08:46 Gürgenç / 1-nji kitap -6 | |
VI BAP
Taryhy proza
Her bir adam öz ömründe bir zada bagly bolýar. Eger ol şol zada çyn ýürekden berlen bolsa ol zat onuň ünsüni başga zatlardan sowup, özüne bendi edýär. Muhammet ibn Salam hem öz ömrüni ylyma bagyşlany üçin öýünde bir hepdeden köp oturyp bilmedi. Göwni indi ylmyň hakyky merkezine öwrülen Gürgenje tarap telwas edip başlady. Bir gün ol maýyny tapyp pederine ýüzlendi: -Kaka, ol gün kerwenbaşa men hakda aýdanyňyzy ýalana çykaryp, men öýde bolubermäýin, rugsat berseňiz «Beýtül hikmä» baryp göreýin. Kakasyndan öňürti ejesi dillendi. -Oglum, «Alym bolsaňam zalym bolma» diýipdirler. Sen alym boljak diýip, şonça ýyllap bize zalymlyk etdiň, indem etjek bolýaňmy? -Diýýäniň näme, eje jan, men nähili zalymlyk edipdirin? -On ýyl didaryňa zar edip, bize ejir çekdireniň zalymlyk dälmi, oglum?-diýip, ejesi gözüne ýaş aýlady. -Eje jan, käbäm, men indi daş ýurda gidemok, ahryn. Özümiziň Gürgenjimizide bolýan. Aýda iküç ýola gelip giderin-diýeninden soň ejesi birneme köşeşdi. Şeýdip ol öýdäkileriň hemmesiniň razylygyny aldy. Indi Gürgenje gidermen bolanyndan soň özi gullukdan azat edip öýüne getiren Rugsar gyzyň mundan soňky ykbaly baradaky pikir ýene kellesine urdy. Ol bu hakda öňem oýlanypdy. Rugsaryň özi bilen eden ilkinji söhbetdeşliginde hem bu mesele gozgalanam bolsa ol çözülmän galypdy. Ýogsam Muhammediň kakasam, ejesem, aýalam Rugsary gowy kabul edipdiler. Ol bu öýde maşgalanyň bir agzasy hökmünde bir ömür ýaşasa-da oňa gaşyny çytjak adam ýokdy. Emma Rugsar muňa razy bolarmy? «Towşana dogduk depe» diýlişi ýaly öz ýurduny, ýakynlaryny küýsemezmi? Bu sowallar Ibn Salamyň beýnisine agram salyp başlanynda, Mahynuryň erkek geýmini geýnip, öweý atasynyň öýünden gaçany ýadyna düşdi-de, Rugsary-da şeýle geýindirip, kerwen bilen yzyna-ýurdyna ugratmak mümkindigi barada oýlandy. Ol bu pikirini Rugsara aýdanynda gyz başgaça pikir bildirdi: -Agam, men indi ýurdyma gaýdyp barsam, öňki Rugsar bolmaryn. Kakam, ejem ýok, agalarym meni nähili kabul ederler? Gyrnak bolup, gör näçe adamyň elinden geçendir-diýip pikir ederler. Men obada başgalaryň gözüne-de gara sürtülen bolup görünerin. Meniň arassadygymy özüňiz guldardan eşitdiňiz. Rugsat etseňiz men öýüňizde çory bolup hyzmat ediberäýin. -Ýok, gyzym-diýip, Rugsaryň gürrüňinden täsirlenen Muhammediň kakasy onuň sözüni böldi.-Sen biziň öýümizde çory bolup däl, öz gyzymyz bolup ýaşarsyň. Özüm seni gül ýaly ýigide durmuşa çykararyn, uly toý ederis. Önüp-ösüp, bagtly durmuşda ýaşarsyň, enşalla. Dost Salamyň mähribanlyk bilen aýdan bu sözlerine Rugsaryň damagy dolup, minnetdarlygyny hem aýdyp bilmedi. Minnetdarlygy dil bilen aýtmasa-da, Dost Salama delmirip bakan ýaşly gözlerinde çäksiz minnetdarlyk bardy. Şundan soň Muhammet ibn Salam Rugsardan hem arkaýyn bolup, goştorbasyny omzyndan asdy-da, pyýadalap ýola çykdy. Onuň bagtyna irden Gürgenje barýan bir araba sataşdy. Arabaçy gowy adam ekeni, ýüküniň ýetik bolmagyna garamazdan ony araba mündürdi. -«Ýola çyksaň ýoldaş ýagşy»-diýipdirler. Siziň sataşanyňyz gowy boldy. Gümür-ýamyr edişip gitsek Gürgenje baranymyzy bilmänem galarys-diýip arabaçy ýaňy çalaryp ugran kelte sakgalyny sypap goýberdi. Onuň güne biraz garalan ýüzündäki asudalyk, söz äheňindäki mylaýymlyk Ibn Salamy derhal özüne çekdi. «Munuň ýaly adam bilen söhbetleşseň bolýar» diýip, içini gepleden Ibn Salam: -Hany, onda gürrüňimizi tanyşlykdan başlaýaly-diýdi. Arabaçy sakgalyny sypap ýylgyrdy: -Indi tanyşlyk iki tarapdan däl-de, bir tarapdan bolýan boldy. Näme üçin diýseňiz, men sizi tanaýan. Siz Dost Salamyň Bagdatda okap, alym bolup gelen ogly Muhammet. Meni nirden bilýäň diýseňiz, ol gün siziň sag-aman geleniňiz üçin kakaňyzyň beren sadakasyna nesibäm çekip menem barypdym. -Siz obamyzyň adamy bolsaňyz menem sizi tanamaly ahryn. -Ýok, siz meni tanamarsyňyz. Men obaňyzyň gündogar tarapyndaky obadan. Obaňyza bir garyndaşymyňka işim çykyp barypdym, sadakanyň üstünden çykdym, garyndaşym alyp bardy. Nesibäniň işi-dä. -Gowy bolupdyr baranyňyz. Şonda tanyşlyk açsaňyzam boljak ekeni. -Onda töweregiňizde adam köpdi, sokulyp barmaga çekindim. Ezelde tanyşmak hem nesibede bar eken. Indi meni sorasaňyz, adym Ilhan bolsa-da, han däl-de daýhan-diýip, sakgalyny (ony gowy görse gerek) ene-de sypap goýberdi. -Daýhan diýseňiz-e. Siz käriňiz bilen her näçe buýsansaňyzam hakyňyz bar.Çünki dünyani dayhan bakyar. Ilhan aganyň ýüzi açylyp, gözleri şöhlelenip gitdi. -Bäh! Dünýäni daýhan bakýar diýdiňizmi, şu sözüňiz-ä ýüregime jüňk bolaýdy. Ýöne muny biziň bakýanlarymyzy köpüsi bilenok-da! -Ony nämeden aýdýaňyz? -Aý, durmuşda bolýan käbir zatlardan aýdýan-da. Ine, bir ýönekeý mysal: toýa, märekä barsaň sypaýy don geýenleri töre geçirýärler-de, daýhan aýakda galyberýär. Ýogsam şol töre geçýänleriň köpüsiniň halka kör köpüklik peýdasynyň degmeýänini bilýälerem. -Hawa, durmuşda hakyky bolmalysynyň tersine bolýan zatlaram bar. Ýöne siz onuň ýaly zatlara üns bermäň. Daýhanyň kimdigini halk bilýär-diýip, Ibn Salam ýoldaşynyň göwnüni göterdi. -Hany indi siz öz işleriňiz, daýhançylygyňyz, durmuşyňyz hakda gürrüň berjek dälmisiňiz? -Daýhançylyk diýilýän zady özüňizem bilýänsiňiz-le, sizem obada ösen adam-a.Kakaňyzynam ýeri bardyr ýa ýokmy? -Bar, ýigrimi tanap töweregi bolmaly. Ýöne özi daýhançylyk edenok. Öňden ony ýarymça beripdir. Özüniñ bolsa balyk saklaýan kiçijik buzly jaýy bar. Tutulan balyklary şol ýerden şäherde balyk gowryp satýan balykpezler gelip alyp gidýärler. -Hä, güzerany her kim özüçe dolandyrýar-da. Meniňem ýerim ýigrimi tanap, diňe özümiz ekip dikýäs, günlükçi-de tutamyzok, ýarymça-da beremizok. Hudaýa şükür, bugdaýymyzam,şalymyzam, künjimizem, gawun-garpyzymyzam, gök-sögümizem ýylyň ýylyna gowy hasyl getirip otyr. Ýere yhlas bilen seretseň, olam yhlasyňa görä eçilýär. Ine, şu alyp barýan bugdaýymam şu ýylky täze hasyldan. Ýigrimi batman. Ony şu gün satsam, ertir bir öküzçäni arabanyň yzyna tirkäp gaýdybermeli-diýip, Ilhan aga sakgalyny sypap goýberdi. -Aý tüweleme, Ilhan aga, bu ýigrimi batman däne näçeräk ýerden çykýar?-diýip, Ibn Salam gyzyklanyp sorady. -Idegiňe bagly. Biz-ä her tanapdan kyrk batmandan hem geçirip alýas. Şondan bu ýigrimi batman ýarym tanapdan hem azyrak ýerden alynýa-da. -Aý, tüweleme, Ilhan aga, çäjiňe berlişi ýaly ömrüňe-de bereket bersin, ylahym! -Sag bol, taňryýalkasyn, inim Muhammet. Hany indi sizem işiňiz barada gürrüň beriň-dä. Bi alymlar näme iş edýä, bizem bileli-diýip, Ilhan aga ýoldaşyna ýylgyryp garady. Ibn Salam bu sada daýhan adama alymyň işi, ylym diýilýän ummasyz älem hakynda näme gürrüň berjegini bilmän, bir salym ýaýdandy, soňra: -Alymyň işi ylym, Ilhan aga, ylym diýilýänide özbaşyna bir ummasyz älem. Dogrymy aýtsam men size ony nädip düşündirjegimi-de bilemok-diýdi. Ilhan aga muny özüçe «sen bir nadan daýhan, ylym diýilýen zady gürrüň berenim bilenem aňmarsyň» diýen manyda düşündi-de, bir hili gahary geldi. Ýöne kinesini bildirmän «menem muny bir duzlaýyn» diýen pikir bilen ajy ýylgyryp dil ýardy: -Bä-ä, inim, özüň alym bolup, edýän işiňi düşündirip bilmeseň gadymda bir danyşmendiň «Ylmyna amal etmedik alym üstüne kitap ýüklenen eşege meňzeýär» diýeni ýaly bolmaýarmy? Ibn Salam çym gyzyl boldy. Ol ýoldaşynyň nämä gaharynyň gelenini duýdy. «Ol meniň sözümi başgaça düşünpdir-ow. Men onuň göwnüne degmekçi däldim. Özümem oýlanman gepläpdirin» diýip, içini gepleden Ibn Salam arany bozmazlyk üçin degişme äheňinde dillendi: -Bäh, Ilhan aga, hiç bolmasa ine şu arabany çekip barýan ata meňzedäýseňizem boljakdy, «eşege meňzeýär» diýeniňiz-ä gatyrak degdi. -Oho, bagyşlaweriň, biz bir nadan daýhan adam aýdan sözümiň parhyna barmandyryn-diýip ol ýene duzlady. Ibn Salama onuň kinesiniň sebäbi indi has hem düşnükli boldy. -Ilhan aga-diýdi Ibn Salam mylaýymlyk bilen-Siz meniň ol sözümi nädogry düşünipsiňiz. Men siziň göwnüňize degmekçi däldim. Siz hijem nadan adam dälsiňiz. Ine gep urşyňyzdan görüp otyryn, siz gaty pähimdar, duýgur adam ekeniňiz. -Haý, haý! Adamy ýüzüne öwmek gowy däl. Munuň ýaly öwgi köplenç ýalan bolýa. -Illa çynym, Ilhan aga, ýöne öwmek üçin aýdamok. -Bolýa-la, inim, bu gepi goýaly. Ýöne siz maňa ylym diýen zady düşündirip bileňizok, ýa-da düşündiresiňiz gelenok. -Ikisi-de däl, Ilhan aga. Men size gysgarak edip düşündirsem, Ylym diýilýän zat älemiň syrlaryny, dünýäniň gurluşyny, zeminiň astynyň, üstüniň nämelerden ybaratdygyny, tebigatyň hadysalaryny öwrenýär. Alymlaryň işi şu. -Ahe, älemiň syrlaryny öwrenýärler diýdiňiz, ony öwrenen bilen bilip bolarmyka. Ine, meniň bir zada hiç aklym ýetmeýär. Daňdan turup Günüň çykyşyny synlaýan, ol güni bilen asmany aýlanyp, bize ýagtysyny berýär-de, ýaşyp gidýär, ertesi ýene täze Gün dogýar. Hudaýyň beren güni şeýle. Şonça Gün nirde bar? -Täze Gün dogdy diýsegem, ol täze Gün däl, şol bir Güniň özi. Ol ýerimiziň aňry tarapyndan aýlanyp çykýar. -O nähili beýle bolýar? Ol aýlanyp ýene çykar ýaly ýeriň aşagynda boş meýdan barmy näme? -Bar, Ilhan aga, ýerimiziň hemme tarapy-da boşluk. -Aý ýog-a, Ol bir zadyň üstünde durmasa boşlukda nädip dursun? Aşak gaçaýmazmy?-diýip, ol gözüni tegeläp Ibn Salama seretdi. -Älem giňişliginde «aşak», «ýokary» diýen zat ýok, Ilhan aga, olar ýeriň üstünde bar. -Aý, goýsana inim, aklyňa sygjak zatlar däl-ä bu aýdýanlaryň. Ýene meni aňkow daýhan hasaplap, oýnap oturan bolaýma-diýip, birneme gaharlanany üçinmi «sizden» «sene» geçdi. -Be, ýene münkürlige gitdiňiz-ow. Men oýun edip gepleýän adam däl. Men size alymlaryň gelen netijesini, ylmyň sözüni aýtdym, Ilhan aga. -Ol alymlar diýeniň o taýlara baryp, aýlanyp görüpdirlermi, beýle netije çykarar ýaly. Olaram biziň ýaly ýeriň üstünde ýören adamlar-a-diýip, Ilhan aga janygyp gepledi. -Dogry, olaryň özleri ýeriň üstünde bolsalaram, akly, hyýaly älemi, zeminiň astyny, üstüni aýlanyp çykýar. Ana, şonuň ýaly hyýaly ýüwrek, akly ötgür adamlar alym bolýar. -Ha, ha! Özüňem öwdüň-ow, inim. -Ýok, Ilham aga, men entek o derejedäki alym däl. Ýöne şol derejä ýeterin diýen tamam bar. -Ýagşy. «Ýagşy niýet ýarym döwlet» diýipdirler. Al indi, şol derejedäki alymlaryň hyýaly aýlanyp, akly aýlanyp, gelen netijeleri hemişe dogry bolup çykýamy?-diýip, Ilhan aga Ibn Salama tinkesini dikdi. -Öňden hakykat diýip kabul edilen zatlaryň käte şübhe oýarýan wagty hem bolýar. Ýaňy siziñ Gün hakyndaky sowalyňyza meniň beren jogabym, ýagny Günüň Ýeriň daşyndan aýlanmagy bilen gije, gündiz emele gelýär diýen pikir mundan müň ýyldan hem öň ýaşan Eflatun diýen alymdan galan çaklama. Meniň eşitmişime görä häzir bu çaklamanyň garşysyna başga bir çaklama hem barmyş. Emma Eflatunyň çaklamasy hazirki döwürde bütin dünýäde, dinimiz tarapyndan hem ykrar edilen kanunyýet hasaplanýar. Şonuň üçin oňa hiç kim äşgär garşy çykyp bilmeýär. Ilhan aga Ibn Salamyň gepini düşünmän galaýmaýyn diýip, bütin ünsüni berip diňledi. Ol ylmyň özüne, täze çaklama diýenine degişli gyzyklyrak gürrüň eşitjekdi. Emma Ibn Salam onuň garaşan zadyny aýtmady. Onsoň özi sorady: -Bi, inim Muhammet, täze çaklama diýeniňde nämeler diýilýär, nämesi öňküsine garşy? -Ilhan aga, dogrymy aýtsam, ony meniň özüm hem anyk bilmeýän. Anyk bilmedik zadymy çenden aýtsam ýalançy bolaryn. Ýöne bir zady bilýän. Siz Aburaýhan Biruny diýen alym hakda eşidipmidiňiz? -Aý howa-la, Birunyny bilmeýän adam barmy? -Ana şol alym Eflatunyň çaklamasyna şübhe bildiripmiş. Täze çaklama diýenleri-de şol kişä degişli bolmaly. Ýöne diňe öz aralarynda. -Onuň ýaly bolsa, bizem bu gürrüňi goýaýaly. Näme diýseňem, müň çaklamaň bir gatlama degmeýä, güzerandan gürrüň bersene. Alymyň düşöwündi nähili bolýa? Güzerany nähili? -Men pederimiň döwletinden entek bu hakda oýlanyp göremok, Ilhan aga. Ýöne baryşyma Biruny dagynyň işleýän ýeri "Beýtul hikme" diýen ylym merkezine işe girsem, aýlyk-günlük berilse gerek patyşalykdan. -Ha, ha. Şeý diýsene. Biruny ýaly beýik alymlar bilen bile işleseň şol aýdan derejäňe ýetersiň, enşalla, inim. -Aýdanyňyz gelsin, Ilhan aga, sag boluň! Alym bilen daýhanyň söhbetdeşligi şu zeýilli dowam edip, Gürgenje gelip ýetenlerini hem duýman galdylar. Olar şähere girenlerinden soň mähirli hoşlaşdylar. Günem günortana golaýlapdy. *** Ibn Salam şähere gireninden soň niýetläp gaýdan ýeri «Beýtul hikme» dergahyna göni barmaga, bir bada ýürek etmedi. Muňa «kabul ederlermikä» diýen howatyry sebäp boldumy ýa-da ol ýerde işleýän beýik alymlaryň at-owazasynyň sussy basdymy, garaz bu işi biraz yza çekdi. Şeýlelikde, ol ilki kerwensaraýa baryp, dosty kerwenbaşynyň halyndan habar almagy, soňra özi ýedi ýyllap okan medresesine, okadan müdderislerine salama barmagy ýüregine düwdi. Ol kerwensaraýda kerwenbaşyny hüjresinden tapman yzyna dolanyp gelýärkä şu ýerdäki naharhananyň gapysy açylyp, naharlaryň işdäni gozgaýan ysy burnuna uranda gunortanlyk edinmek ýadyna düşdi, naharhana girdi. Naharhananyň içi giňdi. Hatara goýlan pesejik sekilerde adamlar naharlanyp, çaý içip otyrdylar. Kerwensaraýyň uzyn dalanynyň bir gapdalynda ýerleşen bu naharhana esasan Gürgenje gelen mysapyrlara, söwdagärlere, jahankeşdelere hyzmat edýärdi. Bu ýerde oturan adamlar dürli dillerde sözleşýärdiler. Ibn Salamy gapydan giren ýerinde elleri kündük, legenli oglan salam berip, garşy aldy, eline suw akydyp, boş sekiden oturmaga ýer görkezdi. Başga bir ýigit gelip, onuň bilen mylakatly soraşdy. Soňra iýmek, içmek üçin nämeler buýyrýandygyny sorap gitdi. -O-ho, dostum Muhammet!-diýen sese öwrülip sereden Ibn Salam ýeňsesinde ýylgyryp duran kerwenbaşyny gördi, derhal ýerinden turup görüşdi, soraşdy. Soňra: -Men Sizden habar alaýyn diýip, bäri sowulypdym, hüjräňize baryp tapmadym. Onsoň günortanlyk edineýin diýip, giräýdim bäri - diýdi.- Hany geçiň oturyň, bile naharlanarys. -Menem bazar aýlanyp, naharlanmak üçin bäri gaýtdym-diýip, kerwenbaşy Ibn Salamyň ýanyna geçip oturdy-Bazarda-da bişip duran nahar kän. Satyjylar söwda edip oturan ýerinde islän naharyny aldyrýarlar. Men şu ýere öwrenişipdirin. Bu ýeriň içi salkyn, naharlaram gowy. Hyzmatkär ýigit ulakan mejimede Ibn Salamyň buýuran naharyna goşup, Kerwenbaşy üçin hem nahar getirdi. Ibn Salam: -Bular Siziň iýýän naharyňyzy bilýäler öýdýän, buýurmasaňyzam getirdi-diýip, Kerwenbaşa ýylgyryp seretdi. Ol: -Gapydan girenimde elimi ýuwup durkam aýdypdym-diýdi. Şu gün nesibämiz goşulan ekeni. Hany alyň, bissimilla Iki gadyrdan dost naharyň, çaýyň başynda bir salym mesawy gürrüň etdiler. Kerwenbaşy Gürgenjiň şäherinden alan täsirlerini tolgunyp gürrüň berdi. -Dostum, pederiňiziň «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýeni dogry ekeni. Ine, bir hepde bäri şäheri aýlanyp, görüp ýörün. Entek onuň aňyrsyna çykar ýaly däl. Şähristany, ondaky köşkleri, medresedir metjitleri aýlanyp gördim, şäheriň içinden geçýän derýanyň bir golunyň gyralaryndaky aşagyna gün düşürmeýän güjümleriň saýasynda dynç alyp oturan adamlary görenimde juda höwesim geldi. Aýratyn-da, Gürgenjiň bazarlary mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Bazarlar şeýle bir köp adamly, olardaky dürli ýurtlardan gelenleri, dürli dillerde sözleşýänleri göreniňde bu şäher dünýäniň merkezimikä diýdirýär. Hünärmentçilik gaty ösen eken. Hünärmenleriň ussahanalary bazaryň üçden birini tutýan bolsalar gerek diýip çak etdim. Bu ussahanalarda bejerilýän, satylýan zatlar sanardan köp. Hatda dutaryň tarlaryny göterip durýan “eşegi” bejerip oturan ussalara çenli bar. Bi, üsti ýapyk uzyndan-uzyn söwda restelerindäki dukanlarda islän zadyň bar. Bazarlaryň açyk meýdanynda daýhanlar üçinem, bagbanlar üçinem aýry-aýry ýerler berlipdir. Ol ýerlerdäki ir-iýmişleri, galladyr, gök önümleri göreniňde gözüň dokunýar. Bir söz bilen aýdanda, dostum, men Gürgenjiň dünýäniň beýik, baý şäherleriniň biridigine göz ýetirdim. Kerwenbaşynyň sözleri Ibn Salamyň kalbynda öz şäherine bolan buýsanjy has artdyrdy. -Indi bizem ýükümizi tutup başladyk-diýip Kerwenbaşy sözüni dowam etdirdi.-Horezmine nähili agramda ýük bilen gelen bolsak, şeýle agramdaky ýük bilen hem gaýdarys. Ýurduñyzyň künjüsi, tüwüsi, kişdesi, kişmişi, igdesi başga ýurtlaryňkydan hiliniň has gowulygy bilen tapawut edýär. Şeýle-de kakadylan gawun dilimleri, diýseň, halwadan hem süýji. Bulardan başga-da ýurduňyzda öndürilýän matalar, türkmen halylary ýaly harytlardan hem aldyk, dostum. Emma güýze galman, irräk bişýän «gürbek» diýen gawundan alyp gitmek boljak däl eken. Alsak Bagdada barýança içi ajap gidýär, diýip düşündirdiler. Ony, gürbek gawuny ilkinji gezek iýenimde onuň mazasyna telpek goýdum, men ömrümde beýle süýji gawun iýip görmändim. Söwdagärler Bagdada Horezminiň gyşky gawunlaryndan eltýärler. Olaram gaty süýji. Emma gürbegiň tagamy düýbünden başgaça. -Wah! Eýýäm gürbek bişip, bazara düşüpmi, ony gaty ir ekip, ir ýetişdirýän daýhanlar bar-ow. Biziň obamyzda entek gürbek bişenok. Şeýdip, siz Gürgenjiň görküne tomaşa edip, süýji iýmişlerinden dadypsyňyz-da. Biziň ýurdumyz size ýaran bolsa men gaty şat, dostum. -Ýaranynda, gaty ýarady! Horezmin ajaýyp ýurt, onuň paýtagty Gürgenjiň tarypyna söz ýok, dostum Muhammet. -Gul bazaryna barmadyňyzmy? Ol hakda hiç zat aýtmadyňyz-a. -Bardym. Gul bazary hemme ýerde bir meňzeş. Bagdadyň gul bazaryndan tapawudy ýok. Ýöne ol ýerde men bir gyzykly wakanyň şaýady boldum-diýip, Kerwenbaşy kellesini ýaýkap güldi.-Bir geýnüwli ýigit bir ak sakgally kişi bilen gelip, bir salym gyrnaklara syn edip durdylar. Soňra ýigit: -Hany aýt, ata, haýsysy bolýa saňa?-diýdi. Ak sakgally goja: -Özüň saýlaber, oglum. Meniň gözüm alkymyna barmasam gowy görenok. Niçikleri bar?-diýdi. -Her hilisi bar, ata. Owadanlaram, görümsizräklerem bar. -Alyp berjek bolsaň maňa owadanyny alyp ber. -Owadanlary gymmatdyr, ata. Bu guldarlar owadan gyrnagyna üç esse köp baha kesýärler. Beýlerägini alyberäli, saňa aýak-goluňy, arka-boýnuňy owkalasa, täret suwuňy ýyladyp berse bolýa dälmi, owadanyny nätjek, alyp ýatjakmy, näme. -Aý, indiden soň alyp ýatma diýen zat ýok-la. Emma ýanyñdaky närse owadan bolsa, oňa gözüň düşende göwnüň göteriläýýär-dä, oglum. - Ataňyz dogry aýdýar, beg ýigit. «Ata razy Hudaý -razy»-diýip, guldar öz bähbidini arap, gepe goşuldy. Ýigit söwdada biraz jedelleşip, gyrnagy alyp, atasynyň eline tutdurdy. Goja kişi gyrnagyň elini tutuşdyryp: «Hä bolýa, elleri ýumşajyk ekeni»-diýdi. Gyrnak gyz içiňden geçip barýan ala gözlerini oýnadyp pars dilinde: -Şu ýumşak ellerim bilen seni bir gün bogup öldürerin-diýdi. -Näme diýýär bu gyz-diýip, goja guldardan sorady. Ol gülüp: -Näme hyzmaty bolsa janym bilen ederin diýýä-diýdi. Şeýdip, ataly-ogul satyp alnan gyrnagy alyp gitdiler. -Görýäňizmi, adam näçe garrasa-da, gözellige bolan duýgusyny ýitirmeýär-diýdi Ibn Salam. Soňra: -Burunlak gullaryny, gyrnaklaryny satypmy?-diýip sorady. -Satypdyr. Ol düýn başga bir kerwen bilen yzyna gaýtdy. Ol kerwensaraýa sowgat beriljek gyrnagy alyp gitmäge gelen şäher häkiminiň wekiline bir gyrnagynyň ogurlanandygyny aýdyp, arz etdi. Wekilem «Biz şäheriň içinde bolan zada jogapkär, şäheriň daşyndaky işlere jogap beremizok, ony köşge baryp şanyň wekiline arz ediň» diýdi. Burunlagam «Onda men sowgatlyk gyrnagy-da köşge özüm alyp barjak hem arzymy aýtjak»-diýdi. Wekil bir hili dymyp durdy-da: «Arzyňyzy diňlärler, ýöne ol gyrnagyňyz tapyljakmy, tapylmajakmy, belli däl. Şonuň üçin size uly zyýan bolmasyn. Men özüm köşge baryp, bu kerwende patyşalyga laýyk gyrnak ýok eken diýip aýdaryn»-diýdi-de ýalym-ýulum edip ötägitdi. Ol eger burunlak köşge barsa syrynyň açyljagyny bildi. Kerwenbaşynyň bu gürrüňi Ibn Salama erbet täsir etdi, öz ýurdunda şeýle galp adamyň, onda-da döwlet işgäriniň bardygyna bir hili namys etdi. Şundan soň olaryň söhbeti ahyryna ýetip, naharyň omynyny etdiler. Hasaplaşyga gezek gelende ikisiniň arasynda jedel başlandy: -Ýok, siz tölemeli däl. Siz biziň ýurdumyza gelen myhman. Myhmanyň hasabyna iýip-içmek gowy däl. Şonuň üçin men tölejek. -Ýok bolmaz! Siz entek talyp, men täjir. Täjir talybyň hasabyna iýip-içse gowy däl. Şonuň üçin men tölemeli. Bir näçe gezek gaýtalanan bu jedeli diňläp duryp iren hyzmatkär: -Jedeliňizi goýuň, jenaplar. Jedeliňizi men çözeýin-diýdi. -Hany, nädip çözjeksiňiz? -Ikiňizem tölemäň, iýen naharyňyzyň pulyny özüm ýerine goýýan-diýip, hyzmatkär ýigit aşhana tarap ýöneldi. Olar tarsa ýerlerinden turup onuň yzyndan ýetdiler-de, jübisine pul dykdylar. Pulyny birine derek ikisindenem öndüren hyzmatkär naharhanadan çykyp barýan dostlaryň yzyndan seredip, ýylgyryp galdy. Dostlar bolsa eden işlerini diňe daşary çykanlaryndan soň aňşyryp, biri birlerine garap gülüşdiler. -Aý, bähbit bolsun-da, bähbit bolsun-diýişip, iýen naharlaryna iki esse pul tölänlerini ýumarladylar. Şundan soň Ibn Salam bilen kerwenbaşy gadyrdan dostlarça mähirli hoşlaşyp aýrylyşdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |