07:28 Gürgenç / 2-nji kitap -13 | |
XIII BAP
Taryhy proza
Horezmşa Atsyz wekilbaşynyñ aýdany ýaly eden işleriniň jogabyny däl-de, jezasyny çekmeli bolaýmasa ýagşy. Ol Jend bilen Mangyşlagy basyp alany üçin uzur soramasa-da, soltanyň bir sapar geçirimlilik etmegi mümkindi. Atsyz onuň şeýle häsiýetiniň bardygyny bilýärdi. Atsyza bolsa onuň geçirimliligi däl-de, Horezme goşun çekip geleni gerekdi. Munuň üçin ol soltany has dergazap edip, uruşa mejbur etmelidi. Şeýle-de etdi. Wekilleriñ emlägini ellerinden alyp, özlerini tussag etdi. Horasanyň ýoluny bekletdi, derýadan geçmäge gelen horasanlylar geçelgede hyzmatda duran döwlet işgärlerinden horluk baryny gördüler. Bu gabahat işleriň habary şol wagt Balhda bolan Soltan Sanjara baryp ýetende onuň gazapdan dili tutuldy, gany ýüzüne urup gyzardy. Şeýle-de bolsa, sowukganlylygyny ýitirmedi, gazabyny daşyna çykarman gepledi: -Ol biziň gulumyzyň agtygydygyny unutdymyka? Özüni kimdir öýdýärkä? Horemşa edip, ony men belledim. Muňa ýagşylyga ýamanlyk diýilýär. Goşuny ýörüşe taýýarlaň! Onuň bu etmişlerini jezasyz goýsak bolmaz. Goý, bu başgalara-da sapak bolsun! -Kyblaýy älem, - diýip, ýaşuly emirleriň biri soltana ýüzlendi.-Atsyzyň maksady hem Siziň goşun çekip barmagyňyz bolsa gerek. Ol jeňde üstün çykyp, doly özbaşdaklyk gazanmakçy bolýar çememde. Şu maksatda ol güýçli goşun hem toplan bolmaly. -Biz hem güýçsüz goşun bilen barmarys!-diýip, soltan bu sapar sesini biraz gataldyp aýtdy. Şeýlelikde 533-nji hijiriniň mäherrem aýynda (1138 oktýabr) Soltan Sanjaryň Horezme birinji ýörüşi başlandy. Birinji ýörüş diýenimiziň sebäbi bar. Soltan Sanjar Atsyzy tobasyna daýandyrjak bolup, ikinji, üçünji ýörüşleri hem edýär, emma... emmasy öňümizde. *** Horezmşa Atsyz Soltan Sanjary Horezme goşun çekmäge mejbur edişine etdi welin, ýöne Balhdan gelen bir adamyň soltanyň uly goşun toplany hakynda getiren habary onuň bu söweşde ýeňiş gazanjagyna bolan öňki ynamyny biraz gowşatdy. Bu habardan öň onuň soltan öz tabynlygyndaky ülkäniň goşuny 20-30 müňden köp däldigini bileni üçin uly goşun bilen gelmez diýen pikiri bardy. Emma ol, söweş täliminiň ussady, beýik serkerde Sanjaryň özüni göz-görtele söweşe çagyrýanyň bir ynanýan daýanjy bardygyny bilmez ýaly samsyk däldigini unudypdy. Şeýle-de bolsa, ol serkerdeleriniň ýanynda özüni ynamly tutup, uly söweşe taýýarlyk görüp başlady. Goňşuçylykdaky türki taýpalardan urşujylary hakyna tutup, leşgeriniň sanyny ýene-de köpeltdi. Şundan soň Atsyzyň köňli birneme jem bolup, irden meşweret çagyrdy. Köşgüň tagt eýwanyna ýygnanan wezir-wekiller, emirler, serkerdeler, ulamalar Horezmşanyň etjek bolýan uruşynyň zyýany bilen peýdasy barada bir hörpden gopmadylar. Ylaýta-da ulamalar bu uruşa närazylyk bildirdiler. Atsyzyň Jend bilen Mangyşlaga ýörüşiniň öň ýanyndaky meşweretde ol ýörüşe garşy çykan şeýhulyslam bu sapar hem geplemän oturyp bilmedi: -Aly hezret! - diýip, ol Horezmşanyň ýüzüne göni bakyp, söze başlady - Yslamda jihätden özge uruşlar ýazgarylýandyr. Musulman musulmanyň ganyny dökse, bu günahy-azymdyr. Şonuň üçin Siz soltany-da, özüňizi-de bu uly günäge batyrmaň. Uruşyň öňüni almak gerek. Siz uzur sorap, soltana bir nama ýazyň. Biz ulamalar ony alyp, soltanyň huzuryna baraly. Ol biziň sözümizi syndyrmaz, uzuryňyzy kabul eder. Eşitmişimize görä ol kişi geçirimli adammyşyn. Gandöküşiklik bolmasyn. Siz hem şu sapar biziň towakgamyzy kabul ediň, Aly hezret! Atsyz şeýhulyslamyň sözüniň adamlara nähili täsir edendigini bilmek üçin oturanlara göz aýlady. Adamlaryň ýüzünde üýtgeşik bir alamat ýokdy. Olar patyşanyň jogabyna garaşýardylar. - Möwlana - diýip, Atsyz sözüni agraslyk bilen başlady.-Men Size öňki meşweretde hem syýasata goşulyp, azara galmaň diýip aýdypdym. Bu sapar hem şuny aýtmaly bolýan. Çünki bu uruş ýöne uruş däl, bu garaşsyzlyk ugrundaky syýasy çäre hemdir. Men Siziň aýdyşyňyz ýaly baş egip, uzur sorasam, soltanyň uzurumy kabul etmegi hem mümkin. Men onuň geçirimlidigini hem bilýän. Ýöne onsoň näme? Horezmşa ötünç sorady, indi Horezmine özbaşdaklyk bereli diýip, bizi tabynlygyndan boşadar öýdýäňizmi? Asla boşatmaz. Biz öňkümiz ýaly ýene oňa paç-hyraç tölemeli, otur diýse oturyp, tur diýse turup gün görmeli. Indi besdir! Biz garaşsyzlygy söweşip, söweşde ýeňiş gazanyp almalydyrys. Başga ýol ýok! Horezmşanyň birneme gyzyp aýdan bu sözlerinden soň hörpi basylan şeýulyslam goldaw isläp, ulamalara garanjaklady. Emma olardan hem seza çykmajagyny aňan şeýhulyslam kellesini ýaýkap, ýene Atsyza ýüzlendi: -Eger müň-müňläp adamlaryň ganyny döküp, garaşsyzlyk gazanjagyňyza ynamyňyz bar bolsa, görüň-dä, Aly hezret. Aslynda ol, “Müň-müňläp adamlaryň ganyny döküp, hem garaşsyzlyk gazanyp bilmeseňiz, özüňizden görüň” diýmekçidi. Ýöne Atsyzyň hökümdarlyk mertebesi dilini baglady. Atsyz hem özüne beýle garşy gidýäniň şeýhulyslamdan başga adam bolanynda etjegi bellidi, ýöne garşydaşynyň diniň ýurtdaky baştutany bolany üçin oňa erbet söz hem aýdyp bilmedi. -Nesip bolsa, Allanyň eradasy bilen garaşsyzlygy ýeňiş bilen gazanarys, möwlana. Indi ejaza berseňiz biz emirler, serkerdeler, döwlet adamlary bilen harby meseleleri maslahatlaşmakçy. Şonuň üçin Siz ulamalar bilen gaýdyberseňiz hem bolýar-diýip, Atsyz şeýhulyslamy, ulamalary ugratdy. Din hadymlaryndan başga-da oturanlaryň arasynda hem bu urşa garşy adamlar bardy. Emma Horezmşanyň şeýhulyslama beren jogabyndan soň olar söz aýtmaga milt edip bilmediler. Atsyz bu adamlaryň hem köňlündäki garşylygy aýyrmak üçin ýüreginden syzdyryp nutk sözledi. Ol sözüniň soňyny şeýle jemledi: -Jenaplar! Bu uruş eziz watanymyzyň ykbalyny çözjek mukaddes uruşdyr. Bu uruşda dökülen ganymyz hem mukaddesdir. Şonuň üçin biz bu söweşe aýratyn aýgyt, aýratyn hyjuw bilen girmegimiz gerek. Şeýle aýgyt, şeýle hyjuw bilen gylyç çalsak, enşalla ýeňiş biziňki bolar. Bu ýeňiş bolsa watanymyza garaşsyzlyk, halkymyza azatlyk getirer. Atsyz sözüni soňlanyndan ony köpçülik goldap seslendiler. Onuň adyna hamdu-senalar ýaňlandy. -Teşekür, ezizler, teşekür!-diýip, ol bir elini gursagyna goýup, minnetdarlyk bildirdi. Soňra boljak söweşiň tärleri barada pikir alyşyldy. Emirler, serkerdeler Soltan Sanjaryň goşunyny paýtagta golaý getirmän, Hazarasp galasynyň eteginde garşy almagy teklip etdiler. Bu teklip Atsyza hem makul boldy. Şonda häliden bäri ümsüm oturan wezir Abul Müzäffär an Nyşapury özüniň şeýhulyslam bilen pikirdeşdigini, ýurduň garaşsyzlygyna garşydygyny aňýan Horezmşanyñ özi hakdaky pikirini üýtgetmek maksadynda ara goşuldy. -Aly hezret, ejaza berseňiz men hem öz pikirimi aýdaýyn. -Aýdyň, muhterem weziri büzrük-diýdi Atsyz. -Aýtjak bolýanym meniň öz pikirimem däl. Ol geçmişde dünýäniň ençeme ýurtlaryny feth eden jahangir, söweş täriniň ussady Mahmyt Gaznalynyň pikiri. Taryhy ýazgylarda aýdylyşyna görä ol Horezmini feth edeninde ýesir düşen baş serkerdä garap: -Sen näçe söweşleri gören adam, hökümdaryň bolsa entek söweş görmedik ýaş oglan. Ol bilmese-de, sen Mahmyt Gaznalyny açyk meýdanda söweşip, ýeňip bolmajagyny bileňokmy? Seniň ýeriňe men bolsam, açyk söweşe çykmazdym. Gürgenjiň galasynda goranmak üçin iküç müň esger goýup, leşgeriň baryny göz ýetmez ýere çekerdim. Duşman gelip Gürgenji gabardy. Galanyň üstündäkiler bilen atyşyp, çapyşyp ýadan leşgeriñ üstüne dökülüp, baryny bolmasa-da ýaryna golaýyny hatardan çykarardym. Güýji gaçan duşman söweşmäge milt etmän, ýaraşyk teklip etmäge mejbur bolardy-diýipdir. Wezir sözüniň soňunda “Soltan Sanjar hem söweş täliminde Gaznalydan gaýra durýan däldir, açyk meýdandaky söweşde ony ýeňmek başardarmyka” diýmekçi boldy. Emma Horezmşanyň gaharyny getirmekden gorkup, dilini dişledi. Ol bu pikirini açyk aýtmasa-da hemmeleri oýlandyrdy. Çünki onuň teklibinde mantyk bardy. Atsyz köpçüligiň eden ilkinji teklibini makullany üçinmi ýa-da paýtagty gabawa bermegi islemedimi, weziriň teklibini kabul etmedi. Ol: -Muhterem weziri agzam, gaznalylar döwrüniň taryhyny menem okadym. Siziň aýdanyňyz durmuşda bolan, söweşde synap görlen usul däl, ol bir ýöne aýdylan gep. Şonuň üçin paýtagty duşmana taşlap çekinmek bolmaz. Biz Jeýhunyň Hazaraspyň öňündäki bentleri açyp soltanyň goşunynyň geljek ýoluny suwa basdyrarys. Ýolsuz ýerlerden ýöräp, ýadap gelen goşuna duýdansyzdan hüjüm etsek, enşalla ýeňiş biziňki bolar. Şundan soň ters pikirli adamlar bilen hem hasaplaşarys-diýdi. Weziriň ýüzi ak daşa döndi. Horezmşanyň bu sözünden soň goşuny ertiriň özünde Hazarasp galasy tarap çekmäge karar edildi. Meşweretden soň özüniň aram otagyna gelen Atsyza gapynyň öňünde duran goragçy: -Aly hezret, Zübeýda “Şahym maňa günortan gelip garaş diýipdi"diýip, girip gitdi-diýdi. Atsyz kellesini ýaýkap, ajy ýylgyrdy. Içeri gireninde ýatalgada gözüniň ýaşyny köýneginiň ýeňiniň ujy bilen süpürip oturan Zübeýda gözi düşdi. Ol: -Ýene näme diýip geldiň, Zübeýda?-diýip, gatyrganybyrak sorady. Jogap bolmady. Atsyz ýene sorady: -Näme boldy, näme üçin aglaýaň? -Şahym, düýn Siziň “Seni alyp gitjek däl, bu Jende eden ýörüşimiz ýaly oýunjak söweş däl” diýeniňizden bäri meniň rahatlygym gaçdy. Gijesi bilen uklap bilmedim... Düýn ikisiniň arasynda şeýle gürrüň bolupdy. Horezmşanyň uly söweşe taýýarlyk görýänini eşidip ýören Zübeýda hemişekisi ýaly Atsyzyň aram otagyna göni girip bardy we özüni hem bu söweşe alyp gitmegini haýyş etdi. Şonda Atsyz: - Seni alyp gitjek däl... Münejimler: “Bu söweşde siziň urşujylaryñyzyň üçden biri gurban bolýar” diýip aýtdylar. Sen bu söweşde üçiň biri bolsaň, men Zübeýdasyz galaryn diýip gorkýan. Şonuň üçin hem seni alyp gitjek däl-diýipdi. Zübeýda: - Siz "özümem üçüň biri bolmazmykam" diýip gorkaňyzokmy?-diýeninde - Ýok. Men söweş tälimini gowy bilýän-diýipdi. - Meniň bilen ilki ýüzbe-ýüz bolanyňyzda “Al gylyjyñy” diýenimde etmediňiz. Eger şonda ýere taşlan gylyjyňyzy alan bolsaňyz meniň hem söweş tälimini nähili bilýänimi bilerdiňiz. -Bilmänim üçin hem alyp gitjek däl. Gepiňi köpeltme, Zübeýda, ýeriňe bar. Men ýadadym, dynç aljak-diýip, Atsyz ony zordan ugradypdy. Atsyz onuň ýene gelip, aglap oturanyna bir hili ýüregi awap, oňa mähirli nazar bilen seretdi, ony köşeşdirip ugratmak üçin gowy sözler ýaňy diline gelende Zübeýda öňürtiledi: - Şahym, meniň ýüregim bir zatlary duýýar. Meni alyp gidiň, men Size gerek bolaryn. - Gerek bolmarsyň, Zübeýda. Ol ýerde seniň ýüregiňi rahatlandyrmaga meniň birem wagtym bolmaz. - Men o manyda aýdamok!-diýip, Zübeýda ör-gökden geld - - Dogrusyny aýtsam, meniň ýüregim bir erbetligi duýýar. Eger goşunyňyz derbi-dagyn bolsa, biziň taýpalara bararys. Meniň bilen barsaňyz Sizi kabul ederler. -Siziň taýpalaryňka barmaly bolmaz. Ýeňiş biziňki bolar! -Hudaýdan uly geplemäň, şahym. -Enşalla, biziňki bolar. -Onda, meni alyp gitjek dälmisiňiz?... Atsyz jogap bermän dymdy, oýa çümdi: “Pelek işidir... Bilip bolmaz...” -Zübeýda-diýip, Atsyz gyzyň ýüzüne bir hili düşnüksiz nazar bilen seretdi. - Eger juda gidesiň gelýän bolsa, alyp gideýin, taýýarlanyber. Ertir ugraýas. Zübeýdanyň ýaşly gözleri parlap, ýüzi gül kimin açyldy. Ol ýerinden turup tagzym etdi-de: -Ýaşasyn Şahym!-diýip ýylgyrdy. Soňra ýene tagzym edip, guş kimin uçup gitdi. Atsyz onuň yzyndan kellesini ýaýkap, ýylgyryp galdy. *** Ertesi irden kernaý-surnaýlar çalynyp, nagaralar kakylyp, leşger ýörüşe ugralýan ýere jemlendi. Horezmşa leşgeriň ruhuny götermek üçin düýnki meşweretde sözlän nutguny has belent ses bilen gaýtalady. Atsyz sözüni tamamlanyndan onuň adyna hamdu-senalar ýaňlandy. Bu leşgeriň ony doly goldaýanyny añladýardy. -Teşekkür, gerçeklerim, teşekkür!-diýip, Atsyz bir elini gursagyna goýup, minnetdarlyk bildirdi. Ol töweregine seredeninde özi bilen bile gitmeli wekil-wezirleriň içinde weziri Abul Muzaffar an Nyşapuryny görmedi. Ony soranynda kätibi Reşiteddin Watwat: -Aly hezret, Siz oňa meşweretde “Weziri büzrük” diýdiňiz, indi ol büzrükligi göterip bilmän ýatan bolmaly ýa-da gorkup gaçan bolmaly-diýdi. -Näme üçin gorkýar? -Siz meşweretde “Ýeňişden soň ters pikirli adamlar bilen hasaplaşarys” diýdiňiz. Ol özüniň ters pikirlidigini Siziň bilýäniňizi bileni üçin gorkup gaçandyr. -Gaçsa owarram!-diýip, Atsyz baş serkerdä “Gitdik” diýen manyda başyny atyp yşarat etdi. Baş serkerdäniň buýrugy bilen kernaý-surnaýlarda “Ýörüş” heñi çalyndy. Ÿörüş başlandy. Öňde atlylar, yzynda pyýadalar, iň yzda ýükli ulaglar we patyşanyň häremi bilen hazynasy. Şeýle tertipde ýer süýşen ýaly bolup barýan agyr goşun bäş gün diýende Hazarasp galasynyň etegine ýetip, goş taşlady. Horezmşanyň buýrugy bilen derýanyň bir bendini açyp, duşmanyň geljek ýoluny suwa basdyrdylar. Şeýlelikde garşydan gelýän goşunyň ilerlemegi üçin uly päsgelçilik döredildi. Bu usul bilen Atsyz soltanyň goşunyny ýolsuz, çarkandakly ýerlerden ýöredip, has ýadatmakçydy, ýadap gelen leşgere duýdansyz hüjüm edip, ýeňiş gazanmakçydy. Emma onuň bu pikirini aňan Soltan Sanjar suw basan ýoluň öňünde goş taşlap, leşgere bir hepde dynç berdi. Suw çekilibermäninden soň, gumuň içi bilen assa-ýuwaş süýşüp ugrady. Soltanyň beýle haýal hereket edýänliginiň bir sebäbi goşuny ýadatmazlyk bolsa, ikinji sebäbi onuň geçirimlilik häsiýetine degişli bolup, Atsyzyň aklyna aýlanmagy üçin wagt bermekçidi. Aslynda, soltanyň Horezme ýörüş etmekden maksady gandöküşlik etmek däl-de, Atsyzy gorkuzyp, eden işleri üçin özünden ötünç soratmak, dyza çökermekdi. Emma Atsyzyň Soltan Sanjaryň geçirimliliginden peýdalanmak pikiri, asla, ýokdy. Ol seljuk goşunynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Atsyzdan eden tamasynyň çykmajagyna gözi ýeten Soltan Sanjar uruşuň, gandöküşükligiň gutulgysyzdygyna düşünip, söweşiň tärlerini pikirlenip başlady. Ol Horezmşanyň şu golaýda, daş diýende, ýarym günlük aralykda bir bukuda hüjüme taýýar durandygyny bilýärdi. Soltan goşuny saklap, serkerdeleri ýanyna çagyrdy. At üstünde döwre gurap durup, maslahat edildi. -Ýigitler, jeň meýdanyna golaýlap barýas-diýip, soltan serkerdelerine ýüzlendi.-Söweşi nähili terzde alyp barmaly? Kimde niçik pikir bar, aýdyň! Soltan Sanjar adatyna görä öz pikiri taýýar bolsa-da, ilki adamlaryň pikirini sorardy. Bu sapar hem şeýle etdi. Serkerdeleriň her haýsysy her dürli pikir bildirdi. Bu aýdylan teklipleriň, pikirleriň hiç biri-de soltana makul bolmandygyny onuň ýüzünden aňan baş serkerde: - Kyblaýy älem, Siz söweş täliminiň alymy, jeň täriniň ussady. Şeýle bolansoň iň gowy pikiri özüňiz aýdarsyňyz diýip, umyt edýäs-diýdi. Soltan Sanjar öwgüni gowy görmese-de, baş serkerdäniň aýdany göwnüne ýaraman durmady. Çünki, ol ýalan öwgi däldi, dogrusyny aýdypdy. - Meniň çak edişime görä-diýip soltan pikirini beýan etmäge başlady. - Horezmşa biziň goşunymyzy deňinden biraz geçirip, yzyndan hem gapdaldan duýdansyz hüjüm etmek bilen ýeňiş gazanmakçy. Nesip bolsa biz onuň hüjümini ýeňlişe öwüreris! Munuň üçin häzir goşuny ikä bölüň. Birinji öňdäki atly bölümiň ardyny, gapdalyny naýzaly pyýadalar eýelesin. Birinji bölüp ýöräp gözden ýitensoň, ikinji bölüm hem süýşüp ugrasyn. Duşman birinji bölüme, goşunyň hemmesidir öýdüp, bar güýji bilen atly hüjüm eder, pyýada naýzalylar hüjüme garşy durar, naýzalylaryñ arkasyndaky atlylarymyz aýlanyp çykyp, ýeñseden hüjüme geçer. Söweş has gyzan mahaly ikinji bölüm ýetip barar. Şundan soň, nesip bolsa, meniň ýaňky aýdanym bolar, düşnüklimi, pikirim? -Düşnükli, kyblaýy älem-diýişip, serkerdeler soltanyň rejesini biragyzdan goldadylar. Soltanyñ goşunyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan Atsyz goşunyň garasy görnenden tijenip başlady. Soltan Sanjaryñ çak edişi ýaly seljuklary biraz deňinden geçirip, atlylary hüjüme goýberdi. Seljuk goşunynyň hem yzyndan hem gapdalyndan hüjüm eden atlylar özlerine gönükdirilen tikeç ýaly gür naýzalaryň garşylygyna uçradylar. Naýzalar atlar çarpaýa galsa bokurdagyna, ýogsa at üstündäki urşujynyň döşüne dogry gelýärdi. Bir ýagşysy döşleri galkanlar goraýardy. Şol demde bu naýzalylaryň ardyndaky atly leşger aýlanyp gelip, jeňe girdi. Onýança Atsyzyň naýzaly pyýada leşgeri ýetip gelip, duşmanyň atlylaryna hüjüme geçdi. Şundan soň söweş horezminlileriň peýdasyna agyp başlady. Emma bu ýagdaý uzaga çekmedi. Soltanyň ýetip gelen ikinji bölümi Atsyzyň goşunyny iki tarapdan gurşap aldy. Şeýlelikde söweş şeýle bir gyzdy welin, maslyk maslyga kaklyşdy, aýak astyndaky toprak gyzyl gana boýaldy. Soňky ýüz ýylyň içinde Horezminiň çäginde beýle ganly söweş bolmandy. Bu söweşde Atsyzyň on müň esgeri gurban boldy, özi kyrk-elli goragyndaky esgerleri, iki ogly İl Arslan, Süleýmanşa, baş hajyby ymam Mejdeddin, kätibi Reşiteddin Watwat dagylar bilen zordan gaçyp gutuldy. Uly ogly Atlyk bilen Zübeýda gurşawda galdy. 533-nji hijriniň güýzünde bolan bu ganly söweş Horezmiň taryhyna misilsiz pajyga hökmünde ýazyldy. Horezmşa gaçandan soň Soltan Sanjar söweşi togtatmak hakynda buýruk berdi. Soltanyň jarçysy buýrugy bokurdagyna sygdygyça gygyryp yglan etdi: -Heý, söweşijiler! Soltanymyz uruşy togtatmak hakynda emir etdi. Horezminliler, ýaragyňyzy taşlaň, janyňyz aman galar! Ýogsa hemmäňiz gyrylarsyňyz how! Jan şirin. Ölüp gidenden ýesir düşen gowy. Horezmliler ýaraglaryny taşlap, teslim1 boldular. Söweş tamam boldy. Soltan Sanjar özüniň söweşe gözegçilik eden depesinden bu meýdana seredip durşuna ýeňiş gazananyna ýüreginde ne begenç, ne buýsanç duýýardy. Tersine, ýüregini agyr duýgular, serini agyr oýlar gurşap aldy. “Ah, sen näletkerde, namart Atsyz! Näme üçin sen meni beýle gandöküşiklige mejbur etdiň! Yzyňa tirkäp gelip, gylyjyň demine beren bu müňlerçe bendeleriň gany tutmazmy seni?! Açyk meýdanda Soltan Sanjar bilen jeň etmäge kim sen?! Gürgenjiň içinde goranyp oturanyňda munça adam gyrylmazdy. Menem şäheriňi bir aý gabardym, iki aý gabardym, şu arada toba edip, ýaraşyk teklip edeniňde, menem razy bolardym, yzyma gaýdyp giderdim. Täji-tagtyň ýene özüňe galardy. Indi nirä gaçdyň? Gürgenje baryp, bukulyp ýatjaksyňdyr. Muny başda etmelidiň. Indi peýdasy ýok. Men indi seniň bilen ýaraşman. Baryp Gürgenji hem alaryn, tagtyňa-da öz adamymy oturdaryn. Ine, seniň eden akmaklygyň öz bagtyňy ýatyrdy.” Soltan şeýle iç gepletmeler bilen arkasyna öwrülip, täze dikilen çadyryna tarap gitdi. Soltan Sanjar söweşde gurban bolanlary jaýlamak we leşgere biraz dynç bermek üçin bu ýerde bir hepde saklandy. Şol arada birnäçe täsin, täsin däl wakalar bolup geçdi. Söweşiň tamam bolanynyň dördünji güni serkerdeleriniň biri soltanyň çadyryna gelip: - Kyblaýy älem, Horezmşa Gürgenje barman, derýadan gaýra geçip gidipdir-diýdi. - Kim getirdi bu habary?-diýip, soltan ynananmanrak sorady. - Ony derýanyň geçelgesinde gören adam aýtdy. - Nirede ol adam? - Şu ýerde, ony Siz sorarsyňyz diýip sakladyk. - Çagyr, özüm gepleşip göreýin-diýip, soltan bu gepiň anygyna ýetmekçi boldy. Salym geçmän, serkerde ýüzüni soltanyňky ýaly mama dişlän çal sakgal bir adamy yzyna tirkäp geldi. Ol adam başyny çalarak egip salam berdi-de, “Näme gepiň bolsa aýdyber” diýen manyda soltana göni seredip duruberdi. Soltan Sanjar bu adamyň boluşyny gedemligemi, mertligemi haýsyna saýjagyny bir bada bilmän, kinaýaly dillend: - Eý, Allanyň halaýan bendesi, Horezmşa hakynda aýdan gepiň dogrumy? Soltanyň özüne müňkürlik edýänine birneme gahary gelen ol adam: - Eý, Allanyň ýerdäki saýasy, ýalan sözleýän adam imansyzdyr-diýip, gödegiräk jogap berdi. Soltana indi bu adamyň gönümelligi, mertligi ýarap başlady, oňa degişesi gelip, ýylgyrdy-da: - Eý, Allanyň owadan bendesi-diýdi-Allatagala owadanlygy ikimize deň paýlap, bizi keşpdeş edipdir. Indiden beýläk sen ýüzüňi gotur edip görkezse, aýnadan nägile bolup ýörme-de, beýik Soltan Sanjar bilen keşpdeş ekenligiňe buýsanyp ýaşa. Soltanyň sözüni kinaýaly ýylgyryp diňlän ol adam diline gelen sözi howplyrak hem bolsa gaýtarmady, aýtdy: - Eý, beýik Soltan, men bir garamaýak adam. Şonuň üçin meniň keşbim gotur bolsa-da, çotur bolsa-da zyýany ýok. Ýöne Allatagala şeýle uly ýurda soltan etmäge keşbi düzüwliräk başga adam tapmadymyka? Deminde demir eredýän hökümdara beýle söz aýtmaga milt eden bu adama gahary gelen soltan degişmäni özi başlap, soňunda özüne deglende jeza ulanmak adalatdan däldigini bilse-de, ony gorkuzmak üçin dil ujundan syýasat etdi: - Eý, ölümini boýnuna alyp, hökümdara dil ýetiren asy bende, ölümiñiň öň ýanynda kimdigiňi, aslyňy aýt! Men kimi öldürenimi bileýin. - Sen bu meýdanda ýatan müňlerçe adamlary, kimdigini, aslyny sorap öldüren dälsiň, ahbetin. Meni-de şeýle öldüriber. Men kim bolanymda näme parhy bar. Saňa öldürmäge adam bolsa bolýa dälmi?-diýip, ol adam çal sakgalyny sypap goýberdi. Soltan Sanjaryň tüýsi üýtgäp gitdi. Ol bu adamy indi görýän ýaly oňa uzak dikilip galdy. Onuň häliden bäri hökümdara adatdaky hormat-sarpasy, edep-ekramy görkezmän, özüni tekepbirlik bilen alyp barşynyň sebäbini düşünen ýaly boldy. Sebäbi bolsa bu meýdanda ýatan müňlerçe adamyň ölümi üçin soltana bolan içindäki , daşyna çykaryp bilmedik ýigrenji, gahar-gazaby bolsa nätjek. Ine, soňunda-da, soltanyň özi onuň ýüregindäki dykyn bolup duran agyr duýgularyň ýüze çykmagyna öz sözi bilen ýol açdy we ondan eşitmelisini eşitdi. - Seni öldürmesem kimdigiňi aýdarmyň?-diýip, soltan ondan gözüni aýyrman gepledi. - Meniň kimdigimi juda bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn. Üst-başym derwüşana bolmasa-da, derwüşligi ygtyýar eden şazada men. -Şazada?! Haýsy şalygyň şazadasy? -Häzirki sahta horezmşalaryň däl, hakyky horezmşalaryň neslinden men. Iň soňky Horezmşa Abul Abdyllah ibn Mansur hezretleriniň çowlugy bolýan. Taryhdan habarly bolsaň biziň aslymyzy bilýänsiň. Biziň Afrigiler nesilşalygynyň düýbüni tutan Siýawuş batyryň ady taryhdaky meşhur atlaryň biridir. Soltan Sanjar taryhçy alymlar bilen köp söhbet gurany üçin taryhy, aýratyn-da, Horezminiň taryhyny gowy bilýärdi. Söhbetdeşiniň aýdan Afrigiler nesilşalygynyň höküm süren Horezmin döwletini araplar feth edenlerinden soň ony ikä böldüler. Jeýhundan gündogaryndaky bölegini gadymdan gelýän nesilşalyk bolan horezmşalar nesline galdyryp, derýadan günbatarynda özbaşdak emirlik döretdiler. Emirligiň paýtagty Gürgenjiň tagtyna öz dikmesini oturtdylar. Asyrlaryň dowamynda iki döwlet bolup ýaşap gelen Horezmini hijri 395-de Gürgenjiň emiri Muhammet ibn Mämün bir döwlete birikdirip, özüni Horezmşa diýip yglan etdi. Mämünlerden soň Horezminiň tagtyna çykanlar hem özlerini Horezmşa diýip atlandyrdylar. Soltanyň söhbetdeşi bolsa gadymy Horezminiň paýtagty Kätde höküm sürüp öten hakyky horezmşalaryň neslinden bolup çykdy. Soltan Sanjar onuň aslyna hormat goýsa-da, häzir öňünde duranyň hiç kimdigi üçinmi, nämemi bir hili ýaňsyly äheňde: - Eý, baýry şazada, derwüşi zaman, sen aslyňy aýtsaňam, adyňy aýtmadyň-a-diýdi. - Eý, arypmen diýip, misginleri unudýan soltan, sen meni ýaňsylap sözleseň-de, men dogry jogap bereýin, çünki ikimiziň söhbetdeşligimize şu demde Alla şaýatdyr-diýip, derwüş bir hili säginip, dowam etdi.--Meniň adyma şa babamyz Abul Abdyllah hezretleriniň hatyrasyna Abdylmälik dakypdyrlar. Ýöne il içinde ýörgünli adym Abdyl derwüş. Soltan Sanjar ýaňsyly sözlänine utandy. “Arypmen diýip, misginleri unutma". Bu Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyň sözleri. Derwüş meni Pygamberimiziň sözleri bilen urdy” diýip, içini gepleden soltan indi ýüreginden gepledi: - Eý, bagtyýar ynsan, sen hakykatdan hem bagtly ekeniň, çünki Allatagala nesilşalygyňyzy syndyryp, seni täji-tagt belasyndan gutarypdyr. Ýogsa bir gün gelip, bu bela seniňem boýnuňa ildirilerdi. Onsoň senem, ynha, meniň ýaly adam gyrmaly, gan dökmeli bolardyň. Bu gabahat işler hökümdarlaryň maňlaýyna ýazylan. Derwüş bolsaň beýle gabahatlykdan daşdasyň. Erkin guşsuň, nirä uçaýyn, nirä gonaýyn diýseň ygtyýar özüňde. Hökümdaryň ygtyýary bolsa özünde däl, onuň ygtyýary syýasatyň elinde. Syýasat nämäni talap etse, ol şony etmäge mejbur. Sen näme, meni bu ýatan adamlary öz keýpine gyrandyr öýdýäňmi? Ýok. Maňa galsa biriniň pişiginiň burnunam ganatjak däl. Bu işi etmäge meni syýasat mejbur etdi, syýasat! Abdyl derwüş bu sapar soltanyñ sözlerini, ýalan bolsun, çyn bolsun, ýüreginden syzdyryp aýdanyny duýup, oňa bolan öňki garaýşyny biraz üýtgetdi, “senden” “size” geçdi. -Beýik soltan, meniň maňlaýyma Siziň bilen duşuşmak, bir ömür ýatdan çykmajak söhbetdeşlik ýazylan ekeni. Men muňa örän şat. Indi ejaza berseňiz, men ýolumy dowam etdiriberäýin. Nesip bolsa, gyş düşmänkä Käbe-Tylla ýetip bararyn. - Haja, zyýarata barýan diýseňiz-le! Gaty gowy, Ýoluňyz ak, saparyňyz bihatar bolsun! -Taňryýalkasyn, beýik Soltan! Şanyň dilegi Allanyň ýalkanydyr-diýip, Abdyl derwüş başyny egip, yzyna tesip, çadyrdan çykdy. Onuň yzyndan daşary çykan soltan depeden aşak düşüp, ulagyna tarap barýan bu täsin adamyň arkasyndan seredip durşuna başyny ýaýkap, ýylgyryp goýdy. Şol wagt iki serkerde bir ýigidi öňüne salyp gelip, soltandan bäş ädim bärde egninden basyp, dyzyna çökerdiler. soltan geň galyp: - Kim bu?-diýip sorady. - Kyblaýy älem, bu Horezmşanyň ogly Atlyk bolmaly ýesirleriň arasyndan tapdyk. Soltan ol ýigide synçylyk bilen seredip: - Sen hakykatdanam Atsyzyň oglumyň?-diýdi. - Ýurduň raýatlarynyň hemmesi hem adyl patyşanyň ogul-gyzlarydyr. -Müňlerçe adamy gyrgyna berip, özi gaçyp giden patyşany sen adyl patyşa diýýäňmi? -Uruşda haýsy-da bolsa bir tarap ýeňilmeli bolýar. Ýeňilen tarap aryny almak maksadynda täze söweşe taýýarlyk görmek üçin başyny gutarmaly bolýar. Bu gandöküşligiň esasy sebäpkäri hökmünde özüni däl-de, Horezmşany günäkärleýän Soltan Sanjaryň Atsyza bolan gahary entek köşeşmändi. "Urnanyň üstüne durna" diýenleri ýaly Atlygyň beren ters jogaby ony gazap atyna mündürdi. Ol Atlyga hyrsyz nazaryny dikip: -Bu sapar seniň kelläň gider, maňa beren gödek jogabyň üçin. Indiki sapar “täze söweş” diýeniňi edäýse kakaňyñ öz kellesi gider-diýdi. Soňra Atlygy getiren serkerdelere garap: -Alyp gidiň!-diýdi-de, “Kellesini alyň” diýen yşaraty etdi. "Gahar gelende akyl gaçýar” diýenleri ýaly Soltan Sanjar Horezmşanyň ogluny ölüme buýuryp örän nädogry iş edendigini gahary gaçyp, akly ýerine gelende duýdy. Dünýäniň iň uly beýik döwletini parasatlylyk bilen dolandyrmagy başarsa-da, Atlygy öldürmän girewde saklap, Atsyzy dyzyna çökermek boljakdygyna aklynyň çatmanyna gaty ökündi. Boljak iş bolansoň, müň ökünçden ne peýda? Indi Horezmşanyň onuň iň ganym duşamyna öwrüljekdigi, ogly üçin öç almasa ynjalmajakdygy we munuň üçin hiç zatdan gaýtmajakdygy ikuçsyzdy. Bu zatlary serinden geçiren soltan täji-tagtyndan, goşunyndan aýrylan gaçgak Horezmşanyň elinden näme geler diýen pikirinden hem teselli tapyp bilmedi. Emma şu arada bolan garaşylmadyk bir gyzykly duşuşyk Soltanyň göwnünden ähli ünjüleri kowup, ýerine üýtgeşik bir hoşnutlyk getirdi: - Kyblaýy älem, ýesirleriň arasynda bir gyz maşgala-da bar eken, ol özüni Siziň bilen duşurmagy haýyş edýär-diýip, ýesirlere gözegçilik edýän serkerdeleriň biri soltana habar berdi. - Gyz maşgala? Urşujylaryň arasyna nädip düşüp ýörkä ? - Onuň özi-de urşujy bolmaly, kyblaýy älem. - Getiriň hany, göreli ol enaýy urşujyny. Soltanyň huzuryna alyp gelnen erkek geýimindäki gyz adatdakydan hem has egilip tagzym edýärkä gara baganadan tikilen başgaby aşak gaçyp, şar gara saçlary aşaklygyna döküldi. Gyz kaddyny rastlap, saçlaryny ýeňsesine atdy-da, jöwherli nazaryny şahana düşelen sekide oturan soltana dikip dillendi: -Aly hezret, Sizi rehim-şepagatly hökümdar diýip eşidýäs. Men, bir ejiz gyza, rehimiňiz inip, ýesirlikden boşadaýsaňyz... Bu görmegeý gyzyň husny-jemalyndan, hareminde gözelleriñ az däldigine garamazdan, gözüni aýryp bilmän oturan soltan: -Sen özüňiñ kimdigiňi, kimiň gyzydygyňy, nädip bu ýere-söweş meýdanyna düşüp ýöräniňi aýdyp ber, galanyny soň gepleşýäs-diýdi. Zübeýda özüniň kimdigini, kimiň gyzydygyny, Horezmşanyň eline nähili ýagdaýda düşenini, Yslamy kabul edip, Atsyzyň söýgülisi bolanyny we bu ýere söweşe öz islegi bilen gelenini gürrüň berdi. - Atsyzyň seni söýýäni ýalan ekeni-de, ýogsam seni taşlap gaçmazdy-diýip, soltan kinaýaly ýylgyrdy. Zübeýda bir hili ahmyrly dillendi: - Belki şeýledir.. Aly hezret. Siziň maňa rehimiňiz inmezmi?... - Meniň saňa rehimim däl, mähir-muhabbetim inip dur. Haremimdäki ýag iýip, ýüpek geýip ýaşaýan gyzlaryň hatarynda ýaşarsyň. - Aly hezret, men.... - Gep tamam, Zübeýda!-diýip, soltan gyzyň gepini böldi-de, ony getiren serkerdäni çagyrdy. - Bu gyzy bibiňiziň goşuna alyp baryň, size keniz getirdik diýiň! Biçäre Zübeýdanyň soňky nesibesi Soltan Sanjaryň haremine çekäýdimikä? Soltan Sanjar söweşde gurban bolanlar jaýlanyp, meýdan maslykdan täzelenenden soň baş serkerdä goşuny we ýesirleri sapa duruzmagy buýurdy. Soltanyň aýdyşy ýaly ýesirler leşgeriň gurşawynda sapa duruzyldy. Soltan çadyryndan çykyp, özüniň gyr bedewine atlandy, ýanynda baş serkerde we baş hajyby bilen üç atly bolup giň meýdany tutup duran sapyň öňüne geldiler. - Horasanyň batyr bahadyrlary!-diýip, ol ilki öz leşgerine ýüzlendi:-Siziň söweş meýdanynda görkezen gaýduwsyzlygyňyz, gahrymançylygyňyz bilen horezminlileriň üstünden ýeňiş gazandyk. Horezmşa bolsa ine bu duran garagözli ýigitlerini taşlap gaçyp gitdi - Soltan soňky sözüni ýesirlerde öz patyşasyna nägilelik döretmek üçin has nygtap aýtdy - Indi Gürgenje tarap ýolumyz açyk, bize garşylyk görkezjek tapylmaz. Gürgenji ýekeje damja gan dökmän alarys. Şol ýerde-de ýeňiş toýuny ederis! - Eý horezminliler!-diýip, soltan ýesirlere ýüzlendi. - Siz, biziň ýesirimiz hökmünde özüňize näme jeza beriljegini bilýäňizmi? Ýeňijiniň ýesiri gul edip satmaga-da, öldürmäge-de, günäsini geçmäge-de haky bar. Allatagala geçirimlidir. Bizem Allanyň ýerdäki saýasy hökmünde size geçirimlilik etmekçi. Eger-de, siz bize ak ýürekden gulluk etmäge kasam etseňiz, günäňizi geçip, goşunymyza kabul ederis. Soltan sözüni tamamlandan, häliden gorkup duran ýesirler böwrüni diňläp durman, kasam edip, soltanyň goşunynyň hataryna geçdiler. Şundan soň Gürgenje ýörüş başlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |