr ýük düşen ýaly uludan demini alyp, patyşalara edilýän tagzymy berjaý etdi-de, otagdan çykdy. Abul Harys Kaljynyň bu hereketine geň galyp, oýlandy: «Gireninde tagzym etmedi, diýmek, meni patyşa hasap etmedi. Çykjagynda tagzym etmegi meniň patyşalygymy ykrar etdigimikä ýa-da aýdan sözleri mekirliginiň perdesi bolup, ony bildirmezlik üçin etdimi-kä?». Abul Harys iki oýly bolsa-da ertesi, aýdyşy ýaly, Kaljyny ýanynda iki kenizi bilen tagtyrowanly araba mündürip, agasyna-da sowgat-serpaýlar bilen, kyrk atly nökeriň goragynda Gazna ugratdy. Abul Harys bu gören çäresiniň netijesine känbir ynamy bolmany üçin ätiýajy elden bermän goşuny-da güýçlendirmek kararyna geldi. Bu meseläni Alp Tegin bilen maslahatlaşanynda, ol: -Pikiriňiz gaty dogry, Aly hezret-diýdi.-Aýallara ynanyp bolýamy, bu bir, ikinjiden Kaljy hanym siz taraply bolup gepläninde-de, soltan Mahmydyň oňa ynanmazlygy hem mümkin. Şonuň üçin goşunymyzyň üstüni ýene-de otuz, kyrk müň adam bilen doldurmaly. Abul Harys tagtdan düşüp, Alp Teginiň garşysyna geldi: -Adam tapylar, ýöne olara munça ýaragy nirden tapyp bereris? Alp Tegin Abul Harysyň döwlet işinde täzedigine, harby işde tejribesizdigine ýylgyryp, diýdi: -Aly hezret, Gürgençde müňdenem köp demirçi ussalar bar. Olar gural-ýarag ýasamaga-da ökde. -Bä, şeýle diýseňiz-le. Meniň şeýle köp ussa bardygyndan habarym ýokdy. Onda şu günden ähli emeldarlary aýaga galdyryň-da, işe girişiň-diýip, Abul Harys buýruk äheňinde aýtdy. Abul Harysyñ tagty eýelemegine esasy sebäpçi bolan Alp Tegine ýaş patyşanyñ beýle buýruk äheňleri känbir ýakmaýardy. Alp Tegin öň: "bu ýaş şazada tagty alyp bersem, ol açsam aýamda, ýumsam ýumrugymda bolar" diýip pikir edýärdi. Beýle bolmady. Abul Harys özdiýenli, mertebesini belent tutýan, merdem ýigit bolup çykdy. Nätjek, patyşanyň emri wajyp. -Aýdyşyňyz ýaly ederin, Aly hezret-diýip, Alp Tegin çalarak tagzym edip, çykyp gitdi. Abul Harysyň tagtynyň töwereginde adam az bolmasa-da, ol özüni bir hili ýalňyz duýýardy. Bu ruhy ýalňyzlykdy. Munuň nämedendigini özü-de anyk bilmeýärdi. Belki, Rugsardan aýrylany üçindir. Şunuň ýaly ýagdaýa düşeninde göwnüne ýaraýan adamlarynyň biri bolan Muhammet ibn Salamy ýatlaýardy. «Näme, ol meniň tagta çykanymy halanokmy-ka, näme üçin gelenok, gutlanok?» diýip oýlanýardy. Häzirem Alp Tegin çykyp gideninden soň Ibn Salam ýadyna düşdi. Onuň bilen duşuşasy, söhbetleşesi, pikirini bilesi geldi. Ol elini iki gezek çarpdy. köşk sahyby girdi, edep bilen tagzym edip, buýruga garaşdy. Bu Abul Abbasyň döwründäki köşk sahybydy. Abul Harysa dyza çökenleriň biridi. Abul Harys ondan: -Sen Muhammet ibn Salam diýen adamy tanaňokmy?-diýip sorady. -Tanaýan, Aly hezret. Ol kişi alymlar bilen köşge köp gelýärdi. -Onda, adam iber, ony tapyp getiriň-diýip, Abul Harys bu sapar buýruk däl, haýyş äheňinde aýtdy. köşk sahyby bir hili ýaýdanjyrap galdy. Onuň bu bolşuna geň galan Abul Harys: -Näme dursuň? Meniň aýdanymy eşitmediňmi?-diýdi. -Eşitdim, Aly hezret, häzir adam iberýän-diýip, çykyp gitdi. Onuň ýaýdanjyranynyň sebäbi bardy. Ol Ibn Salamy Abul Abbasyň ýüz atly bilen Hazarasp galasyna iberenini, ol ýerden soltana Abul Harysyň goşun çekip, Gürgenje gelýänini habar bermegi tabşyranyny bilýärdi. Ol buny tasdanam dilinden sypdyrypdy. Birden dilini dişledi. Aýtmady. Doly dönük bolandan ýarym dönük bolanyny gowy gören bolmaga çemeli. Ibn Salamyň gözlegine iberilen adamlar ony şäherde hiç ýerden, hatda obadaky kakasynyň öýünden hem tapman geldiler. Abul Harys: «Bä, adamam şeýle ýitirim bolsa bolaýýan eken-ow, özi aýatda dirimikä ýa ýene Bagdada gitdimikä?.. Abul Abbasyň Gazna iberen alymlarynyň içinde ol ýokdy» diýip, oýlanyp oturşyna birden göz öňüne atda, erkek lybasynda bir görmegeý ýigide meňzäp barýan Rugsar geldi «Eýýäm barjak menziline barandyram. Garyndaş-doganlary ony nähili garşylarka? Gullukda gyrnak bolan aýal hökmünde kese göz bilen seretmezmikäler? «Aý agzy gyşyk bolsa-da, baýyň ogly geplesin» diýenleri ýaly meniň beren altynlarym bilen baý hatyn bolup barsa, gullugynda durjaklaram tapylar. Özüne laýyk ýigidem tapylman durmaz. Hernä bagtly bolsun-da... Onuň bilen geçiren demlerim ömrümiň ahyryna çenli ýadymdan çykmasa gerek» diýip, Abul Harys içini gepledip, geçen günlerini ýadyna düşürdi. *** Kaljy hanym kenizleri bilen bile ýumşak düşelen tagtyrowanda hiç zatdan kösenmän baş gije-gündizi parahat geçirdi. Saparyň altynjy güni irden Hazarasp galasyna ýetenlerinde olary hanymyñ goragyndaky nökerlerden iki esse köp ýaragly atlylar gurşap aldylar. Nökerleriñ serkerdesiniñ atlylaryň başlygyna gözi düşenden ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol: -Muhammet Salam! Bu sizmi? Baý, gorkuzdyňyz-a-diýdi. -Hawa men. Siz meni nirden tanaýarsyňyz? -Gürgençde medresede okanyňyzda menem bardym. Ýöne men bir ýyla-da ýetmän medresäni terk etdim. Kelle ylyma çatmady. -Hä-ä, menem sizi bir gören adamyma meňzetdim. Medresede wagtyňyzda bisakgaldyňyz. Häzir bolsa biraz sakgal goýberipsiňiz. Şonuň üçin tanamadym, bagyşlarsyňyz-diýip, Ibn Salam oňa ünsli seretdi. -Indi sizden «ýol bolsun» soraly, ugruňyz nirä, tagtyrowandaky kim? Serkerde birden ykjamlandy. Kellesine gelen pikirden gorkup gitdi. «Bular Abul Abbasyň adamlary bolmaly. Bizi sag-aman goýbermeseler gerek...» -Näme dymdyňyz? Meniň soragyma jogap beriň! Buýruk äheňinde berlen bu sowal serkerdäni has aljyratdy. -Biz Gazna barýas... Kaljy hanymy ýurduna eltip gaýtmak üçin-diýip, ol biraz säginip jogap berdi. Kaljy hanymyň Abul Abbas al Mämüniň aýaly, Gaznalynyň doganydygyny hemme bilýär. Ibn Salam oýa çümdi: «Diýmek, Abul Abbas öldürlen. Abul Harys Kaljy hanymy näme maksat bilen ýurdyna iberipdir? Gaznalydan gorkany üçinmi? Diňe onuň üçin däldir, başga-da bir gep bardyr. Muny anyklamak gerek. Bulary gala salyp, Kaljy hanym bilen gepleşip görmeli» diýen pikir bilen serkerdä ýüzlendi: -Onuň ýaly bolsa gala sowulyň, dem-dynjyňyzy alyň. Ýol harajadyňyzyň üstüni doldurarsyňyz. -Köp sag boluň, taňryýalkasyn. Biz ýaňyrak düşläp, dem-dynjymyzy alyp gelýäs. Ýol harajadymyz hem ýeterlik. "Ýol kişisi ýolda ýagşy" diýipdirler. Bizi eglemäň-diýip, serkerde sypaýçylyk etdi. Tagtyrowanyň derçesindäki tutyny bir gyra çekip, jyklap oturan Kaljy hanym bu adamlaryň ärine derekdigini aňyp: -Hödür-kerem edýän bolsalar sowulaýaly-diýdi. Serkerde: -Ýok, melikäm, sizi beýik soltana näçe tiz eltip gowşursam, şonça ýagşy. Maňa tabşyryk şeýle-diýdi. -Sen näme, melikäniň islegine-de garşymyň? Hany, gitdik!-diýip, Ibn Salam buýruk äheňinde aýtdy. Serkerde özleriniň gala salynmaklary gowlugyň alamaty däldigini aňsa-da, nalaç sowulmaly boldy. Nökerleri serkerdesi bilen bile ýaragsyzlandyryp, leşgeriň umumy ýatakhanalarynyň birine saldylar. Kaljy hanymy bolsa kenizleri bilen mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen otagda ýerleşdirdiler. Kaljy hanym ärine tabyn bu adamlaryň özlerini näme maksatda saklandyklaryny bilmäge howlugýardy. Ol köp garaşmady. Çaý-suwdan soň Ibn Salam idin sorap, onuň huzuryna girdi: -Melikäm, men patyşamyzyň ýakyn adamlarynyň biri Muhammet ibn Salam-diýdi.-Aly hezret maňa Abul Harys Gürgenje girmezinden öň ýüz atly bilen şäherden çykyp gitmegimi, Hazarasp galasyny alyp, ol ýerden agaňyza ýagdaýy habar etmegimi tabşyrdy. Men agaňyza çapar iberdim. Indi siz maňa Gürgençden habar beriň. Aly hezret amanmy? -Aly hezret şehit boldy. -Wallahy älem! Şehitleriň jaýy jennetdir-diýip, Ibn Salam horezmşanyň ruhyna degsin edip, Gurhandan bir süre okady. -Siziň gelýäniňizi görüp, özüm hem şeýle pikire gelipdim. Aly hezret aman bolanda siziň gaýtmajagyňyz belli-diýip, Ibn Salam bir salym sägindi-de.-Melikäm, men bir zada düşnemok. Abul Harys sizi nähili goýberäýdi?-diýip sorady.-Agaňyzdan gorkany üçin däldir-le. Kaljy hanym derrew jogap bermedi, dymdy. -Nämä dymýaňyz, maňa ynanmaýaňyzmy? -Ynanýan. Siziň möwlana Birunynyň ýasan Ýer togalagynyň jugrafiýasyny edendigiňizi hem, alymlar Gazna gidensoň aly hezretiň hyzmatynda galandygyňyzy hem bilýän. Maňa özi gürrüň beripdi. Ýöne men boýun alyp gaýdan zadymy size aýtsam, ony siziň nähili kabul etjegiňizi bilmän otyryn. -Boýun alyp gaýdan zadyňyz kimiň peýdasynadygyny men bilmeli, melikäm. Şonuň üçin ony maňa aýtmasaňyz bolmaz-diýip, Ibn Salam Kaljy hanyma talap ediji nazar bilen garady. Şundan soň Kaljy hanym Abul Harys bilen aralarynda bolan gürrüňi jikme-jik aýdyp berdi. Hatda parahatçylyk ýola goýlansoň Abul Harys sawçy iberse, oňa hatyn bolmaga razylyk berjegini hem gizlemedi. Kaljynyň soňky gepi Ibn Salamyň oňa bolan hormatyny şo bada ýitirdi. «It wepa, hatyn jepa» diýip, şunuň ýaly aýallar hakynda aýdylan eken-ow. Galan ömrümde ärsiz galaýmaýyn diýip, öz äriniň katylyna-da* barmaga razy bu zenan» diýip, içini gepleden Ibn Salam: -Kaljy hanym, siziň aýdyşyňyz ýaly gan döküşikligiň bolmany elbetde, gowy, emma jenaýatçy jezasyz galsa gowy däl. Şonuň üçin men siziň Abul Harysa beren sözüňizi ýerine ýetirmegiňize ýol berip biljek däl. Sebäbi soltandan hakykaty gizläp, ony aldamak gowy däl. Şoňa görä agaňyz gelýänçä, siz şu ýerde garaşmaly bolarsyňyz. -Tussaglykdamy? -Hormatly saklawda-diýip, Muhammet ibn Salam Kaljynyň ýanyndan çykdy. Ol öz esgerleriniň onbaşylaryny çagyryp, Kaljy hanymyñ gogçylarynyň saklawuny has güýçlendirmegi tabşyrdy. -Eger şu nökerleriň biri gaçyp, Gürgenje habar ýetiräýse, bäş ýüz atly gelip, biziň külümizi göge sowurar. Biz soltan Mahmyt gelýänçe şu ýerde saklanmaly-diýip, Ibn Salam esgerlerine düşündirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |