06:39 Gürgenç / 2-nji kitap -1 | |
IKINJI KITAP
Taryhy proza
ANUŞTEGINLER NESILŞALYGYNYÑ DÖWRI I BAP Emir Bilgеtegin Garçystanyň hoş howaly dag eteklerinde şikär edip, gaýdyp gelýärkä ýoly şu ülkedäky bir zemindaryň howlusynyň üstünden düşdi. Zemindar tanymal seljuk emirleriniň biri Izzetdin Omar Bilgetegini ozaldan tanaýanlygy üçin hormat görkezip, onuň öňünden çykdy. Gadyrly salamlaşyp-soraşyp, öýüne teklip etdi. Emiriň ýanyndaky ýigitleri myhmançylyga göwünsiz däl bolsalar-da, onuň özi wagtynyň ýokdugyny aýdyp, uzur sorady. Soňundan: - Saçak çykarsalar duz dadyp geçäýeli-diýdi. Öý eýesi: - Anuş! Saçak alyp çyk!-diýip sesleneninden salym geçmän içerden saçak göterip çykan garamyk ýaly gara gözleri oýnaklap duran, on alty-on ýedi ýaşlaryndaky gelşikli ýigidekçe nämesi bilendir Bilgeteginiň ünsüni özüne çekdi. Ol at üstünden eňilip, özüne tutulan çöregiň duzuny dadýarka oňa has gyzyklanyp seretdi. Soňra öý eýesinden: - Öz dogmaňyzmy bu oglan?-diýip sorady. - Ýok, öz dogmam däl, öňräk bir bamýanly guldardan satyp alypdym - diýen öý eýesiniň jogabyndan soň Bilgeteginiň kellesine özüçe bir akylly pikir geldi: “Soltana mundan gowy sowgat bolmasa gerek. Men muny näçä berse-de alaýyn”. Oglan emiriň ýigitlerine-de çöregiň duzuny dadyryp, içeri girip gideninden Bilgetegin öý eýesine ýüzlenip: -Ýaşuly, eger şu guluňyzy maňa satsaňyz, meni biçak begendirerdiňiz-diýdi welin, zemindaryň içi ot alana döndi. Ol emiri Anuşa göz diker diýip hiç oýlamandy. Oňa Anuş hakynda dogrusyny aýdanyna gaty puşman etdi. “Wah, munuň şeýle niýetiniň bardygyny bilsem, öz dogmam diýmezmidim” diýip, ahmyr bilen içini gepletdi. Ýöne ol özüňden zoruň raýyny gaýtaryp bolmaýanyny gowy bilýärdi. Şoňa görä: - Gul söwdasy at üstünde durup, edilýän däldir. Eger aýdanyňyz çynyňyz bolsa, içeri girmeli bolarsyňyz. Onsoň ol söwdany saçak başynda ederis - diýip, zoraýakdan ýylgyrdy. -Biz çöregiňiziň duzuny datdyk, şuny öýüňize girdi hasap edäýiň. “Dostuňy egleme nepden galmasyn, duşmanyňy egleme syryň bilmesin" diýipdirler. Sizem bizi eglemäň, rugsat beräýiň-diýip, Bilgetegin bir goşowuja golaý tyllaly hemýany öý eýesine oklady. Zemindar hemýandaky puluň Anuşy alan bahasyna ýetýänini, ýetmeýänini hem oýlanyp durmady-da, ony kisesine salyp: “Anuş!” diýip gygyrdy. Oglan içerden ylgap çykdy, gol gowşuryp hyzmata taýýar durdy. -Anuş! - diýip, zemindar oglana ýüzlendi - Men seni şu jenaba berdim. Bu kişi patyşalykda belent mertebeli adamdyr. Sen ol hanadanda gül ýaly ýaşarsyň. -Gul hiç ýerde-de gül ýaly ýaşamaz. Men gul bolanymsoň kimiň guly bolanymyň tapawudy ýok-diýip, Anuş gara gözlerini bulduradyp dillendi. -Oho! Dili duzlyja ýaly bu oglanyň-diýip, Bilgetegin kellesini ýaýkap gülümjiredi. Zemindar: -Ýok, jenap Izzetdin, Anuş edepli, dili süýji oglan. Ýöne häzir maňa öýke edip, gepläýdi öýüdýän. Ol maňa juda öwrenişipdi-diýdi. -Bolýa-da, görübereris. Asly nireden munuň? Asly oguzlaryñ Bekdili urugyndan. -Hä, türkmen diýseňiz-le. Men olary bilýän-diýip, Bilgetegin zemindara başyny atdy. Soňra Anuşa garap: -Eý bekdili, biziňkide saňa garaşýan agyr zähmet ýok. Özüň akyllyja bolsaň, gul ýaly däl, gül ýaly ýaşarsyň-diýdi. Anuş geplemedi. Ony emiriň ýigitleriniň biri atynyň syrtyna aldy. Şeýdip Anuş seljuklaryñ mertebeli emirleriniň biri Bilgeteginiň hanadanyna düşdi. Akylly-huşly, edepli-ekramly, iş bolsa, aýtdyrman özünden bilip edýän oglan tiz wagtyň içinde özüni aldyrdy. Munuň kimin parasatly hyzmatkäri emir Bilgetegin elden çykarasy-da gelenokdy. Ýöne täze tagta çykan soltana ýaranmak hem gerekdi. Ýurtda hökümdar çalyşsa, köşk emeldarlary täze hökümdara ýaranmak üçin elde baryny edýärdiler. Kakasy Alp Arslanyň wepatyndan soň Yspyhanda tagta çykan Mälik şanyň üstüne-de sowgat baryny ýagdyrdylar. Emir Bilgeteginiň sowgady hemmesiniňkiden üýtgeşik boldy. Nobatdaky kabul edişlikde Bilgetegin Anuşy köşge alyp bardy. Köşgüň meýlisler eýwany dürli hili geýnüwli, salyhatly adamlar bilen doludy. Hemmeleri aýak üstündedi. Anuş tebigaty boýunça juda bir çekinjeň, ýygra-da däldi. Şeýle-de bolsa ol öň bular ýaly jemagatyň arasyna düşüp görmäninden bolsa gerek, sussy basylyp, özüni biraz oňaýsyz duýdy. Ikibir, üçbir özara gürrüň edişip duran adamlaryň ünsüniň ýarysy söhbetdeşinde bolsa, ýarysy garşydaky soltanyň girip geljek kuhy nagyşlaryna altyn çaýylan iki ganatly belent gapydady. Şu arada köşk hadymynyñ: -Kyblaýy älem, soltan Mälik şa hezretleri teşrif* edýär!-diýen batly sesi ýaňlanandan gowur ýatyp, suw sepilen ýaly boldy. Jemagatyň gözi dikilen garşydaky nagşy-nigär gapynyň iki ganaty deňine açylyp, girip gelen başy tylla jygaly, şahana geýnüwli soltana hemmeler egilip, tagzym etdiler. Soltan başyny atyp salamlaşanyndan soň ýerine geçdi, emma oturmady, adamlara hormatsyzlyk bolmasyn öýden bolsa gerek, sowgatlary duran ýerinde kabul etdi. Gezek Bilgetegine ýetdi. Ol Anuşy elinden tutup, soltanyň öňüne eltdi-de: -Eziz soltanym, men Size şu dogmadan gowy sowgady oýlap tapyp bilmedim. Ony kabul etseňiz, meniň depäm göge ýeterdi-diýip, başyny egdi. Mälik şanyň Anuşa synynyň oturandygyny oňa seredip, gülümjiräp duran gözlerinden aňsa bolýardy. -Bu dogmaňyzyň ismi-şeribi nedir, beg?-diýip. Mälik şa Bilgetegine garady. -Ismi Anuş, Soltanym. -Anuş. Gowy. Biz indi ony Bilgeteginiň hedýesi bolany üçin Anuştegin diýip atlandyrarys. Görnüşinden şeýle ada mynasyp oglan bolmaly. Soltanyň sözüni meýlisler eýwanyna ýygnanan adamlar bir agyzdan goldap “mynasyp, mynasyp!” diýşip seslendiler. Anuşyň özi bolsa soltanyň dilinden şeýle hoşamaý sözleri eşidenine begenjine iki bolup bilmän, yzly-yzyna üç gezek tagzym etdi. Durmuşda gabat gelýän adamlaryň käbirini göreniňden sulhuň almaýar. Käbir adam bolsa göreniňden nämesi bilendir göwnüňe ýaraýar, gözüňe yssy basylýar. Anuş hem nämesi bilendir Mälik şanyň göwnüne ýarady.Ýogsa ol onuň adynyň soňuna begleriň, begzadalaryň atlarynyň soňuna goşulýan "tegin" goşulmasyny goşmazdy. Ýaňyja soltanyň sözüni makullap, "mynasyp, mynasyp" diýip seslenen adamlaryň käbirleriniň öz ýanyndan “Gula şeýle at mynasypmyka” diýenleri hem boldy. Kim näme diýse-de, Mälik şan8yň köşgüne düşen Anuş soltanyň eradasy bilen Anuştegin boldy duruberdi. Ol şol günki saz-söhbetli meýlise-de gatnaşyp, hyzmatda durdy. Anuştegin köşk durmuşy, ondaky tertip düzgün bilen tiz öwrenişdi. Ol özüniň göze ýakymly daşky sypaty, sypatyna laýyk hoşamaý häsiýeti bilen köşk emeldarlarynyñ hem göwnünden turdy. Soltan bolsa onuň adyny köpçülikde ýa-da kesesinden "Anuştegin” diýip tutsa, ikiçäk duşanynda gowy görüp “Anuş” diýip tutýardy. Anuştegin özüniň ziýrekligi, pähimdarlygy, çakganlygy, edep-ekramy bilen bir ýyla-da ýetmän soltanyň ynamyna girdi. Ol ony gowy gördi, öýli-işikli etdi, ony taşdar* wezipesine belledi. Bu wezipe köşkdäki abraýly wezipeleriň biri hasaplanýardy. Oňa has ynamly adam bellenilýärdi. Çünki taşdar patşanyň özüniň suwa düşünýän abhanasynyň abatlygyna, suwa düşünende ähli gerekli zatlaryň ýerbe-ýer bolmagyna hem-de ýuwunanynda hiç bir kemçiligiň bolmazlygyna jogap berýärdi. Mundan başga-da ol köşkdäki beýleki abhanalaryň hem işleýşine, bir söz bilen aýdanda tutuş hammam hojalygyna jogap berýärdi. Anuştegin bu wezipä belleneninden soň, soltanyň has ýakyn adamlarynyň birine öwrüldi. Adatda şalaryň köşgi pitnäniň, hiläniň, mekirligiň, göripligiň öýjügi bolup, ol ýerdäkiler öz bähbitleriniň ýolunda birek-birege al salmak, göriplik etmek ýaly pişelerden gaýtmaýardylar. Anuştegin entek köşk durmuşynyň bu gizlin taraplaryny bilmeýärdi. Ol taşdarlyga belleneninde, öňräkden bäri köşk hyzmatynda gelýän alym, şahyr hem-de köşk lukmanlarynyň biri hasaplanýan Abul Fath Omar al Haýýam: -Inim, gaty ägä bol. Indi saňa kömek etjeklere garanda aýagyňa kakjaklar köpeler-diýdi. Şol wagt bu söze känbir pitiwa etmedik Anuştegin aradan köp wagt geçmän, alymyň gepiniň biderek däldigine göz ýetirdi. Ol bir güni öz hataryndaky bir köşk hadymy bilen öz ara söhbetdeşlikde diline erk edip bilmän, soltan hakynda aýdylmaly däl gepi aýtdy. Bu gep şol günüň özünde soltanyň gulagyna baryp ýetdi. Mälik şa özüne gelip aýdylan dürli gybatlara känbir ynanybermeýärdi. Ol pederi Alp Arslan soltanyň döwletinde sahyp habar wezipesiniň ýokdugyny bilýärdi. Soltandan näme üçin sahyp habar bellemeýändigini soranlarynda ol: “Meniň garşydaşlarym pul berip, sahyp habar bilen dostlaşsalar ol maňa dostlarym hakynda erbet, duşmanlarym hakynda gowy habarlary ýetirer. Ýaýdan yzly-yzyna atylan peýkamlaryň nyşana biri degmese biri degişi ýaly, bu habarlaryň hem biri bolmasa biri ynandyrar. Onsoň dostlarym menden daşlaşyp, duşmanlarym ýakynlaşar. Soňunda-da duşmanlarym dostlarymyň ýerini eýelär. Munuň netijesinde gelip çykan ýagdaýy hiç kim düzedip bilmez” diýipdi. Pederiniň bu sözi ýadynda bolany üçin Mälik şa Anuştegin barada ýetirlen gepe-de ynanman, ony barlap görmek üçin özüni çagyrtdy. Anuştegin hemişekisi ýaly soltanyň huzuryna arkaýyn girip, güler ýüz bilen tagzym etdi. Emma Mälik şanyň hyrsyz seredýän gözlerine nazary kaklyşanda aljyrap tas özüni ýitiripdi. Hemişe özüni ynamly tutýan Anuşteginiň aljyranyny görüp, Mälik şa “Günäsini bilýän bolsa gerek” diýip pikirlendi. Ol öňküsi ýaly dostana “Anuş” diýmän, kinaýaly äheňde: -Jenap Anuştegin, sen indi uly mertebeli adam bolan bolup, özüňi şu mertebä çykaran adamyňam gybatyny edip başladyňmy?-diýdi. Anuştegin ilki soltanyň näme diýjek bolýanyny aňlamady, soň birden düýn ol hadyma aýdan gepi ýadyna düşüp, çym gyzyl boldy. Başga biri bolanda gorkusyna çuw ak bolardy, ol utanjyna gyzardy. Soltan bu ýagdaýy syzdy. Diýmek Anuşteginiň gorkar ýaly günäsi ýok. -Kyblaýy älem, meni bagyşlaň. Men ol gepi ýamanlyga aýtmadym... -Bilýän ýamanlyga aýtmadygyňy-diýip, Soltan onuň sözüni böldi.-Ýogsam seni bu ýere çagyryp oturmazdym, köşkden yzyňa it salyp kowardym. Hany eden gürrüňiňi sözme-söz aýt. Ony maňa ýetiren adam dogry aýdypmy ýa özünden üstüne goşupmy? Mälik şa Anuştegini üç ýyl bäri synap, onuň ýüreginiň arassadygyna, dogry sözlüdigine göz ýetiripdi. Şonuň üçinem onuň aýtdy diýen gepiniň başyna ynansa-da soňuna ynanmandy. Çünki onuň soltanyň degnasyna degýän beýle söz aýtmagy mümkin däldigini bilýärdi. -Kyblaýy älem, men melikelerimizi biçak hormat edýän. Şonuň üçinmi men iki melikämizem biri birinden gözel, dana zenanlar, şonuň ýaly aýallary bolubam soltanymyz ol "Gara kişmiş” diýen gyrnak bilen bolaýýar diýdim. -Başga bir söz aýtmadyňmy soňunda? -Başga söz aýdan bolsam, dilimi kesiň, soltanym. Mälik şa soňky degnasyna degýän sözi şugulçy Anuştegine ýamanlyk etmek maksadynda özünden goşandygyna göz ýetirdi. Şeýle-de bolsa Mälik şa bir üýtgeşik “jezanyň” üsti bilen oňa näme üçin beýle edilýänini düşündirmek isledi. Ol ýanynda duran jaňy alyp kakdy, gapynyň aňyrsynda duran iki nökeriñ biri girdi. Soltan: -Muny zyndanyň aýratyn otagyna salyp gaýt-diýdi. Özüne beýle jeza beriler diýip garaşmadyk Anuştegin soltana naýynjar seredeninde onuň çalarak ýylgyryp, ýüzüni kese sowanyny gördi. Ol gynanyp däl, geňirgenip nökeriň öňüne düşdi. Ol zyndana barýarka soltanyň özüne jeza berip, hem-de ýylgyrany hakda oýlanyp, sebäbine düşünmedi: Anuşteginiň zyndana ugradylany guşluk wagtydy. Günortana golaý soltan nökeri çagyryp, Anuşteginiň iň gowy görýän naharyny sorap gaýtmagy buýurdy. Zyndana baryp gelen nöker: -Kyblaýy älem, onuň iň gowy görýän nahary palaw eken-diýdi. -Onda, aşpezlere aýt, oňa günde üç wagtyna diňe palaw bersinler, başga nahar bermesinler-diýip tabşyrdy soltan. Anuştegine on günüň dowamynda üç wagtyna palaw geldi durdy. Onunjy gün soltanyň aýtmagy boýunça ondan “Ÿene palaw getirelimi ýa mäşewe içjekmisiňiz?” diýip soradylar. Palaw ýüregine düşen Anuştegin: “Mäşewe, mäşewe” diýip, iki gezek gaýtalady. Bu hakda soltana aýdanlarynda, ol: -Indi ony meniň huzuryma getiriň-diýdi. Anuştegin soltanyň huzuryna girenden dyza çöküp: -Kyblaýy älem, men hemmesine düşündim. Palawyň arasynda mäşewe bolmasa-da boljak däl eken-diýdi. Soltan hezil edip güldi. Soňundan: -Düşünen bolsaň, işiňe baryber-diýdi. Soltanyň huzuryndan çykyp gaýdan Anuştegin hökümdaryň bu oýnuna düşündim diýse-de, özüniň öňki ahlak düşünjesine sadyk bolup galdy. Ýöne ol ähli zada erki ýetýän adam üçin hiç zadyň serhedi ýokdugyna soň göz ýetirdi. Şeýle bolsa-da ol soltanyň özüni ýamanlan şugulçyny ýok edenine hoşal boldy. Bu wakadan soň köşkde sataşan Omar Haýýam Anuştegin bilen “habarym bar” diýen manyda ýylgyryp görüşdi, oňa mähirli nazar bilen seredip durşuna: Ömür bäş günlikdir, biz muny bildik, Köňül isläp, käte günä hem kyldyk, Dünýä lezzetlerin datmasak, Taňrym, Bu ýagty jahana näme üçin geldik?- diýdi. Anuştegin Haýýamyň bu rubagysynyň üsti bilen näme diýjek bolýanyna düşündi. Ol: -Dünýä lezzetlerini datmaklygy soltanymyza Siz öwreden ekeniňiz-dä - diýip degişdi. -Ýok, tersine, soltanymyz maňa öwretdi. Isleseňiz soltanymyzdan öwrenenimi Size-de öwredeýin-diýip, Omar Haýýam degişmäni dowam etdirdi. Şeýdip, alym bilen taşdar bir salym degişip, gürleşip durdylar. Omar Haýýam Anuştegini soltanyň ýakyn adamy bolany üçin däl, göwni açyklygy, sadalygy üçin hormat edýärdi. Anuştegin bolsa Omar Haýýamyň ylmy işlerine düşünmese-de, ajaýyp rubagylaryny gowy görýärdi, rubagylardaky pelsepä ýugrulan pikirlere aňryýany bilen düşünýärdi. Şonuň üçin oňa alym Omar Haýýama garanda, şahyr Omar Haýýam has ýakyndy, ýakymlydy. Mälik şa Anuştegini ýene-de öňküsi ýaly gowy görüp, adyny “Anuş” diýip tutýan boldy. Anuştegin hem soltanyň merhemetini gazanmak üçin elinde baryny edýärdi. Ýyllar geçýärdi. Onuň ýalňyz ogly Muhammet hem dil açyp, dünýäni tanap başlapdy. Anuştegin oglunyň özi ýaly bilimsiz, sowatsyz bolup durmuşda kösenmezligi üçin ony sowatly, bilimli adam edip ýetişdirmekligi isleýärdi. Şoňa görä ogluny bäş ýaşynda köşkde şa nesliniň çagalary terbiýelenýän, hat-sowat öwredilýän ýatymlaýyn tälimhana tabşyrdy. Muhammet özüniň entek gaty ýaşdygyna garamazdan gaty zirekligi we zehinliligi bilen moýsepit mugallymyny haýran galdyrýardy. Bir gün mugallym köşgüň dälizleriniň birinde Anuştegine tötänden sataşanynda salam- helekden soň: -Jenap Anuştegin, tüweleme ogluňyz Muhammet örän zehinli, geljekde ol uly alym bolar, enşalla-diýdi. Ogly hakynda öwgüli söz eşidip, begenen Anuştegin: -Alym bolsa bolsun, ýöne zalym bolmasyn-diýip, ýylgyrdy. -Siziň bilen biziň neslimizden zalymlar çykmaz, çünki biz garamaýaklar. Zalymlar şalaryň neslinden çykýar. -Beý diýmäň, ustat. Biziň soltanymyzda zalymlyk ýog-a. -Soltanymyz adalatyň nusgasy. Men şalaryň neslinden bolan käbir zandy ýamanlara täji-tagt miýesser edäýse, tagtyna buýsanyp, zalymlyga el urýarlar. Men şonuň ýalylary aýtdym. Garamaýagyň zürýady bolan öz okuwçysynyň erte tagta çykyp, otuz ýyllap hökümdarlyk etjegini bu bende şu wagt nirden bilsin. Bu zat Anuşteginiň hem ýatsa-tursa oýuna geljek zat däldi. Emma ykbalyň öwrümleri taryhda Anuşteginler nesilşalygy diýilýän gudratly nesilşalyga ýol arçap goýan bolsa nätjek! Munuň ýaly beýik işlere bir kiçijik zadyň sebäp bolmagyna näme diýjek! Ýa-da bu hem ykbalyň oýunymyka?! Oýunymy, çynymy şol günüň ertesi Anuşteginiň garaşmadyk zady ýüze çykdy. Ony irden Mälik şa çagyrdy. Ol soltanyň huzuryna girip, tagzymdan soň başyny galdyranynda şanyň ýüzüniň gamaşykdygyny gördi. "Be, ýene näme boldyka?" diýip, howatyrlanan Anuştegin soltanyň sözüne garaşyp durdy. Soltan oňa bir hili kinaýaly nazar bilen garap: -Anuş, haremdäki gyzlaryň teninden deriň ysy gelýär-ä, näme üçin beýle?-diýdi. Anuştegin bir bada soltanyň sözüniň nireden öwrüm edýänine düşünmedi. Çünki her günem arassa çeşme suwuna ýuwunýan gyzlaryň teninden deriň ysynyň gelmegi mümkin däldi. Birdenem kellesine uran pikirden soltanyň sowalynyň manysyna düşündi. Onuň düşünişi ýalam bolupdy. Öten gije soltanyň aram otagyna çagyrlan “Gara kişmiş” diýilýän gyzyň teninde hemişeki müşküň ysy ýok bolmaly. Muňa keýpi gaçan soltan: -Aý gyz, sen meniň müşküň ysyny gowy görýänimi bileňokmy?-diýip soraýar. Gyz: -Bilýän, Soltanym, ýöne biziň hammamçamyzda indi müşkem ýok, anbaram. Olar diňe meliklerimiziň hammamynda bar-diýip, başyny egip jogap berýär. Soltan bu gije müşküň ysysyz oňmaly bolýar. Ertesi Anuştegini çagyranynyň sebäbi-de şoldy. Anuştegin: -Kyblaýy älem, bu kemçilik üçin meniň uzur soramakdan başga alajym ýok. Soňky wagtda müşküňem, anbaryňam bahasy gaty göterlip gitdi, pul ýetrnip bolanok-diýip, başyny egdi. -Diýýäniň näme! Mälik şanyň hazynasynda pul ýokmy?! -Hazynaňyz egsilmezdir, Soltanym. Ýöne hammam hojalygy üçin pul Horezminden gelýän pajyň hasabyndan berilýär. Soňky wagtda Horezminden gelýän paç kemelipdir, öýdýän. -Näme sebäpden kemelýärmiş?! Ol ýerde oturan biziň dikmämiz Ekinçi ibn Koçkar nirä seredýärkä?!-diýip soltan gaharly gepledi. İne şonda, Mälik şanyñ köpden bäri ýüregine düwüp ýören niýeti ýadyna düşüp, Anuştegine üns bilen bir salym seredip durdy. Anuştegin soltanyň özüne näme üçin beýle seredýäniniň sebäbine düşünmän bir hili boldy. Munuň sebäbi bolsa soltanyň şol niýetiniň amala aşyrylmaly sähedi edil şu wagt diýen karara gelmegidi. Gahary gowşan Mälik şa: - Biz seni taşdarlyk wezipäňden boşadýarys, Anuş-diýdi. Anuşteginiň ýüzüniň üýtgänini görüp, ýylgyrdy. -Ýüzüň üýtgäp gitdi-le, Anuş. Düşünýän, wezipeden aýrylmak aňsat däl. Ýöne kiçi zadyňy ýitirip, uly zada eýe bolmak has ýakymly dälmi? Biz seni Horezmine mütassärif* hem-de şyhny* edip bellemek kararyna geldik. Bu hakdaky perman şu gün taýýar bolar. Sen ýol şaýyňy tutuber. Seni gowy garşylap almaklary üçin perman Gürgenje senden öň barar. Ýedi ýatyp turanda oýuna-küýüne gelmejek bu habar Anuştegini bir bada aljyratdy. “Patyşanyň emri wajyp” diýilýän düzgün boýunça onuň kararyna razylyk soralmaýan bolsa-da, Anuştegin: -Kyblaýy älem, men onuň ýaly uly wezipeleri oňararmykam?-diýdi. - Oňarjagyňy bilenim üçin hem-de saňa ynananym üçin iberýän. Ol ýerde maňa özümiň ynamdar adamym gerek. Ekinçini men daşyndan tanasam-da, içki dünýäsini bilemok. Belki, ol gowy adamdyr, belki,... Ine şu “belki” üçinem seni ibermeklige karar etdim, Anuş! Ine şu sözlerden soň Anuşteginiň soltana tagzym edip, minnetdarlyk bildirmekden özge çäresi galmady. Anuştegin soltanyň huzuryndan çykyp, öýüne bir hili ýagdaýda geldi. Ol durmuşyndaky bu öwrüme begenjegini-de, gynanjagyny-da bilenokdy. Ol soltanlygyň paýtagtynda, hökümdaryň howandarlygynda öwrenişen işinde işläp ýörenini kem görenokdy. Emma adam tebigaty boýunça hemişe aşak däl-de, ýokara ymtylyp ýaşaýar. Nätanyş ülkede, nätanyş adamlaryň arasynda bolsa-da, özüne ýokary wezipeler garaşýandygyna kalbynda buýsanja meňzeş bir duýgy hem döredi. Anuştegin jaýa girip, ýaz geýilýän ýektaýyny çykaranyndan aýaly elinden alyp, gazyga ildirdi-de, onuň ýüzüne ünsli garap: - Begim, seriňiz aladaly görünýär-ä, näme gep boldy?-diýdi. Aýaly durmuş guranlarynyň ilkinji gününden başlap, oňa “begim” diýip ýüzlenýärdi. Muhammet dogulandan soňam iller ýaly "kakasy” dagy diýmän, şol bir sözüni üýtgetmedi. Anuştegin ayalynyň agzyndan “begim” diýen söz ilki çykanynda gülüp: - Aýdýanyň näme, guldanam bir beg bolarmy?-diýipdi. Şonda gelni: - Siz soltanyň guly bolsaňyzam, meniň begimsiz-diýip jogap beripdi. Şondan soň Anuştegin hem aýalyna "hanym" diýip ýüzlenýän boldy. Sowalyna jogap talap edip, gozganman duran aýalyna Anuşregin ýylgyryp garap: - Aýallaryň ýüregi duýgur bolýar. Bir gep bolanyny duýup soradyň öýdýän. Otur, aýdyp bereýin-diýip, Anuştegin ýazylyp duran saçagyň başyna geçdi. Onuň garşysyna geçip oturan aýaly demli duran çäýnekden bir käsä çaý guýup uzatdy. Anuştegin aýalynyň elinden käsäni alyp, beriljek gürrüňe onuň sabyrsyzlyk bilen garaşýanyna garamazdan, gyzgyn çaýy howlukman içdi. Soňra soltan bilen edilen söhbedi başdan-aýak gürrüň bermegi aýalyny iňkise batyrdy. Öwrenişen gül ýaly durmuşyny, taşdaryň aýaly hökmünde sylanýan ýerini taşlap gitmeklik oňa ýokuş degýärdi. - Begim, şol müşk diýen artyby jübiňizden alyp goýaýsaňyz hem boljak ekeni-diýip, ol ahmyrly gepledi. - Gep diňe müşkde däl, hanym. Soltan öňdenem Horezmine özüne ynamdar adamy ibermekligiň pikirini edip ýören ekeni. - Soltanyň sizden başga ynamdar adamy ýokmydyr? - Bardyr, ýöne olaryň içinden meni saýlapdyr-da, nätjek... - Onda Muhammet janyň okuwy, terbiýesi niçik bolar? - Häliden bäri menem şonuň pikirini etdim. Eger ony alyp gitsek, ol ýerde bu ýerdäki kimin okuw, terbiýe üçin mümkinçilik bolarmy, bolmazmy. Şonuň üçin häzir oglany okuwyndan goýmaly, düşündireris, ol indi uly oglan düşüner. Aýalyň razylaşmakdan başga alajy galmady. Şundan soň Anuştegin iküç günüň içinde uzak ýoluñ taýýarlygyny görüp, soltanyň huzuryna bardy. Mälik şa oňa edilmeli-goýulmaly işleri sargap, soňundan ak pata berdi. Soltanyň ak patasyndan ruhlanan Anuştegin hijriniñ 472-siniñ başynda (1077 mart ) nirde sen Horezmin diýary diýip, aýaly bilen özlerini eltip gaýtmak üçin berkidilen nökerleriñ goragynda ýola düşdi. Anuştegin nökerleriň ýanynda atly, aýaly bir kenizi bilen tagtyrowanly arabada menzillerden menzillere aşyp, bir aý diýende Horezmiň paýtagty Gurgenje ýetip geldiler. _________________________ *Mütässärif – maliýa işleri nazyry. *Şyhny – içeri işler (polisiýa) başlygy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |