07:37 Gürgenç / 2-nji kitap -15 | |
XV BAP
Taryhy proza
Atsyz üç müňe golaý urşujydan ybarat goşun bilen gelip, Gürgenji gabady. Wagt gijäniň ýaryndan agypdy. Galanyň ýokarsynda her ýerde ýanyp duran çomlaryň ýagtysynda seýregiräk esgerleriň sudury görünýärdi. - Aly hezret, galanyň depesine kemanlardan peýkam ýagdyralymy?-diýip, goşuna baş serkerde edip bellenen öz goragynyň başlygy bolan Kemaleddin Aýuphan Horemşaga ýüzlendi. Aýuphan käte häzirkisi ýaly birneme gyzmalyk edýän häsiýeti bar diýmeseň, harby işden başy çykýan, parasatly hem-de ezber adamdy. Şonuň üçin hem ony Atsyz Kätde toplanan goşuna baş serkerde belläp, Mukaddam unwanyny beripdi. Atsyz şäheri, alajy bolsa, uruşsyz, gan dökmän almak niýetindedi. Ol: - Ýok, gerek däl-diýdi. Belki, depedäkiler horasanlylar däldir, öz adamlarymyzdyr. Daň atýança leşger dynjyny alybersin. Daň atandan soň olar bilen habarlaşarys. Goşunymyzy görerler, ýagdaýy Süleýmanşaga ýetirerler. Onsoň olar arkaly Süleýman bilen gepleşip göreris. Ol ýaman adam däl, meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözsek has gowy. Atsyzyň bu gepi bir salymda goşunyň içine ýaýrady. Gylyç ýalaňaçlap, jeňe girmäge gelen ýigitleriň käbirleriniň lapykeç boldy, janyndan howp edip gelenleriñ bolsa birneme ýürekleri düşüşdi. Atsyzyň Süleýmanşany ýaman adam däl diýeniniň sebäbi bardy. Ol Horasanda Soltan Sanjaryň gullugynda bolan ýyllary Süleýmanşa bilen aralary gowudy. Käte-käte awa-şikäre soltandan rugsat alyp, bile giderdiler, käte (ýigitçilik) göwünaçar ýerlere-de bile barardylar. Ine şeýle duz-emek bolup ýören dostlary bu gün pelegiň gerdişi garşydaşlara öwürdi. Daň tilki guýruk bolandan çalnan surnaýyň sesi esgerleri oýaryp, atlaryna atlandyrdy, galanyň depesindäkileri bolsa howsalaly herekete girizdi. Aşakdaky leşgere gözleri düşenden köşge habar iberdiler. Atsyz sag ýanynda, at üstündäki baş serkerdä ýüzlenip: - Indi olara aýtjagyňy aýt!-diýdi. Baş serkerde iki elini agzyna kernaý edip: -Eý ýigitler! Ýurduň hakyky eýesi, Horezminiň täji-tagtynyň sahyby Al Mälik Jelaleddin Atsyz Horezmşa hezretleri geldi. Derwezäni açyň! Derweze ýagşylyk bilen açylsa, hiç kime hiç hili zyýan ýetirilmez. Horezmşa hezretleri gan döküşlik etmän, parahatçylyk ýoluny isleýär!-diýip, bokurdagyna sygdygyndan seslendi. Baş serkerdäniň sesi depedäkilere anyk ýetip barsa-da, jogap bolmady. Ikinji sapar, eger derweze ýagşylykça açylmasa, güýç ulanyljakdygy, goragçylaryň hem gylyçdan geçiriljekdigi baradaky baş serkerdäniň çasly sesi depä ýetenden soň, goragçylaryň başlygy bolsa gerek, ýogyn göwreli biri galanyň gyrasyna gelip: - Derwezäni açmaga biziň hakymyz ýok. Horezmşanyň parahatçylyk isleýäni çyny bolsa, biraz sabyr ediň. Köşge habar iberildi. Siziň bilen gepleşjek adamlar geler!-diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Emma köp garaşyldy. Sabyr käsesi dolan Atsyz derwezä hüjüm etmäge buýruk berjek mahaly galanyň depesinde bir topar geýnüwli adamlar peýda boldy. Ona golaý bu adamlaryň öňünde zerbap donly, başy tylla jygaly ýigit bardy. Atsyz onuň Süleýmanşadygyny görenden tanady. Ol goşundan on ädim çemesi öňe saýlandy-da, atyny kişňedip, çarpaýa galdyrdy. - A how, Atsyz jenaplary, beýdip, bizi gorkuzjak bolmaň! Biziň atlarymyz hem çarpaýa galyp bilýär-diýip, Süleýmanşa kinaýaly gygyrdy. Atsyz gödek hereket edenine birneme utansa-da, jogabyny nagt etdi: - Onda, çarpaýa galyp bilýän atlaryňyzy münüp, söweş meýdanyna geliň! - Jenap Atsyz, biz Siziň bilen köne dostlar hökmünde ilki salam-helek edip, soň gepleşsek bolmazmy? - Eger, salam-helek etmekçi bolsaňyz, derwezäni açyň. Men Siziň bilen köne dostlugymyzyň hatyrasyna gujaklaşyp görüşmäge-de, ak ýol arzuwlap, ýurduňyza ugradyp goýbermäge-de taýyn. - Hoş niýetli arzuwlaryňyz üçin sag boluň, Jelaleddin Atsyz jenaplary! Ýöne beýik soltanymyz meni Siz gelýänçäňiz Gürgenjiň köşgüne garawul edip, goýup gidenok. Ol maňa Horezmini ykta hökmünde hedýe etdi. Indi bu ýurduň eýesi-de, hökümdary-da men. - Süleýman, sen bir hakykata düşün. Horezmin seniň däl, meniň watanym. Meniň göbek ganym daman ýer meniň üçin mukaddesdir. Men ony hiç kime bermen! Eger ýagşylyk bilen çykyp gitmeseň, läşiň şu ýerde galar. Söweşip bizi ýeňjek gümanyň ýok. Goşunyň ýarysy horezminliler, olar söweş bolsa, biz tarapa geçer. Mundan başga-da, bizden yşarat boldugy şäheriň ilaty aýaga galar. Şonuň üçin ojagaz horasanlylaryň hem ganyny dökmän, ýagşylyk bilen ýurduňa git! - Atsyz, sen hem bir zada düşün. Eger söweşde üstün çykyp, meni öldürseň ýa-da aýdyşyň ýaly men çykyp gitsem, nirä barýan? Elbetde, Merwe. Al onsoň, soltan üstüňe ýene goşun çekip gelmezmi? Geçen söweş saňa sapak bolmadymy? On müň esgeriň gyryldy. Olaryň gany seniň boýnuňda. Özüň zordan gaçyp gutuldyň. Indiki boljak söweşde gaçyp gutulyp hem bilmersiň. Ol sapar ogluň Atlygyň kellesi giden bolsa, indikide öz kelläň gider. Şonuň üçin meniň gidenimden seniñ gideniň gowy bolar. Pikirlenip gör! Atsyz oglunyň ady tutulanda titräp gitdi. Gazaby gaýnap, gözlerinden ot syçyrady. Bir peýkam bilen Süleýmanşany ýere ýazasy geldi. Emma gepleşik mahaly muny etse namartlyk boljagyny endişe edip, pälinden gaýtdy. Ol Süleýmanşanyň soňky gepine pitiwa etmedik ýaly bolsa-da, bu meseläni Gürgenje ýörüşiniñ öň ýanynda oýlanyp görüpdi we munuň Süleýmanşanyň aýdyşy ýaly bolmajagyna ynam hasyl edipdi. Bu ynam Soltan Sanjaryň ýanynda on ýyllap bolanynda onuñ häsiýetleriniñ hemme tarapyna: adyllygyna, zalymlygyna hem, geçirimliligine, şepagatsyzlygyna hem, danalygyna, kütekligine hem, aýratyn-da bir işi etjek bolanynda ony ýedi ölçäp, bir kesýändigine hem belet bolany üçin döräpdi. Atsyzyň ynamy esassyz däldi. Çünki Soltan Sanjaryň Horezmine goşun çekip gelmegi diňe Atsyzy eden etmişleri üçin jezalamak däldi, şunuň bilen birlikde onuň goşunyny derbi-dagyn edip tabynlygyndaky beýleki döwletlere-de göz etmekçidi, etdi hem. Indi bolsa Atsyz Süleýmanşany zyýan-zähmetsiz kowup, özüniň kanuny tagtyny eýelese, Sanjaryň munuň üçin Horezmine ýene-de goşun çekmejegi bellidi. Çünki ol Atsyzyň ir-u-giç ýurduna eýe çykjagyny bilýärdi. -Süleýman, maňa “pikirlenip gör” diýeniňi meniň pikirlenip görmegim gerek däl, meniň saňa aýdanymy seniň pikirlenip görmegiñ gerek - diýip, Atsyz soňky iki sözüni has batly aýtdy. Süleýmanşa Atsyza jogap bermezden öň arkasyna öwrülip, yzynda duran adamlary bilen bir salym maslahat etdi. Ol Atsyzyň daşardaky goşunyna garanda-da, içerdäki ilatdan howp edýärdi. Şäheriň içinde at-ýaragly adamlaryň gaty kändigini eşidipdi. Eger olar aýaga galsa halynyň gaty teň boljagyny bilýärdi. Şonda-da, ol aňsatlyk bilen ýan berjek däldi: -Atsyz, köne dostlugymyzyň haky, men ýene bir gezek duýdurýaryn. Bäş gün tagtda oturjak diýip, özüňi aždarhanyň agzyna oklama. Soltanyň gazaby ýamandyr. Muňa Atsyzyň jogaby taýyndy: -Süleýman, menem saňa dostlarça duýdurýaryn. Özüňe-de, öýläne çenli puryja berýärin, goş-golamyňy, ýygnap, islän derwezäňden çykyp git. Eger şu aýdylan möhletde çykyp gitmeseň, onda sen özüňi aždarhanyň agzyna oklaýarsyň. Bu meniň soňky sözüm! Süleýmanşa ýagşydan-ýamandan hiç zat diÿman, yzyna öwrüldi-de, adamlary bilen ötägitdi. Ol gidenden depedäki elleri ýaragly esgerler hem zym-zyýat boldy. Munuň sebäbi salym geçmän mälim boldy. Galanyň içinden “Ýok bolsun seljuklar!” diýen gykylyklar eşidilip başlady. Atsyzyň geleninden habar tapan Gürgenjiň ilatynyň aýaga galyp ugranyny gören Süleýman aşak düşüp, güýçli gorag bilen köşge tarap ýelk ýasady. Bir mahal adamlaryň şatlykly gykylygy astynda derweze hem laňňa açyldy. Ondan sil kimin akyp çykan adamlar “Ýaşasyn Horezmşa hezretleri!" "Ýaşasyn Aly hezretimiz!" diýip, gygyryşyp, şatlanýardylar. Sap-sap bolup duran leşgeriň öňünde atynyň jylawyndan çekip duran Horezmşanyň garşysyna gelip aýak çeken jemende ilki oňa baş egip, tagzym etdi. Soňra: -Märhäba! Hezreti alylary, märhäbo!1-diýişip ýol açdylar. Şu demde Atsyzyň bar aladasy Soltan Sanjaryň gazabyna ýene-de duçar bolmazlyk üçin Süleýmanşaga zeper ýetirmezlikdi. Atsyz adamlaryň ortasyndan açylan ýol bilen leşgeriň öňüni çekip, şähere girdi. Derwezeden tä köşgüň golaýyna barýança köçeleriň iki ýan tarapyny dolduryp duran mähelläniň “Märhäbo, Aly hezret, märhäbo!“ "Ýaşasyn Horezmşa hezretleri!” diýen şatlykly sesleri asmana çykýardy. Köşge ses ýetim aralykda Atsyz atynyň başyny çekdi. Köşgi iki müňe golaý atly esger gylyç ýalaňaçlap, gorap durdy. Atsyz rejäniň düzüw däldigini duýup, goragçylara ýüzlenip seslendi. -Eý gardaşlar! Gylyçlaryňyzy gynyna salyň. Biz siziň bilen uruşmaga gelmedik, sizi sag-aman ýurduňyza ak ýol arzuwlap, ugratmaga geldik. Atsyzyň ýüzlenmesi netije bermedi. Gylyçlar gynyna salynmady, gepine jogap beren hem bolmady. Atsyz ikinji sapar has gaty seslendi: -Eý, horasanlylar! Men Horezmşa Atsyz, size şa hökmünde ýüzlendim. Näme, maňa ynanaňyzokmy? Patyşalaryň agzyndan çykan söze Alla şaýatdyr. Onda ikilik bolmaz. Siz atyňyzdan düşüp, aýbogdaş gurup otursaňyz hem golaýyňyza hiç kim barmaz. Atsyzyň şu sözünden soň esgerleriñ serkerdesi biraz öňe saýlanyp, jogap berdi. -Muhterem Horezmşa hezretleri! Esgerlerimiz gylyçlaryny gynyna Siziň sözüňiz bilen däl, meniň buýrugym bilen salarlar. Menem beýle buýruk bermedim. Sebäbi bize goragda gylyçlaryňyzy ýalaňaçlap, jeňe taýýar bolup duruñ diýip buýruldy. Bu sapar Atsyzyň sesi has gaharly çykdy: -Men Süleýmanşaga biziň uruşmak niýetimiziň ýokdugyny aýdypdym, ahyryn! Ýene näme, size jeňe taýýar bolup duruň diýýär-kä? Eger jeň etmeli bolsa, meniň arkamda siziňkä garanda iki esse köp leşger dur. Mundan başga-da, jeň başlansa, şäher ilatyndan bäş-alty müň at-ýaragly adamlar häzir bolar. Onsoň ýekejäňiz hem aman galmarsyňyz. Baryňyzyň läşiňiz şu ýerde seriler. Eger şu gandökuşlik bolmasyn diýseňiz, häziriň özünde şäherden çykyp gitmegiňiz gerek. Bar, meniň şu sözlerimi Süleýmanşaga aýt! Horezmşanyň sözi serkerdä mazaly täsir eden bolmaly, ol sessiz-üýnsüz atyndan düşüp, jylawyny bir esgere berdi-de, çalt-çalt ýöräp, köşge girip gitdi. Köp garaşmaly bolmady. Bir käse çaý içer salymdan ýanynda bir adam bilen goragçylaryň öňünde peýda boldy. Onuň ýanyndaky adam: - Essalawmaleýkim, Horezmşa hezretleri! Men atabeg Ärdeşir ibn Omar-diýip, özüni tanyşdyrdy - Süleýmanşa hezretleri hem parahatçylyk ýoluny saýlady. Şonuň üçin bize ýol harajadymyzy tutmaga iki gün puryja bermegiňizi soraýar. - Ýol harajadyňyzy ýol ugruna obalardan alyp gidiberiň. Puluňyz bardyr, ilata salgyt salyp alypsyñyz-a. - Salgydyň puluny soltanymyz leşgerine paýlap berdi. Bizde birazrak galan gaçany bolaýmasa... - Eý atabeg! Galan-gaçanyňy bilemok, ilatdan zat alsaňyz, diňe satyn almaly. Eger talaňçylyk etseňiz, yzyňyzdan kowgy ibererin, ýetip külüňizi göge sowurarlar. Häzir bolsa köşgi boşadyň! Gep tamam! Soňky iki sözden soň atabeg başga-da aýtjak zatlaryny aýdyp bilmän, yzyna öwrülip, köşge girip gitdi. *** Özüňden zora sataşsaň, zoruň talabyny berjaý etmeli bolýar. Süleýmanşa hem uly güýjüň öňünde ýazylmadyk bu düzgüne boýun egmeli boldy. Atsyz bolsa şol günüň özünde kowlan horasanlylardan boşan köşgüne dabara bilen girip ýerleşdi. Ol köşge gireninde ilkinji eden işi-tagtyny maňlaýyna sylyp, togap etdi. Eger şu ýerde danyşmentleriň biri bolanda onuň bu işini şeýtana sežde etmek bilen deňärdi. Çünki dünýädäki iň biwepa zatlaryň biri bolan tagt toýlarda pälwanlary göreşdirmek üçin goýlan baýrak kimin ortada goýlan, özüne çekiji jadyly zat bolup, ony almak üçin ýönekeý göreş däl, ganly göreşler edilýär. Hernä, bu sapar onuň üçin gylyç ýalaňaçlap, ganly göreşe girmek gerek bolmady. Oňa derek ötgür söz ulanyldy. Netijede "Gylyç bilen alyp bolmaýan galany söz bilen alsa bolýar” diýen pähim hakykata öwrüldi. Emma munuň bilen Atsyzyň köňli karar tapanokdy. Hazaraspyň meýdanynda gurban bolan baş serkerde Bedretdin bilen müňlerçe esgeri, ogly Atlyk, söýgülisi Zübeýda zerarly ýüregindäki ýangynyny nädip söndürjegini, nädip ar aljagyny oýlanyp örtenýärdi. Bu onuň häsiýetine hem täsir edip, öňküsine garanda gyzmarak, gaharjaňrak bolupdy. Emma köşge girilen gününiň ertesi irden gelen Süleýmanşanyň hyzmatynda bolan özüniň öňki emeldarlaryny kabul edeninde gazaba öwrülen gaharyny biraz basyp bildi: “Ýaşamak islegi adamy her zada mejbur edýär-ow. “Dyza çöküp ýaşandan dik durup ölen ýagşy” diýmek her kesiň elinden gelmeýär” diýip, içini gepleden Atsyz garşysynda baş egip duran öňki köşk emeldarlaryny bir-bir synlaýarka: -Ýeri, jenaplar, näme diýip geldiňiz? Siziň Süleýmanşaga kasam edip, onuň hyzmatyna gireniňizden Horezmşanyň habary ýokdyr, diýip geldiňizmi?-diýdi. Horezmşanyň gazabyndan gorkman gelen emeldarlaryň hem bir arkaýynçylyklarynyň bardygy olaryň baştutany mühtasibiň* sözünden mälim boldy: -Ýok, Aly hezret, Siziň hemme zatdan habaryňyz bardygyny bilýäris. Biziň Süleýmanşanyň hyzmatynda däl-de, Horezmin döwletiniň hyzmatynda bolanymyzdan, halkyň bähbidini arap, iş ýerimizde galanymyzdan habaryňyz bardyr diýip, Sizden hoşallyk tama edip geldik. Gürgenjiň muhtäsibi Osman hojanyň jogaby Atsyzy bir salym dymdyrdy. Bu dymyşlygyň soňunda Horezmşanyň başyny iküç gezek atany muhtäsibiň gepiniň bir tarapdan hakdygyny boýun alanlygynyň alamatydy. Horezmşanyň biraz ýumşanyny aňan Reşiteddin Watwat degişmä salyp: Halkyň bähbidini aran muhtäsip, Öz gamyn hem iýen, edenden nesip- -diýip, hakykatyň ikinji tarapyny hem aýdyp goýberdi. Muny Atsyzyň özi hem bilýärdi. Emma döwlet düzüminiň gowşan häzirki ýagdaýynda bu emeldarlary öz wezipelerinde galdyrmaly boldy. Indi gaçyp giden Abul Muzaffar an Nyşapurynyň ýerine oňa bir dana, wepaly wezir gerekdi. Şeýle wezir edinäýse döwlet düzümindäki kem-käsleri düzetmegi, gündelik işleri ýöretmägi oňa tabşyryp, özi göwnündäki harby ýörüşlere taýýarlyk bilen meşgullanmakçydy. Onuň bütin oý-hyýaly Soltan Sanjardan köýüp ýatan aryny almakdy. Emma häzir onuň bilen darkaşa girmäge mümkinçiliginiň ýokdugy içini ýakýardy. Içini sowatmagyň, häzirlikçe, bir ýoly onuň tabynlygyndaky ýerlere ýörüş edip, basyp almakdy. Şeýdip onuň hem içini ýakyp, degnasyna degjekdi. Horezmşadan hoşallyk tama edip gelen emeldarlar eden tamalary çykmasa-da, iş ýerlerinde galanlaryna Hudaýa şükür edip, bir çetde durdylar. Olardan soñ Atsyzy täji-tagtyny duşmandan gaýtaryp alanlygy bilen mübäreklemek üçin gelen Gürgenjiñ mähelleleriniñ kethudalarynyñ arasynda şeýhulyslam başlyklaýyn ulamalar, şahyrlar, alymlar, kazy-kelan we Sanjar bilen bolan söweşde Atsyzyň özünden soň garasyny saýlap, başyny gutaran emirleriň üçüsi bardy. Horezmşa olar bilen aýratyn görüşip soraşdy. Şonda olaryň Täjeddin Syddyk diýilýäni: -Aly hezret, Allanyň halanydyr-da, bu söweşde bize ýeňiş nesip etmedi. Emma bize nesip etjek ýeňişlerimiz öňdedir diýip ynanýaryn-diýdi. Sakgal-murtuna ýek-tük ak aralan bu salyhatly adamyň sözleri Atsyzyň göwnüni göterdi. Ol emiriň elini mäkäm gysyp, minnetdarlygyny bildirdi. Şeýhulyslama bir gezek gözi kaklyşan Atsyz oňa başga seretmedi. Çünki onuň nazarynda "Meniň pendimi alman, näme peýda etdiň?” diýen igenç bardy. Atsyz öňki döwri bolanda beýle gutlaglary saz-söhbetli meýlis gurap, kabul ederdi. Şu pursatda, ýüregi ýangynly şanyň köňlüne meýlisem, saz hem syganokdy. Şonuň üçin ol bu gelenleri tagt eýwanynda kabul edip, gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, wezirli mesele barada olara sala saldy. Kethudalar, ulamalar biri-birine seredişip, bir salym pikir alyşdylar. Soňra gelen pikirleri barada şeýhulyslam dil ýardy. -Aly hezret, Siziň gözleýän zadyňyz eliňiziň aşagynda-diýeninden Atsyz soňuny aýtdyrman ýüzüni aldy: -Tagsyr, men zat gözlämok, bir dana, işeňňir adam gözleýän! -Uzur, Aly hezret. Ýöne adam hem Allanyň ýaradan zadydyr-diýdi-de, ol başga geplemedi. Atsyz gödeklik edenine içinden ökünse-de, daşyndan bildirmedi. Ol: -Jenaplar, häzir meniň aýlawly geplere takatym ýok. Bir pikiriňiz bolsa göni aýdyň-diýdi. Sözüniň äheňinde bolsa gödeklik edenine ökünýäni duýulýardy. Şonyñ üçin şehulyslam sözüniň soňuny aýtdy: -Aly hezret, biziň Size teklip etmekçi kişimiz hemişe ýanyňyzdaky, häzirem gapdalyňyzda oturan hajybyňyz Jenap Ymam Majdeddin ibn Muhammet. Biziň bilşimizçe danalykda, işeňňbrlikde ol kişiniň öňüne çykjak ýokdur. Bu teklibi hemmeler bir agyzdan makulladylar. Özi hakdaky gürrüňe jogap hökmünde bir elini gursagyna goýup oturan hajyba göz aýlan Horezmşa bu pikiriň şu çaka çenli öz kellesine gelmänine haýran galdy. Ol Ymam Mejdeddin hakykatdan hem wezirlige mynasyp adam diýen karara gelip, onuñ özüne ýüzlendi: - Jenap Ymam Mejdeddin, indi söz Size. Siz näme diýersiňiz? Ymam Mejdeddin ýerinden turup, ilki Horezmşaga tagzym etdi. Soňra özüne göz dikip, ünsli oturan adamlara ýüzlendi: - Muhterem jenaplar, meni şeýle belent mertebä laýyk görüp, teklip edeniňiz üçin size, siziň teklibiňizi kabul edip, maňa şeýle uly ynam bildiren Horezmşa hezretlerine minnetdarlygym bihasapdyr. Emma örän ýiti zehin, ötgür akyl we danyşmentligi talap edýän bu belent wezipäni oňaryp bilmän, menem öňki wezir Abu Muzaffar kibi gaçyp gidäýmesem ýagşy diýip gorkýaryn. Şonuň üçin, Aly hezret, Sizden haýyşym biraz sabyr etseňiz, maňa garanda has dana, has zehinli, has tedbirkär adam tapylardy. Meni bolsa şu hajyplyk wezipämde goýsaňyz Size güýjümiñ yetdigiçe hyzmat ederin. Patyşanyň makullan teklibini hajybyň ret etmegi köpçüligi geň galdyran bolsa Atsyzyň gaharyny getirdi. Ol: - Jenap Ymam Mejdeddin!-diýip, gahar gatyşykly ses bilen gepledi: -Hajybyň wezipesi weziriň wezipesine garanda has ýeňil we hezil. Siz şu hezilligi goýup, kyn işe baş goşasyňyz gelmeýär, şeýle gerek?! Hakykatdan-da, weziriň wezipesi aňsat däl, kyn. Hökümdaryň işi ondanam kyn. Emma beýik işler aňsatlyk bilen edilmeýär. Biziň maksadymyz, ýolumyz beýiklige tarap. Eziz watanymyz Horezmini beýiklige çykarmaly. Horezmin ady äleme dolan beýik, garaşsyz ýurt bolmaly. Bu beýik maksada öz döwrümizde biz ýetip bilmesek, bizden soňky nesillerimiziň ýetmegi üçin bu beýikligiň binýadyny gurup bermegimiz gerek. Ýüreginde watana söýgüsi bolan her bir adam şu maksada gulluk etmelidir! Horezmşa sözüne dyngy berip, sözüniň hajyba nähili täsir edendigini bilmek üçin oňa ýiti nazaryny dikdi. -Aly hezret, men weziriňiz has dana, danyşment bolsa ýurda peýdasy köp deger diýjek boldum... -Siz ýurduň peýdasyny däl, öz peýdaňyzy alada edýäňiz, ýogsa Sizde danalygam, danyşmentligem ýok däl. Indi gepi köpeldip oturmaly. Şu günden başlap Siz hajyp däl, büzrük wezir-diýip, Atsyz kätip Reşiteddin Watwata seretdi-de -Jenap Ymam Mejdeddin ibn Muhammedi weziri büzrük edip bellemek hakyndaky permany taýýarlaň! - diýdi. Soňra ýene Ymam Mejdeddine garap, - Işi oňarmadym diýip, gaçyp gitmekçi bolsaňyz, daşa gidip bilmersiňiz, üç agajyň aşagyna bararsyňyz. Bu meniň hökümdarlyk sözüm... Ymam Mejdeddin Horezmşanyň sözüniň soňunda dar agajyny diline getirenine gorkmasa-da, bir hili degnasyna degilen ýaly boldy. Ýöne Atsyzyň bolup geçen pajygalar zerarly ruhy dünýäsiniň juda dartgynlydygyny bileni üçin ondan kine etmedi. Ol sag elini gursagyna goýup, edep bilen dillendi: - Muhterem Horezmşa hezretleri, hökümdarlaryň emri wajypdyr, oňa boýun bolmak her bir raýatyň borjudyr. Menem Siziň raýatyňyz hem-de weziriňiz hökmünde Horezmin döwletini Siziň aýdan beýikligiňize çykarmak üçin özümiň mynasyp goşandymy goşaryn, enşalla. Atsyzyň häliden bäri gamaşyp duran ýüzi açyldy, gözlerinde hoşallyk alamaty peýda boldy. Ol başyny atyp: - Teşekkür, weziri büzrük! Işiňizde rowaçlyklar arzuwlaýaryn-diýdi. Horezmşanyň arzuwyna hemmeler goşulyp, täze weziri belent mertebe bilen mübäreklediler. Adamlar dargaşandan soň şa bilen wezir ikiçäk galyp, döwlete dahylly meseleleri maslahatlaşdylar. Soňunda Atsyz özüniň esasy maksady bolan harby ýörüşlere taýýarlyk işini öz üstüne alyp, gündelik döwlet işlerini weziriň boýnuna atdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |