07:33 Gürgenç / 2-nji kitap -14 | |
XIV BAP
Taryhy proza
"Oýunçy utulanyny bilse ýagşy" diýlenini edip, söweş meýdanyndan garasyny saýlan Horezmşa Atsyz howpsuz ýerde galdyran maşgalasy bilen hazynasyny we olaryň goragyndaky kiçi ogly Hytaýy Hanyň başlyklygyndaky esgerleri alyp, göni Jeýhunyň geçelgesine geldi. Özi bilen gaýdan goragyndaky ýigitler derhal atlaryndan düşüp, gämidir sallaryň ugruna çykdylar. Aňyrdan bäri geçen, bäriden aňry geçjek bolýan saldyr gämileri nobatda duran adamlaryň ellerinden alyp, Horezmşany maşgalasy bilen mündürdiler, soňundan özleri-de münüp, gaýraky kenara geçdiler. Sallaryň yzyna tirkelen atlar gyra çykanlarynda bir silkinip, endamyndaky suwlary syçradyp goýberdiler-de, ýene eýeleriniň hyzmatyna taýýar boldy janawerler. Horezmşa Atsyzyň haly perişandy. Ýatan ýylanyň guýrugyny basyp, zäherini mazaly dadan Atsyz “Özüm etdim özüme, hiç kim ynanmaz sözüme" diýip, içini gepledip, kellesinde dürli oý-hyýallar bilen Horezminiň gadymky paýtagty Kät şäherine gelip ýetenini-de duýman galdy. Bir wagtlar paýtagt hökmünde dünýäniň dürli ýurtlary bilen söwda we syýasy gatnaşykda bolan, baý bazarly, köp ilatly haýbatly şäher aradan bir ýarym asyr geçip, ýönekeý bir şähere öwrülipdi. Jeýhunyň tiz-tiz joşup durmagy zerarly golaýynda ýerleşen şähere yzygiderli zyýan ýetirlip, ol öňküsinden has kiçelipdi. Bu kiçi şäheriň göwni giň ilaty, belent adamkärçilikli kethudalary Atsyzyň Soltan Sanjardan ýeňilip bäri gaçyp gaýdanyny çak etseler-de, ony özleriniň hökümdary hökmünde uly hormat bilen garşyladylar, köne köşgüň abat saklanan otaglarynda ýerleşdirdiler. Patyşalara edilýän hormat-hezzet hem kemsiz berjaý edilýärdi. Atsyz Soltan Sanjaryň derýadan geçip, ony yzarlamajakdygyny, şoňa görä bu ýeriň howpsuzdygyny bilse-de, edilýän hezzet-hormatdan lezzet alanokdy. Ençeme esgeriniň gurban bolany, ýesirleriň arasynda ogly Atlyk bilen Zübeýdanyň galany ýüregine sanjy bolup durdy. Şeýle-de bolsa, ol bütinleý ruhdan düşenokdy, ýüregindäki hyjuw, bilegindäki gujur entek egsilmändi. Soltan Sanjar bilen gaýtadan bir darkaş gurup, Horezmini özbaşdak döwlet etmek maksadyndan el çekmek pikiri ýokdy. Atsyz Käte gelen gününden bir hepde hiç ýere çykman dynjyny aldy. Onuň teni-bedeni dynç alsa-da, beýnisi dyngysyz işleýärdi. Geljekde etmeli işleriniň rejesini düzýärdi, täze goşun toplamagyň çäresini agtarýardy, başga-da meýilleşdirýän zatlary az däldi. Oňa bu işleri amala aşyrmak üçin ýerli emeldarlaryň obadyr şäher kethudalarynyň ýardamy gerekdi. Şonuň üçin ol şu agzalan adamlary we özi bilen gelen esgerleri maslahata çagyrdy. Köne köşgüň öňündäki meýdana üç ýüze golaý adam toplandy. Güýziň soňky aýy bolansoň derýa boýundaky şähere eýýäm salkyn aralaşypdy. Asmany gara bulutlar örtüpdi. Adamlar ýagyşyň ýuwaşlyk bilen çisňeýänine-de üns bermän, Horezmşanyň gelmegine garaşýardylar. Atsyz köne köşgüň garşydaky gapysyndan çykyp geleninde adamlar onuň şalyk mertebesine hormat goýup, baş egip, tagzym etdiler. -Eziz watandaşlar!-diýip adamlara ýüzlenen Atsyz, howandaryny gören çaga ýaly damagy dolup sägindi. Ejizlänine utanyp derhal özüni dürsäp, söze başlady. -Ata watanymyz Horezmin hemmämiz üçin mukaddesdir. Mukaddes zada sarpa goýmak, ony goramak elinden iş gelýän her bir ynsanyň borjudyr. Köp zulumlary başdan geçiren, köp jepalary çeken Horezmin atly şu mukaddes topragyň azatlygy, özbaşdaklygy ugrundaky göreşe bil baglap, Soltan Sanjar bilen söweşe girdik. Bilşiñiz ýaly, bu sapar biziňki şowuna bolmady. Emma bu şowsuzlyk bizi syndyryp bilmez. Sanjar baryp, Gürgenji eýelär. Biziň ýerimize öz dikmesini hem goýar. Ol Gürgençde köp saklanmaz, gider. Emma mälim mukdarda goşun hem goýup gider. Gürgenji gaýtaryp almagymyz üçin bize-de ýeterlik derejede goşun gerek bolar. Ine şu meselede bize ýardam etseňiz, paýtagty duşmandan gaýtaryp alarys. Şundan soň hem garaşsyzlyk ugrundaky göreşimizi ähli çäreler arkaly dowam etdireris. Garaşsyzlygymyz ugrundaky bu göreşi mukaddes saýýan her bir horezminli oňa özüniň goşandyny goşmagy gerek! Atsyz şeýle äheňde sözüni dowam etdirip, bu ýere ýygnananlaryň kalbynda watanperwerlik duýgusyny oýarmagy başardy. Emeldarlar, kethudalar yzly-yzyna söz alyp, Horezmşaga goşun toplamaga ýardam etjekdiklerine söz berdiler. Atsyz maslahatdan soň öz jaýynda agşamara özüne has ýakyn ýigitleriň altysyny, ogullaryny, hajyby bilen kätibini çagyryp, başga bir maslahat etdi: - Ýigitler!-diýdi, maslahatdaky goldawdan has ruhlanan Atsyz - Nesip bolsa, ýakyn arada paýtagtymyzy duşmandan gaýtaryp alarys. Onsoň Sanjar bilen hem bir ýanly ederis. Häzir bolsa başga bir möhüm iş bar. Gürgençdäki ýagdaýy bilmek üçin ol ýere aňtawçy ibermegimiz gerek. Bolsa-da, bir däl, azyndan üç-dört adam ibermeli. Olar Sanjaryň goýan dikmesiniň özüni alyp barşyny, halkyň ol baradaky pikirini bilmeli. Soltan, hemişeki edişi ýaly, ýesir alan urşujylarynyň günäsini geçip, olary öz goşunyna goşan bolmaly. Şazada Atlygy girew hökmünde saklaýandyr. Zübeýdany bolsa haremine alandyr. Alajy bolsa şazadany gaçyrmagyň çäresini görmeli. Iň esasy zat Sanjaryň goşunyna goşulan öz esgerlerimizi bäriden baranymyzda biz tarapa geçmäge yrmaly. Ine şu işleri kimler oňarar, kimleri goýbersek bolar? Ýigitler Horezmşanyň sowalyna jogap gözleýän ýaly biri-birine seredişdiler, nazarlary kaklyşandan gözlerindäki manydan hemmeleriniň pikiri birdigini duýdular. Alty ýigidiñ ekabry Atsyza ýüzlendi: - Aly hezret, bu işe özüňiziň has ynamdar adamlaryňyzy göýbermeli. -Hany, kimler bar, şeýle adamlardan? - Siz bizi özüňize has ýakyn adamlar saýyp, bize ynanyp, maslahat salyp otyrsyňyz. Şeýle bolansoň Siziň has ynamdar adamlaryňyz biz bolýas. Biziň altymyz hem şu işe taýyn. - Berekella, gerçeklerim, sizden tamam hem şeýledi. Ertiriň özünde mysapyr eşigini geýnip, iki bir, iki bir ýola düşüberiň. Işiňiz oňuna bolsun! *** Adamlaryny Gürgenje iberen Atsyz olardan habar gelýänçä, goşunyň aladasyny edip başlady. “Soltan dikmesine bäş müňden az esger goýup gitmez. Çünki ol meniň ir-u-giç paýtagtymy almaga synanyşyk etjegimi bilýär. Şonuň üçin bize-de şonça goşun gerek bolar. Eger-de, Gürgenjiň ilatyny aýaga galdyryp bolsa hem-de soltanyň leşgerine goşulan özümiziňkiler hem söweş mahaly biz tarapa geçseler ýeňiş şübhesiz biziňki bolar. Sanjaryň dikmesini paýtagtymyzdan kowup çykararys”. Atsyz şeýle oý-arzuwlar bilen gümra bolup otyrka huzuryna ogly İl Arslan girdi. Tagzym edip, başyny galdyranynda kakasy onuň öwzaýyndan bir möhüm habaryň bardygyny aňdy. -Näme gep, Arslanym, eýgilikmi? -Zübeýdany getirdiler, huşsuz... -Huşsuz? Atlyk nä? Ýanynda Atlyk ýokmy? -Ýok, ýeke özi. Ol derýadan geçen ýerde ýykylypdyr. "Horezmşa” diýipdir-de, huşundan gidipdir. Onsoň derýadan bile geçen adamlar araba salyp, bäri getiripdirler... Atsyz ogly sözüni gutarmanka-da, gyssanyp, gapa tarap ýöneldi. - Hezret pederim, Siz çykmaň, ol ýerde her hili adamlar bar. Men ony öz adamlarymyz bilen huzuryňyza getirerin. İl Arslan aýdyşy ýaly Zübeýdany ýönekeý tagtyrowanda iki adama göterdip, kakasynyň huzuryna getirdi. Atsyz eli bilen özüniň ýatalgasyna yşarat etdi. Zübeýdany şol ýere ýatyryp, adamlar yzyna basyp, çykyp gitdiler. Ýatalganyň golaýyna baran Atsyzyň gözi huşsuz ýatan gözele düşende ýüregi bir hili jigläp gitdi. Atsyz Zübeýdanyň ýesirlikden gaçyp gaýdanyny, derýadan hem “Horezmşa” diýip, ony yzarlap geçenini çak edýärdi. Ol uzak ýollarda paýy-pyýada görgi baryny görüp ýöreninden, özüni soltana äşgär edeninde onuň husny-jemalyny gören Sanjar ony eliniň aýasynda saklardy. Ol muny bilse-de, ony, Atsyzy diýip, özüni beýle jebri-jepalara giriptar edipdir. Atsyz päk ýürekli bu sähraýy gyzyň wepadarlygyny, özüni çyn ýürekden söýýändigini şu pursatda bütin durky bilen duýdy. -Zübeýda, gözüňi aç, aýym, gözüňi aç!-diýip, Atsyz bu sözi üç gezek gaýtalanynda Zübeýdanyň gulagyna yzygider giren tanyş, mähirli owazdan gözleri açyldy. Ýatalganyň gyrasynda özüniň ýüzüne delminip oturan Atsyzy gören gara gözlere ýaş indi. Ol: - Amanmysyňyz, şahym?-diýip, mejalsyz dillendi-de, ýene gözüni ýumdy. - Zübeýda, Atlykdan habaryň ýokmy? Ol gaçyp bilmedimi? Zübeýda kellesini çalaja ýaýkady. Ol ýene huşuny ýitirdi, gulagyna gep girmedi. Atsyz "Zübeýdam, mähribanym, saňa näme boldy, gözüňi, aç, aýym!" diýip, gyzyň ýüzi-gözünden ogşaberesi geldi. Emma şu ýerde duran, ýigit çykan oglundan çekinip, beýdip bilmedi. Ol: - Arslanym - diýip, ogluna ýüzlendi. -Sen häzir git-de, şäher häkimini tap, ol şäherdäki iň ökde tebipleriň birini tapyp bersin. Ony özüň bilen bile alyp gel! İl-Arslan baş egip, çykyp gitdi. Şundan soň Atsyz hem içerde galmaga takaty ýetmän daşary çykdy. Ol İl-Arslan tebibi alyp gelýänçä üç-dört gezek içeri girip, Zübeýda seredip çykdy. Atsyz üçin wagt geçmeýärdi. Göwnüne İl-Arslanyň gidenine köp wagt bolan ýalydy, sabyr käsesi dolup barýardy. Hernä, şol wagt İl Arslan paýtunda bir moýsepit kişini alyp geldi. Çuw ak sakgaly döşüne düşüp duran, orta boýly , hortap bu adam Atsyzyň patyşadygyndan habarly bolsa-da, tagzym etmän, elleşip görüşdi. Tebibiň bolşuny Atsyz ýokuş görmedi. Çünki onuň özi hem tebip ýaly, täji-tagtsyz patyşadan patyşa bolýamy, diýen pikirdedi. İl Arslan kakasyna ýüzlenip: - Hezretim, bu kişini iň ökde tebip diýip, tapyp berdiler-diýdi. -Juda beýle-de däl, how. Ökdelik hezreti Ibn Sina bilen gitdi-diýip, tebip kiçi göwünlilik bilen dillendi - Bimaryňyzy göreýin, Allanyň eradasy bilen bizden şypa tapsa tapaýar-diýdi. Atsyz: - Möwlana, bar umydymyz Sizden, gaýrat ediň. Men Siziň sylagyňyzy ýetirerin-diýip özelendi. Tebibiň dodaklary kinaýaly müňküldedi. Ýöne sözüni kinaýaly äheňde aýtmady: - Biz bimarlary bejerenimizde sylag üçin däl, tebiplik borjumyzy ýerine ýetirýäris. Atsyz ýerliksiz söz aýdany üçin gyzardy: -Uzur, tagsyr, bagyşlaň. -Zyýany ýok, Aly hezret. Zaman şeýle, bermeli, bermeseň işiň bitmeýär. Ýöne bu zat bize dahylly däl. Bimaryňyzy görkeziň. Tebibi içeri alyp girdiler. Tebip beýhuş ýatan gyzyň ýatalgasynyň gyrasyna baryp oturyp, onuň ýüzüne bir salym dykkatly seretdi. Soňra gabaklaryny galdyryp gördi, eňeginden tutup, aşak çekdi, agzy açylmady, goşaryndan tutup, damaryny barlady. Soňunda garnyna elini ýetirip, basyp sypap gördi-de, uludan demini alyp, ýerinden turdy: - Aly hezret, bu gyza Allanyň özi şypa bermese, meniň etjek alajym ýok-diýdi. - Näme üçin, tagsyr? Bejerip bolmaýan näme derdi bar? - Özüne gaty zor salyp hereket etmegiň netijesinde içdäki damarlaryň biri ýarylyp, köp gan gidipdir. Akan ganam içinde gatap galypdyr. Häzir damarlaryndaky galan gan diriligi uzak saklap bilmeýär. - Onda nätmeli, tagsyr, hiç alaç edip bolanokmy? - Allanyň edenine boýun bolmaly, başga alaç ýok. - Hiç bolmasa, ony az salym bolsa-da, huşuna getirip bolanokmy? Meniň ondan sorajak zatlarym bar. Tebip bir salym pikirlenip, soň jogap berdi: - Bu mümkin. Ýöne şundan soň ol gözüni ebedi ýumar. Atsyz entegem Zübeýdanyň ölümine boýun bolanokdy. Kalbynyň bir ýerinde bir kiçijik umyt bardy. Tebibiň “Gözüni ebedi ýumar” diýeni ony tisgindirip goýberdi. Ol indi ebedi aýralygyň gutulgusyzdygyna göz ýetirdi. Ol: - Tagsyr, barybir gidýän bolsa, huşuna getiräýiň, men onuň bilen hoşlaşaýyn-diýdi. Tebip: - Onda on sany ýassyk getirdiň-diýdi. Atsyz tebibiň gepini geň görüp: - Ýassyk? Ýassyk diýdiňizmi, tagsyr-diýip sorady. Tebip: - Hawa, ýassyk diýdim-diýdi. Soňundan maksadyny düşündirdi.- Bimary huşuna getirmek üçin beýnisine gan akar ýaly kellesini aşak, göwresini ýokary edip ýatyrmaly. Ýassyklaryň näme üçin gerekdigi düşnükli bolansoň, olar derhal getirildi. Tebip İl-Arslanyň kömegi bilen ýassyklaryň birini gyzyň kellesiniň aşagyna ikisini ýagyrnysyna, üçüsini biline, dördüsini-de baldyrynyň astyna goýup ýatyrdy. Soňra donunyň goltuk kisesinden bir çüýşejik çykaryp, Atsyzyň eline berdi.: - Gepleşjek bolsaňyz, ýüzüňizi ýüzüne ýakynrak edip oturyň, soň çüýşäniň dykynyny açyp, burnuna tutuň, gözüni açandan çüýşäni aýryň-da gepleşiberiň. Atsyz daşyndan bildirmese-de, içinden uly tolgunma bilen tebibiň aýdanlaryny etdi. Bir salymdan Zübeýdanyň uzyn kirpikli gabaklary göterilip, gara gözleri öçügsi ýyldyrady, ýöne ýene ýumuldy. -Zübeýda, gözüňi aç, gözüňi aç, aýym, iki agyz gepleşeli. Atsyzyň özelenip aýdan sözleriniň täsiri bilen ýumulan gözler gaýta açyldy. -Şahym, men ölýän, Size uzak ýaş bersin... -Ölýän diýme, Zübeýda. Alla saňa-da şypa berer, enşalla. Meni diňle sowallaryma jogap berjek bol. Sen gaçypsyň, Atlyk näme gaçyp bilmedimi? -Ýok. Ony tanap biziň aramyzdan alyp gitdiler. Meni soltan aýalynyň goşuna iberdi, keniz diýip. Eltenlerinde aýaly: “Maňa däl, özüne gerekdir. Gyz-gyrnakdan doýman geçdi ol garry öküz” diýip hüňňürdedi. Soňra kenizlerine “Munuň üstündäkileri sypyryp, geýindiriň. Şu gün bolmasa, ertir agşam çagyrar çadyryna muny” diýdi. Bu gep gaçmak niýetimi has tizleşdirdi. Şol gün gije ýarydan aganda gaçdym. Bir ýolagçynyň Siziň derýadan geçip gidenligiňizi aýdany biz ýesirleriňem gulagyna degipdi. Derýadan geçsem Sizi tapjagyma ynanyp, güýjümiň ýetdiginden ylgadym... Zübeýdanyň mejalsyz owazy birden kesildi, gözleri ýene ýumuldy. Atsyz howsala düşüp, özelendi: -Zübeýda ezizim, gözüňi aç, aç! Zübeýda, gözüňi aç, aýym! Atsyzyň zaryn sesi Zübeýdanyň gabaklaryny galdyran badyna Atsyz: -Zübeýda, Atlyk hakynda soň hiç zat eşitmediňmi?-diýdi. Zübeýda Atsyzyň ýüzüne sessiz seretdi. Atsyz onuň bilýän zadyny aýdasy gelmeýänini aňdy. -Zübeýda, menden gizleme, aýt! Atlyga näme boldy? Aýt, aýym! -Alyp gidenlerinden soň, ol ýesirleriň arasyna gaýdyp gelmedi... Belki, başga ýerde saklaýandyrlar. Zübeýda Atsyzyň ýüregini beter ýaralamagy islemän, Atlyk hakynda eşidenini aýtmady. Atsyz muny duýup, ýene gaýtalap soranynda Zübeýda gepi başga ýana sowdy. -Şahym, Siziň bilen jennetde duşuşarmykam? Men Yslamy kabul etdim ahyryn.. Bu Zübeýdanyň soňky sözi boldy. Atsyz Zübeýdanyň ebedi ýumulan gözlerine seredip oturşyna özüniň kimdigini unutdy, iki elini ýüzüne tutup, birden möňňürip goýberdi. Il-Arslan şeýle edermen, batyr, mert pederiniň ýüreginiň beýle ýukadygyna haýran galdy. Ogullaryň häsiýeti atalaryňka hemişe-de meňzäp duranok. Il-Arslan özüniň ýuka ýüreklilikden daşda bolan häsiýetine görä pikir ýöredýärdi. Atsyzyň agysy bolsa, diňe ýuka ýüreklilikden däldi, yzly-yzyna urlan zarbalaryň hasraty bir merdiň ýüregine sygardan has uludy. Şonuň üçin Zübeýdanyň ölümi itergi berip, ol partlady. Köpi gören goja tebip muňa düşünipdi. Zübeýdany musulmançylyk däp-dessurlary boýunça jaýladylar. Biçäre gyzyň ykbaly Soltan Sanjaryň haremine däl-de, Horezminiň gadymy paýtagty Kätiň gabyrystanyna çeken ekeni. Atsyzyň kalbyny Zübeýdanyň ölüminden hem onuň aýtman giden zady beter örteýärdi. Çünki, beýle ýagdaýda pajyganyň bellisini bilmän çekilen hasrat, bellisini bilip çekilen hasratdan hem ýaman bolýar. Emma, Atsyz ýüreginde näçe hasraty bolsa-da, gam-gussa batyp, oturýan adamlardan däldi. Ol ýüregine düwen işini her niçik ýagdaýda-da, amala aşyrmaga çalyşýan, maksadyna okgunlydy. Zübeýdanyň getirilmegi we onuň ölümi zerarly arasy kesilen Gürgenje ediljek ýörüş baradaky hyýaly täzeden hyjuwlandy. Ol öz ýany bilen alyp gaýdan hazynasynyň ýetdiginden hakyna tutma goşun toplamak üçin ogullaryny, hajybyny we başga-da özüniň ynamdar adamlaryny şäherdir oba kethudalarynyň ýanyna iberip, olaryň kömegi bilen goşun gullugyna girjekleriň sanawyny düzmegi tabşyrdy. Şunda kätip Reşiteddin Watwat Atsyza ýüzlenip: - Aly hezret, ejaza berseňiz bu möhüm işe menem gatnaşaýyn. Hat-galam işine ýagny esgerlige girjekleriň sanawyny ýazmaga kömekleşeýin-diýdi. - Ýok, jenap Reşiteddin, bu azyndan bir aýa çeker. Şu wagtda Siz meniň ýanymda boluň, Meniň häzirki ruhyýetimiň dartgynly ýagdaýynda Siziň şygyrlaryňyzdan köňlüm bir-az teselli tapar. - Bu başagaýlykda şygyr hem ýada düşenok, Aly hezret. - Bilýän. Siz maňa köne şygyrlaryňyzdan okap berseňiz hem bolýar. Hakykatdan-da, Reşiteddin Watwatyň inçe duýgulara, pelsepeli pikirlere ýugrulan şygyrlary Atsyzyň ýangynly ýüregine biraz aram berýärdi. Şol arada Gürgenje giden alty aňtawçynyň biri dolanyp geldi. Gidenler iki aýyň dowamynda Gürgençde assyrynlyk bilen iş alyp baryp, ähli gerekli maglumaty toplanlaryndan soň ony Horezmşaga ýetirmek üçin birini yzyna gönderdiler. Galan bäşisi bolsa ilatyň we goşunyň arasynda "İş geçimek" üçin galypdyrlar. Atsyz Gürgençden habar getiren ýigidi sabyrsyzlyk bilen kabul etdi. Oňa Atlyk hakynda beren ilkinji sowalyna ol: -Aly hezret, şazadanyň ykbalyna şehitlik ýazylan eken. Ony Sanjar katl etdiripdir-diýip, başyny aşak egip, jogap berdi. -Ah! Muny Zübeýda aýtmasa-da, özüm syzypdym-diýip, Atsyz ah çekenini özi-de duýman galdy. Ara agyr dymyşlyk düşdi. Atsyzyň ýüregine gaýtadan çöken oglunyň hasraty durup-durup gazaba öwrüldi. “Sanjar! Zalym Sanjar! Senden oglumyň öjüni alaryn! Hemmesi üçin arymy alaryn! Kelläm göwrämde dursa seniň bilen hasaplaşaryn!” Kellesinde at salýan bu sessiz haýkyryk gözlerinden ot syçradyp goýberdi. Ar almak pikiri ony birneme köşeşdirdi. Bir salymdan soň ol habar getiren ýigidiň gürrüňini diňlemäge durdy. *** Gürrüňiň mazmunyna görä, Soltan Sanjar Gürgenje, eýesiz öýe giren ýaly hiç bir garşylyksyz girip barypdyr. Şäheriň kethudalary ilata aman dileýärler. Käbir köşk emeldarlary oňa ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam edip, öňki işlerinde goýmagy towakga edýärler. Soltan Sanjar kethudalaryň hem, emeldarlaryň hem haýyşlaryny kanagatlandyryp, köşgüň öňündäki meýdanda toplanan adamlaryň öňünde, at üstünde nutk sözleýär. -Muhterem jemagat! Allahym şaýat, biz Horezmine hiç haçan basyp alyjynyň gözi bilen seretmedik. Horezmini öz penahymyzda üstünden guş uçurman geldik. Jaýy jennet Horezmşa Kutbeddin Muhammet (Allanyň oňa rähnetleri bolsun!) bilen diňe dost däl, dogan kimin gatnaşdyk. Onuň wepatyndan soň ogly Atsyzy öz permanymyz bilen Horezmşa belledik. Oňa on ýyllap söweş tälimini, döwleti dolandyrmak tärlerini öwretdik. Emma Atsyz soňky döwürde özüne täji-tagty kimiň hedýe edenini, kimiň arkasyndan Horezmşa bolanyny unutdy, hökümdarlyk mertebesini göterip bilmedi, öz howandaryna, ussadyna dönüklik etdi. Ol bizden birugsat, ýurduň daşyndaky ilaty çapdy, Mangyşlak bilen Jendi basyp alyp, bigünä musulmanlaryň ganyny dökdi. Biz onuň bu eden işlerini ýazgaryp, ötünç soramagyny duýduranymyzda, ol ötünç soramagyň deregine biziň wekiliýetimiziň adamlarynyň mal-mülküni musadara* edip, baş wekilimizi katl etdiripdir. Mundan başgada Horasana gidilýän ýoly bekledip, ýolagçylara azar berilmegine ýol beripdir. Derýanyň geçelgesindäki işgärleri bolsa geçelgä gelen adamlary talamak bilen meşgullanypdyrlar. Hat-da, olaryň maşgalalaryna göz dikilen ýagdaýlar hem bolupdyr. Hany oýlanyp görüň, jemagat, şu gabahat işler musulmançylyga sygýamy?! Musulmançylyk beýle-de dursun, adamçylyga-da sygmaýar! Ine, şonuň üçin biz Horezmine goşun çekmäge mejbur bolduk. Onda-da, maksadymyz gan döküşlik etmek däldi. Uly goşun bilen Atsyzy haýpykdyryp, toba etdirmekçidik. Emma ol öñümizden çykyp, hüjüm etmek bilen bizi söweşe mejbur etdi. Netijesinem özüñiz görüp dursuñyz, Indi bu ýurdy adalatly dolandyrmak gerek. Şu maksatda biz Atsyzyň taşlap gaçyp giden tagtyna öz ýegenimiz Süleýman şany makul gördük. Mundan beýläk ähli Horezmin oňa itagat* etmelidir. Soltan Sanjar sözüne dyngy berip, sözüniň nähili täsir edenini bilmek üçin jemagata göz aýlaýar. Hiç kimden seda çykmaýar, hemmeleriň başy aşakdy. Ol sözüni dowam etdirýär: -Kethudalar, emeldarlar! Men size ýüzlenýän, biz siziň haýyşlaryňyzy kabul etdik. Indi siz hem biziň käbir talaplarymyzy berjaý etmeli bolarsyňyz. Horezminiň gazaply gyşy golaýlap gelýär. Biz gyşyň iki aýyny şu ýerde geçirmekçi. Şu iki aýyň içinde biz täze hökümdaryňyza ýurtda tertip düzgüni, käbir döwlet işlerini ýola goýmakda kömekleşeris, onuň wezirlerini, hajyplaryny, atabegini belläris. Siz hem şu iki aýyň dowamynda biziň leşgerimizi azyk, odun-çöp, beýleki gerek zatlar bilen üpjün etmeli bolarsyňyz. Türkmende myhmanyň atyna, özüne tä gidýänçä hezzet-hormat edilýändir. Soltan sözüni soňlanynda öň hatarda duran kethudalar, emeldarlar iki aýyň dowamynda bu agyr leşgeri azyk, atlaryny ot-iým, çadyrlaryny odun-çöp bilen üpjün etmek ilata gaty agyr düşjegini bilseler-de, soltanyň talabynyň sözsüz ýerine ýetiriljekdigine söz berýärler. Başga alaç hem ýokdy. Şundan soň soltan wezir-wekilleri bilen köşge tarap ýönelýär. Köşge gelip, ýerleşenden soň, onuň ilkinji eden işi häli Atsyzy günäläp sözlän sözünden doly fethnama* ýazdyryp, ony ähli tabynlygyndaky döwletlere gönderýär. Şol sanda onuň bir nusgasyny täze hökümdara itagat etmek hakyndaky permana goşup, Käte hem iberýär. *** Gürgençden çapar gelip gideninden Atsyzyň habary bardy. Soltan Sanjar hem Atsyzyň ýitirim bolup gitmän, şol töwereklerde bardygyndan bihabar däldi. Belki, şonuň üçin, ol Gürgençde iki aýdan hem gowrak wagt saklanandyr. Bu iki aý Atsyz üçin iki asyra barabar boldy. Adam bagtyýarlyk günlerinde wagtyň nähili geçýänini bilmeýän bolsa, bagtsyzlykda adama wagtyň özi geçmän azap berýär. Emma adamyň duýgularyndan daşarda tebigatyň kanuny esasynda geçmişden geljege tarap birsydyrgyn akýan wagtyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursady hem geldi. Ony Soltan Sanjar ýurduna ugranyndan Gürgençde galan bäş ýigit getirdi. -Aly hezret, enşalla, ähli işler Siziň göwnüňizdäki ýaly bolar-diýip ýigitleriň ekabyry Atsyzy begendiren gürrüňine başlady: -Sanjaryň goýup giden üç müňe golaý leşgeriniň üçden ikisi ýesirlikden soltanyň goşunyna geçen özümiziň öňki esgerlerimiz. Olar eger söweş bolaýsa biz tarapa geçmäge söz berdiler. Gürgenjiň ilaty bolsa, Siz bärden bardygyňyz Süleýmanşanyň garşysyna aýaga galar. Çünki ol tagta oturanyndan salgyt salyp, ilatyň gazabyny bokurdagyna getiripdir. Şonuň üçin köp goşun hem gerek däl bolsa gerek. -Sanawyňyz näçeräk boldy?-diýip Atsyz İl-Arslana seretdi. -Häzire çenli ýazylanlar üç müň töweregi, ýene-de ýazyljaklar köp. -Onda, şu ýeterlik, iküç günüň içinde ýazylanlary toplap, goşuny düzüň. Ýörüşe başlaýas!-diýen Atsyz ýüreginde birden peýda bolan hyjuwyň badyna ýerinden turup gitdi. Ol otagyň içini bir aýlanyp, eýýäm ýerlerinden turup duran ogullarynyň, ýigitleriň öňünde saklandy-da: “Tizleşiň!” diýdi. Otagda ýeke galan Atsyz bir uludan demini alyp: -Eý Alla! - diýip, seslenenini özü-de duýman galdy. Ýüreginden atylyp çykan şu bir agyz sözde ýüreginiň jümmüşinde ýatan hasratyň hem, armanyň hem, namysyň hem, aryň hem şu wagt dörän hyjuwyň hem äheňi bardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |