06:34 Gürgenç / 1-nji kitap -25 | |
XXV BAP
Taryhy proza
Ibn Salam Gürgenje ýetip gelende derwezeleri berkidilen galanyň depesindäki serbazlary görüp, gürgençlileriň duşmany şähere girizmezlige, onuň bilen galanyň üstünde durup, jeňi dowam etdirmeklige äht edendiklerine göz ýetirdi. Galanyň üstündäki serbazlaryň Hazaraspyň golaýyndaky söweşde derbi-dagyn bolan leşgeriň bir bölegidigini aňdy. Olaryň açyk meýdandaky söweşde ýeňilip, ary köýendikleri üçin bu ýerde soňky demine çenli alyşmaga taýýardyklaryny çak etse bolýardy. Bu ýagdaý Muhammet ibn Salamy ýaman iňkise batyrdy. Ol Soltan Mahmyda "Hemmesi gowy bolar" diýip aýdan sözüniň üstünden çykmajagy üçin däl, bu görkeziljek garşylyk üçin Gaznaly şäheri alaýsa, ilata rehim-şepagatsyz darajakdygyny göz öňüne getirip, howsala düşdi. Nätmeli?! Gürgençlileri nähili ýol bilen bolsa-da, raýyndan gaýtarmaly. Ýogsa, soňy örän pajygaly bolar. Soltan Mahmyt galany ýykyp-ýumursa-da şäheri alar. Gaharyna ilatyň başyna gara gün salar, rehim-şepagat etmez. Ine, şu zatlary şäheriň kethudalaryna düşündirmeli. Ibn Salam şu maksat bilen galanyň düýbine baryp, depedäkilere ses ýeter ýaly edip gygyrdy: -A-how ýigitler! Ýanyňyzda şäheriň ketdelerinden kim bar?! Meniň oňa aýtjak sözüm bar! Serbazlardsn saýlanyp, öňe çykan bir adam: -Ine, men bar. Näme sözüňiz bolsa aýdyberiň-diýdi. -Meni içeri goýberiň. Şäheriň häkimi, kazy-kelany we beýleki kethudalary bilen gepleşmeli geplerim bar. -Men sizi tanadym, Muhammet ibn Salam. Ýene ilçi bolup gelen bolsaňyz, indi gep-sözüňiz diňlenmez. Gowsy, yzyňyza dolanyp, Gaznala baryp aýdyň, Gürgenji kyrk ýyl gabap ýatsa-da, şähere girip bilmez. Gowsy, duran ýerinden yzyna gaýdyp gitsin. -Eý, ýagşy ýigit! Meni tanaýan bolsaňyz, içeri giriziň, galanyny görübereris. Belki, menem ok-ýaý alyp ýanyňyza çykaryn. İbn Salam şeýle diýmese şähere girizmejeklerine gözi ýetip, ýalan sözlemeli boldy. -Ine, munyň başga gep. Derwezä baryberiň, häzir açarlar-diýdi ol. Ibn Salam derwezeden girenden atynyň başyny göni kiçi saraýa (şäheri dolandyryş edarasynyň jaýy) tarapa tutdurdy. Ol saraýyň öňüne gelip, bir derwaýys habary bar ýaly atdan düşen badyna jylawy şu ýerdäki nökerleriň biriniň eline berdi-de, girelgä tarap ýöneldi. Ibn Salam içeri giren ýerinde saklandy. Elini gursagyna goýup, ol ýerde oturanlara edep bilen salam berdi. Bu ýerde şäheriň häkiminden, kazy-kelandan, Şeýhulyslamdan, başga-da ona golaý adam bardy. Olar Ibn Salamy Abul Abbasyň köşkünde telim sapar gören, tanaýan adamlar bolsalar-da, oňa ýüzüni açmadylar. -Ýene-de şu öňki teklip bilen geldiňizmi, hormatly Muhammet ibn Salam?-diýip häkim sowuk äheň bilen sorady. -Meniň öňki teklibim hem ýaman teklip däldi. Patyşaňyz ony kabul edeninde şunça adamyň gany dökülmezdi, özi-de ýesir düşüp, gözgyny ýagdaýda oturmazdy. Görýän weli, jenaplar, sizem pajyganyň üstüne pajyga döretmäge taýynlyk görýäne meňzeýäňiz-diýip, Ibn Salam hem sowugyrak äheň bilen jogap berdi. Oturanlaryň biri: -Pajyga döretmäge taýynlyk diýmäňiz näme! Biz şäheri goramaga taýynlyk görýäris-diýdi. -Şäheri näçe wagt gorap bilersiňzi? Ony bir aý, aňry gitse iki aý gorap bolar. Onsoň näme?! Şu wagtyň içinde Gaznaly galany ýykyp-ýumursa-da alar. Gaharyna-da şähere gan çaýkar, hiç kime rehim-şepagat etmez. Siz wagtlaýynça gahrymançylyk görkezjek bolup, ilaty gyrgyna berýäňiz-ä! Şuňa düşünseňiz-le, ýaşulular! Muhammet ibn Salamyň bu sözünden soň birsalym ara dym-dyrslyk aralaşdy. Oturanlaryň köpüsi aşak bakyp, oýa çümdüler. Ibn Salam gepim täsir etdi gerek diýip, içinden begenipdi, emma oturanlaryň arasyndan bir «gözsiz batyr» tapyldy-da, bir elini galgadyp, gep urup başlady: -Gürgenjimiziň derwezeleri berkden berk. Munuň üstüne galanyň depesinden peýkam ýagdyryp dursak, nädip aljakmyşyn ol şäheri?! At gaýtarym golaýyna gelsinler entek. Onuň gepine birde- ýarym goşulanlar hem tapyldy: -Galany ganyma öz eliň bilen tabşyrmak-gorkaklaryň işi! -Dyza çöküp ýaşandan dik durup ölen ýagşy! Şonuň üçin... – Muhterem wezir jenaplary! - diýip, häliden bäri döşüne düşüp duran ap ak sakgalyny sypap, pikirlenip oturan Şeýulyslam onuň sözüni kesdi - Beýle gyzybermäň. Gyzmalyk bilen edilen iş oňuna bolmaýar. Her meseläni sowukganlylyk, parasatlylyk bilen çözmek gerek. Ibn Salam Şeýhulyslamyň sözünden soň gytyk gara sakgally, saryýagyz bu adamyň täze patyşanyň täze wezirleriniň biridigini aňdy. Ol: -Jenap wezir-diýip, oňa ýüzlendi.-Men ýaňy «galany ýykyp ýumursa-da alar» diýip, ýöne ýere aýtmadym. Gaznalylaryň galalary bir çetinden gädip gaýdýan, üstünden aşyp geçmek üçin gurallary, äpet enjamlary bar. Şol gural-abzallary bilen olaryň Gürgenjiň galasy ýaly näçe galalary zabt edendiklerini bütin dünýä bilýär. Onsoňam siziň «Dyza çöküp ýaşandan, dik durup ölen ýagşy» diýen sözüňiz häzirki ýagdaýa dogry gelmeýär. Tutuş ilaty ölüme sezewar edip bolmaz ahyryn!-diýip, Ibn Salam sözüne dyngy berdi. Adamlar biri-biriniň ýüzüne seredip, aýdara söz tapmaýan dek dymdylar. Ibn Salam sözüni dowam etdi: -Jenaplar, biziñ ýeňilenimizi boýun almakdan başga alajymyz ýok. Goşunyň ýarysy söweş meýdanynda gyryldy, bir bölegi gaçyp, bäri gaýdypdyr, galanlary bolsa patyşanyň özi bilen bile ýesirlige düşdi. Indi Horezminiň Gaznalynyň tabynlygyna geçjekligi hakykata öwrüldi. Hakykatdan bolsa gaçyp gutulyp bolmaýar. Indi bolsa iň möhümi.-Gaznalynyň gazabyny gozgaman ýurdy parahat, ilaty aman saklamak. Şuny edip bilsek, Hudaýa ýüz-müň şükür etmeli. Bu dünýä çarhy pelek, ol dyngysyz aýlanyp dur. Bir wagt geler, Horezmin ýene-de garaşsyz, gudratly döwlet bolar. Muhammet ibn Salama Alla dili-zyban berip, gözsiz batyr boljak bolşup oturan bu adamlaryň kesirligini syndyrdy. Ýaşy jähtden oturanlardan kiçiräk bolansoň ýaşulular näme diýerkä diýip, edep saklap, häliden bäri geplemän oturan şäher häkimi dil açdy: -Jenaplar, möwlana Muhammet ibn Salamyň geplerini akyl terezisine goýup görende ol hak. Gaznala netijesiz garşylyk görkezip, ilaty gyrgyna bermäge biziň hakymyz ýok. Şonuň üçin galanyň üstündäki ýaragly adamlary aýyrmaly. Ýaşulular bolup Gaznalynyň öňünden duz-çörek bilen çykmaly. Oturanlaryň köpçüligi häkimiň sözüni makullap dil ýarmasalar-da, kellelerini kakyşyp tassykladylar. Emma ýene şol täze wezir başga hörpden gopdy: -Ol siziň duz-çöregiňize seretmän, şähere basdyryp girip, şäher ilatyny gyrgyna berse nätjek?! -Onuň ýaly etmez, ol hem adam, wagşy däl-diýip, Ibn Salam weziriň sözüne bada-bat jogap gaýtardy. Soňundan soltanyň çadyrynda bolan gürrüňleri aýdyp berdi. Ibn Salamyň gürrüňini üns berip diňlän adamlar bu urşuň, gandöküşligiň günäkäri diňe soltan Mahmyt Gaznaly däldigine göz ýetirdiler. Aýratyn-da Soltanyň şazada Abul Harys bilen serkerde Alp Tegine aýdan sözleri uly täsir galdyrdy. -Jenap Ibn Salam-diýdi şäher häkimi.-Siz soltan Mahmydyň ýanynda köpden bäri bolup, onuň gylyk-häsiýetine ýetik bolan bolsaňyz gerek. Ol bir sözli adammy? -Bir sözli adam. Ýöne käbir täsin gylyklary hem bar-diýip, Ibn Salam soltanyň Abul Harysdan aldananyndan soň özi bilen eden gürrüňini we özüni ölüme höküm edip, hökümi söweş meýdanynda ýerine ýetirjek diýip, Gürgenjiň leşgerine goşulmak üçin goýberenini gürrüň berdi. -Söweş meýdanynda-da ajalym ýeten däldir-dä, köpçülik bilen ýesir düşdüm. Ýesirleriň arasyndan meni, Abul Harysy, Alp Tegini tapyp Soltanyň çadyryna eltdiler. Çadyrda-da ýaňky beren gürrüňim boldy. -Soltan Mahmyt hakykatdan-da täsin adam ekeni. Ony gaty zalym diýip eşidýärdik, eýle däl ýaly-la-diýip oturanlaryň biri dillendi. -Aý, özüni adyl, mert adam edip görkezjek bolýandyr-da-diýip, ýene biri gepe goşuldy. Şeýhulyslam gepi uzaga sozmazlyk üçin «Bes ediň» diýen manyda elini galdyryp, özi dillendi: -Adamlar, soltan Mahmydyň häsiýeti nähili bolsa bolsun, biziň üçin iň möhümi halkymyza aman berip, ilatyň parahatlygyny bozmasa bolany. Ony dawa-jenjelsiz ýurduna sag-aman ugratsak, uly utuş gazandygymyz hasaplaberiň. Ibn Salam Şehulyslamuñ şu sözlerinden soň, bu adamlaryň garşylygyny doly ýeňenligine ynanç hasyl edip, arkaýynlaşdy. Şuňa çenli öýi-de ýadyna düşenokdy. Indi ata-enesine, maşgalasyna tizräk gowuşmak islegi döredi. -Jenaplar!-diýdi ol.-Men halkymyzyň öňündäki borjumy berjaý etdim... -Gaznala beren sözümi hem diýiň - diýip, entegem kesirligi aýrylmadyk wezir ýaňsyly söz oklady. Adamlar oňa ýaman göz bilen seretdiler. Ibn Salam özüni giňlige salyp: -Siz näme diýseňiz diýip bilersiňiz, jenap wezir. Men bu ýere Gaznala beren sözümi berjaý etmek üçin däl, ilaty aman saklamak, şol sanda siziñ hem beýlekileriñkiden "akylly" kelläñiziñ bir gaznalynyñ gylyjynyñ zarbyndan pyzlowuk kädi ýaly togalanyp gitmezligi üçin geldim - diýdi. İbn Salamyñ sözüniñ özune degişlisi weziriñ ýüzüni çym gyzyl etdi. Adamlaryñ özüne ýamam göz bilen seredip oturanlary üçin gep gaýtaryp bilmedi. - Indi, jenaplar, maňa rugsat berseňiz şunça wagtdan bäri görmedik ata-enemiň, maşgalamyň öňüne baraýyn - diýp, Ibn Salam oruralara ýüzlendi. -Rugsat Alladan, ýoluňyz ak bolsun!-diýen Şeýhulyslama köpçülik goşulyşdy. *** Ibn Salamyň öýüne giden gününden soň bir hepde geçip geçmän Gaznalynyň Gürgenje golaýlan habary geldi. Ony garşylamak üçin öňden görlen taýýarlyk boýunça kyrka golaý ak sakgally gojalar bilen şäher häkimi, Şehulyslam, kazy-kelan dagylar irden galadan daş çykdylar. Olardan soň bu habary eşiden şäher ilatyndan hem köp adam çykyp, Hazarasp derwezesiniň öňündäki uly meýdanyň esli bölegini tutdy. Tomus aýy bolsa-da, garaşylmadyk gijeki ýagyş tozany basyp, Gaznalynyň ýoluna irden suw sepilen ýaly boldy durdy. Köp garaşmaly bolmady. Ýüze golaý atlynyň öňünde, iki ýan gapdalyndaky wezir-wekilleriniň ortasynda gelýän kellesi jygaly soltan göründi. Leşgeri yzyrakda gelýän bolmaga çemeli, gözýetimdäki baglaryň aňyrsynda bolmasa bärisinde görnenokdy. Bu-da bir edepliligiňmi, salyhatlylygyňmy nyşanasy bolsa gerek diýen pikir döretdi. Garaşyp duran uly mähälläniñ öñunde hatar duran elleri duz-çörekli ýaşululardan on ädim çemesi bärde soltan atynyň başyny çekdi-de: -Essalamu-aleýkum, Horezminiñ gözel paýtagty Gürgenjiň muhterem ýaşulylary, kethudalary!-diýdi. -Waleýkum-essalam, merhemetli beýik soltan! Hoş geldiňiz, Gürgenji azyma-diýen Şeýhulyslamyň jogabyndan soň soltan atyndan düşdi. Soltanyň atdan düşmegi bilen bile gelenleriň hemmesi atlaryndan düşüp, jylaw tutup durdylar. Soltan saldamly ädimläp, ýaşulularyň öňüne geldi. Duz datdy, iki eliniň aýasyny ýüzüne sylyp, omin etdi, soňra: -Bizi hormatlap, duz-çörek bilen garşylanyňyz üçin taňryýalkasyn, ýaşulular-diýip başyny atdy. Adamlaryň arasyndan iküç ýerden çykan «Hoş geldiňiz, beýik soltan!», «Hoş gördük!» diýen sözlere üns beren soltan: -Hoş görseňizem, görmeseňizem geldik, dogrusy gelmäge mejbir bolduk-diýip, agraslyk bilen dillendi.-Bizi bu ýörüşe mejbur eden waka hemmäňize mälim. Ýurduňyzyň kanuny patyşasy öldürlip, döwlet agdarylyşygynyň edilmegine biparh garap bilmedik. Çünki, patşaňyzyň biziň giýewimizdigini nazara alman, biziň güýç-gudratymyzdan gorkman edilen bu iş biziň gaty degnamyza degdi. Şonda-da biz beýle uly gandöküşlik etmekçi däldik. Horezmşany öldüren adamlary jezalandyryp, ýurtda tertip-düzgüni ornaşdyryp gaýtmakçydyk. Emma goşun toplap, öňümizden çykanlaryndan soň söweşmekden özge çärämiz galmady. Ýeňildiler, ýesir düşdüler. Muňa-da özleriniň akmaklygy sebäp boldy. Soltany üns berip diňläp duran adamlaryň ol hakdaky pikirleri düýpgöter üýtgedi. Köpçülikde «Bu adam eşidişimiz ýaly zalym däl ekeni. Onda rehim-şepagat, adamkärçilik hem bar ekeni» diýen pikir döredi. Soltan adamlaryň özi hakyndaky pikirini okan ýaly gürrüňi özi hakda dowam etdirdi. -Ýaşulular, men hakda (Soltan nämüçindir «bizden» «mene» geçdi) her haýsyňyzyň öz pikiriňiz bardyr. Meniňem özüm hakda öz pikirim bar. Käbirleriň pikir edişi ýaly men zalym däldirin. Emma ýamanlara jeza bermekden çekinmeýärin. Jeza bermek zalymlyk däl-de, adalatyň bir görnüşidir. Şonuň üçin biz (ol ýene «bize» geçdi) horezmşany öldüren adamlara aýylganç bir jeza belledik. Ony-da şu ýerde halkyň göz öňünde ýerine ýetireris. Soltanyň bu sözünden soň adamlaryň ol hakdaky öňki pikirleri biraz üýtgedi. «Ýamana jeza bermek adalatyň bir görnüşi» diýeni dogry bolsa-da «aýylganç jeza» diýeni rehim-şepagatly adamyň etjek işi däl» diýip, köpler içini gepletdi. Şu arada göýä gözýetimdäki baglar süýşüp gaýdan ýaly bir hereket göze ildi. Bu soltanyň yzyrakda galdyryp gaýdan leşgeridi. Soltan özi bilen gelen atlylary bir gyra çekip, özü-de atlanyp, at üstünde leşgeriň ýetip gelerine garaşyp oturdy. Kelleleri aşak egilen ýesirleri öňüne salyp, sürüp gelen atly, pyýada we pillere-de ikiden-üçden münen leşger galanyň derwezesiniň öňündäki uly meýdana sygman, ýarysy töwerekdäki bugdaýy orlup alnan ekin meýdanlaryndan ýer aldy. Soltan bir elini galdyryp, üç barmagyny görkezdi. Bu yşarata düşbi sebazlaryň üçüsi ýesirleriň arasyndan elleri arkasyna daňylan üçüsini çykaryp, goşun bilen şäher adamlarynyñ arasyndaky açyk ýere getirip dyza çökerdiler. Soltan olara ýigrenç bilen bir nazar aýlady-da mähellä ýüzlendi: -Adamalar! Biz teftiş geçirip, Horezmşa Abul Abbasy öldüren şu üçüsi-Alp Tegin, Humar Taş, Saýat Tegin diýip atlandyrylýan adamlardygyny anykladyk. Patşalara gylyç göteren her bir adama aýratyn jeza beriljekdigini goý, hemme bilsin! Soltan sözüniň soňunda «Başlaň!» diýen manyda bir elini göterip, aşak goýberdi. Derhal serbazlar olaryň ellerine goşup, aýaklaryny hem daňdylar-da şol wagt orta çykarylan üç piliň hersiniň aýaklarynyň aşagyna birini taşladylar. Öňden öwredilen piller olaryň kelleleri diýmän, garny diýmän, oňurgasy diýmän basyp mynjyradyp başladylar. Olaryň ýürekleri gyýyp barýan zaryn sesleri pilleriň aýagynyň aşagynda lenç bolýança ýatmady. Bu aýylganç wakanyň şaýady bolup duran adamlaryň tutuş süňňi lerzana geldi. Soltan olaryň läşini pilleriň holtumynda şäheriň köçelerine aýlamagy, soňunda Horezmşanyň gubyrynyň ýanynda dar gurup asyp goýmagy buýurdy. Soňra: «Goý, Abul Abbasyň ruhy özüniň katyllarynyň degerli jeza alandyklaryny görüp aram tapsyn» diýdi. Soltanyň buýrugyna görä maslyklary pilleriň hortumyna daňyp alyp gitdiler. Soltandan daşrakda duran adamlaryň biri: -Garga garganyň gözüni çokmaýar diýenleri ýaly esasy günäkär şazada Abul Harys bu jezadan çetde gald-a - diýdi. Hakykatdan-da, şazada Abul Harys ýesirleriň arasynda-da ýokdy. Ol leşgeriň ortasynda aýratyn saklanýardy. Gaznaly atyny biraz ilerledip, özüni garşy alan kethudalaryň öňürägine geldi: -Ýaşulular, indi siziň bilen şu ýeriň özünde çözmeli meselelerimiz bar-diýip, soltan Mahmyt söze başlady. - Olaryň birinjisi, ine şu görüp duran ýesirleriň meselesi. Biz olary iki topara böldük. Hakyky urşyjylar hem-de entek söweş tälimini almadyk oba oglanlary. Uruş kanunyna görä ýesirleri näme iş etsegem biziň hakymyz bar. Ýöne biz ikinji topardaky, ine, şu öňdäki hatarlarda duran ýaş oglanlary ýesirlikden azat etmek kararyna geldik. Soltanyň sözüni diňläp duran ýesirleriň arasyndan şatlykly sesler eşidildi. Şeýhulyslam bolsa Gaznala garap: -Pygamberimiz Muhammet Mustafa salalawhy äleýhi wesellemiň hadysy-şeriflerinde: «Gullary, ýesirleri azat etmek sogaplaryň iň seresidir» diýilýär. Ömrüňiz uzak bolsun, beýik soltan.! Soltan Mahmyt Şeýhulyslama başyny atyp goýdy-da, ýesirlere ýüzlendi: -Meniň azat eden ýesirlerim! Siziň köpiňiz obada önüp-ösen daýhan maşgalasyndan çykan oglanlar ekeniňiz. Şonuň üçin meniň size aýtjak zadym: gylyç bilen naýzadan pil bilen kätmen gowy gurallardyr. Söweş meýdanynda adam öldürmek ýa-da özüň ölmek ýaly ýaman işden ekin meýdanynda rysgal öndürip, ile haýyrly iş bilen meşgullanmak juda sogaplydyr. Şu iki hakykaty undup, eliňize ýene uruş guralyny alsaňyz ýa ölersiňiz ýa-da ýesir düşüp, yzyňyzda duran urşyjylar ýaly zynjyra daňylyp alyp gidilersiňiz. Meniň şu sözlerim aklyňyza ýeten bolsa, häzir sizi ýüpden başadarlar. Öýüňize gowuşmagyňyz ata-eneňiz, maşgalaňyz üçin nähili şatlykly waka bolar. Ata-enäni şatlandyrmak hem sogaplaryň seresidir-diýip soltan Şeýhulyslama seredip goýdy.- Bu sogapdan bir paý size-de degişli bolar, inşalla. - diýip, Şeýhulyslam başyny atdy. Soltanyň azat eden ýesirleriniň yzyndaky hatarlarda duran, biri-birine zynjyr bilen baglanan “hakyky urşyjy" diýenlerini Gazna alyp gitmekçi bolýanynyň sebäbi bardy. Ol mundan soň Hindistana ýörüş etmegi ýüregine düwüpdi. Munuň üçin bolsa leşgeriň sanyny ýene-de artdyrmak gerekdi. Horezminli bu ýesirleri-de Hindistan ýörüşinde peýdalanmagy göz öňünde tutýardy. Ýüpden boşadylan biçäreler begenjine ýadawlyklaryna-da garaman ökçäni göterip başladylar. Bir salymda olaryň tutup duran ep-esli meýdany boşap galdy. Şu arada Gaznalynyň astyndaky at birden kişňäp, çarpaýa galdy. Ondan haýpygan ýaşulular biraz yza serpildiler. Soltan atynyň boýnuna kakyp köşeşdirdi. Atyň bu hereketini Gaznalynyň özi, indiki aýtjak sözüniň täsirini güýçlendirmek üçin bilgeşleýin etdiren bolmagy hem mümkindi. Şundan soň ol bir ardynjyrap, ýaşululara garap söze başlady: -Ýaşulular, indiki meselämiz goşuna degişli. Biz goşuny şähere girizsek, ölümini boýnuna alyp, söweş eden adamlaryñ olja üçin talaňçylyk etmekleri ahmal. Beýle ýagdaýyň ýüze çykmagyna ýol bermezlik üçin leşgeriň olja hakyny halkdan ýygnap bermegi boýnuňyza alsaňyz, goşuny şähere girizmäli. Biz siziň bilen şäherde ýola goýulmaly işleri berjaý edýänçäk esgerler şu ýerde goş taşlap, ýesirler bilen bile dynç alybersinler. Şu maslahaty nähili görýäňiz? Ýaşulular näme diýip bilýär? Zoruň haýyşy ejize buýruk bolup eşidilýär. Şeýle bolansoň zoruň pikirini tassyklamaly bolýar. Goşuny şähere salyp ilaty taladandan öz eliň bilen ýygyp bereniň gowy diýen netijä gelen ýaşulular soltanyň teklibine boýun boldular. Olja barasynda Altyn Taş bilen soltanyň arasynda Gürgenje ýetip gelýärkäler, ýolda-da gürrüň bolupdy. -Kyblaýy älem, feth edilen ülkelerden olja almaga öwrenen leşgere Gürgençde-de ejaza berilermi?-diýip, Altyn Taşyň beren sowalyna, soltan: -Pagta bilen kesip bolýan zada tyg ulanmak nämä gerek-diýip jogap berdi. Şol wagtda soltanyň bu gepine gowy düşünmedik Altyn Taş oňa häzir düşündi. Ol hökümdaryň bu meseläni aňsatja çözenine begenip, içinden oňa sagbolsun aýtdy. Çünki ýeňişden soň gelen kararyna görä soltan ony Horezminiň emiri edip tagta çykarsa ol halk bilen arasynyň saz bolmagyny isleýärdi. Truwbaşdan talaňçylyga ýol berilse özüniň ýigreniljegini bilýärdi. Şonuň üçin paç ýygmakda halka kän bir agram salman döwletiň hazynasynda baryndanam bermekligi ýüregine düwüp goýdy. *** Leşger Gürgenjiň galasynyň töwereginde goş taşlady. Çadyrlar dikildi, gazanlar ataryldy. Emma öñküler ýaly ýeñiş dabarasy boımady. Soltan Mahmyt Gaznaly hem özüniň wezir-wekilleri, jan penalary bilen Horezmşalaryň köşgünde ýerleşdi. Adatda munyñ yaly ýeñişlerden soñ meýlisler guralyp, meýler süzülýärdi. Soltan muny etmedi. Alp Teginiň gylyjyndan aman galan Abul Abbasyň ýakyn adamlaryny, özüni duz-çörek bilen garşylan şäheriň ulamalaryny ýaşulylarydyr kethudalaryny hem çagyryp, köşkde Abyl Abbasyñ ruhyna degsin edip, sadaka berdirdi. Sadakadan soñ aýat-töwre goşup, soltan Mahmyt Gaznalynyň adyna hamdu-senalar aýdyldy. Soltanyň emrine görä ertesi irden köşgüň tagt eýwanyna düýnkiden-de köp adam ýygnaldy. Agşamky sadaka gatnaşyjylardan başga-da, şäheriň aýry-aýry mähellelerinden aksakgallar, bazarlaryñ pajymanlary, mirşeplerdir jarçylar hem çagyryldy. Köşgüñ içindäki aram otagyndan çykyp, tagt eýwanyna gelen soltan Mahmyt Gaznalyny ýygnanan jemagat ör turup, tagzym bilen garşy aldy. Soltan jemagata salam berip, horezmşanyň tylla nagyşly tagtyna geçip oturdy. Oturan ýerinde-de söze başlap, galanyň derwezesiniň öňündäki meýdanda özüni garşy alan ýaşululara ýüzlenip sözlän sözüni has süýjüdip gaýtalanyndan soň, sözüniň nähili täsir edenini bilmekçi ýaly adamlara birlaý göz aýlap, ýene dowam etdi: -Esasy günäkärler jezasyny aldylar. Şazada Abul Harysa gelsek, ol hem töweregindäki Alp Tegin, Humar Taş ýaly mekir adamlaryň gepine gidip, bu ýaramaz işe baş goşupdyr. Ony şa neslinden bolany üçin ölüme höküm etmedik. Ýöne oňa-da ölümden başga jeza belledik. Biz ony tohum-tiji bilen Gazna alyp gideris, jezasyny-da şol ýerde çeker. Umuman alanda, Mämünleriň öňkülerine garanda soňkulary döwleti dolandyrmaga ukyply adamlar däl ekeni. Abul Hasan Aly-da, Abul Abbas-da öz emeldarlarynyň elinde oýnatgy boldular. Indi bolsa olaryň neslinden Horezmini dolandyryp biljek adam ýok. Şonuň üçin biz Horezminiň emiri edip baş hajybymyz Altyn Taş jenaplaryny belledik. Onuň ýanynda ýurtda tertip-düzgüni, asudalygy saklamak üçin edermen serkerdelerimiziň biri Arslan Jazybyň başçylygynda goşunymyzyň bir bölümini hem galdyrýarys. Niýetimiz Horezminde parahatçylygy, agzybirligi, adalaty üpjün etmekdir. Inşalla, biziň penahymyzdaky beýleki ýurtlaryň hatarynda Horezminde hem asudalyk, abadanlyk höküm sürer. Çünki, biziň başymyz dik mahaly hiç bir kes ýurduňyza göz dikip bilmez. Soltanyň nutgy hemmäniň ünsüni özüne çekse-de, hemmede bir hili pikir döretmedi. Syýasata düşünýän adamlar bu nutugyň mazmuny bilen manysynyň tapawudyny gowy bilýärdiler. Ygtyýaryňy eliňden alyp, agzyňa bal guýanda näme peýda. Soltanyň sözünden soň Altyn Taşyň Horezminiň emiri edip bellenmegi hakyndaky permany Gaznalynyň baş kätibi belent owaz bilen şeýle bir täsirli edip okady welin, oturanlaryň içinde köpüsiniň inlerini tikenekledip goýberdi. Şundan soň Gaznaly ýerinden turup, adamlar bilen bir elini galgadyp hoşlaşdy. Gaznaly içeri, adamlar daşary ýöneldiler. Bir salymda köşgüň tagtly eýwany hem, bu ýerden çykan gürgençlileriň köňül külbesi hem boşap galdy. Gaznalynyň permanynyň soňundaky görkezmä görä şol günüň özünde Gürgenjiň bazarlarynda Altyn Taşyň Horezminiň emiri edip bellenendigi hakynda jar çekildi. «Halaýyk! Eşidiň, eşitmedim diýmäňler! Döwür Altyn Taş emiriň döwri boldy, how! Emir Altyn Taşyň döwri how!» diýen jarçylaryň bokurdagyna sygdygyndan gygyrýan sesleri gaýta-gaýta ýaňlandy. Bu habar iki-üç günüň içinde tutuş ýurda ýaýrady. Şeýlelikde, Horezminde Mämünler nesilşalygy tükedildi, ýurt Gazna tabyn boldy. Maksadyna ýeten soltan Mahmyt Gaznaly Gürgençde bir hepde dem-dynjyny alandan soň Muhammet ibn Salamy hem öýlerinden aldyryp, Gazna ugrady. Hijri 407-nji ýylyň (1017) tomusynda ýüze çykan bu waka Horezminiň taryhyna pajygaly seneleriň biri hökmünde ýazyldy. Emma «Akan aryk akman galmaz» diýen gadymdan galan nakyl bar. Horezmin hem otda ýanyp kül bolandan soň bir silkinip, gaýtadan direlýän efsanawy Semender guş ýaly döwürler geçip, ýene-de özbaşdak, gudratly döwlete öwrüler. Bu Anuşteginler nesilşalygynyň döwlet başyna gelmegi bilen başlanar. Indiki kyssamyz şol hakda. 2013-2015 ýý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |