08:43 Gürgenç / 1-nji kitap -5 | |
V BAP
Taryhy proza
Rugsar atly ol sazandar gyz Mahmyt nakgaş diýen biçak zehinli nakgaşyň ýeke täk perzendi bolupdyr. Aýaly irräk ýogalansoň nakgaş ähli mährini, söýgüsini şu gyzyna berip, ösdürüpdir. Olar demirgazyk Horezminiň paýtagty Kätde ýaşapdyrlar. Şol döwürde-de Horezmin iki döwletden, Demirgazyk we Günorta Horezmden ybarat bolupdyr. Bu ikisini häli ýakynda häzirki patşamyzyň kakasy Mämün birinji birleşdirdi. Hawa, şol Kätde Afrigler neslinden bolan Horezmşalar uzak döwürden bäri höküm sürüp gelipdirler. Şol Horezmşalaryň biri täze guran köşgüni bezetmek üçin Mahmut nakgaşy çagyrypdyr. Öz döwründe bu ussat nakgaşyň öňüne çykjak başga bir nakgaş ýok ekeni. Onuň köşkleriň, kümmetleriň diwarlaryna, petiklerine ýasan nepisden nepis nagyşlaryny dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen jahankeşdeler, söwdagärler görenlerinde “bu bir ylahy gudrat bilen ýasalan mugjyza” diýip haýran galýan ekenler. Ussadyň gyzy Rugsaryň özi hem kakasynyň döreden mugjyzawy nagyşlaryny synlanynda kalby heýjana gelip, “muny söz bilen däl, diňe özi ýaly nepis äheňli saz bilen beýan edip bolar” diýer ekeni we aýdyşy ýaly-da şol nagyşlardaky nepisligi, gözelligi teswir edýän ajaýyp heňler döredipdir. Emma Rugsar özüniň bu sungatyny ilden syr tutupdyr. Belki, kakasy gyzyny goramak üçin ony ile çykaran däldir. Garaz, Mahmut nakgaşyň başyna agyr günler düşmeýänçä Rugsaryň sungaty äşgär bolmandyr. Nakgaşyň başyna inen bela-da öz sungatyndan gelipdir. Mahmyt nakgaş patyşanyň çagyrmagy boýunça baryp, täze köşgi bezemäge girişýär. Ol gije-gündiz işläp, köşgi bir kemsiz bezeýär. Bezeg işleri gutaransoň ony görmäge gelen patyşanyň wezir-wekilleriniň hataryndaky Seýhulyslam tagt eýwanynyň petiginiň dört burçyna altyn suw berip ýasalan göwsi açyk suw perisiniň suratyna gözi düşenden gazaba münüp, bu küpr suraty çeken nakgaşy jezalamagy patyşadan talap edýär. Şeýlelikde, Mahmyt nakgaşyň iki gözüne mil çekilýär . Şundan soň Mahmut nakgaş gyzy bilen Gürgenje gelýär, egnine jende, başyna külah geýip, galandar-derwüş sypatyna girip ýaşaýar. Günlerde bir gün Gürgenjiň hökümdarynyň kellesine täsin bir pikir gelýär. Halkyň arasynda özi hakda, döwletiň syýasaty hakda edilýän gep-sözleri öz gulagy bilen eşitmekçi bolup, wezirine iki sany galandar-derwüş geýimini tapyp gelmegi buýurýar. Wezir patyşanyň aýdan eşiklerini tapyp getireninden soň Gürgenjiň gijelerine-de köp adamly köçelerinde iki sany täsin derwüş peýda bolýar. Olaryň biri uzyn boýly, ýagyrnlak daýaw pyýada bolsa, beýlekisi onuň tersine, şemala gaýyşyp duran agaç ýaly inçe adamdy. Bu derwüşler şäheriň kerwensaraýlarynda, köçeleriň ugrunda adamlaryň özara gürrüňlerine assyrynlyk bilen gulak salýardylar. Eger biri olara üns berse hiç zat bilmediksirän bolup, ýoluna rowana bolýardylar. Köçeleriň birinden geçip barýarkalar halys ysgyndan düşen inçe derwüş ätiýaçlygy unudyp: -Kyblaýy älem, men-ä halys ysgyndan düşdüm, ýuwaşrak ýöräliňle-diýdi. Onuň bu gepi köçäniň ugrunda asylan içi daş çyraly panuslaryň biriniň ýagtysynda peýwagtyna gürleşip duran bikär adamlaryň gulagyna ildi. Olaryň biri: -“Gedaýlaryň köňli şalygy islär”-diýilişi ýaly, derwüşleriň biri beýlekisine “Kyblaýy älem” diýen bolýar-diýeninde beýlekiler pakyrdap gülüşdiler. Patyşa özleriniň gülki bolanyna gaharlanyp, wezire azgyryldy: -Näme, ysgyndan düşer ýaly iýmek-içmekden kemiň barmy, seniň? Iýmek-içmekden kemi bolmasa-da, wezir biçäräniň ýagdaýy gurdyň golaýyna baglanan goýnyňky ýalydy-da. Şonda onuň iýeni içine düşermi. Galandar-derwüş eşigindäki şa bilen wezir Gürgenjiň köçelerini bir-birden söküp baryşlaryna daş görnüşleri özleriniňkä meňzeş iki derwüşe duş gelýärler. Olaryň biri kör bolmaga çemeli, beýlekisi ony idip gelýärdi. -Eý, Hudaýyň bendeleri, nireden gelip, nirä barýarsyňyz?-diýip, şa olara söz gatdy. Kör derwüş ýanyndaky ýoldaşyndan “kimdir bular”- diýip sorady. Ýoldaşy on alty, on ýedi ýaşlaryndaky ýaş oglandy. Ol: "özümiz ýaly iki derwüş” diýeninden soň kör derwüş arkaýyn dillendi: -Eý, Hudaýyň didaryna aşyk bendeler, biz galandarhana derwüşleriň meýlisine barýarys. Isleseňiz biziň bilen ýöräberiň. Şa bilen wezire-de geregi şudy. Olar kör derwüşiň teklibini kabul edip, şäheriň bir çetinde ýerleşen galandarhana bardylar. Olar dört bolup içeri girenlerinden aýbagdaşyny gurup oturan derwüşler ör boýuna turup: -Ýaşasyn biziň beýik sazandarymyz! -Onuň senetkär elleri dert görmesin! -Şeýle ogly dünýä inderen atanyň gözlerine Alla şypa bersin!-diý şip uly şowhun etdiler. -Hany, ataly-ogul, märhäbo, töre geçiň! Bu sözlere gulak salyp duran şa bilen wezir öz ýoldaşlarynyň kimlerdigini bildiler. Diýmek, köri idip gelen oglan onuň ogly, özem sazanda ekeni. Galandarlar kör derwüş bilen ogluna hormat baryny görkezip, beýleki gelenlere ünsem berenokdylar. Şa pursatdan peýdalanyp, dünýäniň ähli iş-aladasyny terk edip, şu garyp külbäni özlerine mesgen edinen pukaralary synlamaga durdy. Galandarhana diýlen bu jaýyň içi giňdi, kyrk-elli adam arkaýyn ýerleşip otyrdy. Çilimiň, beňiň tüssesinden gara keçä dönen jaýyň diwarlaryna bentlenen köp sanly şemdanlardaky şemleriň ýagtysynda oturan adamlaryň köşgi-eýwanlarda oturan adamlaryňkydanam şähdi açykdy. Çaýdan, çilimden, beňden keýpini sazlan galandarlar dünýäni bir pula satyp, han özleri, soltan özleri bolup otyrdylar. Kör derwüş bilen ogluny töre geçirip ýerleşdirenlerinden soň gapynyň ýanynda duran iki täze derwüşe üns berdiler. Meýlisiň ketdesi-şagalandar olara söz gatdy: -A-how, Hudaýyň bendeleri, sizler nirden bolarsyňyz, biz bu ýerlerde size sataşmandyk?! -Hormatly şagalandar, bizi sorasaň aslymyz Horasandandyr. Jahankeşdelik edip köp ýurtlary gezdik. Indi nesibämiz çekip, Horezminiň mukaddes topragyny togap etmäge geldik-diýip, wezir ýaýdanman jogap berdi. -Ejeza berseňiz, şu gije siziň meýlisiňiziň myhmany bolmakçy-diýip şa weziriň sözüniň üstüni ýetirdi. -Onuň ýaly bolsa baş üstüne, geçiň, oturyň-diýip şagalandar ýer görkezdi-de, hyzmatda duranlaryň birine buýrdy: -Bu mysapyr derwüşleriň çaýdan, çilimden keýpini kökläň. Galandarlar kör derwüşiň oglunyň gelerine garaşyp sadylla bolup oturan bolmaga çemeli, şagalandaryň yşaraty bilen olaryň biri diwarda asylgy duran dutary alyp sazandanyň gapdalynda diwara söýäp goýdy. Oglan birki käse çaý içeninden soň bileklerini çyzgap dutary eline aldy. Şo bada jaýyň içindäki şowhun kesildi. Oglan dutaryň gulaklaryny towlap, kirişlerini düzýärkä märekä göz gezdirýärdi. Onuň şar gara gözleri adamlara bir hili howatyrly seredýärdi, emma onuň süýt ýaly ak we dury ýüzünde mylaýym asudalyk bardy. Sazandar dutary düzüp, bir, iki des kakandan derwüşleriň sesine suw sepilen ýaly boldy. Şundan soň dutaryň tarlary dillenip, asyrlaryň ahu-nalasyny, zamananyň jebri-jepasyny, aşyklaryň hijran azabyny beýan edýän kimiň ýaňlanýan bu zaryn mukam-heňiň garşysynda durmaga daşdan ýürek gerekdi. Derwüşleriň köpüsi göz ýaşlaryny kir ýaglyklary bilen süpürip otyrdylar. Horezmşa hem özüniň gudratly bir döwletiň hökümdarydygyny unudyp, bu jadyly mukamyň ýesirine dönüpdi. Emma köpi gören şa sazandaryň dutaryň perdeleriniň üstünde ýeňil oýnaýan nepis barmaklaryna syn edip oturyşyna bir gizlin syry aňan ýaly, wezirine gözüniň gytagy bilen manyly seretdi. Emma jadyly heňiň labzyna iki ýana çaýkanyp, aňkasyny aşyryp oturan wezir hiç zatdan habarsyzdy. Şa onuň böwrüne dürtüp, gulagyna çawuş çakdy: -Sazandaryň barmaklaryna gowuja äňet! Şanyň sözlerine özüçe düşünen wezir: -Äňedip otyryn, barmaklary edil näzenin gyzlaryňky dek näzik. -Onuň özi gyz bolaýsa nätjek!-diýip, şa weziriniň pähimsizdigine igendi. Wezir gözlerini tegeläp, hökümdaryna seretdi: -Bä, şeýlemikä, aly hezret? Şa geplemedi. Sazandar hem çalyp oturan mukamyny aýaklap, dutary diwara söýedi-de, öňündäki çaýly käsäni eline aldy. Onuň gaşlarynyň üsti monjuk-monjuk bolup derläpdi, gözleri öz çalan sazynyň täsirinden lowurdaýardy. -Merhemetli şagalandar-diýip, şa meylisiň ketdesine ýüz tutdy: -Sazandaryňyz, birki nama hem aýdyp beräýse gamgyn köňüllerimiz ýene-de göterilerdi. Şa galandaryň ýerine kör derwüş jogap berdi: -Gadyrly myhmanymyz, siziň islegiňizi kanagatlandyrmak biziň borjumyz. Emma munuň mümkinçiligi ýok. Sebäbi meniň oglum aýdym aýdanok, ol diňe saz çalýar. Bu sözlerden soň şa özüniň gümanynyň ýerliksiz däldigine anyk göz ýetirdi. «Diýmek, kör derwüş ýeke perzendiniň gyzdygyny owazyndan biläýmesinler diýip, oňa aýdym aýtmagy gadagan eden bolmaly. Onuň ätýajy hem düşnükli-gyz oglanyň bu ykmandalaryň arasynda bolmagy gowy däldi. Onsoňam bir arkasyz derwüşiň şeýle gözel gyzy özüniň gözelligi zerarly başyna geljek belalardan goranyp bilmezdi». Şa bu pikirleri serinde aýlaýarka sazandaryň ýüzüne hyrydar gözleri bilen ýene ünsli seretdi. Soňra galandarlaryň ketdesinden gaýtmaga rugsat sorady. -Biziň külbämizde siziň üçin ýer tapylar, isleseňiz galyberiň-diýip, şagalandar myhmansöýerligini bildirdi. -Köp sag boluň! Taňryýalkasyn! Biziň kerwensaraýda ýerimiz bar-diýip, şa weziri bilen ýerinden turdy. Galandarlar olary «Alla ýaryňyz bolsun!» diýip ugratdylar. Köçä çykanlarynda bahar gijesiniň salkyn howasy şa bilen weziriň çilimdir neşäniň tüssesine dumanlanan kellelerini biraz açan ýaly boldy. Şa ähli zady unudyp, ýaňyja diňlän jadylaýjy sazynyň täsirinde geplemän gelýärdi. Henizem onuň gulaklarynda dutaryň ýakymly owazy ýaňlanyp, perdeler üstünde oýnaýan nepis barmaklar göz öňünden gidenokdy. Köşgüň golaýyndaky köçeleriň birinde iki at goşulan paýtun araba köp wagtdan bäri garaşyp durdy. Ýaňky iki derwüş gelip, paýtunyň tylla nagyşly gapysyndan sümüldiler-de geýimlerini çalşyrdylar. Şeýdip ýaňy ygyp ýören bu iki derwüş ýene-de Horezminiň gudratly hökmürowanlaryna öwrüldiler. Häliden bäri dymyp gelen şa köşge girenlerinden, wezirine gysga buyruk berdi: -Ertir meniň huzuryma salama ilkinji gelen adam ýaňky sazandar bolsun! -Lepbeý, kyblaýy älem-diýip, wezir hökümdary bilen hoşlaşdy. Horezmşanyň buýrugynyň ýerine ýetirilmän galan wagty barmy, näme?! Ertesi şa gelip tagtyna oturan badyna wezir girip, tagzym etdi: -Kyblaýy älem, rugsat etseňiz bir raýatyňyz huzuryňyza salama gelipdir-diýip, wezir ýene tagzym etdi. Şa buýrugynyň ýerine ýetirilenini aňyp, Girsin” diýen manyda başyny atdy. Wezir gapyny açyp, yşarat etdi. Sazandar derwüş içeri girip, gapynyň öňünde tagzym edip durdy. Horezmşa hiç wagt etmeýän işini edip, geleniň hormatyna ýerinden turdy, assa-ýuwaş ädimläp sazandaryň öňüne geldi. Zynatly köşküň içinde jinde geýnen derwüşiň gözellikde tenha keşbi küle gaçan göwher kimin lowurdap durdy. Şa onuň howatyrly garaýan şar gara gözlerine seredip: -Zergär kişiler göwheri kül içinde bolsa-da tanap alýandyr. Bizem sizi şalyk mertebämize laýyk bilip tapdyryp getirtdik-diýdi. Sazandar geplemedi. Şa gülümsiräp diýdi: -Gepläberiň, owazymdan kimdigimi bilerler, diýip endişe etmäň. Biz siziň owazyňyzy eşitmesek-de, kimdigiňizi bilýäris. -Siziň aly hezretiňiz, menden näme isleýärsiňiz?-diýip sazanda aşak bakdy. Gizlin syryny paş etmezlik üçin gör näçe wagtdan bäri del adamlaryň ýanynda dil ýarmadyk on sekiz ýaşly gyzyň enaýy owazyna şanyň hem, weziriň hem ini jumşüldäp gitdi. Şa sazandaryň howatyryny dargatmak üçin özüniň niýetini açyk aýtdy. -Howatyr etmäň, biz siziň özüňize däl-de, sazyňyza, sungatyňyza aşyk bolup, köşge aldyrdyk. Mundan soň siz galandarlaryň meýlislerinde däl-de, biziň şahana meýlislerimizde sazandarlyk edersiňiz hem-de köşkde erkana kenizlerimiziň biri bolup ýaşarsyňyz. Eger, sazandaryň özüne galsa, ol howandarsyz galan atasyndan aýrylyp, köşkde ýaşanyndan öňki ykmandalyk durmuşyny saýlardy. Emma ol şanyň sypaýylyk bilen aýdan mylaýym sözleriniň aňyrsynda ret edip bolmaýan buýrugyň bardygyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin onuň razylyk bermekden başga alajy ýokdy. -Eger siziň aly hezretiňiz, meni şeýle belent mertebä laýyk görýän bolsaňyz men razy. Ýöne mensiz atamyň... -Ataňyzyň gaýgysyny etmäň-diýip şa onuň sözüni böldi-Şeýle senetkär perzendi kemala getiren atany biz hor etmeris. -Sag boluň, kyblaýy älem, meniň atamy sylasaňyz, sizi Hudaý sylasyn, mertebäňizi belentlerden belent etsin! Şa alkyşy kabul eden manyda başyny atdy we gülümjiräp: -Indi özüňizi tanyşdyryň, adyňyzy aýdyñ- diýdi. -Adym Rugsar. -Eşitdiňmi adyny? - diýip, şa wezirine garady.-Rugsar şa neslinden bolmasa-da, ol sungatyň şasydyr. Şonuň üçin onuň adynyň soňuna “banu” sözi goşulsyn. Meniň şu kararym köşk ähline ýetirilsin. Indi Rugsar banuny mährem kenizlere tabşyr. Hammamda ýuwundyryp iň nepis, iň kaşaň lybaslardan geýindirsinler. -Lepbeý, aly hezret-diýip, wezir Rugsar banu bilen şanyň huzuryndan çykdy. Şol güni agşamky meýlis, şa eglenibiräk gelensoň, adatdakysyndan gijiräk başlandy. Meýlisler eýwanyny dolduryp oturan wezir-wekiller, begler, begzadalar patyşanyň gelýänini köşk sahyby yglan edeninden ýerlerinden turup, baş egip durdular. Horezmşa islimi nagyşlar bilen bezelen belent gapydan girip, adamlara bir göz aýlady-da, tagtyna geçip oturdy. Adamlar hem ýerlerinde oturanlaryndan soň köşk sahyby patyşanyň yşaraty bilen adamlara ýüzlendi: -Hormatly asylzadalar, beýik paýtagtymyz Gürgenjiň sungat gülzarynda bir ajaýyp gül açylypdyr. Onuň aly hezreti kyblaýy älem ol güli köşgüň bezegi bolmagyny ygtyýar etdi. Marhaba, Rugsar banu hanym! Meýlisler eýwanynyň altyn suw bilen nagyşlanan gapylarynyň biri açylyp, başdan-aýak zer geýnen serwi kadly, gözellikde tenha gyz gireninde bütün köşgüň nazary oňa dikildi. Gyz giren ýerinde aýak çekip, adamlara tagzym etdi. Patyşa gyzyň täze şahana lybasda husny- jemalyny görüp, özüni göwher daşy külden alyp, tylla ýüzüge gaş eden zergäre meňzetdi. -Ýeriňize geçiň, banu! Siziň üçin aýratyn ýer taýýarlanyldy. Patyşanyň bu gyza şeýle hormat bilen “sizläp” ýüz tutmagy ýöne ýere däldir, onda bir keramat bardyr, diýen pikir döretdi adamlarda. Rugsar banu şanyň teklibine minnetdarlyk manysynda tagzym edip, görkezilen ýere geçdi. Patyşanyň buýrugy bilen hyzmatkärleriň biri gyza sapy tylla nagyşly dutary getirip berdi. Dutary eline alan gyz gabagyny galdyryp, hökümdara garady, şa «başlaberiň» diýen manyda başyny atdy. Şundan soň ol zer köýneginiň uzyn ýeňlerini çyzgap, dutaryň tarlaryny düzdi-de, bir enýay heňe başlady. Dutar göýä janly adam ýaly dillenip, hasratly dünýäniň destinden nala çekýärdi. Bu heň diňleýjiniň ýüreginiň jümmüşine girip, göwresini iki ýana yrandyrýardy. Bu zaryn heň biraz salym ýaňlanyp, assa-ýuwaş soňlandy. Hemmeler sazyň täsiri bilen doňan ýaly bolup oturdylar. Bir dem dymyşlykdan soň Horezmşa dillendi: -Merhemetli Rugsar banu, biziň köşgümiz beýle ahu-nalanyň ýeri däl-de, şad-u-horramlygyň mesgenidir. -Bagyşlaň, kyblaýy älem. Men biygtyýar öz köňül köşgümiň öňden galan hasratyny beýan etdim-diýip, Rugsar banu aşak bakdy.- Indi rugsadyňyz bilen siziň köşgüňizde ýaňlanmaga mynasyp heňlerden çalyp bereýin. Patyşa salyhatlylyk bilen ýylgyryp, başyny atdy. Şundan soň adamlaryň ruhuny göterip, kalbyny joşdurýan ajaýyp heňler ýaňlanyp başlandy. Bu heňlerde hyýal çäksizligi, ruh gözelligi, aşyklaryň söýgi-wepasy, nowbahar paslynyň keýpi-sapasy beýan edilýän ýalydy. Bu ajaýyp heň köşgüň depesindäki, diwarlaryndaky nakgaşlyk sungatynyň iň nepis nusgasy bolan tyllakäri nagyşlaryň üstünde aýlanyp, özüne meňzeş gözellik gözleýän ýalydy. Meýlis gijäniň ýaryna çenli dowam etdi. Bu sapar adamlar meýden, şerapdan däl-de, Rugsar banunyň jadylaýjy sazyndan serhoş bolup dargaşdylar. Dost Salamyň hekaýaty şu ýere geleninde kesildi. Gije-de ýarymdan agypdy. Dost Salam: -Gadyrly myhmanlar-diýdi-indi gaty giç boldy, ýatyp dem-dynjyňyzy alyň. Hekaýaty sozup oturmaly. Men size onuň esasy bölegini gürrüň berdim. -Taňryýalkasyn, eziz mezbanymyz, teşşekür-diýip kerwenbaşy uly minnetdarlyk bildirdi.-Biz bu hekaýatyňyzy bir taryhy waka hökmünde kabul etdik. Bu hekaýat biziň Horezminden alyp gitjek iň gymmatly zatlarymyzyň biri bolar. Biz ony Bagdatda köp adamlara gürrüň bereris. Ýöne, hormatly Dost aga, bu gyzyň ykbalynyň soňy nähili bolanyny-da bilesimiz gelip dur. -Bu gyzyň soňky ykbaly köp beýik adamlaryňky ýaly pajygaly. Şonuň üçin ony size gürrüň beresim hem gelmedi. Indi bir aýtjak zadym, bu biziň Rugsar jana atdaşynyň şan-şöhratyny bersin-de, onuň soňky keç ykbalyndan daş etsin. Dost Salamyň bu dilegine hemmeler goşulyşyp «Omyn!» diýdiler. Şundan soň myhmanlar hem, öý eýeleri hem ýatyp rahat uka gitdiler. Ertesi azan namazyndan soň çaý başynda Dost Salam ogly Muhammediň Bagdada gideli bäri geçen on ýylyň içinde Horezminde bolan özgerişler barada gysgarak gürrüň berdi: -Muhammet Bagdada gideninden köp wagt geçmän iki Horezmini birleşdiren patyşamyz Mämün ibn Muhammet aradan çykdy-diýip, Dost Salam söze başlady.- Onuň ýerine uly ogly Aly ibn Mämün tagta çykdy. Iki ýurduň bir döwlete öwrülmegi bilen ykdysadyýetiň ösmegine oňaýly şertler döredildi, köp sanly suw ýollary gazyldy. Ýerler suw bilen doly üpjün edildi, bol hasyl alnyp başlandy, şäherlerde hünärmentçilik, aýratyn-da dokmaçylyk has ösdi. Söwda-satyk rowaçlandy, Horezmden dürli harytlar daşary çykarylyp başlady. Köp ýurtlardan siziň ýaly söwdagärleriň gelmegi üçin howpsuzlyk çäreleri görüldi. Indi bize araplaryňam, türkleriňem, bolgarlaryňam, hazarlaryňam söwdegärleri ýygy-ýygydan gelýärler. Gürgenç bolsa bir bütewi döwletiň paýtagty hökmünde uly ähmiýete eýe boldy. Men ony taryplap oturmaýyn, ony indi özüňiz aýlanyp görersiňiz, şonda «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlişi ýaly onuň nähili ajaýyp şäherdigine göz ýetirersiňiz. Indi men size aýtsam, Horezminiň, paýtagtymyz Gürgenjiň şan-şöhratyny äleme ýaýmakda häzirki patşamyz Abul Abbas al Mämun ýaş bolsa-da köp işler bitirdi. Onuň agasy Aly ibn Mämüniň wepatyndan soň tagta çykanyna ýaňy üç ýyl bolan bolsa-da şu gysga döwriň içinde ylmyň, medeniýetiň ösdürilişi bir asyra barabar boldy diýsem-de lap urdugym däl. Onuň Suhaýly atly biçak sowatly, ylymly dana weziri barmyş. Patyşa onuň maslahaty bilen «Beýtil hikme» diýen ylmy merkez açyp, köp alymlary şol ýere işe çekipdir. Başga bir ýurtda ýören watandaşymyz beýik alym Aburaýhan al Birunyny hem çagyryp getiripdirler. Dünýä tanaýan beýik hekim Abu ali ibn Sina hem şu ýere gelipdir. Indi biziň Muhammede gelsek, bu-da Bagdatdan diňe biziň üçin däl, Gürgençde şeýle ylmy merkeziň açylanyny, onda dünýä belli alymlaryň işleýänini eşidip, olaryň hataryna goşulmak niýeti bilen gelen bolmaly. Muny entek özi aýtmasa-da men bilip otyryn. Muhammet kakasynyň özüne degişli soñky sözüne ýylgyryp, başyny atdy. Myhmanlar ertirki çaý-çörekden soň öý eýeleri bilen hoşlaşýarkalar: -Gadyrdan Dost aga-diýip, kerwenbaşy ýaşula ýüzlendi.-Biz Horezmin ýurdunyň tagamly naharlaryny, baldan süýji ir-iýmişlerini ilkinji siziň öýüňizde noş etdik. Bu biziň hiç haçan ýadymyzdan çykmaz. Horezminlileriň myhmansöýerligi, jomartlygy, aýratyn-da mertligi, Muhammediň eden işini nazarda tutup aýdýan, uly öwgä mynasypdyr. Öý eýeleri özleri barasynda aýdylan bu öwgüli sözleriň ýöne bir hoşamat däl-de, ýürekden dörän duýgylaryň beýanydygyna ynanyp, myhmanlary-da hoşamaý sözler bilen ugratdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |