08:51 Gürgenç / 1-nji kitap -9 | |
IX BAP
Taryhy proza
Ibn Salam guşluga golaý gözüni açdy. Görse, özüniň medresedäki hüjresinde däl-de, bir şahana otagda, ýumşak ýatalganyň üstünde ýatyr. Huşuny jemläp, bolan wakalary yzygiderli serinden geçirmekçi boldy, hemmesi ýadyna düşmedi, bu ýere nähili gelenini-de huşuna getirip bilmedi. «Diýmek, meni serhoşlykda, huşumy ýitirenimden soň, şu ýere getirip taşlapdyrlar-da» diýip, içini hümleden Ibn Salam ýerinden turmakçy bolup üstündäki ýorgany serpen badyna özüniň çuw ýalaňaçdygyny duýdy. Ýorgany gaýtadan ýapynyp, töwereginden geýimlerini gözledi. Ýekeje-de eşigi gözüne ilmedi. Penjireden daşary seretse, bir eýýam gün çykyp, onuň şöhlesi daragtlaryň ýaşyl ýapraklarynda jylalanýardy. Diýmek, taharat-da galdy, namazam. «Eý Hudaýym, indi bu günämi men nädip ýuwaryn?!» diýip, eden işine iç-içinden ökünip, ýorgana çolanyp oturan Ibn Salam: «Kim bar, bu öýde?!» diýip gygyrdy. Otagyň gapysy açylyp, bir näzenin girdi: -Turduňyzmy, begim?-diýip zenan tagzym etdi. -Begim? Sen kim? -Siziň gyrnagyňyz. -O nähili gyrnagym?! Meniň gyrnagym ýok! -Ozal bolmasa, indi bar. Ine, men. -Sen?! Bu nä oýun? Düşündirsene maňa... -Men näbileýin. Gijäniň ýaryndanam geçende sizi getirip, "seniň täze eýäň” diýip goýnuma saldylar... -Eý Hudaý! Bu nä masgaraçylyk! Kimiň öýi bu öý?! -Siziňki. Şazada Abul Harys men bilen şu öýi size peşgeş beripdir. -Näme?! Peşgeş?!-Ibn Salamyň depesinden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. "Gep bu ýanda diýsene. Maňa bular ýaly peşgeşiň näme üçin berilýänini bilmegim gerek" diýip, ol öz ýanyndan hüňňürdedi.-Meniň eşiklerim nirede? Eşiklerimi tapyp ber! Zenan dik sandygyň bir ýan gapysyny açyp, ýuka ýüpek ýektaýy äberdi-de: -Şuny geýip, hammama girip çykyň, onsoň geýnersiňiz-diýip otagdan çykdy. Ibn Salam topugyna ýetip duran ýektaýa dolanyp, onuň yzyndan çykdy. Çykan ýeri dört penjireli ortarak eýwan ekeni. Eýwanyň sag tarapynda gapysyz däliz bardy. Zenan: -Geliberiň-diýip şol tarapa ýol başlady. Däliziň sag tarapynda iki sany arasy açygyrak pesiräk gapy göründi. -Meýdan etseňiz aňyrky gapa giriň, onýança men suwlary taýýarlap durýan-diýip, zenan bärki gapa girdi. Ibn Salam giren gapysyndan çykyp, bärki gapa gireninde zenan suwlary taýýarlap, oňa garaşyp durdy. -Sen näme dursuň? -Sizi ýuwundyrmaýynmy? -Çyk, özüm ýuwunýan. Hammamda ýuwunýarka-da Ibn Salamyň kellesinde dürli oýlar at salýardy, özüniň nädip bu duzaga düşenine haýran galýardy. Indi boljak iş bolansoň, oý-pikirdenem, ökünçdenem peýda ýokdy. Muny onuň özi-de gowy bilýärdi. Şonuň üçin onuň indiki etmeli işi sag-aman bu altyn kapasdan sypyp gitmekdi. Ol şu pikir bilen hammamdan çykyp, eýwandaky naz-nygmatdan doly saçaga-da seretmän ýatan otagyna girdi. Onuň yzyndan giren zenan: -Begim, çaý, nahar taýýarlap goýdum, ertirlik edinmeýäňizmi?-diýdi. -Işdäm ýok, men geýinjek. Eşiklerimi tapyp ber. Zenan dik sandykdan ak ýüpek köýnek, balak, dört oralan ýüpek selle we mawy reňkli ýuka zerbap don çykaryp, ýatalganyň üstünde goýdy. -Bular meniň geýimim däl, meniň öz eşiklerimi tapyp ber. -Şulardan başga eşik ýok, begim. Şahana lybaslar-a bular, geýiberiň. -Meniň öz geýimlerim nirde? -Sizi getiren adamlar alyp gitdi, ýerine şulary getirip gitdiler. Ibn Salam bu oýnuň maksadyna entegem düşünüp bilmedi. Indi onuň bu geýimleri geýmekden başga alajy galmady. -Çykyp dur, men geýnip alaýyn-diýip, zenana üm bilen gapyny görkezdi. -Men özüm geýindireýin, näme menden gaçýaňyz... Zenanyň bu sözünden soň güpbe göwnüne bir şübhe geldi: -Aramyzda hiç zat bolanok dälmi?-diýip sorady. -Ýok, bolanok, siz gaty serhoşdyňyz, huşyňyz ýokdy. Ibn Salam içinden «Hudaýa şükür, bir günähi kebirden saklanypdyryn»-diýip goýdy. Ol ýatalganyň üstündäki eşiklere seredip duruşyna bu geýimde «Beýtil hikmä» baryp bolmajagy hakynda oýlanýardy. Şonuň üçin ol bazara baryp, egin-eşik satylýan dükanlaryň birinden özüniňki ýaly ýönekeý geýim alyp geýmelidi. Şunda donunyň jübüsindäki pullary ýadyna düşdi. Ol: -Pullarymy goýup gitmedilermi?-diýip sorady. -Öz pulyňyzmy, başga pulmy, bilmedim, täze donyňyzyň jübüsi puldan doly. Ibn Salam «Bu sahylyklaryň sebäbi nämekä?» diýip öz ýanyndan hüňürdedi-de zenana garap: -Indi çykyp dur, men geýneýin. Donuň jübüsindäki puluň öz pulumdan artygyny saňa goýup gidýän – diýdi. Zenan çykdy. Ibn Salam hem geýinip eýwana çykanynda saçagyň başynda iki sany daýaw pyýada otyrdy. Olar ýerlerinden turup, gol gowşuryp, Ibn Salama salam berdiler. Olaryň biri: -Jenap Muhammet ibn Salam, şazada Abul Harys size paýtun iberdi. Köşgünde size garaşýar-diýdi. Ibn Salam özüni kapasa düşen guş kimin duýup, näme etjegini bilmän galdy, bir hyýaly ret jogabyny berip, göni çykyp gitmekçi boldy. Emma beýtse bu iki pyýadanyň nähili hereket etjegini bilmän ýaýdandy. Gör, olar şazadadan niçik buýruk alyp geldiler? Garşylyk görkezmek peýdasyz. Şonuň üçin baryp, şazadanyň özi bilen düşünüşmeli diýen pikire gelip, paýtuna mündi. Şazadanyň köşgi derýanyň şäheriň içinden geçýän golynyn boýunda ýerleşen, gowy howaly ýerdedi, ol daşyndan men diýen haýbatly bolmasa-da, içki diwarlary tylla suw berip bezelendi. Bu jaý Gürgençde bir näçe ýyl tagtda oturan hökümdar Aly ibn Muhammet al Mämüniň ogluna saldyran köşkpisint jaýdy. -Marhabo, eziz agam!-diýip, şazada Ibn Salamy penjirelerinden deryanyň golynyn tolkunlanyp akýan suwy görnüp duran eýwanda kabul etdi. Görüşip soraşyp, dürli naz-nygmatlardan doly saçagyn başyna geçdiler. -Eziz agam, Muhammet, düýn agşam siziň bilen gowy oturdyk, dostlaşdyk, dogan okaşdyk-diýip şazada söze başlady. Ibn Salam içinden şeýle-de bolupmyka diýip, ýadyna düşürjek boldy, emma düşürip bilmedi. -Hawa, siziň beren gürrüňleriňizden, men dost saýlap ýalňyşmandygyma, Siziň hakyky mert, edermen, ynsanperwer, adalatly adamdygyňyza göz ýetirdim. Kerwendäki guldaryň goşundan ol sazandar gyrnagy alyp gaçmak her kim-her kimiň elinden gelýän iş däl... Ibn Salamyň depesinden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. «Wah, men samsyk, şol zatlary-da aýdypdyrynmy?» diýen pikiri beýnisine çog bolup basyldy. -Ol gyzyň tarypyny şeýle bir ýetirdiňiz weli, meniň şol bada ony göresim, sazyny diňläsim geldi. Ýöne siz «Men size ony ertir peşgeş berýän» diýeniňizden soň bu işi bu güne goýduk. -Men size ony peşgeş berjek diýdimmi?- Zähresi ýarylara gelen Ibn Salam şazadanyň ýüzüne naýynjar seretdi. -Näme, maňa beýle seredýäňiz, ýa aýdan sözüňizden dänjek bolýaňyzmy? -Şazadam, şeýle diýip aýdanym ýadyma, düşenok... -Ýadyňyza düşmese, ýadyňyza düşürjek adamlar bar. Ýanymyzda iki ülpetimiz bar-da, olar şaýat. Menem size «Bir gara, bir gara» diýenlerinden hem artdyryp, bir garaňyza iki gara öňünden peşgeş etdim. Häzirem şol ýerden geldiňiz dälmi? -Şazadam, meni bagyşlaň. Serhoşlykda men näme aýdyp, näme goýanymy hem bilmändirin. Onsoňam men siziň jomartlyk bilen eden şol peşgeşiňizi kabul edip bilmeýän. Men ylym adamy, maňa aýşy-eşretde ýaşamak gelişmeýär. Meniň medresede ýaşaýan hüjräm bar. Şol maňa ýeterlik. Men Bagdatdan öz watanymda "Ummat al ylym" atly ýagny «Beýtil hikme» ylym dergähiniň açylanyny eşidip, şu dergahde işlemäge, ol ýerdäki beýik alymlardan ylym öwrenip, öz ylmymy kämilleşdirmegi niýet edinip geldim. Indi maňa rugsat etseňiz, şol niýet edip gaýdan ýerime baraýyn. -Ha, ha, ha! Juda gülküli zatlary aýdýaňyz, muhterem Ibn Salam. Siz bu bäş günlük dünýäniň lezzetlerinden ýüz öwrüp, näme artdyrjak bolýaňyz. Ylym öz ýoluna, keýpi sapa öz ýoluna. Horasanda bir beýik alym we şahyr döräpdir. Onuň şeýle beýti bar: Zahyt, saňa hüýr, maňa jenana gerek, Jennet saňa bolsun, maňa meýhana gerek. Siz, näme ol kişiden beýikmi? Bu dünýäniň keýpi-sapasynyň gadryny bilýän ýene bir şahyr şeýle ýazypdyr: Yşk bilen ybadat jet däldir, asla, Ony hem, muny hem buýurmyş Alla. Ybadat ýol açsa jennete onda, Jenneti bagyş eder bu ýanda leýla. Niçik? Rast aýdylypmy? Men size şu misrelerde aýdylan jenneti bagyşlaýan. Men size bir leýla bilen bir gözel ymarat berdim. Sizem sahawata gaýtargy etmeli bolarsyňyz. Ibn Salam kyn ýagdaýa düşdi. «Nätmeli? Rugsary berjek däl diýse, Abul Harys hökmürowan şazada. Onuň bilen oýun edip bolmaýar» diýen pikir serinden geçse-de, ony raýyndan gaýtarmakçy bolup, ýene bir synandy: -Şazadam, men ol biçäre gyzy gullukdan azat etjek bolup, alyp gaçdym. Indi ony ýene gulluga bersem... -Kim ony gul edip saklajak!-diýip, şazada onuň sözüni kesdi.-Eger men onuň sazyna, sungatyna, husny-jemalyna aşyk bolaýsam, ol meniň däl, men onuň guly bolaryn. Eger-de ol meniň özüne gul bolmagymy-da islemese, onda ol köşgümizi bezäp, erkin keniz bolup gezer. Ibn Salama indi çykalga galmady. -Bolýa, şazadam, men siziň şu sözleriňizi Rugsara aýdyp, onuň razylygyny aljak bolaryn... -Munuň ýaly-da gyrnagyň razylygy soralmaýar!-diýip, Abul Harys çürt-kesik aýtdy. Ibn Salamyň ýüzi ak esgä döndi. Oňa nazary düşen şazadanyň rähimi indimi nämemi ony artyk ünjä goýmagy islemedi. -Görýän weli, meniň sözüm size gatyrak täsir edäýdi öýdýän. Biynjalyk bolmaň. Men sizi Rugsaryň öňünde gyjalata goýmaryn. Gowsy, siz maňa öýüňiziň salgysyny beriň, men özüm baryp, Rugsar bilen gürleşerin. Eger razy bolmasa alyp gaýtmaryn. Men ejize ganym däldirin-diýdi. Abul Harys söbetdeşine bir hili ýeser nazar bilen seretdi-de: - Bilip durun, içiňizde «Ejize ganym bolmasaň, onda näme «Munuň ýaly-da gyrnakdan razylyk soralmaýar diýdiň?»-diýen sowal döredi, şeýle gerek. Men size zamananyň düzgünine görä durmuşda bolýan ýagdaýy aýdyp goýberipdirin. Ýöne zorluk diýen zat meniň tebigatyma ýatdyr, dostum. Ibn Salam şazadanyň gep sözlerine garap, eger olar hakyky häsiýetini ýaşyrýan perde bolmasa ýaman adam däl eken diýen netijä geldi. Oňa onuň Rugsar hakynda häzir gelen pikiri juda makul boldy. Ol Abul Harysa minnetdarlyk bilen seredip: -Şazadam, siz hakyky adalatly, ynsanperwer, alyjenap kalp eýesi-diýdi. Ibn Salamyň öwgüsi Abul Harysa ýaraman durmady ol: -Ýurda şeýle adam patyşa bolmaly-diýip, ýüregindäkini aýdyp goýberenini duýman galdy. Ibn Salam: -Enşalla-diýip başyny atdy. Eger ol şeýle diýmese şazadanyň köňlünde özüne şübhe döretjegini bildi. Ibn Salamyň «Enşallasy» Abul Harysyň oňa bolan ynamyny has artdyrdy, geljekde bu adamdan hem öz maksadynyň ýolunda peýdalanyp boljakdygyna ynam döredi. «Beýtil hikmä» ýerleşmekligi maksat edinýän bolsa, goý ýerleşsin. Şunuň bilen alymlarsyz güni geçmeýän patyşanyň köşgüne hem ýakynlaşar. Köşkde özüne ýakyn adamlar näçe köp bolsa şonça gowy». Şu pikirler bilen Abul Harys Ibn Salama ýene hoşamaý sözler bilen ýüzlendi: -Agam Muhammet, durmuşda her bir adamyň öz öňünde goýan maksady bolýar. Siziň maksadyňyz «Beýtil hikme» bolýan bolsa indi men size «Işiňiz oňundan bolsun» diýmeli bolýan. Ýöne diňe ylym diýip, durmuşyň lezzetlerinden özüňizi mahrum etmäň. Medresedäki hüjräni goýuň, meniň beren jaýymda ýaşaň. Ol näzenin hyzmatyňyzda bolar. Alyma-da işlemek üçin, ýaşamak üçin şert gerekdir ahyr. «Bir belasy bolmasa şüdügärde balyk neýlesin» diýilişi ýaly bu uly peşgeşiň aňyrsynda näme barka, bu diňe Rugsar üçin däldir-ow”-diýip, Ibn Salam içinden gyzyklandy. Ýöne munuň aňyrsynda näme bardygyna göz ýetirip bilmäni üçin däl-de, maşgalasyna, ylyma bolan wepalylygy üçin Abul Harysyň peşgeşini kabul etmäge ynsaby çatmady. -Men indi näme diýeýin-diýdi teklibine ret jogabyny alan Abul Harys närazyrak äheňde-zarymyz bar zorumyz ýok. Islän ýeriňizde ýaşaň. Ýöne «Beýtül hikmede» täze dostlar artdyrsaňyz, bizi-de ýatdan çykarmaň. *** Ibn Salam Abul Harys bilen dostlarça hoşlaşyp, «Beýtil hikme» tarapa ýola düşdi. Ýöne ol egnindäki şahana geýimi bilen ol ýere barmaga ejap edip, ýol ugruna bir egin-eşik satylýan dükana sowuldy. Dükançy bu üýtgeşik geýnüwli adama gözi düşenden, baş egip salam berdi. -Geliň, begim, hoş gördük. Näme hyzmat? -Hyzmat: meniň egnimdäki geýimleri, üstüne pul alsaňyzam, ýönekeý geýime çalyşyp beriň. Bu gepi bir hili geňlän dükançy Ibn Salama ýylgyryp seretdi-de: -Çalyşsam üstüne men pul bermeli bolaryn-diýdi. -Puluňyz gerek däl, çalyşyp berseňiz bolýa. Dükançy Ibn Salamy burçdaky tutunyň aňyrsyna geçirip, öňüne bir topar eşik taşlady. -Şulardan halanyňyzy geýiniberiň. Ibn Salam öňki özüniň geýimine meňzeş geýimlerden geýinip, dükança köp sag bolsun aýtdy. Dükançy bu adamyň eden işine düşünmän onuň yzyndan haýran bolup garap galdy. Wagt günortana golaýlanda Ibn Salam «Beýtil hikmä» ýetip bardy. Ol şu tapda bir tarapdan bu ýerdäki beýik alymlar bilen didarlaşjagyna begense, ikinji tarapdan «Meni öz hatarlaryna kabul ederlermikä?» diýen howatyry hem ýok däldi. «Beýtil hikmäniň» binasy bişen kerpiçden, peştaklary nagyşly köşk ýaly ymarat ekeni. Ibn Salam bir salym bu kaşaň binany synlap durdy. Ol Bagdatda-da medresedir metjitleriň «men-men» diýen binalaryny içindenem, daşyndanam näçeler synlapdy. Bu bina olardan özüniň kaşaňlygy, peştaklaryndaky kuhy usulyndaky nagyşlary, kerpiçleriniň ýüpek ýaly ýylmanaklygy bilen tapawutlanýardy. Binanyň iki ganatly oýmakäp nagyşly belent gapysy ýapykdy. Ibn Salam içinden «Bismillahy Rahmany Rahym» diýip, gapyny ýuwaş iterdi. Onuň ilkinji ädim ädip giren ýeri ini inliräk, uzyny gysgarak däliz bolup, onuň iki tarapynda-da birden gapy bardy. Garşydaky belent açyk gapydan eýwan, onuň iki tarapynda hatar gapylar görnüp durdy. Ýöne adam gara görnenokdy, dym-dyrslykdy, göýä eýeleri taşlap giden ýurt ýalydy. Ibn Salam näme etjegini bilmän ýaýdanyp duran wagty däliziň sag tarapyndaky gapy açylyp, içerden bir ýaş ýigit çykdy. Onuň kellesinde adatdaky selle däl-de, mele gyrpykdan selle ýaly edip tikilen telpek bardy. Gyrymsy gara sakgal-murty ak ýüzüne gelşik berip durdy. Ibn Salam ony görenden «bu garawul bolsa gerek, çykan otagy-da garawulhanadyr» diýip çaklady. Ýigit özünden uly salyhatly adamy görüp, gol gowşuryp, edep bilen salam berdi, soňra: -Tagsyr, näme ýumuş bilen geldiňiz?-diýdi. -Men Bagdatdan geldim. Şu dergähde ylmy iş bilen meşgullanmak niýetim bar. Şonuň üçin hezreti Birunyny görüp, ol kişi bilen gepleşmekçidim. Ony şu dergahyň rahnamasy diýip eşidipdim-diýip, Ibn Salam özüne synçy nazaryny dikip duran ýigitden jogaba garaşdy. Bir zatlaryň pikirini edýän ýaly bir salym dymyp duran ýigit Ibn Salama seredip duruşyna ýylgyrdy-da: -Tagsyr, Siz Muhammet ibn Salam dälmi?-diýdi. Ibn Salam ömründe ilkinji gezek görýän adamynyň özüni tanap, adyny tutup duranyna haýran galdy: -Siz meni nädip tanadyňyz? Biz öň hiç haçan duşuşmandyk, öýdýän. -Dogry, öň duşuşmandyk. Öňräk biziň alymlarymyzyň arasynda Siziň adyňyz tutuldy. Muhammet ibn Salam diýen şu ýerli bir ýigit mundan on ýyl öň Bagdada gidip, ol ýerde okap alymlyk derejesine ýetipdir. Indi ol ata ýurdy-Gürgenje gaýdyp geljekmişin diýen gürrüň boldy. Şonda möwlana Biruny: «Geleni gowy, gelse Gürgenjiň hem ylym babatynda Bagdatdan gaýra durmaýandygyny görer» diýdi. Ýigitden bu gürrüňi eşiden Ibn Salamyň gözleri nurlanyp, ýüzi açylyp gitdi. -Diýmek, meni bilýän ekenler-dä. Onuň ýaly bolsa men örän şat-diýen Ibn Salam garşysynda ýylgyryp duran ýigide: -Geliň, onda ilki siziň bilen tanyşaly, ismi-şeribiňizi aýdyň-diýdi: -Menem siziň bilen atdaş, tagsyr. Pederimize Tarhan diýýärler. Alymlar maňa degişip, käte Muhammet ibn Tarhan diýýärler. Men muňa bir hili gyjalat bolýan. Alymlaryň adyna goşulýan ibn diýen söz bize gelşenok. Sebäbi men bir hyzmatdaky adam. Şu hüjräni maňa berdiler. Men gijelerine sakçylyk edýän, gündiz bolsa hyzmatdan boş wagtym ylym öwrenýän. Ibn Salam bu sada ýigdiň gepine başyny atyp, «gaty gowy» diýdi. Soňra: -Atdaş bu gün näme dynç günümi? Sizden başga adam görnenoga?-diýip sorady. Muhammet Tarhan: -Ýok, dynç güni däl. Düýnden bäri möwlana Biruny köşkde Horezmşanyň huzuryndady. Ol kişi şanyň maslahatçysy bolansoň köplenç köşkde bolýar. Bu gün irdenem alymlaryň baryny köşge çagyrdylar. Bir maslahat bar bolmaga çemeli-diýdi. Soňra birden bir zat ýadyna düşen ýaly äheňini üýtgetdi. -Wi, bagyşlaň, tagsyr. Gep-söz bilen bolup, sizi içeri teklip etmek hem ýadyma düşmändir. Hany, biziň puharaja hüjrämize merhemet ediň. Alymlar gelýänçä çaýyň başynda bir salym gürleşip oturarys. Men siziň ýaly alym adamlar bilen söhbetdeş bolmagy özüme uly mertebe bilýän. Ibn Salam bir göwni gidip, soň gelmekçidi. Emma bu göwnaçyk ýigdiň sözüni ýykyp bilmedi, içeri girdi. Atdaşy derhal orta saçak ýazyp, süýjidir ir-iýmiş goýdy-da, «men häzir...» diýip ylgap çykyp gitdi, salym geçmän iki çäýnek çaý göterip geldi: -Tagsyr, ine, şu gapdalda aşhanamyz bar. Çaý diýseňiz mydama gaýnap dur. Naharam üç mahal bişirilýär. Alymlaryň iýmiti, egin-eşikleri, beýleki gerek zatlary-da patyşalykdan. Horezmşa hezretleri alymlara uly sarpa goýýar. Men häzir günortanlyk naharam buýrup gaýtdym. -Biderek azara galypsyň, inim. Häzir halypalar gelse men çykaryn. -Siz arkaýyn oturyberiň, halyplar entek gelmezler. Aly Hezret maslahatdan soň olary, hezzet-hormat etmän goýbermez. Olar gelýänçe menem size hyzmat edeýin, tagsyr. Ibn Salam alymlar gelýänçe garaşmaly bolansoň atdaşynyň hödür-keremini kabul etmeli boldy. *** Şol gün Horezmşa Abul Abbas al Mämün «Ummat al ylmyň» ýagny «Beýtil hikmäniň» alymlaryny döwlet derejesindäki maslahata däl-de, özüni gyzyklandyrýan ylmy meseleler boýunça nobatdaky söhbetdeşlige çagyrypdy. Söhbetdeşlikde şanyň baş weziri Suhaýly hem gatnaşýardy. Jenap Suhaýly ylym, bilim, edebiýat, sungat adamlaryna howandarlyk edýän, özi-de çuňňur bilimli, dana adamdy. Şanyň huzuryndaky şeýle ylmy söhbetdeşlikleriň hem guramaçysy onuň özüdi. Ol ýaş patyşanyň ylymly, bilimli hökümdar bolmagyny isleýärdi. Çünki ol hökümdar näçe ylymly bolsa şonça-da adalatly we döwleti dolandyrmaga ukyply bolýar diýip hasaplaýardy. «Beýtil hikmäniň» döredilmegine-de, alymlaryň ol ýere toplanylmagyna-da, Birunynyň Gürgenden çagyrlyp getirlip, alymlara baştutan edip bellenilmegine-de ol kişi sebäpçi bolupdy. Suhaýly Birunynyň göbek gany daman şäheri Kätde ýaşan döwründe, arap. pars, ýunan dillerini öwrenendigi, şol dillerde ÿazylan ylmy eserler bilen tanyşyp, özem, ýaş bolsa-da, uly ylmy işler alyp barandygy barada eşidipdi.. Iki Horezmini birleşdirmek uçin Gürgenjiñ emiri Muhammet al Mämüniñ Kätiñ üstüne ýörüş edenindäki uruş zerarly Birunynyň ýurtdan çykyp gitmegi Horezm ylmy üçin uly ýitgi bolupdy. Bu hakda weziri agzam Suhaýly hem şeýle pikirdedi. Ol öz wagtynda Birunynyň durmuş ýo@ly, döredijiligi, ylmy işleri bilen ýakyndan gyzyklanypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |