07:58 Gürgenç / 2-nji kitap -17 | |
XVII BAP
Taryhy proza
Horezmşa Atsyz Buharadan sag-aman ýurda dolanyp geleni üçin köşgüniň meýlisler eýwanynda aýdym-sazly, şagalaňly meýlis gurady. Meýlise döwlet işgärleri, emirler, paýtagtyň mähelleleriniň kethudalary, serkerdeler, alymlar, şahyrlar, sazandalar, aýdymçylar, rakkasalar çagyryldy. Meýlisler eýwanynyň mähellesi ýetikdi, hemmeler aýak üstündedi, Horezmşanyň gelmegine garaşýardylar. Köp garaşmaly bolmady. Köşk hadymynyñ: -Horezmşa Gazy Alaweddin Abul Muzaffar Jelaleddin Atsyz hezretleri teşrif eýleýär! - diýip, yglan edeninden meýlisler eýwanyny doldurup, dabaraly saz ýaňlanyp başlady we garşydaky altyn suw berilip nagyşlanan belent gapynyň iki ganaty hem deňine açylyp, Horezmşa saldamly gadamlar bilen girip geldi. Ol adatdaky tagzymdan başyny galdyran jemagata kellesini gaýta-gaýta atyp, salam berdi. Meýlisler eýwanynyň öň tarapy ini on-oniki geze golaý biraz belendiräk bolup, ol ýer hökümdar bilen ýokary wezipeli adamlar üçin niýetlenendi. Horezmşa ýerine geçenden onuň sag tarapyndan wezirler, hajyplar, çep tarapyndan beýleki ýokary wezipeli adamlar ýer aldylar. Şazadalar Il-Arslan, Süleýmanşa, Hytaýhan aşakdaky birinji hataryň sag tarapynda ýerleşdiler. Horezmşanyň wagty hoşdy, keýpi kökdi. Bu onuň gülüp duran gözlerinden, nurlanyp duran ýüzünden bilnip durdy. Onuň wagtyhoşlugynyň sebäbi hemmelere düşnüklidi. Buharanyň diwarlaryny ýumrup, olja baryny alyp gaýdan Atsyz Soltan Sanjardan biraz bolsa-da, aryny alan ýaly bolup, içini sowadypdy. Entek ol munuň bilen kanagatlanmakçy däldi. Täze-täze ýörüşler edip, ýer ýüzüne Horezmini gudratly, öz ygtyýarly döwlet hökmünde görkezmekçidi. Serindäki bu hyýallar ruhuny howalandyrypdy. Dabaraly saz soňlanandan ol: - Muhterem jenaplar!-diýip oturanlara ýüzlendi:-Bolup geçen wakalardan hemmäňiziň habaryňyz bar. Biziň ýurdumyzyň garaşsyzlygy ugrunda äden ädimimiziň biri Soltan Sanjaryň gazabyna duçar boldy. Allanyň eradasy bilen elimizden giden döwletimizi, täji-tagtymyzy gaýtaryp aldyk. Şundan soň Buhara eden ýörüşimiz “Ýykylan göreşden doýmaz” diýleni däl-de, tabynlyga boýun däldigimiziň, özbaşdaklyga synanyşygymyzyň subudydyr. Biz mundan beýläk hem Soltan Sanjaryň görkezmesi bilen däl, öz ygtyýarymyz bilen hereket ederis. Garaşsyzlyk ugrundaky göreş ata watanymyz Horezmin doly özbaşdak, beýik döwlet bolýança dowam eder! Şeýle belent äheňde gürlän Atsyz sakynyň meýden dolduran bulguryny ýokary göterdi: "Alyñ jenaplar! Horezminiñ beýik geljegi üçin!" diýip, bulguryny başyna çekdi. Hemmeler patyşanyň göreldesine eýerdiler. Naz-nygmatdan doly saçaklara dürli naharlar çekilip başlandy. Belentden ýaňlanýan aýdym-sazlaryň, gözel rakkasa gyzlaryň näzli rakslarynyň täsirinde bulgurlar göterlip, meýlis has gyzdy. “Kä saz, kä söhbet” diýleni dek aýdym-sazlaryň arasynda şahyrlar gazallaryny, Horezmşaga bagyşlanan kasydalaryny okadylar. Şagalaňly meýlis ýary gijä golaý sowuldy. Meýlisde süzülen meýleriň, aýdym-sazdyr ajaýyp rakslaryň täsirinde keýpi göterlip, özüniň aram otagyna gelen, men diýen ýaşyndaky hökümdaryň köňli nämäni küýsär öýdýäňiz... Ol küýsän närsesi - Buharadan alyp gaýdylan gyzlaryň birini çagyrtdy. Gapydan girip, tagzym eden gyza nazary düşende Atsyz täsin bir ýagdaýa düşdi. Wagt bilen mekanyň dogry gelenligi sebäplimi hakydasy oýanyp, gulagynyň düýbünde "Şahym, Siz maňa “Sen yslamy kabul etseň, menem seni kabul edýän diýmediňizmi?” diýen gaýypdan gelen dek owaz ýaňlandy. Ol owaz onuň häki küýsegini yza serpikdirdi. Tagzymdan başyny galdyryp duran gyz oňa şu owazyň eýesi Zübeýdany ýatlatdy. Edil şu günki ýaly, meýlisden gijäniň ýarynda aram otagyna gelen mahaly duýdansyz gelip giren gyzyň gözellikde tenha keşbi göz öňünde janlandy. Onuň şol wagtda aýdan sada, gönümel gepleri gulagynda tekrar ýaňlandy. Aýratyn-da, Zübeýdanyñ ölüminiñ öñ ýanynda "Şahym, Siziñ bilen jennetde duşuşarmykak?" diýeni ýadyna düşdi. Ol häzir meýiň keýpi bilen dörän küýsegine ýol berse, özi üçin şirin janyny gurban eden gyzyň hatyrasyny, ýüreginde saklanýan ýagty ýadygärligini depelän ýaly boljagyny duýup, garaşyp duran gyza "Gaýdyber!" diýen manyda elini salgady. Haýran galmakdan kibtini kakan gyz dodagyny burup, çykyp gitdi. Atsyz özüni ýatalgasynyň gyrasyna goýberdi. Ol tirseklerini dyzlaryna diräp, iki eli bilen kellesini tutup oturşyna Zübeýdanyň Soltan Sanjaryň hareminde-de gül ýaly ýaşajakdygyny bilse-de, ilkinji söýgüsini gadyrlap, paýy-pyýada ýesirlikden gaçanyny, ýollarda gören azarlary zerarly heläk bolanyny ýatlap, gözlerine ýaş aýlandy. “Jaýyň Jennetde bolsun, ezizim” diýip, uludan demini aldy-da, çykarnyp, ýerine uzaldy. Elbetde, patyşa kişi şahsy duýgularynyň girdabynda uzak galyp bilmez. Oňa garaşýan örän uly syýasy meseleler, döwlet işleri bar. Ol şu meselelere islese-islemese-de dolanmaly boldy. Şundan soň ol şahsy duýgularyna berlip oturan Atsyzdan döwlet işleri we syýasy meseleler barada pikir ummanyna çümen Horezmşaga öwrüldi. Ol Soltan Sanjaryñ Buhara sebäpli atlanan gazabyny, wagtdan utmak üçin, köşeşdirmelidi. Şonuñ üçin oña öňküsi ýaly tabynlygyny, wepalylygyny beýan edip, sawgantnama (ähtnama) ibermekligiň pikirini etdi. Ertesi şeýle mazmundaky sawgantnamany diňe Soltan Sanjara däl, Bagdada halyf al Muktafi hezretlerine hem iberdi. Halyfa iberen namasynda özüniň Horezminiň hökümdary derejesini tassyklaýan perman çykarmagyny haýyş etdi. Şeýle perman çykarylsa bütin musulman äleminde Horezminiň we onuň hökümdary Horezmşa Atsyzyñ abraý-mertebesi has belende göteriljekdi. Şonuň üçin Atsyz halyfyň permanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Seljuklaryň garşysyna özüne ýaran isleýän halyf al Muktafy Atsyza isleýän permany bilen gymmat bahaly serpaýlar hem iberdi. Soltan Sanjara iberen sawgantnamasy bolsa üstüne çekiljek agyr goşuny ýörüşden saklady. *** 534-nji hijriniň (1140) gazaply gyşy geçip, baharyň sergin şemaly öwsüp başlady. Tebigaty ukudan oýaryp, zemin üzre janlanyşy emele getirýän bu pasyl ýigit-gyzlaryň kalbynda ýaşlyga mahsus duýgulary oýarýan bolsa, hökümdarlaryň täze-täze ýurtlary eýelemek, söweşlerde şan-şöhrat gazanmak baradaky hyýallaryny ganatlandyrýar. Horezmşa Atsyzyň köňlünde hem şeýle hyýallar ýok däldi. Emma köñlündäki meýillerini, etsem-petsemlerini amala aşyrmaga sebitde dörän syýasy ýagdaý ýol berenokdy. Gündogardan süýşüp gaýdan gara hytaýlar ýol ugruna uýgurlary, gyrgyzlary boýun egdirip, Mawerannahryň ýerlerine aralaşdylar. Olaryň garşysyna söweşe çykan Samarkandyň hökümdary Mahmyt Arslan şanyň goşuny Hojandyň golaýynda derbi-dagyn edildi. Atsyzyň göwnüne gezek Horezmine gelen ýalydy. Eger şeýle bolaýsa, olara gaýtawul bermäge Horezmşanyň entek gurbaty çatjak däldi. Şonuň üçin ol bu belanyñ öňüni almalydy. Syýasy pirimlerden bihabar däl Atsyz käbir çäreleri ýüregine düwüp, irden köşgüň tagt eýwanyna geleninde, ony, eýýam bu ýere ýygnanan döwlet işgärleri çuňňur tagzym bilen garşy aldylar. Horezmşa tagtyna geçip oturanyndan emeldarlaryna ýüzlenip, söze başlady: -Jenaplar! Sebitde dörän häzirki ýagdaýdan hemmäňiziň habaryňyz bar. Al hytalar diňe Mawerannahr bilen çäklenmez, olar Horezmine hem hüjüm etmekleri ähtimaldan daşda däl. Şonuñ üçin watanymyzyñ goranmak kuwatyny has artdyrmagymyz gerek. Bu möhüm işe sizlerden başlap her bir horezminliniñ öz goşandyny goşmagy zerur. Ine şonda hiç bir ýagy ýurdumyzyñ serhedinden geçip bilmez, geçäýse-de derbi -dagyn ediler. Horezmşa şu gysga sözünden soñ her emeldara bu ugurda etmeli işini, görmeli tedbirlerini tabşyrdy. İrden başlanan ýygnanyşyk başga-da döwletiñ, ýurduñ gündelik meselelirini ara alyp maslahatlaşmak bilen tamamlandy. Emeldarlar dargaşanlaryndan soñ kätibi Reşiteddin Watwat bilen iki çäk galan Atsyz irden ýüregine düwüp gelen ikinji bir pikirini ýüze çykardy: - Jenap Reşiteddin, ýurdumyzyň çäginde uruş bolmazlygy üçin gara hytaýlaryň ünsüni Horasana sowmagyň ugruny tapmalydyrys. Ine şonda, olar Soltan Sanjaryň gudratly goşunynyň zarbasyna uçrap, derbi-dagyn bolsalar, bizden bu howp aýrylar - diýip, Atsyz kätibine "Muny nädip edip bolýar?" diýen manyda seredip, biraz sägindi-de:-Jenap Reşiteddin, Siz diňe zehinli şahyr däl, syýasatdan hem gowy baş çykarýan adam. Syýasat babatdaky zehiniňizi işe salyp, gara hytaýlaryň hökümdary özüni Gür han diýip atlandyrýan Eluý Ta-Şie hem bir gowy nama taýýarlaň. Meniň näme hakda aýdýanyma düşünýäňizmi?- diýdi. -Düşündim, Aly hezret. Gür hana iberiljek namany ertire çenli taýýar ederin - diýip Watwat baş egdi. Reşiteddin Watwat aýdylmadyk söze-de düşünýän adamdy. Şonuň üçin Atsyz oňa Gür hana ýazylmaly namanyň mazmunyny aýdyp oturmady. Onuň üçin Horezmşanyň sözüniň başynda "Gara hytaÿlaryň ünsüni Horasana sowmagyň ugruny tapmalydyrys” diýeni ýeterlikdi. Gara hytaýlaryň hökümdary Eluý Ta-Şie iberilen namany onuň örän inçelik bilen ugruny tapyp ýazandygy öwgä mynasypdy. Emma atylan ok hemişe-de nyşana degiberenok-da. Degmese-de zyýany ýok welin, gaýdyp özüňe degse ýaman. Gür han Horezmşanyň hatyna jogap hökmünde Horasana däl-de, Horezminiň bir çetinden girip, talaň saldy. Horezmşa Atsyz indi bu güýçli ganym bilen dostlaşmagyň ugruny gözläp başlady. Ahyr soňunda ähli zadyň ugruny tapýan, gadymdan gelýän serişde-altynyň güýjüne daýanmaly boldy. Ol Gür hana ilçiler iberip, ýylyna 30 müň altyn dinar tölemäge borçlandy. Şeýdip, Eluý Ta-Şi atly gaýrydiniň “dostlugyny” altyna satyn aldy. Indi oňa Mawerannahr tarapdan howp ýokdy, şeýle bolansoň, onuň özi Horasan üçin howpa öwrüldi. Indi diňe oňaýly pursat gerekdi. Şeýle pursat hem uzak garaşdyrmady. 536-njy hijriniň Sapar aýynyň 5-inde (1141, 9-sentýabr) Samarkandyň golaýyndaky Katawan düzlüginde gara hytaýlar bilen söweşe giren Soltan Sanjaryň ýüz müň adamly leşgeri derbi-dagyn edildi. Soltanyň özi altmyş sany nökeri bilen zordan gaçyp gutuldy. Adamyň başyna näme bela gelse, men-menlikden gelýär. Soltan Sanjar hem belany öz dilinden, men-menliginden tapdy. Ol Mawerannahra aralaşan gara hytaýlary yzyna kowmak üçin bu uruşa alty aý taýýarlyk görüp, öz güýjüne çendenaşa ynanypdy. Ol tabynlygyndaky ýurtlardan hem leşger alyp, toplan ägirt uly goşunyny ýene bir gezek gözden geçirip, keýpi kök halda oturan mahaly Gür hanyň çapary getiren haty gowşurdylar. -Bu näme, diňe bir namamy? Biziň mertebämize laýyk sowgat-salamy ýokmy, ol gaýrydiniň?!-diýip, soltan gaharly sorady. -Başga zady ýok, Kyblaýy älem - diýip, haty alyp giren köşk emeldary jogap berdi. Hemişe haýsy ýurtdan nama gelse, ýanynda sowgat-salamy bolýany üçin Gür hanyň namany sowgatsyz iberenini özüne hormatsyzlyk diýip düşünen soltanyň gahary has güýçlendi. Ol: -Hany, namany getiren çapary çagyryň!-diýip buýurdy. -Çapar namany beren badyna yzyna dolandy, garaşmady, -Diýmek, namanyň mazmuny başgaça. Hany, namany oka, bakaly!-diýip, Soltan münşüsine ýüzlendi. Nama şol döwrüň halkara gatnaşyk dili bolan arapça ýazylan bolup, mazmuny şeýledi: "Muhterem beýik Soltan Sanjar hezretleri! Men kim, al-hytalar hökümdary Eluý Ta-Şi Gür han, Size ehtiram bilen ýüzlenýärin. Siziň Mahmyt Arslan hanyň ýüz tutmagy bilen Mawerannahrda güzeran geçirip ýören garluklary Arslan hanyň zulmuna çydaman baş göterenligi üçin olary jezalamakçy bolýandygyňyz bize mälim boldy. Sizden garluklaryň günäsini geçmegiňizi towakga edýäris. Eger-de, biziň towakgamyzy kabul etmän, garluklaryň üstüne ýörüş etseňiz, biz olary goramaklygy özümiziň borjumyz hasap edýäris"... Soltan Sanjar arapça okap, ýazyp bilmese-de, sözlerine doly düşünýärdi. Ol namanyň soňky jümlesini eşideninden öňki gahary gazaba öwrüldi: - Boldy, saklan!-diýip, münşüniň sesini kesdi.-Bäh! Bu Gür han diýýänleri biziň güýç-gudratymyzdan bihabar ýaly-la. Bihabar bolsa, ony habardar edeli-diýen soltan münşüsine kagyz, galam getirdip, Gür hana şeýle mazmunda nama ýazdyrdy: "Jenap Eluý Ta-şi! Siziň bize ýazan namaňyzdan ganly söweşiň ysy gelýär. Siziň beýle mazmunda nama ibermegiňiz, biziň güýç-gudratymyzdan bihabardygyňyzy görkezýär. Bilip goýuň, biziň goşunymyzyň sany bihasapdyr, söweşijilerimiziň gylyçbazlykda taýy ýokdyr, okýaýçylarymyzyň atan peýkamy gyly deň ikä bölýändir. Eger şeýle gudratly goşunyň zarbasyna uçrap, derbi-dagyn bolmajak bolsaňyz, haýal etmän Yslam dinini kabul edip, musulman bolup, ýurduñyza gaýdyñ! Biziň ýaraşyk şertimiz şudur”. Namany alyp baran ilçini Gür han gowy kabul etdi. Emma namanyň mazmuny bilen tanyşanyndan soň bütinleý üýtgedi. Ajy ýylgyryp, çalgyrt türkide kinaýaly gepledi: -Be! Peýkam atdy, gyl iki böldi. Bu zor-zor! Muny şunda synap gördi bar-diýip, ilçiniň sakgalyny syrmagy buýurdy. Ilçi özüne tarap gelýän eli päkili adamy görende, onuň näme etjegini aňyp, sakgalyny iki eli bilen tutdy-da: -Ýok. Ilçi el degirilmezdir. Bu bütin dünýäde kanundyr-diýip jibrindi. -Ilçi ölüm ýok. Bu kanun bar. Sakgal syrdy kanun ýok-diýip Gür han dellege ümläp goýberdi. Iki adam bolup, tutup, ilçiniň sakgalyny syrdylar. Onýança Gür han taýýarlap oturan bir iňňäni onuň eline berip: -Siz şu iňňe sanjyp sakgal tary iki bölüp bildi, biz Yslam dini kabul etdi bar - diýdi. Aljyraňňy ýagdaýa düşen ilçi edip bolmajak işi boýun alan ýaly kellesini ýaýkady. -Sen iňňe bilen edip bilmedi, niçik peýkam gyly iki böldi? -diýip, Gür han ajy ýylgyrdy. Şu gysga duşuşykdan soň Gür han ilçini uzak saklaman yzyna gaýtaryp goýberdi. Sakgally giden ilçisiniň sakgalsyz gelenini gören Soltan Sanjar gazap atyna münüp, gara hytaÿlaryñ üstüne goşun çekdi. Netijesini-de, ýokarda aýtdyk. Sebitde dörän bu ýagdaýdan soň amatly pursata garaşyp ýören Horezmşa Atsyz Horasana ýörüşe başlady. 536-njy hijriniň (1141) güýzinde Sarahsy gabady. Adatda Atsyz gabalan galany, alajy bolsa, gan dökmän almagyň aladasyny edýärdi. Ol Sarahsa-da hüjüm etmän, aman diläp geljek wekillere garaşdy. Bir mahal galanyň depesinde iki adam peýda boldy. Olar galanyň düýbünde duran agyr leşgere seredip durdylar-da, birden yzyna dolandylar. Şundan köp wagt geçmän, galanyň derwezesi açylyp, ondan üç atly çykdy. Olaryň ikisi üstündäki geýimine garanda esger bolup, olaryň öňünde gelýän ak selleli, zerbap donly, çuw-ak sakgallynyň ulama kişidigi belli bolup durdy. Olar Horezmşanyň çadyrynyň golaýynda atlaryndan düşüp, çadyryñ öñünde, iki ýan tarapyndaky emeledarlarynyň ortasynda duran başy tylla jygaly Atsyzyň garşysyna gelip, tagzyma eňildiler. Tagzymdan başyny galdyran ulama kişi sag elini gursagyna goýup, Horezmşaga ýüzlendi. - Muhterem Horezmşa Alaweddin Atsyz hezretleri! Men kim, ymam Abu Muhammet az Zyýady, Sarahsyň ähli ulamalarynyň adyndan şäheriň ilatyna aman diläp huzuryňyza geldik. Siziň Hörasan ülkesine gadam basan çagyňyzdan at-owazaňyz ýurduň külli künjeklerine ýaýrady. Sarahslylar hem Siziň şepagatly, adalatly hökümdardygyňyza ynanç hasyl edip, Siziň üçin ähli gapylary açyp goýdylar. Atsyz ymamyň sözlerine hoşallyk bildirip, hormat bilen çadyryna teklip etdi. Oturmaga öz garşysyndan ýer görkezdi. - Möwlana, Siziň şäheriň ymamy, ilatyň wekili hökmünde biziň huzurymyza gelmegiňiz parahatçylygyň nyşany-diýip, Atsyz mylakatly äheňde söze başlady:-Biziň Sarahsyň parahat ilatyna zyýan-zeper ýetirmek niýetimiz ýok. Ýöne döwlet emeldarlary, tuçjar baýlary bilen didarlaşmak islegimiz ýok däl. Biziň adamlarymyz şu adamlar bilen duşuşmaga baranlarynda hiç hili garşylyk bolmasa, biz tarapdan hem hiç hili ýamanlyk bolmaz. Eger-de biziň adamlarymyzyň talabyna garşylyk görkezilse soňy gowy bolmaz. Ymam az Zyýady Horezmşanyň soňky aýdan “talap” diýen sözüniň manysyna gowy düşündi. Bu “talabyň” ýerine ýetmegi üçin Atsyz ymamdan Sarahsyň içi-daşy barada gerekli maglumatlary aldy. Soňra öz adamlaryny “talaby” ýerine ýetirmek üçin ymama goşup şähere ugratdy. Horezmşa Sarahsdan aljagyny alyp, bu ýerden ugrady. Ol Soltan Sanjaryň gara hytaýlar bilen söweşde ýeňlişe sezewar bolanyndan soň Merwde däl-de, Termizdediginden peýdalanyp, Merwi hem gabady. Horemşanyň uly goşun bilen gelenini gören merwliler onuň ýanyna aman diläp, şäheriň tanymal ulamalaryny iberdiler. Galanyň daşynda goş taşlap ýatan sansyz leşgeri gören ulamalar Horezmşanyň çadyryna iki epilip girdiler. Atsyz ol kişilere hormat gökezip, garşy aldy. Özüni “Ymam Ahmet al Baharzy”diýip tanyşdyran ulamalaryñ baştutany Merwiň ilatynyň adyndan ýüzlenip gepledi: - Horezmşa Abul Muzaffar Alaweddin Atsyz hezretleri! Şähri azym Merwiň ilaty Siziň bu mukaddes topraga gelmegiňizi gutlap, özleriniň hoşallyklaryny bildirýärler... - Muhterem Ahmet al Baharzy! Siz ymam kişi, Size ýalan sözlemek gelişmeýär-diýip, Atsyz ymamyň sözüni böldi. Aň-taň bolan ymam näme diýjegini bilmän: - Men ýalan sözlemedim-diýdi. - Şu sözüňiz bilen Siz ikinji gezek ýalan sözlediňiz. - Aly hezret, men düşünmedim. Men näme diýip ýalan sözledim? - Jenap al Baharzy, özüňizi sadalyga salmaň. Kim ýurduna gelen basybalyjyny gutlap, hoşallyk bildirýär? Siz şu aýdanyňyzyň tersine Merwiň ilaty bir gudrat bilen sizi ýer ýutmagyny dileýär diýen bolsaňyz ynanardym. Ymam al Baharzy Horezmşadan beýle söze garaşmandy. Çünki, şa basybalyjy bolsa-da, oňa hoşamaý sözler bilen ýüzlenmeklik zamananyň däbine öwrülipdi. Şoňa görä şalar hem hoş sözler bilen ýüz tutup gelen ilatyň wekilini hormat bilen kabul edýärdiler. Horezmşa bolsa bu kadadan ýüz öwürdi. Şonuň üçin al Baharzy töwekkel edip, oňa başgaça ýüz tutdy: -Alaweddin Atsyz hezretleri, Men Siziň huzuryňyza özüm we ine şu ýanymdaky dört hemram üçin aman diläp gelmedim. Merwiň ilaty uly howpuň garşysynda duransoň men şeýle sözler bilen Siziň ýüregiňizde şepagat duýgusyny oýarmak isledim. - Meni şepagatsyz diýip, Size kim aýtdy? - Beýle sözi aýdan adam ýok. Ýöne hakykatyň hatyrasyna aýdanda, şalar bir ýurda leşger çekip gelse, şepagatsyz hem bolup bilýärler. Atsyz ymam al Baharzynyñ hökümdaryň gazabyndan gorkmaýan, dogruçyl adamdygyna sarpa goýup, mylakatly sözledi: - Möwlana Ahmat al Baharzy, Siz indi dogry söz aýtdyňyz. Dogry söze gaharlanmak adalatdan däldir. Indi, biziň hem şepagatsyz bolup bilmezligimiz üçin şäheriňiziň ilaty meniň Siziň bilen goşup goýberjek adamlarymyň talaplaryny, garşylyk görkezmän, ýerine ýetirmekleri gerek. Şeýle-de, girew hökmünde meniň huzuryma Hänäfiýa meshebiniň fakyhy Abul Fadla al Kermany bilen dört-bäş tanymal ulama adamlary ibersinler. Ymam al Baharzy Horezmşanyň girew hakyndaky talabynyň soňunyň gowulyga eltmejegini bilse-de, dil ýarmady. Çünki diliniň ujunda duran, aýtmaly sözüniň hem gowulyga eltmejegini bildi, dymdy. -Möwlana, näme dymdyňyz, ýa meniň gepim gulagyňyza ýakmadymy? - Ýok, Aly hezret. Gep meniň gulagymda däl... - Onda nämede? - Aly hezret, şu girew diýen meseläňiz ol ulamalara ýokuş degäýmese. Onsoňam olar ilatyň iň sarpaly adamlary. - Şol ilatyň sarpaly adamlary biziň elimizde bolsa, biziň adamlarymyz hem ol ýerde howpsuz bolar. Şonuň üçin girew gerek. Girewsiz bolmaz. Ymam Baharzy bu sapar Horezmşanyň sözüne gaýtawul berip bilmedi. Ol bir elini gursagyna goýup, baş egdi-de, gaýtmaga rugsat sorady. - Siz näme, aýry gitmekçimi? Biziň adamlarymyzy alyp gitmejek bolýaňyzmy?-diýen Horezmşanyň sowalyna ymam al Baharzy bir hili düýrükdi.Ýöne salym geçmän jogap berdi; - Aly hezret, men öňräk baryp, ilata Siziň talaplaryňyzy düşündirsem gowy bolar. Atsyz ymamyň yzyna duşmanyň adamlaryny tirkäp barmaga ilatdan çekinýändigini aňdy. - Makul. Öňünden düşündirseňiz has hem gowy. Gaýdyberiň. Basym biziň adamlarymyz hem bararlar. Olary gowy garşy alsynlar, aýdylan ulamalary hem biziň huzurymyza ugratsynlar. Horezmşa bu sözleri buýruk äheňinde aýtdy. Ymam Baharzy sözsüz baş egip, bile gelen hemralary bilen çadyrdan çykdy-da, daşarda duran atlaryna atlanyp, şähere tarap ugrady. Öz maýdalyna goýberilen atyň üstündäki ymam agyr oýlaryň girdabynda iki ýana yraň atyp barýardy. Ymam al Baharzydan soň ara biraz salym salyp, şähere giren ýüze golaý horezmlileri Merwiň ilaty, elbetde, güler ýüz bilen garşy almady. Ýöne garşylyk hem görkezmedi. Köçäniň iki ýan tarapyny dolduryp duran adamlaryň sowuk nazaryna gözleri düşen horezmliler ymam al Baharzynyň düşündirişi (eger düşündiren bolsa) bu adamlara täsir etmändigini duýdular. Horezmliler köşgüň öňündäki meýdana ýetip, atlarynyň başyny çekdiler. Meýdanda-da mähelle az däldi. Olaryň arasynda Ymam Baharzy görnenokdy. Şol wagt köşkden birnäçe adam çykyp, horezminliler tarapa ýörediler. Horezmlileriň baştutany Nedir sary diýen ýüzbaşy serkerde özlerine tarap gelýänleriň köşk emeldarlarydygyny aňsa-da görüşmek üçin atyndan düşmedi. Ol adamlar atlylaryň öňüne gelip aýak çekdiler, salam berdiler. Nedir ýüzbaşy başyny atyp salam alan boldy. Gelenleriň arasyndan kellesi gök-mawy selleli, uzyn boýly, gyrma çal sakgally adam özüni Soltan Sanjaryň köşkde goýup giden ygtyýarly hajyby diýip tanyşdyrdy-da: - Bizden näme talabyňyz bar?-diýdi. Nedir ýüzbaşy: - Horezmşa Atsyz hezretleriniň birinji talaby Abul Fadla al Kermany jenaplaryny, onuň ýany bilen dört-bäş ulamany onuñ huzuryna ibermelisiňiz-diýdi. Hajyp jogap berip ýetişmezden öň märekäniň içinden öňe saýlanan boýdan-başa ak geýnen, ak sakgally, nurana moýsepid kişi: - Gulagyma biziň adymyz çalnan ýaly boldy. Bizden näme isleýärler-diýdi. Nedir ýüzbaşy bu kişiniň Al Kermanydygyny aňyp, oňa ýüzlendi: - Möwlana, Sizi Horezmşa hezretleri huzuryna çagyrýar. Ýanyňyza dört-bäş ady belli ulamalary hem alyp, Aly hezretiň huzuryna barmagyňyz gerek. Meniň ýigitlerim sizleri atlaryna mündürip, özleri jylawyňyzda bararlar. -Çakylygy üçin taňryýalkasyn. Biz ol kişiniň huzuryna barmarys. -Möwlana, hökümdaryň sözüni syndyrmak gowulyga eltmez-diýip, Nedir ýüzbaşy haýbat atdy. Al Kermany hem haýbata laýyk jogap berdi: - Horezmşa meniň hökümdarym däl. Meniň hökümdarym tenha Alla. Meniň şu sözümi hökümdaryňyza baryp aýdaýyň-diýip, ol märekäniň içine aralaşdy. Ýüzbaşy ýigitleriniň ikisine ony getirip ata mündürmegi buýurdy. Iki ýigit atlaryndan düşüp, ol kişini märekäniň içinden çekip çykarmakçy bolanlarynda, Aly ibn Yshak al Musawi diýen şerif: -Halaýyk! Gozganyň! Duşmana möwlanamyzy bermeris!-diýip bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Ine, şunda turdy bir gopgun, märeke tüweleýe, tupana dönüp, horezmlileriň üstüne çozdular. Al Kermanyny ele aljak bolan iki ýigit urgunyň zarbyndan ýere ýazylyp, aýak astynda galdy. Atlylaryň gylyjyny gynyndan sogrup ýetişmediklerini atdan çekip alyp ýençdiler. Eli ýalaňaç gylyçlylar goranyp, derwezä tarap ata gamçy basdylar. Jany aman galan horezminliler çykandan derweze berk ýapyldy. Derwezäniň gapdalyndaky basgançaklardan galanyň üstüne çykan bir topar adamlar ellerini galgadyp: - Eý, horezminli itler! Güm boluň mukaddes Merwiň topragyndan! Näçe aýlap gabasaňyzam size derweze açylmaz!-diýip, gygyryşdylar. Bu bolan zatlary akyl gözi bilen synlan käbir parasatly ýaşulylar bolsa: “Eý nadanlar öz başyňyza belany satyn aldyňyz-a. Galalary ýumuryp, kül-peýekün edip ýören Horezmşa siziň bujagaz derwezäňiziň külüni çykarar. Içeri giribem başyňyza itiň gününi salar”diýdiler. Şeýle-de boldy. Şäherden gaçyp çykan adamlaryndan içerde bolan wakany eşidip, dergazap bolan Atsyz galanyň üstündäkileriň gykylygyna beter gazaplanyp, hüjüme buýruk berdi. Urşujylar sülsatlary işe düşürip, goragsyz derwezä hüjüme geçdiler. Ujuna demir gaplanan ýogyn pürsleriň bat bilen urulýan zarbyna derwezäniň uzak durup bilmejegi belli boldy. Her sapar urlanda derweze sandyrap, yza süýşen ýaly bolýardy. Hüjüm ýarym güne-de ýetmedi. Derweze ahyryn çagşap arkan gaýtdy. Leşger böwedi açylan suw ýaly şaglap, şähere indi. Köçelere dolan esgerler ak diýmän, gara diýmän talaňa başlady. Horezmşa Atsyzyň özi bolsa goragyndaky ýigitleri bilen goragsyz köşgi eýeledi. Ýigitleri köşgüň içini dörüp, iki sany sandyk bilen bir goja kişini onuň ýanyna alyp geldiler. Soltan Sanjaryň tagtynda oturan Atsyza gözi düşen goja tagzym etmäge derek, hyrçyny dişläp, kellesini ýaýkady. Onuň bolşuna Atsyzyň gahary gelmedi. Mert adama meňzeýä diýip pikir etdi-de: -Ýaşuly, özüňden özgesi gaçypdyr-a, sen nämä gaçmadyň?-diýdi. - Bilmedim, näme üçin gaçmanymy. Belki, özüme ynanylan şu amanady taşlap gidip bilmänim üçindir-diýip arkaýyn, aljyraman jogap berdi. - Hazynaçymy sen? - Hawa. - Bu sandyklarda näme bar? - Altyn-kümüş. - Bä! Soltan bu baýlygyny saklamaga ýaşyrak adam tapmadymyka? - Ýaş ýigitler altyn-kümüşe höwesli bolýar. Meniň ýaly aňyrsy görnüp duran goja kişilere altyn-kümüş gerek däl. Soltan şuny bilýär. Bu gepiň bir gyrasy Atsyzyň özüne degse-de, ol: - Hany onda, sandyklaryň açarlaryny ber, göreli. “Ýagşyny gören sogap” diýýärler-diýdi. - Açarlary Size bermäge meniň hakym ýok. Olary diňe soltanyň özüne berýän-diýip, çüw ak, uzyn sakgalyny tutamlap göýberdi. - Bermeseňiz, barybir, basyp alarys. Onýança özüňiz beriberiň-diýip Atsyz gülümjiräp aýtdy. Hazynaçy: - Basyp alsaňyzlar men günäkär bolmaýan-diýdi. Atsyz kellesini ýaýkap güldi, soňra gojanyň ýanynda duran iki ýigide garap: - Açarlary basyp alyň, ýaşuly soltanyň öňünde günäkär bolmasyn-diýdi. Ýigitleriň biri gojanyň ellerini tutdy, beýlekisi kiselerini dörüp, açarlary aldy. Atsyz sandyklary açdyryp, gözden geçirdi-de, olary tugrasy bilen möhürletdi. Elbetde, möhürläp goýup gitmek üçin däl, ýolda el urulmazlygy üçin etdi. Merwde diňe altyn-kümüş, gymmatbahaly oljalar alynman, altyn-kümüşden hem gymmatly, iň gymmatly zat hasaplanylýan kelleler hem alyndy. “Egilen başy gylyç kesmez” diýen nakyla eýermedik Aly ibn Muhammet ibn Arslan, Ibrahym al Märwezi, Aly ibn Ishak äl Musawy kibi ulamalaryň hem egilmedik başlary gitdi. *** Merwden Horezme gaýdyp gelýärke Atsyz özüni soltan Sanjardan azda-kände aryny alan ýaly duýup, köňli bir az teselli tapsa-da, munuň bilen kanagatlanmakçy däldi. Ol gyşy Gürgençde döwlet işleri, arasynda saz-söhbetli meýlisler bilen geçirip, baharda Horasanyň iň uly şäherb Nyşapura ýörüş etmegi ýüregine düwüp gelýärdi. Gyş hem göwnindäki ýaly geçdi. Gowy taýýarlyk görüp, 537-nji hijriniň (1142,maý) baharynda Nyşapura tarap goşun çekdi. Baharyň sergin howasynda ýeňil süýşüp barýan agyr goşun Nyşapuryň golaýyndaky Aby Barýek obasynda goş taşlady. Atsyz bu ýerde durup, Nyşapuryň ilatyna özüniň taryhyň sahypalaryndan ýer alan meşhur namasyny ýollady. Namada: "Allanyň eradasy bilen biziň ykbalymyza her gün ýagşylyklar etmek ýazylan. Biz muňa minnetdarlyk hökmünde özümiziň adalat nurumyz bilen ýer ýüzünden zulum tümlügini ýok etmäge, hem-de bimöçber mähribanlygymyzyň saýasynda parahatçylyk ornatmaga çalyşýarys” diýen setirlerden soň Soltan Sanjaryň ýeňlişe sezewar bolanlygyny özünden ýagny Horezmşadan ýüz öwrenligi sebäpli diýip düşündirýär. Soňunda Nyşapuryň ilatynyň betbagtçylyga sezewar bolmazlygy üçin özüne sözsüz boýun egmekligi we adyny hütbä goşup, adyndan pul zikkelemekligi talap edip, şular barada şertnama baglaşmak üçin özüniň huzuryna şäheriñ baştutany bilen ulamalary, kethudalary ibermeklerini nygtaýar. Horezmlileriň Merwde eden weýrançylygyndan habarly Nyşapuryň ulamalary, kethudalary Horezmşanyň talaplaryny berjaý etmäge boýun boldular. Emma hatyplar metjitlerde Atsyzyň adyny hütbä goşup okanlarynda ilat köpçüligi närazylyk bildirip, gopgun turuzdy. Ulamalar adamlara beýle närazylygyň soňy erbet betbagtçylyga eltjegini düşündirip, tas bolmasa, gozgalaňa öwrüljek galmagaly ýatyrdylar. Bir ýagşysy, bu närazyçylyk sebäpli dörän gopgunyň habary, Horezmşaga ýetirilmedi. Ýetirilen bolsa-da, geçirimlilik eden bolmaga çemeli. Ýöne onuň Nyşapurdan boş gaýtmajagy bellidi. Ol şäherdäki Soltan Sanjaryň adamlarynyň emläklerini musadara* etmek barada buýruk berdi. Buýruk ýerine ýetirilende alnan puldyr gymmat bahaly zatlaryň möçberi az däldi. Nyşapurdan söweşsiz ýeňiş gazanyp gaýdan Horezmşa Atsyzyň wagty hoşdy, keýpi kökdi. Ol indi özüni Soltan Sanjara tabynlykdan bütinleý azat, özerkli hökümdar hasaplaýardy. Onuň Horasana ýörüşindäki üstünligine özüniň köşk şahyry Reşiteddin Watwat: Mälik Atsyz aldy şalyk tagtyny, Seljuk nesli ýitirdi öz bagtyny- diýen setirler bilen başlanýan kasyda bagyşlady. Kasydany Horasan ýeňişlerine bagyşlanan meýlisde okap berip, Horemşadan bir goşowuç altyn aldy. Döwlet işlerinden soň şeýle meýlisler gurap, meýler süzüp, näzenin rakkasalaryň ajaýyp rakslaryna tomaşa edip, ýürekleri joşa getirýän aýdym-sazlary diňläp, parahat ýaşamaga ýetesi zat barmy! Emma döwür asudalygyň, parahatçylygyň uzak dowam edýän döwri däldi. Parahatçylyk bagşynyň çaý owurtlamak üçin aýdymyna dyngy berişi ýalydy, bir sellemden ýene dowam edýän aýdymlar dek jeň-jedeller başlanýardy. Bu ýagdaýdan Horezm hem çetde däldi. Horezmşa Atsyz Soltan Sanjaryň Merwe gelip, häkimiýetini dikeldenini, Nyşapurda onuň adyny hütbeden aýyrdyp, ýene öz adyny goşduranyny eşideninde ýüregine howatyr aralaşdy. Soltan Sanjar onuň ejize ganym bolup, özi ýok mahaly ýurdyny tozduranyny, hazynasyny alyp gidenini, elbetde, bagyşlamaz. Ol ir-u-giç ar almak üçin Horezmine ýörüş eder. Nätmeli? Söweşe taýýarlyk görmelimi? Soltan bäri ýeňilip gitmek üçin gelmez. Ol örän uly güýç bilen geler. Bu oý-endişelerden başga-da, Soltan Sanjaryň Horezmine birinji ýörüşindäki söweş Atsyzyň ýadyndan çykmandy. Eger uruş etse, şol sapardaky ýaly, uly ýitgiler bilen ýeňilmegi ähtimaldan daşda däldi. Ol sapar gaçyp, başyny gutarypdy. Bu sapar jeňe girse soltan indi ony gaçyrmaz. Atlygy edişi ýaly depesinden gylyç inderip, deň ikä boldürer. Atsyz tisginip gitdi. Göýä bu zatlar hyýalynda däl-de, häzir bolaýjak ýaly duýuldy. Atsyzyň beýle ejizläniniň sebäbi-günäsi boýnundady. Günäli adamyň batyrgaý hereket etmäge erki ýetmese gerek. Ol meşweret çagyryp, masalahat salmakçy boldy. Ýene bu pikirinden gaýtdy. Çünki bu meselede hiç kimden degerli maslahat çykmajagyny bilýärdi. Ol soňunda, Soltan Sanjar ýörüş edäýse ykbalyny Gürgenjiň berk galasyna tabşyrmak kararyna geldi. Ýöne bu gelen kararynyň ýeke-täk çykalga däldigine göz ýetiren Atsyz başga çärä ýagny soltan bilen ýaraşyk çäresini gözläp başlady. Ol Soltan Sanjaryň geçirimlilik, sahawatlylyk häsiýetine bil baglap, onuň gazabyny birneme gowşatmak maksadynda, münşüsine-de aýtman, öz eli bilen bir nama ýazdy. Emma diňe bir nama bilen soltany ýaraşyga razy edip bolmajagyny oýlanyp, oňa täsirini ýetirip biljek emirleri ele almagyň pikirini etdi. Ol şu pikir bilen özüniň ynamdar hajyby Nyzametdin Baýdary huzuryna çagyryp, oňa maslahat saldy. Hajyp: -Aly hezret, emirleri ele almagyň iň ynamly serişdesi-gymmat bahaly sowgatlardyr.Soltanyň özüne ýakyn emirlerinden ikisini ele alsak, olar ony ýaraşyga yrarlar-diýdi. Atsyz hajyba närazy nazaryny aýlady: - Näme, seniň şu aýdanyňa meniň aklym ýetmeýändir, öýüdýäňmi? Gep şu sowgatlary nädip, nirede bermekde. Olaryň eýle-beýle sowgada göwünleri dolmaz. Köp sowgady hem düýä ýükläp eltip bolmaz. -Uzur, Aly hezret, Siziň akyl-parasadyňyz meniň kimin on adamyň aklyndan zyýadadyr-diýip, ýaramsaklyk eden hajyp, kellesine gelen soňky pikirini aýtmaga-da çekinip dymdy. -Başga degerli pikiriňiz ýokmy, hajyp? Sizi juda ugur tapyjy adam diýip, maslahat salyp otyryn-diýip, Atsyz söhbetdeşini birneme ruhlandyrdy. Hajyp: -Aly hezret, Siz men hakda şeýle pikir edýän bolsaňyz, häzir kelläme gelen pikirlerimi beýan edeýin, onsoň degerli ýa degersizdigini özüňiz kesgitlärsiňiz-diýdi. -Hany, aýdyň bakaly. -Aly hezret, birinji aýtjagym sowgat meselesi. Ony Siziň aýdyşyňyz ýaly düýä ýükläp eltip, bolmaýar. Şonuň üçin sowgatlary, bahasy on düýäniň ýüküne deň, jübüde ýerleşýän gymmatlyklardan etmeli. -Meselem nämelerden etmeli? -Iki sany altyn sapaga düzülen otuz iki ýakut daşdan tesbi, iki sany-da şänik ýaly göwher gaşly tylla ýüzük. Bu zatlary gowşurjak adam soltan gelip, şäheri gabamazdan öň şähere golaý obalaryň birine baryp, garaşmaly. -Berekella! Ine bu aýdanyňyz hakyky degerli pikir-diýip, Atsyz hajybyň göwnüni göterdi. Hajybyň aýdan bu pikiri Atsyzyň kellesinde bir eýýamdan bäri taýýar durdy. Hajyby çagyryp, maslahat salmagynyň sebäbi bolsa bu işi amala aşyrmaklygy onuň özüne tabşyrmakçydy. -Indi esasy mesele bu işi amala aşyrmakda, jenap hajyp. Meniň pikirimçe ýurdumyzy weýrançylykdan halas etmek üçin şeýle ajaýyp çäräni oýlap tapan adamyň özi ony amala aşyrmagyň hem hötdesinden gelse gerek. Şonuň üçin size bil baglamaly bolýarys. - diýdi Atsyz. -Hökümdaryň emri wajyp, Aly hezret. -Berekella! Indi gep beýle: Meniň tanaýan soltanyñ emirlerinden Burgategin, Bargudar Gaýly diýenleri bolmaly. Siz şolaryň biri bilen gepleşiň. Beýlekisini onyñ özi yrar. Aýdan sowgatlaryňyz iküç güne taýýar bolar. Sizem taýýarlygyňyzy görüberiň, soltan hem köp garaşdyrmaz. Ol eýýam ýola çykan bolmaly. Gideniňizde ýeke gitmäň, ýanyňyza ynançly bir ýa iki adam alyp gidersiňiz. Hajyp Horezmşanyň huzuryndan çykanynda gerdenine agyr ýük ýüklenenini duýup, bir uludan demini aldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |