13:36 Gürgenç / 1-nji kitap -22 | |
XXII BAP
Taryhy proza
Muhammet ibn Salamyň iberen çapary Gazna ýetip baranda soltan Mahmyt öz köşgünde Biruny bilen fäläkiýet ylmyna degişli hadysalar barada gürrüň edip otyrdy. Birunynyň Gazna gelenine ençeme wagt bolan bolsa-da, soltany onuň ylmy söhbetleri irizmändi. Ilki başda aralarynda düşünişmezçilik boldumy nämemi, soltan ony tas jezalandyran eken. Beýle ýagdaýa baryp ýetilmeginiň sebäbini anyk bilýän ýok. Ýöne bu hakda şeýle bir rowaýat bar: Soltan Mahmyt Biruny bilen ilkinji duşuşygynda oňa şeýle sowal berýär: -Siz Horezmşa Abul Abbasa ýerimiziň şeklini togalak bir zat görnüşinde ýasap beripsiňiz we ýerimizi asmanda hereket edýär diýen pikiri aýdypsyňyz. Şu dogrymy? -Dogry, kyblaýy älem. Ýerimiz togalak, ol älem giňişliginde hereket edýär. -Onuň ýaly bolsa älem giňişligine ýeriň üstündäki zatlar saçylyp gitmezmi? Biruny soltanyň bu sowalyna “Allanyň eradasy bilen hiç zat saçylyp gitmeýär, butnaman durýar” diýip jogap bereninde gülala-güllük boljak ekeni. Emma ol alymlyk mertebesini saklap, ylmyň gelen netijesine görä jogap berýär: -Kyblaýy älem, ýerimiziň özüne çekiş güýji bar. Muňa ylymda ýeriň özüne çekiş kanuny diýilýär. Şu kanun esasynda üstündäki ähli zatlary ýer özüne çekip durýar. -O nähili kanun?! Kanunlary hökümdarlar çykarýar. Ýeriňem bir kanuny bolarmy?!-diýip Soltan Biruna azgyrylypdyr. -Kyblaýy älem ýeriň özüne çekiş kanuny hökümdarlaryň kanunyndan has güýçlüdir-diýip goýberenini özü-de duýman galypdyr. Birunynyň bu jogabyna dergazap bolan soltan: -Alyp çykyň ony! Minaradan aşak oklaň, ýeriň çekiş kanuny özüne çekip alsyn!-diýip buýurýar. Biruny gorkmagyň deregine ýylgyrypdyr. Muňa geň galan Soltan: -Näme ýylgyrýaň?-diýip soranynda Biruny şeýle jogap beripdir. -Kyblaýy älem, külli musulman äleminiň hökümdary, dini yslamyň daýanjy beýik Soltan Mahmyt Gaznalynyň buýrugy bilen ölsem meniň ölümim taryhy ölüm bolar. Asyrlar aşa meniň ölümim siziň mübärek adyňyz bilen bile agzalar. Munuň ýaly äleme ýaýyljak ebedi şöhrat her kime miýesser edenok. Şonuň üçin men begenjime ýylgyrdym. Birunynyň bu sözi soltany oýa çümdüripdir. “Be hakykatdan-da şeýle boljag-ow. Men oýlanman dilimden sypdyraýypdyryn bu buýrugy. Emma meniň agzymdan çykan sözüňem ýerine ýetirilmän galan wagty ýok. Indi nädip bolar” diýip, içini gepleden Soltan Biruna seredip. -Meniň-ä seni öldüresim gelenok. Ýöne men patyşa, patyşanyň agzyndan çykan buýruk ýerine ýetirilmese bolmaýar. Düzgün şeýle-diýýär. Biruny ýene ýylgyrypdyr-da: -Onuň ýaly bolsa meni minaradan oklaýsynlar-diýýär. -Oklasalar ölersiň-dä. -Eger hakykatdan-da, meni öldüresiňiz gelmeýän bolsa men ölmerin. -O nähili ölmersiň? Minaradan oklananlaryň ölmän galany ýok. -Kyblaýy älem, siz meni diňe minaradan oklamagy buýurdyňyz. Minaradan oklap, öldürüň diýmediňiz. Şonuň üçin meni buýrugyňyzy ýerine ýetirmek üçin minaradan oklasynlar. Ýöne meniň gaçjak ýerime bir harman saman üýşürsinler. Soltan Mahmyt Birunynyň ugurtapyjylygyna ten berip, gülüp goýberipdir. Ine, şu wakadan soň soltan bilen alymyň arasynda gowy gatnaşyk başlanypdyr. Horezmden çapar gelenini habar berenlerinde Biruny bilen açylyp söhbet gurup oturan Soltan Mahmydyň ýüzi agras sypata girdi. “Bu çapar näme habar getirdi-kä, eýgilikmikä?” diýen pikire gitdi. Çapar girip, dyzyna çökdi: -Aýt habaryňy!-diýip soltan sabyrsyz seslendi. -Kyblaýy älem, Hazaraspdaki goşunymyzyň serkerdesi Alp Tegin bilen Şazada Abul Harys patyşamyza garşy goşun çekip, Gürgenji gabadylar. Patyşa bizi-ýüz atlyny günbatar derwezeden çykaryp goýberdi. Hazarasp galasyna baryp, size habar etmegimizi tabşyrdy. Bu habar Soltan Mahmydyň içinde harasat turzan bolsa-da, sowukganlyk bilen sorady: -Ýüz atly diýdiňmi, ýüz atly bolup geldiňizmi? -Ýok. Üç atly bolup geldik. Galanlarymyz Hazaraspda Size garaşýarlar. Soltan Mahmyt bir tarapdan dogany bilen giýewisi üçin teşwişlense, ikinji tarapdan Horezmi basyp almak üçin bahana tapylanyna begenýärdi. Ol çapara garap; -Sizler iküç gün dem dynjyňyzy alyň. Onsoň biziň bilen Gürgenje gidersiňiz. Ol pitneçileriň jezasyny bermesek bolmaz-diýip, Soltan çapary çykaryp goýberdi. Soňra Biruna garap: -Ine, möwlana, şeýle zamana. Tagt üçin ini agasyny, ogul kakasyny çapmaga taýyn. Ýogsam, Abul Harys keseki däl, Abul Abbasyň agasy Alynyň ogly. Biruny şu pursatda bir agyz söz tapyp aýtmakdanam ejizdi. Onuň kellesinde howatyrly pikirler at salýardy. “Gaznalynyň goşunyna ýurdy depeletmejek bolup, onuň iberen atlylarynyñ öňüne düşüp gaýdany indi hiç boldy. Indi Gaznaly basdyryp barsa, gör nähili weýrançylyklar bolar.Jepakeş ýurdym Horezmin." Şeýle pikirler bilen ýüregi gyýlan Biruny soltana ýüzlendi: -Kyblaýy älem, Horezmine goşun çekip ýörmän, pitneçileri bäri aldyryp, jezalap bolmazmy? Gaznaly Birunynyň maksadyna düşündi, kellesini ýaýkap: -Möwlana, siz asman bilen, asmandaky jisimler bilen boluberiň. Ýerdäki işleri özüm oňararyn-diýdi. *** Muhammet ibn Salam Gazna iberen çaparynyň ýetip barjak wagtyny, Gaznaly goşun çekip geläýse näçe günde geljegini barmak büküp sanap, sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Çünki, Kaljy hanymyň Hazaraspda saklananyny Abul Harysyň bilip galmagyndan howatyr edýärdi. Bir aý diýende gündogar tarapda al asmana çykan tozan göründi. “Gelýär! Leşger gelýär!” diýip, içinden begenen Ibn Salamyň ýüregine bir salymdan başga howatyr aralaşdy: “Gaznala diñe pitneçileri jezalandyrmak başartmasa iki arada söweş başlanyp uly gyrgynçylygyñ boljagy ikuçsyz. Beýle ýagdaýa ýol bermezligiň ugruny tapmaly” diýen pikir kellesinde at salyp başlady.Emma näçe oýlansa-da, entek Gaznalynyň niýetini we häsiýetini bilmän munyñ ugruny tapmak mümkin däldi. Şonuñ üçin Ibn Salam soltany hormat bilen garşylamagyñ ugruna çykdy. Ol derhal öñden gepleşip goýan Hazaräspiñ kethudalaryny, ak sakgally ýaşulylaryny jemläp, goşunyñ garasy görnenden duz-çörek göterip galanyñ öñünden geçýän ýola çykdy. Uly ýoly dolduryp gelýän leşgeriň yzy görnenokdy. Öňdäki hataryň ortasynda gelýän kellesi tylla jygaly bolsa-da, egni ýönekeý gök ýuka donly soltan Mahmyt biraz ýadow görneni üçinmi o diýen gazaply adama meňzemeýärdi. Ýek-tük ak aralaşan tegelek gara sakgaly, gytygrak murty güne birneme ýanan garameňiz ýüzüne gelişmänem duranokdy. Golaýlap gelen soltanyň bu sypatyny synlan Ibn Salamyň göwnünde gowulyga umyt döredi. Ol bu adamy uly gandöküşüklik etmän, adalaty dikeltmegiň başga ýoluna yryp bolar diýip ynanasy geldi. Soltan Mahmyt uly ýoluň üstünde sap bolup duran elleri saçakly adamlaryň öňüne gelip, atynyň başyny çekdi. Salam berip, atdan düşdi: -Biz soltan bolsagam duzdan uly däldiris-diýip, ýaşulylaryň biriniň elindäki saçakdan çörek alyp duz datdy. Ýaşulylar: -Hoş geldiňiz Horezmine beýik soltan!-diýip deň seslendiler. -Hoş geldiňiz diýseňizem, biziň gelenimizi içiňizden hoş görüp durmandygyňyzy bilýän. Ýöne bizi bu ýere gelmäge mejbur eden ýagdaýy-da bilýän bolsañyz gerek-diýip, soltan Mahmyt öňünde duranlara synçy nazaryny dikdi. Ýaşulylaryň biri: -Ony-da bilýäs-diýdi.-Biz Siziň ýurdumyza gelmegiňizi adalaty dikeltmek, parahatçylygy berkarar etmek, galyberse-de iküç pitneçiniň jezasyny bermek üçin diýip düşünýäris, beýik Soltan! Soltan Mahmyt kellesini atyp, kinaýaly ýylgyrdy. Ak sakgally gojalaryň hatarynda duran gara gytyk sakgally Ibn Salama ünsli seredip: -Gürgençden gaçyp gaýdan ýüz atlynyň serkerdesi siz dälmi?-diýdi. Ol “gaçyp” diýen sözi bilgeşleýin aýtdy. -Men şol, kyblaýy älem. Ýöne biz gaçyp çykmadyk. Patyşamyz buýurmadyk bolsa, galyp pitneçiler bilen söweşerdik. -Ýeri bolýa. Patyşaňyzdan habaryňyz barmy? -Ony Size Kaljy hanym aýdar, Kyblaýy älem. -Kaljy şu ýerdemi?-diýip, Soltan howlugyp sorady. -Şu ýerde, sag-salamat, kyblaýy älem. Sizem şu gün Hazaraspda düşleseňiz Kaljy hanym bilen arkaýyn gürleşerdiňiz. Menem sizi käbir zatlardan habarly ederdim-diýip, Ibn Salam haýyş äheňinde aýtdy. Soltan Mahmyt doganynyň şu ýerdeligini eşidip, begenjine Ibn Salamyň teklibine razy boldy. Ol goşunyna galanyň daşynda goş ýazdyrmaga buýruk berip, özi wezir-wekilleri bilen gala sowuldy. Galanyň derwezesiniň öňünde Kaljy hanym kenizleri bilen bile agasyny garşy aldy. Soltan egilip tagzym edip duran doganynyň başyny galdyryp, maňlaýyndan ogşady. Saglygyny sorap, içeri ýöneldi. Kaljy agasynyň Abul Abbasy soramanyny bir hili gördi. Soltan bolsa doganynyň ýeke özüniň şu ýerdeligini eşideninden Abul Abbasyň aýatda diri däldigini aňypdy. Şonuň üçin içerde ähli bolan zatlary jikme-jigine ýetip soramakçydy. Ibn Salam Soltany ýörite taýýarlap goýan jaýyna ýerleşdirdi. Onuň wezir-wekilleri üçinem gowy dynç alar ýaly şertler döredildi. Soltan Mahmyt bolan wakalary bilmäge howlugyp, çaý-suwdan-da öň Kaljy hanymy çagyrtdy: -Kaljy, bolan zatlaryň ählisini maňa bir ujundan gürrüň ber-diýip, Soltan doganyny garşysynda oturtdy. Kaljy hanym agasyna Abul Harys bilen bolan gürrüňi aýdyp berdi. Kaljy Abul Harysyñ oña özüne durmuşa çykmagy teklip edeninini aýdanynda, Soltan Mahmyt onuñ Abul Abbasy öldürip, aýalyna-da göz dikenine biçak gazaplandy. Ol “Men seniň bu etmişleriňi gözüňe görkezerin” diýip hüňňürdedi. Soňra Kalja: -Şeýdip sen ondan gutulmak üçin parahatçylygy wada berdiňmi ýa-da çynyň bilen oňa degmezlige meni yrjakmydyň?-diýip synçy nazaryny dikdi. Kaljy aşak bakdy: -Men gan döküşüklik bolmazlygy üçin...-diýip sägindi. -Düşnükli. Muhammet Salam seni Gazna ibermän dogry edipdir. Ýogsam sen gör nähili ýalan deliller bilen meni aldap, bäri goşun çekdirmejek ekeniň. Sen äriňi öldüren, parahat durmuşyňyzy bozan adama näme üçin beýle ýagşylyk etjek bolýaň? Sebäbini aýt!-diýip Soltan azm urdy. -Men ýagşylygy oňa däl, halka, söweşijilere etjek boldum. Uruş bolsa gör näçe adam gyrlar ahyr, aga - diýip Kaljy agasyna naýynjar bakdy. -Ha-ha! Görseňiz-le, meniň nähili ýüregi ýuka, rehimdar doganym bar-diýip, Soltan ýañsyly gürledi.- Sen näme, uruşsyz, jeňsiz maksada ýetip bolmaýanyny bileňokmy? Bar, çyk! Aýal başyň bilen syýasata goşuljak bolma!-diýip, Soltan Kaljy hanymy çykaryp goýberdi. Gaznalynyň Kaljy hanym bilen gürrüñiniň gutarmagyna garaşyp duran Muhammet Salam oňa hezzet baryny edip başlady. Soltan naharlanyp bolanyndan soň Ibn Salamy çagyrdy: -Adyňy Muhammet, Muhammet Salam diýdiňmi? -Hawa, Kyblaýy älem. Adym Muhammet. -Abul Abbasyň köşgünde näme işdediň? -Men köşkde däl “Beýtil hikmede”möwlana Biruny bilen bile işleýärdim. “Beýtil hikme” ýapylansoň patşamyz meni özüne ýakyn tutup, köşkde hyzmatda bolmagymy isledi. -Alym men diýsene. Tüýs bize gerek adam ekeniň. Bu hakda soň gürleşeris. Häzir sen maňa dogryňy aýt. Näme üçin Kaljyny Gazna ibermän, bu ýerde sakladyň? -Kyblaýy älem, Kaljy hanym Gazna barsa, onuñ ýalan sözläp, Abul Harysy aklamak niýetiniň bardygyny bildim. Sizden hakykaty ýaşyrmakçy bolany üçin sakladym. Sizi aldawa salmasyn diýdim. Onsoňam Abul Harys bilen eden gürrüňiniň soňunda oňa aýdan bir gepini halamadym. Şuňa garanda onuň aladasy diňe urşuň öňüni almak däl ýaly-diýdi Muhammet Salam. -Onda nämäniň aladasyny edýär? Dogurlap aýt, näme gep ol seniň halamadygyň?-diýip, Gaznaly söhbedeşine ýiti nazaryny dikdi. Ibn Salam Kaljynyň ol gepi agasyna aýdyp bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin soltanyň bu gepi-de bilip goýmagyny kem görmedi. -Kyblaýy älem, Kaljy hanym size Abul Harysyñ özüne durmuşa çykmagy teklip edenini aýdandyr. Emma özüniñ oña aýdan sözüni aýtmaga çekinendir. Maňa gürrüň bereninde dilinden sypanyny özi-de duýman galdy öýdýän. Ol Abul Harysa "Eger mende göwnüňiz bolsa, parahatçylyk gazanylandan soň sawçy iberäýiň” diýipdir. Gaznalynyň ýüzi dym gyzyl boldy, dodaklary titredi: -Arman doganym bolýa-da! Ýogsam, diňe meni aldamakçy bolany üçinem kellesini almaly. Gör, ony "Gan döküşüklik bolmazlygy üçin”diýip, beýlesinde är islegi-de bar ekeni-dä, haram ganjyk! Ibn Salam Gaznalynyň biraz köşeşmegine garaşyp, soň ýüzlendi: -Kyblaýy älem, Kaljy hanymyň gan dökülmezligini isleýäni çynydyr. Hemmämiziň hem islegimiz şu. Bir ugruny tapyp, pitneçileri ele salyp bolsa... -Seniň näme diýjegiňi bilýän. Uruşsyz, jeňsiz olary nädip ele saljak?!-diýip, Soltan Ibn Salamyň sözüni böldi. -Kyblaýy älem, Iskender Zulkarnaýn jeňsiz-jedelsiz Çyn-Maçyny boýun egdiripdir. Sizem ugruny tapsañyz... -Taryhda beýle gürrüň ýok! Sen nirden tapdyň ony?-diýip, Gaznaly söhbetdeşiniň sözüni ýene böldi. -Dogry, taryhda ýok. Ýöne bu hakda gadymy çeşmelerde bar, Kyblaýy älem. -Ýeri, nädip boýun egdiripdir Çyn-Maçyny? Bilýän bolsaň aýt. Ibn Salam Bagdatda «Islamyýa» medresesiniň kitaphanasynda «Gadymy rowaýatlar» diýen kitapda okan hekaýatyny gürrüň berdi: -Iskender Zulkarnaýn agyr goşun bilen Çyn-Maçynyň serhedine gelip, goş taşlapdyr. Çyn-Maçynyyň hakany ýaşy bir çene baran moýsepid adam eken. Ol köşgünde wezir-wekilleri bilen maslahat geçirip oturan wagty Iskenderiň çapary barypdyr. Çapar Iskenderiň berip goýberen namasyny edep bilen iki elläp (tabşyryk şeýle bolmaly) hakana gowşurypdyr. Ol namany kätibine berip, sesli okamagy buýrupdyr. Kätip okap başlaýar: «Beýik Çyn-Maçyn ýurdunyň beýik hakany Kahy-Şin hezretlerine mälim bolsun kim, biz Iskender Zulkarnaý siziň döwletiňiziň şerhedine gelip, ondan geçmäge het edip bilmän saklandyk. Maksadymyz siziň mübärek didaryňyzy görmek we geljekki işlerime atam hökmünde ak pata bermegiňizi haýyş etmekdir. Eger serhediňizden geçmäge rugsat etseňiz...» Hatyň şu ýerine gelende hakan «Besdir! Dowamyny okamak gerek däl» diýipdir. Hatyň düýp manysyna düşünmedikler: «O-ho! Biziň beýik hakanymyzdan Iskender Zulkarnaý ak pata almaga gelipdir. Görüň, hakanymyzyň at-abraýy dünýäde nähili belent ekeni» diýşip, heşelle kakyşypdyrlar. Hakan: -Bes ediň, nadanlar: Onuň maksadyna düşünmediňizmi?! Derrew kyrk at taýýarlaň. Onuň alnyna özümiz baraly. Serhetden geçse, näme boljagyny bileňizokmy-diýip adamlaryna azgyrylypdyr. Kahy-Şiniň kyrk atly bolup, gelýänini gören Iskender onuň öňünden çykyp, atdan gujaklap düşüripdir. Gözýetime çenli uzap giden meýdany tutup ýatan leşgeri gören hakanyň adamlary nämäniň nämedigine şundan soň düşünipdirler. Iskender hakany adamlary bilen bile çadyryna eltip, hezzet-hormat edipdir. Oturlyşygyň soňunda hakan Isgendere ýüzlenip: -Oglum Iskender, siziň biz taraplara gelmekden maksadyňyz diňe biziň bilen didarlaşyp, bizden ak pata almakmy ýa-da başga maksadam barmy?-diýip sorapdyr. -Başga-da bir maksat bar, atam-diýip, Isgender ýylgyrypdyr.-Ony size aýtsam, asmanda Hudaý bir, Erde-de hökümdar bir bolmaly. Men dünýäniň ýaryny aldym. Şu alan ýurtlarymy size tabşyrsam, olary-da Çyn-Maçyna goşup, hemmesine özüňiz hökümdarlyk etseñiz, ýa-da... -Ýa-dasyny aýtmasaňam düşündim, oglum. Hemmesine özüň hökümdarlyk ediber. Getir şertnamalaryňy, gol çekip bereýin - diýmekden başga hakanyñ alajy galmandyr. Öňden taýýarlap goýlan şertnamalary hakanyň öňüne goýupdyrlar. Hakan olara gol çekip, möhür basypdyr. Şeýdip Çyn-Maçyn hem Isgenderiň tabynlygyna geçipdir. Muhammet Salam hekaýaty soňlap, soltana ýüzlendi: -Kyblaýy älem, görüşiňiz ýaly, bir dana tedbir bilen tutuş ýurdy-da ele salyp bolýan eken. Size-de «Isgenderi zaman» diýýärler. Uruşsyz, jeňsiz pitneçileriň jezasyny berseňiz. Siziňem bu işiňiz rowaýata öwrülip, adyňyz asyrlar aşa dillerde dessan bolardy. Gaznaly kellesini ýaýkap, kinaýaly ýylgyrdy: -Muhammet, sen bu hekaýaty haýsy çeşmeden alan bolsaňam, ol bir toslanan rowaýat. Hakykatda bolsa Iskender hem hiç bir ýurdy uruşsyz, jeňsiz gan dökmän almandyr. Ibn Salam soltanyň bu sözünden soň onuň maksady diňe bir pitneçileri jezalandyrmak däl-de, ýurdy doly basyp almakdygyna düşündi. Düşünse-de onuň taryna kakyp görmek üçin aýlawly söz taşlady. -Kyblaýy älem, Abul Harys tagtdan düşürilse, Horezmin hem siziň tabynlygyňyza geçer ahyryn. -Hä, elbetde-diýip, soltan maksadyny açyk aýtdy. -Ýöne uruşsyz Abul Harysy nädip tagtdan düşürjek? Ibn Salam Gaznalynyň goşuny Gürgenje girse şäherde weýrançylyk boljagyny, gan döküljegini göz öňüne getirip, ýurdy barybir bermeli bolsa, uruşsyz berleni ýagşy diýen pikir bilen: -Kyblaýy älem, ilki Abul Harysa ilçi iberip, şert goýulsa, eger şerte razy bolmasa, goşunynyň derbi-dagyn ediljekdigi, özüniňem erbet jeza sezewar boljakdygy ýaňzydylsa bolmazmy?-diýip soltana ýüzlendi. -Bolýan bolsa, özüň git-de, Abul Harys bilen Alp Tegini getirip, meniň öňümde dyza çöker, hany göreli! Gahar gatyşykly aýdylan bu söze Muhammet Salamyň ýüzi üýtgäp gitdi: -Kyblaýy älem, ilçi edip öz adamlaryňyzdan iberseňiz has ygtybarly bolar-diýip, Muhammet Salam ýaýdanybyrak aýtdy. -Men seni entek özüme maslahatçy edinemok-diýip, Soltan has gaharlanyp aýtdy.- Onsoňam öz adamlarymy ol jellatlaryň eline bermegi islämok. Şonuň üçin özüň git. Sen olaryň öz ildeşi. Sen gelýänçäň men sabyr edeýin. Jeňsiz, uruşsyz iş bitse, meniň üçinem ýagşy. Ýöne men olaryň toba edip, biziň öňümizde dyza çökjegine ynanamok. Indi Muhammet Salamyň özi gitmese başga alajy ýokdy. Gaznaly oňa özi bilen Gürgençden gaýdan atlylaryndan on atly berip, ugradyp goýberdi. *** Soltan Muhammet Salamy Gürgenje ugradanyndan soň dogany Kaljyny huzuryna çagyrtdy. Kaljy agasynyň huzuryna gelýärkä, bu çakylygyň gowulyga däldigini syzyp, dowla düşdi. Ol gapydan giren ýerinde tagzym edip, gol gowşuryp durdy. Soltan oňa oturam diýmedi. Soltan içinde gaýnaýan gazabyny basjak bolup, bir salym dymdy. Soňra ony duran ýerinde soraga tutdy. -Kaljy, Abul Harys diýýänleri nähili adam? -Onuň nähili adamdygyny men näbileýin, agam. -Özüňiñ aýtmagyňa görä sen onuň bilen ýüzbe-ýüz durup, gürleşipsiň, şundan soň nähili netijä geldiň? Bir gören adamyň hakynda näme-de bolsa bir pikir döreýär ahyryn. -Ýüz-keşbine garanda ýaman adama meňzemeýär-diýip, Kaljy aşak bakdy. -Şeýlemi?! Ýüz-keşbi gowymy, owadan ýigitmi? Sen bir göreniňden aşyk bolaýdyňmy oňa?! Kaljy Ibn Salamyň sawçyly gürrüňi agasyna aýdanyny duýdy. Oňa bu gepi dilinden sypdyranyna puşman etdi. -Men gan dökülmesin, parahatçylyk bolsun diýip... -Sem bol! Saňa parahatçylyk däl, är gerek ekeni! Nähili bihaýalyk! Nähili biwepalyk! Göz açyp gören ýassykdaşyny öldüren adamyň goýnuna girmäge taýyn aýala kim diýip bolýar?! Çyk! Gümüňi çek! Kaljy sandyrap çykyp gitdi. Ol agasynyñ rehimsizdigini bilýärdi. Özüne nähili jeza beriljegini bilmän gije-gündiz içini it ýyrtyp ýördi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |