07:25 Gürgenç / 2-nji kitap -12 | |
XII BAP
Taryhy proza
Söýgi hem, aýşy-eşret hem öz ýoluna. Täji-tagt eýesiniň bu zatlardan has möhüm işleri, öňünde goýan maksatlary bolýar. Horezmşa Jelaleddin Atsyz hem indi seljuklaryň tabynlygyndaky ülkäniň däl-de, özbaşdak, gudratly Horezm döwletiniň şasy, öz erkli hökümdary bolmak baradaky arzuwyny amala aşyrmagyň wagty ýetdi hasap edip, bu meseläni maslahatlaşmak üçin uly meşweret1 çagyrdy. Köşgüň tagt eýwanyny dolduryp oturan wezir-wekiller, emirler, serkerdeler, beýleki döwlet emeldarlary patyşanyň bir möhüm meseläni gozgajak bolýanyny çak edýärdiler. Horezmşa köp garaşdyrmady. Onuň geleni yglan edilenden oturanlar harman jaýdan göterlen torgaý toplumy ýaly gürre örüp, tagzyma baş egdiler. Horezmşa salam berip, tagtyna geçip oturdy. Adamlara bir laý göz aýlap, söze başlady: - Muhterem jenaplar! Sizleri ýurdumyzyň ykbalyna dahylly wajyp bir meseläni maslahat etmek üçin çagyrdyk. Horezmin döwletiniň taryhyny hemmäňiz gowy bilýärsiňiz. Onuň gadymda özbaşdak, gudratly döwlet bolandygy, hatda, dünýäni zabt eden Isgender Zülkärneýe-de tabyn bolmandygy taryhdan mälim. Ýöne soňky döwürlerde bu jepakeş ýurduň gaznalylara soňra seljuklara tabyn bolup gelýändigi her bir horezminliniň ýüreginiň armany bolsa gerek. Biziň pederimiz Kutbeddin Muhammet hezretleri otuz ýyllap seljuklara paç-hyraj töläp, tabyn bolup geldi. Men hem başyma şu mukaddes täji geýelim bäri, on ýylyň dowamynda Soltan Sanjara gulluk edip geldim. Indi besdir. Mundan beýläk Horezmini özbaşdak, garaşsyz döwlet etmek üçin biziň güýjümiz ýeterlik. Ýöne güýjümiz ýeterli diýip, Soltan Sanjaryň üstüne ýörüş etmekçi däl. Horezmini uly, güýçli döwlet etmek üçin biz hem başga ülkeleri özümize goşup almagymyz gerek. Şonuň üçin ilkinji nobatda Jend hem-de Mangyşlak zeminini Horezminiñ tabynlygyna geçireris. Elbetde, biziň bu özbaşdak hereketimizden Soltan Sanjar habardar bolan badyna dergazap bolar, üstümize goşun çekmegi hem mümkin. Goý, gelsin. Ine şonda onuň bilen güýç synanşyp göreris. Horezmşa sözüne dyngy bereninden emirler, serkerdeler we beýleki köşk emeldarlary bir agyzdan makullap seslendiler. Emma ýanaşyk oturan wezir Abul Müzäffär Säýid an Nyşapury bilen şeýhulyslam özara bir zatlar diýip pyşyrdaşdylar. Bu Horezmşanyň nazaryndan sypmady. Ol wezire ýaman gözi bilen bir garap goýdy. Şeýhulyslam Atsyza ýüzlendi: - Muhterem Horezmşa hezretleri, özbaşdaklyk, garaşsyzlyk gowy zat, emma özüni jahan soltany saýýan Soltan Sanjaryñ tabynlygyndaky ýerlere el gatsañyz, ol gaharyna ýurdumyzyñ başyna köp külpetler getirmezmi? Sowal dogrudy, emma Atsyzy beýle howp-hatar bilen raýyndan gaýtaryp boljak däldi. Ol: -"Serçeden gorkan dary ekmez" diýipdirler-diýip , pert jogap berdi. Şeýulyslam hem patyşadan haýpygyp durmady: - Aly hezret, Soltan Sanjaryñ serçeden has uludygyny, özüñiziñ etjek bolýan işiñiziñ hem dary ekmek ýaly ýönekeý iş däldigini oýlanyp görüñ! - diýdi. Atsyzyñ gaty gahary geldi, emma garşydaşynyñ baş dini hadym bolany üçin gaharyny daşyna çykaryp bilmedi. Ol bu garşylygyň diňe şeýhulyslamdan çykmandygyny, onuň aňyrsynyň öz wezirinden gaýdýandygyny aňdy. Wezir asly horasanly bolany üçin Horezmiň hemişe Horasanyň tabynlygynda bolmagyny isleýärdi. Atsyz wezirine hyrsyz nazaryny dikip: -Weziri agzam jenaplary, biz halkymyzyň islegini bir adamyň islegine çalşyp bilmeris. Garaşsyzlyk halkymyzyň islegi!-diýdi. Soňra şeýhulyslama ýüzlendi: -Möwlana, Size maslahatym: syýasata goşulyp, azara galyp ýörmäň. Onýança bize Alladan ýeňiş diläp, dilegde boluň!-diýip gödegräk äheňde gepledi. Şundan soň şeýhulyslam lam-jim boldy. Emma baş hajyp Şemsetdin Abul Fath Horezmşanyň niýetine garşy çykmasa-da, başgaçarak pikir bildirdi: -Aly hezret, bir ýörüşde hem Jendi, hem Mangyşlagy feth edenden olaryň arasyna wagt salyp, ýekän-ýekän alan dürüs bolar. Eger şeýle edilse munuň iki gowy tarapy bar... -Näme gowy tarapy bar? -Birinjiden, arasyna wagt salyp ýekän-ýekän alynsa goşun ýadamaz, köp ýitgi bolmaz. Ikinjiden Soltan Sanjar birje ýer üçin üstümize goşun çekip gelmez, köp gandöküşlik bolmaz. Ikinji ýörüşe çenli bolsa.... -Muhterem Şemsetdin jenaplary, - diýip, Atsyz hajybyñ sözüni böldi. Kyrk ýaşyň bosagasyndaky gujur-gaýrata dolan şanyň kalbyndaky hyjuw durmuşdan tejribesi ýetik, ýaşy bir çene baran hajybyñ pikiri bilen çapraz geldi. -“Demri gyzanda ýenç” diýipdirler, Soltan Sanjardan gorkup, demri sowatsak ýenjilmez. Ir-u-giç edilmeli işi maýdalap oturmak gerek däl. Işiň aňsadyna garap, hajybyñ pikirini içinden goldap oturan baş serkerde Bedretdin Muhammet Horezmşanyň pikirine goşulman bilmedi. Şeýlelikde bir hepdäniň içinde ýörüşe taýýarlyk görmek dogrusynda karara gelindi. Bellenen möhletde tabşyrylan işleriň berjaý edilip, goşunyň ýörüşe taýýardygy habar berlende Horezmşa goşuny Gürgenjiň günbataryndaky meýdanda nyzama duruzmagy buýurdy. Buýruk ýerine ýetirildi. Aňyrsy gözýetimi etekläp oturan giň meýdany tutup duran leşger Horezmşa Atsyz ýanynda iki atly bilen ses ýetimde peýda bolanynda “Ýaşasyn Horezmşa Atsyz! Ýaşasyn şahymyz Jelaleddin Atsyz!” diýen alkyşlar ýaňlandy. Horezmşa nyzamda duran agyr goşunyň öňüne gelip ýetende sag elini gursagyna goýup, baş atyp salam berdi. Şanyň salamyna jogap hökmünde alkyşlar ýene ýaňlandy. Horezmşa leşgeriň ençeme ýere uzap giden hatarynyň aňry çetine baryp, gaýdyp gelýärkä ýanyndaky baş serkerdä ýüzlendi: -Bu ýerde näçe? -Ýigrimi müň atly, bäş müň pyýada, Aly hezret. Özüňiziň aýdanyňyz. -Men pyýada diýmedim-ä, diňe atly leşger bilen gidýäs. Patyşaga “Aýtdyňyz-a” diýip bolýamy. Şonuň üçin baş serkerde: - Men ýalňyş düşünendirin, Aly hezret, bagyşlaň! Diňe atly goşun bilen gidýän bolsak, pyýadalary-da goraga goýan bäş müň .serbazyñ hataryna goşaýarys. -Sen-ä tüýs nadan ekeniň, jenap Bedreddin. Gorag üçin şol bäş müň serbazyñ özi ýeterlik. Eger köpräk ýagy gelse, olar açyk söweşe çykman galada goranarlar. Gürgenjiň galasyny nähili ýagy bolsa-da, iküç aýsyz alyp bilmez. Oňa çenli bizem ýetip geleris. Şonuň üçin bäş müň adamy zerurlyk ýok ýere bakyp oturmak nämä gerek. Olara öýlerine jogap berip goýberiň, gerek mahaly çagyryp alaýarys-diýip, Atsyz temmi beriji äheňde aýtdy, soñunda: - Hakyna tutulan türkiler bilen özümiziňkileriň arasynda oňşuksyzlyk ýokmy?-diýip sorady. - Ýok, Aly hezret. Beýle ýagdaýyň ýüze çykmazlygy üçin berk çäreler görüldi. Muňa weziri-agzam jenaplary şaýat-diýip, baş serkerde Horezmşanyň sag tarapynda barýan Abul Müzäffär Säýide yşarat etdi. Soňra - Aly hezret, ýörüşiň maksadyny leşger Siziň öz diliňizden eşitse has gaýrata galardy-diýip, baş serkerde sözüniň üstüne goşdy. -Jenap Bedreddin, şu gün seniň aňyň özüňde däl ýaly. Sen näme, men şu ýere goşunyň öňüne diňe “Ýaşasyn Horezmşa Atsyz!” diýen sözleri eşitmäge gelendir öýdýäňmi? Elbetde, leşgere maksadymyzy gysgarak nutk bilen bolsa-da beýan ederis-diýip, Horezmşa goşunyň hatarynyň ortasyna geleninde atynyň başyny çekip, leşgere tarap öwürdi. Patyşanyň söz sözlemekçidigini aňan leşgeriň özara hümürdisine suw sepilen ýaly boldy. - Batyrlarym!-diýip, Atsyz belent owaz bilen söze başlady:-Batyrlarym diýmegimiň sebäbi biziň bilen bu ýörüşe diňe batyrlar gider. Gorkaklara öýlerine jogap! -Aramyzda gorkaklar ýokdur, Aly hezret!-diýen sözler ýaňlandy. -Berekella, gerçeklerim! Biziň bu ýörüşimiziň maksady eziz Watanymyz Horezminiň geçmişdäki beýik derejesini dikeltmek ýagny ony beýik, gudratly döwlet etmekdir. Taryha nazar aýlasak Horezmin geçmişde özbaşdak gudratly döwlet bolupdyr. Emma ol soňky ýüz ýylyň dowamynda kesekileriň tabynlygyndaky ülke bolup gelýär. Indi Horezminiň tabynlyk müddeti tamam boldy hasap ediň. Şu günden başlap biz hiç kime tabyn däl, özbaşdak garaşsyz döwletdiris. Indi bu garaşsyzlygymyzy berkitmek, ýurdumyzy güýçli, özbaşdak uly döwlete öwürmek üçin serhetlerimizi giňeltmegimiz gerek. Munuň üçin biz bir näçe ülkeleri özümize tabyn etmelidiris. Biz başgalary tabyn etmesek başgalar bizi tabyn ederler. Biz muny ýurdumyzyň taryhynda gördük. Biziň bu ýörüşimiz şu beýik maksat ýolundaky ilkinji ädimimizdir. Adatda ilkinji ädim golaýyňa ädilýär. Şoňa görä gaty daş bolmadyk Jend bilen Maňgyşlak taraplara aýlanyp gaýdarys. Bu iki ülkäni özümize goşup alsak, ýurdumyzyň baýlygy has artar, serhedi giňär. Ine şonuň üçin münejimleriň aýtmagyna görä ýörüşe sähetli gün ertir irden başlarys! Horezmşa sözüni tamamlandan: "Ýaşasyn garaşsyz Horezmin!" "Ýaşasyn beýik şahymyz Jelaleddin Atsyz!” diýen sedalar ýaňlandy. Şundan soň Atsyz baş serkerdäni goşunyň ýanynda galdyryp, şähere gaýtdy. *** Horezmşanyň bir uly ýörüşe taýýarlyk görýändiginden Zübeýdanyň habary bardy. Ýöne ýörüşiň haçan başlanjakdygyny bilmeýärdi. Sährada ösen söweşjeň ruhly gyza Horezmşanyň köşgi barha darlyk edýärdi. Şonuň üçin ol bu ýörüşe gatnaşmagy tüýs ýüregi bilen isleýärdi. Bu isleg bir tarapdan Atsyz bilen bile bolmak islegi bolsa, ikinji tarapdan giň sähra çykmak, ol ýerde boljak jeň-u-jedelleri görmek we oňa gatnaşmak islegidi. Onuň söweşjeň ruhy şu zatlary talap edýärdi. Şu talap, şu isleg ony ýörüşiň haçan başlanjagyny bilmäge gyssaýardy. Durmuşda käte bela-kazanyň duýdansyz gelşi ýaly arzuw islegler hem garaşylmadyk pursatda wysal bolýar. Zübeýdanyň hem garaşmadyk wagty gökdäki dilegi ýere düşdi, Atsyz ony huptan namazyndan soň huzuryna çagyrtdy. Zübeýda begenjine gül ýaly açylyp bardy. - Gel, Zübeýda!-diýip, Atsyz ony güler ýüz bilen garşy aldy. Gyz tolgunany üçinmi patyşaga tagzymy-da unudyp: - Geldim, şahym-diýdi özüniň ajaýyp näzli ýylgyryşy bilen. Bu jadyly ýylgyryş tagzymyň ýerine geçen bolmaga çemeli, Atsyz gyzyň bu dessury berjaý etmedigine üns hem bermedi. Ol gyzy boýdan-başa synlap durşuna: -Tüweleme, Zübeýda, gün-günden gül ýaly açylýarsyň, biziň köşgümiziň durmuşy saňa ýaraýar öýüdýän-diýdi. -Ýok, şahym, tersine bu belent diwarlar meni gün-günden gysyp-gowuryp barýar. Giň sährany, onuň sergin şemallaryny küýseýän. - Onuň ýaly bolsa, seni ertiriň özünde giň sähralara alyp gidýän. Ýöne gezelenje, şikära däl, söweşe gidýäs, gitjekmi? - Janym bilen gitjek, ýöne goşunyň yzyndaky ýükli, maşgala toparda däl, Siziň ýanyňyzda atda, söweş geýminde gitjek. Atsyz Zübeýdanyň öz sährasynda erkek geýiminde atda gylyç oýnap ýören wagtlaryny küýseýändigini aňdy. Ol gyza seredip ýylgyrdy-da, degişme äheňinde: -Bolýa, hanym Siziň islegiňiz berjaý bolar-diýdi. *** Agyr goşun Seýhunyň boýuny ýakalap, Jende tarap barýardy. Goşunyň öňüni baş serkerde Bedreddin Muhammet çekip barýardy. Horezmşa wezir-wekilleriniň gurşawynda ýanynda Zübeýda bilen goşunyň orta gürpündedi. Zübeýda sähra çykaly bäri öňküsinden hem gül ýaly açylyp, gözelligine gözellik goşulan ýalydy. Wagty hoşdy. Ol öňde jeň-jedel, howp-hatar bardyr diýip, serine-de getirmeýärdi. Eger söweş bolsa oňa häziriň özünde girmäge taýýardy. Ol özüniň Horezmşa diýip beýgeldilýän beýik adamyň söýgüsini gazananyna, häzir hem onuň ýanynda at başyny deňäp barýandygyna içinden buýsanýardy. Atsyz aram-aram, oňa, içini gysdyrmazlyk üçin bir zatlar diýip ýüzlenýärdi. Bu sapar ol: -Zübeýda, uzak wagt atda ýöremek hem adamy ýadadýar, sen ýadamadyňmy?-diýip sorady. -Ýok, şahym, ýadamadym. Ýadasam söweşe girip bilmen, ahyry. -Belki işimiz söweşsiz hem biter. Şeýle bolsa has gowy. -Aýý, sapar söweşsiz bolsa gyzygy bolmaz-a, şahym. Atsyz kellesini ýaýkap güldi-de: -Gyzykly söweşi Gürgenje gaýdyp baranymyzda ikimiz edäýeris-diýdi. Zübeýda munuň ýaly söze gyzarýan, utanýan gyz däldi. Ol Atsyza garap bir ýylgyrdy-da, ýüzüni beýlesine sowdy. Atsyzyñ “Belki, işimiz söweşsiz hem biter” diýeninde bir keramat bar kimin ýol ugrundaky ilatly etraplaryň birnäçesi garşylyksyz Horezmiň tabynlygyna geçdi, käbir garşylyk görkezenleri bolsa gylyç bilen boýun egdirildi. Zübeýdanyň keýpi ýokdy. Atsyz onuň keýpini götermek üçin degişdi: - Hä, batyr gyz? Söweşsiz gyzygy ýok diýýädiň-le, näme söweşe girmediň? - Men ejize ganym bolmagy halamaýaryn. Bu ýerde “söweş” diýer ýaly söweşem bolmad-a.serbazlaryňyz gylyjyny gynyndan çykarandan ol biçäreler teslim boldular. Şonda-da bir näçe adamyň gany döküldi. Beýtmeli däldi, şahym. - Şeýdip gözlerini gorkuzmasak, biziň tabynlygymyza geçmezdiler. Biz ýurdumyzyň serhetlerini giňeldip, güýçli döwlet bolmagymyz üçin ähli amallardan peýdalanmalydyrys. Zübeýda geplemän, Atsyza bir garap goýdy, Bu garaýyş öňküler kimin näzli, jadyly garaýyş däldi. Bu onuñ şanyñ soñky sözüni halamandygyny añladýardy. Sapar ýitgisiz, şowly geçýärdi. Emma Jendiň galasyna ýetip baranlarynda hakyky garşylyk şol ýerde görkezildi. Gurşalan galanyň üstünde duran elleri ok-ýaýly urşujylar Horezmşanyň goşunynyň hereketini synlap, gaýşaryşyp durdylar. Atsyz baş serkerde Bedreddin Muhammede: “Gepleşip gör, belki teslim bolarlar” diýdi. Baş serkerde bäş ädim öňe saýlandy, bir elini galgadyp söze başlady: -Eý, Jendiň batyr goragçylary! Siziň batyr ýigitlerdigiňiz durşuňyzdan belli bolup dur. Emma diňe batyrlyk bilen ýeňiş gazanyp bolmaýar. Uly güýjüň öňünde batyrlyk hiç zat. Siz häzirki ýagdaýda gözsüz batyrlyga däl, akyl-paýhasa bil baglamagyňyz gerek. Şonuň üçin ýaragyňyzy taşlaň, derwezäni açyň. Biz size aman bereris. Hiç bir gandöküşiklik bolmaz şonda. Ýagşylyk bilen bitjek işi ýamanlyga eltmäli. Biziň şu teklibimizi emiriňize ýetiriň. Onuň özi çykyp, Horezmşa hezretleriniň öňüne gelsin. Eger şu teklibe razy bolmasaňyz, soňy gaty pajygaly bolar. Maslahatlaşyň, size bir gün puryja berýäris. Bedreddin Muhammediň sözüni diňläp duran urşujylaryň içinden biri elini galdyryp: -Eý, ykmanda horezminliler!-diýdi. - Sizler hakykatdan hem gandöküşiklik bolmagyny islemeýän bolsaňyz, gelen yzyňyzy tozan basmazdan yzyňyza dolanyň. Ýogsam biziň ganymyz däl, şu galanyň düýbünde siziň ganyňyz döküler. Menem şu sözleri hezreti emirimiziň adyndan aýdýaryn. Horezmşa galany dynçlyk ýoly bilen alyp bilmejegine gözi ýetip, hüjüme geçmäge buýruk berdi. Merdiwançylar biri-birine seplenen uzyn merdiwanlaryň aşagyna on-onbäş bolup girip göteren badyna galanyň düýbüne bakan okduryldylar. Olaryň yzy bilen iküç müňe golaý söweşiji eňdi. Ine şonda ýokardan ýagdyrylan peýkamlaryň galkanlara degenleriniň darkyldysy gulaklary kamata getirýärdi. Atylan peýkamlaryň hemmesi-de diňe galkanlara däl, adamlara degýänleri hem bardy, olar ajaly ýetenleri bu dünýä bilen hoşlaşdyrýardy, ýetmedikleri ýaralaýardy. Diwara goýlan merdiwanlardan ýokary dyrmaşyp barýan söweşijileriň köpüsine galanyň üstüne çykmak başardanokdy. Çykdym-çykdym diýende bir zarp bilen merdiwan yzyna gaýdyryp goýberilýärdi. Ýokary çykmagy başaranlaram azçylyk bolansoň köpçüligiň garşysyna durup bilmeýärdiler. Bu tarapdaky söweşde şowsusyzlyk bolsa-da, derwezä edilen hüjüm netije berjege meňzeýärdi. Derweze bozujylar alty tigirli ýörite arabany tigirläp, onuň üstündäki ujuna demir bentlenen ýogyn pürsi bat bilen urup derwezäni çagşadyp ugrapdylar. Şundan soň köp salym geçmän derweze çagşap ýykyldy, goşun şähere eňdi. Indi galanyň depesindäki goragçylara ol ýerde iş galmady. Jany şirinleri gaçdy, gözsüz batyrlary söweşip gurban boldular. Horezmşa şäheriň orta arasynda howalanyp duran köşgüň öňündäki meýdana ýetip gelende ýurduň emiri emeldarlary we birnäçe ulamalar bilen pyýadalap onuň öňünden çykdy. Şol wagt Atsyzyň aty göni garşysyna gelip aýak çeken adamlardan ürkdümi nätdimi kişňäp çarpaýa galdy. Bu bilen Horezmşa göýä ýeňişini dabaralandyran ýaly boldy. Emir adamlary bilen bile baş egip, aman diledi. Ap-ak sakgaly döşüne düşüp duran, nurana ýüzli moýsepit kişi-Jendiň şeýhulyslamy Atsyza ýüzlendi: -Merhemetli Horezmşa hezretleri! Ata-babalardan galan bir hikmetli söz bar: “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”. Siziň beýik we är kişidigiňiz dünýäge mälim. Är kişiler geçirimli bolýandyrlar. Bu ulamalar Siziň ärligiňize bil baglap, Hudaýyň bir bendesiniň ganyny geçmegiňizi dileýäris. -Hudaýyň bendesi diýeniňiz şu duran emiriňiz dälmi?-diýip, Atsyz jogabyna garaşman, sözüni dowam etdi.-Biz bu Hudaýyň bendesiniň ganyny geçsek, onuň kesirligi, men-menligi zerarly ýüzlerçe adamlaryň dökülen gany bizi tutmazmy? Biz şäheriň ilatyna aman berdik, goşunymyza talaňçylygy gadagan etdik. Emma biziň parahatçylykly teklibimizi tekepbirlik bilen ret edip, şunça adamyň ganyna galan adamyň ganyny geçip bolmaz, muhterem ulamalar. Özüne geçirimlilik edilmejegine gözi ýeten emir barybir ölmeli bolsa “Ýatyp galandan atyp gal” diýlenini edip: -Muhterem Horezmşa hezretleri, bu dökülen ganlar üçin günäkär birinji nobatda sen, ikinji nobatda men-diýdi. Çünki, parahat oturan iliň üstüne gylyç göterip gelmedik bolsaň, bir damja hem gan dökülmezdi. Adamlar emiriň birden beýle Horezmşanyň ýüzüne gelenine aň-taň boldular, şoňunyň nähili boljagyna demlerini içine ýuwdup garaşdylar. Atsyz aňyrsyndan dyzap gelen gazabyny daşyna çykarmady, parahat gepledi: -Men gan dökmek üçin gelmändim. Iki ýurdy birleşdirip, uly, güýçli döwlet gurmak maksadynda gelipdim. Bu siziň üçin hem, biziň üçin hem peýdaly dälmi? Bir taýagy eliňe alyp, sähel güýç bilen döwüp bolýar. Iki taýagy jübt tutup, döwmek her kese başartmaz. Şuňa aklyň ýetýändir-ä, seniň. -Muhterem şa, seniň hem aklyň gan dökmän ýurt alyp bolmajagyna ýetýän bolsa gerek. Atsyz emiriň ýüzüne synçy nazaryny dikip bir salym dymdy. “Mert adam ekeni. Men ony indi jezalandyrsam hakykaty aýdany üçin jezalan ýaly bolaryn” diýip, pikir öwreninden soň: - Mert durup, köňlüňdäkini aýdyp bileniň üçin ganyňy geçdim. Ýöne sen indi emir däl. Bir günüň içinde maşgalaňy alyp şäherden çykyp git. Biz bu ýerde başga tertip-düzgün ornadarys-diýdi. Emir janynyň aman galanyna içinden şükür edip, özüni gurşap duran adamlaryň arasyndan ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi. Şundan soň köşk emeldarlary dyza çöküp, Horezmşaga gulluk etjekdiklerine kasam etdiler. Atsyz Jendiň köşgünde üç gün gözel Zübeýda bilen dem-dynjyny aldy. Şu arada özüniň ynamdar bir hajybyny ýurda waly belledi, onuň ygtyýarynda serkerdesi bilen bäş müñ atly esger galdyryp, Mangyşlak sary ýörüş etdi. Mangyşlak Atsyzyň öň görmedik ýeri däldi. Ol esasan çarwa ilatly, dowarly, gylýal sürüli ülke bolup, özüni goramak üçin at-ýaragly toparlary hem bardy. Atsyz ol ýere pederi Kutbeddin Muhammediň döwründe hem bir gezek iküç müň atly leşger bilen aýlanyp gaýdypdy. Elbetde, keýpine däl, döwletiň gaznasynyň kem-köstüniň üstüni doldurmalydy. Ýöne munuň ýaly kiçiräk ýörüşler hem Soltan Sanjardan bidin edilmeýärdi. Soltan Horezmşa Kutbeddin Muhammede beýle zatlara ejaza berýärdi. Horezmşa Atsyza bolsa, indi onuň ejazasy gerek däldi, ol öz ygtyýary bilen hereket edýärdi. Horezmşanyň goşuny Mangyşlaga baryp ýeteninde uly bir garşylyk görkezilmese-de, Jendiň emiriniň aýdany ýaly gan dökmän ýurt alyp bolmajagy bu ýerde-de belli boldy. Şeýlelikde Mangyşlagy hem Horezminiň tabynlygyna geçirip, Atsyz Gürgenje dolandy. Ol bu eden işiniň Soltan Sanjaryň gazabyndan çetde galmajagyny bilýärdi. Şonuň üçin ol Mangyşlakdan sürüp gaýdan gylýallaryna eýer salyp, olara täze toplan söweşijilerini oturtdy. Şeýdip, goşunyny has güýçlendiren Atsyz öz göwnüne Horasandan ýadap gelen goşuny derbi-dagyn ederin öýtdi. Horezmşanyň merkezi häkimiýeti äsgermezlik bilen özbaşdak eden ýörüşleri hakyndaky habar Merw bilen bir wagtda Bagdada hem baryp ýetdi. Bu habar Soltan Sanjary dergazap eden bolsa, halyf Al Mustarşidi begendirdi. Ol özüniň seljuklaryň garşysyna göreşinde Horezmşany ýaran edinmek maksadynda Gürgenje ilçiler bilen gymmat bahaly serpaýlar iberdi. Soltan Sanjar bolsa, eden işi üçin ötünç soramagyny talap edip, setirlerine gahar-gazaby siňdirlen nama gönderdi. Namany getiren çapar ony Merwiň Gürgençdäki wекiliýetiniñ başlygyna berdi, soltanyñ oña Horezmşa bilen "gowuja gepleşmegi" tabşyrandygyny aýtdy. Wekilbaşy namany okap görüp, kellesini ýaýkady, özüni iki oduň ortasynda galan ýaly duýdy. Çünki, soňky döwürde Horezmşanyň özüni alyp barşy howpludy. Bir bahana tapsa ähli horasanlyny yzyna it salyp kowmagy ýa-da jeza bermegi hem ähtimaldy. Ýöne soltan "gowuja gepleşsin” diýen bolsa gepleşmän hem bolmaýardy. Ol bir karara gelip, wekiliýetiň agzalaryny maslahata çagyrdy. -Jenaplar, soltanymyz Horezmşanyň eden işlerinden gaty närazy bolup, nama iberipdir. Men size ony okap bereýin, soň ony näme etmelisini maslahatlaşarys-diýip, wekil haty okap berdi. Wekiliýetiň agzalary bir salym biri birine seredişip, näme diýjeklerini bilmän durdular. Soňunda olaryň biri: -Meniň pikirimçe, bu ýerde müşgul zat ýok, tagsyr. Namany eltip, Horezmşanyň özüne gowşuryň. Onsoň özi ondan näme netije çykarsa çykarar-da - diýdi. -Eger, mesele namany Horezmşaga gowşurmakdan ybarat bolan bolsa, ony getiren çaparyň özi-de gowşuryp giderdi. Soltan haty Horezmşaga däl, bize bermegi, biziň hem şu hata daýanyp, onuň bilen gepleşmegimizi, eden işi üçin soltandan uzur soratmagymyzy tabşyryp goýberipdir. Şonuň üçin siziň dördüňiz, meniň bilen bäş kişi bolup, onuň huzuryna baraly. Men namany okap berip, ony gowşuranymdan soň aýtmaly geplerimi aýdaýyn, siziňem heriňiz bir agyz söz bilen meniň gepimi tassyklaň. Soňunam görübereris. Ýöne onuň bizi sylap gepleşmejegini bilýän. -Bizi sylamasa, soltany sylamaly bolar, biz soltanyň adyndan gepleşeris, ahyryn-diýen wekiliýetiñ agzasyna wekilbaşy şeýle diýdi: -Soltanymy? Öňräk men oňa soltanyň gaznasyna berilmeli pajyň wagtynda iberilmändigini ýatladanymda, ol: “Soltanyň güzerany Horezminiň pajyna garap duran däldir” diýip, ýüzümi aldy. Ine şondan onuň soltany nähili sylaýanyny biläýmeli. Ýöne, jenaplar, ol bizi sylasa, sylamasa-da, soltanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmelidiris. Wekilbaşynyñ bu sözünden soň maslahat uzaga çekmedi. Ertesi irden Horezmşanyň huzuryna barmaklyga ähtleşip, dargaşdylar. *** Horezmşa Atsyz düzgüne görä ir säher köşgüň tagt eýwanyna geleninde ol ýerde häzir bolan wekil-wezirler ör turup, ony tagzym bilen garşy aldylar. Ol salamlaşyp, tagtyna geçip oturdy. Onuň keýpi kökdi. Jend bilen Mangyşlaga edilen ýörüşiň üstünlikli geçmeginiň hoşnutlygy entek serinden gitmändi. Munuň üstesine düýnki Bagdatdan gelen ilçiler, Halyfyň goýberen sarpaly serpaýlary onuň göwnüni göge göteripdi. Çünki bu serpaýlar diňe bir maddy sowgat bolman, uly manyly ruhy medet hemdi. Indi ol külli musulman äleminiň ymam-emiri halyf Al Musterşidiň goldawyna bil baglap biljekdi. Horezmşa gün tertibindäki meselelere geçmezinden öň goluny gursagyna goýup, bir zatlar diýmekçi bolup duran köşk işleri sahybyna : -Ýeri, näme gep?-diýdi. -Aly hezret, soltanyň wekilleri kabul etmegiňizi haýyş edýär. Horezmşanyň Merwden bir adamyň gelip gideninden habary bardy. Ýöne onuň köşge gelmänligi üçin özüne dahylly mesele bilen gelendir öýtmändi. Indi soltanyň wekilleriniň beýle irden kabulyna gelmeklerinden ol adamyň ýöne ýere gelip gitmändigini aňdy. Ol öz ýanyndan “Gelibersinler bakaly” diýip: -Çagyryñ, gelsinler-diýdi. Başlaryny çalarak egip, tagt eýwanyna giren bäş kişi Horezmşanyň oturan tagtynyň öňüne gelip, salam bilen tagzym etdiler. Hatara duran dört kişiniň bir ädim öňünde duran wekilbaşy Horezmşaga ýüzlenip, söze başlady: -Muhterem Horezmşa äl Mälik Abu Müzäffär Jelaleddin Atsyz aly hezretleri, biziň beýik soltanymyz Abul-Fath Sanjar ibn Mälikşa hezretleri Size bir nama göndermiş, ony okap bermegime ejaza berseňiz... -Men beýik soltanymyz kimin bisowat däl, özüm okaryn, Aberiň bäri namany-diýip, Atsyz kinaýaly gepledi. Wekilbaşy nalaç namany iki elläp Atsyza gowşurdy. Atsyz: -Teşşekür, indi gaýdyberiň-diýdi. Wekil hem, onuň adamlary hem näderini bilmän, bir hili boldular. Şeýle gidip bilmejek wekilbaşy Atsyza ýüzlendi: -Muhterem Horezmşa aly hezretleri, biz namanyň jogabyny soltanymyza ýetirmelidiris. Şonuň üçin Siz ony häzir okap, ondaky aýdylan şerti berjaý etmegiňiz gerek. Atsyz namany okamasa-da, eýýäm onda nämeler ýazylandygyny, ondaky şert diýenini-de çakdan bilip otyrdy. Eger ol häzir namany açyp okasa, ondaky şerti berjaý edip, Jend bilen Mangyşlak üçin soltandan gaýybana bolsa-da, ötünç sorasa ýene-de öňküsi ýaly Horezm seljuklaryň garamagynda, onuň özi-de soltan Sanjaryň tabynlygynda galmaly. Ýok, ol muňa razy däl. Eger-de ötünç hem soraman, başga-da soltanyň gaharyny getirýän işleri etse, ol goşun çekip geler, ana şonda aňyrdan ýadap gelen goşuny derbi-dagyn edip, soltanyñ özüni-de ýesir alsa, hakyky garaşsyzlygy şonda gazanyp boljakdygyny serinde aýlady. Ol jogaba garaşyp duran wekillere seredip: -Jenaplar, men gaýdyberiň diýenimde gaýtmadyňyz. Indi size gaýtmaga kömek etmeli boljak-diýdi-de, köşk işleri sahybyna yşarat etdi. Şanyň yşaratlaryna düşbi sahyp tagtyň sag tarapyndaky gapyny açyp, iki eliniň on barmagyny görkezdi. Şol bada ol ýerden on sany nöker çykdy-da, sahybyň bir agyz-sözi bilen wekilleriň hersiniň iki ýanyna ikisi geçip, idirdedip alyp ugradylar. Bu edilen gödeklik gülküli däl bolsa-da, wezir-wekiller Horezmşanyň bu işini makullap gülüşdiler. Wekilbaşy çykyp barýarka: - Atsyz, bu edeniň üçin hem soltanyň öňünde jogap berersiň!-diýip gygyrdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |