07:21 Gürgenç / 2-nji kitap -11 | |
XI BAP
Taryhy proza
Horezmşa Atsyz uzaga çeken meýlisden soň taşdaryny çagyryp, gyzgyn hammamda ýuwundy-da, özüniň aram otagyna bardy. Gapynyň öňünde häzir bolan sakçylara "Hiç kimi goýbermäň, men dynç aljak" diýip, içeri gireninden şahana düşelen ýatalgasyna uzaldy. Adatda, günuzyn iş bilen gümra bolan adamyň kellesine gerek-gerekmejek pikirler agşam düşege geçeninde gelýär. Atsyzyň hem beýnisine köpden bäri ornaşan, entek ile äşgär etmedik pynhan pikiri garaşylmadyk myhman ýaly serinde ýene peýda boldy: “Ýurdy baknalykdan gutarmaly. Horezmin meniň dogduk mekanym, göbek ganymyň daman ýeri, ony ata Watanymy öz erkli, Garaşsyz ýurda öwürmek meniň perzentlik borjum. Soltan Sanjar bize öz ygtyýary bilen erkinlik bermez. Biz ony göreşip, söweşip gazanmaly bolarys. Goşunymyzy pederimiň döwründäki ýaly Soltan Sanjaryň bähbidini goramak üçin däl, öz bähbidimiz üçin ulanmaly. Goşunymyzy onuň goşunynyň hatarynda söweşlere sürüp, pederim näme gördi? Dogry, men onuň permany bilen pederimiň tagtyna çykdym. Ýöne bu meni ýokdan bar etdi diýen ýaly zat däl, ahyryn! Bu atadan ogula miras galan-kanuny hakykat. Şeýle bolsa-da, ol meni bir ýurduň hökümdary diýmän, özüniň serkerdeleriniň biri hökmünde ulanyp geldi"... *** Hakykatdan hem Soltan Sanjar Atsyzyň ýaşlygyndan, entek erkiniň bekeşmediginden peýdalanyp, Horezminde emin-arkaýyn hökümdarlyk etmegine maý bermän, ony öz ýanyna çagyryp aldy, goşunyň çep ganatyna serkerde edip belledi. Söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy üçin ony gowy görýärdi. Aýratyn-da, Mawerannahra ýörüşi mahalynda Atsyzyň özüni ajalyň penjesinden sypdyrany üçin oňa bolan mähri, ynamy has artdy. Bu waka şeýle bolupdy. 524-nji hijriniñ baharynda (1130) Samarkandyň hökümdary Arslan han Muhammet baş göteren garlyklaryň garşysyna soltany kömege çagyrýar. Soltan Sanjar tabynlygyndaky ýurtda parahatçylyk ornatmak üçin goşun çekýär. Goşun Buharanyň golaýyndaky bir meýdanda dynç almak üçin goş ýazdyrýar. Soltan awa höwesli emirleri bilen şikäre çykýar. Ol bir ýekegapany kowalap, topardan biraz daşlaşanda gapdaldan iki atly çykyp oňa hüjüm edýär. Ýeke özüniň iki adamyň hüjümine bäs gelmegi has kynlaşan pursatda niredendir Atsyz peýda bolup, olary ýeke-ýekеden naýza bilen atdan agdarýar. Soltan bilen Atsyz atlaryndan böküp düşüp, ýerde ýaraly ýatanlaryň üstüne gylyç ýalaňaçlap abananlarynda olaryň biri: - Beýik soltan, öldürmäň, bala-çagamyz bar, şolara rehimiňiz gelsin-diýip ýalbarýar. - Onda dogrusyny aýt, meniň ölümim kime gerek boldy. Kim size buýurdy?! - Öldürmeseňiz dogrusyny aýdaly. - Aýt! Öldürmen. -Bize Arslan han buýurdy. Şu işi etseňiz sylagyňyzy aňyrýany bilen ýetirerin, etmeseňizem ýoguňyza ýanaryn diýdi... Soltan Sanjar bu gepe haýran galyp, Atsyza seretdi: - Bu nähili gabahatlyk! Özi bizi kömege çagyryp, ýene-de meni öldürtmekçi bolýany nämeden-kä?! - Kyblaýy älem, bu iki nejisiň kellesini Arslan hana “sowgat” edip ibereli “Sowgady” açyp göreninde ýüregi ýarylyp ölmese näme üçin beýdenini özünden sorarys. - Ýok, men bulary öldürmen diýip söz berdim. Soltanyň sözi bir bolmaly. Gitdik-diýip, Soltan Sanjar atyna atlandy. Atsyz hem atlanyp, başyny galdyrmaga-da milt etmän ýatanlara başga üns bermän gitdiler. Şikära çykyp, awy oňmadyk Soltan Sanjar tas bolmasa özüniň awlanjakdygyny, hälem bagtyna Atsyzyň wagtynda ýetip gelenini oýlanyp, dymyp gelşine öňünden çykan emirlere-de üns bermän atynyň başyny goşa garap burdy... Goşun Samarkanda baryp ýetende Soltan Sanjary öldürtmekligiň küýüne düşen Arslan hanyň özüni Allatagala ölüm düşegine süýndiren eken. Ony soltanyň öňüne tagtarowanda getirdiler. El-aýagy ysmaz bolup, gözgyny ýagdaýda ýatan Arslan hana soltan bir seretdi-de, ýüzüni kesä sowup: - Munuň jezasyny Alla beripdir, men günäsini geçdim-diýdi. Soltan Sanjar Arslan hana garşy baş göteren garlyklaryň gozgalaňyny ýatyryp, Mawerannahrdan gaýdyp geleninden soň Atsyzy öňküsinden hem gowy gördi. Şu wakadan iki ýyl geçip, Soltan Sanjaryň baş göteren ýene bir ýegeni Muhammet Tapar bilen Hemedanyň golaýynda bolan jeňde soltanyň ýeňişine Atsyz uly goşant goşdy. Şundan soň ol soltanyň iň ýakyn ynamdar adamyna öwrüldi. Soltan her sapar ýeri gelende ony öwüp arşa çykarýardy. Bu bolsa köşkdäki käbir emeldarlary, emirleri ynjalykdan gaçyrýardy. Adaty köşk pitnelerinden Soltan Sanjaryň köşgi hem halas däl ekeni. Atsyz soltana ýakynlaşdygy saýyn pitneçiler oňa garşy hüjüme geçýärdiler. Olar soltanyň dürli tarapyndan baryp, Atsyzy ýamanlap başladylar. Ilki soltan bu gep sözlere kän bir gulak gabartmady. Emma bir nyşana garap yzly-yzyna ok atylyberse olaryň biri degmese biriniň degmegi mümkin. Ine şunuň ýaly emirleriň biriniň Atsyzyň aýtmadyk sözüni aýtdy diýmegi soltanyň ýüregine ahyr kitüw saldy. Bu-da Mawerannahra ýörüş wagtyndaky şikärde bolan waka hakyndady. Hamana Atsyz "Şonda soltany men ölümden gutardym. Gutarmasam boljak ekeni, onuň ýerine Muhammet Tapar gelen bolanda men bir eýýäm ýurdumda-Horezminde bolardym” diýenmiş. Bu gepe soltan ilki ynanmady. Emma Atsyzyň bu gepini eşiden iki adamyň atlary tutulyp, şaýat görkezilensoň ýüregi çişdi. Ýöne bir salymdan sowukganlyk bilen pikir öwürdi: “Atsyz ol sözi aýdan bolsa-da, aýtmadyk bolsa-da boýun almaz. Şaýatlaram bularyň öz adamlary. Şonuň üçin ýüzleşdirip, gelşiksiz ýagdaý döretmegiň geregi ýok. Gowusy Atsyzy bularyň gözünden daşlaşdyraýyn, meniňem gulagym dynsyn” diýip Atsyzy Balha kutwal (harby häkim) edip ibermek kararyna geldi. Ol Atsyzy huzuryna çagyryp, gelen kararyny oňa mälim edeninde Atsyz soltanyň nazaryndan onuň özüne bolan garaýşynyň üýtgänini duýdy. - Beýik soltanym, näme üçin meni özüňizden daşlaşdyrjak bolýaňyz, men näme günä etdim? - Men seni özümden däl, howp-hatardan daşlaşdyrjak bolýan. - Ol nämäniň howp-hatary? - Hökümdaryň gazabynyň howp-hatary. - Men Siziň gazabyňyza duçar bolar ýaly iş etmedim-ä, soltanym. - Belki şeýledir. Şonuň üçinem seni dar agajynyň aşagyna däl, Balha iberýän. Atsyzy sowuk der basdy. “Maňa dar hem guran ekenler-ow” diýen pikir kellesine uranda, dili tutulyp, soltana näme diýjegini bilmän galdy. Soltan: - Gaýdyber. Allaýaryň bolsun!-diýip, soltan ony kabul edendäki sowuk nazaryny üýtgetmän ugratdy. Atsyz özüni soltana oňaryp ýamanlandyklaryny bildi, ýöne duşmanynyň kimdigini bilmedi. Soltany gepe gidýänlikde günäledi, eden ýagşylyklarymyň gadyryny bilmedi diýip ahmyr çekdi. *** “Gämiçi han boldy, biz nöker bolduk, Allanyň emrinden suw döker bolduk” diýenleri kimin soltanyň söweşlerde sag goly, ýeňişlerine uly goşantlar goşan serkerde Horezmşa Atsyz Balhda esgerlere azyk, atlara ot-iýim taýýarlaýan kutwal bolaly bäri onuň Soltan Sanjara bolan garaýşy barha buza dönýärdi. Ol nähili ýol bilen bolsa-da, Horezme gaýtmagyň kül-küýüne düşdi. Sag-aman ýurda dolanyp baraýsa etjegi içindedi. 1136-njy ýylyň tomsunda Soltan Sanjar tabynlykdan çykmak üçin baş göteren gaznaly Bahram şanyň üstüne ýörüşi mahalynda Balha degip geçmeli boldy. Atsyz soltany garşy almak üçin şäheriň birnäçe kethudalary bilen galanyň derwezesiniň öňüne çykdy. Soltan leşgerden ýarym çakyrym öňde, kyrk-elli atlynyň öňdäki hatarynyň ortasynda gelýärdi. Olar derwezä golaýlaşanlarynda Atsyz ýanyndaky adamlar bilen atlaryndan düşüp, tagzym edip durdular. Tagzymda duranlaryň garşysyna gelip, atynyň jylawyny çeken Soltan Sanjar: -Essalamu-aleýküm, Balhyň asylzada kişileri-diýdi. Tagzymda duranlar kellelerini galdyryp: -Waleýküm-essalam, hoş geldiňiz şähri Balha beýik soltanymyz!-diýişip, gollaryny gursaklaryna goýdular. Şonda soltanyň sag tarapyndaky gara tegelek sakgally hajyp: -Kyblaýy älem, Horezmşa jenaby alylary Siziň mübärek salamyňyzdan çetde galaýdy öýüdýän-diýdi. Atsyz onuň mekirlik bilen uçganaklap duran gözlerinden duşmanlarynyň biri şu adamdygyny aňdy. -Ol biziň salamymyzdan hem, merhemetimizden hem çetde galmaz. Onuň bilen soň aýratyn salamlaşarys-diýip, soltan Atsyza düşnüksiz ýylgyryş bilen garady. Atsyz soltanyň çotur ýüzünde peýda bolan bu ýylgyryş ajy ýylgyryş bolmasa-da, tüýs ýürekden däldigini duýdy. Ýöne soltan şähere girip ýerleşeninden soň aýdyşy ýaly ony aýratyn kabul etdi. Ine şonda soltan ýüreginde saklanyp gelýän kitüwe sebäp bolan gepi anyklamak üçin aňyrdan aýlap, gürrüň gozgady: -Jelaletdin, (ol Atsyzy adynyň öňündäki at bilen atlandyrýardy) men seni bäride köp sakladym. Eger şol şikärde men öldürilenimde tagtyma çykan Muhammet Taparmy ýa başga birimi seni bir eýýäm ýurduňa goýbererdi. Atsyz bu gepe ilki aň-taň boldy. Birdenem kellesine bu gep ýöne ýere aýdylan däldir, munuň bir emmasy bardyr diýen pikir geldi. - Beýik Soltanym, näme üçin beý diýýäňiz, eger ýurduma gidesim gelse Sizden jogap sorardym. - Sen meniň jogap bermejegimi bilýärdiñ, şonuň üçinem jogap soramadyň. - Ýok, beýik Soltanym, bilmeýärdim, ýöne indi özümiň Size ýaraman başlandygymy bildim. Şonuň üçin maňa jogap beräýiň. Soltan Sanjar dymdy. Ol özüniň aýlawly gepi bilen Atsyzy özi hakynda aýdan sözüni ýatladyp aljyratmakçydy. Emma Atsyzyň murtunyň bir gyly hem gymyldamady. Soltan indi Atsyzyň şol sözi aýtmandygyna ynanaýmalydy. Emma şübhe diýilýän zadyň özi aýrylsa-da, kölegesi galýandygy üçin soltan ýüregini açyp geplemedi. "Belki ol özüni sowukganlylyk bilen tutmagy başarýandyr” diýip çaklady. Bu sapar hem bilmekçi bolýan zadyny bilip bilmäninden soň onuň üstüni açyp oturmagyň hajaty ýok diýen karara geldi-de “Ýagşysy men oňa jogap beräýeýin, ýogsam ol hakda ýene-de gep-söz köpeler, meniň ganymy gyzdyrarlar, bir gün bolmasa bir gün men onuň nähak ganyna galaryn” diýip, pikir öwren soltan: -Bolýa, ýurduňy juda küýsän bolsaň jogap bereýin. Bu gün demdynjymyzy alaly, ertir irden biz Gazna, senem Horezmine tarap ýola düşeris-diýdi. Atsyz minnetdarlyk bildirip, ýerinden turdy, tagzym edip, gapa tarap ýöneleninde Soltan: -Gije ägäräk bolup ýat-diýdi. Atsyz bir hili boldy, öwrülip soltana seretdi, soltan gepini tasdyklan ýaly başyny atdy. Atsyz soltanyň huzuryndan çykyp, Horezminden gaýdanynda özüne ýoldaş edinip alyp gaýdan ýigitlerini ýygnady, olara ertir ýurda gaýdýandyklaryny buşlady. Soňundan soltanyň soňky aýdan sözüni aýtdy. Muňa ýigitler hem bir hili boldular. Olaryň biri: - Aly hezret, onuň ýaly howp bar bolsa, Siz bolýan tamyňyzyň üçegine çykyp ýatyň, menem merdiwanyň golaýynda gylyjymy ýalaňaçlap ýataryn. Janyňyza kast etmäge geleniň merdiwandan kellesi görnenden kellesini aşak togalap goýbererin-diýdi. Ýigitler onuň gepine gülüşdiler, käbirleri “dogry-dogry” diýdi. - Ýok, ol bolmaz. Kelle togalamak gerek däl, eýitsek gep ula gider-diýip Atsyz ýigitlerini köşeşdirdi. - Gowusy, üçege hemmämiz bile çykyp ýataly. Üçek giň kyrkymyzam sygarys. Merdiwany-da ýokary çekip alaly. Şeýitsek başga ýerden merdiwan getirip, kyrk adamyň üstüne gelmäge hiç kim milt edip bilmez. Ýigitler patyşasynyň gepini makulladylar, şeýle-de etdiler. Atsyz üçekde kyrk adamyň gurşawynda howp-hatarsyz ýatsa-da, uzak wagtlap uklap bilmedi. Ol Horezmşa bolup tagta çykaly bäri geçen döwürde durmuşynda bolan wakalary bir-bir ýatlady. Bärde soltanyň gullugynda geçen döwrüni ömrüniň köýen ýyllary hasaplady. Sebäbi şu ýyllarda ol şa bolsa-da tagtynda arkaýyn oturyp höküm sürüp bilmedi. Sag-aman ýurda dolanyp baraýsa, soltana baknalykdan dynmagyň ugruna çykmaga äht etdi. Ol beýnisini gurşap alan şeýle endişeli oýlar bilen diňe daňa golaý irkildi. Ertesi irden çalnan kernaý-surnaý galanyň öňündäki giň meýdany tutup ýatan goşuny aýaga turuzdy. Atsyz şäherden soltan bilen bile çykdy. Soltan adatdakysy ýaly emirlerdir nedimleriniň öň hatarynyň ortasynda Atsyzy hem sag tarapyna geçirip ýola düşdi. Atsyzyň ýigitleri Soltanyň adamlarynyň yzyna tirkeldi. Goşun bolsa bu topardan ses ýetim yzyrakda ýer süýşen ýaly bolup gelýärdi. Tä ýoluň aýrytyna çenli Atsyz "Soltan sözünde tapylarmyka ýa-da bizi-de özi bilen alyp gidiberermikä” diýen howatyrly oýlar bilen içini it ýyrtyp gelýärdi. Soltan Sanjar iki ýoluň aýrytyna gelip, atynyň jylawuny çekende Atsyz ýeňillik bilen dem aldy. -Jelaletdin, - Soltan hemişekisi ýaly Atsyzyň adynyň öňündäki adyny tutup ýüzlendi: - Ine iki ýol, biri Gazna tarapa, biri-de Horezmine. Bize ýoldaş bolup Gazna gitjekmi ýa-da Horezmine? Atsyzy howsala basdy. “Sözünden dänjekmikä” diýen pikir bilen, soltana keýpi gaçyp seretdi, soňra: -Beýik soltanym, Siziň bilen köp ýoldaş boldym, ýene bol diýseňiz bolyberärin. Ýöne düýn beren sözüňize görä ýigitlerim bilen göwnümiz Horezmine-ýurdumyza telwas edip dur-diýdi. Soltan Sanjan ajy ýylgyrdy: - Soltanyň sözüniň bir bolýandygyny ýatladýaň-da. Aý, bolýa-da. Ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz hak bolsun!-diýip, soltan rugsat bereninden soň Atsyza bir hili düşnüksiz manyly nazar bilen garap: “Men seni öz inim ýaly görýärdim” diýdi. Atsyz soltanyň bu gepine jogap hökmünde elini gursagyna goýup, başyny egdi-de, atynyň başyny Horezminiň ýoluna sowdy. Atsyzyň soň eşitmişine görä, şonda onuň yzyndan seredip duran soltan: “Men ony indi hiç haçan görmesem gerek” diýipdir. Emirleriniň biri bolsa: “Kyblaýy älem, şeýle pikiriňiz bolsa onuň Horezmine gitmegine näme üçin rugsat berdiňiz?” diýip sorapdyr. Soltan: “Onuň bize eden hyzmatlary bizi-de oňa borçly edýär. Şeýle bolansoň oňa zyýan ýetirmek biziň alyjenaplyk* we geçirimlilik ýörelgämize ters gelýär” diýipdir. Atsyz ýigitleriniň öňünde atyny öz maýdalyna sürüp barşyna özüni ajalyň penjesinden sypan adam kimin duýup, Hudaýa şükürler edip gelýärdi. Şeýle hem ol soltanyň “Seni inim ýaly görýärdim” diýeniniň haýsy manyda: seni inim ýaly görsemem sen gadyr bilmediň diýen manydamy ýa-da göni manydamy bilip bilmedi. "Aý, haýsy manyda aýdan bolsa-da, menem Sizi agam ýaly görýärdim diýäýsem boljak ekeni” diýip içini gepletdi. Ýol uzak, wagt köp, näçe iç gepletmeler, arzuw-hyýallar, mundan soň edilmeli işler, garaşsyzlyk ugrunda göreşler barada pikirler bilen ýol söküp barýan Horezmşa özüni şu pursatda bagtly duýýardy... *** Atsyz Horasanda başyndan geçen şu wakalary ýatlap ýatyşyna gapynyň aňyrsynda bir wagyrdy peýda boldy. Diň salsa, ol şetdat gyz-Zübeýda bilen sakçylarynyň galmagaly ekeni. “Beh, bu wagt-bimahalda näme diýip geldikä ol?” diýen bilesigelijilik bilen ýatalgasyndan turdy-da, gapa baryp: “Goýberiň!” diýdi. Içeri giren gyz ilki bilen özüne öwredişleri ýaly tagzym etdi, soňra şähdiaçyklyk bilen söze başlady: - Şahym, Siz maňa haçan Yslamy kabul edip, kelimäni ýatlan wagtyň gel, diýipdiňiz, dogrumy? Çekinmek, gypynç etmek diýen zady bilmeýän bu sähraýy gözeliň özüni tutuşyna ýylgyran Atsyz: - Dogry, dogry-diýdi. -Men köp oýlandym. Ahyr Yslamy kabul etdim, kelimäni hem ýat aldym. La ylaha... -Boldy, boldy. Tüweleme, kelimeýi şahadaty ýat alypsyň. Juda gowy. Ýöne bu hoş habary maňa ertir irräk gelip aýtsaň bolmazmydy? -Siz maňa Yslamy kabul edip, kelimäni ýat alan wagtyň geläý diýipdiňiz, ahryn! Dogrumy? Men ony edil şu wagt ýat aldym-da! Atsyz bu şetdat gyzyň wagt düşünjesine özüçe düşünýänine ýylgyryp: - Munyňam dogry, Zübeýda. Men seni çyn dine girmegiň bilen mübärekleýän! Indi bar, dynjyňy al, gije ýarydan agdy-diýdi. Gyzyň gaşlary çytyldy: - Şahym, Siz maňa sen Yslamy kabul etseň, menem seni kabul edýän diýmänmidiňiz? Eger şu gepiňiz çyn bolsa, söýüşmek üçin gije ýarydan agdy näme, agmady näme... “Bäh! Tüýs şetdat-how bu gyz!” diýip, içini gepleden Atsyz ony bihaýa diýip bilmedi. Çünki onuñ alan terbiýesi, taýpasynyñ ahlak düşünjesi boýunça ýüregiñdäkini göni aýtmak haýasyzlyk hasaplanmaýardy. Şoña görä Atsyz taýsyz gözelligiň jadylaýjy güýjinden sypyp bilmedi... Howa, gözelligiň özüne çekiji jadysy bu gyza ilki duşanynda Atsyzy tas kellesinden dyndarypdy. Bu şeýle bolupdy: Horezmiň töwerek-daşynda göçüp-gonup ýören bidin türki taýpalar ýaşaýardy. Atsyzyň Horasanda mahaly ýurdy dolandyryp oturan inisi Ýynalteginiň gowşaklygyndan peýdalanyp, ol taýpalaryň at-ýaragly toparlary Horezmiň çeträkdäki obalaryna çozup, talaňçylyk edýärdiler. Atsyz Horasandan özbaşdaklygy ýüregine düwüp, dolanyp geleninden soň bu çapawulçylyklara jogap edip hem-de soltanyň rugsadysyz öz başdak hereket hökmünde ol taýpalaryň üstüne ýörüş etdi. Olaryň hem özüne laýyk at-ýaragly goşuny bardy. Iki goşun Mangyşlagyň golaýyndaky giň sährada duşuşdy. Gazaply jeň başlandy. Goşunynyň sag ganatynda söweşe giren Atsyz görnüşinden taýpanyň baştutanyna meňzeş gür sakgal-murtly orta ýaşlaryndaky daýaw adama gylyç göterip topulanynda nirdendir ýyldyrym çaltlygynda ýetip gelen atly ara düşdi-de Atsyzyň kellesini nazarlap gylyç saldy. Eger Atsyz galkanyny tutup, ýetişmedik bolanda kellesiniň atynyň aýagynyň aşagyna togalanyp düşjegi ikuçsyzdy. Atsyzyň jogap zarbasy bolsa garşydaşynyň basyp geýlen süýri telpegini uçrup goýberdi. Telpek kelleden gaçandan şar gara saçlar ýeňsesine ýaýlyp düşdi. Muny gören ýaňky gür sakgally adam: “Zübeýda, saňa gelme diýmedimmi, git! Güm bol!” diýip gygyrdy. Gyz şol bada atynyň başyny günbatara tarap tutdurdy. Garşydaşynyň zenandygyny gören badyna gylyjyny aşak goýberen Atsyz bilesigelijilikdenmi ýa başga bir içki duýgunyň täsiri bilenmi gyzyň yzyndan at saldy. Atsyzyň saýlama bedewi bir salymda onuň atynyň yzyndan ýetdi, taýak atym öňe geçip, yzyna öwrüldi. Gyzyň aty dik boýuna çarpaýa galyp, çasly kişňedi. Ahmal galan gyz sypyrlyp atyň syrtyndan aşak düşdi. Atsyz hem atyndan böküp düşdi. Gyz gylyjyny göterip, oňa topuldy. Atsyz gylyjyny aşak taşlady-da: - Ýaragsyz adama gylyç çekmek namartlyk dälmi?-diýdi. - Al, onda, gylyjyňy eliňe! -Men ökde gylyçbazdyryn, sen ýeňlersiň. Gowusy gepleşeli? - Näme gepleşjek? - Ýaňy saňa “Zübeýda! Güm bol!” diýen adam kim? - Meniň kakam. - Kakaň-a, dilinden belli, arap däl eken, seniň adyň näme arapça? -Adymy, men doglanda awçy guş almaga gelen araplaryň biri goýupdyr. - Kakaň taýpaňyzyň baştutanymy? - Hawa, a sen kim? - Men Horezmşa Atsyz. - Horezmşa! Atsyz? Gyz bir hili aljyrajak ýaly boldy. - Näme, ynanaňokmy? - Horezmşa Atsyz gowy, adyl şa diýýärdiler. Eger sen şol aýdyşlary ýaly bolýan bolsaň, näme biziň üstümize goşun çekip geldiň? -Gowy adama-da degseň, olam deger-da. Biziň obalarymyza çozup, talañçylyk edeniňiziň jogaby bu. Şol wagt şanyň gorag topary ýetip geldi, olar töwerekläp, atlaryndan düşdüler.Toparyň serkerdesi Atsyzyň öňüne gelip, dyza çökdi-de: -Aly hezret, jeň tamam boldy. Taýpanyň baştutany: "Ÿaraglary taşlaň, teslim bolýas!” diýip buýurdy. Ýöne urşujylarynyň köpüsi gaçyp gitdi, bäş ýüze golaýyny ýesir aldyk-diýdi. Atsyz taýpanyň baştutanynyň näme üçin beýle buýruk bereniniň sebäbine düşündi. Ol gylyjynyň ujuny ýere diräp duran gyza garap: - Zübeýda, pederiňiñ buýrugyny eşitdiň gerek, senem taşla ýaragyňy. Pederiň ikimiziň hem ýaraşmagymyzy isläp, şeýle buýruk beripdir. - Ýaraşsak näme bolýar? - Ýesir alnan bäş ýüz adamy azat edip, olaryň ýerine seni alyp gidýän - Alyp gidip satjakmy? - Ylahydan eline düşen göwheri satmaýarlar, ony aýap goltugynda saklaýarlar. Gyz Atsyzyň sözüniň manysyna düşünen bolmaga çemeli häliden çytyk ýüzünde çalaja ýylgyryş peýda boldy. - Ýesiriň ykbaly ýeňijiniň elinde bolýar. Ykbalymda näme bolsa görerin-dä - diýip, gyz gylyjyny ýere taşlady. Atsyzyň yşaraty bilen urşujylaryň biri gylyjy aldy. Atlanyp ýola düşdüler. Bir topar serbazlaryň öňünde, Atsyzyň ýanynda gelýän gyzyna gözi düşen taýpanyň baştutanynyň gamaşyk ýüzi biraz açyldy. Perzendiniň başynyň amandygyna begenip, bir zatlar diýip hüňňürdedi. Atsyz öz goşunynyň gurşawynda atlarynyň jylawyndan tutup, aşakda oturan ýesirleriň öňüne gelip, atynyň başyny çekdi. - Eý, Hudaýyň asy bendeleri! Men Horezmşa Jelaleddin Atsyz, siziň obalarymyza girip, talaňçylyk eden günäňizi şy sapar geçýän. Emma Allatagala siz yslam dinini kabul edip, musulman bolýançaňyz günäňizi geçmez. Eger siz ähli mahlukady ýaradan Allany tanap, hak dini kabul etseňiz, biziň bilen hem gowy gatnaşykda bolarsyňyz. - Eger diniňi kabul etmesek näme, bizi gyrjakmysyňyz?-diýip, taýpanyň baştutany gödegräk dillendi. - Ýok, musulman dininde zorluk ýok. Dine girmek her kimiň öz ygtyýarynda. - Onda bizi näme iş etjek? - Ýaňy aýtdym-a, günäňizi geçýän diýip. Baryňyzy, ýekeje ýesiriň hasabyna, azat edýän-diýip, Atsyz Zübeýda yşarat etdi. - Onsoň, ol ýekeje ýesiriňi näme etjek - Onuň özi nämäni islese şony etjek. Atsyzyň bu sözünden soň gyzyna hiç howp-hataryň ýokdugyny aňan taýpanyň baştutanynyň göwni ynjalyk tapdy. Atsyz: -Biz gaýdýas, sizem Allany tanajak bolup görüň-diýip, atynyň başyny Horezmine tarap burdy. Goşun patyşasynyň yzyndan ýer süýşen ýaly bolup gaýtdy. Azat edilen ýesirler hem atlaryna atlanyp, yzyna dolandylar. Gaýdyşyn goşunyň ýoly talanan obalaryň üstünden düşdi. Horezmşanyň talaňçylyk eden bidin türki taýpalaryň jezasyny berip gelýändiginden habarly bolan oba adamlary goşunyna baş bolup gelýän Atsyzy mübärekläp, öňünden çykdylar. Atsyz bir salym atynyň başyny çekip, ol adamlara ýüzlendi: -Eziz watandaşlar! Mundan beýläk siziň parahat durmuşyňyzy bozmaga hiç kim milt edip bilmez. Sizi kesekä horlatmarys, goşunymyz hemişe sizi gorar. Kethudalaryňyzy Gürgenje, meniň huzuryma iberiň. Talaňçylykda çeken zyýanyňyzyň öwezini dolar ýaly hazynadan pul bereris. Atsyz sözüni gutarandan, adamlar uly şowhun bilen ony alkyşladylar, dowamly alkyşlar bilenem ugratdylar. Horezmşa Atsyz köşgüne gelip düşeninden Zübeýdany ýuwundyryp, geýindirip, haremden gowy ýer bermegi buýurdy. Giň sährada, çadyrlarda ösüp ulalan gyzy ilki kaşaň köşgüň içki haşamlary gyzyklandyrdy. Iküç günden soň bu gyzyklanma geçip, dört diwaryň içinde içi gysyp başlady. Haremdäki gyzlar bilenem kän bir dil tapyşyp bilmänindenmi, özüniň ýabany ýaşaýşyny küýsäp ugrady. Emma şu arada ony Horezmşanyň huzuryna çagyrylmagy we onuň bilen bolan mylakatly söhbetdeşlikden soň köňlündäki ol küýsegiň ýerini başgaça arzuwlar eýeledi. Ine şu arzuwlarynyň wysal boljak wagty geldi öýdüp, ol şol güni gije ýarydan aganyna garamazdan Atsyzyň aram otagyna barypdy... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |