13:38 Gürgenç / 1-nji kitap -23 | |
XXIII BAP
Taryhy proza
Hazaraspdan Gürgenje çenli aralyk atlary haýdap sürende üç günlik ýoldy. Muhammet ibn Salam özüniň üç günden soň näme boljagyny bilmäni üçin atlary gyssaman öz maýdalyna sürüp, dört günde Gürgenje gelip ýetdi. Ol Abul Harys bilen duşuşanynda özüniň we ýoldaşlarynyň janyny aman saklamak üçin birazrak ýalan sözlemelidi. Ol ýolboýy aýtjak sözlerini oýlanyp, taýýarlanyp gelýärdi. «Alla dili-zyban berse alyp çykaryn» diýip, ýüregindäki howsalany ýatyrjak bolýardy. Ol ýoldaşlary bilen gün öýläne agan çagy Gürgenjiň Hazarasp derwezesinden girdi. Şähere gelen-gidene gözegçilik edýän sakçylara «Biz patyşanyň Hazaraspda bir ýumuş bilen galan serbazlary» diýenlerinden soň olary geçirip goýberdiler. Emma köşgüň goragynda duranlara dogrusyny aýtmalydy. Abul Harysa on atly bilen Muhammet ibn Salam diýen adam Gaznalydan ilçi bolup gelenini aýdanlarynda ol sag gapdalynda oturan Alp Tegine ýalta garady-da: -«Gurt agzasaň gurt geler» diýenleri bolaýdy gerek. Ýaňyrak onuň gürrüňini edipdik. Indi ony nätmeli?-diýip sorady. -Nätmelisi belli, Aly Hezret, dönükleri diňe ölüme buýrmaly. Ony kabul edibem oturmaly däl-diýip, Alp Tegin öz gepini özi makullap, kellesini atdy. -«Ilçä ölüm ýok» diýen düzgünem bar-a. -Aly hezret, eger ilçi başga ýurduň adamy bolsa oňa ölüm ýok. Muhammet Salam Gaznalynyň raýaty däl, öz ýurdymyzyň adamy. Şeýle bolansoň öz ýurduna dönüklik edeni üçin kellesini kesip, özi bilen gelenlerden Gaznala berip goýberäýmeli. Abul Harys geplemän, bir salym oýa çümdi. Soňra: -Ýok, beýtsek bolmaz. Biz ondan peýdalanmaly. Çagyryň, gelsin!-diýdi. Alp Tegin Abul Harysyň sözüne geň galyp, «ondan nädip peýdalanjakka» diýip, içini gepletdi-de, garşy söz aýdyp bilmedi. Muhammet Salam köşgüň tagt eýwanyna gireninde Abul Abbasyň tagtynda oturan Abul Harysa, onuň iki tarapyndaky dik duran emeldarlaryna gözi düşüp, ini tikenekläp gitdi. Ol patyşalara edilýän tagzymy berjaý etdi. -Marhabo, köne dostum! Men sizi ýitirip, tapman ýördüm. Gör, siz nirelerde ekeniňiz-diýip, Abul Harys kinaýaly äheňde sözledi. Muhammet Salam onuň kinaýasyny duýmadyk kişi bolup: -Siziň bilen ýene-de didar görüşmek nesibede bar eken, şazadam-diýdi. -Sen nä meniň patyşalygymy ykrar etmejek bolýaňmy?-diýip, Abul Harys «Sizden» «Sene» geçdi. Ibn Salam ýalňyşanyny duýup. -Bagyşlaň, aly hezret... öň öwrenişen dil-diýdi. -Bujagaz ýalňyşy bagyşlap bolar. Ýöne seniň bagyşlap bolmaýan ýalňyşyň bar-a. -Aly hezret, aýtsaňyz, nämede ýalňyşan bolsam, düzedeýin. -Ony indi düzedip bolmaýar. Oňa derek Gaznalynyň gullugyna haçan we nädip geçeniňi aýdyp ber. -Aly hezret, men Gaznalynyň gullugyna geçemok. Ýöne onuň ilçi bolup gitmek hakyndaky teklibine watanymyzyň topragynda gan döküşlik bolmazlygyny islänim üçin razy boldum. -Menem şony islänim üçin Kaljy hanymy Gazna iberipdim. Emma sen ony Hazaraspda saklap, Gazna geçirmänsiň. Eger sen aýdyşyň ýaly watanymyzda gan dökülmezligini isleýän bolsaň, beýle etmezdiň, özüňem ýurtda bolan döwlet özgerişini Gaznala habar bermezdiň. Seniň bu eden işiňe dönüklik diýilýär. Dönügiň jezasy bolsa ölümdir! Muhammet Salamyň üstünden sowuk suw guýulan ýaly boldy. Ol Kaljy hanymyň goragyndaky nökerleriň biri gaçyp gelip, ähli zady habar berendigini aňdy. Indi onuň takdyryna ten bermekden özge çäresi ýokdy: -Aly hezret, meni dönük hasap edýän bolsaňyz, jezaňyzy beriberiň. Ýöne watanymyzda gan dökülmezligi üçin Gaznaly bilen ylalaşyga geliň. Men muny ölümimiň öň ýanynda halkymyzyň parahatçylygy üçin aýdýan. Abul Harys Muhammet Salama synçy nazar bilen seredip, bir salym dymyp durdy. Soňra: -Men seni öldürmäýin. Saňa rehimim geleni üçin däl. Parahatçylyk üçin. Eger häzir men seniň kelläňi kesip , Gaznala ibersem, uruş yglan etdigimiz bolar. Parahatçylygy saklajak bolsak onuň şertlerine boýun bolmaly bolar. Hany, aýt, ilçi hökmünde Gaznalydan näme teklip bilen geldiň, onuň şerti näme? -Ol: «Şazada we goşunynyň serkerdesi Alp Tegin günälerini boýun alyp, huzuryma gelsinler. Gorkmasynlar, egilen başy gylyç kesmez. Şertlerimi olara özüm aýdaryn» diýdi. Häliden içini it ýrtyp duran Alp Tegin saklanyp bilmedi: -Eý, ilçisumak, biz seniň yzyňa düşüp, onuň huzuryna barsak, ol bize hiç zat aýtmaz, jelladyna aýdar! Muny seniň özüňem gowy bilýäň. -Ol «Egilen başy gylyç kesmez» diýdi. Soltanyň agzyndan çykan söze Alla şaýat. Alp Tegin ýene bir zat diýmekçi bolup çemelenende Abul Harys bir elini galdyryp, «Besdir» diýen yşaraty etdi-de, özi sözledi: -Onuň ýaly bolsa, jenap Ibn Salam, biz soltanyň huzuryna boş barsak bolmaz. Bir gatyra ýük bolar ýaly altyn-kümüş bilen sowgat-serpaýly barsak ylalaşyga gelmegimiz has aňsat bolar. Emma häzir hazynada onçakly zat ýok. Ýöne Gürgenç baý şäher. Bir hepdede sowgadymyzy jemläp bilsek, soltanyň huzuryna bararys. -Şeýle sowgat-engamlar bilen barsaňyz onuň agramyny soltanyň gahary göterip bilmän ýatar - diýip, Idn Salam Abyl Harysy yryp bilenine begenip aytdy. -Gahary altyn-kümüş bilen ýatýan bolsa tapyp elteris. Meniň ýene bir zady bilesim gelýä. Kaljy hanym agasyna meniň bilen eden gürrüňini aýtdymyka? -Aýdypdyr, sawçyly gepi hem aýdypdyr. Şu gepi üçin soltan Kaljy hanyma ýaman darapdyr. Ol: «Men bu gepi ondan gutulmak üçin aýtdym» diýip, başyny zordan gutarypdyr. Abul Harysyň ýüzi üýtgäp gitdi. Kaljy hanym bilen aralaryndaky gürrüň soltanyň gazabyny beter gozganyny aňdy. «Ol bizi ylalaşyk üçin däl, başymyzy kesmek üçin çagyrýar. Muny bilmesek akmak boldugymyz» diýip, içini gepleden Abul Harys: -Jenap Ibn Salam, size rugsat. Meniň sözlerimi soltana ýetiriň-diýdi. Muhammet Ibn Salam janynyň aman galanyna Hudaýa şükür edip, Abul Harysa başyny egip, yzyna tesip çykdy. Ibn Salam bile gelen ýoldaşlary bilen sag-salamat yzyna gaýdyp barýarka ýolboýy Abul Harysyň özüni alyp barşyny aňynda gaýtalap, seljerýärdi. Başda haýbat atyp, soňunda gowşanynyň sebäbini düşünjek bolýardy. Ol Abul Harysyň, Alp Teginiň günälerini boýun alyp, Gaznalynyň huzuryna barjakdyklaryna şübhelenýärdi. Onuň şübhesi esassyz däldi. Ol Abyl Harysyň huzuryndan çykyp gaýdanyndan ol ýerde maslahat başlandy. Ibn Salam bilen bolan gürrüňde ýaş patyşanyň özüni alyp barşyny synlap oturan köşk emeldarlary soňunda onuň maksadyna düşündiler. -Biz Gaznalynyň ilçisini yzyna gaýtaryp iberip, bir hepde wagt utduk. Goý, ol garaşsyn. Onýança jeňe has gowy taýýarlanarys-diýip, söz başlan Abul Harys Alp Tegine ýüzlendi: -Goşuna ýene näçe esger goşup bolýar? -bäş müň töweregi, Aly hezret. -Şonuň bilen goşunymyz elli müň esgerden hem geçýär. Alla medet berse Gaznalynyň yzyna it salyp kowarys-diýip, Abul Harys oturanlara göz aýlady. Köpçülik onuň sözüni makullap, «enşalla!» diýşip, şowhunly seslendiler. Olaryň arasynda oturan ýaşy bir çene baran Kazy-kelan söz sorady: -Aly hezret, ýüregiňizdäki ýaşlyk joşguny sizi açyk meýdandaky söweşe ündäp dur. Emma Gaznalynyň leşgerleri ençeme ýurtlary basyp alan, uruş tälimini gowy özleşdiren goşundyr. Ony açyk meýdandaky jeňde ýeňmek entek hiç kime başardanok... -Siz näme diýjek bolýaňyz, hormatly kazy-kelan? Boýun egip, Gaznalynyň huzuryna baryň diýjek bolýaňyzmy?-diýip, Abul Harys onuň sözüni böldi. -Ýok, eýle diýjek bolamok. «Egilen başy gylyç kesmez» diýenem bolsa, onuň huzuryna barmak howplydyr. -Onda näme maslahat berýäňiz. -Meniň maslahatym: söweş däl-de, goranmak. Gürgenjiň galasy beýik we berk. Gaznaly gelip şäheri gabar, emma näçe wagt ýatsa-da alyp bilmez. Esgerlerimiz bolsa galanyň üstünde ok-ýaý bilen golaý gelenini ýer garbadar durarlar. -Möhterem kazy-kelan, Horezmin diňe Gürgenç şäherinden ybarat bolan bolsa, siziň teklibiňize «Hä» diýse bolardy. Horezmin diňe Gürgenç däl ahyryn. Biz şunça goşun bilen galada bukulup otursak, duşmanyň leşgeri diňe Gürgenji gabap ýatmaz. Bir bölegi gidip, obalarymyzy çapar, ilaty juldan çykarar. Biz diňe özümizi däl, halkymyzy goramaly. Şonuň üçin goşuny göni Hazaraspa sürmeli, duşmany ýatan ýerinde basmaly-diýip, Abul Harys birneme gyzyp gepledi. Patyşanyň kesgitläp aýdan bu sözünden soň hiç kim öz pikirini bildirmäge milt etmedi. Abul Harys goşuny ýene-de güýçlendirmek, azyk, ýarag ýetmezçiligi bolsa üstüni doldurmak boýunça emeldarlaryň herisine bir iş tabşyrdy. Soňunda: -Häzirden başlap hemmämiziň işimiz diňe şu bolmaly. Biziň ýene bir hepde wagtymyz bar. Gaty tijenmeli-diýdi. Hiç kimden seda çykmanyndan soň, ýene kazy-kelan oturan ýerinden gep oklady: -Aly hezret, bir hepde däl, dört-bäş gün wagtyňyz bar. Ibn Salam siziň aýdyp goýberen sözüňizi aýdaram, ýöne Gaznaly ynanmaz. Ol köpi gören mekir adam bolmaly. «Wagtdan utjak bolýandyr» diýer. -Ýaşuly!-diýip Abul Harys ajy ýylgyrdy.-Altyn-kümüş diýeni ýaman zat. Onuň jadylaýjy güýji bar. Ol her niçik akylly adamyñam aklyny elinden alýar. Ondanam ýaman zat nebis. Gaznaly hem perişde däl, adam. Adamda bolsa nebis diýen zat bar. Biz oňa bir gatyr altyn-kümüş wada etdik ahyryn. Garaşar, garaşasy gelmese-de, nebsi garaşdyrar. Emeldarlar patyşanyň ýaş bolmagyna garamazdan danyşmentler ýaly gep urşyna ten berdiler. Maslahat uzaga çekmän gutardy, adamlar dargaşdy. Baş serkerde Alp Tegin, serkerdeler Humar Taş, Saýýat Tegin dagy patyşanyň huzurynda galyp, jeňi nähili tertipde, nähili usulda alyp barmak hakynda pikir alyşdylar. -Aly hezret, biziň goşunymyz hem Gaznalynyň goşunyna san taýdan deňleşip bardy. Başa-baş garpyşanda biziň urşyjylarymyzyň rüstem geljegine ynanýan, ýöne...-diýip Alp Tegin sägindi. Abul Harys: -Näme ýöne? Aýdyberiň-diýdi. Alp Tegin: -Gaznalynyň bäş ýüze golaý jeňçi pilleri bolmaly. Pilleri leşgeriň öňünden sürseler nähili bolarka diýip oýlanýan-diýdi. Entek jeň görmedik Abul Harys ýaýdanyp, Humar Taş bilen Saýýat Tegine garady. Olar patyşanyň özlerine nazar aýlamagynyň «Siziň pikiriňiz nähili?» diýen manysyny aňdylar. Ilki Humar Taş pikirini aýtdy: -Aly hezret, duşmanyň bu usuly uly gorkuly zat däl. Biz esasy hüjümi garşydan däl-de, iki ýan tarapdan etmeli. Göz üçin on müň esgeri pilleriň garşysyna goýup, ýigrimi müňden iki ýan tarapa leşger taşlamaly. Piller hüjüme geçende on müňler yza çekinerler, ýigrim müňler iki ýan tarapdan duşmana dararlar. Piller iki ýan tarapa öwrülip hem ýetişmezler. Bu pikire Abul Harysyň ýüzi açyldy «Alp Teginiň baş serkerdeligi biderek ekeni» diýip serinden geçirdi. Soňra Saýýat Tegin täsin bir pikir aýtdy. -Aly hezret, piller otdan öler ýaly gorkýarlar. Bizem bäş-alty ýüz öküziň şahyna çom baglap, ot berip öňe sürsek, piller yzyna öwrülip, öz esgerlerini ýenjip gaçarlar. -Aly hezret, ikisiniň pikiri-de dogry. Meniň özümem şu usullary ýüregime düwüp goýupdym-diýip, Alp Tegin başyny atdy. -Ýüregiňize düwen bolsaňyz, öňürti aýdaýmadyňyz-a-diýip Abul Harys ajy ýylgyrdy. Gürrüňleriniň soňunda Alp Tegin bir eýýäm ýadyndan çykan, şu mahal niçikdir hakydasyna gelen wezir Suhaýlyny Abul Harysyň ýadyna saldy: -Aly hezret, ol indi siziň hökümiňize garaşyp ýatandyr-diýip, Hazaraspda Abul Harysyň «Ölüme diňe patyşalar höküm edip bilýär» diýenini ýatlatmakçy boldy. -Näme diýmekçi bolýaňyz? «Siz patyşa bolduňyz, indi ony ölüme höküm ediň» diýjek bolýaňyzmy?-diýip, Abul Harys Alp Tegine ýeserlik bilen garady. -Aly hezret, duşmandan näçe ir dynsaňyz, şonça gowy. -Dogry aýdýaňyz, duşman zeper ýetirmezden öň ondan dynan ýagşy. Ýöne Suhaýly bize duşmanmy? Ol bize näme duşmançylyk etdi? -Aly hezret, onuň duşmançylygy Hazaraspda belli bold-a. -Men şonda Hazaraspa onuň näme maksatda gelenine gowy düşünmändirin. Goragçylara aýdyň, häzir ony meniň huzuryma getirsinler. Gepleşip göreli. Ol dana adam.Belki, häzirki dartgynly ýagdaýda peýdasy deger-diýip, Abul Harys Alp Tegine buýruk beriji äheňde aýtdy. Biraz wagtdan soň Hazaraspdan gorag astynda getirlip, köşgüň arkasyndaky jaýlaryň birinde tussaglykda saklanýan Suhaýlyny getirdiler. Ol gussa basan ullakan goýun gözlerini Abul Harysa dikip, giren ýerinde aýak çekdi. Ne salam berdi, ne tagzym etdi. Abul Harys hem ondan bir söze garaşýan ýaly, oňa dikilip dymdy. Ondan seda çykmanyndan soň: -Salawmaleýkim, jenap Suhaýly!-diýdi. -Waleýkim essalam şazada!-diýip, Suhaýly kellesini çala egdi. -Siz näme, şazada diýen bolup, meniň şadygymy ykrar etmejek bolýaňyzmy?-diýip, Abul Harys gatyrganyp aýtdy. Suhaýly onuň soragyna jogap bermän, gepi başga ýana sowdy: -Menden näme isleýäňiz? -Size ýene bir sorag bereýin, ony-da jogapsyz galdyrsaňyz, gürrüňimiz şunyň bilen gutarar. Suhaýly bu sözüň manysyna şo bada düşündi. «Sen meniň birinji soragymy jogapsyz galdyrdyň, bu sowalyma-da jogap bermeseň, gürrüňi däl, seni bu dünýäniň azabyndan gutararyn» diýen manyny aňdy. Ol: -Jogap berip bolýan sorag bolsa bererin, bolmasa siz berersiňiz meni jellada-diýdi. Abul Harys bu adamyň mertligine ten berip, gözlerini bir salym onuň göreçlerinde saklady. Soňra: -Sowalym şeýle: Siz weziri agzam hökmünde Abul Abbasa gulluk etdiňizmi ýa-da Horezmin döwletine? -Abul Abbas Horezmin döwletiniň kanuny patyşasydy. Men oňa gulluk etmegi Horezmin döwletine gulluk etmek diýip düşünýärdim. -Diýmek, täze patyşa gulluk etseňiz hem Horezmin döwletine gulluk etdigiňiz bolýar. Şeýle dälmi? -Bir zada ýa birine gulluk etmek üçin oňa ygtykadyň bolmaly. Indi meniň Alladan özgä ygtykadym galmady. Abul Harys bu adamy özüne gulluk etdirip bilmejegine gözi ýetip, gahary geldi: -Diňe Alladan özgä ygtykadyňyz bolmasa, men sizi Allanyň huzuryna ibereýin. Alyp çykyň!-diýdi. Başyny dik tutup duran Suhaýlyny alyp çykyp barýarkalar ol yzyna gyňrylyp: -Şazada, hiç bir jenaýat jezasyz galmaýar, şony bil!-diýdi. Suhaýlynyň bu sözi Abul Harysyň ýüregine atylan demirden däl-de, howpdan ýasalan ok bolup girdi. Alp Tegin bolsa Suhaýlynyň ölüme buýurylmagy bilen maksadyna ýetipdi. Ol Suhaýlynyň danalygy, öňden görüjiligi üçin patyşa ony özüne geňeşdar ýa-da baş wezir edip alaýmasa ýagşy diýip howatyr edýärdi. Eger şeýle bolaýsa ol patyşalykda üçünji derejeli adam bolup galardy. Bu günki bolup geçen dartgynly wakalar Abul Harysy biraz ýadadypdy. Ol Alp Tegine jogap berip goýberdi, özü-de aram alýan jaýyna gitdi. Emma öňde aldym-berdimli söweş durka arkaýyn ýatyp, dynç alyp bolýamy. Onuň kellesinde dürli pikirler at salýardy. Bolsa-da, Suhaýlynyň ýaňy aýdyp giden sözi oňa erbet täsir edipdi. «Meniň eden işim jenaýatmy näme?. Men näme etsem ýurdumyň garaşsyzlygy üçin etdim ahyryn» diýip, içini gepledýärdi. *** Jeňde ýesir düşen Abul Harysy getirip öň özi oturan tagtyň öňünde dyza çökerdiler. -Abul Harys, maňa seret! - diýen sese kellesini galdyryp seretse tagtda özüne ýaňsyly nazar bilen seredip oturan Mahmyt Gaznalyny gördi. - Görýäňmi, düýn seniň oturan tagtyňda bu gün men otyryn, ertir ýene biri oturar. Täji-tagt diýlýän zadyň hiç kime wepasy ýokdur. Sen şu biwepa tagt üçin öz pederiňiň inisini öldürdiň, aýalyna göz dikdiň. Bu eden günä işiňiň jezasyny çekmeli bolarsyň. -Men ol işi tagt üçin, aýal üçin etmedim, Soltan! Men Abul Abbasyň ýurdy saňa satany üçin, ýurdumyň garaşsyzlygyny dikeltmek üçin etdim! Garaşsyzlyk ugrunda gylyç çalmak günä däldir. -O-ho! Sen dilewaram ekeniň-ä. Onda aýt, äriniň jesedi-de sowamadyk aýala göz dikmek hem günä dälmi? Ýa sen Kalja öňden aşykmydyň? -Kaljy hanym her kime-de mynasyp gowy aýal. -Göz açyp gören ýassykdaşyny öldüren adama «maňa sawçy» iberäý diýip, onuň goýnuna girmäge taýyn aýal gowy bolýan bolsa, men ony saňa gowşuraryn-diýip, Gaznaly ajy ýylgyrdy-da - nika gyýýan molla bilen Kaljyny getiriň!-diýip, golaýynda duran adamlaryna buýrdy. Molla geldi, onuň yzyndan bogup öldürlen Kaljynyň meýdini getirip, onuň ýanynda goýdular. Gaznaly: -Mollamyz, şu aýaly şu ýigide nika gyýyp beriň-diýdi. -Kyblaýy älem, ölüni dirä nikalap bolmaýar, şerigatda... -Men senden şerigaty soramok. Gyý diýlende gyý!-diýip, Gaznaly gazap bilen azym urdy. Molla biçäre gorkusyna aljyrap, bir elini Abul Harysa, bir elini süýnüp ýatan Kalja degirdi-de, bir zatlary okan boldy. Soňra Gaznalynyň rugsady bilen sandyrap çykyp gitdi. Gaznaly: -Indi-diýip, gazaply seslendi.-Bu aşyk-magşuklary bir tama salyp, gapysyna ýedi gulp uruň! Kyrk güne çenli ol aşsyz-suwsyz söýgülisiniň jemalyna seredip otursyn. Özi-de şondan artyk ýaşamaz. Onsoň ikisini bir çukura gömüň! -Ýok! Soltan, meni häzir asdyr, ýa kellämi aldyr, ýöne beýle jeza berme!-diýip gygyran Abul Harys öz sesine oýanyp ýerinden laňňa galdy. Ol gara dere batyp oturşyna «Allajan, bu nä ahwalat boldy, niçik ahwalat boldy?» diýip, içini gepledýärdi. Ol biraz wagtdan soň özüni ele aldy: «Düýşe näme girmeýär, duşman näme diýmeýär» diýip, ekabyrsyrap ýerinden turdy. Daň hem saz berip ugrapdy. *** Alnynda gutulgysyz ganly söweş duranda her niçik batyryň hem ýüregine howatyr aralaşmazlygy mümkin däl. Abul Harys özüni mert adam saýsa-da, howsaladan daşda däldi. Ol içindäki howatyry daşyna çykarmazlyk, serkerdelere, esgerlere syr bildirmezlik üçin çalşýardy. Bu oňa başardýardy hem. Şonuň üçin patyşanyň özüni arkaýyn tutuşy serkerdelere-de, leşgere-de gowy täsir edip, ýeňşe bolan ynamy artdyrýardy. Abul Harysyň mertligi entek uly söweş görmedik ýaş ýüregiň hyjuwydy. Şu hyjuw bilen goşun öň gelnen karara görä, Hazarasp tarapa çekildi. Goşun paýtagtyň golaýyndan başlanýan ilatly ýerlerden saýlanyp, bir uly meýdana çykanynda saklandy. Leşgeriň ok-ýaýçylary, naýzaçylary, gylyçbazlary, atly esgerleri aýry-aýry sapa duruzyldy. Abul Harys, Alp Tegin dagy at oýnadyp saplaryň öňüne çykdylar, leşgeri gözden geçirdiler. Uly meýdany tutup duran elli müň adamly leşgere göz aýlaýarka Abul Harysyň ýaş ýüreginde üýtgeşik bir buýsanç döredi. Ýaňy ýakynda hiç kimiň nazaryna ilmeýän şazada bu gün bihasap leşgere eýe bolan patyşa. Özäm döwrüň iň güýçli hökümdary bilen söweşe girýär. Nesip edip, bu söweşde ýeňiş gazanaýsa şan-şöhraty dag aşyp, ady äleme dolar. -Horezminiň edermen gerçekleri!-diýip, Abul Harys leşgere ýüzlenip söze başlady.-Biz bu gün eziz Watanymyzy ganym duşmandan goramak üçin beýik söweşe barýarys. Biziň her birimiz ata Watanymyzyň mukaddes topragyny duşmana depeletmezlik üçin dünýä taryhyna ýazyljak bu jeňe belent söweşjeň ruh bilen, egsilmez gaýrat bilen girmelidiris. Biziň söweşimiz duşmanyňky ýaly basybalyjylyk söweşi däl, Watan goragynyň söweşi, şonuň üçin biziňki hak. Hak işi Alla goldaýar. Şeýle bolansoň, ýeňiş, enşalla, biz tarapda bolar. Watan üçin öňe! Abul Harys sözüni gutaryp-gutarmanka leşgeriň biragyzdan «Öňe! Öňe!» diýen sedasy asman gümmezini doldyryp ýaňlandy. Şundan soň leşger öň meýilleşdirilişi ýaly ýigirmi müňden iki ýan tarapa bölünip, ortadaky on müňlük leşgerden gapdala has daşlaşdy. Sag tarapdaky goşuna Humar Taş, çep tarapdaky leşgere Saýýat Tegin başçylyk etdiler. Abul Harys bilen Alp Tegin bäş ýüz öküzli ortadaky goşunda galdylar. Üçe bölünip ýola düşen goşunyň Hazaraspa ýetip barmagyna iki günlik ýol galypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |