07:47 Gürgenç / 2-nji kitap -16 | |
XVI BAP
Taryhy proza
Dargan harby ulgamy dikeltmek Atsyza aňsat düşmedi. Harby meseleler bilen meşgullanýan öňki gurama-Diwan al ard ýokdy. Leşgeriniñ adam sany bäş müñe-de ýetenokdy. Bu bolsa uly ýörüşler etmek üçin ujypsyzdy. Uly ýörüşler üçin bolsa uly goşun gerekdi, uly goşun toplamak üçin uly pul gerekdi. Hazynada bolsa beýle pul ýokdy. Süleýmana arada salgyt tölän ilata ýene-de salgyt salmak ynsapdan däldi. Puly başga çeşmeden tapmalydy. Pul tapylyp, işjeň, halal adamlardan ybarat Diwan al ard dikeldilse goşun toplamakda ygtybarly daýanç boljakdy. Şonuň üçin ilki bilen Diwan al arda ýolbaşçylyk edip biljek ygtybarly sahyp diwan tapmalydy. Bu meseleler boýunça Atsyz bir kelleden iki kelle ýagşy diýip, baş serkerde Kemaletdin Aýuphana maslahat saldy. Serkerde gara gytyk sakgalyny sypap, bir salym dymdy. Ol Gürgençde doglup öseni we synçylygy üçin şäheri, onuň ilatyny Horezmşanyň özünden hem gowy bilýärdi. Şoňa görä ol şanyň göwnünden turjak jogaby berip biljekdi: -Aly hezret, pul meselesinde ilata salgyt salmagy nämakul görseňiz, başga bir ýoly bar. Gürgençde meniň bilenimden müňe golaý tüçjar baýlar bar, puly şolardan karzyna alarys. Olaryň köpleri karzyna däl, şeýle hem bererler. -Rast pikir aýtdyň, jenap Aýuphan. Bu pikir meniň hem kelläme gelipdi. Ýöne baýlaryň köpüsi şeýle hem bererler diýeniň nädogry. Pukara berse berer, baýlar zorluk görmese bermez. Öz raýatymyza zorluk etmek biziň adalat ýörelgämize dogry gelmeýär. Karzyna beribersinler-diýip, Atsyz biraz sägindi-de: -Diwan al arda ýolbaşçy hakynda näme pikiriňiz bar?-diýdi. -Aly hezret, Diwan al arda emir Täjeddin Syddygy sahyp belleseňiz ol işi aňryýany bilen oňarar, işgärlerini hem özi saýlap-seçip alar. -Makul. Bu meselede hem ikimiziň pikirimiz bir ýerden çykdy. Emir Täjeddini sahyp Diwan al ard edip belleýäs-diýen Horezmşa serkerdesiniň parasatly adamdygyna içinden begendi. *** Horezmşa bilen baş serkerdäniň bu gysga maslahatyndan soň bir hepdäniň içinde Diwan al ard dikeldilip, baýlardan kanuny suratda karzyna alnan puluň hasabyna töwerekdäki türki taýpalardan, ilatyň öz içinden hakyna tutma esgerler alnyp başlandy. Bu işde sahyp Diwan al ard emir Täjeddin Syddyk öz işgärleri bilen, baş serkerde Kemaletdin Aýuphan öz serkerdeleri bilen işjeňlik görkezip, gysga wagtyň içinde ýigrimi müňe golaý at-ýaragly, on müňem pyýadadan ybarat goşun toplamagy başardylar. Şol bir wagtyň özünde hünärmen ussalar galalary zabt edende ulanylýan manjanyk, dabbabat, mataris, jamalukat we salalym ýaly äpet gurallaryň şaýlaryny baran ýerinde gurnalýan edip taýýarlap berdiler. Bu taýýarlyga garanda Horezmşa has uly galalary zabt etmek niýetinde ýalydy. Munuň şeýledigi tiz arada mälim boldy. Ol, eýle-beýle däl, Soltan Sanjaryň tabynlygyndaky ady äleme meşhur Buhara ýörüş etmegiň hyýalyna mündi. Atsyz öňden gelýän däbe görä harby ýörüşleriň öň ýanynda çagyrylýan mäşwereti hem çagyrmady, özüniň wezir-wekilleri we goşun başlyklary bilen kiçiräk maslahat geçirdi-de, ýörüşe atlandy. Munuň sebäbi düşnüklidi. Ol öňki saparlardaky ýaly uly maslahat çagyryp, köpçülige sala salsa, oňa ýene-de garşy çykjaklaryň bolmagy mümkindi. Şonuň üçin ol hiç kime sala salman, tizräk ýüregine düwen ýörüşi amala aşyrmakçydy. Munuň bilen ol Soltan Sanjaryň degnasyna degip, biraz bolsa-da, içini sowatmakçydy hem-de özbaşdaklyga bil baglanyny görkezmekçidi. Horezmşany myradyna ýetirjek agyr goşly goşun güýzüň salkyn howasynda Buharany nazarlap ýola düşdi. Öňde atly urşujylar, yzda gala diwarlaryny ýumurýan äpet gurallaryň şaýlary we azyk, iým ardylan alty tigirli düýe goşulan arabalar bilen pyýada goşun ýeri sarsdyryp barýardy. Goşunyndan göwni hoş Atsyz atyny öz maýdalyna goýberip, hyýal derýasynda ýüzüp barýardy: "Bu dünýäde hemme zadyň hasap-hesibi bolmaly. Hasaply dünýä diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Biriniň ary birinde köýmeli däldir. Eger köýdürse ary köýeniň özi namyssyz bihepbedir. Men arymy köýdürmen. Söýgüli perzendim Atlygyň bir jany üçin Sanjaryň janyny müň gezek alaryn” diýip içini gepledip barýan Atsyz Buharany Horezmşanyň basyp alandygy hakyndaky habaryň Soltan Sanjara nähili täsir etjegini göz öňüne getirmäge çalyşýardy. Ol göz öňüne getiren zatlaryny amala aşyrmak üçin nazarlan menziline tizräk ýetmäge näçeler howlugsa-da, atlaryň, pyýadalaryň ganaty ýoklugy sebäpli uzak ýoly ýakyn etmegiň mümkinçiligi ýokdy. Bir ýagşysy, onuň uçgur ganatly hyýal aty bardy. Ol şol hyýal atyna atlanyp, islän ýerine göz açyp ýumasy salymda baryp, islän işini edip bilýärdi. "Dag başy dumansyz bolmaz, är başy hyýalsyz” diýenleri dek ol dürli hyýallara gümra bolup, menzile ýetenini hem duýman galdy. Şeýlelikde, 534-nji hijriniñ güýzünde (1139,oktýabr) Horezmşanyň goşuny Buharany gabady. Buharanyň Soltan Sanjar tarapyndan goýlan walysy Zeňgi ibn Aly Horezmşanyň öz üstüne goşun çekip gelýänini birje gün öňünden bilip galdy. Ol gudratly soltanyň tabynlygyndaky şäheriň üstüne goşun çekip gelmäge hiç kim milt edip bilmez diýip pikir edýärdi. Bolsa-da, ýaňy ýakynda Soltan Sanjaryň zarbasyna uçran Horezmşanyň bu işe neneň het edenine haýran galýardy. Haýran galsa-da galmasa-da, indi onuň goranmak çärelerini görmekden özge alajy ýokdy. Ol galanyň depesine bar güýjüni çykardy. Okýaýçylar, daş atyjylar hüjüm başlansa garşy herekete şaý bolup durdular. Bulardan başga-da, uly demir gaplarda gara ýaglary we oňa batyryp, otlap duşmanyň üstüne oklanýan zatlar hem ýokary çykaryldy. Depedäkiler “degmedige degme” diýlenini edip, horezminlileriň hüjümine garaşýardylar. Horezmşa bolsa walynyň wekilleriniň aman diläp gelmegine garaşýardy. Emma wekillere derek ak kagyz dolanan bir peýkam Atsyzyň atynyň aýagynyň golaýyna gelip, ýere sanjyldy. Horezmşanyň yşaraty bilen kätip Reşiteddin Watwat atyndan böküp düşdi-de, peýkamy çekip alyp, oňa dolanan kagyzy Atsyzyň eline berdi. Atsyz kagyzy açyp, ondaky ýazga göz gezdirýärkä gaharyna gözlerinden gazap uçgunlary saçrady. Horezmşany beýle dergazap eden ýazgynyň mazmuny şeýledi: “Eý, özüni Horezmşa atlandyryp ýören Mälik şanyň gulunyň neberesi, sen juda hetdiňden aşanyňy bileňokmy?! Men soltanymyza seniň goşun çekip gelýäniň hakynda habar iberdim. Ol tiz arada ýetip geler. Eger janyň gerek bolsa, yzyňa tirkäp gelen bendeleriň ganyna galmajak bolsaň, gelen yzyňy tozan basmazdan yzyňa dolan! Buharanyň walysy emir Zeňgi ibn Aly” Horezmşa: “Sen emir bolsaň, men seniñ emiňi bererin” diýip, elinde titräp duran kagyzy dört epläp, goltuk kisesine saldy-da, hüjüme taýýarlyk görmäge buýruk berdi. Oňa görä muhandisler, ussalar zabt ediji gurallary gysga wagtyň içinde gurnap, hüjüme taýýar etdiler. Şol bada-da, goşunyň ýörite bölümi ol sülsatlary öňe sürüp, hüjüme başlady: Manjanykçylar ýol ugruna ýygnap gaýdan äpet daşlaryny gala diwarynyň bellenen ýerini nazarlap atsalar, matarysçylar we jamalukçylar güýçli urgy bilen diwary bir çetden opurýardylar. Salalamçy bölümiň urşujylary bolsa, salalam-merdiwanlaryny gala diwaryna diräp, ýokary dyrmaşýardylar. Hüjüm başlanandan ýokardakylar hem garşy herekete geçip, duşmanyň üstüne peýkamlary, kelle ýaly daşlary ýagdyryp ugradylar, munuň üstesine gara ýagyň ýanýan ysyny kükedip, alawly tokgalary inderýärdiler. Togalanyp gelýän otlaryň kä birleri zabt gurallarynyň üstüne düşüp, ýanyp başlanyndan haýdan-haý öçürilýärdi. Merdiwanlardan ýokary dyrmaşyp barýanlaryñ ot degeni merdiwan bilen bile aşak gaýyp gaýdýardy. Emma bir merdiwanyň ýerine ikisi dikeldilip, hüjüm has hyjuwly gidýärdi Gykuw, zenzele asmana çykyp, söweş barha gyzýardy. Bu aldym-berdimli jeň aram-aram arakesme bilen bir hepdä golaý dowam etdi. Şol arada zabt gurallarynyň ezberlik bilen işledilmeginiň netijesinde gala diwarynyň uly bir bölegi ýykylyp, geçelge emele geldi. Ondan ilki pyýadalar geçip, atly goşun üçin derwezäni açdylar. Şähere eňen leşger köçelere ýaýrap, ilata talaň salyp ugrady. Şähere leşgerden soň girip, goragyndaky iki ýüz atlynyň öňünde köşge tarap barýan Horezmşanyň birinji maksady peýkama dolap, iberen haty üçin waly Zeňgi ibn Aly bilen haklaşmakdy. Emma köşgüň öňündäki meýdanda duran ak sakgally, ak geýnüwli ulamalara gözi düşende kalbynda öç ody biraz peselen dek boldy. Atsyz olara golaýrak baryp, atynyň başyny çekdi. Emma atdan düşmedi. Onuň öňüne ulamalaryň özleri gelip, çalarak baş egdiler. Sap bolup duran ulamalaryň içinden has salyhatly, eli gymmat bahaly hasaly biri Horezmşaga göni bakyp ýüzlendi: - Muhterem Alaweddin Abul Müzäffär Atsyz Horezmşa hezretleri, Men Buharaýy şerifiň şeýhulyslamy Bahaweddin Usman ibn Omar Buharydyrmen. Biz şu şähri azymyň ulamalary bolup, Sizden etjek birinji towakgamyz: ilata aman beriň we talaňy bes etdiriň! Şeýhulyslamyň buýruk äheňindäki ýüzlenmesine Atsyzyň myrryhy atlandy we jogaby-da şoňa laýyk boldy: - Muhterem jenaplar, eger siz ilata aman dilejek bolsaňyz, galadan daşarda, uruşdan öň dilemeli ekeniňiz. Ine şonda, uruş hem bolmazdy, gan hem dökülmezdi. Indi, siz aýtmasaňyzam dynç ilatyň ýekejesine-de, tyg çekilmez. Talaň diýeniňiz bolsa erte-indin bes ediler. Alys ýoluň tanabyny çekip gelen leşger yzyna boş gaýtsa bolmaz ahyryn. Ulamalar ýüzlerine urlan ýaly bolup, biri-birine “Bu nähili boldy?” diýen manyda seredişdiler. Atsyz olary mylaýymlyk bilen ýene-de çüýledi: -Jenaplar, birinji towakgaňyzyň jogaby sizi kanagatlandyrmandygyny bilýän. Nätjek, ýagdaý şeýle. Indi ikinji towakgaňyz bolsa, ony-da aýdyberiň. Horezmşanyň kinaýasy beýlekilere degmese-de, hökümdarlar bilen dogry durup sözleşip öwrenen şeýhulyslama gatyrak degdi. Ol arkasynda dil ýetirilmez dini-yslam duransoň gorkman, Horezmşaga dik gepledi: - Muhterem Horezmşa hezretleri, indi Sizden etjek towakgamyz ýok. Ýöne jogap berseňiz bir sowalymyz bar. -Aýdyň sowalyňyzy, diňleýän. -Sowalymyz şeýle: Bütin musulman äleminde “Buhara kuwwaty yslamy din-ast” diýip tanalýan bu mukaddes şäherden näme almaly kasdyňyz bar, näme maksatda geldiňiz? Atsyz şeýhulyslamyň özüne beýle gödek äheňde sowal bermäge milt edenine içinden dergazap bolan bolsa-da, din wekiline çäre görüp bilmejegi üçin gaharyny daşyna çykarman, ajy ýylgyrdy: -Tagsyr, Siz meniň näme maksatda gelenimi öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz. Kast meselesine gelsek, harby ýörüşler, adatda kast almak üçin däl, ýurt almak üçin edilýär. Ýöne bizi bijaý sözler bilen garşy alany üçin walyňyz bilen haklaşmaly bolýas. Ol köşgüň haýsy burçynda gizlenip ýatanam bolsa, ony taparys. Şeýhulyslam sowalyna laýyk jogap alanyndan soň, hökmürowan kişi bilen mundan artyk dikleşmegiň howplydygyny duýup, hörpünden düşdi. Ol: -Aly hezret, waly köşkde ýok. Biz hem ony ol ýerden tapmadyk. Tapan bolsak ony-da Siziň öňüňize alyp çykyp uzur soratmakçydyk. Atsyz onyñ "uzur soratmakçydyk"diýeninden peýkamda iberilen hatdan bu selleli kelleleriň hem habary bardygyny aňdy. "Ah, bu akja selleleri aşagyndaky gara kellelerden azat edäýmeli weli, düzgüne dogry gelenokda” diýip, içini gepleden Atsyz: -Jenaplar! Biz köşge geçmekçi, eger atlaryň aýagynyň aşagynda galmajak bolsaňyz, ýoldan aýrylyň!-diýdi. Bu gödek buýruk olaryň peýkamda iberilen hata dahyllydygynyň jogabydy. Ulamalar Horezmşanyň gazaba münenini görüp, derhal bir gyra çekildiler. Atlylar hasyrdaşyp olaryň deňinden geçip gitdiler. Horezmşa köşgüň girelgesiniň öňüne ýetip, atynyň başyny yzyna öwürdi. Ol: -Ýigitler!-diýip, serbazlaryna ýüzlendi.-Buharany aldyk. Indi, onuň köşgüniň içini bir barlap göreli, kim bar, kim ýok. Ýöne içerde, kim bilýä, gireniň kellesini almaga gylyç ýalaňaçlap duranlar bolaýmagy hem ahmal. Şonuň üçin bizem ätiýajy elden bermän gylyç ýalaňaçlap gireli. Ol ýüzbaşynyň ýigitleri atlara seredip galsyn, başgaňyz meniň bilen ýörüň! Horezmşa atyndan düşüp, gylyjyny gynyndan sogranyndan ýüze golaý nökerler onuň göreldesine eýerip köşge eňdiler. Bir sagada golaý wagtyň içinde nökerler köşgüň ähli otaglaryny haremhanadyr, aşhanalaryny, hammamlaryna çenli barlap çykdylar. Hemme ýer kimsesiz bom-boşdy. Ýöne köşgüň bagyna aýlanan nökerler ol ýerden orta ýaşlaryndaky köseleç bir adamy tapyp, Horezmşanyň ýanyna getirdiler. Bu wagt Atsyz tagt eýwanynda hajyplary bilen diwarlardaky altyn çaýylan islimi nagyşlary synlap ýördi. Ol tutup getirlen adama boýdan-başa göz aýlap: - Sen kim?-diýdi. Ol adam: - Maňa beýle sorag berýäniň kimdigini bilsem, dogry jogap bererin-diýdi. Atsyz bu adamyň gep uruşyna täsin galyp, ýylgyrdy: - Men Horezmşa Atsyz. Indi, dogry jogap berjekmi? Horezmşa adyny eşiden ol adam iki epilip tagzym etdi. - Uzur, Aly hezret. Men Sizi tanamandyryn. Men şu köşgüň bagynyň bagbanydyryn . Ismi şeribim Çakyr Çakany. - Üýtgeşik adyň bar eken. Çakany şahyrlaryñ tahallusyna meňzeş. - Dogry meňzetdiňiz, Aly hezret. Bu bendäniň aram-aram şygryýet bossanyna girip çykýan adaty hem bar. - Hä, şahyrçylykdan hem habarym bar, diýsen-e - Buharaýy şerifde şahyrçylykdan habary ýok adamyň özi ýok. Bazardaky restelerde söwda edip oturan bakgallaryň bary gazalhan. Eger gazalyny diňlejek adam bolsa bir kadak halwamy, nabatmy berip, okap berýärler. Atsyz bagbanyň gepine hahaýlap gülüp goýberdi, soňra: - Hany, onda şahyr Çakany, bir gazal okap berseň, senden hiç zat talap etmän, mugtuna diňläli-diýdi. - Aly hezret, meniň gazallarym diňe parsyda. Düşünseňiz okaýyn. - Sen näme, Horezmşa Atsyzyň parsyda-da, türküde-de, şygyrlar ýazýanyny, arapçany-da suwara bilýänini eşitmänmidiň?-diýip, Atsyz degişme äheňinde aýtsa-da, munuň hakykatdygyny aňan bagban: -Uzur, Aly hezret, uzur. Täçdar kişileriň arasynda Siz kimin talyby ylymlar seýrek. Beýik Soltan Sanjar hezretleri hem hat-sowatdan daşda diýip eşidýäris. Şeýle bolansoň Siziň hem edebiýat, dil ýaly zatlar bilen meşgullanmaga wagtyňyz ýokdur öýdüpdim - diýdi.. - Seniň Soltan Sanjaryň bisowatdygyny eşidip, Horezmşanyň onuň tersidigini eşitmändigiň gaty geň. - Aly hezret, beýik adamlaryň feziletlerine garanda kemçilikleri tiz we giň ýaýraýar. Munuň geňliginiň sebäbi şudur. - Bu gepiň dogry, şahyr Çakany. Ýöne näme üçin sen gazallaryňy diňe parsyda ýazýarsyň, sözleýşiň-ä türki, ýa milletiň parsmy? -Ýok, Aly hezret. Aslym türki kowumdan. Gazallarymy parsyda ýazýanymyň sebäbi parsy dil şygryýet dili, türki dil şygryýete kän bir gelenok. -Bu gepiň ýalan şahyr Çakany! Diňle: Läli lebiň balyndan dadan kişi beýhuşdyr, Soňra huşa gelenden perwazy* belent guşdyr. Hany by bendi parsyga öwrüp gör, şunuň ýaly sazlaşykly äheň berermikä? Her diliň öz gözelligi bar, şahyr. -Uzur, Aly hezret, uzur... -Sen “uzurdan” başga söz bilmeýän bolsaň bu mowzugy goýaly. Indi möhüm işlerden gepleşeli. Sen şu köşkde köpden bäri işleýän bolsaň bilýänsiň, waly Zeňgi diýenleri nähili adam? - Aly hezret, Siziň bu sowalyňyza jogap bermezden öň Sizem meniň bir sowalyma jogap berseňiz, onsoň men onuň nähili adamdygyny aýdaýyn. - Be, täsin-täsin gürrüň edýäň, şahyr. Hany, ber sowalyňy. - Aly hezret, Siz emeldarlaryňyz bilen ýygnak edip, söz sözläp duranyňyzda birini üsgülewik tutup, üsgürse näderdiňiz? - Men ol üsgürip bolýança garaşardym, soň dowam ederdim sözümi. -Waly Zengi ibn Aly beýitmedi. Ýakynda bir ýygnagynda meni üsgülewük bogup, dört-bäş gezek üsgürdim. Ol şol wagtyň özünde "Meniň gepimi böldüň" diýip, ýalaňaç tenime näçe üsgüren bolsam şonça gamçy urdurdy. Ine şundan biliberiň onuň nähili adamdygyny. - Bäh! Şeýle adam diýsene. Gysynma şahyr, ondan seniňem aryňy alarys. Indi, ony tapmaly. Nirede gizlenip ýatyrka? - Aly hezret, onuň kuhandyzdan başga barara ýeri ýok. Ol ähli emeldarlary, haremi bilen şol ýerde bolmaly. - Ä-hä! Özümem şeýle pikir edipdim-diýip Atsyz baş serkerde Aýuphana ýüzlendi: - Zabt ediji sülsatlary kuhandyza tarap sürüň, diwarlaryny kül-peýekun ediň! Erte özüm hem bararyn. Aýuphan ellerini gursagyna goýup, baş egdi-de, şanyň şahsy hyzmatyndaky we goragyndaky nökerlerden başga esgerleri hem alyp köşkden çykdy. - Şahyr, senem bagyňa baraý. Şu töwerekde bolsaň entek duşarys - diýip, Atsyz bagbana jogap berip goýberdi. Horezmşa kuhandyzy iki-üç gün bäri alyp bolmajagyny çaklap, biraz dynç almak üçin nedimleri we nökerleri bilen köşkde galdy. Agşama golaý harç-harajatlar getirilip, köşgüň aşhanasyndaky gazanlar ataryldy. *** Horezmşanyň buýrugy bilen kuhandyza öýle başlanan hüjüm agşama çenli dowam etdi. Hüjümiň garşysyna hiç hili gaýtawul berilmese-de, manjanyklardan atylan daşlaryň diwaryň az-owlak ýerlerini gädenini diýmeseň, başga bitirlen uly bir iş bolmady. Öňdenem ýadaw hüjümçiler şu ýerde-kuhandiziň öňündäki meýdanda şamlyk edinip, şu ýerde-de ýatdylar. Daň atyp, esgerler ýaňy örüp başlan mahaly goragyndaky atlylary bilen Atsyzyň peýda bolmagy hemmeleri aýaga galdyrdy. Horezmşa kuhandyzy gözden geçirýärkä onuň diwarynyň gaty berkdigine, buýruk bereninde aýdyşy ýaly ony kül-peýekun etmegiň aňsat däldigine düşünse-de, düýnki edilen hüjümiň netijesi üçin baş serkerde Aýuphana närazylyk bildirdi. Ol ähli zabt ediji gurallary işe salyp, kuhandiziň garşydaky diwaryny doly ýykmaga, eger şundan soň hem kuhandyzyñ içindäkiler çykyp, teslim bolmasalar onuň özüni-de ýykmaga buýruk berdi. Şundan soň kuhandyzyň öňündäki ýer hakyky jeň meýdanyna öwrüldi. Dört tigirli arabalarda daşardan daşalýan äpet daşlaryň manjanyklardan atylandaky zarbasyndan, matarys bilen jambulagyň güýçli urgusynyň zarbyndan kuhandyzyň diwary sarsyp ugrady. Hüjüme Horezmşanyň özi başçylyk edip duranyndanmy zabyt barha güýjeýärdi... Iki gün dowam eden hüjümiň netijesinde kuhandyzyň garşydaky diwarynyň esli bölegi ýumrulyp, içindäki köşkpisint jaýa giň ýol açyldy. Bir geň galdyran zat ne hüjüm wagtynda, ne indi-de, aman diläp gara beren adam bolmady. Hörezmşa ýanynda duran baş serkerde Aýuphana garap: - Bu jaýyň içindäkiler, entegem Soltan Sanjaryň gelerine garaşyp ýatyrmykalar?-diýdi. - Aly hezret, göwnüme bolmasa, ol ýerde adam ýok ýaly. - Goýsan-a, ol bagban bizi aldan-a däldir? -Belki, aldandyr. Waly Ibn Aly biziň ünsümizi Kuhandyza sowup, özi başga tarapdan gaçyp gutulmak üçin ol adamy ýörüte goýup giden bolaýmasyn, Aly hezret. -Aý ýog-a! Onda biz kimsesiz ýere iki günläp hüjüm edip, biderek sunça güýç sarpladykmyka? Hany, manjanyklaryň birini ileri sürüp, jaýyň gapysyna tarap birki daş atyp görüň, näderkä. Manjanykdan atylan birinji daş jaýyň iki ganatly belent gapysyna baryp gütläp degenden ol pagyş-para bolup gitdi. Ine şundan soň içerden uwlaşyp, ýaş çagalar, aýal-gyzlar, olaryň yzyndan ak, gök selleli, çal, gara sakgally, eginleri gymmat bahaly donly adamlar çykyp ugrady. Olar at üstünde hatar duran Horezmşa dagylaryň alnyna ýetip ýetmän, maňlaýlaryny ýere berip, aman dilediler. Atsyz ýaprylyp ýatan aýal-erkek ulularyň arasynda aglaşyp duran çagalara dözmedimi nämemi Aýuphana: -Aýallary çagalary bilen goýberiň, bu sellelileri meniň ýanyma köşge eltsinler. Özüň baş bolup, kuhandiziň içini döküň. Hazyna-da, at-ýaragam şol ýerde bolmaly. Baryny olja alyň-diýdi-de, atynyň başyny yzyna öwrüp, köşge tarap sürdi. Goragyndaky, hyzmatyndaky esgerler hem onuň yzyna düşdüler. Atsyz ýol ugruna Buharanyň kimsesiz bom-boş köçelerini synlap barşyna talaňa düşen adamlaryň öýlerini içinden temmeläp, daşary çykmaga gorkup oturandyklaryny aňdy, özüni bir hili günäkär ýaly duýdy. Dynç oturan ilatyň talanmagyna wyždany gynansa-da, esgerlerine bu işi gadagan edip bilmedi. Sebäbi uzak ýoluň azaryny çekip gelenler ýöne ýere däl, olja tama edip gelýärler. Onsoňam, talaň diýilýän zat basybalyjylygyň aýrylmaz häsiýeti bolsa, nätjek. Atsyz köşgüň öňüne gelip, atyndan düşeninde gün öýleden agypdy. Ol çaý-suwa-da seretmän, täret kylyp, peýşin namazyny okady. Atsyz namazdan soň okalýan dogalary, okap, dileglerini edip, aram otagyndan tagtly eýwana çykanynda özüniň aýdan sellelilerini getiren ekenler. Olar Horezmşaga gözleri düşenden iki epilip, başlaryny galdyrman durdular. Atsyz ýeňijiniň buýsançly sesi bilen: -Kelläňizi galdyryň, jenaplar. Siziň “mübärek” didaryňyzy göreli-diýdi. Olar kellelerini galdyrsalar-da, gözleri aşak goýberilendi. Atsyz aýak üstünde olary synlaýarka bu ýigrimä golaý adamyň haýsynyň Zeňgi ibn Alydygyny biljek bolýardy. Hatara duran adamlaryň ortaragynda duran, sellesiniň maňlaýy sadap ýaly ýakut daşly gara sakgally, gara meňiz adamda nazary eglenen Atsyz “Megerem waly Ibn Aly şu bolsa gerek” diýip çaklady. Ol: -Jenaplar, kelleleriňizi galdyrdyňyz, indi gözüňizi-de galdyraýyň-diýdi. Gabaklary galdyrylan gözleriň käbirinde asudalyk bolaýmasa, köpüsinde gorky alamaty bardy. Atsyzyň waly diýip çaklan adamynyň gözleri bolsa bijaý oýnaýardy. Atsyz oňa nazaryny dikip: -Jenap waly, bir ädim öňe ädiň-diýdi. "Meniň walydygymy nädip bildikä?” diýip haýran bolan Zeňgi ibn Aly aýaklary sandyrap bir ädim öňe çykdy. Horezmşa elini goltugyna sokup, dört eplenen kagyzy çykardy, ony waly Ibn Ala güjeňleýän ýaly edip görkezdi-de: -Jenap Zeňgi ibn Aly, maňa peýkamda gönderen bu “salam hatyňyzy” ýeke özüňiz ýazdyňyzmy ýa bu jenaplaryň hem mundan habary barmy?-diýdi. Waly Ibn Aly ilki näme diýjegini bilmän, aljyrap sägindi. Emma Horezmşanyň özüne dikilen ötgür nazaryna döz gelip bilmän, jogap bermeli boldy: -Maslahatlaşyp ýazypdyk... Beren jogabyndan Atsyz bu adamyň baryp ýatan namartdygyny, eden günäsi üçin jähennem öýüne gitmeli bolsa özi bilen egindeşlerini hem süýräp gitmekçidigini aňdy. Onuň yzynda duranlaryň biri saklanyp bilmän, lak atdy: "Dogrusyny aýdyň, jenap waly!" Waly kellesini aşak salyp geplemän duruberdi. Atsyz lak atana garap: -Walyňyz-a aýtjak däl öýdýän, dogrusyny siz aýdaýyň-diýdi. -Horezmşa hezretleri, dogrusy walynyň aýdyşy ýaly däl, ol haty özi ýazyp, bize okap berdi we ony size iberjekdigini aýtdy. -Onsoň siz makulladyňyzmy? -Ýok, makullamadyk. -Näme diýdiňiz? -Hiç zat diýmedik, dymdyk. -Dymmaklyk razylygyň alamaty-da. -Ýok, Aly hezret. Biziň dymmagymyz närazylygyň alamatydy. -Närazylygyňyzy dymman, dil bilen aýdyp bilmediňizmi? -Aýdyp bilmänligimiziň sebäbini şu bagda bagbanymyz bar, şondan soraň, aýdar. Men aýtsam ynanmazlygyňyz mümkin. -Ol eýýäm aýtdy. Diýmek, gamçydan gorkupsyňyz-da. -Munuň ýaly-da gamçy bilen gutulsak hiç-le. Biz kellämizden gorkduk. Bala-çagamyz bar ahyryn. -Düşündim - diýip, başyny atan Atsyz gapyda duranlara: -Bagbany çagyryň - diýdi. Bagban gapynyň aňyrsynda duran ekenmi, nöker gapyny açyp, çykjak bolanda, ol içeri girdi. -Bä! Şahyr, adyňy tutanymy eşidip, uçup geldiňmi?-diýdi. Bagban ilki tagzym edip, soň dillendi: -Aly hezret, bilesigelijiligim goýmady, waly dagyny getirenlerini eşidip, näme gep bolarka diýip, gelip durdym. -Näme gep bolarka diýip gelen bolsaň, öňürti gepi senden eşideli. Men saňa “Walydan aryňy alyp berýän” diýip, söz beripdim, aýt, näme edeli? -Aly hezret, Size öň gürrüň berenim: meniň ýalaňaç tenime alty gamçy çekdiripdi. Menem şondan köp urjak däl. Ony ýalaňaçlap, maňa bir gamçy bersinler. -Ýok, şahyr, waly kişini ýalaňaçlap, biabraý etmäli. Onuň mertebesine laýyk "abraýly" bir jeza bereli. Şeýtsek onda seniňem, meniňem arymyz köýmez-diýip, Atsyz esgerlere: - Alyp çykyň, gözden daşyrak ýere!-diýdi. Özüniň ölüme buýrulanyny düşünen waly tapba dyzyna çöküp, ýalbarmaga başlady: - Aly hezret, meniňem bala-çagam bar, rehim ediň. Men bir akmaklyk edipdirin, günämi ötüň, bagyşlaň... -Diňe özüme dil ýetiren bolsaň bagyşlardym. Sen meniň aslyma, atama dil ýetirdiň. Seni bagyşlasam atamyň ruhy ynjalmaz-diýip, Atsyz elindäki kagyzy dört bölüp, onuň ýüzüne urdy-da, - Alyp çykyň!-diýdi. Bagyşlanmajagyna gözi ýeten waly alyp çykyp barýarkalar: -Atsyz, bu eden işleriň üçin soltan seniňem kelläňi ýerinde goýmaz...- diýip gygyryp gitdi. Indi Atsyz bu duran adamlaryň hem ykbalyny çözmelidi. Haýsy köşkde bolsa-da, emeldarlar hökümdaryň guly. Hökümdar näme etse, näme aýtsa onuň garşysyna gitmek howply bolup, bu howpdan goranmak üçin emeldarlar ýaranjaňlyk bilen iň akmakana işleri hem makyllamaga mejbur bolýarlar. Emma waly Zeňgi ibn Alynyň bu duran emeldarlary onuň bijaý mazmunly hatyny Horezmşaga ibermegini ýaranjaňlyk etmän, makullamandyrlar. Söz bilen bolmasa-da, dymmaklyk bilen närazylyk bildiripdirler. Waly muňa düşünse-de, bosagada Horezmşanyň goşuny injigini sandyradyp duransoň, öz emeldarlaryna gazabynyň güýjüni görkezmäge bogny ysmandyr. Atsyz häzir bolup geçen gep-sözden soň bu bendeleriň hiç biriniň hem waly Ibn Alynyň tarapdary däldigini aňdy. Eger özleriniň başy aman galsa ondan dynandyklaryny kem görenokdylar. Hatda, onuň kysmatyna hiç biriniňem ýüregi awamadygy ýüz-gözlerinden görnüp durdy. Şoňa görä Atsyz olara dostana äheňde ýüzlendi: -Jenaplar, biziň Buharadaky işimiz ahyryna ýetdi. Nesip bolsa, biraz dem-dynjymyzy alyp, erte-indin Horezmine gaýdarys. Ýurdy dolandyrmak siziň özüňize galar. Kim haýsy wezipede bolsa öňkiňiz ýaly işiňizi dowam etdiriberiň. Walysynyň pälinden tapandygy hakyndaky habar Soltan Sanjara ýetip barandan ol sizi walysyz goýmaz, birini iberer. Şoňa çenli özüňiz ýurtda tertip-düzgüni saklap dolandyryberiň. Horezmşadan beýle geçirimlilige, sahawata garaşmadyk bu adamlar öz wezipelerinde galanlary üçin basybalyjyny adalatlylykda, sahawatlylykda Haruna deňäp, onuň adyna hamdu-senalar aýtdylar. Atsyz emelinde galanlaryň begenjini synlaýarka "Bu adamlara emel berseň, ynsanlyk mertebesini hem unudyp, aýagyňy ýalamaga-da razy boljaklar” diýip, olara bolan ýigrenjini ýüze çykarmajak bolup, sowugrak ýüzlendi: -Jenaplar, indi işli-işiňize baryberiň. Horezmşadan beýle ýakymly söz eşiden emeldarlar iki epilip, götin basyp çykyp gitdiler. Olar çykandan daşarda duran esgerleriň serkerdesi içeri girip, Horezmşaga tagzym etdi-de: -Aly hezret, daşarda iki zenan Siziň ýanyňyza goýberilmeklerini haýyş edip durlar -. diýdi. -Ýaşmy, garrymy? -Ýüzleri ýaglyklary bilen örtülen, diňe gözleri açyk. Şonuň üçin ýaşyny bilip bolanok. -Sen onda olaryň zenandygyny nirden bildiň. Belki, olar aýal geýmini geýnip, meni öldürmäge gelen adamlardyr. Senem olary meniň ýanyma goýberjek bolýarsyñ. Serkerde patyşanyň huzurynda uly ýalňyş goýberen ýaly bolup, gorkdy, ýüzi agyp-döndi: -Aly hezret, beýle däldir... Sesleri, owazy aýalyňky. Ýöne türkini çalgyrt gepleýär, pars bolaýmasalar... -Goýber, hany, göreli. Näme arzlary bolsa eşideli.- diýip, Atsyz güldi. Şundan soň serkerde patyşanyň öňki aýdany degişmedigini düşünip, biraz ynjaldy. Ol tagzym edip, çykdy-da, iki zenany tirkäp geldi. -Hany, müslimeler, ýüzüňizi açyň, siziň kimdigiňizi bileli-diýip, Atsyz tagzymdan başlaryny göteren zenanlara ýüzlendi. Olar biri birine bir seredip aldylar-da, ýuwaşlyk bilen ýüzlerini örtüp duran ýaglygy aýyrdylar. Ine şonda, köpden bäri beýle del gözellere sataşmadyk, Atsyzyň gujurly göwresiniñ damarlarynda akýan gan joşa gelip, gözleri gyzlaryñ jemalyna bir dem dikildi. -Näme arzyňyz bar, gyzlar? Çekinmän aýdyberiň-diýdi. Gyzlar ýene biri-birine seredip, “Sen aýt-da, sen aýt” diýen manyda biri birini dürtdiler. Soňra olaryň biri serkerde ýigidiň aýdany ýaly çalgyrt dillenip, özleriniň Buharanyň bazaryndan walynyň haremine satyn alnan gyrnaklardygyny, ýaňy kuhandiziň öňünde aýallar goýberlenden soň barmaga ýerleri bolmany üçin bäri Horezmşanyň haremine alynmaklaryny isläp gelendiklerini aýtdy. Şeýlelikde Atsyzyň Buharadan alyp gaýdan oljalarynyň sanawuna iki sany ajaýyp gözel hem goşuldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |