07:16 Gürgenç / 2-nji kitap -10 | |
X BAP
Taryhy proza
Dünýewi we dini ylymlardan baş çykarýan, edebiýaty, sungaty söýýän, arap, pars dillerini suwara bilýän, türkide, parsyda ne gözel gazallar ýazýan, öz döwrüniň we geçmişdäki beýik şahyrlaryň gazallarynyň, rubagylarynyň köpüsini ýat bilýän Horezmşa al Mälik abu Müzaffar Jelaleddin Atsyz bir bisowat, ne ýazyp, ne okap bilýän Soltan Sanjara* özüniň aýdyşy ýaly, tagta çykanyndan bäri on ýylyň dowamynda gulluk edip gelýärdi. Elbetde, hakyna seredeniňde bu adalatdan däldi. Ýöne adalat güýçdedi. Egsilmez güýç kimiň elinde bolsa adalat hem şonuň tarapyndady. Güýç eýesiniň eden ähli işi adalatly hasap edilýärdi. Oňa seniňki däl diýilmeýärdi. Zamana şeýledi. Emma Horezmşa Atsyzyň köşgünde aram-aram guralýan meýlisler çagy ol güýç hem, güýçli hem unudylýardy. Ol ýerde saz-söhbet, şygryýet höküm sürýärdi. Meýlisde muşaýyrany* Horezmşa Atsyz özüniň parsyda ýazan gazallary bilen başlap berýärdi. Bu günki meýlisde Horezminiň tanymal şahyrlaryndan başga-da Yspyhandan, Merwden gelen şygryýet ussatlarynyň iküçisi bardy. Muşaýyrada şahyrlara Horezmşanyň munşysy zeberdest şahyr Reşiteddin Watwat başçylyk edýärdi. Köşkde wezipeli adam bolansoň ol muşaýyreli meýlislerde hemişe öňe tutulýardy. Ýogsa ol görgüliniň daşky sypaty orta çykarar ýaly däldi. Şahyrlar “Ony Allatagala degişip ýaradypdyr” diýip, öz aralarynda gülüşýärdiler. Onuň kep-kelte göwresiniň üstündäki ullakan togalak kellesi, köseleç gyzyl ýüzündäki wäşilik alamatlary göreniň gülküsini tutdurýardy. Emma Allatagalanyň bu betnyşan göwrä şeýle üýtgeşik zehin salany haýran galdyrýardy. Hakykatdan-da, ol şygryýetde köp şahyrlary ompa oturdýan ajaýyp şahyr, köp ylymlardan başy çykýan bilimdan, dilewar we ökde hatdatdy. Watwat onuň ady däl-de, lakamydy. Ýarganat diýen manyny berýän lakamyna laýyk uçup-gonup duran çakgan, işjeň, guramaçy adamdy. Ol ine şu meýlisde-de şahyrlaryň serdary bolan bolup, olaryň her biriniň alkymyna baryp, muşaýyrada okajak gazalyny, aýratyn-da, Horezmşa Atsyza bagyşlanan kasydalaryny soraşdyryp çykdy. Bu işi boldum edip, Horezmşaga ýüzlendi: - Aly hezret, indi muşaýyrany özüňiziň täze ýazan dürdäne gazallaryňyz bilen başlap beräýseňiz. - Jenap Reşiteddin, bu sapar men gazallarymy Size okatmakçy-diýip Horezmşa ýeserlik bilen ýylgyrdy. - Sebäbi Siz gazaly juda labyzly okaýarsyňyz, meniň okan gazallarym çeperçilik taýdan Siziňkiden pes bolmasa-da, siziň okaýşyňyzyň ýanynda bir hili öçügsiräk duýulýar. Şonuň üçin Siz meniňkinäm, özüňziňkinem bir meňzeş äheňde okaň! Onsoň netijesini göreris. Reşiteddin Watwat Horezmşanyň teklibine başyny egip, onuň uzadan gazallary ýazylan kagyzlary aldy. Soňra meýlisler eýwanyny dolduryp oturan adamlara ýüzlendi: -Muhterem jemagat, Horezmşa hezretleriniň teklibini eşitdiňiz. Ine meniň elimde Aly hezretiň mübärek elleri bilen ýazan üç gazaly bar. Ilki men size şu gazallary okap bereýin. Soňra özümkini-diýip, ol belent owaz bilen Horezmşanyň gazallaryny labyzly okap başlady. Her gazaly okap, bir salym dyngy bereninde oturanlaryň arasyndan "Aperin! Aperin! Juda gözel gazal, inçe duýgulara ýugrulan” diýen seslenmeler eşidildi durdy. Haçanda Reşiteddin Watwat öz gazallaryny okanynda oňa hiç hili seslenme bolmady. Muňa gahary gelen Watwat Horezmşaga ýüzlenip: -Aly hezret, bu oturan jemagat meniň gazallaryma düşünmedi öýdýän-diýdi. -Ýok, jenap Reşiteddin - diýip Horezmşa ýylgyrdy.-Siziň gazallaryňyz meniňkiden hem näzik duýgulara ýugrulanlygy, gözellikde taýsyz bolanlygy üçin tarypyna söz tapman haýran bolup otyrlar. Horezmşanyň sözüni ýaňsylama diýip düşünen Watwat beter gaharlandy. -Aly hezret, maňa meýlisden çykyp gitmäge rugsat ediň-diýip, gapa tarap iki ädim ädeninde Horezmşanyň “Duruň!” diýeni ony saklady. -Reşiteddin jenaplary, Siz juda zehinli, dana adamsyňyz, şeýle bolsaňyzam, meniň sözüme düşünmän gaharlandyňyz. Meniň gazallaryňyz hakynda aýdanym çynym. Adamlar hakynda aýdanym Size däl-de olara degişli-diýip, Horezmşa soňundan oturanlara ýüzlendi: -Jenaplar, dünýäde hakykat diýen zat bar. Aslynda ol hemme zatdan üstün, hemme zatdan ýokarda bolmaly. Emma köp ýagdaýlarda ol bähbit diýen zadyň aşagynda galyp gidýär. Häzir, şu ýerde hem şeýle boldy. Näme üçin diýseňiz, munşa ýaranandan patyşaga ýaranan bähbitliräk görüldi. Horezmşa bu sözi bilen Reşiteddin Watwatyň göwnüni göterip, oturanlary duzlady. Emma şu pursatda hemmeleriň uly sarpa goýýan ýaşuly alymy we şahyr Abul Hasan ibn Abu Aly al Horezmi gepe goşulmadyk bolsa tas meýlisiň mazasy gaçypdy. -Muhterem Horezmşa hezretleri, jenap Reşiteddin-diýip, ol ikisine deňine ýüzlendi.-Meniň şygryýete düşünýändigime ynansaňyz, okalan gazallar biri-birinden gözel, ajaýyp. Şonuň üçin öýke-kinäni goýalyň-da, muşaýyrany dowam etdireliň. Ellerinde gazallary, kasydalary bilen şahyrlarymyz nobatyna garaşyp otyrlar. Köpçülik ýaşulynyň gepini makullap: “Muşaýyra bolsun! Diňläliň!" diýip seslendi. Horezmşa hem ýylgyryp, başyny atdy. Şundan soň Reşiteddin Watwat şahyrlara söz bermäge başlady. Ilki bilen gazallar okaldy. Okalan gazallara şahyrlaryň ylhamyny joşdurýan öwgüli sözler bilen baha berdiler. Horezmşanyň özi hem berlen bahalary başyny atyp, makullap oturdy. Gazallardan soň kasydalara gezek ýetdi. Reşiteddin Watwat ilkinji nobaty "Fahri Horezm” (Horezmiň buýsanjy) diýilýän dünýä belli alym Mahmyt az Zamahşarynyň ussady alym hem şahyr Abul Hasan Aly ibn Muhammet al Horezmi jenaplaryna berdi. Ýaşy bir çene baran, ap-ak tegelek sakgally, nurana ýüzüne biraz gussa çaýylan şahyr Abul Hasan ýerinden turup Horezmşaga tagzym etdi-de, kasydasyny okap başlady. Kasyda Horezmşa Atsyza bagyşalanan bolup, onda Atsyza mahsus bolan häsiýetler göge göterlip öwülýärdi. Kasydany diňläp oturan Horezmşa Atsyz käte ýylgyryp, kellesini ýaýkap goýýardy. Abul Hasan Aly kasydany okap bolup, ony Horezmşa Atsyza iki elläp gowşurdy. Horezmşanyň yşaraty bilen bir çetde duran hazynaban üsti tylla teňňelerden doly mejimäni goýan ýerinden alyp, ýaşuly şahyryň alkymyna getirdi. Horezmşa: -Muhterem Abul Hasan jenaplary, kasydanyň haky üçin şu tyllalardan penjäňize syganyny alyň!-diýdi. Abul Hasan ibn Muhammet mejimeden birje tyllany aldy-da: - Maňa şu hem ýeterlik, Aly hezret, çünki, men kasydany pul üçin ýazmadym. Size bolan garaýşymy, hormatymy, söýgimi ýüregim emir etdi, ýazdym-diýdi. - Onuň ýaly bolsa teşekkür Size, möwlana-diýip Horezmşa ýerinden turdy, baryp ýaşuly şahyryň elini gysyp minnetdarlygyny bildirdi. Olar ýerlerine baryp oturanlaryndan soň Reşiteddin Watwat nobatdaky şahyra söz bermekçi bolanynda Horezmşa bir elini galdyryp, ony saklady, özi jemagata ýüzlendi: -Jenaplar, öwgüni götermek aňsat däl. Möwlana Abul Hasan jenaplarynyň kasydasyndaky öwgüler hem maňa ýeterlik boldy. Şonuň üçin kasydabazlygy bes edäýeli. Ýöne meýlise kasyda ýazyp gelenler tyllaly mejimäniň üstüne kasydalaryny goýup, tylladan isläninçe alsynlar-diýip, ýeserlik bilen ýylgyrdy-da. -Ýöne ynsap bilen -diýdi. Reşiteddin patyşanyň ýarym çyn, ýarym degişme sözüne jogap bermän durup bilmedi, ol hem degişmä salyp şahyrlaryň bähbidini arap gepledi: -Aly hezret, mejimeden özüňiz alyň, onda-da ynsap bilen diýmegiňiz öýe gyssagly gelen adama “Çöregiň duzuny dadyp gidiň” diýen ýaly bolýar. Çöregiň duzuny dadan adam birje döwümden köp almaga çekinýär. Şonuň üçin öz eliňiz bilen näçe berseňiz bular “Ÿok” diýmeýär. Çünki patyşanyň elini gaýtaryp bolmaýar. Patyşanyň huzurynda pakyrda beribermek edepsizlik bolýanyny bilýän adamlar näçe gülesi gelseler-de, özülerini basyp, ýylgyryşyp oňdylar. Horezmşanyň özi bolsa hezil edip güldi. Soňra: -Jenap Reşiteddin, meniň özüm bermeli bolsam, Siz men bolup, mejimedäki tyllalary şahyrlara paýlaň. Özüňizem ýatdan çykarmaň-diýdi. Watwat Horezmşanyň emrine baş egip, tagzym etdi. Soňra mejimäni hazynaça göterdip, şahyrlaryň hataryna bardy. Mejimedäki altynlary şahyrlara paýlap berdi. Özüniň aýdyşy ýaly hiç kim “Ÿok” diýmedi. Şol wagt daşardan giren köşk işleri sahybynyň Horezmşanyň ýanyna baryp, bir zatlar diýmegi oturanlaryň ünsüni çekdi. Horezmşa hem oňa bir zatlar diýdi, ol baş egip çykyp gitdi. -Jenaplar!-diýip Horezmşa jemagatyň ünsüni özüne çekdi. -Bir hoş habar geldi. Şu gün irden kerwen bilen, özüni tanatman, gelen bir agsak mysapyryň Horezminiň fahry-buýsanjy bolan beýik allama* Abul Kasym Mahmyt az Zamahşary hezretleri ekenligi mälim boldy. Biziň bilişimizçe, ol hezret bir näçe ýyldan bäri Mekkeýi mükerremede Medineýi münewerede ýaşap, araplara özleriniň arap diliniň kadalaryndan sapak berýärdi. Indi Watana dolanmagy ygtyýar edip, ilki bilen Gürgenje gelipdir. Men ol kişini meýlisimize alyp gelmegi buýurdym. Bir az tagapyl etsek, ol hezret bilen didarlaşmak bagtyna miýesser bolarys. Horezmşanyň bu habaryna hemmeler begendiler. Adamlar öz aralarynda ol kişi hakda bilenlerini, eşidenlerini biri-birine gürrüň berýärdiler. Horezmşanyň ýakyn maslahatçysy hem lukmany ymam Zeýneddin Ysmaýyl al Jürjany Horezmşaga araplaryñ Zamahşary hezretlerine Jarullah-(Allanyň goňşusy ýagny iň ýakyn adamy) diýen lakam berendikleri barada gürrüň berýärdi. Allama az Zamahşary köp garaşdyrmady. Köşk işleri sahybynyň: - Fahr al Hwarazm, al Allama, Jarullah Abul Kasym Mahmyt ibn Omar ibn Muhammet al Horezmi az Zamahşary hezretleri geldi-diýen habary ýaňlandy. Ol gelip girende jemagat ony ör turup, hoş sözler bilen garşy aldy. Ol giren ýerinde aýak çekip, jemagata goluny gursagyna goýup salam berenden soň adamlara göz aýlanynda ilki bilen gözi ÿerinden turup duran Horezmşaga düşdi, soňra şahyrlaryň, alymlaryň öň hatarynda duran halypasy Abul Hasan ibn Muhammet al Horezmini gördi, gören badyna baryp, ol kişiniň elini maňlaýyna degirip togap etdi. Şundan soň Horezmşanyň garşysyna gelip, tagzyma egiljek mahaly Atsyz oňa iki elini deňine uzadyp, tagzymdan saklady-da: - Siz bize däl, biz Size tagzym etmeli, möwlana-diýdi. - Ýok, Alyhezret, “Taňry nazar salmaý kişi soltan bolmaz” diýipdirler. Siz Allanyň nazary düşen adam, Size tagzym etmek hemmeler üçin hem parzdyr-diýip, az Zamahşary ýene tagzym etmäge synanyşdy, Horezmşa bu sapar hem ony tagzymdan saklap: -Möwlana-diýdi-Taryhda galan bir nusgawy hekaýat bar. Abbasylar nesilşalygyndan bolan Yslam äleminiň hökümdary halyp Mutadid hezretleri bagda alym Sabyt ben Kurranyň elinden tutup barýarka birden elini çekip alypdyr. Alym oňa “Näme üçin eliňizi birden çekdiňiz?” diýip soranynda, ol hezret “Görsem meniň elim Siziň eliňiziň üstünde ekeni. Ylym bizden ýokarda durýar, ahyryn” diýipdir. Mahmyt az Zamahşary "Meni ýeňdiňiz" diýen manyda başyny atyp: -Ylyma şeýle uly sarpa goýýanlygyňyz üçin Size müň keren teşekkür, Aly hezret-diýdi. Horezmşa alyma özüniň sag tarapyndan ýer berdi. Şundan soň meýlis aýdym-sazly dowam etdi. Dutaryň, gyjagyň, udyň bir perdeden gopýan owazlary meýlisler eýwanyny dolduryp ýaňlananda bu gadymy nusgawy heňiň täsiri adamlaryň gözlerini süzdürip, iki ýana yrandyrýardy. Birnäçe ýyllap Mekkede, Medinede ýaşap, Gurhanyň süreleriniň okalyş heňinden başka heň diňlemedik Zamahşary hezretleri bolsa, öz halkynyň döreden aýdym-sazlaryndan aýratyn lezzet alyp, ýuwaşja çaýkanyp otyrdy. Bir dem saz, bir dem söhbet diýleni ýaly, arada aýdym-saza dyngy berlende Zamahşarynyň halypasy Abul Hasan al Horezmi: -Aly hezret-diýip, Horezmşaga ýüzlendi: -Eger makul görseňiz, aýdym-sazyň arasynda Möwlana Zamahşarynyň şygyrlaryndan, şonuň dek onuň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly eserinden parçalar diňlesek. Ýogsa bu kişi bize hemişe tapdyranok. Ony bu gün biziň meýlisimize Alla ýetirdi Bu teklibi barça gollady. “Dogry teklip, makul, makul” diýişdi. Horezmşa Zamahşary hezretlerine seredip: - Möwlananyň özi näme diýer?-diýdi. - Men ustadymyň we jemagatyň raýyny ýykmaga hakym ýokdyr-diýip, Zamahşary ýerinden turdy. -Men näçe şygyr, näçe parça oka, aýt diýseňiz okaýyn, aýdaýyn. Ýöne meniň ýazuw kelamym araby. Bu jemagatyň içinde arap dilini bilýänler köpmükä? -Möwlana, Siz köp wagtlap arabystanda bolanyňyz sebäpli Horezminiň zyýalylarynyň* ýeten derejesinden bihabar bolsaňyz gerek. Okaberiň, arap dilini bilmeýän ýok bu ýerde - diýdi Atsyz. -Bu sözüňiz bilen meni juda begendirdiňiz, Aly hezret. Indi ejaza berseňiz, ilki Size bagyşlap ýazan bir kasydamy ýatdan okaýyn. Ony uly yhlas bilen ýazanym üçin, ol setirme-setir hakydamda saklanypdyr-diýip, Zamahşary Atsyza ýüzlendi. Horezmşa ýaňy “kasydabazlygy bes edeli” diýenem bolsa özüniň arap dilinde nähili öwülýändigini bilesi gelen bolmaga çemeli başyny atyp, razylyk berdi. Şundan soň Zamahşary kasydany arap diline mahsus bolan kyraat bilen şeýle bir labyzly okady weli arap diline düşünmeýän adam hem ony aýdymsyz sazy diñlän ýaly diňläp, lezzet almagy mümkindi. Kasyda Horezmşa Atsyza hem ýarady. Onda suwjyk öwgüler ýokdy, Atsyzyň hakyky boluşy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, mertligi, batyrlygy, Watansöýüjiligi wasp edilýärdi. Emma sahawatlylygy hakynda kelam-agyz söz ýokdy. Muny patyşanyň ýakyn nedimleriniň biri ýaranjaňlyk edip, aýdanynda Zamahşary şeýle diýdi: -Aly hezretiň sahawatlylygy barçaga aýan. Men ony kasydamda taryp etdim. Ýöne ol setirleri bu ýerde dile almadym. Sebäbi, sahawaty taryplap, sahawatdan tamakin ýaly bolmaýyn diýdim. Horezmşa Zamahşarynyň gepine kellesini ýaýkap gülüp: -Möwlana-diýdi.-Tamakinçiligiňiziň ýokdugy üçin Size sylagymyz köp zat däl, birje bedew at. Islän wagtyňyz onuň jylawyny eliňize tutdurarlar. Indi “Ýagşyzadalaryň baharyndan” parçalar diňläýsek. Ondaky paýhasly pikirler paýhasymyza paýhas goşardy. Zamahşary hezretleri Horezmşanyň we jemagatyň islegi kanagatlandyrylýança özüniň dürdäne eseri "Ýagşyzadalaryň baharyndan" parçalar okap berdi. Arasynda aýdym-saz bilen meýlis tä adamlar ýadaýança dowam etdi. __________________ *W.W. Bartold I t. 371 sah. *Muşaýyra – goşgy okaşmak. *Allama – alymlaryň alymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |